13:40 Bagşyñ aýdymy | |
BAGŞYŇ AÝDYMY
Goşgular
Il-günüm bar, Aýym-Günüm dogup dur, Aýdymmyň aşygam köpelýär barha. Heý, meniň kalbymda galarmy arman, Janym sagka Hem-de şu zatlar barka. Men muňa müň gezek şükür edýärin, Ylhammyň gözbaşam buýsançdyr, belki. Bu güýjüm, joşgunym, golum, bogazym, Bilýänsiň, il-günüm, Bary seniňki. Şatlygym seniňki, gaýgym seniňki, SeŇkidir saz bilen urýan ýüregim. Senden jinnek ýaljak zat gizlän bolsam, Haram bolsun iýen duzum-çöregim. Haram bolsun senden alan alkyşlam, Kärimden el üzmäge-de taýyn men. Günäm barmy? gaýgyrma-da, buýruk ber, Iň bir agyr jezaňa-da kaýyl men. Çekerin, ählisin götär gerdenim, Aýan etseň bes günämiň hakdygyn. Ýöne sen meň bilen deň bolmagyn-da, Şonda-da bir zatdan gorap saklagyn. Ak bilen garanyň parhyn duýmaýan Nadan golaýyma aýak basmasyn. Dünýäni bäş şaýa çalyşýan dellal Meniň sungatyma baha kesmesin. Goragyn şolardan... Eger-de birden Şeýle jezaly gün gelse golaýa. ...Gowsy, bogazyma guýgun gurşuny, Hem döndergin meni Hajygolaga. ■ ÖDENÝAZ NOBATOW AÝDYM AÝDANDA Ödenýaz Nobatow aýdym aýdanda, Göräýmäge hiç zat bolmaýan ýaly. Hakykatda welin agyr märekäň Bir ýere jemlenip arzuw-hyýaly, Bir göwrä öwrülýär. Ol göwre kem-kem Gudratly aýdymdan alyp dur ylham. Ödenýaz Nobatow aýdym aýdanda, Süňňümiz ýeňleýär batsak-da dere. Käte bürgüt bolup daglara çykýas. Käte-de sil bolup eňýäs biz ýere Soňra bolsa böwet bolup sile biz, Topraga suw, bagt gözleýäs ile biz. Ödenýaz Nobatow aýdym aýdanda, Özlerne ýol ýasap gülden-çiçekden, Uzuklar gopuzyn çalýar-da gelýär, Arzygüller gülüp düşýär üçekden, Ýigitler gerdenne goýsa «yşk dagyn», Gojalar unudýar sakgalnyň agyn. Ödenýaz Nobatow aýdym aýdanda, Gül örtýär Pendiniň belendin-pesin. Şol gül örten sähra bir adam gelýär. Baş atyp, makullap bagşynyň sesin, Tanap, oňa hormat baryn goýýarlar, «Nobat bagşy dirilipdir» diýýärler. Ödenýaz Nobatow aýdym aýdanda Duşýan gudratlarma san ýetmez, belkäm, Özüniň geçmişi, geljegi bilen Galýar ör-boýuna mähriban ülkäm, Hasam görke gelýär şahyr beýdinde. Ödenýaz Nobatow aýdym aýdanda. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |