01:38 Azatlyk, ýöne gan dökülmezden... | |
AZATLYK, ÝÖNE GAN DÖKÜLMEZDEN...
Publisistika
Hiç bir taryhy lider ýurdunyñ taryhynda Mahatma Gandiniñ galdyran yzy ýaly yz galdyryp bilmedi. 1948-nji ýylyñ 30-njy ýanwarynda janyna kast edilen Gandi Günorta Afrikada aklawjylyk edip ýörkä, akýagyzlara niýetlenen küpä münmek gadagan edildi. Şondan soñ ata watanyna gaýdyp gelip, garaşsyzlyk göreşine girişmegi we ak adamlardan halas bolmagy niýetine düwdi. Emma uruş-sögüşsiz... Ol ýer ýüzüniñ iñ güýçli imperiýasyna garşy rewolýusiýa, "gerilla uruşy" ýa-da şuña meñzeş taktika saýlap almazdan göreşmekçidi we ýeñiş gazanmakçydy. Emma gazanan ýeñişiniñ yzysüre Awraam Linkolny, Martin Lýuter Kingi, Çe Gewarany we Mahatma Gandi bilen ýakyndan-daşdan garyndaşlyk gatnaşygy bolmadyk Indira Gandini öldüren bihaýa tebigatlylaryñ biri tarapyndan janyna kast edilipdi. Hindistanyñ garaşsyzlygy bilen birlikde kolonializm hemme ýerde gümüni çekmäge başlapdy. Emma iñ meşhur liderler göreşiñ başyny başlan Gandi bilen yzyny ýetiren Nelson Mandela bolup galdy. Olaryñ ikisi-de häzirki Gazäniñ ganhorlaryny sud eden Günorta Afrikadan çykdy. Hindistan we Hytaý dünýäniñ iñ uly iki ýurdydy. Ikisi-de gulçulygyñ boýunturygy astynda urunýardy. Iki ýüz ýyla çeken britan agalygy wagtynsa açlyk, köpçülikleýin ýokanç keseller we geleñsizlik sebäpli 165 milliona golaý hindistanly öldi. Gandi uruş-sögüşsiz göreşi saýlap aldy. Mao Szedun bolsa düýbünden başga ýoly saýlap aldy, onuñ alyp baran uruşy 60 million adamyñ ölümi bilen gutardy. Häzir dünýäniñ iñ uly ikinji ykdysady güýji Hytaý, bäşinjisi Hindistan. Iki ýurdam soñky kyrk ýylyñ dowamynda görlüp-eşdilmedik öñegidişlikleri gazandy. Hindistan Gandiniñ egindeşleriniñ goýup giden demokratik režimini dowam etdirdi. Hytaý bolsa Sýaopin bilen birlikde Kommunistik partiýanyñ hemaýatkärlik edýän erkin ykdysadyýete geçdi. Iki synagam şowly boldy. Bu iki ýurt şeýle derejelere çykyp ýörkä, yklymlaryñ arasynda Aziýanyñ terezisi agyr geldi. Uzaga çeken ukynyñ, yzagalaklygyñ, kolonial basgylanmanyñ yzyndan Aziýa adamzat taryhynda ilkinji gezek geljegiñ yklymyna öwrülip biler. Edil häzir 3,5%-lik ösüş derejesi bilen Hindistan we Hytaý öñde barýar. Emma Aziýadaky ösüş indi bu iki ýurt bilen çäklenmeýär we Indoneziýa, Filippinler, Butan ýaly kiçeñräk ýurtlara-da aralaşýar. Nädip mundan öñki ýüzýyllya "Amerikan ýüzýyllygy" diýlen bolsa, öñümizdäki ýüzýyllygam "Aziýa ýüzýyllygy" bolup biler. Durman dowam edýän ýöriş bar. Emma "parahatçylykly goranyş" ähli meseleleri çözüp bilmedi. Hytaý Taýwany zor bilen basyp aljak bolýar. Demirgazyk Koreýa hem Günorta Koreýanyñ üstüne ýadro raketalaryny uçurmak bilen haýbat atýar. Iñ erbet mysalam Wladimir Putiniñ ýolbaşçylygynda Ukraina her gün hüjüm edýän Russiýa. Güýçli bilen ejiziñ hekaýaty Lafontenden bäri üýtgemedi: "Güýçliniñ logikasy elmydama iñ gowusydyr". Ejizler üçinem adam hukuklary komitetleri, haýyr-sahawat guramalary we araçäk tanamaýan lukmanlar bar. Gandiniñ pelsepesi uruş-sögüşsiz azatlyga gowuşma kanununa güýç berdi we şondan ruhlanyp "Goşulmasyzlar hereketi" guruldy. Gan dökmek, gan içmek iñ oñlanýan çözgüt bolmagynda galdy. Her bir Gandä garşy ýigrimi sany Suharto bar. Hindistan nädip "Portugal Hindistany" diýilýän Goa ştatyny zor bilen basyp alan bolsa, Hytaýam Taýwanda şeýder. Gonkongy edişi ýaly Taýwany-da sessiz-sedaýsyz almaz. Atap fanatlary gandizmi gorkaklygyñ we ejizligiñ aýyplamasy hasaplaýar. Käbirleriniñ pikiriçe, gandizm müñlerçe ölä, ýüz müñlerçe ýarala, garyp-gasara we aç adamlara getirmezden garaşsyzlyga çagyrýan komplimasiýa. Eýrandyr Owganystan iñ esasy meseläniñ bürenjekdir ýapynyp geýinmegiñ görnüşindedigi babatda pikirdeş. Nigeriýada bolsa mesele okuw gadagançylygy ("Boko-Haram"), özem bu "Ylym Hytaýda-da bolsa, gidiñ alyñ" wesýetine garşylyklaýyn nadanlygyñ iñ bärkije mysalydyr. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 31.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |