19:01 Aýdym bolup ýaşamaly | |
AÝDYM BOLUP ÝAŞAMALY
Edebi makalalar
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki özgertmeler zamanamyzda amala aşyrylýan tutumly işler milli mertebeliligimiz, Watanyň ykbalyna dahyllylygymyz bolup duýulýar. Ata-babalarymyzyň päk ahlaklylyk, lebizlilik, ygrarlylyk ýörelgelerine wepalylylygymyzy aňladýar. Häzirki döwürde milli däp-dessurlarymyza-da uly orun berlip, bu babatdaky garaýyşlarymyz has aýdyňlaşdy. Halkymyzyň ruhy hem medeni gymmatlyklaryny baýlaşdyrmaga, aýap saklamaga çeper söz ussatlary-da täsirlerini ýetirýärler. Zehinli awtorlaryň döredijiliginde halkymyzyň umumadamzat gymmatlyklaryna hem nusgalyklaryna ymtylmasy aýdyň şöhlelenýär. Ussatlyklarynyň, başarnyklarynyň çägine görä, olar ynsan ömrüniň manysy, mukaddeslik, galplyk barasyndaky ýiti sowallara jogap gözlemäge synanyşýarlar. Özleriniň durmuşyň ahlak ýörelgelerinden ugur alýan şahsy garaýyşlaryny-da mälim edýärler. Şonuň bilenem her bir ynsanyň bagtyýar durmuşa, adalatly ýaşaýşa hukuklylygyny dabaralandyrýarlar. Ýurdumyzyň şahyrlary hemişe içki dünýäni dolulygyna açmaga, şeýle-de daşky dünýäniň sazlaşygynda öz gahrymanlarynyň bitewi bir keşbini çekmäge çalyşýarlar. Hut şeýle şahyrlaryň hatarynda belli şahyrymyz, publisist hem terjimeçi Allaýar Çüriýewi hem agzamak bolar. Ol uzak dag içindäki Könekesirde dünýä indi. Bu oba Ýokarky Sumbar bilen Köpetdag gerişleriniň arasyndaky gözel jülgede ýerleşýär. Şahyr mydama, paýhasy ýönekeý ynsanlardan hemem türkmen edebiýatynyň klassyklaryndan öwrendi. Özgelere öýkünjek bolman, düýrmegi bilen kabul edip ýüregine ýazdy. Ol halkymyzyň düýnüni hem şu gününi paýhas eleginden geçirýär, dünýä gymmatlyklary, ömrüň manysy, ynsanyň Zemin üstündäki ägirt uly wezipeleri dogrusynda oýunda seljerip görýär. Ezber söz ussadyny halkymyzyň, mähriban topragymyzyň geçmişi bilen bagly taryhy sahypalar tolgundyrman durmaýar. Elbetde, şeýle wakalaryň aýdyňlygyny gazanmak maksadynyň rüstemligi bilen galama ýapyşylan pursatlar kän bolupdy. Şahyr, ilki bilen, geçen döwürleri hem wakalary dogruçyl, hiç bir gyşarnyksyz beýan etmegiň wajyplygyndan ugur alýardy. Iň esasanam, geçmişden gürrüň gozgalanda, şol döwrüň nukdaýnazaryndan çemeleşilse göwne makul hasaplaýardy. Sebäbi häzirki ösüşlerimizi hiç bir ýagdaýda deňeşdirip bolmaýar. Häzirki döwrüň jemgyýetçilik gurluşy geçen döwürler hem döwletler üçin häsiýetli däl. Allaýar Çüriýewiň geçen görnükli şahsyýetlerimiz dogrusyndaky garaýyşlary, özüne örkleýän taryhy-publisistik oçerkleri aýratyn baha mynasyp boldy. Awtor ýokary ahlaklylyk hem ynsanperwerlik bilen hadysalar barasyndaky pikirlerini çuňňur teswirleýär. Ol gahrymany bilen ýakyn oturyşyp gepleşýär, wakalaryň anygyna ýetýär, täsirleriň, pikirleriň hem garaýyşlaryň başyny jem edibem ýazmaga girişýär. Soň bolsa şeýle makalalardan täze kitap dünýä inýär, onuň «Ýürek ýatlamasy» (1986), «Ýüregiň emri bilen» (1989), «Ömür kyssasy» (1991), «Bir sotragyň ýigrimi ýyllyk sütemi» (1993) diýen ýygyndylaryny tolgunyp, ýüregiňi gyýyp okaýarsyň. Ol halkyň hiç haçan hakydasyndan çykmajak pursatlar barada ýazýar. Şonuň bilenem öz bähbidine çapýanlara nadyllygyny bildirýär, olara awtoryň nähili gatnaşykdadygy tutuş ýurduň geçmişi saldarlanylyp, giňişleýin açylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ynsanyň özhukuklylygyna we özerkliligine buýsanjyň goşalanyp, uly sepgitlere barýan paýhas ýollarynyň belentligini hem synmazlygyny aňlamaga pursat döreýär. Allaýar Çüriýewiň eserlerindäki geçmişdäki syýasy işgärleriň, ýazyjylaryň, žurnalistleriň ýowuz ykbaly jemgyýetçiligiň ünsünden sowa geçmedi, öňki Soýuzyň hem respublikan metbugatynyň sahypalarynda onuň makalalaryna gelen seslenmeler çap edilýärdi. Adamlar redaksiýa hem awtora halkyň gerçekleriniň adyny tümlükden gaýtaryp getireni üçin minnetdarlyk bildirýärdiler. Olar Nedirbaý Aýtakow, Gaýgysyz Atabaýew, Halmyrat Sähetmyradow, Çary Wellekow, halk ýazyjylarymyz Hydyr Derýaýew hem Berdi Kerbabaýew, şahyrlar Şaly Kekilow, Oraz Täçnazarow, Georgiý Weselkow... dagydy. Şol mahallar Ýazyjylar Soýuzynyň başlygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedow «Publisistika hususy ýagdaýlar bilen meşgul bolýar, has çuňňur meselelere girişip gitmeýär. Şu ýerde A.Çüriýewiň ýanalmadan, ýerliksiz günälenmelerden saplap, unudan atlarymyzy gaýtaryp, sogaply iş edenini hökman bellemelidiris» diýip belläp geçdi. Şonuň bilenem bu makalalar käbirlerine asyl ýaramandy hem, şol wakalara şaýat bolup, heniz ýaşap ýörenleriň ýa olaryň garyndaşlarynyň käbirlerini müýnürgedýärdem, ýüzüni aşak edip utandyrýardam. Şonda «Sowetskaýa kultura» diýen gazet Allaýar Çüriýewiň hakykaty basyrmaga milt edenlere gazaply daramaly bolandygyny ýazypdy. Şonuň bilen bagly meşhur ýazyjy Boris Pleýnik halkyň diňe bir gahrymanlaryň däl, eýsem towşan ýürekleriň-de adyny bilmelidigi barasyndaky pikirini aýdypdy. Ol şeýle edilmeginiň ýaramaz hereketleriň öňüni almak üçinem wajyplygyny belläpdi. Geçmiş hasraty, elbetde, hiç unudylmaýar. Ol bize bagtyýar durmuşymyzy söýmegi hem arzylamagy öwredýär. Täze Galkynyşyň hem beýik özgerişiň hatyrasyna jebisleşmäge, ägirt uly güýç bolup täze ajap döwri gurmaga bagtyýar ertelere ruhlandyrýar. Taryhy-publisistik makalalarynyň toplumy üçin Allaýar Çüriýew SSSR-iň Žurnalistler soýuzynyň Hormatly diplomy bilen sylaglandy. Ol Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy hemem Magtymguly adyndaky baýraga hödürlenildi. Allaýar Çüriýew jemgyýetiň durmuşynda düýpli öwrülişikleriň amala aşan «Üýtgedip gurmak» diýlip atlandyrylan ýyllarda-da žurnalistlik pikirine ezberlik bilen erk edip, okyjydan daşlaşmady. Ol makalalarynyň köpüsinde täze döwürde nadanlykdan saplanyp, aň ösüşine ymtylyşy ündeýärdi. Işleriň täzeçe guralmagynyň wajyplygyna göz ýetirilmegini jan-tenden isleýärdi. Ahlak terezisine salyp, olaryň işini derňemäge, döwrebap netije çykarmaga ýykgyn edýärdi. («Družýa poznaýutsiýa w bede» – «Weçernaýa Aşgabat» gazeti»). Şol döwürde çap edilen «Syýasy söhbetdeş» žurnalynda ol şatlykda hem hasratda islendik ýagdaýda öz ynsanlygyňy ýitirmeli däldigi barasynda janygyp ýazýar. «Otkroý serdse hastež» («Turkmenskaýa iskra») diýýän başga bir makalasynda ol halkyň ruhy däplerine ters gelýän zatlara garşy durup, ynsanlaryň bir-birege ýakynlygynyň ýitenligini, kesekileşenligini, şonuň-da gelşiksiz hadysalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolandygyny aýdyp, okyjyny pikirlenmäge iterýär. Ol adamlary Watan üçin işlemäge, päk ahlaklylyga, halkyň ahlak ýörelgelerini goraglamaga, öz ynsabyna laýyk ýaşamaga, birek-birege ýüregiňi açmaga çagyrýar. Allaýar Çüriýew şygryýet äleminde özüni tanadyp zehinli şahyr. Onuň pikirleri ylham ýaýlasynda gaýnap, rubagylarynyň birinde aýdylyşy ýaly, «goşgulary durmuşyna, onuň arzuwyna öwrüldi». Ol «paýhasly kişileriň paýhas arygyndan datjakdygyny» hemem «nadana aýdan sözüň hebesdigini» ýazyp pikirlerini jemleýär. Şygryýetiniň esasy aýratynlygy bolsa şahyryň asylky durkundan, onuň dünýägaraýşyndan, ahlak ýörelgelerinden hem ussatlygyndan gaýdýanlygyna görä many-maňyzlydyr. Onuň şygyrlary dünýä inensoň, ganat ýaýýan guşlar mysaly özbaşdak ýaşaýarlar, ynsanlaryň ýüreklerine hem paýhaslaryna guýulýarlar, şahyryň özi-de muny hiç unudanok. Onuň ilkinji goşgulary mekdep ýaşyndaka çagalaryň «Mydam taýýar» gazetinde çap edilipdi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okan ýyllarynda bolsa, ol özüniň şygryýete has imrinýänligini duýýar. Hut şol döwürlerde hem onuň uly meşhurlyga eýe bolan «Gel, obamyň lälesi», «Aladaçyl adam», «Näzli ýarym», «Dostuma», «Ýüregim» ýaly şygyrlary döräpdi. Şol ýyllar şahyrlarymyz Kerim Gurbannepesowyň, Mämmet Seýidowyň, Ata Atajanowyň hem başgalaryň tüýs döredijiliginiň joşgunly döwürleridi. Allaýar Çüriýewe-de bu ýagdaý öz täsirini ýetiripdi. Uniwersitetiň umumyýaşaýyş jaýynda soňabaka adygan, ýaş hem zehinli şahyrlar Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, talyplyk ýoldaşy, häzir Türkmenistanyň halk ýazyjysy derejesine eýe bolan, ussat Atamyrat Atabaýew, Orazguly Annaýew, Hemra Şirow, Tirkeş Sadykow dagynyň döredijilik duşuşygy geçirilýärdi. Şonda bir gezek Allaýar Çüriýewiň ýanyna onuň bilen bilelikde meşhur «Gel, obamyň lälesi» diýen aýdymy döreden ýaş kompozitor Baýram Hudaýnazarow gelýär. Şol aýdym soň 1968-nji ýylda Bolgariýada talyplaryň hem ýaşlaryň Bütindünýä festiwalyna gatnaşdy. Şeýlelikde, halkyň söýgüsini gazanan aýdymlaryň ençemesi dünýä inýär. Wagtyň geçmegi bilen şahyryň pikir örüsi has giňeýär. Ol eziz Diýaryň gözelligi, geljege uzaýan sogaply işler, halkymyzyň gadymy däp-dessurlary barasynda ussatlyk bilen ýazýar, bakylygyň günä hem sogap, söýgi hem dostluk ýaly hemişelik sowallaryna jogap agtarýar, ata-babadan gelýän ahlak ýörelgeleriniň kökleriniň çuňlugyna siňýär. Onuň dürli ýyllarda çap edilen «Täze öwüsgin», «Garagumuň gülleri», «Sowgat», «Alty aýdym», «Arkadagym», «Dostluk» ýaly ýygyndylara girizilen şygyrlarynyň özenini hut şeýle pikirler düzýär. Onuň kiçi hem uly ýaşly çagalar üçin «Çynar» atly goşgular ýygyndysy ilkinji kitaby bolup, 1992-nji ýylda çap edildi. Soň «Bereket», «Zeminiň owazy» şygyrlar ýygyndysy çap edilip, şygryň muşdaklarynyň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Eýýäm talyplyk ýyllaryndan aýdym ýazmaga ýykgyn etmegi soň onuň döredijiliginde uly höwese öwrülip köredi. Ol belli kompozitorlar Weli Muhadow, Ata Esadow, Aşyr Kulyýew, Nury Muhadow, Durdy Nuryýew, Rejep Rejebow, Gurbandurdy Çaryýew, Akmyrat Çaryýew, Ýolaman Nurymow, Gurbanmyrat Nobatow... dagy bilen işleşmekden aýratyn uly lezzet alýardy. Bileleşen tagallanyň netijesinde iki ýüz elliden-de köpräk aýdym döredildi. Ol şirin aýdymlar häzirki günde-de belli aýdymçylaryň, çeper höwesjeňleriň-de aýtmagynda ýerine ýetirilip, uly dabaralaryň şowhunyny has artdyrýar. Telewideniýede, radioda häli-şindi ýaňlanyp, göwünlerimizi galkyndyrýar. Annaberdi Atdanow, Güljan Hümmedowa, Aýdogdy Gurbanow ýaly uly hormata mynasyp estrada artistleriniň aýtmagynda «Dagly gyz», «Sen aýdymyň aşygy», «Damjalar», «Çyralar», «Deňiz guşum» ýaly aýdymlary diňlemekden birjigem ýadamaýarsyň. 2001-nji ýylda ol Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde aýdymlarynyň tapawutlananlygy üçin uly serpaýa mynasyp boldy. Halkymyzyň medeni we ruhy galkynyşynyň netijesinde Gündogaryň edebi mirasyna gyzyklanmamyz has artdy. Rudaky, Nowaýy, Jamy, Nyýazy, Babur, Hafyz, Omar Haýýam, Ibn Sina, Magtymguly ýaly akyldarlaryň döredijiligine has içgin aralaşmagyň zerurýeti ýüze çykdy. Olaryň döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenip, Allaýar Çüriýew şygyr düzülişiniň gadymy formalarynda ýazmaga girişýär. Şygyr düzülişiniň rubagy şekili many babatda-da ykjam bolup, ol pikirleriň çuňňur häsiýetliligidir hem umumylaşdyrylmasydyr. Bakylygyň durmuş hakykaty göçme manyda ykrar edilýär. «Bir zat diýýärler, başga zat hakda-da söz açýarlar, kiçijik bir zady görkezip, bitewi bir zada ünsüni çekýärler» diýmegi-de, awtoryň bu babatdaky garaýyşlaryny aýdyň edýär. Eseriniň içki hem daşky manylylygy, ýaşaýyş hem ömür barasyndaky pikirleriň, ahlak-etika hem dünýägaraýyş bilen bagly düşünjeleri alamatlar hem allegoriýa bilen beýan etmek aňsat-aňsat başartmaýar, oňa aýratyn talantyň hem ussatlygyň gerek. Şeýle ukyp Allaýar Çüriýewe-de birden berilmedi, ol goşgy düzülişiniň şeýle çylşyrymly formasyna erk edýänçä köp işledi. Häzirki günde onuň rubagylary metbugat sahypalarynda yzly-yzyna çap edilýär. Onuň pikir örüsi-de bäri-bärde durmaýar. Ol kalbyna gozgalaň salan pursatlary duşundan ötürmeýär. Günä hem sogap barasyndaky düýpleýin pikirlerini paýlaşýar, daş-töweregindäki dünýäni görşüni beýan edýär, şol dünýäde öz ornuny kesgitlemäge synanyşýar. Şahyr halkymyzyň asyrlarboýy aýalan milli däp-dessurlaryna aýawly garamaga, geçmişe hormat goýmaga, eziz Diýar üçin yhlasyňy egismäge bizi çagyrýar. Ol käteler dünýäde rahatlygyň ýoklugy barasynda ýazanda gyýylýar. «Bizde gama asla orun ýok» diýibem şatlygyny okyjy bilen paýlaşýar. Şahyr ýurdumyzda ýaşaýan adamlaryň ählisiniň-de dost-doganlygyny ýazyp, bir-birege aýratyn sarpamyzyň, söýgimiziň barlygyny nygtaýar. Ajaýyp ýurtda halklaryň jebisligini, erkin hem hukugyň goraglylygyny giňişleýin teswirleýär. Şonuň bilenem ol etraplarynda ile özüni aldyran kakasy Çüri Çaryýewiň dostlugyň hiç çäginiň ýoklugy barasyndaky aýdanlaryny ýatlaýar. Käteler maşgalada-da düşünişmezligiň ýüze çykmagynyň sebäbini ata-babadan gelýän dost-doganlyk ýörelgelerimize geregiçe ähmiýet berip bilmeýänligimizden gözleýär. Allaýar Çüriýew döredijilik adamlarynyň ylhamyndan dörän eserleriniň halkyň ýylysyna eýlenendigini duýmak ýaly bagtyýarlygy başyndan geçirdi. Hawa, elbetde, durmuş diňe gülälekli meýdan däl, onuň çarkandakly ýoluny-da geçmeli bolýar. Ol öz eserlerinde türkmen edebiýatynyň ynsanperwerlikli ýörelgelerini, döredijilik däplerini dowam etdirdi, halk bilen aýrylmaz bitewülikde, şahsyýetiň sazlaşykly ösüşine, ynsanlaryň kalbynda watançylyk borjuny terbiýelemäge täsirini ýetirdi. Şu günler bolsa gül açýan durmuşyň şatlygy tutuş kalbyňy eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýörelgeleriniň netijesinde ertire bolan ynamymyz has berkeýär. Allaýar Çüriýew bolsa, rus şahyry, onuň şygyrlarynyň terjimeçisi Sergeý Woronowyň ýazyşy ýaly, «Hemişe öz ynsabyna salyp görýär, hemem döwrümiziň wajyp meselelerinden birjigem çete çekilenok». Şahyryň durmuş ýörelgesine öwrülen şeýle pikiri bar: «Aýdym ýaly ajaýyp dünýäde aýdym bolup ýaşamaga çalyşmaly». Gurban AGALYÝEW, taryh ylymlarynyň kandidaty, edebiýatçynas. Aýna AGALYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy. «Garagum» žurnaly. № 5, 2011 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |