08:28 Azatlygyñ aýdymçysy | |
AZATLYGYÑ AÝDYMÇYSY
Edebi makalalar
Doganlyk belorus halkynyñ şöhratly gyzy Eloiza Stepanowna Paşkewiç azatlyk, erkinlik ideýalaryna ýugrulan şahyrana eserleri bilen belorus edebiýatynyñ taryhynda uly orun tutýar. E.S.Paşkewiç öz eserlerini gizlin lakamlar bilen çap etdirýär. Şolaryñ biri hem "Týotka" lakamy bolup, şahyr köp sanly eserlerini şu lakam bilen neşir etdirip, şonuñ bilen hem belorus edebiýatynyñ taryhyna girdi. E.S.Paşkewiç-Týotka daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol 18 ýaşyna çenli obada ýaşaýar. Belorus daýhanynyñ gözgyny durmuşy onuñ añyna uly täsir edýär. Bilim almaklygy ýürekden höwes eden gyz şähere gidip, gimnaziýa okuwa girýär. Ýöne inçekesele duçar bolip, okuwyny taşlamaly bolýar. Soñ oba gidip mugallymçylyk edýär. Ol birnäçe wagtdan ýene-de Wilno şäherine dolanýar. Şol ýerde ol rewolýusion göreşe işeññir gatnaşyp başlaýar. Polisiýanyñ yzarlamalaryndan çekinip, soñ ol Lwow şäherine gidip, uniwersitetiñ filologiýa fakultetine okuwa girýär. Şol bir wagtyñ özünde-de mugallymçylyk edýär. E.Paşkewiç student ýyllary belorus çagalary üçin ilkinji okuw kitabyny neşir etdirýär. Oña öz eserlerini hem ýerleşdirýär. E.Paşkewiç uly döredijilik üstünligi bilen 1913-nji ýylda ýene-de Belorussiýa dolanyp barýar. Týotkanyñ döredijilik işine başlan döwri 1905-nji ýylyñ rewolýusiýasyna gabat gelýär. Ol goşgular, hekaýalar, oçerkler bilen yzygiderli çykyş edýär. Onuñ ilkinji ýygyndysy 1906-njy ýylda gizlin at bilen neşir edilýär. Şol ýyl Týotka "Belorus gyzjagazy" atly ikinji ýygyndysyny-da okyjylara hödürleýär. Onuñ ençeme goşgularydyr hekaýalary dürli gazet-žurnallaryń sahypalarynda, ýygyndylarda çap edilýär. E.Paşkewiç belorus edebiýatyna Belorussiýanyñ rewolýusion demokratik şahyry Frans Boguşewiçiñ däplerini dowam etdiriji hökmünde girýär. Bu barada onuñ özi "Belorus gyjagy" kitabynyñ sözbaşysynda uly minnetdarlyk bilen ýatlaýar. F.Boguşewiçden başga-da E.Paşkewiçe öñde baryjy rus edebiýaty uly täsir edýär. Aýratyn-da M.Gorkiniñ täsirini oniñ eserleriniñ köpüsinde duýmak bolýar. Onuñ eserleriniñ köpüsi gönüden-göni patyşa häkimiýetini agdarmaga çagyryş bolup ýañlanýar. E.Paşkewiç özüniñ iñ gowy eserlerinde belorus topragynda patyşa häkimiýetine garşy halk köpçüliginde ösen rewolýusion güýji suratlandyrýar. 1905-nji ýylyñ 9-njy ýanwaryndaky wakanyñ syýasy mazmunyny halka düşündirip, ol "Azatlyk hajy" diýen goşgusynda "Sülsatlañ baryny ýok etmek gerek, ministrlerini mynjyratmaly" diýip ýazýar. Eloiza Stepanowna öz eserlerinde horluk çekýän hem göreşýän watançynyñ obrazyny esasy zat, baş mesele hökmünde orta çykarýar. Ol öz ömrüniñ hem döredijiliginiñ manysyny halka, watana hyzmat etmekde diýip düşünýär. Onuñ "Gyjak" atly romantiki goşgusynda hut şeýle düýpli pikiriñ kesgitlemesini okamak bolýar. Şahyra bu goşguda halk näme maksat bilen ýaşasa, onuñ öz gyjagynyñ hem şol mazmunly heñleri çaljakdygyny nygtaýar. Ol ömürboýy adamlaryñ bagtly durmuşy hakda aýdym aýtmak isleýär. Ýöne şahyranyñ goşgusynda janygyp ýazyşy ýaly, zähmetkeş halk gedaýlykdan hem hukuksyzlykdan jebir çekýärkä, oña şadyýan heñli aýdym aýtmak bolmaýar. Onuñ bu pikirleri "Erksiz dostlarymyz" diýen goşgusyndaky Bedenmiz guraýar, akyp derimiz, Düşüniñ, adamlar, gynalýarys biz. Nirde siz, doganlar, eliñizi beriñ, Erkin durmuş üçin birleşip ýöräñ! - diýen ýaly setirlerinde aýdyñ ýüze çykýar. Russiýanyñ beýleki öñde baryjy ýazyjy-şahyrlary ýaly, E.Paşkewiç hem bu rewolýusion internasionalizmi eserden-esere geçirip, uly joşgun bilen wasp edýär. Soñra bu hakykat zähmetkeş halkyñ ynamly aýdymyna öwrülýär. Bu barada "Belorusyñ ynamy" goşgusynyñ liriki gahrymany şeýle sözleýär: Güýjümize ynanýaryn, doganlar, Erkinlige eýe borus iru-giç. Ganymyz bedende ot bolup akýar, Göreş ogly bendilikde galmaz hiç. Zähmetkeş halkyñ azatlygy ugrunda ýadawsyz göreşiji bolan E.S.Paşkewiçiñ uly hyzmatlarynyñ biri-de onuñ belorus edebiýatynda ilkinjileriñ biri bolup proletariatyñ öñde baryjy roluny görkezmäge ýüzlenmegidir. Onuñ "Ganly joýalaryñ üstündäki kasam" diýen belli hekaýasy ýazyjynyñ bu hyzmatyny doly kepillendirýär. Bu eser diñe bir Paşkewiçiñ döredijiliginde däl, eýsem özüniñ söweşjeñ rewolýusion mazmuny bilen, tutuş belorus edebiýatynyñ rewolýusiýa çenli bolan döwründäki iñ gowy eserleriniñ biridir. Zehinli şahyranyñ döredijiliginde aýal-gyzlar temasy-da uly orun tutýar. Zähmetkeş belorus aýalynyñ ruhy gözelligi, akyl-paýhasy, mukaddes enelik keşbi onuñ eserlerini bezeýär. Şol aýallaryñ buržuaz jemgyýetdäki gyrnakçylyk ýagdaýlary, patriarhal daýhan maşgalasyndaky jepakeşlikleri bolsa awtoryñ ýüregini paralaýar. Onuñ "Oba aýallaryna", "Meniñ pikirlerim" ýaly goşgularynda bu hakykata doly göz ýetirmek bolýar. Eloiza Stepanowna halk durmuşyny, halkyñ ýönekeý dilini, onuñ folkloryny öz eserlerine siñdiren halk aýdymçysy hökmünde edebiýat taryhyna girdi. Ol uly sosial hadysalary gysgadan ýönekeý, sada beýan etmekde-de uly ussatdygyny görkezdi. Söweşjeñ ylhamly şahyra öz "lirasynyñ baky ýaşamagyny, aýdymlarynyñ ýüz-müñleriñ güýjüne öwrülmegini" arzuw edipdir. Şeýle pikir-hyýally Týotka rewolýusion-demokratik meýilli belorus edebiýatynyñ döremegine hem geljekde-de rowaçlanmagyna uly ýardam edýär. Kalby azatlyk aýdymyndan doly bolan şahyra arzuw eden döwrüni görmek miýesser etmedi. Ol döredijiliginiñ gülleýän döwründe, 40 ýaşynyñ içinde 1916-njy ýylda garahassalyk keselinden aradan çykýar. Biziñ döwrümizde onuñ hyjuwly setirleri halkyñ ýüreginde hemişelik ýaşaýşa eýe boldy. 1976 ý. Begmyrat USSAÝEW. #edebidurmusymyz | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |