10:43 Bahar | |
BAHAR
Goşgular
Perdesini syrdy garry mamalar, Penjireden girdi ýazyň şemaly. Müşki-anbar ysy geldi baharyň, Ajap keşbe saldy eziz diýary. Bilbilleň owazy göterip göwnüň, Gursaklarda täze söýgi döredi. Ýagyş ýagýar hiç yzyny üzenok, Tümmek-tümmek keseklerem eredi. Gyzyň demi deýin gyzgyn damjalar, Döküldi zemine yzyny üzmän, Gara saçy timarlady ýel-ýagmyr, Örülen saçlaryň gatyny bozman. Kiçijik ýaplardan şirläp suw akýar, Owaz goşup bilbilleriň sazyna. Belentde käkiik görnüşi synlap, Sesin goşýar säheriň şemalyna. Çigildemler böwsüp çykdy äleme, Ýaşyl koýnek geýip uzyn derekler. Tämizlendi üçekleriň aşagy, Arly gyşda aýrylmadyk kerepler. Şemal täzelendi türkmen ilinde, Ýagyşly-ýagmyrly bahar- ýaz geldi. Parahatlyk, asudalyk bagş edip, Bitarap ýurduma gülli ýaz geldi. Amansähet ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Täzeçe tuýuglar / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ol gözler... / Goşgular - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |