00:52 Bagtyň syry | |
BAGTYÑ SYRY
Hekaýalar
Bir söwdagär bagtyň syryny bilmek üçin ogluny akyldaryň ýanyna ýollapdyr. Ýigdekçe çöllük ýerden kyrk gün ýöräp, ahyry dagyň depesindäki ajaýyp köşge baryp ýetipdir. Emma onuň dana kişi bilen asuda ýerde, imisalalykda duşuşmak tamasy çykman, gaýtam şowhun-şagalaňyň möwç urýan jaýyna düşüpdir: bu ýerde täjirler girip-çykyp, adamlar özara gürleşip ýören eken, burçda üstünde şol jelegaýlaryň aňrybaş tagamlary goýlan stol bolup, birneme uzagrakda kiçeňräk sazandalar topary şirin mukamlary çalýar eken. Akyldar her jüre adamlar bilen gürleşip oturansoň, ýigdekçe nobaty gelýänçä, iki sagada golaý garaşmaly bolupdyr. Dana ýigdekçäniň öz ýanyna gelmeginiň sebäpleri baradaky düşündirişlerini dykgat bilen diňläpdir-de, oňa bagtyň syryny açmak üçin wagtynyň ýokdugyny aýdyp, köşgüň içinde gezim edip, iki sagatdan soň gaýtadan dolanyp gelmegi maslahat berýär. Akyldar kiçijik çemçejigiň içine iki damja ýag damdyryp, ýigdekçä uzadýar-da, sözüniň üstüni ýetirip, şeýle diýýär: - Her niçik-de bolsa, men bir zady haýyş etjek. Köşkde gezim edip ýörkäň, içindäki ýag döküläýmez ýaly, hemişe şu çemçejigi eliňde sakla. Ýetginjek tagzym etýär-de, çemçejikden gözüni aýyrma, köşgüň dälizlerine hem geçelgelerine aýlanýar. Dogry iki sagatdanam akyldaryň ýanyna dolanyp gelýär. - Hawa, nähili - diýip, akyldar ondan soraýar. - Sen meniň naharhanamdaky pars halylaryny gördüňmi? Sen on ýylyň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen ajaýyp seýilgähleri synladyňmy? Sen kitaphanamdaky gadymy golýazmalara üns berdiňmi? Ýetginjek aljyrap, hiç zady görmändigini boýun alýar. Onuň bar aladasy akyldaryň ynanyp beren iki damja ýagyny dökmän-saçman getirmek bolupdyr. Akyldar: - Onda näme yzyňa dolan-da, mülkümdäki ajaýyplyklar bilen tanyş. Ýaşaýan öýi bilen tanyşmadyk adama bil baglap bolmaz ahyryn - diýipdir. Ýetginjek çemçejigi alýar-da, ýene köşgüň içine gezelenje ugraýar. Bu sapar ol daşary ýurtlardan getirilen geň- enaýy zatlary, elinden dür dökülýän ussatlaryň ýerine ýetiren suratlaryny hem-de reňkli aýnadan edilen nagyşlary synlap çykýar. Ol daglar bilen gurşalan baglary hem iňňän näzik gülleri görýär, her bir sungat eseriniň juda inçelik bilen hut gerek ýerinde goýlandygyna haýran galýar. Akyldaryň ýanyna dolanyp gelensoň, ýetginjek gören zatlaryny uly şatlyk bilen birin-birin beýan edýär. - Meniň saňa ynanyp beren iki damja ýagym hany? - diýip, pähimdar ondan soraýar. Ýetginjek çemçejige nazary düşenden, bar ýagyň dökülendigine göz ýetirýär. - Ynha, şunuň özi meniň saňa berjek ýeke-täk nesihatym: bagtyň açary çemçäňdäki iki damja ýagy hiç haçan gözden salman, jahanyň ähli täsinliklerini synlamakdyr. Oşo, hindi akyldary. | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||