16:42 Bahar wyşka barýar | |
BAHAR WYŞKA BARÝAR
Goşgular
I Wyşkalardan selçeñ tokaý örüpdir, Aýby näme, bolsa bolsun ýalañaç. Kim sygryñ şahynda ýaprak görüpdir? Süýdüni sag, gaýmagyn iý, çalyn iç. Ýer astyndan joşup şeýle bir gudrat, Ammarlary doldurşyna bir seret. Çölleri öwürýär gözel şähere, Hojalygyñ synmaz kesgit ýaragy.... Äpet wyşka has mähirli Bahara, Göwnüñe bolmasa gögüñ diregi. Ne gözel ol, gözel gyzyñ gözüne, Owsun atyp çekýär ony özüne! Onuñ asyl gurluşy-da owadan, Bahar üçin şonda alabahar bar. Şol dälmidi alyp gelen obadan?ㅡ Bahar üçin onda gizlin göwher bar. Şonuñ erki bir ýigidiñ elinde, Şol ýigidiñ ady onuñ dilinde. Golunda düwünçek, barýar sallanyp, Zülpüni daraýar Gumdagyñ ýazy. Ýuka köneginden göwsi ýellenip, Eşdilýär azajyk aýdym owazy. Bilmesem-de kime ümzük atýanyn, Eşitdim men kimiñ adyn tutýanyn. Ýüzünde bark urup bagtyñ güneşi, Gözlerinde guwanç guşy oýnaýar. Dodaklar ýyrşaryp, akjaryp dişi, Bütin görnüşinde durmuş gaýnaýar. Ýaýly ýaly aýaklarnyñ aşagy... Eýsem kimkä gözel gyzyñ aşygy? II Buraw ryçagyny tutýan ýigidiñ Düşbi gözi bakýar indikatora. El-aýagnyñ işleşine äñediñ, Endigan hereket berýär rotara. Ýeriñ göbegine buraw urýarka, Çuññur ýer astynda näme görýärkä? Belki, onuñ tejribeli göreji Saýgarýandyr sypjyk, altyn balygy? Belki, ýer astynyñ gyñyr kör güýji Gobsunýandyr, gabanyp şol baýlygy? Belki, häzir gyzgyn söweş gurýandyr, Gaz a£darnyñ temegine urýandyr? Dynuwy ýok, durary ýok hiç haçan, Öñde goýan maksadyna ýetýänçä. Gatlaklaryñ hilin bilýär aç-açan, Daýanmaz ol gañryp badak atýança... Aýtjany gör, işleşine göz aýla: Ussasynyñ beren tälimi şeýle! Goý, naýza sanjylsyn ýeriñ garnyna, Nalaç bolup galsyn jabjynýan gazy... Ýakymly ys urýar onuñ burnuna, Hoş ýakýar motoryñ gürs-gürs owazy. Buraw çalym edýär aýdyma-saza, Nebit çapgyn gyşy aýlandyr ýaza. III Aýtjan kultbutkada çilim çekýärdi, Azatdy ol gaýgy-gamyñ baryndan. Öz ýanyndan bolsadyny ekýärdi... Birdenkä-de tarsa galdy ýerinden. Iññe dürtüldimi, içýan çakdymy? Ýa bir ýerin çilim ody ýakdymy? Papiros zyñyldy suwly çelege... Göýä añly däl ýalydy reje...ㅡ Näzli ses eşdilip üşük gulaga, Göreji sataşdy gülýän göreje. Gozgalaña salan ony Bahardy... Düwünçegindäki guşluk nahardy. Stoljuk ütüne ýaglyk ýaýranda, Bark urdy gatlaklyñ ýagjymak ysy. Hal-ahwalyn sorap, Bahar saýranda, Iýmite bal gatdy mähriban sesi. Lezzet bardy süýji bişen naharda. Lezzetiñ maýasy ㅡ solmaz Baharda. Näzli garaş, şirin sözli ýaşlaryñ Ýürekleri bir-birine aýandy. Söýgi bilen humarlanan başlaryñ Maksat, niýetleri bir jan, bir tendi. Hajat ýokdy aýratyn söz aýtmaga... Bahar taýynlandy turup gaýtmaga. IV Bahar ''Men-ä gidýän'' diýip aýdanda, Rotar aýlanýardy dynman asuda. Ikirjiñläp, durup-durup gaýdanda, Ýerden çykýan mäjum akýardy suwda. Palta ýeriñ gatlagyny gyrýardy.... Bahar kem-kem uzaklaşyp barýardy. Göz öñünde hatarlanýardy diñler, Maşyn, traktorlar hereketdedi. Gumdagda barmydy şeýle zat öñler?.. Döwrüñ bagtly döwre gadyr goýýardy: ''Seni döredene şöhrat!'' diýýärdi. 1954 Berdi KERBABAÝEW | |
|
√ Gözeller şasy / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Eneme / Goşgular - 04.12.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |