22:45 Aýdylýanlar gury san däl, adamdyr | |
AÝDYLÝANLAR GURY SAN DÄL, ADAMDYR
Publisistika
Hakykatlaryñ üstüni örtýän sanlaryñ ruhuny tanamakdaky höwessizligimiz sebäpli uruşlar, çaknyşyklar, awtoulag heläkçilikleri dowam eder durar... Sizem elmydama gamsyz diñlär ýörersiñiz şo-ol ganly sanlary... Bir zatlara düşünmek üçin sanlary ulanyp, işiñizi añsatlaşdyrmaga synanyşýarys. Beýle añsatçyllyk şolar ýaly gyzykly bolýar welin, belli bir wagtdan soñ sanlaryñ añyrsyna gizlenen adamlary ýatdan çykarýarys. Sanlara baglandygymyzça duýgularymyz körleşýär. Duýgularymyz körleşdigiçe-de, adamçylyk hüý-häsiýetlerimiz azalýar. Beýle ýagdaý wepat bolanlaryñ sanynda ýüze çykýar. Uruşlar, çaknyşyklar, terrorçylykly aktlar .. Ýer yranmalary, awtoulag heläkçilikleri, keselçilikler... Müñler, on müñler, ýüz müñler, millionlar... Gitdigiçe kalbymyzda gynanjam galanok, ýüzümizde hatda gynanyp gaş çytmak alamaty-da galanok. Bize nätanyş köpçülikleriñ lükgeligine ölüp gitmegi piñimize-de bolanok. Ýogsam bolmasa, biziñ köpimiz özümizi gowy adam hasaplaýarys ýa-da gowy adamdyr öýdýäris. Eger şeýle bolmasa tegelekläp berilýän ölüm sanlarynyñ añyrsyny barlamak, bize bagly bolup biljek faktorlara garşy çykmak üçin nämedir bir zatlary ederdik... • Ýyllaryñ ganly hasabaty Mysal hökmünde diñe 1984-nji ýyldan bäri (kyrk ýyllap) on müñlerçe adamyñ ömür tanapynyñ üzülmegine getiren graždanlyk uruşy görnüşinde orta çykan "kürt problemasyny" alyp göreliñ. Dogrusy, her iki tarapdanam ölenleriñ jemi sanynda ynandyryjy sanlaryñ nähili şekillenýändigini doly bilmesemem, wepat bolanlaryñ jemi sany 100 müñr ýeteñkirlän bolmagy mümkin (Wikipediýanyñ hasaby 93 müñ töweregi). Üns berýän bolsañyz, edil şu mahalam tragediýa babatda ugrumyzy ýitirdik. 100 müñ bilen 93 müñüñ arasyndaky 7 müñ gözümize ähmiýetsiz bolup göründi. 93 müñüñ ýerine "kyrk ýylda 40 müñ (ýa-da 50 müñ) adam öldi diýsemem, şundan parhly bolmajaga meñzeýär. Çünki bularyñ hemmesi "aşa köp ölüm"... Şolar ýaly köp welin, hemmesine aýry-aýry gynanç bildirip bilmejegimizi bilýäris. Hut şonuñ üçinem şu ýerde adamkärçiligimiz ýitýär. Russiýa-Ukraina uruşynyñ dowam eden iki ýyl iki aýynda jemi "300 müñ adam wepat boldy" diýenimde-de, barybir ýañky ýagdaý gaýtalanýar. Iki ýyl iki aý... Kyrk ýyl... Uruş näçe minutlap dowam edýär? Kyrk ýyl dilde añsat, halypa?!. Kyrk ýylda 480 aý bar, olam 14 müñ 400 güne deñ, onda-da 345 müñ 600 sagat bar, şonça sagatda-da 20 million 736 müñ minut... Dowam edibem bilýärin. Emma men sanlary köpeltdigimde ünsüñiziñ sowulýandygyny duýýaryn... 93 müñ adam... Olaryñ maşgalasy we garyndaş-doganlary bilen näçe bolýar? A ýaralananlar näme? Öýünden-ilinden jyda düşürilenler? Näçe çaknyşyk bolup geçdi? Näçe tussag etmeler boldy? Näçe adam gynaldy? Näçe obanyñ üstüni basdylar? Näçe ilatly punktlar göçürildi? Näçe ok atyldy bu uruşda? Näçe bomba partlady? Näçe söweşjeñ uçar üstüñizden aýlandy? Näçe bialaç ahy-nala, dady-perýat asmana göterildi? Näçe?!.. Ölüm sanlarynyñ nämäni añladýandygyna doly göz ýetirip bilýärsiñizmi? Ýogsa-da, ölüm sanlary köpelende, siziñ ünsüñiz öz-özünden başga zatlara sowulýarmy? Hatda gaty ses bilen aýtmasañyzam, aslynda bu habarlardan we sanlardan bizar bolandygyñyzy duýýansyñyz? Bu hyýanatyñyz tebigy zat. Sanlar hakykatyñ maglumatyny bereninde, manysyny gizlemäge ýaraýar. Köp bildigiñizçe duýgularyñyz körleşýär... Uruşda müñ öli. Soñra iki müñ... Üç müñ... Bular siziñ üçin diñe statistiki görkezijiden ybaratdyr. Edil larýokdan alynan birnäçe kilo üzüm ýa-da aýyñ başynda eliñize düşen birküç manat pul ýaly duýgusyz sandan ybarat... Sanlar haçan ýürege baryp ýeterkä? Siziñ pikiriñizçe bu uruşlar gutararmy? Eýse siziñ özüñiz bu uruşlaryñ gutarmagyny hakykatdanam isleýärsiñizmi? Ýa-da "Goý, ölsün, ölende näme on müñlerçe adam!" diýjek derejese gaýgysyz we perwaýsyz bolduñyzmy? Ýa bolmasa menem size "jedelsiz" we "mukaddes" gymmatlyklaryñ hatyrasyna "Watan, millet, Sakarýa" diýsem, bu 93 müñ adamyñ ölümini sowukganly kabul edip, şobada "bolaýmaly zat" ýaly görersiñizmi? Megerem şeýle bolar. Çünki 93 müñ şonsuzam siziñ üçin ýöne sandan ybarat... Şonuñ üçin pakgaryp gürlemek añsat!.. Emma şol ölen 93 müñ adamdan ýekejesini tanaýan bolsadyñyz... Onuñ adyny, ýaşyny, kärini, hüý-häsiýetini bilýän bolsadyñyz... Çagalygyny, gülüşini, ýöreýşini ýatlaýan bolsadyñyz... Şonra eşidýan sanlaryñyz siziñ üçin ýöne bir "statistiki görkeziji" bolmakdan çykyp, has köp many añladardy... Şeýle bolansoñ uruşda ölen müñlerçe adam sizi onçakly gyzyklandyrmaýar. Edil beýleki uruşlarda, harby operasiýalarda, awtoawariýalarda ölen adamlarda duýýan we derrew ýatdan çykarýan beýleki sanlaryñyz ýaly... Hakykatlaryñ üstüni örtýän sanlaryñ ruhyny tanamakdaky höwessizligimiz sebäpli uruşlar, çaknyşyklar, awtoulag heläkçilikleri dowam eder durar... Sizem elmydama gamsyz diñlär ýörersiñiz şo-ol ganly sanlary... Tä haçanam bolsa bir gün çagalygyny, gülüşini, ýöreýşini biljek şol gussaly ýeke san bilen gabatlaşýançak... Hakan AKSAÝ. @AksayHakanaksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 13.04.2024. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |