12:52 Başga çykalgasy ýok | |
BAŞGA ÇYKALGASY ÝOK
Publisistika
Hasap sorama - adamyñ gymmatyny, hak-hukugyny, eýeçiligini we buýsanjyny ykrar etmekdir. Bular ýok bolsa, hemme zat ýok bolar, ölüm bilen ýaşaýyş des-deñ bolar Eýýamlar we wagtlar geçip gidýär, ýöne hiç zat üýtgemeýär. Döwürler we onlarça ýyl geçýär. Uruşlar turýar. Betbagtçylyklar we şowsuzlyklar örç alyp ýaýraýar. Halklar ýok edilýär, ykdysadyýetler ýer bilen ýegsan bolýar, baýlyklar sumat bolýar, şonda-da hiç zat üýtgemeýär. Hem hiç haçan üýtgemezem. Arap halklarynyñ zol gaýtalanyp duran taryhy tragediýalarynyñ ýeke-täk çykalgasynyñ hasap soralýan bir bitewi döwleti gurmakdygyna ynanýandyklaryny görýänçäk hiç zat üýtgemez. Wezipeli işgär wezipesinden aýrylanda jogapkärçiliklerini doly ýerine ýetirendigini subut edýänçä öýüne gaýdyp gelmeli däl, tersine bolanda ondan hasap soramaly. Döwlete garşy jenaýat eden adama "möhleti geçdi" eglişigi edilenok. Döwletiñ gaznasyndan ogurlaýanlara-da eglişik edilmeli däl. Köplenç betbagtçylyga getirjek ýalñyşlyga we kemçilige ýol beren kişi bagyşlanmaýar. Bu dünýäde güýçli we sagdyn ýurtlar hasap sorap bilýän ýurtlardyr. Tolkun atyp duran ýurtlar bolsa, heniz jenaýat etmänkä günäsiniñ geciljekdiginiñ kepilligini berýän ýurtlardyr. Biziñ bilýän ýeke-täk sudumyz Fazyl el-Mahdawiniñ dolandyrýan "halk suduna" meñzeş suddyr. Hasap sorama pikirine kim garşy çykýar? Ilki bilen adamlaryñ özi. Onlarça ýyl öñ bir okyjym "iññäni ilki özüñe batyrmaga", ýagny öz-özüñe tankyda nägilelik bildirýändigini ýazanda, muña meniñem ynanasym gelmändi. Adamlar ýolbaşçynyñ ýönekeý adam däl-de, ýalñyşmazak biri bolmagyny isleýär. Olaryñ pikiriçe, hasap soramak - hasap soralýana däl-de, ýurda dil ýetirmekdir. Şol sebäpli-de ýeñlişler, ýitgiler, betbagtçylyklar hasaby soralmazdan geçip gidýär. Şol sebäpli-de daş-töweregimizde döwletler çökýär, edara-kärhanalar we guramalar çagşaýar, kagyz ýüzündäki kanunlary çañ basýar. Millionlara barabar ýyllar we milliardlara deñ baýlyklar ýele sowruldy. Müñlerçe ykdysady jenaýatdan söz açylmady. Bar bolan ýeke-täk sud komediýa ýaly döwlet agdarlyşygynyñ sudlary, adatdan daşary ýagdaýyñ kanunlary we ýokarda aýdyşymyz ýaly Mahdawi sududy. Onlarça agyr jenaýat, köçe-ýol heläkçilikleri boýunça derñew işleri-de açylman deñimizden geçip gitdi. Bular ýaly ýagdaýda döwlet nädip aýaga galsyn ýa-da aýagynyñ üstünde durup bilsin? Ýurtlar adyl sudýanyñ, prokuroryñ, sülçiniñ derñew işini açmaga milt edip bilmeýändigi sebäpli böleklenýär we dargaýar. Belki-de, Liwan muña Kongodan öñki ýa-da soñky iñ ýaramaz mysal. Emma ýerlerinde edilen jenaýatlaryñ aglaba böleginiñ "liwanly" däldigini-de ýatdan çykarmaly däl. Gynansak-da, Liwan döwlet synasynyñ jemini gemirip taşlan eleme-deşiklere öwrülýänçä, bulary görmezlige salmagyny we piñine almazlygy dowam etdirdi. Indi ýurt-döwlet özünden galan-gaçanlary gatlaklara, olaryñ kanunlaryna we adalatyna tabşyrýar. Eger bir tapawut bar bolsa, adamlar bu tapawudyñ nämedigini bilmeýärler. Hasap soramagy nädip kesgitläp bileris? Hasap sorama - adamyñ gymmatyny, hak-hukugyny, eýeçiligini we buýsanjyny ykrar etmekdir. Bular ýok bolsa, hemme zat ýok bolar, ölüm bilen ýaşaýyş des-deñ bolar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 16.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |