23:39 Bahyl biri... | |
BAHYL BIRI...
Goşgular
Bahyl adamlary tanamak kynmy?! - Sana—diýdi biri, sanap başladym. Bir, iki, üç... on, ýigrimi, soň otuz... Ahyr ýadap, bu pişämi taşladym. Hiç haçanam az bolmandyr bahyllar, Gynanaňda bolýar gynanan kişi. Soň başga bir ýerde üstüne goşup, Gybatyňy edýär atyp etmişi. Bahyllar hiç haçan az bolan däldir, Bedewiň jylawy elinde ýaly. Eger-de şolaryň erkinde bolsa, Bilip bilmäň niçik bolar hyýaly? Keýpi gaçar görüp bazarda seni, Gözi onuň satyn alan zadyňda. Begenmez bagyňda elwan güllere, Geçip gider, “armasy“ ýok ýadaňda. Iki dostuň gülküsine aşyk men, Onuň weli ýalyn geçýär içinden. Beýle-de bir adam bolar oguşýan, Habar berýär Hüňkar şanyň öjünden. Ol bahyl dünýäniň barça zadyna, Ediminde, gylymynda çep gördüm. Goý, bahyl diýseler diýsinler maňa, Menem oňa bu dünýäni köp gördüm. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||