10:46 Aýdymlaryñ ak şäheriñ nurudyr | |
AÝDYMLARYŇ AK SÄHERIŇ NURUDYR...
Aýdym-saz sungaty
Kompozitor Ata Esadowyň ady agzalanda ilki bilen mylakatly hem-de salykatly ýaşuly adam göz öňüňe gelýär. Ömrylla könelmeýän gadymy aýdymlaryň awtorynyň ady edil şirin mukam ýaly kalbyňa guwanç bolup aralaşýar. Ýaňy on bäş ýaşly ýaňgalaly bu oglany Aşgabatda açylan aýdym-saz ansamblyna işe kabul edýärler. Bu baryp-ha geçen asyryň otuz ýedinji ýylynda bolupdy. Täze açylan ansamblda işlär ýaly ýaş oglanlary seçip almak üçin Sahy Jepbarow Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasyna barypdy. Şonda ol mekdep mugallymy Hojamämmet Täçmämmedow bilen onuň ýaşajyk okuwçysy Atany Aşgabada alyp gaýdypdy. Aşgabatda bolanda aýdym-sazy Täçmämmet Suhanguly öwredipdir. – Ansamblyň ilkinji gastrolyny Baýramaly, Türkmengala etraplaryndan başlapdyk – diýip, Ata aga ýatlaýar. – Ansamblda şol wagtlar Hojamämmet Täçmämmet, Tugur Berdiniýaz, Nurjemal Adyýewa, Roza Hudaýbergenowa bardy. Sanymyz kyrkdy. Bize şonuň üçinem «Kyrklar» diýýärdiler... Otuz dokuzynjy ýylyň başlarynda olara «Ansambl Moskwada, Halk Hojalygynyň Gazananlarynyň sergisiniň açylyş dabarasynda çykyş etmeli» diýýärler. – Moskwa otly bilen gidildi. On gün dagy ýöreldi öýdýän. Sergide çykyş etdik. Şonda aýratyn bir täsin waka-da boldy. Oraz Salyr programmanyň ortaragynda çykyş edýärdi. Şonda ol «Köne güzeri» aýtdy. Ýokary çeküwli aýdymdy. Aýdymyň birki bendini aýdanda burnundan gan inip başlady. «Aýdymyny goýup gaýdarmyka?» diýip, bizem daşyndan üşerilişip seredip durus. Açyk meýdança. Ýöne ol burnundan gan gidip dursa-da, aýdymyny gutarman turmady. Aýdymyny gutardy weli, Hojamämmet ikimiz ylgap baryp, goltugyna girip, ýuwaşlyk bilen bärik çykardyk. Oraz aganyň derini-zadyny süpürmek üçin ullakan ýaglygy bardy. Şol ýaglyk bilen burnunyň ganyny süpürip aýdym aýdyşy hiç göz öňümden gidenok. Kesbi-kärine edil berlen adamyň bolşy-da üýtgeşik bolýan ekeni. Ömür pursatlary. Ýatlamalar läheň-läheň halypalar. Mylly aga, Pürli aga, Magtymguly Garly, Garly bagşy!.. Segsen ýaşy arka atan Ata Esadowyň atlary rowaýata öwrülen bu adamlary ýatlamaýan güni ýok. – Hally bagşy Sahy Jepbaryň halypasydy. Ol Köşüde ýaşaýardy. Ansamblda işleýän wagtymyz Daşkentden ýazgy edýän topar geldi. Şonda Hally bagşyny, Sahy Jepbaryň öýünden ýazgy edilýän ýere äkidýärdim. Birnäçe günläp gatnatdym. Hally bagşynyň radiodaky aýdymlarynyň birtopary şonda ýazgy edilipdi. Sahy şonda: «Hally bagşydan näçe zat ýazyp bilseňiz ýazyň» diýip haýyş etdi. Hally bagşy pahyr garryjady. Ol käwagtlar aýdymy gutaryp bilmän, arasynda gürrüňem ederdi. «Gutarmaly ýerinde aýdarsyň-da diýerdi» diýipdi. «Sen aýdymyňy dogruja aýt. Men seň buduňdan çümmüklärin welin, gutaraý» diýip Sahy aýdardy. Bir gezegem ýazgy gidip durdy weli, birden ortasynda durdy-da: «Aý, bi, budumdan çümmükläňok-la, Sahy?» diýdi pahyr. Sahynyň özem şonda birnäçe aýdym aýdypdy. Menem Hojamämmet neresse bilen bir sazjagaz ýazdyrypdyk. Köp ýyl geçenden soň Akmuhammet Aşyr şol ýazgyny bir ýerden tapypdyr... Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Ata Esadowda gürrüň berere, ýatlara zat köp. Biz onuň şahsy arhiwindäki köne suratlara seredip durus. Meniň bir suratda gözüm eglendi. Halypalar Mylly aganyň, Magtymguly Garlynyň, Giçgeldi Amanowyň, Jepbar Hansähedowyň, gyjakçylar Sapar Bekiniň, Alguly Öwezowyň, kompozitor Ata Esadowyň bile düşen suratlaryny synlap, köp zatlar hakda pikir öwreniňi duýman galýarsyň. – Bu suratyň taryhy, ine, şeýle. Ellinji ýylyň baharynyň bir günüdi. Wagt günortan bolansoň repetisiýamyzy ýaňy gutarypdyk. Howluda birki sany adam bilen gümür-ýamyr edip otyrdyk. Şol wagt Magtymguly Garly bilen onuň gyjakçysy Sapar Beki ikisi biziň ýanymyza geldiler. Uzak ýoldan gelen myhmanlar bilen biz gadyrly görüşdik. Saglyk-amanlykdan soň Magtymguly Garly: – Mylly agany göräýjekdik! – diýdi. Men ansamblyň repetisiýa geçirýän jaýyna girdim. Görsem, Mylly aga bar eken. Beýlekiler gaýdyşan bolmaga çemeli, ýanymda Jepbar Hansähedow bilen Giçgeldi Amanowam bar. Men: – Mylly aga, Magtymguly aga soraýar seni – diýdim. Ol: – Gelsin – diýdi. Salamlaşyp bolansoňlar Magtymguly aga: – Bir sebäp bilen gelmeli bolduk. «Seýil bagynda iki gün aýdym aýdyp ber» diýip çagyrdylar. Şoňa geldik. Mylly aga bilenem salamlaşaly diýdik – diýip habaryny berdi. Şeýdip bir salym ondan-mundan gürrüň edenimizden soň, Sapar Beki: – Mylly aga, repetisiýadan soň ýadansyňyzam – diýdi – hiý, ýene üç-dört sany saz diňläp bolmazmyka? Mylly aga şonda onuň raýyny ýykmady: – Saz çalmak üçin ýadowlyk bolmaz. Üç-dört sany sazy çalarys – diýdi. Hemmämiz oturdyk. Ýene-de bir oglan bardy, ady ýadyma düşenok. Mylly aga Sapar Bekä Jepbary görkezdi-de: – Şu oglany tanaýaňmy? – diýdi. Olam: – Hawa, tanaýan. Bu Jepbar jan-a: – diýdi. Mylly aga: – Ýetişen sazanda, öňürti şoňa çaldyralyň – diýdi. Jepbaryň çalan sazlarynyň atlary hakydamda ýok weli, ýöne ol birkemini goýman saz çalyp berdi. Soň Mylly aga saz çaldy. Ol çalyp bolandan soň, Giçgeldi Amanow: – Munça bolanyna görä, bagşy aga, senem birki sany aýdym aýdyp ber – diýip, Magtymguly Garlydan haýyş etdi. Bagşy aýdym aýtdy, gyjakçysy saz çaldy. Magtymguly Garlynyň owazyny eşidip gelen saz gepleşikleri redaksiýasynyň şol wagtky baş redaktory Sapar Artykow myhmanlar bilen gadyrly görüşdi. – Bagşy aga, bir sebäp bilen Aşgabada gelipsiňiz. Radioda-da konsert beräýseňiz! – diýdi. Sapar Artyk bagşydan haýsy aýdymlary aýtjakdygyny sorady. Şonda bagşy: – Näme ýazsaň ýazyber! Ýöne öňki konsertlerde aýdan aýdymlarymdan ýazma – diýdi. Şol wagtam Sapar Beki gürrüňe goşuldy: – Ol aýdymlar meniň ýadymda! Magtymguly Garly: – Hany, onda, gyjakçy bilen ýazyber. Şoň aýdany bolar – diýdi. Şeýdip Sapar Artykow bilen Sapar Beki bada-bat konsertiň programmasyny düzdüler. – Birigün geleris – diýibem hoşlaşdylar. – Ata, Magtymguly aga bilen Mylly agadan soraşsana! – Şolaň suratlaryny alyp bereýin! Menem onuň haýyşyny ýaşululara ýetirdim. Ýaşulular razylyk berdi. Şonda Seýitnazar aga maňa: – Ýöne surata düşürmek üçin daşaryk çykmaly boljak – diýdi. Daşaryk çykdyk. Surat aljak bolanda Magtymguly Garly: – Giçgeldi, Jepbar, geliň, sizem. Geliň, hemmämiz bile aldyralyň suraty! – diýip, bizi çagyrdy. Bizem baryp durduk. Ine, şu suratyň taryh-a şeýleräk. Ata Esadow ilkinji aýdymyny şahyr Meretguly Garryýew bilen bile ýazypdyr. Ol aýdym çagalar üçin ýazylandy. Aýdym öz döwründe ýörgünlidi. Ol aýdymy aýdan üçünji klasdaky okuwçy gyz bolsa bu gün aýdym äleminde uly meşhurlyk gazanan aýdymçymyz Annagül Gurdowady. – Bir gezek şahyr Aman Kekilowyň öýünde myhmançylykda bolanymyzda, ol «Söýýän, köýýän» diýip, oglan tarapyndan aýdym ýazsaňyz-da, gyz tarapyndan aýdym ýazaňzok – diýip degişdi. Şonda Daňatar Öwezowam bardy. Aman aga şeýle mazmundaky goşgy ýazjakdygyny aýtdy. Şondan soň aýdymyň äheňini ýazdy. Daňatara Genrih Držewskä çalyp berdim. Aman aga «Goşgynyň birki ýerini düzmeli boljak» – diýsem, göwünjeňlik bilen düzedip berdi. Aýdym ganat açdy gidiberdi... Oýlan oglan, oýlan oglan Näzikdir gyz ýüregi. Syndyrma sen, syndyrma sen, Aýnadyr gyz ýüregi. Ata Esadowyň döreden aýdymlaryndan «Jan ene» (sözi Aşyr Mämiliýewiňki), «Men soldat» (sözi Kerim Gurbannepesowyňky), «Ak gözel» (sözi Pomma Nurberdiniňki), «Obamyz» (sözi Baba Japarowyňky) we beýlekiler ýerine ýetirijiler tarapyndan yzygiderli aýdylyp, halk köpçüliginiň söýgüli aýdymlaryna öwrüldi. Şahyrlar Gara Seýitliýewiň, Çary Aşyrowyň, Magtymguly Myşşyýewiň, Nazar Geldiýewiň sözlerine döredilen aýdymlar hem şeýle boldy. Kompozitoryň döredijiliginde Täşli Gurbanowyň sözlerine ýazylan aýdymlar uly orun tutdy. Kompozitor onuň bilen ysnyşykly işläp, ýüze golaý aýdym ýazdy. Olardan «Dört örüm saçly», «Maral», «Gözel», «Çynar ýarym», «Gözleri humaý» we başga-da ençeme belli aýdymçylaryň ürç edip aýdýan aýdymlary boldy. Ata Esadow iki sazly komediýa, iki kantata, onlarça tanslar, marşlar, kamera ansambly üçin sazlar döretdi. 5-6-njy klaslar üçin aýdymdan okuw kitaplaryny ýazdy. «Owazym», «Kebelek hem gülälek» ýaly göwrümli aýdymlar kitaplarda neşir edildi. Ata aga on bir ýyllap filarmoniýa ýolbaşçylyk etdi. Ýöne on ýyllabam teleradio ýaýlymlaryň saz kollektiwlerine baş boldy. Bütin ömrüni türkmen saz sungatyna bagyşlan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, türkmen saz sungatynyň aksakgaly, kompozitor Ata Esadow Garaşsyzlyk zamanasynyň bedew badyna tüýs ýürekden buýsanýar. «Diýar», № 1, 2008 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |