09:39 Aýazbabaly günler | |
AÝAZBABALY GÜNLER
Edebi makalalar
"Aýazbabaly“ gürrüňler hemişe-de gulaga ýakymly eşidilýär. Arkasy sowgat haltaly, eli hasaly hakyky Aýazbabany heniz "gördüm“ diýen tapylmasa-da, onuň arassa ýüreginiň, päk niýetiniň bardygy weli her kime-de aýan bolsa gerek. Çagalaryň gürrüňlerine salgylansak, ol Ýer togalagynyň demirgazyk tarapynda — aýazyň iň güýçli syraýan ýerinde ýaşaýarmyş. "Aýazbaba“ diýlip, at goýulmasy hem, megerem, şonuň üçindir. Biz oňa, däp bolşy ýaly, her ýyl garaşmagy endik edipdiris. Näçe garaşdygymyzça, onuň geljekdigine bolan ynanç, umyt bizi ýyllarboýy terk edenok. Häzirem şeýle. Belki-de, ol bir gün geler... Emma durmuşda hakyky Aýazbabalar ýaşanok. Ol hyýaly bir düşünje. Ýöne, şeýle-de bolsa, biziň aramyzda Aýazbaba meňzeş päk ýürekli, arassa kalply, ýagşy niýetli adamlaryň ýaşap ýörendigini hiç kim inkär edip bilmez. „Olar kim?“ diýjeksiňiz. Durmuşda saňa bagtyýarlyk eçilýän, ruhy dünýäňe şatlyk-şowhun paýlaýan adamlar azmy näme?! Az däl. Olar seniň gözleriňe Aýazbabadan hem eziz bolup görner. Olar seniň bagtly bolmagyň, asuda, erkin ýaşamagyň üçin, gör, näçe göreşdiler, dyrjaşdylar. Biler bolsaňyz, olar biziň ömrümiziň hakyky „Aýazbabalary“ ahyry. Eýsem-de, Täze ýylyň bosagasynda — Aýazbaba garaşylýan pursady bereketli saçagymyzy bezejek bolup, çyr-çytyr bolup ýören mähriban ejelerimiz Aýazbabadan nämesi kem?! Her gezek gezelenje baranymyzda, öz pensiýa pulundan agtyk-çowluklaryna süýji-köke, kemput ýygşyryp goýýan mähriban ene-atalarymyz Aýazbabaça ýokmy?! Täze ýylda Aýazbabanyň eşiklerini geýip, öý-ojagyna uly şatlyk-şowhun, gujak-gujak sowgat paýlap ýören kakalarymyz Aýazbabadan hem eziz dälmi?! Hawa, durmuşda bizi hemişe söýüp gelýän, bizi apalap ýören ezizlerimiziň, mähriban ene-atalarymyzyň hiç biri-de şo-ol ak sakgally, eli hasaly Aýazbabalardan hiç hili kem ýeri ýok. Hakyky Aýazbabalar — biziň iň ýakyn adamlarymyz, ezizlerimiz. Ynsan arzuwlaryna tükenme barmy?! Ol arzuw-islegler, umytlar, megerem, Aýazbabanyň goş haltasyna sygardan uly. Biz, köplenç, öz arzuw-isleglerimiz bilen gümra bolup ýörşümize, Aýazbabalaryň bizden näme isleg-arzuwlarynyň bardygy hakynda oýlanmaýarys. Olaryň bizden näme arzuwy bolup bilerkä?! Biziň aramyzda ýaşap ýören hakyky „Aýazbabalar“ bizden nämelere garaşýarka?! Olar bizden ummasyz kän zada garaşmaýarlar. Olar bizden hemişe hoşamaý bolmagy, bir-birege sowgat berip, begendirmegi, hemişe güler ýüzli, hoş sözli bolmagy... isleýärler. Hawa, olar bizden kän zada garaşanok. Biz özümiz bilen birlikde, özgeleri-de begendir durmaly. Özgelere şatlyk, bagtyýarlyk eçilmegiň özi, gör, nähili şatlyk, bagtyýarlyk! Durmuşda ýylyň ähli paslynda adamlara bagtyýarlyk eçilýän, olary täze günlere, täze umytlara atarýan hoş sözli, bagtyýar ynsanlar — bular durmuşyň hakyky Aýazbabalarydyr. Hawa, biz ol Aýazbabalardan näme kem ýerimiz bar?! ... Hawa, hakyky Aýazbabalar bar. Olary uzakdan gözläp oturmaly däl. Olar biziň özümiz, ýagşy häsiýetlerimiz we aýtjak hoş sözlerimizdir. 2014 ýyl Goçmyrat Orazberdiýew | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||