17:53 Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy | |
• 7. Ýatlamalaryň ýumagy
Powestler
«Nazar baga halky bilen agyr günde arkalaşyp, onuň derdini, şatlygyny deň paýlaşan beýik bagşydy...» Şamyrat Taganow, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. * * * Kerwen Garagumuň jümmüşi bilen gadymy Hywa tarap mytdyldap barýar. Goja bagşy yssa kän bir çydanok. Ony kä Nazaryň Durdy bagşynyň beren bedew atyna, kä üsti ýeňilräk ýükli arwana, kä eşege mündirselerem, yssyda tiz ýadap, kän bir özüni alyp bilenok. Mazaly, Hywa argyşa barýan kerweniň ýüki kän bir agyr däl. Kerwene goşulanlaryň hemmesine ulag ýeterlik. Ýol saklap, «pylanynjy gün gelseler gerek» diýip oturan gumlular, gelip Sapar halypadan toýlaryny sowup bermegi towakga edýärdiler. Goja bagşy başyny ýaýkap: – Ine, meniň halym-a, meni gepletmäň-de, özüňiz düşüniberiň. Siz rugsady, baryň şol ýaş oglandan soraň – diýýärdi. Nazar indi ýola düşenleri bäri üç toýy sowup berdi. Öten agşam tutuş gijeläp aýdym aýdylansoň, halypanyň haly ýene beterleşdi. Onsoň bu agyr ýollarda bir bolmasyz işiň bolaýmagyndan gorkan ýolagçylar daň bilen ýola düşdüler. Indi, Hywa çenli bäş-alty günlük ýol galypdy. Nazar bu gün ulaga münmedi. Öz atyna hem göwni açylsyn, hem ýumşagrak gitsyn diýip, halypasyny mündirdi. Howa ir bilen ýanyp başlady. Çäge salkyndy. Ýöne ýene sähel salymdan bu buz ýaly çägä-de ýakyp-ýandyryp barýan Günüň höküminiň ýöretjegi ikuçly däldi. Nazar oýa batdy. Ol bu «gaýra» diýilýän ýeriň kalbynda galan täsirinden çykyp bilmän barýardy. Bu illeriň daglaryny diýjekmi, şagadamlylaryň «derýa» diýýän umman bolup ýatan suwuny diýjekmi?! Ýa-da her aýdymy bir dünýä bolup duran, her aýdymynyň sazyny mukam edip çalybermeli Sary bagşynyň özi bir älem ahyryn. Täçmämmet halypanyň çalan mukamlaryny nämä deňejek?! Çowdur bagşynyň «Eý, bo-oý» diýip gygyrmasynyň özi şu illere pyýada gelip, ýekeje sapar diňläp gideniňe degýe. Durdy bagşynyň damana aýdymlaryny ýatlanyňda gözleriň ýaşy kepänog-a...» Nazar Sary bagşynyň «bokurdagyňy ýumşat ogul» diýip zynharlamasyny, Durdy bagşynyň «Nazar jan, aýdymlaryňa ýüregiň teýindäki bal-şekerlerdenem goşup, çig gaýmak bilen ýugrubergin» diýmesi, Çowdur bagşynyň «Nazar jan, toýa gel, şonda men saňa bir tär öwredeýin» diýip galmasy, onyň depesini gök diredýärdi. «. . Ol adamlar il-günüň ýetip bilmeýän belent kişileri ahyryn...Olaryň halkyň içindäki abraýy dagy nähili?!.» Emma Nazary tolgundyran iki ýagdaý hiç haçan ýaş ýigidiň paýhasyndan gitmes ýaly boldy. Ol Çary çepbe halypalarda myhman bolup, aýdym aýdanda Magtymguly diýen ýetginjek bilen tanyşdy. Ol şol deň-duşrak oglanda birhili özüni gördi. Ol oglanjyk aýdym bolsun, saz bolsun, edil gözleri bilen ýuwutjak bolup durdy. Onuň üstesine-de, adamçylygy şeýle gowy eken. Eger-de Nazaryň erki elinde bolsady, her näçe uzakdanam bolsa, her näçe ara daş bolsa-da, ine, şolar ýaly oglan bilen dostluk açardy. Nazar dagy gaýtjak bolanda-da, Magtymguly:»Nesip bolsa, ýene geleweriň» –diýip gözlerini balkyldadyp galdy. Onuň şol gözleri Nazaryň ýüreginde gady. Hakykatdanam, Nazar bu ýollary soň-soňlaram birküç gaýta terslin-oňlyn sökjegini, Magtymgulynyň ýanyna salama barjagyny häzir bilenokdy. Şonuň üçin bu eziz bradaryndan ömür-baky aýrylmagyň häzirki agyr duýgulary, Nazaryň ýüregine ot bolup basylýardy. Nazary tolgundyrýan ikinji bir ýagdaý hem bardy. Tejeniň aýagyndaky bir obada ikinji toýy sowan gijeleriniň ertiri, ol säher bilen atyny suwa ýakmak üçin, uýanyndan berk tutup, guýynyň başyna ugrady. Oba süýji ukuda ýatyrdy. Agşam Nazar iň çeküwli aýdymlaryny Sary bagşynyň. Durdy bagşynyň janyndan syzdyryp aýdan nesihatlary bile iýşip, darap şeýle bir aýtdy welin, şägirdiniň sesiniň gaýmaga dönüp gidenine Sapar halypanyň özem ýaş bagşy aýdymyny paýawlaýança, haýranlar galdy oturdy. Märeke ýaňy, daň saz berende ördi. Emma Nazaryň gözüne uky gelmedi. Tomusyň başynda edil gaýmak ýaly gum säheri ýaş oglanyň süňňüne birhilije ýeňillik çaýýardy. Nazaryň göwnüne bolmasa, içindäki bela-beterem, ýaş ýigit aýdymy köp aýtdygyça, birhili, ýumşap, rahatlanýan ýalydy. Nazar daňdanyň ümüş-tamşyna duwlanyp, guýa barýarka, ol guýynyň başynda bir gyzyl-çyzylyň guýa egilip duran ýalylygyny gördi. Onuň syçrap duran sarç atam üýtgeşik hokurgandy. Nazar guýa ýetip barýarka, bir gyzyň aljyrap gowany ýene guýa gaçyranyny gördi. Töwerekde adam-gara ýok. Nazar barşyna atynyň boýun tanapyny guýynyň gyra agajyny baglady-da, guýynyň çarhyna el uzatdy. Gyz del adamdan çekindimi, ýa-da ejap etdimi, aňyrsyna bakyp, gyra çekilip duruberdi. Nazar çarhy dogumly aýlap, suwdan doly gowany çekip çykardy-da, gyza ýüzlendi. – Küýzeleriňizi bäri tutuň! Ol gyz çep eliniň kiçijik aýasy bilen ýüzüniň bir gapdalyny ýapyp, sag eli bilen ilki dört örüm saçyny gysymlady-da, çep goltugyna gyssyryp, soň gapdalda duran küýzeleriniň birini Nazaryň öňünde goýdy. Nazar suwuň tenekar ysyna hokurganyp duran atynyň suwdan doly gowa ýertip barýan kellesini tirsegi bilen bir gapdala sowdy-da, egilip, küýzeleriň birini, soň beýlekisini doldurdy. Gyz: – Taňry ýalkasyn – diýdi-de aňyrrak çekilip, soň bärisine garady. – Wiý, sen agşamky aýdym aýdan gaýraly bagş-a dälsiň? Nazar içinde ep-esli suw galan gowany atynyň agzyna tutup durşuna: – Men şol. Agşam senem bagşy aýdýan ýerde bamydyň?! – diýdi. Gyz dogjak-dogjak bolup duran Günüň şuglasydegen näzil ýaňagyny aýasy bilen sypalap goýberdi-de, töweregine uýaljaň garady. – Seniň aýdymlaňňy diňlemek üçin toý jaýa barmak hökman däl-ä. Sen aýdym aýdanyňda, biziň bu obamyza däl, gaýraky «Ak alaň», «Jylaw» obalalam öýünde oturyp, hezil edip aýdym diňländirler. Gyz näzik zülplerini düzetdi-de, Nazara garady. – Gowy atyň bar eken. Ony indi haçan suwa ýakmaga getirjek. Naza aljyrady. – Aý doganda suw içmegi gowy görýär, Gyz suwly guýa tarap gelýän birlän-kilän adamy görüp, küýzelerini ýerden göterdi. Nazar bir zat ýadyndan çykan ýaly: – Adyň bäme?! – diýip pyşyrdady. Gyz yzyna seretmän; – Täzegül! – diýdi. Ýöne Nazara agşam Aý doganda guýynyň başyna gelip, atyny suwa ýakmak nesip etmedi. Ony halypasy bilen gumuň içine, bir oba toýa alyp gitdiler. Olar iki gün geçiribem, ýola düşdüler. Nazar dagy ugrajak bolup durkalar bir oglanjyk atygsap onuň myhman ýerine geldi – Nazar bagşy haýsy biriňiz bolmaly? Oňa Nazary görkezdiler. Oglanjyk onuň ýanyna gelip bir akja düwünçegi onuň eline tutdurdy. – Doganym sowgat bolsun diýip iberdi. Nesip etsin! Nazar ol düwünçegi düýn irden açyp gördi. Düwünçegiň içinde akgaýma tahýa bar eken. Özem, geň galmaly ýeri, tahýa Nazaryň başyna şaplaşdy duruberdi... Ilerki «iller» diýilýän ýerlerde Nazaryň oglan dünýäsini dolduran esasy ýatlamalar şulardy. Ol soň-soňlar hem özüniň şu, baldan süýji ýatlamalaryny yzarlap, Ilerki illere telim gaýta gider. Sapar halypanyň kiçijik kowçumy, ýolda gum içinde oturan çarwa illeriniň iki- üç sanysynyň toýuny sowup, güýzüň başynda Akja galanyň gapdaly bilen , Hywa iliniň jana şypa berýän, suwuň, salkynlygyň, eşretli yrsgalyň ysy kükäp duran jülgesine indi. | |
|
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |