02:23 Azatlykda akmaklyk ýok | |
AZATLYKDA AKMAKLYK ÝOK
Publisistika
Müsür taryhynyñ iñ gorkunç konfliktleri bilen ýüzbe-ýüz bolan häzirki günlerinde oppozisionerleriñ Müsüri duçar eden öwgüli we paýyş sözlerini gördügimiz saýy, 1919-njy ýylyñ Rewolýusiýasyny we Saad Zaglulyñ mirasy arkaly şol ýalkymly sahypalary täzeden waraklaýarys. Fotosurat: Mahmud Elhwas/NurPhoto Azatlygyñ ýok ýerinde žurnalistika kem-kemden ölýär. Tohumlar olaryñ ýaşamagyny üpjün edip biljek dirilik suwy bolmasa toprakda şineläp bilmeýär. Azatlyk awy-zäher bilen garyşdyrylsa, azatlygyñ gözlegindäki adam ahlak çöküşligi bilen hakykaty aýyl-saýyl edip bilmese we azatlygyñ ýeke-täk manysy bardyr öýtse, bulam ýykmakdyr, sögünmekdir, galmagal etmekdir, şeýle ýagdaýda žurnalistika ýeke minudam ýaşap bilmeýär. Asyllylygyñ, inçeligiñ, belentligiñ ýok ýerinde azatlyk bolmaz. Küpürbaz elmydama-da küpürbazdyr, onuñ başga ady-da, sypaty-da, lakamy-da ýokdur. Sögünç dilini añsat oñlaýan, sögünip gürlemegi halaýan, alkyş okaýan, onuñ porsy ysyndan lezzet alýan adam diñe ýokanç keselleri ýaýradyjy mikropdyr. Azat liderler kolonizatorlara garşy göreşenlerinde-de, hiç mahal agyzlaryna paýyş söz almandyrlar. Müsür taryhynyñ iñ gorkunç konfliktleri bilen ýüzbe-ýüz bolan häzirki günlerinde oppozisionerleriñ Müsüri duçar eden öwgüli we paýyş sözlerini gördügimiz saýy, 1919-njy ýylyñ Rewolýusiýasyny we Saad Zaglulyñ mirasy arkaly şol ýalkymly sahypalary täzeden waraklaýarys. Oppozisioner aktiwistleriñ bular ýaly ekzistensial konfliktleriñ içindäki şowsuzlyklaryndan däl-de, daşardan gözbaş alyp gaýdýandygyna düşünmezligi jahyllykdyr we ýöntemlikdir. Üç ýyl öñ Ukrainada global bugdaý krizisini tutaşdyran olar däldi. Müsürdäki degirmenleriñ we çörek bişirilýän ýerleriñ artýan sarp edijilige eýerip bilmezligi Ykdysadyýet ministrliginiñ günäsi bolmaýşy ýaly öz mellek ýeriñde we töweregiñde regional uruşyñ dowam etmegi-de Ykdysadyýet ministrliginiñ günäsi däl. Bu gorkunç krizisiñ ululygyna garamazdan Müsür (hökümet, edara-kärhanalar, guramalar, toparlar, adamlar) iñ ýokary derejede jogapkärçlik bilen hereket etdi. Hemmeler iñ ýokary derejede sabyr-takat, çydamlylyk, seresaplylyk görkezdi. Ahyrsoñunda hökümetem, oppozisiýa hem, haýsy ýerde durandygyny bilmeýän sögünýänçilerem däl-de, diñe müsür halkynyñ şu kösençlikleri görendigini hiç kim ýadyndan çykarmasyn. Müsüri gurşap alan howp-hatarlaryñ bardygyny inkär etmek akmaklyk bolar. Hususanam, arena beýleki ýurtlaryñ köpüsi häzirki döwletler hökmünde ýollarynyñ bulaşyklygy bilen sarsyp durka, şeýle bilnikli özakymlaýyn uýgunlaşmanyñ garşysynda duran köçe ritorikasynyñ we men-menlik satmagyñ sahnasy däldie. Häzirki çylşyrymly ýagdaýyñ hötdesinden gelmegiñ şu boş we posly ýolunyñ her müsürlä garşy edilen jenaýatdygyny aýtmak şahyranalygam däl, romantizmem däl. Aýratynam, hökümet meseleleri bilen ekzistensial meseleleriñ arasyndaky tapawudyñ manysyny bilýänlere garşy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 16.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |