23:07 Bas, Rejep beý, tanasynlar! | |
BAS, REJEP BEÝ, TANASYNLAR!
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, hemmäñize mälim bolşy ýaly, Türkiýe bilen Azerbaýjanyñ arasynda juda täsin dostluk gatnaşygy bar. “Bir millet - iki döwlet!” Azerbaýjan geçen hepde tamamlanan ermeni urşunyñ soñunda Garabagda birnäçe ýyl öñ okkupirlenen ýerleriniñ ep-esli bölegini azat etdi. Urşuñ dowamynda Azerbaýjan goşuny Türkiýeden uly kömek aldy. Azerileriñ goşunyny biz saklaýarys. Uçarmansyz uçarlary, hüjüm ediji istrebitelleri hemişe, hususanam soñky uruşda hemme zady biz berdik, azeri gardaşlarymyz ermeni nokatlaryny üstünlik bilen urdular. Emma, hasam möhümi, azeri goşunyna ýüzlerçe türk ofiseri tälim berýär. Bu işler üçin (bilşimizçe) pul-heşdegem alamzok. Belki, olar diñe tälim berýän harby gullukçylarymyzyñ aýlygyny berýän bolmaklary mümkin... ★★★ Her kesiñ bilşi ýaly, biziñ başymyzda beýik dünýä lideri bar. Dünýänıñ çar künjünde uranyny ýatyrýan, oturdanyny agdarýan, Arktikadan we Anktarktidadan başga bäş yklymy dolandyrýan, garşysyna çykany titredýän, öñünden çykana aññalak gapdyrýan negözel dünýä lideri… Bu beýik döwlet ýolbaşçymyz şol bir wagtyñ özünde birnäçe işler bilenem ýakyndan gyzyklanýar. Mysal üçin, Demirgazyk Kipr Türk respublikasy (DKTR)... Ol öz üstünlik hasabyna ýazdyrmak üçin, ilkibaşda Azerbaýjany, soñ DKTR-y iñ bolmanda biziñ bilen kowumdaş “dost we gardaş” yslam ýurtlarynyñ resmi taýdan ykrar edilmegini isleýär, emma hiç birinden ses-üýn ýok. Hemmesinde nutuk köp, lakgyldy köp, emma iş DKTR-y ykrar etmäge gelýär welin, birinden dem çykanok. ★★★ "Dünýä liderimiz" Rejep beýiñ bugün Azerbayjana resmi sapary bar. Eger menden sorasañyz, ol DKTR-ly meseläni şu gezek hökman çözer. Köşgüñ orra-ortasyndan maña gelip gowşan (!) iñ soñky habarlara görä, Rejep beý Ylham Alyýewe şeý diýjekmiş: - Seret, gardaş. "Bir millet - iki döwlet" diýýäs-ä, sen şindi bir millet bolmagymyzyñ borjuny hakla we biziñ DKTR-ymyzy ykrar etjegiñiz derhal mälim et! Şeýtseñ, meniñ Türkiýedäki ornumy güýçlendirersiñ. Ikitarapli ilcihana açalyñ. Biz saña ermeni urşunda şunça çykdajy çykaryp kömek etdik. A sen bolsa mesirgäp, DKTR-y görmezlige salan bolýañ. Ýarag diýdiñ, berdik. Pul diýdiñ, berdik. Ofiserlerimizi ugratdyk, ýöne sen oturan ýeriñde barmagyñam gymyldadañok. Ine, uruşam gutardy, eliñ boşaşdy. Indi nämä garaşýarsyñ, hanogul? Bu duýduryşdan soñ Alyýew näme diýjek, ýene mesirgejekmi, kim bilýär! ★★★ Men daşary syýasat boýunça ýörite hünärmen däl, men diñe ýönekeý ildeş… Eger bir zatlary aýdarman bolsa, ol bu talabyna Alyýewden näme jogap aljagyny eýýämden duýýan ýaly bolýaryn: - Halypa, aýyplaşma. Biz hem-ä ABŞ-nyñ, hemem Russiýanyñ gujagynda otyrys. Olaryñ rugsady bolmazdan, hiç zat edip bilemzok. Sen olardan biziñ rugsadymyzy al, soñ meñ ýanyma gel!.. Gowsy, biz "Bir millet - iki döwlet" edebiýatyny wagyz etmäge dowam edibereli, ikimize şundan amatlysy ýok. Bizden DKTR-y ykrar etmegimize garaşma. Sen nämüçin bu meselede biziñ ýanymyza gelýärsiñ? Päkistan bar, Malaýziýa bar, Katar bar, sen şolañ ýanyna gitsene, byradar! Ýa olara sözüñ geçenokmy?! Bu sözleri eşiden dünýä liderimiz näme diýerkä, ine, şony welin, menem bilemok! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 09.12.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |