13:57 Aýdym-saz näme? | |
AÝDYM-SAZ NÄME?
Aýdym-saz sungaty
• Aýdym-saz näme? Aýdym-saz diýip - durmuşymyzda bolup geçýän wakalardan, her dürli gaýgy-aladalardan birsalymlygam bolsa ünsümizi sowup, derdimizi ýeñledýän duýgularyñ jemine diýilýär. Hawa, aýdym-saz diýleni bilenem, biziñ ählimiz hemme-hemme aýdymlary diñläp baramzok. "Kim gaýkyny söýer, kim - küýkini" diýlişi ýaly, käbirimiz dutar-gyjakda aýdylýan aýdymlaryñ, käbirimiz pop aýdymlaryñ, käbirimiz rep, käbirimiz rok we ş.m. aýdymlaryñ ölemen muşdagy. Aýdym-sazy diñlemekde onuñ belli bir ugruna ýykgyn etmegimiz şol ugurda aýdymy ýerine ýetirýän aýdymçynyñ ussatlygyna-da bagly bolup durýar. Aýdym-saz diñlemegiñ adamlaryñ duýgusyny ösdürişi ýaly, adamyñ derdini-de ýeñledýändigi anykdyr. Biziñ käbirlerimiz aýdym aýdyp, saz çalyp, käbirlerimiz bolsa diñläp intellektuallaşýarys. Her bir adam aýdym-sazsyz ýaşap bilmez. Saz ussatlarynyñ biri aýtmyşlaýyn, "Durmuşda aýdym-saz hökmany gerek zat däl. Sebäbi durmuşyñ özi aýdym-sazdyr. Aýdym-saza dahyly bolmadyklar adam däldir. Eger gürrüñi gidýän durmuş adamyñ durmuşy hakynda bolsa, onda ol ýerde hökmany suratda aýdym-saz bardyr. Aýdym-sazsyz durmuşy göz öñüne getirmek mümkin däl. Aýdym-saz durmuşyñ şatlygy, ruhy, begenji, mahlasy hemme zadydyr. Diñe aýdym-sazyñ belli bir ugry barada pikirlenmegiñ özi nämä degmeýär!" Hawa, aýdym-saz biziñ durmuşymyzdyr. Gysgaça aýdanymyzda, aýdym-saz biziñ ruhumyzyñ, durmuşymyzyñ inkär edip bolmajak aýrylmaz bölegidir. Saz - seslerden düzülen parçany emele getirýär. Ol parçany bolsa sazandalar ýerine ýerine ýetirýär. Sazanda adamlaryñ ruhy dünýäsi diýseñ güýçli bolýar. Sebäbi olaryñ aýratyn dünýäsi, dünýägaraýşy bolýar. Sazyñ esasy özeni ses bolup durýandygy üçin ses annorasion netijeden ybaratdyr. Şonuñ üçinem saz biziñ hyýaly güýjümiz bilen çäklenmeýär. Iñ esasy zat hem, saz biziñ ruhumyza aralaşýar, ruhumyzy iýmitlendirýär, dünýägaraýşymyza ýiti täsir edýär. Saz - öz arasynda guralda çalynýan saza we söze ýanalyp çalynýan saza (aýdym) bölünýär. Aýdymlarda esasan sazyñ duýga agram berýän goldawy bilen birlikde sözlere (goşgusyna) aýratyn üns berilýär. Dürli gurallaryñ köplüginde çalynýan sazlarda (meselem, simfoniýalarda) bolsa sazyñ berýän täsirine üns berilýär. Bular ýaly sazlara düşünmek kyn bolýar. • Saz žanrlarynyñ döreýşi Saz eseri diýip - bir kompizitor tarapyndan düzülmegine we bir ritme jemlenmegine diýilýär. Sazyñ "Adam bilen Howa dünýä inenden bäri" bar bolup gelen garamazdan, sazyñ ösüşine güýçli itergi beren Iogan Sebastýan Bah (1685-1750) atly nemes kompozitorydyr. Soñky ýaşap geçen ähli nusgawy kompozitorlar Bahyñ döreden saz eserlerinden täsirlendiler. Bah täze saz formalaryny döretmek bilen bir hatarda, klassyky nemes sazyna esasan italýan we fransuz melodiýalaryny utgaşdyryp, barokko stiliniñ iñ tipiki nusgalaryny döretdi we barokko stilini iñ kämil derejä çykardy. • Sazyñ aýratynlyklary Saz dört esasy zatdan ybarat - diklik, ýognaslyk, wagt we tembr. Diklik - sesiñ nähili "tizdigini" ýa-da "pesdigini" görkezýär. Mysal üçin her notanyñ ady ("Do, re, mi") aýry-aýry diklige eýedir. Şol nota atlary-da haýsy oktawada ýer alşyna görä aýry-aýry diklikleri emele getirip bilýärler. Onuñ akustiki taýdan añladylyş birligine frekans (частота) diýilýär. Ýognaslyk - bu ses çeküwiniñ belentligini görkezýär. Oña saz sungatynda nýuans hem diýilýär. (fortepiano, fortessimo we ş.m.). Onuñ akustiki taýda añladylyş birligi desibeldir. Wagt - sesiñ näçeräk wagta çenli dowam edýändigini añladýar. Ol sazda ikiniñ köpeldilişi ýaly görkezilýär (birlik, ikilik, dörtlük, sekizlik). Emma nota gymmatlygynyñ gapdalyna belgilenen belgiler wagtyñ öz gymmatynyñ ýarysyna çenli uzamagyna getirýär. Tembr - sesiñ "reñkini" görkezýär. Mysal üçin şol bir oktawada şol bir notany şol bir ýognaslykda we şol bir yzygiderlilikde çalan keman saz guraly bilen fleýtanyñ arasyndaky tembr biri-birinden tapawutlydyr. Dört aýratynlygyñ iñ çylşyrymlysy hem şudur. Akustiki tembr sesiñ dogabitdi (garmoniki) gurluşyna görä üýtgäp bilýär. Çylşyrymly ýeri hem şonda. • Türkmen aýdym-saz sungaty barada nämeleri aýdyp bolar? Türkmen sazyny belentliklere çykaran beýik kompozitorlaryñ adyny agzamaly bolsa, onda olaryñ başyny Nury Halmämmedowdan başlap, Aşyr Kulyýew, Dañatar Öwezow, Çary we Weli Muhadowlar, Aman Agajykow, Çary Nurymow, Rejep Rejebow... ýaly onlarça belli kompozitorlarymyzda gutarsa bolar. Näme üçin "gutarsa bolar"?! Eýse, häzirki döwürde şol beýikler ýaly kompozitorlar barmy näme?! Bar bolanda, olara pul berip saz ýazdyrjak aýdymçy bir barmyka? "Jany sag bolsun" hindi, türk, özbek, pars rus, amerikan beýleki halklaryñ aýdymlarynyñ! Heniz öz ýurduna ýaýrap ýetişmänkä, täze çykan daşary ýurt aýdymynyñ türkmen "wersiýasy" çykýar. Saz üçin, aýdym üçin pul töläp çykdajy çykaryp azara galmaly däl. Şübhesiz şonuñ üçin, hernäçe gynansak-da, türkmen aýdym-saz sungatynyñ ata-babalarymyzdan galan dutar-gyjakda, gopuzdyr tüýdükde ýerine ýetirilýän ugruny nazara almanymyzda, köplenç estrada ugrunda il ýüzüne-de, dünýä ýüzüne-de tutarlyk aýdym-sazymyz ýok diýen ýaly. Sesi ses ýerinde zehinli aýdymçylar ýoksuzam däl. Emma olaryñ hem köpüsiniñ sowat derejesi pes we aýdym-saz sungatynyñ taryhyndan, teoriýasyndan düýbünden diýen ýaly bihabar. Türkmen estradasyna siñek kimin üýşen sansyz-sajaksyz "aýdymçylar" (olara bagşy diýip bolarmyka?) eýýäm 30 ýyldan gowrak, hatda 40 ýyla golaý wagt bäri daşary ýurt aýdymlarynyñ sazyna ýanap aýdýan çala başy gowşan we "gelsene gyz gelseneden", "söýýän-köýýänden" başga sözi bolmadyk ýuwan sanawaçlary bilen aýdym-saz diñleýjileriñ añyny lerzana getirip gelýärler. Olar diñe bir daşary ýurt aýdymlarynyñ sazyny "ogurlamak" bilen çäklenmän, indi biri-birileriniñ aýdymlaryny hem, sözleriniñ käbir ýerlerini (meselem, aýdymdaky ady tutulýan gyz adyny) üýtgedişdirip aýdyp ýörler. Sansyz-sajaksyz aýdymçylardan we aýdymlardan ýaña bolsa, çar ýanymyz hyñ berýär. Öñem biriniñ aýdyşy ýaly "iti ursañ aýdymçy syçýar". Aýdymçy sany näçe köpelse, olary hasaba alýan, gözegçilik edýän degişli edaralaryñ gaznasynyñ galñaýandygyny biz bilýäris. Emma munuñ türkmen aýdym-saz sungatynyñ ösüşine hiç hili peýdasynyñ ýokdugyna, gaýtam onuñ köküne palta urýandygyna we ertirki ösüşine atanak çekýändigine, has beteri-de dünýä derejesine çykmaly halymyza ile çykara ýüz-hatyra goýmaýandygyna, tersine, halkyñ añynda öz milli sungatymyzyñ özgeleriñ aýdym-sazyny gaýtalaýan öýkünmeden başga zat däldigi hakyndaky göwnüýetmezçilikli düşünje döredýändigine düşünmäge, şol degişli ýerlerde oturan kisesi galyñlara ýene näçe wagt gerek bolarka?!.. Internet we metbugat materiallary esasynda taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |