15:44 Aýdere | |
AÝDERE
Goşgular
Ajap jemalyny magtaýan ýaly, Aý gülmüräp çykdy dagyň gerşine. Deräni oýardy säher sesine. Ýyndam şemal oýnap akyp barşyna. Şaýly gelin ýaly ýylgyryp asman, Ýagta büräp hozly deräň güýzüni., Töwerege müşk ysyny ýaýradyp, Güller sepeledi atyr ysyny. Bezemen jübütlet çykdylar seýle, Deräniň görküne görküni goşup, Şahyr oglun öz erkine goýmady, Goşgy ýazýar ajap görnüşe joşup. Degre daşa çaýylan dek ak kümüş, Şat bilbiller saýrap, seslendi dere.. Bagtyýarlyk gördüm seniň üstüňde, Abu köwser, jennet mesgenli dere. Şaglap akyp barýar çeşmäniň suwy, Ajap görnüşi bar, söz ýok aýdara. ...Synladykça ruhuň göge göterýär, Mähri bilen, keşbi bilen Aýdere. Amansähet ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |