08:17 Baky ot | |
BAKY OT
Edebi makalalar
Oýlanyp otursaň dinler köplenç ýaşaýyş jaý üçin zerur zatlaryň kultuny döredipdirler. Bu oýlanşykly edilen çäre, pragmatik nukdaýnazardan çemeleşilse-de nusga alarlyk iş. Haýwanlaryň, ösümlikleriň, oduň, suwuň, topragyň kultuny hudaý derejesine göterip, ýa-da olary hudaýlaryň kultuna baglap, ekologiýany gorap saklamagyň beýik göreldesini görkezipdirler. Medeni derejesi pes, dünýä garaýyşlary dar adamlary ýönekeý ynanç bilen wagşylykdan daşlaşdyryp bilipdirler. XX asyrda haýran galdyryjy ylmy açyşlar eden adamzadyň wagşylygy artdy, sebäbi ol ilkidurmuş medeniýetine mahsus bolan arassa ynançlaryny unutdy, özünden başga kult bardyr öýdenok. Gara bähbidine sähelçe päsgel boljagyny bilende hudaýyň hem üs-tünden atanak çekmegi öwrendi. Eger adamzat sada, ýönekeýdir öýdülýän ynançlaryna dolanmasa, ýa-da ol ynançlaryň her adama täsir edip biliş ukybyna laýyk ynanç tapmasa, oňa özüni ýok etmek howpy garaşýar diýse-de bolar. Adam oduň beýik kultuny döredipdir, ony hudaýyň belentligine göteripdir, onuň hatyrasyna özüni kemsitmekdenem çekinmändir. Gadymy Eýranda agalyk eden dine zoroastrizm diýdik. Onuň esasy rituallarynyň biri-da otparazlykdyr, oduň belent kultudyr. Adamlar ynsan kalbynyň arassalygyna ölçeg hökmünde oduň arassalygyny alypdyrlar. Jyns artykmaçlyklaryna buýsanan erkekler aýallar babatdaky adalatsyzlygy oda bolan gatnaşyklarynda-da duýdurypdyrlar. Erkekleriň tekepbirligine haýran galaýmaly! Otparazlykda aýallara ruhanylyk derejesi gadagan bolupdyr. Aýallara ody ynanmandyrlar. Olaryň demi ody hapalap biler diýen ynanja eýerilip, ojagyň başynda biş-düş edende aýallara agyzlaryny ýaşmak bilen örtmek buýrulypdyr. Soňra yslam ýaşmagy kabul edip, ony özüçe, ýagny aýallaryň dilini baglamak üçin ulanypdyrlar. Türkmenlerde “ot-öwülýä” diýen düşünje bar. Bu düşünje oda berlen keramatdan gözbaş alyp gaýdýar. Biz ýagşy dileg edenimizde “Ojagyň ody öçmesin!” diýýäris. Ojaklarymyzy dörtburç, ýa-da tegelek, gümmez şekilde ýasaýarys. Bular Asman hem Zemin hudaýlarynyň alamatlary. Diýmek, ojagyň keramaty oduň keramaty bilen bir- leşýär. Olaryň birleşýän ýerindäki esasy orny biz Enelerimize ynanýarys, Enelerimiz-de keramat ýokundysyny alýar! Ot diýlende, ojak diýlende Ene göz öňüne gelýär. Şu sözleri ýazanymda uruşda wepat bolan gerçekleriň hatyrasyna Krasnowodsk şäherinde bina edilen ýadygärlyk hakydama gelýär. Baky oduň gapdalynda matamda duran üç zenan. Gijeler oduň ýalkymy olaryň owadan, gussaly ýüzle- rine düşende, merhumlaryň ruhy bilen eneleriň arasyndaky göze görünmeýän pynhanlyk töwerege äşgär edilýän ýaly bolýar. “Baky ot” diýen düşünje biziň üçin uruşdan soňky ýyllar döredi. Sowet häkimiýeti ugrunda, Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlara ýadygärlikler dikilip, öňünde “baky otlar” ýakyldy. Ody müdümiligiň simwolyna öwürdiler. Näme üçin oduň simwol hökmünde alnandygyny düşündirmediler, bizem biljek bolup azara galyp ýörmedik, döwlet, partiýa edýärmi, diýmek, bilip edýändir diýdik. Sowet häkimiýeti dargap, onuň ideologiýasy aradan aýrylandan soň, birgiden ýerde “baky otlar” öçüp galdy. Biz oňa-da geň galmadyk, sebäbi “baky ot” diýilýäni biziň ynanjymyza öwrülmändi, ol ideologiýanyň hödürlän atributlary ýaly şertli alamatdy. Iň ýamany-da, ideologlar onuň düýp mazmunyny gizläpdirler. Eger Türkmenistanyň taryhy ymykly öwredilen bolsady, biz edil ýaşap ýören territoriamyzda iki müň ýyl ozal “baky otlaryň” ýanandygyny biläýjek ekenik. Parfiýa imperiasynda Nusaý, Asaak şäherleri keramatly ýerlere öwrülipdir, olaryň hramlarynda baky otlaryň ýakylandygy aýdylýar. Imperianyň beýik hökümdary Arşagyň tagta çykmagy bilen bagly dabarada onuň täjine baky oduň ýalkymy düşüpdir. Bu alamat häkimiň hudaý derejesine göterilýändigini äşgär edipdir. Muny Arşak tarapyndan zikge kakylan pullardaky ýazgylaram äşgär edýär, ol ýerde Arşak patyşa hem hudaý diýlipdir. Men ýokarda ilkidurmuş ynançlarynyň netijeliligi hakynda aýtdym. “Baky oduň” köküni-de şol ynançlardan gözlemeli. Şu jähtden “Mif we simwol” kitabyna ýüzleneliň. Ýerastynyň, has gödegräk dilde aýtsak, jähennemiň oduna “aşaky dünýäniň” hudaýynyň keşbi diýip düşünipdirler. Hut şu ynanja görä, ýewreýlerde öleniň öýünde bir hepde dyngysyz ot ýakmak däbi bolupdyr. Şol gadymyýete mahsus ýene bir däp bar: tigiri otlapdyrlar. Ýanýan tigir erkek hudaý bilen aýal hudaýyň barlyşygynyň simwoly hökmünde kabul edilipdir. Erkek hudaý jähennemiň hudaýy, onuň nyşany ot, aýal hudaý asmanyň hudaýy, onuň nyşany tigir. Erkek hudaýda erkekligiň güýji jem- lenen, onuň söýgüsiniň esasy obrazy, alamaty ot. Şu sebäbe-de soňra şahyrana döredijilikde ody söýgüniň, gözelligiň simwolyna öwrüp dirler. Gepiň gerdişine görä aýtsak, gözellige oda mahsus alamat hökmünde garamak gadymy oguzlara-da degişlidir. A.Bekmyradow ”Göroglynyň yzlary” diýen kitabynda Göroglynyň perisi Agaýunusyň ady bilen bagly pikirini beýan edýär: “Şu ýerde şeýle bir çaklamany orta atasymyz gelýär. Gadymy türki dilde ot bilen bagly “ýan” (ýanmak işligi) hem gözel diýmegi aňladýan “us” (häzirki türkmen dilinde “uz”) diýen sözler bolupdyr. Megerem, bu at şu sözlerden emele gelendir. Ilki Ýan+us, soň singarmonizm kadasy boýunça Ýun+us gör nüşine geçendir hem “Ot gözeli” manyny aňladandyr. Eger şeýle bolan bolsa, Agaýunusyň ady oguznama hekaýatyndaky asmandan şöhle bilen düşen gyza-da, eposda özüne asly otdan diýlip berilýän häsiýetlendirmä-de gabat gelýär”. Alymyň bu çaklamasynyň esaslydygyna delil berýän mifler hakyndaky gürrüňimizi dowam etdireliň. Ýerasty hudaýyna bakylyk berlipdir. Bakylygyň nyşany hökmünde hramlarda baky ot ýakmak däbi soňra dürli halklaryň mukaddes dessury bolup galýar. Mifleşdirilen “bakylyk ody” şu ýerden gözbaş alýar. Sowet ideloglarynyň bu dini ynanjy bilendiklerine şübhe etmese bolar, ony halk köpçüliginden gizländiklerine-de şübhe edip bolmaz. Söweşjeň ateizmiň öz ýörelgesi bardy, eger paş edip, ýalana çykaryp bilmejek halatynda dymmak ýoluny saýlap alaýmaly, wessalam! Ýerasty hudaýyň keşbi hökmünde oduň alynmagy-da ýöne ýerden däl. Gadymy adam tebigy hadysalara syn etmegi, olardan netije çykarmagy başarypdyr. Wulkanlar atylanda olaryň demi ot bolup asmana galýar, ýer sarsyp, töwerek lerzana gelýär. Oduň ägirt güýjüni diňe ýer astyndaky gudrat döredip biler. Adamlar şol gudraty ot görnüşinde görýärler. Agşam şapagynda gözýetim al ýalnyň reňkine boýalýar, edil uzakda tokaý ot alan ýaly! Elbetde, düşünjesi çäklije adamlar bu ýagty ýerasty dünýä giriýän gapydan düşýändir öýdüpdirler, gapynyň günbatardadygna ynanypdyrlar. Olar ýarasty hudaýyň ýene bir keşbini ýylanda görüpdirler. Bu ýerde ýalynyň hem ýylanyň hereketinde meňzeşligiň bardygyna ga- ramazdan, esasy tutaryk ýyldyryma degişli. Olar ýyldyrymyň ot görnüşli ýylandygyna şübhe etmändirler, olar ýer astyndaky mekanyndan asmana göterilýär diýipdirler. Neolit zamanynyň miflerini döreden ynançlara görä, Gün ýer astyndan asmana göterlen ot görnüşli aýaldyr. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |