18:53 Aýnadaky sudur | |
AÝNADAKY SUDUR
Publisistika
Şu gün Müsüriñ iñ baýry "Wafd" partiýasynyñ gürrüñini etmekçi: Birinji jahan urşundan soñ iñlis agalygyny soñlandyrmak we Müsüre doly garaşsyzlygyny gazandyrmak maksady bilen Saad Zaglul paşanyñ ýolbaşçylygynda 1918-nji ýylda "Wafd" modernist-ýurtçy partiýasy guruldy. Baýdagy dünýewiligiñ simwolydy - haç bilen ýarymaý ýanaşykdy. 1923-nji ýylda partiýa sekulýar konstitusiýa taýýarlady. 1924-nji we 1936-njy ýyllaryñ saýlawlaryny atgaýtarym öñde gazandy. Iñlisler kaýyl bolmady: mesele Suweýş kanalydy. Diktator Syddyk paşa bilen dil düwşüp, döwlet agdarlyşygyny geçirdiler. Halk goldawyny "Musulman doganlar" guramasyndan aldylar! Ikinji jahan urşundqn soñ geçirilen 1950-nji ýylyñ saýlawlarynda basybalyjylara garşy gidýän "Wafd" ýene üstün çykdy we garaşsyzlygyñ öñündäki iñ uly päsgelçilik bolan Angliýa-Müsür ylalaşygyny ýyrtyp zyñdy. Yzyndan "Musulman doganlar" terrorçylykly aktlaryna başlady. Soñra 1952-nji ýylda arap nasionalistleri "Azat ofiserler" harby döwlet agdarlyşygyny gurnady. Depeden inen hökümet halk bilen dil tapyşmady - syýasy boşlañlygy yslamçy hereketler doldurdy. "Wafd" ýapyldy. 1967-nji ýylyñ urşunda Ysraýyldan ýeñilmegi bilen agdarlyşykçy Enwer Sedat saga gyşardy. "Musulman doganlar" bilen ylalaşyga geldi. Munuñ "arhitektory" täze imperialistik güýç ABŞ-dy... Birinji eden işleri 1978-nji ýylda täzeden açylan "Wafdy" ýene ýapmak boldy. 80-nji ýyllarda çepçilere garşy tolkundöwüji bolmagy üçin döwlet we syýasat büs-bütin yslamylaşdyryldy. Ýurt neoliberalizme we ABŞ-na doly boýun egdirildi. Hüsni Mübärek şol öñki ýoldan gitdi: üç ugry syýasy yslamçylara goýdy: bilim, adalat, mediýa! "Nasioal" diýip müsür goşuny kiçeldildi (500 müñ), polisiýanyñ şahsy düzümi bolsa (1 million 200 müñ) aşa köpeldildi. Müsür global kapitalizme gujak açdy. "Parallel gurluş" bolan "Musulman doganlar" iñ uly goldawy Müsüriñ söwda buržuaziýasyndan - "täzelikçi telekeçilerden" aldy! "Wafd" 1984-nji ýylda täzeden syýasy arena çykdy. Başynda indi "täze" sözi bardy! * * * "Täze Wafd" hem demokratik, dünýewi, nasional döwlet prinsiplerini öñe sürdi. Adam hukuklarynyñ birinji belgili tarapdary boldy. Ylym-bilimi, saglygy goraýyşy öñe tutdy, işsizligiñ, jaý meselesiniñ çözgütlerini gözledi... Ýöne olar muny haýsy ykdysady sistema bilen etjekdiler? Segseninji ýyllardan soñ dünýäni gysyp-gowuran neoliberalizme "Wafd" hem boýun egdi. Şonsuzam partiýa Hüsni Mübärek bilen ylalaşyp, oppozisiýany bölmek maksady bilen açylypdy! "Täze Wafdyñ" düzüminde ilkibaşda içeri işler ministri, maliýe ministri wezipelerinde işlän Fuat Serajetdin bardy. Partiýa 1984-nji ýylda 15% ses aldy. 2000-nji ýylda Fuat Serajetdin aradan çykansoñ, partiýanyñ başlyklygyna Numan Gomaa saýlandy. Gomaa 2005-nji ýylda prezidentlige kandidaturasyny goýdy, saýlanyp bilmedi. Wezipeden öz islegi bilen gitmek talap edildi. Wezipesini elden beresi gelmedik Gomaa şowsuzlygyny partiýanyñ başlygynyñ orunbasary Fahri Abdel Nour ýaly merkezi işgärleriniñ boýnuna atdy, hemmesini wezipesinden boşatdy! Yzy gutarmaýan içerki düzgünnama ýaly çekişmeler, partiýanyñ merkezi binasynyñ ýakylmagy ýaly sudly wakalar we prokuraturanyñ ara girip açan derñew işleriniñ netijesinde Gomaa ahyrsoñy 2010-njy ýylda partiýanyñ başlyklygyny mediýa läheñi El-Saýed El-Badawä bermeli boldy. Partiýa 2011-nji ýylda "Azatlyk", "Adalat" ýaly sagçy partiýalar bilen saýlaw ýaranlygyny edensoñ, partiýada bölünişikler bolup geçdi. Soñky parlament saýlawlarynda futbolçylardan, aýdymçylardan alnan tanymal kandidatlary görkezendigine garamazdan sesi 9,3%-e çenli peseldi. Şumat partiýanyñ başynda ABŞ-dan gelen maliýe kömegini öñe sürýän aklawjy Baha El-Din Abou Şaka bar! Şaka Müsürdäki ähli liberal partiýalar bilen ýaranlyk gurmagyny dowam etdirýär. Göreliñ, onuñ döwresinde näçe partiýa bolarka? Hawa, "Täze Wafd" syýasaty sap "stol başyndaky strategiýa" öwrüp saýlawlarda ýeñiş gazanaryn öýdýär... Aýnadaky meñzeşliklere geñ galyp oturmañ - "senarini" ýazan güýçler şobir adamlar! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 05.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |