10:26 Balkanlarmy? | |
BALKANLARMY?
Publisistika
Gündogardaky Balkanlaram her hili ähtimallyk bilen tiken üstünde dur. Saraýewo gabawynda zeper ýeten binalar / Fotosurat: Wikipedia Birinji jahan urşy 1914-nji ýylyñ tomsunda Awstriýanyñ ersgersogy Frans Ferdinandyñ we onuñ aýalynyñ Bosniýanyñ Saraýewo şäherinde serb separatistleri tarapyndan öldürilmegi bilen başlady. Yzyndan dört ýyllap bütin dünýäni gaplap alan uruş ody 17 million adamyñ ölümi, 25 million adamyñam ýaralanmagy bilen gutardy. Birnäçe separatist şeýle terakty amala aşyrmak bilen Ýewropanyñ, Russiýanyñ, Türkiýäniñ we bularyñ ýaran ýurtlarynyñ arasyndaky agressiýanyñ oduny tutaşdyrjakdyklaryny ýatdan çykarypdy. Uly güýçleriñ bir topar kimdigi näbelli bandit tarapyndan uruşa iteriljekdigi-de hiç kimiñ aklyna-oýuna gelenokdy, emma bular ar alyşlyklaryñ, ikitaraplaýyn ekspansiýalaryñ we bozulan ylalaşyklaryñ öñüsyrasynda duran Balkan ýurtlarydy. Palestinanyñ döwlet ýolbaşçysy Ýaser Arafat talaplary babatda basyş ediljek bolunanda Ýakyn Gündogary Balkanlara meñzedipdi. Ol şeýle diýerdi: "Bu ýer täze Balkanlar". 90-njy ýyllaryñ başynda Balkan sebitiniñ global çarçuwa şekiline girmän Ýugoslawiýanyñ böleklenmegi bilen gutaran täze partlamalaryñ bolup geçmeginiñ yzyndan bu teoriýasyny hasam köp nygtady. Dünýä ýene bir gezek Balkanlaryñ kalbynda. Uruşyñ nirä çenli giñejekdigini we näçe wagta çekjekdigini hiç kim bilenok. Emma Liwany bilmeýänler üçin Ysraýylyñ bombalan Jadra oblasty günortanyñ merkezi Saýda şäheriniñ goñşusy we ýene haýsam bolsa bir mikroraýonlarynyñ biri ýaly. Uruşyñ örüsi dygysyz giñäp barýar, biz bolsa her gün geçen gündäkisinden has beter "uruş giñäp gidiberjekmikä?" diýip aladalanýarys. Uruş sebitden sebite, howuzdan howuza, Ortaýer deñzinden Gyzyldeñize, Şamdan Bagdada giñäp barýar. Frontlaryñ baryp ýetmedik ýerlerinde-de ýetirýän zyýanlary giñeýär we uruş ody bilen gorkuzýar. Häzire çenli Suweýş kanalyndan düşýän girdeji ýarsyny ýitirdi we bu Netanýahunyñ "Hamasy" ýok etme inisiatiwasy astynda Gazany ýok etmäge synanyşýan uruşy zerarly Müsüriñ çekýän kösençliginiñ diñe bir bölegi. Häzire çenli halkara kartada bolup geçen iñ esasy aýratynlyk Netanýahunyñ "Refah"-a gönükdiren haýbatlaryny ýerine ýetiren ýagdaýynda Müsüriñ "Kemp Dewid" şertnamalaryny bozma haýbaty bilen baglanyşykly syzdyrylanlar boldy. Munuñ manysy Netanýahunyñ şonsuzam inkär edýän we ogul Jorj W.Buşyñ şol wagt Ýaser Arafatyñ Waşingtona etjek resmi saparyny goýbolsun etmegine sebäp bolan Oslo şertnamasy-da dahyllylykda baglaşylan ylalaşyklaryñ bozulyp, sebitiñ 1967-nji ýyldan öñki ýagdaýa gaýdyp barmagy. Gündogardaky Balkanlaram her hili ähtimallyk bilen tiken üstünde dur. Külüñ üstüni we astyny dörjeleýänler uruş islemeýändiklerini aýdyp gygyrýar. Emma bu aslynda gutarandyr öýdýän uruşymyz. Edil Birinji jahan uruşynyñ gutarman Ikinji jahan uruşyna sepleşip gidişi ýaly, indem ikinjisiniñ gutarmandygy aýdylýar. Subutnamasy-da Gaza bilen Ukraina. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 14.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |