21:20 Faraon -18: romanyñ dowamy | |
DOKUZYNJY BAP Tot aýy gelipdi. Yssy sebäpli gelmişekleriň Bubasta hem-de onuň daş-töweregine dökülişip durmasy azalypdy. Ýöne Ramsesiň köşgünde şady-horramlyk dowam edýärdi. Sirkde bolup geçen ahwalat barada köp gürrüň edýärdiler. Köşkdäki adamlar hökümdaryň batyrlygyny öwýärdiler, ýagşy-ýamany aňmaz adamlar Sargonyň güýjüne haýran galýardylar; žresler tagtyň mirasdüşeriniň öküzler bilen söweşe girip nädogry edendigini, onuň üçin pul alýan hem-de jemgyýetiň hormatyna asla mynasyp bolmadyk adamlaryň bardygyny salykatlylyk bilen pyşyrdaşýardylar. Ramses ýa-ha şol gürrüňleri eşidenokdy, ýa-da näme diýilýäni piňine-de däldi, garaz, olara üns berenokdy. Öküziň merkini beren assiriýalynyň özünden ýeňşi gaňryp almagy, Kamanyň göwnüni awlamak üçin jan etmegi, Kamanyň-da gelmişege örän hoşamaý garamagy – onuň hakydasynda galan zat diňe şudy. Ol finikiýaly žres gyzy ýanyna çagyrmagyň gelşiksizdigi üçin, görmek isleýändigini aýan eýläp hem-de özüni haçan kabul edip biljekdigini sorap, oňa hat ýazdy. Kama edil şol agşam garaşjakdygyny habar berdi. Ýyldyzlar asmanda ýanyp ýetişmänkäler, Ramses assyrynlyk bilen (onuň öz göwnüne şeýledi) köşkden çykdy-da, Aştoret ybadathanasyna tarap ugrady. Ybadathananyň bagy, aýratynam, žres gyzyň kiçi köşgüniň töweregi tas boş diýen ýalydy. Kiçi köşk ümsümlik bolup, bary-ýogy birnäçe çyrajyk ýanýardy. Ol gapyny çekinjeňlik bilen kakdy. Ony žres gyzyň özi açdy. Kama garaňkylygy penalap, „Şol gün sirkde gazaba münen haýwan bir ýeriňe zeper ýetirenliginde, men ýüregim ýarylyp ölerdim“ diýip pyşyrdaýşyna, mirasdüşeriň ellerini ogşap başlady. Mirasdüşer: - Öz oýnaşyň meni halas edensoň, sen indi örän arkaýyn bolsaň gerek? – diýip gaharly sorady. Ikisi ýagty otaga girdiler. Kamanyň gözlerinde ýaş bulduraýardy. Şa ogly: - Saňa näme boldy? – diýip sorady. Kama: - Jenabymyň ýüregi menden sowapdyr. Özi-de ýöne ýerden däl bolmaly – diýip jogap gaýtardy. Ramses ajy güldi. - Hä, näme? Sen eýýäm onuň oýnaşymyň? Ýa-da şol bolmaga taýýarlanýarmyň, keramatly gyz? - Oýnaşy? Hiç wagtda! Ýöne men şol aýylganç adamyň aýaly bolup bilerin. Ramses atylyp ýerinden turdy. - Bu näme düýşmi? Ýa-da meni Set näletledimi?- diýip gygyrdy. – Sen, hudaý aýal Aştoretiň altarynyň alnynda ody goraýan, öldüriljekdiginden howatyrlanyp, hemişe boý gyz bolup gezmeli, žres gyz, durmuşa çykýarmyň? Dogrudanam, finikiýalylaryň ikiýüzlüligi olar barada aýdylýan gürrüňleriň ählisinden geçirýär... Kama gözlerini süpürip durşuna: - Meniň jenabym, maňa gulak goý-da, mynasyp bolsam, ýazgar! Sargon meni özüne aýal, ilkinji aýal edip almakçy bolýar. Biziň kanunymyz boýunça žres gyz aýratyn ýagdaýlarda durmuşa çykyp bilýär, ýöne diňe erkek kişi patyşa ganyndan bolmaly. Sargon bolsa patyşa Assaryň garyndaşy – diýdi. - Sen onsoň onuň bilen goş birikdirmekçimi? Onuň gözi ýene ýaşa doldy. - Eger Tiriň žresleriniň Ýokary mejlisi maňa buýursa, men olara gulak asmazlyga ýürek edip bilmeýän. Mirasdüşer: - Ony nämüçin Sargon eýeleýär? – diýip sorasdy. Gyz uludan dem alyp: - Onuň eýelejek zady köp öýdýän. Aýtmaklaryna görä, assiriýalylar Finikiýany basyp almaga çalyşýarmyşyn. Ine, onsoň Sargon onuň hökümdary boljakmyşyn – diýip jogap gaýtardy. Ramses: - Sen akylyňdan azaşypsyň! – diýip gygyrdy. - Men özüme mälim zady aýdýan. Biziň ybadathanamyzda betbagtçylygyň Finikiýadan sowulmagy dileg edilip, eýýäm ikinji gezek doga okaşlyk başlanýar. Biz ony ilkinji gezek, meniň jenabym, sen biziň ýanymyza gelmänkäk okapdyk. - Ýeri, onsoň häzir nämüçin okamaly? - Sebäbi ýakynda haldeýli žres Izdubar Müsüre ýany hatly geldi. Hatdapatyşa Assaryň Sargony öz ilçisi edip belleýändigi hem-de Finikiýany basyp almak barada siz bilen şertnama baglaşmaga ony ygtyýarly edýändigi aýdylýar. Mirasdüşer: - Ýöne men...-diýip, onuň sözüni kesdi. Ol: „Ýöne men bu barada hiç zat bilemok“ diýmekçi boldy, emma sägindi-de, gülüp gepledi: - Kama, kakamyň namysyndan ant içýän, men entek dirikäm, Assiriýa Finikiýany basyp almaz. Ýeri, nähili, ynjaldyňmy? Gyz onuň aýagyna ýykyldy-da: - Ah, meniň jenabym! Jenabym! – diýip gygyrdy. - Sen indi şol wagşy adama durmuşa çykmarsyň-a? Gyz ziňkildäp gitdi. - Wiý! Soraýaram-a! – diýdi. Ramses: - Meniňki bolarmyň? – diýip pyşyrdady. - Diýmek, sen meniň ölmegimi isleýäň-dä, şeýlemi? – diýip, Kama zarply sorady. Soňra pessaý ses bilen aýdanlarynyň üstüni ýetirdi. – Nätjek-dä...Eger sen muny isleýän bolsaň, men taýyn. - Men seniň ýaşamagyňy isleýän – diýip, mirasdüşer hyjuwly gepledi. – Seniň ýaşamagyňy hem-de diňe maňa degişli bolmagyňy... - Bu mümkin däl... - Tiriň žresleriniň Ýokary mejlisi näme? - Ol diňe meni durmuşa çykaryp biler. - Ýöne sen meniň öýüme gelýäň ahyry... - Eger men seniň aýalyň bolmazdan, öýüňe barsam – janym jähenneme iberilýär. Ýöne men...seniň üçin ertir dogjak Güni görmezlige-de taýýar. - Köşeş – diýip, mirasdüşer çynlakaý äheň bilen jogap gaýtardy. – Kim meniň merhemetime mynasyp bolan bolsa, oňa hiç kim zyýan edip bilmez. Kama ýene onuň alnynda dyza çökdi. - Beýle-de bir zat bolup bilermi? – diýip, ellerini gowşuryp oturyşyna sorady. Ramses şeýle bir göçgünlidi, öz ýagdaýyny, borjuny şeýle bir unudypdy weli, žres gyza öýlenjekdigini wada bermäge-de taýýardy. Ony beýtmekden akyl däl-de, haýsydyr bir aňşyrawsyz duýgy saklady. Ony gözleri bilen iýäýjek bolýan Kama aýaklaryny ogşaýşyna: - Heý, beýle-de bir zat bolup bilermi? Heý, beýle-de bir zat bolup bilermi? – diýip pyşyrdaýardy. Ol Kamany ýerinden galdyrdy, golaýynda oturtdy-da, ýylgyryp gürledi: - Sen: „Heý, beýle-de bir zat bolup bilermi?“ diýip soraýarsyň. Men häzir saňa düşündireýin. Meniň iň soňky mugallymym hudaýlaryň, patyşalaryň, žresleriň, hatda pes derejeli emeldarlaryň durmuşyndan gaty köp köne gürrüňleri bilýän garry žresdi. Özüniň dindarlygy hem-de täsinligi bilen tanalan şol garry, näme üçindigini bilemok, aýallary halanokdy, hatda olardan gorkýardy. Ol zenanlaryň mekir bolýandygyny hemişe gaýtalar ýörerdi. Garry žres ynsan kowmunyň erkek göbeklisiniň aýal hökmürowanlygynyň alnynda ejizliginiň subutnamasy hökmünde maňa, ine, şeýle hekaýaty gürrüň beripdi: „Haltasyndaky arpa kökesinden başga ýekeje-de mis debeni bolmadyk bir ýaş, garyp mürze gazanç gözläp, Fiwydan Aşaky Müsüre tarap rowana bolupdyr. Döwletiň şol çetinde iň baý täjirleriň hem-de jenaplaryň ýaşaýandygy, eger bagty çüwäýse, baýatjak wezipä eýe bolup biljekdigi oňa aýdylan eken. Ynha, ol Niliň kenary bilen gidip barşyna (gämä tölemäge puly bolmasa, pyýada gitmän, dagy nätsin), „Ata-enesinden bir-iki ýa-da hatda on tylla talant miras galan adamlaryň ýeňilkelledigini diýsene! Söwda-satyk bilenmeşgullanmagyň ýa-da ony göterimine berip köpeltmegiň deregine bolgusyz zatlara sowurýarlar. Eger mende drahm bolanlygynda...Ýok, drahm az bolýar. Eger mende talant ýa-da iň gowusy birnäçe bölek ýer bolanlygynda, men ýylba-ýyl pul toplardym hem-de ömrümiň ahyrynda iň baý adam bolardym. Ýöne nätjek, hudaýlar diňe samsyklara arka durýan ýaly. Men bolsa ýasama saçymdan tä ýalaňaç aýagyma çenli durşum bilen akyl. Eger meni samsyklykda aýyplap bolýan bolsa, diňe öz baýlygymy dargadyp bilmejekdigim hem-de hatda şeýle hudaýsyz herekete nädip girişmelidigini-de bilmeýändigim babatda aýyplap bilerdiler“ diýip pikirlenýärmişin. Biçäre mürze ýöreý-ýöreý, ahyry bir kepbäniň üstünden barýar. Onuň öňünde ne-hä ýaş, ne-de garry, ýöne nazary edil ýüregiň çuňuna aralaşýan kişi oturanmyşyn. Mürze edil leglek ýaly akylly bolansoň, onuň haýsydyr bir hudaýdygyny aňypdyr-da, tagzym edip: - Bu ajaýyp öýüň hormatly eýesi, saňa salam bolsun! Gynansamam, meniň saňa hormatymyň alamaty hem-de emlägimiň saňa degişlidiginiň subutnamasy hökmünde paýlaşar ýaly, ýanymda ne çakyr, ne-de et bar – diýipdir. Ýaş mürzäniň açyk göwünden aýdan sözleri Amona – ynsan keşbinde oturan şol eken! – ýarapdyr. Ol mürzä seredişine: - Sen bäri gelýärkäň näme barada pikirlendiň? Men seniň maňlaýyňda danalyk görýärin, men bolsa edil käkiligiň bugdaý dänesini ýygnaýşy ýaly, dana sözleri ýygnaýanlara degişli – diýýär. Mürze uludan dem alýar. - Men özümiň goly ýukalygym hem-de baýlygyny gaýgyrman saga-sola sowurýan ýeňilkelle baýlar barada oýlandym. Entegem ynsan keşbini saklap oturan hudaý: - Eýsem, özüň şeýtmezmidiň? – diýip soraýar. - Maňa seret, jenap. Egnimde sal-sal kendir eşik, sandalymy bolsa ýolda ýitirdim. Ýöne papirusdyr syýadany weli, edil öz ýüregim ýaly, hemişe ýanymda göterýän. Sebäbi men düşegimden turanymda hem-de ýatjak bolanymda: „Samsyk baýlykdan gedaý danalyk ýagşy“ diýip gaýtalaýan. Eger men şeýle bolsam, eger öz pikirlerimi hat üsti bilen beýan edip hem-de iň bir çylşyrymly hasaby çykaryp bilýän bolsam, munuň üstesine, asmanyň astynda ýaşaýan ähli ösümlikleri, jandarlary tanaýan bolsam, heý-de, öz baýlygymy dargasyp bilerinmi? Hudaý birsalym pikirlenýär, soňra: - Seniň sözleriň edil Niliň Memfisiň eteginden akyşy ýaly endigan akýar. Emma sen, hakykatdanam, şeýle dana bolsaň, maňa „Amon“ diýen sözi iki usul bilen ýazyp ber – diýýär. Mürze syýadany, çotgajygy çykaryp, uzak garaşdyrman, kepbäniň gapysyna „Amon“ diýen sözi iki usul bilen şeýle bir aýdyň ýazypdyr weli, hatda geçipbarýan dilsiz-agyzsyz haýwanlaram hudaýa hormat goýmak üçin aýak çekipdirler. Hudaý mürzeden razy bolupdyr. Soňra: - Eger sen edil hat ýazyşyň ýaly, hasaplamaga-da ezber bolsaň, hany, şeýle söwdanyň hasabyny çykar.Eger bir käkilige dört sany towuk ýumurtgasyny berýän bolsalar, ýedi sany käkilik üçin maňa näçe towuk ýumurtgasy berilmeli? Mürze ownuk daşlary ýygnap, olary birnäçe hatar edip goýýar hem-de Gün batmanka ýedi sany käkilik üçin ýigrimi sekiz sany towuk ýumurtgasynyň berilmelidigini aýdýar. Gudraty güýçli Amon öz öňünde akylyň öýjügi bolan ýigidiň durandygyny görüp, gül-gül açylýar. Oňa ýüzlenip: - Seniň öz danalygyň hakda dogry sözländigiňe gözüm ýetdi. Eger sen sabyr-kanagatlykda hem şeýle gujurly bolsaň, men seni ömrüň ötinçä bagtly ýaşar ýaly ederin, öleniňden soňra bolsa ogullaryň seniň kölegäňi bir owadan tabytda ýerleşdirer. Indi bolsa maňa aýt: sen öz baýlygyň üýtgemän durmagyny isleýärmiň ýa-da ol köpelse gowy boljakmy? – diýýär. Mürze rehim-şepagatly hudaýyň aýagyna ýykylyp: - Men bir garyp göwün adam, bolmanda, ynha, şu külbedir dört mera ýere eýelik etsem hem, özümi baý kişi saýardym – diýýär. - Bolýar. Ýöne ýagşy pikirlen, saňa şu, dogrudanam, ýeterlikmi? Mürze baş atýar. Hudaý ony külbä eltip: - Ynha, bärde dört çepes, dört öňlük, ýagyşly gün ulanaryň ýaly iki ýapynja hem-de iki jübüt sandal. Ynha, bärde-de ojak, ýatar ýaly uzyn oturgyç, bugdaý üwemek üçin soky, hamyr ýugurmak üçin hem kersen – diýýär. - A bu näme? – diýip, mürze kendir mata bilen ýapylan haýsydyr bir heýkeli görkezýär. Hudaý: - Bu seniň el degirmeli däl ýeke-täk zadyň. Ýogsam ähli emlägiň gider – diýýär. - Eý-how! – diýip mürze gygyrýar. – Goý, ol bärde müň ýyl dursun, men onuň golaýyna-da barmaryn! Siziň jenabyňyzdan ýene bir zady soramaga ygtyýar ediň: hol uzakdan mülkmi –nämemi, bir zat görünýär-le? Amon: - Sen bildiň, ol ýerde, dogurdanam, mülk görünýär. Onda uly öý, elli mera ýer, on baş mal, şonça-da gul bar - diýýär. Mürze hudaýyň aýagyna ýykylýar, demi-demine ýetmän gürleýär: - Eýsem, Günüň astynda arpa çöregi bolup, bugdaý çöregini islemýän adam bolarmy? Muny eşiden Amon doga okaýar weli, göz açyp-ýumasy salymda olaryň ikisi-de uly öýde peýda bolýarlar. Amon: - Ynha, saňa haşamlanan ýatyş seki, baş stol, bäş oturgyç; ynha, keşdelenen eşikler, çakyp üçin küýzelerdir kuboklar; ynha, zeýtun ýagly çyralar, kejebeler...- diýýär. - A bu näme? – diýip, mürze üsti ýeňil kiseý bilen ýapylyp, burçda goýlan heýkeli görkezýär. Hudaý: - Muny elläýmegin, ýogsam ähli emlägiňden mahrum bolarsyň – diýip jogap gaýtarýar. - Eger men ýagty jahanda on müň ýyl ýaşasamam, bu zada elimi degirmerin. Sebäbi danalykdan soňra baýlygy ähli zatdan gowy diýip hasap edýärin. Ony ýitirip bolmaz. – Ol az salymdan daş-töweregini ýaşyl agaçlar gallan kaşaň köşgi görkezýär. – Hol uzakda görünýän zat näme? - Ol knýazyň mülki. Onda köşk, bäş ýüz mera ýer, ýüz gul, şonça-da mal bar. Mülk juda uly, ýöne eger sen öz danalygyň onuň hötdesinden gelmegi başarar öýtseň... Mürzäniň gözi begenç ýaşyndan dolýar. Ol hasyr-husur Amonyň aýagyna ýykylýar. Batly ses bilen: - Eý, jenap! Sen bir kürüşge buzanyň deregine bir çelek çakyp islemeýän telbäni, heý, görüpmidiň? – diýýär. Amon: - Seniň sözleriň iň bir çylşyrymly hasaplamalary edýän dana laýyk – diýýär. Ol doga okaýar. Sähel salymdanam ikisi köşkde peýda bolýarlar. Hoşgöwün hudaý: - Ynha, şu ýerde meýlis gurmak üçin giň ýer bolup, onda gyzyl çaýylan ýumşak ýatyş sekiler, dürli reňkli agaçlardan ýasalan kürsüler, oturgyçlar goýlan. Aşakda aşhanadyr ammar ýerleşip, olar etden, balykdan, kökeden doludyr. Ýerzeminde agaýyp çakyrdan ýaňa aýak basara ýer ýokdur. Ynha-da, uka giden mahalyň gullaryň salkynladar ýaly, hereket edýän üçekli ýatuyş otagy. Ussatlyk bilen bürünçden guýlan dört ýolbars penjesinde duran, kedr agajyndan ýasalan aýratyn ýerde otur-da, lezzet al. Ynha-da egin-eşikden hyryn-dykyn yşgap, sandyklarda-da ýüzükler, zynjyrlar, bilezikler bardyr – diýýär. Mürze altyn öwüşginli we goýy gyzyl reňkli sapaklar bilen keşdelenen ýapynja örtülen heýkeli görkezip: - A bu näme? – diýip soraýar. Hudaý: - Bu bolsa seniň aýratyn ägä bolmaly zadyň. Oňa galtaşdygyň ähli baýlygyň zym-zyýat bolar. Beýle mülkler bolsa Nüsürde kän däldir. Mundanam başga, bärde gutujykda on talantlyk altyn, gymmatbaha daşlar ýatandyr – diýýär. Mürze: - Hökümdar! Her günde alnynda üç gezek hoşboý ys tüteder ýaly, köşgüň iň görnükli ýerinde öz keramatly heýkeliňi goýmaga maňa ygtyýar ber! – diýýär. Amon ýukajyk mata bilen örtülen heýkeli görkezip: - Ýöne şundan gaça durgun! – diýip, ýene bir gezek gaýtalaýar. Mürze: - Aklymdan azaşyp, çakyry ýuwundydan tapawutlandyrmaýan ýabany doňuzdanam edrenç bir zada öwrüläýmesem, oňa golaýlaşman. Goý, bu şekil bärde ýapynjanyň eteginde ýüz müň ýyl toba etsin dursun, rast seniň emriň şeýlemi, men onuň ýanyna barman...-diýýär. Hudaý: - Ýadyňda saklagyn, ähli zatdan mahrum bolarsyň! – diýip, iň soňky gezek duýdurýar-da, gözden gaýyp bolýar. Bagty çüwen mürze öz köşgünde eýläk-beýläk aýlanýar, penjireden seredýär. Hazynany gözden geçirýär, altyny elinde saldarlap görýär – agyr. Gymmatbaha daşlary gözlerine golaý tutup synlaýar – hakyky. Özüne iýer-içer ýaly zat getirmeklerini emir edýär – derhal gullar ylgaşyp gelýärler, ýuwup-arassalaýarlar, saç-sakgalyny syrýarlar, ýukajyk eşik geýdirýärler. Ol ozal hiç wagtda agzyna degmedik nygmatlardan iýip-içýär. Soňra Amonyň heýkeliniň alnynda hoşboý ysly ot tütedýär, ony janly güller bilen bezeýär. Mürze penjiräniň öňüne geçip, howlyny synlamaga oturýar. Ol ýerde oýulyp nagyş çekilen araba goşulan atlar kişňeýärmişin; elleri gylyçly hem-de torly birnäçe adam awa dyzaýan diýenetmezek it sürüsini saklap duranmyşyn. Ammaryň ýanynda mürzeleriň biri daýhanlardan bugdaý alsa, beýlekisi gözegçiniň hasabatyny diňleýärmişin. Uzakdan zeýtun agaçlarynyň jülgesi, üzümli beýik baýyr, bugdaýly meýdan, meýdanlaryň arasynda hem – gür oturdylan hurma agaçlary görünýärmişin. Ol: „Dogrudanam, men häzir baý. Özümem şoňa mynasyp. Meni bir zat –şunça ýyllap garyplykda, kemsidilmede nädip ýaşap bilendigim geň galdyrýar. Şeýle uly baýlygy köpeltmek zerurmy? Birinjiden-ä, maňa şundan artyk hiç zat gerek däl, ikinjiden-de, baýlyk toplamaga wagtymam bolmaz“ diýip oýlanýar. Ýöne onuň köşkde içi gysyp ugraýar. Mürze bagy gözden geçirmek üçin daşary çykýar. Ol meýdanlara aýlanýar, kaşaň geýnen (eger olara düýn sataşaýanlygynda, ellerini ogşamagy özüne mertebe bilerdi!), alnynda ýüzin düşüp ýatýan gullar bilen gürrüňdeş bolýar. Basym ony gussa has-da basmarlansoň, keýpsiz halda köşge dolanyp gelýär. Ammarda, ýerzeminde näme bardygy bilen gyzyklanýar, şeýle-de, otaglardaky agaç goşlary gözden geçirýär. Ol: „Bu zatlaryň ählisi, elbertde, owadan. Ýöne agaç goşlar-a sap altyndan, küýzeler-de gymmat bahaly daşlardan ýasalaýanlygynda has hem owadan bolardy“ diýip oýlanýar. Birdenem mürze nepis keşdelenen ýapynjanyň aşagynda duran heýkele biygtyýar seredýär. Ol heýkeliň uludan dem alýandygyny eşidýär. Mürze Amonyň heýkeliniň alnynda hoşboý ys tütetmek üçin eline kadilo alşyna: „Hä, tukatlanýarmyň? Tukatlanyber! Bu hudaý gowy eken. Ol danalaryň gadyryny bilýär, hatda aýagy ýalaňajam bolsa, hyzmatyna mynasyp baha berýär. Onuň maňa sowgat beren ajaýyp mülküni gör-ä! Dogry, kepbesiniň gapysyna adyny ýazyp, menem oňa hormat goýdum. Onuň ýedi käkilik üçin towguň näçeýumurtgasyny alyp biljekdiginiňhasabyny-da edil şänik döwlen ýaly etdim. Halypamyň: „Danalyk hatda hudaýlaryň agzyny-daaçdyrýandyr“ diýip, tekrarlamagy dogry eken. Ol ýene burça seredýär. Aňyrsy görnüp duran mata bilen ýapylan heýkel ýene uludan den alýar. Mürze: „Dostum Amon bu heýkele galtaşmagy maňa nämüçin gadagan etdikä? Elbetde, şeýle köşk üçin onuň maňa käbir şertleri goýmaga haky bar, ýöne özüm-ä beýtmezdim. Eger tutuş köşk maňa degişli bolsa, eger men bärdäki ähli zatdan peýdalanyp bilýän bolsam, nämüçin men oňa hatda galtaşmaly-da dälmişim?..Amon: „ Galtaşmaly däl“ diýdi, emma seretmek bolar ahyry?“diýip içini gepledýär. Ol heýkeliň ýanyna barýar, ýapynjany ägälik bilen aýyrýar, seredýär...Şeýle bir enaýy zat!Ýetginjege meňzeýär, ýöne siňe syn etseň, ýetginjek däl...Saçy uzyn, dyzyna ýetýär, ýüzi kiçiden gelen näzik, garaýşy-da özüne maýyl ediji. Ol: - Sen näme zat? – diýip soraýar. Heýkel: - Men – aýal –diýip, şeýle bir mylaýym ses bilen jogap gaýtarýar weli, o lmürzäniň ýüregine göýä finikiý gylyjy ýaly bolup sünjülýär. Mürze içinden: „Aýal? Žres mekdebinde muny maňa ýatmandylar...Aýal?..“ diýip gaýtalaýar. - Ýeri, onsoň bu näme boldugy? - Göz. - Göz? Sen bu Günüň ilkinji şöhlesine eräp gitjek göz bilen näme etmekçimişiň? Aýal: - Meniň gözüm maňa onuň bilen seretmek üçin däl-de, eýsem, seniň oňa seretmegiň üçin berlen – diýip jogap gaýtarýar. Mürze otagda eýläk-beýläk gezmeläp ýörşüne: „Geň göz eken!“ diýip oýlanýar. Ol ýene aýalyň alnynda aýak çekip: - Bu näme? – diýip soraýar. - Agzym. - Eý, hudaýlar! Heý-de, şeýle nakysja agyz bilen garnyň doýýança iýipboljakmy? Açlykdan ölersiň sen! Aýal: - Meniň agzym iýmek üçin däl-de, eýsem, sen meniň dodagymdan öpmegiň üçin berlen – diýip jogap gaýtarýar. - Öpmek üçin? – diýip žres gaýtalaýar. – Muny-da maňa žres mekdebindeöwretmediler. Indi bu näme boldugy? - Meniň eljagazlarym. - Eljagazlar? Seniň „ellerim“ diýmedigiň gowy zat. Seniň şeýle eller bilen başarjak işiň bolmaz, hatda goýun-da sagyp oňarmarsyň. - Meniň ellerim işlemek üçin däl...“ Mirasdüşer žres gyzyň inçe ellerini oýnap oturyşyna: - Edil seniňki ýaly eken, Kama- diýip, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi. - „Eýsem, şeýle eller näme üçin gerek? – diýip, onuň barmaklaryny ýekänme-ýekän basyp oturyşyna, mürze geň galyp soraýar. Aýal: - Seniň boýnuňdan gujaklamak üçin! – diýip jogap gaýtarýar. Çybyk bilen saýgylamakçy bolanlarynda, žresler hemişe boýundan tutansoň, ýüregi ýarylara gelen mürze: - Sen: „Boýundan tutmak üçin“ diýjek bolduňmy? – diýip soraýar. - Ýok, tutmak däl-de, ine, şeýdip...“ Ramses gürrüňini dowam etdi: - Onuň boýnundan, ynha, şeýdip gujaklapdyr (Ol iki eli bilen žres gyzyň boýnundan gujaklady) – Soňra bolsa ony, ynha, şeýdip gujagyna gysypdyr...(Kama gysmyljyrady). Kama: - Seniň edýäniň näme, jenap? Bu meniň üçin ölüm ahyry! – diýip pyşyrdady. - Gorkma, men saňa diňe şol heýkeliň mürze bilen eden hereketini görkezdim. - „Birdenem ýer yranýar, köşk, itler, atlar, gullar gürüm-jürüm bolýarlar; üzüm agaçlaryna bürenip oturan baýyr – ýalaňaç gaýa, zeýtun agaçlary - týorn agaçlaryna, bugdaý bolsa – çägä öwrülýärler... Söýgüli zenanynyň gujagynda aýňalan mürze özüniň ýol bilen ýöräp gelýän düýnki gedaýdygyna düşünipdir. Ýöne ol özüniň goldan giden baýlygyna ökünmändir. Sebäbi onuň ýanynda özüni söýýän hem-de hoşamaý sözler bilen göwnüni göterýän aýal bar eken...“ - Diýmek, ähli zat ýitirim bolup, aýalyň täk özi galypdyr-da? –diýip, Kama türkanalyk bilen sorady. Ramses: - Rehim-şepagatly Amon aýaly oňa teselli bermegi üçin galdyrypdyr – diýip jogap gaýtardy. - Hä, diýmek, Amon diňe mürzelere rehim-şepagatly-da? Ýeri, onsoň bu hekaýatyň näme manysy bar? - Özüň bil-dä. Garyp mürzäniň aýalyň posasy üçin nämeden ýüz öwrendigini sen eşitdiň ahyry! - Ýöne ol tagtdan-a ýüz öwürmezdi! - Kim bilýär...Eger ondan muny örän haýyş etseler...-diýip, Ramses hyjuwly seslendi. - Goýaweri! Ýok! – diýip, Kama onuň gujagyndan sypyp gygyrdy. – Goý, ol tagtdan boýun towlamasyn, ýogsam onuň wadasyndan Finikiýa näme galsyn? Olar biri-biriniň gözlerine uzak wagtlap seretdiler. Ramses ýüreginip awap, gysyp başlandygyny, Kama bolan söýgüsiniň bir böleginiň, ýok, hyjuw däl – huluw galypdy, sylagyň, hormatyň synandygyny duýdy. Mirasdüşer: ‚Bu finikiýalylaryň geň halkdygyny: olary söýüp bolýar, emma ynanmak bolmaýar“ diýip oýlandy. Ýadawlyk eýelänsoň, ol Kama bilen hoşlaşdy. Mirasdüşer göýä şol otag bilen hoşlaşmak kyn düşýän ýaly, töweregine garanjaklady we gidip barşyna: „Sen barybir meniňki bolarsyň!Finikiýaly hudaýlaram eger öz ybadathanalary hem-de žresleri olara gymmatly bolsa, seni öldürmezler“ diýip içini gepletdi. Ramses Kamanyň öýünden daşlaşyp ýetişmänkä, mirasdüşere juda meňzeş grek ýigidi onuň ýanyna ylgap bardy. Onuň gahardan tezi bozukdy. - Likon!..-diýip, Kama gorkuly gygyrdy. – Sen nämüçin bärde? - Häý, sen nejis! – diýip, grek onuň üstüne heňkirdi. - Meni söýýändigiňe, meniň bilen Gresiýa gaçyp gitjekdigiňe ant içeniňe aý hem geçenok weli, eýýäm başga bir oýnaşyň boýnuna towusýarmyň? Biziň hudaýlarymyz agdarylan-a däldir-dä hernä? Ýa-da olaryň adalatlylygy bizi terk etdimi? - Saňa telbe gabanjaň diýerler! Beýdip ýörşüňe meni öldürersiňem sen... - Elbetde. Seniň daşdan hudaýyňy däl-de, özüňi öldürerin. Oýnaşy bolandygyňy bildigim, şu ellerim bilen bogup, janyňy jähenneme ýollaryn. - Kimiň? - Hamala men bilýän ýaly. Megerem, ikisiniňki-de: şol assiriýaly garrynyňky hem-de şa oglunyňky; eger onuň bärde kaňkap ýörenini göräýsem,daş maňlaýynykül-owram ederin. Şa ogly! Müsüriň gyzlarynyň ählisi hyzmatynda weli, ýok, oňa žres gyz gerekmişin! Žres gyz žresler üçindir, kesekiler üçin däldir... Ýöne Kama indi özüne gelipdi. Ol: - Seniň özüň, näme, keseki dälmi? –diýip, ulumsylyk bilen sorady. - Ýylan!- diýip, grek gaýtadan gyzdy. – Men keseki däl, sebäbi siziň hudaýlaryňyza gulluk edýän. Meniň Müsüriň mirasdüşerine meňzeşdigim aziýalylary aldamaga hem-de onuň siziň diniňize uýýandygyna olary ynandyrmaga size näçe gezek kömek etdi? Žres gyz derrew onuň agzyny eli bilen ýapyp: - Ýuwaş, ýuwaş! – diýip pyşyrdady. Megerem, bu galtaşma juda hoş ýakan bolsa gerek, grek köşeşdi. - Meni diňle, Kama: ýakyn günlerde meniň doganymyň ýolbaşçylygyndaky grek gämisi Sebennit aýlagyna girýär. Ýokary žresiň özüňi Butto ibermegini gazanjak bol. Biz ol ýerden demirgazyga –Gresiýa, entek finikiýalynyň aýagy düşmedik çöllük ýere gaçarys. Kama: - Men nirede gizlensemem, olar sypdyrmazlar, ysyrganyp taparlar – diýdi. Grek guduz açan ýaly boldy: - Seniň saçyň ýekeje tary gaçaýsa, men ant içýän, Dagon...bärdäki finikiýalylaryň hemmesi onuň üçin ýa-ha öz kellelerini bereler, ýa-da daş döwülýän ýerlerde ölüp galarlar! Gregiň nämä ukyplydygyny men olara bildirerin! Žres gyz: - Men tä ýigrimi talant ýygnaýançam bärden gozganmajakdygymy saňa aýdaýyn. Häzir mende bary-ýogy sekiz talant bar – diýip jogap gaýtardy. - Sen galanyny nirden aljakmyşyň? - Maňa Sargon bilen mirasdüşer berer. - Eger Sargon berse – men razy, ýöne mirasdüşerden almagyňy islämok. - Seniň samsykdygyňy! Şol agzyndan süýt ysy gitmedigiň maňa nämüçin birneme ýaraýandygyny sen, eýsem, bileňokmy? Ol maňa seni ýatladýar-a!.. Onuň bu sözleri gregi bütinleý eretdi. - Ýeri, ýeri – diýip, ol madyrdady. – Aýal ikiden birini: ýa-ha tagtyň mirasdüşerini, ýa-da men ýaly aýdymçyny saýlamaly bolsa, gorkup oturasy zat ýokdugyna düşünýän. Ýöne men gabanjaň, ganygyzgyn, şonuň üçin hem, şa oglunyözüňe golaýlaşdyrmazlygy haýyş edýän. Ýigit Kamany ogşap, kiçi köşkden zymdyrylyp çykdy-da, garaňky bagda ýitirim boldy. Žres gyz onuň yzyndan haýbat atyp: - Bolgusyz masgarabaz, sen diňe öz aýdymlary bilen meniň gulak posumy açýan gul bolup bilersiň – diýip pyşyrdady. ONUNJY BAP Ramses ertesi gün irden ogluny görmäge baranda, Sarra gözýäşa boglup otyrdy. Ol: „Saňa näme boldy?“ diýen sowala ilki-hä hiç zat bolmandygyny, diňe içiniň gysýandygyny aýtdy, soňra-da sen-men ýok, Ramsesiň aýagyna ýykyldy. - Jenabym, meniň jenabym! Seniň indi meni sulhuň almaýandygyny bilýän, ýöne bolmanda özüňi beri gora ahyry. - Seni indi söýmeýändigimi kim aýtdy? – diýip Ramses geň galdy. - Sen öýe tanymal maşgaladan üç täze gyz alypsyň... - Hä...Mundan çykdy-ow!.. - Indi bolsa dördünji...hilegär finikiýaly gyz üçin başyňy bela sokýarsyň. Ramses biynjalyk boldy. Sarra Kama hakda, onuň hilegärligi hakda nireden bilip biler? Ol: - Tozanyň sandyga aralaşyşy ýaly, ýaramaz gep-gürrüňem iň asuda öýe kürsäp girýändir. Finikiýaly gyz barada saňa kim aýtdy? - Men, näme, bilemokmy? Palçy aýal hem-de öz ýüregim aýtdy. - Diýmek, muňa palçy-da goşulypdyr-da? - Hawa. Aýylganç günleriň garaşýandygy maňa öňünden aýdyldy. Bir garry žres aýal, megerem, hrustal şarda bolsa gerek, biziň hemmämiziň finikiýaly gyz sebäpli heläk boljakdygymyzy görüpdir. Bolmanda men...hem-de meniň balam – diýip, Sarra hünübirýan aglap durşuna boýun aldy. - Özüň-ä ýeke-täk Ýahwä ynanýaň, ynha, birdenem bir kempiriň aýdan ertekisi sebäpli janyňa jaý tapaňok. Ol, belki, arabozardyr? Ýeri, onsoň seniň beýik hudaýyň niredemişin? - Ol hudaý diňe meniňki, beýlekiler bolsa – seniňki, menem olara hormat goýaýmaly. Ramses: - Diýmek, kempir saňa finikiýalylar barada aýdypdyr-da? – diýip sorady. - Ol maňa bireýýäm, heniz Memfisde pal atypdy. Ynha, häzir haýsydyr bir finikiýaly gyz hemme kişiniň dilinde. Men bilemok, belki, bu zatlaryň hemmesi maňa gaýgy-gussadan şeýle ýaly bolup görünýändir. Onuň doga-jadysy bolmanlygynda, sen şol gezek meýdança okdurylyp barmajak ýaly. Öküz seni öldürip bilerdi ahyry! Ýadyma düşende häzirem ýüregim doňýar duruberýär... - Bularyň ählisi biderek zatlar, Sarra! – diýip, Ramses şadyýanlyk bilen onuň sözüni kesdi. – Men kimi özüme golaýlatsam, şeýle bir ýokarda durýandyr weli, onuň üçin gorkunç hiç zat ýokdur. Haýsydyr bir heleý ertekileri barada aýdylanda-ha has-da şeýledir. - Ýeri, onsoň betbagtçylyk näme? Onuň bize atjak peýkamy ýetmejek dag bolmaz. Şa ogly: - Seni ene aladasy ýadadypdyr, üstesine, yssa-da tap getirip bileňok. Şeýle bolansoň sebäpsiz ýerden gam-gussa batýarsyň. Köşeş-de, meniň oglumy aýa. Finikiýalymy ýa-da grek, kim bolanda hem, adam ogly bize – bu dünýäniň hudaýlaryna däl-de, diňe özüne meňzeşlere zyýan ýetirip biler – diýip pikirli aýtdy. - Sen grek hakda näme diýdiň?..Haýsy grek ol?..-diýip, Sarra ynjalyksyzlyk bilen sorady. - Men „grek“ diýdimmi? Ýadyma düşenok..Çala eşiden bolaýma. Ramses Sarra bilen çagany ogşap, olar bilen hoşlaşdy. Onuň kellesi tüweleýläp durdy. Ol: „Müsürde ýekeje syryň-da gizlin bolmajakdygyny berk ýadyňda saklamaly: meni žresler hem-de serhoşmy ýa-da serhoşsyraýarmy, tapawudy ýok, meniň köşgümdäkiler yzarlaýarlar; finikiýalylaram özleriniň ýylan gözlerini Kamadan aýranoklar; eger finikiýalylar gyzy henize çenli menden gizlemeýän bolsalar, bu diňe Kamanyňboý gyzdygynyň olary az gyzyklandyrýandygyndandyr. Olaryň özleri bilsa meni ybadathanalarynda bolýan aldawçylyga ynandyrdylar. Kama meniňki bolar. Olar men bilen öte gyzyklanansoň, meniň gazabyma giriftar bolmaga ýürek edip bilmezler“ diýip oýlanýardy. Aradan birnäçe gün geçenden soň, şa oglunyň ýanyna hornatly Herihoryň harby geňeş agzalary boýunça maslahatçysy žres Mentesufis geldi. Onuň solgun ýüzüne, aşak goýberilen gabagyna seredip, Ramses žresiň finikiýaly gyz barada eýýäm habarlydygyna düşündi, „Žres hökmünde öwüt-nesihat berseň gerek“ diýip içini gepletdi. Emma Mentesufis mirasdüşeriň söýgüsi barada dil ýarmady. Ol resmi äheňde salamlaşdy-da, özüne görkezilen ýere geçip: - Golaýda Bubasta beýik haldeý žresi Izdubaryň, köşk münejjimleriniň hem-de onuň jenaby patyşa Assaryň maslahatçysynyň gelendigini bakylygyň hökümdarynyň Memfisdäki köşgünden maňa habar berdiler – diýip mälim etdi. Ramse Izdubaryň näme maksat bilen gelendiginiň özüne mälimdigini Mentesufise tasdan aýdypdy, hernä wagtynda dilini dişledi. Mentesufis sözüni dowam etdirdi: - Meşhur žres Izdubar onuň jenaby paytyşa Assaryň garyndaşy hem-de hökümdary, hormata mynasyp Sargonyň bize şol kuwwatly döwletiň eýesiniň doly ygtyýarly ilçisi edilip bellenilendigi hakdaky tarhan hatyny alyp gelipdir. Ramses tasdan gülüpdi. Özüne bireýýäm mälim bolan syry Mentesufisiň hondanbärsi görnüş bilen aýan eden bolmagy hökümdaryň keýpini göterdi. Ol: „Meniň özleriniň ähli pyrryldyklaryndan habarlydygym bu hokgabazyň kellesine gelýänem däldir“ diýip, çuňňur ýigrenç bilen oýlandy. Mentesufis gaýtadan gürläp ugrady: - Hormata mynasyp Sargon hem-de hormatly Izdubar faraonyň dabanyny ogşamak üçin Memfise ugraýarlar. Ýöne ilki sen, jenap, welmožalary hem-de olaryň ýanyndaky adamlary mähirli garşylamaga hökümdar hökmünde ygtyýar et. - Uly höwes bilen. Hem-ä olary garşy alarys, hem-de ýeri gelende Assiriýanyň möhleti geçen pajyny haçan tölejekdigini soraryn – diýip hökümdar jogap gaýtardy. Žres şa oglunyň ýüzüne dikanlap seredip: - Sen, dogrudanam, şeýtmekçimi? – diýip sorady. - Gürrüňsiz. Biziň gaznamyz altyna mätäç. Mentesufis tarsa ýerinden galdy-da, ýuwaş, emma haýbatly ses bilen: - Biziň hojaýynymyzyň hem-de ömür berijimiziň hökümdary! Kimdiginiň tapawudy ýok, aýratynam, Sargonyň, Izdubaryň ýa-da olaryň ýanyndaky adamlardan kimdir biriniňýanynda Assiriýanyň pajy barada gürrüň gozgamagy saňa faraonyň adyndan gadagan edýärin! – diýdi. Hökümdaryň ýüzi üýtgäp gitdi. Ol hem ýerinden galyp: - Žres, maňa buýruk berere seniň hakyň barmy? – diýip sorady. Mentesufis eşiginiň ýakasyny azajyk açdy-da, faraonyň ýüzügi asylan zynjyry boýnundan aýyrdy. Hökümdar ýüzüge seretdi, mähirli ogşady. Soňra žrese gaýtaryşyna: - Patyşanyň – meniň jenabymyň hem-de kakamyň emrini ýerine ýetirerin – diýdi. Ikisi gaýtadan oturdylar.Şa ogly: - Ýöne sen maňa düşündir: Assiriýa bize nämüçin paç tölemeli dälmişin? Eger tölänliginde döwletimiziň gaznasy derrew agyr ýagdaýdan çykjak ahyry! – diýdi. Mentesufis: - Sebäbi biz Assiriýa özümize paç töleder ýaly derejede güýçli däl. Biziň bir ýüz ýigrimi müň esgerimiz bolsa, Assiriýada olaryň sany üç ýüz müňe golaýlaýar. Men muny saňa döwletiň ýokary derejeli adamy hökmünde doly ynanamsoň aýdýan. Şonuň üçin hem, bu ikimiziň aramyzda berk syr bolup galmalydyr – diýip, sowuklyk bilen jogap gaýtardy. - Düşünýän. Emma seniň gulluk edýän iň ýokarda duran harbyedaraňyznämüçin biziň edermen goşunymyzy altmyş müň adam azaldypdyr? - Patyşanyň köşgüniň gurdejisini ýigrimi müň talant artdyrmak üçin – diýip, žres jogap gaýtardy. - Şeýlemi?..Ýeri, onsoň Sargon näme maksat bilen faraonyň dabanyny ogşamaga gidýärmişin? - Bilemok. - Bileňokmy? Emma muny men – tagtyň mirasdüşeri nämüçin bilmeli däl? - Sebabi käbir döwlet syrlary diňe döwletiň az sanly ýokary derejeli adamlaryna aýan edilýär. - Onsoň olary hatda meniň ýokary hormatly kakam-da bilmeli dälmi? - Hawa. Eger ýokary žres derejesi berilmedik bolsa, hatda patyşanyň-da bilmeýän zatlary bolýar – diýip, Mentesufis jogap gaýtardy. Mirasdüşer pikire batyşyna: - Geň galaýmaly: Müsür faraona degişli, emma şeýle-de bolsa, döwletde oňa mälim bolmadyk işler hem edilip bilinýär...Muňa nähili düşünmeli? – diýdi. - Müsür tutuşlygyna diňe Amona degişlidir. Şonuň üçin hem, iň ýokary syrlaryň diňe Amonyň öz erk-islegini aýan edýän adamlaryna mälim bolmagy zerurdyr. Žresiň her bir sözi şa oglunyň ýüregini ot bolup ýakýardy. Mentesufis ýerinden turmakçy boldy, ýöne hökümdar ony saklady. Ýumşaklyk bilen gepledi: - Ýene bir söz. Eger Müsür hatda Assiriýanyň tölemeýän pajy hakda ýatlamagam bolmaýanderejede şeýle gowşak bolsa, eger...- Ramses agyr dem aldy. – Hawa, eger ol ejiz hem-de hiç zadyň alnyndan däl bolsa, assiriýalylaryň biziň üstümize çozmajakdygyna ynanyp bolarmy? - Bu howpdan bizi şertnama gorar. Mirasdüşer elini salgap goýberdi. - Şertnamanyň gowşaga peýdasy degýän däldir. Hiç kim goramaýan serhedi ýüzi ylalaşyk bilen doldurylan hiç bir kümüş bölegi gorap bilmez. - Olaryň goralmaýandygyny siziň alyhezretiňize kim aýtdy? - Sen aýtdyň! Ýüz ýigrimi müň esger üç ýüz müň esgeriň öňünde durup biljekmi? Eger Assiriýa biziň üstümize döküläýse, Müsür tozap ýatan çöllüge öwrüler. Mentesufisiň gözleri ýaldyrady. - Eger olar biziň üstümize çozsalar, biz barly adamlary, daýhanlary, hatda daş döwülýän ýerlerdäki jenaýatkärleri-de ýarag bilen üpjünläris...Biz ybadathanalardaky baýlyklaryň ählisini alarys...Ine, onsoň Assiriýanyň garşysyna bäş ýüz müň sany müsürli söweşiji aýaga galar...- diýdi. Watançylygyň beýle duýdansyz ýüze çykmasyna haýran galan Ramses žresiň elinden tutup: - Eger biz şeýle goşuny döredip bilýän bolsak, nämüçin özümiz Babylyň üstüne çozmaly däl? Eýsem, beýik serkerde Nitagor bize bu barada telim ýyl bäri özelenip haýyş edip gelmeýärmi näme? Eýsem, assiriýalylaryň ýagdaýy faraony bimaza edenokmy näme? Eger biz olara güýçlerini bir ýere jemlemäge maý bersek, çaknyşyk agyr bolar. Ýöne biz ilkimji bolup başlasak weli... Žres onuň sözüni agzyndan kakdy: - Sen, şa ogly, urşuň, onda-da çölüň üstünden geçmegi talap edýän urşuň nämedigini bilýämiň? Biz Ýewfrata ýetýänçäk, goşunymyzyň ýarysynyň hem-de hammalllaryň ýoluň agyrlygyndan heläk bolmajakdyklaryna kim kepil geçip biler? Ramses: - Bary-ýogy ýekeje gezek çaknyşsak bolany.Onsoň biz azabymyzyň rehnetini göreris! – diýip göçgünli gygyrdy. Žres: - Bary-ýogy ýekeje çaknyşyk – diýip, onuň sözlerini gaýtalady. –Eýsem, sen, şa ogly, çaknyşygyň nämediginden bilýämiň? Mirasdüşer eli bilen gylyjyny patladyp urdy-da: - Bilýämikäm-ä öýdýän – diýip, buýsançly jogap gaýtardy. Mentesufis egnini ýygyrdy. - Men bolsa, hökümdar, saňa bilmeýändigiňi aýdýan. Sen oňa telim gezek ýeňilmeli bolsaňam, hemişe ýeňiji bolup çykan harby hereketleriň boýunça baha berýäň. Ramsesiň ýüzi gamaşdy. Žres elini eşiginiň syýnyna sokup: - Hany, şunuň nämedigini bil! – diýdi. - Näme? – diýip, Ramses geň galyp sorady. - Çalt hem-de ýalňyşman aýt. Eger ýalňyşsaň, seniň iki goşun ýygynyň heläk bolar – diýip, žres ony gyssady. - Ýüzük – diýip, mirasdüşer gülüp jogap gaýtardy. Mentesufis aýasyny açdy – onda bir bölek papirus bardy. - Meniň elimde indi näme bar? – diýip, žres gaýtadan sorady. - Ýüzük. - Ýok, ýüzük däl-de, hudaý aýal Hatoryň dogasy – diýip, žres jogap gaýtardy-da, sözüni dowam etdi. – Bek bellegin hökümdar: söweşde-de edil şeýle bolýandyr. Çaknyşyk mahalynda ykbal bize her pursatda tapmaça hödürleýändir. Biz kämahal ýalňyşýandyrys, kämahal dogry çözýändiris. Kim şol tapmaçalary dogry çözmän, ýalňyş çözse, bagtynyň ýatdygydyr! Emma bagt kime ýeňsesini görkezip, ol diňe ýalňyşyp ýörse, onuň bagtynyň ýüz esse ýatdygydyr! - Assiriýanyň derbi-dagyn edilmelidigine men barybir ynanýan, men ýüregim bilen duýýan! – diýip, mirasdüşer gursagyna urup gygyrdy. Žres: - Seniň agzyň bilen hudaý Amonyň hut özi gürleýär! Şeýle-de bolar... Hatda seniň yhlas-erjelligiň bilen bolmagy hem mümkin, Assiriýanyň merki berler, hökümdar, ýöne häzir däl, häzir däl...-diýdi. Mentesufis gitdi. Ramsesiň bir özi galdy. Onuň kellesi edil ot içinde ýaly, gyzyp durdy. Ramses: „Hiram žresleriň bizi aldaýandygy barada dogry aýdan eken. Olaryň haldeý žresler bilen haýsydyr bir şertnamany baglanyşandyklaryna, keramatly kakamyňam ony tassyklamalydygyna men indi ymykly göz ýetirdim. Ony mejbur ederler!...Elhençlik!..Ol, dirileriň hem-de ölüleriň hökümdary, çypdyrmaga ökde arabazarlaryň şertnamasyna gol çekmeli!“ diýip oýlandy. Ramsesiň demi tutuldy. „Beýleki tarapdan, Mentesufiz özüni paş etdi. Diýmek, Müsür gyssansa, hakykatdanam, ýarym million adamdan ybarat goşuny orta çyraryp biljek-dä! Men beýle uly güýç barada hatda arzuwam etmändim! Olar bolsa meni täleý hakdaky toslama bilen gorkuzjak bolýarlar. Täleý maňa matal aýtjakmyşyn! Eger meniň grek, liwiý goşunlary ýaly, bolmanda on müň sany zabun tälim berlen goşunym bolanlygynda, getir ýer bilenasman arasynda näçe matalyň bolsa, ýekejesi jogapsyz galaýarmyka!“ Örän hormatly Mentesufis bolsa öz hüjresine dolanyp gelip, „Ol juda gyzma, ýeňilkelle, aýalbaz, ýöne güýçli häsiýetli. Häzirki ýaly gowşak erkli faraondan soň, ol, megerem, bize Beýik Ramsesiň zamanyny gaýtaryp berse gerek. Ýene on ýyldan ýyldyzlaryň ýaramaz täsiri tamamlanar, men diýen ýaşa ýeten şa ogly-da Assiriýanyň külüni göge sowrar. Ninewiýadan diňe harabalyklar galar, keramatly Babyl öz kuwwatyny dikelder, ýeke-täk hudaý, müsür hem-de haldeý pygamberleriniň hudaýy Liwiýa çöllüginden mukaddes Gang derýasyna çenli öz hökümini ýaýradar... Ýöne diňe biziň mirasdüşerimiz finikiý gyzynyň yşkynda gijeden-gije entäp, özüni biabraý etmese bolýar...Eger ony Aştoretiň bagynda tutaýsalar, halk: „Tagtyň mirasdüşeri finikiý dinine göwnüni bölýän bolmaly“ diýip pikir eder...Aşaky Müsüre bolsa köne hudaýlardan ýüz öwürmek üçin sähel zat ýeterlik! Bu ýerde halklar garym-gatym boldy ahyry!“ diýip oýlanýardy. Aradan birnäçe gün geçenden soň, hormata mynasyp Sargon özüniň Assiriýanyň ygtyýarly wekilidigini hökümdara resmi mälim etdi. Ol, şeýle-de, tagtyň mirasdüşeri bilen salamlaşmak isleýändigini aýdyp, özüni mynasyp sylag-dereje bilen onuň hormatlysy faraonyň dabanyna elter ýaly, ýanyna ýaragly esgerleri goşmaklaryny sorady. Hökümdar jogaby iki gün gijikdirdi, ondan soň kabul edişligi belläp, ony-da ýene iki gün gaýra tesdirdi. Syýahatda bolşy ýaly, işde-de gündogar haýal-ýagallygyna endik eden assiriýaly munuň üçin asla keýpden gaçmady. Ýöne wagtyny-da biderek geçirmedi: ertirden agşama çenli ajy suw içdi, Hiram hem-de beýleki aziýaly knýazlar bilen oýun çöpi oýnady, boş wagtlarynda bolsa edil Ramses ýaly, assyrynlyk bilen Kamanyň ýanyna barmaga gyssandy. Ol durmuşyň telim garyny basgylan, tejribesi ýetik adam bolansoň, her gezek žres gyzyň ýanyna gowy sowgatly barardy, öz duýgusyny, ine, şeýleräk beýän ederdi: - Kama, sen sebäpden Bubastda bolup, saralyp-solup ýörsüň? Sen heniz ýaş bolaňsoň, Aştoret ybadathanasynda gulluk etmek ýakymlydyr, ýöne garranyňda weli häzirki keýpiň zym- zyýat bolar. Egniňdäki gymmatbahaly eşikleriňi sypyrlar-da, seniň ýeriňi ýaşajyk birine bererler; sen bolsa bir döwüm guradylan arpa çöregini gazanmak üçin ýa-ha palçylyk, ýa-da göbegenelik etmäge mejbur bolarsyň.Özüm-ä eger hudaýlar ata-enemiň günäsi üçin meni aýal edip ýaradanlygynda, göbegene bolanymdan täze çagalan aýal bolanymy gowy görerdim. Şonuň üçin hem, durmuşyň okuwyny geçen adam hökmünde saňa maslahat bermekçi: öz ybadathanaňy taşla-da, meniň ýanyma oýnaş bolup gel. Men saňa on altyn talant talant, kyrk sygyr hem-de ýüz mera bugdaý bereýin – wessalam, gürrüň tamam. Žresler, elbetde, bulary az görüp, hudaýlaryň özlerine temmi berjekdigini aýdyp, bogazlaryna bat bererler. Ýöne men birlän-ikilän goýunjyk bolaýmasa, öňkiniň üstüne ýekeje drahmam goşman. Olar dabaraly doga okarlaram weli, keramatly Aştoret bir gowy altyn zynjyr hem-de bokala eýe bolar-da, seni ähli içen ant-kasamyňdan boşadyp goýberer. Kama biu sözleri diňläp durşuna, dodagyny dişläp, gülmekden zordan saklanýardy. - Sen meniň bilen Ninewiýa gidersiň, tanymal hanym bolarsyň. Men saňa köşk, at, kejebe, gyrnak, gul sowgat bererin. Seniň bir aýda üstüňe sepinjek hoşboý ysly suwuň hudaý aýalyň ýoluna bir ýylda berilýän sadakadan köp bolar. Onsoňam kim bilýär, sen patyşa Assaryň gözüneilip, göwni gidäge-de, özharemhanasyna almak islemegi hem mümkin! Ine, onsoň sen-ä bagtly bolarsyň, menem saňa eden çykdajylarymy yzynagaýdyp alaryn. Sargona resmi kabul edişligiň bellenen güni mirasdüşeriň köşgüniň öňüni hatara düzülen Müsür goşuny we tomaşa teşne märeke eýeledi. Assiriýalylar günorta golaý, yssynyň gazabyna tutan mahaly geldiler. Öňden gylyçdyr degenekli taýak bilen ýaraglanan tertip-düzgüne gözegçilik edijiler, olaryň yzyndan birnäçe ýalaňaç çaparlar we üç atly gelýärdiler. Olaryň ikisi surnaýçydy, biri jarçydy. Surnaýçylar her burçda aýak çekip, duýduryş berenlerinden soň, jarçynyň çasly sesi töwerege ýaýraýardy: - Ynha, patyşa Assaryň doly ygtyýarly ilçisi hem-de garyndaşy, söweşlerde ýeňiji, uly mülkleriň eýesi, birgiden welaýatlaryň hökümdarySargon golaýlap gelýär. Adamlar, onuň hormatlysy Müsüriň hökümdarynyň dosty hökmünde oňa mynasyp derejede hormat goýuň! Surnaýçylaryň yzyndan kelleleri zommak telpekli, gysga kürteçkeli, aýaklaryna syrlaşyop duran balakly onlarça assiriýaly atlylar gelýärdiler. Tüýlek, ýöne çydamly atlaryň kellelerini, döşlerini balygyň teňňesini ýatladýan mis sowut goraýardy. Olaryň yzyndan demir başgaply we ýere ýeter-ýetmez uzyn ýapynjaly pyýada goşun gelýärdi. Goşunyň bölekleriniň biri - agyr, ujy tommarçakly taýak,beýlekisi – ýaý, üçünjisi – naýzadyr galkan bilen ýaraglanandy. Mundan başga-da, olaryň hemmesinde gylyç, sowut bardy. Esgerleriň yzyndan Sargonyň atlary, söweş arabalary, kejebeleri, gyzyl, ak we ýaşyl eşikli gullary gelýärdiler. Olaryň yzynda arkasy kejebeli bäş pil göründi. Pilleriň birinde – Sargon, beýlekisinde – haldeý žresi Izdubar otyrdy. Ýörişi pyýada we atly esgerler, gulagyňy gapyp barýan surnaýlardan, depreklerden, biri-birine çaknyşdyrylyp urulýan mis saz gurallardan, çirkin sesli fleýtalardan ybarat assiriýaly orkestr jemleýärdi. Daşyny žresler, serkerdeler, gymmatbaha, açyk reňkli egin-eşik geýen tanymal adamlar gallan şa ogly Ramses gelýänleri kabul etmage niýetlenen, dört tarapy-da açyk, giň ýerde ilçä garaşýardy. Assiriýalylaryň müsürlileriň paç hökmünde kabul edip biljek zady bolan sowgatly gelýändiklerini bilýän şa oglunyň keýpi kökdi. Emma howluda jarçynyň Sargonyň güýç-kuwwatyny öwüp arşa çykarýan ýogyn sesini eşidip, Ramsesiň terzi üýtgedi. Patyşa Assaryň faraonyň dostudygyny eşidende-hä, onuň gany depesine urdy. Burnunyň deşikleri gazaba münen öküziňki ýaly giňedi, gözleri gaharly ýandy. Muny gören serkerdelerdir tanymal adamlar-da ýüz-gözlerini çytdylar, gylyçlarynyň baljagyny berk gysymlap, töwerege haýbatly nazar aýladylar. Keramatly Mentesufis olaryň nägileligini görüp, gaty ses bilen: - Hormata mynasyp Sargony beýik patyşanyň ilçisine mahsus hormat-dereje bilen garşylamagy serkerdelere hem-de tanymal adamlara faraonyň adyndan emir edýärin – diýdi. Gaşlary çytylan hökümdar saýhally ýöräp, özüne niýetlenen kürsi goýlan beýik ýere ýöneldi. Tertip-düzgüne endik eden serkerdelerdir tanymal adamlar harby hökümet agzasynyň kömekçisi Mentesufis bilen oýun edilmeýändigi üçin, sessiz-üýnsüz durdular. Şol wagt uzyn boýly, agyr eşiklere dolanan assiriýaly esgerler ýarym ýalaňaç, ykjam müsürli söweşijileriň garşysynda üç hatara düzüldiler. Iki tarap hem biri-birine gaplaň sürüsiniň kerk sürüsine seredişi ýaly seredýärdi. Aňyrkylaryňam, bärkileriňem ýüreginde asyrlyň dowamynda gelýän ýigrenç köräp ýanýardy. Emma tertip-düzgün bu duýgudan rüstem geldi. Howla agyr ädimläp piller girenden, Müsür hem-de Assiriýa surnaýlary ala-goh bolup başladylar, esgerler ýaraglaryny ýokary galdyrdylar, duranlar özlerini aşak goýberdiler, assiriýaly welmožalar Sargon bilen Izdubar kejebelerinden düşdüler. Ramses owadan matadan edilen çadyryň eteginde beýik ýerde goýlan kürsä geçdi. Onuň agzynda jarçy peýda boldy. Ol mirasdüşere ýüzlenip: - Hormata mynasybymyz hökümdar! Beýik patyşa Assaryň doly ygtyýarly ilçisi, alyhezret Sargon hem-de onuň hemrasy, dindar pygamber Izdubar hökümdar hem-de faraonyň mirasdüşeri – goý, onuň ömri uzak bolsun! – bolan sen bilen salamlaşmak, saňa hormat goýmalk üçin gelýärler! – diýip habar berdi. Şa ogly: - Tanymal welmožalaryň içeri girmeklerini hem-de meniň ýüregimi şatlandyrmaklaryny olardan haýyş et – diýip jogap gaýtardy. Çadyra ýaraglaryny, harby enjamlaryny şakyrdadyp, zer sapak bilen ýygjam nagyş çekilen uzyn ýaşyl geýimli Sargon, onuň ýany bilen gelýän ak eşikli dindar Izdubar; ikisiniň yzyndanam egni gymmatbaha eşikli assiriýalylar hökümdara niýetlenen sowgatlary alyp girdiler. Sargon hökümdaryň oturan beýik ýerine bardy, assiriý dilinde nämedir bir zatlar diýdi. Ony dilmaç şobada müsürçe gaýtalady: - Men, Sargon – kuwwatly patyşa Assaryň serkerdesi hem-de garyndaşy, bäri kuwwatly faraonyň hökümdary bolan sen bilen salamlaşmak, baky dostlugyň alamaty hökmünde saňa sowgat gowşurmak üçin geldim.... Mirasdüşer ellerini dyzyna goýşuna, öz patyşa ata-babalarynyň heýkelleri ýaly bolup, sarsman otyrdy. Sargon dilmaçdan: - Sen meniň hormatly salamymy hökümdara ýaramaz ýetiräýen-ä dälsiň-dä? – diýip sorady. Ýokarda duran Mentesufis Ramsese egilip: - Hökümdar, hormata mynasyp Sargon mähirli jogaba garaşýar! – diýip pyşyrdady. Şa ogly: - Meni özüne deň saýyp gepleşmäge oňa kim ygtyýar beripdir? Meniň şuňa düşünmeýändigimi oňa ýetir – diýip, gyzmalyk bilen jogap gaýtardy. Mentesufis aljyrady. Bu bolsa Ramsesi has-da gaharlandyrdy. Onuň dodaklary müňküldeýärdi, gözleri uçganaklap durdy. Müsür diline düşünýän Izdubar gyssanmaçlyk bilen Sargonyň gulagyna: - Ýüzin düşüp ýataly! – diýip pyşyrdady. Sargonyň girre gahary geldi: - Meän nämüçin ýüzin düşmelimişim? - Eger biziň patyşamyzyň merhemetinden, belki-de, egniňdäki kelledenem mahrum bolmak islemeýän bolsaň, ýüzin düşüp ýat!.. Izdubar şeýle diýdi-de ýerde ýüzin düşüp ýatdy. Sargonam oňa eýerdi. Ol: - Men bu erni suwlynyň alnynda nämüçin garnymyň üstünde ýatmalymyşym? – diýiň, nägilelik bilen hüňürdeýärdi. - Sebäbi ol faraonyň hökümdary. - Men, näme, öz hojaýynymyň hökümdary dälmi? - Ýöne ol günleriň birinde patyşa bolmaly, seniň weli patyşanyň tagtyna çykjak gümanaň ýok. Ilçileriň tabynlygyndan kanagatlanan şa ogly dilmaçdan: - Kuwwatly Assaryň ilçileri näme barada jedelleşýärler? – diýip sorady. Ugurtapyjy dilmaçpikirlenmezden jogap gaýtardy: - Olar: „Faraona iberilen sowgatlary şa ogluna görkezmelimi ýa-da diňe onuň özüne iberilenleri bermelimi?“diýip akyllaşýarlar. Mirasdüşer: - Men özümiň keramatly kakama niýetlenen sowgatlary görmek isleýän, ilçilere-de ýokary galmaga ygtyýar berýän – diýdi. Hem-ä gahardan, hem-de özüne öte agram salmadan çym-gyzyl bolan Sargon dikeldi-de, ýerde aýbogdaşyny gurup oturdy. Soňra gaty ses bilen: - Men, beýik Assaryň garyndaşy hem-de doly ygtyýarly ilçisi bolan özümiň Müsür hökümdarynyň ýeriniň tozanyny geýmim bilen süpürjegimi bilmeýärdim! – diýdi. Assiriý diline düşünýän Metntesufis Ramsesden rugsat almazdan, derrew üstüne haly düşelen iki oturgyç getirmegi emir etdi. Haşlap duran Sargon bilen asuda Izdubar olara geçdiler. Demini dürsän Sargon özüne uly kubok, polat gylyç bermeklerini hem-de çadyryň agzyna esbaby altyndan bolan iki at getirmeklerini buýurdy. Onuň buýrugy ýerine ýetirildi. Sargon ýerinden galyp, Ramsese baş egşine: - Meniň jenabym, patyşa Assar şa ogly bolan saňa diňe ýeňiş getirmeklerini arzuw edip, tanapyna towsup duran iki at, ýüregiňe diňe şatlyk akyp durmagyny arzuw edip, kubok hem-de meniň kuwwatly hökümdarymyň ýarag ussahanasyndan başga hiç ýerden tapyp bolmajak gylyç iberdi – diýdi. Ol gynyndan edil kümüş ýaly ýalpyldap duran, adatdakydan uzyn gylyç çykaryp, elinde epip başlady. Gylyç ilki ýaý ýaly egreldi-de, derrew hem göneldi. Ramses: - Hakykatdanam, täsin gylyç! – diýip gygyrdy. Sargon gaharyny unutdy, sebäbi şol zamanda deňi-taýy bilmadyk assiriý ýaragy bilen öwünmäge amatly pursat döräpdi. Ol: - Hökümdar, eger ejaza berseň, men saňa munuň ýene bir artykmaç ýerini görkezeýin – diýdi. Onuň haýyşy boýunça müsürli serkerdeleriň biri gynyndan bürünç gylyjyny çykaryp, hüjüm edýänden bolup, ony ýokary galdyrdy. Sargon özüniň polat gylyjyny bulaýlap, zarply urgy arkaly garşydaşynyň gylyjyny iki böldi.Ýygnanlar muňa haýran galyp pyşyrdaşdylar. Ramsesiň ýüzi al-gyrmyzy öwüsdi. Mirasdüşer: „Bu gelmişek öküz bilen urşulanda menden öňürtdi, Kamany beýlesine geçirmekçi bolýar, meniň gözümiň alnynda biziň gylyçlarymyzy ýarylan agaç ýaly edip taşlajak ýaragy bilen sessiz öwünýär“ diýip oýlandy. Onuň patyşa Assara, tutuiş assiriýlere, aýratynam, Sargona ýigrenji has-da artdy. Şeýle-de bolsa, Ramses özüne erk etmäge çalyşýardy. Ol faraona niýetlenen sowgatlary özüne görkezmegi ilçiden mylaýymlyk bilen haýyş etdi. Göz açyp-ýumasy salymda hoşboý ysly agaçdan ýasalan ullakan gapyrjaklar peýda boldy; Assiriýanyň iň ýokary derejeli adamlary olardan nagyşly matalaryň parçalaryny, kuboklary, küýzeleri, polat ýaraglary, dag tekesiniň şahyndan ýasalan ýaýlary, altyn çaýylan sowutlary, gymmatbaha daşlar bilen bezelen galkanlary çykaryp ugradylar. Emma iň ajaýyp sowgat patyşa Assaryň köşgüniň altyndan we kümüşden guýlan nusgasydy. Köşk dört hatar jaýdan ybarat bolup, olaryň biri beýlekisinden kiçidi; her hataryň daşyna sütün aýlanyp, üçegiň deregine eýwan bardy. Ähli girelgeler ýolbarslar ýa-da adam kelleli ganatly öküzlerbilen goralýardy.Basgançagyň iki tarapynda-da elleri sowgatly boýun egdirilen hökümdarlary şekillendirýän heýkeller duran bolsa, köpriniň iki tarapynda hem dürli görnüşdäki atlaryň heýkelleri bardy. Sargon nusganyň bir diwaryny süýşürdi weli, duranlaryň gözleriniň alnynda içi gymmatbaha agaç goşlardan, gap-gaçlardan doly, özleri-de gül pürkülen ýaly arassa otaglar peýda boldy. Beýik tagtda oturan patyşanyň, köşk adamlarynyň, esgerleriň hem-de oňa hormat goýýan keseki ýurtlaryň hökümdarlarynyň şekiljikleri arkaly görkezilen kabul edilýän ýer adamlary has-da haýran galdyrdy. Nusganyň beýikligi-hä bir, uzynlygy-da iki adam boýudy. Assiriýa patyşasynyň diňe şu bir sowgadynyň bahasynyň bir ýüz elli talanta durýandygyny aýtdylar. Gapyrjaklary alyp gitdiler. Hökümdar iki ilçini, olaryň iň golaý adamlaryny dabaraly nahara çagyryp, hemmesine gymmatbaha sowgat etdi. Ramses şol gün şeýle bir myhmansöýer boldy weli, hatda Sargon haremhanadaky aýallaryň biriniň özüne ýarandygyny aýdanda, zenanyň razyçylygyny hem-de ejesiniň rugsadyny aldy-da, ilçä sowgat berdi. Hawa, şa ogly mylakatlydy, sahydy, ýöne şunça bildirmejegem bolsa, keýpi ýokdy. Tutmos: "Ýeri, nähili, patyşa Assaryň köşgi saňa ýaradaymy?“ diýip soran mahaly, Ramses: "Olýakylyp, küli göge sowrulan Ninewiýanyň harabaçylyklarynda maňa has-da owadan bolup görnerdi“ diýip jogap gaýtarypdy. Assiriýalylar saçak başynda agyzlaryna eýelik etdiler: çakyr örän köp-de bolsa, juda az içdiler; gülegen Sargonyňam dodaklary ýeke gezegem açylmady, gözlerini süzüşine, öz pikirine gümra boldy oturdy. Diňe iki žres – haldeý Izdubar bilen müsürli Mentesufis – geljegiň neneň-niçiksi boljagyny öňünden bilmek hem-de onuň üstünden höküm sürmek berlen adamlar hökmünde arkaýyndylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |