08:54 Baş alyp çykabilmedim | |
BAŞ ALYP ÇYKABILMEDIM
Publisistika
Wagty: 2017-nji ýylyñ 29-njy apreli. Ýeri: Stambul-Maslak. "GEM TV" mediýa topary "Ajaýyp asyr" ("Muhteşem Yüzyıl"), "Garadaýy" ("Karadayı"), "Ýaprak dökümi" ("Yaprak Dökümü") ýaly türk teleseriallaryny görkezme hukugyny satyn alyp, Ýakyn Gündogaryñ arap ýurtlarynda ýaýlyma berýän şereket... Eýesi-de asly eýranly iñlis raýaty 45 ýaşly Said Karimýandy... Karimýan kuweýtli şärikdeşi 46 ýaşly Muhammet Mer-al Mutairi bilen agşamara ofisinden çykyp, "Mersedes" awtoulagynda Aýazaga köçesiniñ ugry bilen barýarka, duýdansyz ýagdaýda öñüni ak reñkli "Jeep" awtoulagy kesdi... "Jeep"-iñ öñki we yzky gapysyndan iki sany gara ýapynja bürenen adam çykdy... Olar Karimýanyñ oturan awtoulagyna golaýlaşyp, ot açmaga başladylar... On üç ýerinden ok giren Karimýan wakanyñ bolan ýerinde, dört ýerinden ok giren Mutairi hassahanada jan berdi... Wakadan birküç sagat soñ ak "Jeep" ýanan halda tapyldy... Jenaýaty kim, näme üçin etdi? Bir çaklama görä... Eýran döwletini Karimýanyñ telegepleşikleri ynjalykdan gaçyrýardy. Onuñ Tährandaky ofisine-de polisiýa dökülipdi. Tährandaky sudlaryñ biri Karimýany gaýybana sud edip, ony antipropoganda geçirmekde aýyplap, alty aý türme tussaglygyny beripdi. Sürgündäki eýranly oppozisiýasynyñ pikirine görä, “Karimýany Eýranyñ "Rewolýusion gwardiýasy" öldürdi!” Hakykat nämedi? Ýene bir jenaýaty gürrüñ bereýin... • IKI KILLER DOGAN Wagty: 2019-njy ýylyñ 14-nji noýabry. Ýeri: Stambul-Şişli Esentepe. Masoud Molawi Wardanjani ýañy otuz üç ýaşyna gadam basypdy. Eýranyñ gelejegine bil baglanýan zehinli ýaşlarynyñ biridi. Eýranyñ Goranmak ministrliginiñ Kiber gorag müdirliginiñ ştabynda işleýärdi. Ol uçarmansyz istrebitelleriñ kiber tehnologiýasynyñ üstünde işleýärdi... Birdenem... 2018-nji ýylyñ martynda Stambula gaçdy. "Telegram" habarlaşma platformasyndaky “Black Box” wideokanalynda eýran režimi hakynda gepleşikler bermäge başlady. Mysal üçin: “Gäbazan mafiýa serkerdeleriniñ köküni gazjakdyryn. Doga ediñ, men bu işi etmänkäm, olar meni öldürmesin.” Bu sözlerden üç aý üç gün geçensoñ... Öýden kän daşyna çykmaýan Wardanjani Stambula gelende tanşan adamy Aly Esfanjanynyñ teklibi bilen gezim etmäge çykdy... Wardanjana golaýlaşan näbelli biri oña ýakyn aralykdan ujuna ses ýatyryjy dakylan ýarag bilen ot açyp gaçdy. Wardanjani öldi. Özüni “eýranly opozisioner” diýip tanadan Aly Esfanjany sumat boldy, has soñra onuñ Agrynyñ üstünden Eýrana gaçandygy belli boldy... ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Maýk Pompeo Eýrany "Wardanjani jenaýatyny" gurnamakda aýyplady. Hakykat şundan ybaratmydy? Karimýany we onuñ şärikdeşi Mutairini Eýran öldürdipmidi? Stambulyñ Içeri işler müdirligi we ýurdumyzyñ Howpuzluk gullugy bu boýunça jikme-jik barlaglary geçirdi. Netijede hakynatutma ganhordugy aýdylýan Abdylwahap Koçak ele salyndy. Täsin ýeri şudy: Ol Karimýany we Mutairini öldürip sumat bolan gözlegdäki gaçgak bilen Aly Koçak bilen dogandy! Şol sanda, Aly Koçak geroin söwdasyny etmekde gözlenýän eýranly Naji Şerifi Zindaştiniñ sürüjisidi! Orta çykýan deliller Eýrana yşarat edýärdi... Emma... bärde kelläni bulaşdyrýan zatlaram bardy: • FETÖ BAGLANŞYGY Eýranly Zindaşti 1974-nji ýylda Hakkari Ýüksekowa raýonynyñ Urmiýe obasynda doguldy. Onuñ maşgalasy kürtleriñ zindaşti diýen uly taýpasyndandy. Zindaşti 1994-nji ýylda Eýranda geroin söwdasyna garşy geçirilen operasiýada ele salyndy. Ölüm jezasyna höküm edilenden soñ Tähranyñ "Ewin" türmesinde "Rewolýusion gwardiýanyñ" bir esgerini öldürip gaçdy. Öñ aradan çykan garyndaşy Kamal Şerifi Seýdanynyñ pasporty bilen Türkiýä geldi. Öýlendi. Çagaly-çugaly boldy. 2007-nji ýylda Stambulda ele salnan 74 kg geroinde onuñ eliniñ bardygy güman edilip, hut şol Kamal Şerifi Seýdany galp ady bilen tussag edildi. Şol wagt "Ergenokon" dawalarynyñ başlan wagtydy. Prokuror Zekeriýa Öz Zindaşti bilen türmede duşuşdy. Ol Zindaştiden FETÖ sudýalarynyñ öñüni açmak üçin "Balýoz" dawasyna seredýän sudýa Zafer Başkurty we "Ergenekon"[/b] dawasyna seretmeli sudýa Erkan Janaky nyşana alan görkezmeleri aldy. Prokuror Öz başga aklawjylar babatda-da şeýtdi! Zindaşti “Terezi” lakamy bilen gizlin şaýat tutuldy. Munuñ deregine türmeden boşadyldy... Zindaştiniñ FETÖ bilen baglanşygy munuñ bilenem çäklenenokdy. Ol FETÖ agzalygyndan tussag edilen ABŞ-nyñ Stambuldaky konsullygynda işlän Metin Topuz bilen 2007-2013-nji ýyllarda jemi otuz gezek görüşdi. Şeýle-de şol wagtlar FETÖ-nyñ sudýa ymamy Ahmet Jan bilenem ýigrimi sekiz gezek görüşipdi. Onuñ FETÖ duşuşyklary bular bilen gutaranokdy. Añlajaga şular bes. FETÖ-nyñ Eýrana garşy duşmançylygyñ bardygy herkese mälim. Olaryñ Zindaştiniñ ýokarda agzalan jenaýatlaryna meñzeş jenaýatlary etdirendigini-de bilmeýän ýok. Jenaýatlaryñ başyndaky Zindaşti iñ soñky gezek 2018-nji ýylyñ 5-nji aprelinde ele salyndy, 2018-nji ýylyñ 11-nji oktýabrynda Burhan Kuzunyñam adynyñ geçen skandal karary bilenem jogapkärçilikden boşadyldy! Yzyndanam ony gören-bilen bolmady... Indi kim aýdyp biljek: kimiñ eli kimiñ kisesinde? Kärdeşim Timur Soýkanyñ Zindaşti barada ýazan "Baronlaryñ söweşi" kitabyny hökman okañ. Geroin söwdasy-syýasat-sud üçburçlugynda nämeleriñ bolup geçýändigini bilseñiz ynanjagyñyzy-ynanmajagyñyzy bilmän galarsyñyz... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 27.11.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |