«Baryň aýdyň sallançagmy üwräne...»
Gysymyňda eneň ýüregini gysyp, ýolda-beýleki-de barýarkaň büdreseň, «Bir ýeriňi agyrdan dälsiň-dä, köşegim!» diýen ene ýüregine haýran galaýmaly. Janyndan jan beren, ganyndan kemala getiren perzendi üçin ene ýüregi hemişe kökenek. Onuň ýüregine taý geljek ýürek, megerem, dünýäde ýokdur. «Enäniň ýüregi ogulda-gyzda, ogul-gyzyň ýüregi dag bilen düzde» diýilýändigini eşiden bolsaňyz gerek. Her gezek şu hakykaty ýatlanymda, ony asla boýun alasym gelmeýärdi, eje! Ýöne ol barypýatan hakykatdy. Käte-käte iş-alada bilen seniň barlygyňy unudamda, ene ýüregiň syzgyrlygy bilen «Barmysyň, oglum! Hernä bir ýeriňi agyrdan dälsiň-dä, köşegim!» diýen zarynlaýjy sesiňi eşidip, ýüregim gyýym-gyýym boluberýär. Wah, biz bardyrys-la, ýöne käte siziň «barlygyňyzy» unudýanymyz üçin ötünç soraýaryn, eje!
Eger-de hiç bir söz diliňe gelmedik çagy, ýene-de şol söz dadyňa ýetişýär: «Eje» diýýärin. Eger-de kynçylyga uçrap, durmuşda ejizlejek bolanymda, ýene-de «Eje» diýýärin. Seniň adyň hem edil özüň ýaly halasgär eken-ä!
«Eje» diýen söz her bir janly-jandaryň dilinde eziz ýaňlanýar. Olaryň hem bu sözi öz dillerinde özüçe aýdyşy, ýürek söýgüsini siňdirişi bar. Ine, ýaňy ýumurtgadan çykan etene jüýjeleriň ene guşa tarap boýunlaryny süýndürip, inçejik sesi bilen edýän jürk-jürki,.. sakar owlagyň öz enesini görende, oňa bakyp naşyja mäleýşi,.. öz enesiniň yzyndan galman, onuň yzyndan seteran düzülen ördek çagalarynyň ýogyn gark-garky,.. — ählisi «eje» sözüni gaýtalaýar. Diýmek, ol söz dünýäniň gulagyna, süňňüne mäkäm ornaşan söz. Siz hem dünýä,.. dünýä hem siz. Dünýe dursa, siziň adyňyz hem baky ýaşar. Siz dünýäniň sowulmajak bahary dälmi?! Eýsem, bu kükräp gelen ýazlaryň size meňzedilmesi hem ýöne ýerden däl-ä, eje. Şeýle dälmi?! Bu ýazlaryň, owadan sözleriň ählisi size kybapdyr, käbeler!
Bu mähriban sözleri dag-daşlara çykyp, gygyryp gördüm. Daglar hem «eje» diýdi.
«Dünýäniň görki nä, aýdyp bersene?» diýip, şahyra ýüzlendim, ol hem «eje» diýdi.
Ýaňy dil çykaran çagadan öwrenen ilkinji sözi barada soradym, ol hem «eje» diýdi.
Ýaşy durugşan, saç-sakgaly agaran bir ýaşulynyň hem pyşyrdap, «heý-eý, ejem jan» diýenini eşitdim.
Goja dünýäniň hem dili bolan bolsady, ol hem şol sözi gaýtalardy. Ine, hiç bir söz aýdylmaga rugsat edilmedik wagtynda ynsan diliniň sözleýän sözi: «Heý, eje jan, sen bolsaň bolmaýarmy? Sen barkaň, dünýe hezildi». Hawa, ejeli günler hemişe gyzykly hem süýji.
Kämahal şeýle bir ýüregim gysýa,
Sygamok men, şu dargursak göwräme.
Bu göwün garypdyr, ejizdir ýürek,
Baryň aýdyň sallançagmy üwräne!
ýa-da
Birdenem ol «eje» diýip gygyrdy,
Jany aram tapdy giňän gursakda.
Iň kyn pursatyňda “eje” diýilýär,
Diýilýär ol ýekeje söz diýmäge
Hatda rugsat berilmeýän pursatda...
— diýen şahyr ýüreginiň öňünde başym gurban.
Şeýle nakyly döreden hem, megerem, ynsan ýüregi bolsa gerek: «Aglasa, enem aglar, galany ýalan aglar» ýa-da «Lalyň diline enesi düşüner». Käte derdiňi aýtmakdan dilleriň «lal» açanda, ähli derdiňi, azaryňy gözleriňden syzýanam, oňa ýürekden aglaýanam enelerdir. Alyslarda ýa-da ýakynda bol, eneň göwräňe salan ýüregi mydama ene ýüreginiň şo-ol gaýtalaýan sözlerini gaýtalap, seni köşeşdirip oturandyr: «Bir ýeriňi agyrdan dälsiň-dä, köşegim!»...
Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Hekaýalar