14:25 Banan adam | |
BANAN ADAM
Publisistika
Žan-Žak Dessalin (1758-1806)... Fransuz koloniýasy Santa-Domingo (Gaiti) adasyna gul edilip getirildi. Fransuz rewolýusiýasynyň täsiri bilen başlanan kyrk müň adamlyk gullaryň gozgalaňyna gatnaşdy. On iki ýyllap dowam eden göreşiň soňunda fransuz-iňlis kolonialistlerini Santa-Domingodan kowup, 465 müň guly azat edip, 1804-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda garaşsyzlygyny yglan edip, ýurduň araýak dilindäki ady Gaitini saýlap aldy. Dessalin diňe Gaitidäki däl, eýsem bütin garaýagyzlaryň azatlygy ugrunda göreşmek isleýärdi. Emma: Şol döwür dünýä boýunça şekeriň we kofäniň kyrk göterimini öndürýän bu bereketli ýerleri kolonialistler gullaryň ygtyýaryna aňsat-aňsat bererli däldiler. Ol baý fransuz kolonialistiň ogly Aleksandr Sabes Petionyň ýolbaşçylygynda başlan topalaňda wepat boldy... 2020-nji ýylyň 17-nji oktýabry... Gaitiniň döwlet ýolbaşçysy Žowenel Moiz 215 ýyldan soň ilkinji gezek geçrilen dabarada Dessaliniň adyny ýatlady we “Onuň gaýduwsyzlygy hemmämize nusga bolmalydyr” diýdi. We 2021-nji ýylyň 7-nji iýuly... Ýigrimi altysy kolumbiýaly, ikisi gaitili hakynatutma harby topar ýurduň paýtagty Port-o-Prensdäki öýünde prezident Moizi bir gözüni oýup on iki ýerinden atyp öldürdi... Ilatynyň 59 göterimi garyplykda ýaşaýan Gaitiniň Prezidenti Mouz nämüçin öldürildi? • LAKAMYŇ SEBÄBI Žowenel Moiz 1968-nji ýylda dünýä inipdi... Kanada-gaiti kolležinde okady. 1996-njy ýylda bile okan ýoldaşy Martin Mariýa Etienn Žozefe öýlendi. Ikisem idealist garaýyşdady. Tozap ýatan boş ýerleri özleşdirmek üçin paýtagty terk etdiler we Atlantikanyň kenaryndaky Port-Paikse ýerleşdiler. Port-Paiks şäheri öňden bäri banan eksport edýän ýerdi we ýaş çatynjalar muny öňküdenem ösdürmek isleýärdiler. Moiz ujypsyzja maýasy bilen Port Paiksde “Jomar Auto Parts” ady bilen ilkinji işini ýola goýdy. Daşarky bazara niýetlenen organiki banan önümçiligini ösdürmek üçin ekerançylyk maksatnamasyny işläp düzdi. ABŞ-nyň “Culligan Water” suw arassalaýjy şereketi bilen bilelikde agzy suw zawodyny gurdy. Telekeçiler bilen güýç birikdirip 2 müň 500 gektarlyk ýerde banan ýetişdirip, ilki Germaniýa, soňra bütin dünýä ýurtlaryna banan satmaga başlady. “Banan adam” (“Neg Bannann”) lakamyny aldy... Söwda pudagyndaky gazanan üstünlikleri syýasata girme tekliplerini getirdi. Ol kompozitor Mişel Žozef Martelliniň 2012-nji ýylda guran merkezi TET sagçy partiýasyna (PHTK) goşuldy. 2015-nji ýylda partiýasyndan prezidentlige dalaşgärligini görkezdi. Birinji tapgyrda sesleriň alty göterimini aldy. “Saýlaw hileli” diýip müňlerçe adam köçä döküldi. 2016-njy ýylda gaýtadan geçirilen saýlawyň birinji tapgyrynda sesleriň 55.6 göterimini alyp, Moiz üstün çykdy. On dört aýa çeken kynçylykly saýlaw müddetinden geçip, 2017-nji ýylda wezipesine girişen Moiz, bu gijikme müddetini-de jemi wezipe möhletine goşmak bilen tä 2022-nji ýyla çenli wezipesinde oturmagyň gerekdigini öňe sürdi. Oppozision partiýalar muňa garşy çykdylar we onuň işiniň 2021-nji ýylyň fewralynda tamamlanýandygyny aýtdylar. Ýurtda bu çekişmeler gidip durka, döwlet agdarlyşygyna meňzeş haos dowam edip ýörkä-de Moiziň janyna kast edildi. • MAFIÝA DÜZGÜNI Teraktyň bolan wagtyndan bäri bir hepde geçdi... Soragymy gaýtalaýaryn: Moizi kim öldürdi? Şübhelänýän hökmünde habar beriş serişdelerinde Gaitiniň Kanadadaky ilçihanasynyň öňki goragçysy, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýaty Jeýms Solagesiň hem-de ýene bir amerikan raýaty Žozef Winsentiň ady geçdi... A kim öldürtdi? ABŞ-nyň Florida ştatynda ýaşaýan 63 ýaşly pop Kristian Emmanuel Sanonyň ady terakty gurnan hökmünde agzaldy... Häzirden belli, bu, megerem halkara derejesindäki ganly iş... Gaitide syýasy-ykdysady krizisiň geriminiň barha artýan döwründe ýurt banditçilikli toparlaryň çaknyşyk sahnasyna öwrüldi. Diňe şu ýylyň özünde 278 gaitili şeýle çaknyşyklarda öldürildi. (Banditçilikli toparyň lideri Arnel Žozef türmeden gaçanda 25 adam öldi!) Şuňa ünsüňizi çekmek isleýärin: Geçen aý mafiýa boýunça seljermeleri geçiren gollandiýaly ezber žurnalist Peter R. de Wriesiň janyna kast edildi. Dünýäniň çar künjünde şuňa meňzeş jenaýatlar ýygy-ýygydan bolmaga başlady. Guramaçylykly jenaýatçy toparlar soňky wagtlar ýurdumyzda (russiýaly Röwşen Janiýewden azerbaýjanly Nadir Salifowa çenli) şuňa meňzeş jenaýatlary etdi. Alyň, size global bazar! Işiň özeni şu: Ykdysady sistema çökende konstitusion tertibiň-hukuk döwletiniň ýerini mafiýa düzgüniniň kanunlary eýeleýär! Döwlet, mafiýa, söwda eriş-argaç bolup biri-biriniň içinden geçýär. (Muny Sedat Pekeriň çykyşlaryndan özüňizem görýänsiňiz...) Neoliberal çöküşligiň döreden durnuksyzlygynyň teraktlaryň sanyny köpeltjekdigini çaklamak kyn däl. Çünki eden-etdiligi ulaldan “humarhana ykdysadyýeti” yzynda hukuk-adalaty däl-de, sapançadan çykan gülle goýdy... Gul eýeçilik režimini ýykmak aňsat däl, kapitalist kolonialçylyk dowamly “reňkini” üýtgedip durýar! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.07.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |