06:10 Başga dünýäden gelen goşgular / hyýalat | |
BAŞGA DÜNÝÄDEN GELEN GOŞGULAR
Hekaýalar
Uklap ýatyryn. Düýş görýärin. Bir wagtlarky Ýazyjylar birleşmesiniň öňünden geçip barýarmyşym. Iki gatly, ýaşylymtyl ak reňkli bu bina men uly söýgi bilen bakýaryn. Hakykatda hiç haçan bolmadyk hem bolsa birleşmäniň gapysynda gök reňkli, uzyn agaç oturgyç dur. Özem näme üçindir adatça bolmalysy ýaly diwar bilen ugurdaş däl-de, keseleýin dur. Şonuň üçinem ol öten-geçenlere päsgelçilik döredýär. Oturgyjyň üstünde ozara hümürdeşip, çilim çekişip oturan iki sany otuz bäş ýaşlaryndaky ýigitler welin olara ünsem berenoklar. Çep tarapdakynyň kimdigini bilemok, ýöne sag tarapkysy gözüme juda tanyş görünýär. Men oňa siňe-siňe seredýärin. Gönümel burny, peträp duran ullakan mawy gözleri, inçemik ýüzi golaýlaşdygymsaýy ony hakykatdan-da içgin tanaýan agamlarymyň birine meňzedip barýar. Bir aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atyp, gaýşarylybraga-da çilim kükedip oturşam iňňän tanyş. Maňa gözi düşenden onyňam ýüzüne köne tanşyna duşan adamda bolşy ýaly şatlyk alamatlary çaýylýar, “Oh-how”, diýip ýerinden turýar, erniniň sag tarapynda burugsap duran çilimini sol eliniň süem hem-de orta barmaklygy bilen tutup agzyndan aýyrýar-da, ýyljyraklap maňa tarap ýönelýär. Salamlaşmak üçin sag elini uzadanda begençden ýaňa asmana çalymdaş gözleriniň çüýşesi buldurap gidýär. “Jumabaý kandaý”, diýen ýakymly sesi gulagyma gelendenem men onuň ajaýyp türkmen şahyry, halkyň söýgüli ogly Gurbannazar Ezizowdygyny bilip galýaryn. Birdenem onuň baryp-ha mundan otuz bir ýyl gowrak ozal, 1975-nji ýylyň güýz aýlary, pajygaly ýagdaýda aradan çykandygy ýadyma düşýär-de, birhili düýrükjek bolýaryn. Kalbyma sowuklyk, gorky aralaşýar. Ýöne, öňümde edil diriligindäki ýaly mähirli ýylgyryp duran adamyň şoldugyna ynanmanam bilemok. Şeýle-de bolsa: "Gurbannazar! Sen bir wagtlar biziň aramyzdan gitdiň ahyry. Seni biz öz elimiz bilen Garadamakdaky gonamçylykda jaýladyg-a. Sen nädip bu ýerlere düşüp ýörsüň? Bu ýerde näme işläp otyrsyň? Bu jaý indi ýazyjylar birleşmesi däl-ä. Munda indi Ukrainanyň ilçihanasy ýerleşýär. Sen näme, bu zatlardan bihabarmy?" diýip sorasym gelýär. Ýöne, aýdyp bilemok. Göwnüne degerin öýdüp gorkýan. Şonuň üçinem saglyk-amanlyk soraşyp, adaja gürleşip durun. Esasanam oturyp-turuşan günlerimizi, daglara dynç almana giden gezeklerimizi ýatlaýarys. Poeziýa, sungat barada gürrüň edýäris. Şahyryň elindäki çilim birsyhly tüsseläp dur. Ak sigaretiň ujundan göterilýän çalymtyl tüsse asman sary şo-ol, ýaýylyp gidip barýar, gidip barýar. Özem gat-gat. Gatlarynyň käbiri gara-göňür, käbiri bolsa goýy gök reňkde. Tes-tegelek halka görnüşine girip şahyryň daş-töwereginde gaýyşyp ýörenlerem bar. Çüýden asylgy şlýapalara çalymdaş şol halkalaryň käbiriniň aýtymy gitdigiçe giňeýär, tary inçelýär we ahyrsoňunda ýolnup, ýitip gidýär. Şahyryň egninde heňizem şo-ol, ömürboýy eý görüp geýen ýukajyk ak plaşy bar. Şol plaşyny ol köplenç ýaz we güýz aýlary geýerdi. Ony ol öz gahrymanlaryna-da geýdirerdi. Şol gahrymanlar ak plaşlarynyň ýakasyny galdyryp saralan güýz ýapraklarynyň, mylaýym ýaz ýagmyrlarynyň arasy bilen egdekleşip, düşuşyklara giderdiler, duşuşyklardan gaýdardylar, eýersiz sarç atlara münüp, şahyryň öz aýdyşy ýaly ýaşyl şemal deýin, ganatly deýin sähralyklardan-sähralyklara, ýaýlalardan ýaýlalara tarap seýrana giderdiler. Assyrynlyk bilen daş-töweregime seredýärin welin asyl, pasylam şonuň iň bir eý görýän, ýaltanman wasp eden pasly. Güýz. Salkynjak güýz şemalam öwsüp dur. Ine-de şol şemal saralan ýapraklary agaçlaryň şahalaryndan sypyryşdyryp alýar-da, edil harman atýan daýhan dek şowurdadyp asmana sowurýar, soň ýene ýere taşlaýar-da, asfalt köçeleriň ugry bilen eýläk, beýläk süýreýär, entedýär, idenekledýär, ykdyrýar, eltibem barysyny trotuaryň gyrasyndaky beton joýajyklaryň içine düýrläp dykýar. Ýelmän adamda kasdy bar ýaly, afişalary, bildirişleri tagtalaryň ýüzünden ýekän-ýekän sypyrýar-da, gaýdyryp allaowarralara äkidýär, eltibem şäher jaýlarynyň sowuklaç hem nämehrem diwarlaryna malçyldadyp urýar. Şahyryň köp goşgusynda wasp eden derek boýly, dört örüm gara saçly, başy ala öýmeli, aýagy ak köwüşli, egni gök köýnekli owadan gyzam hanha, köçäniň gyrasy bilen aşak bakyp, ýuwaşja ýöräp barýar. Hamala diýersiň ýeriň ýüzi bilen uruş ýöräp barýan ýaly agaç aýakly, juda gartaşan bir goja hem ho-ol, aňyrky köçeleriň biri bilen pişeklerini “tyrkyldadyp” barýar. Agaçlaryň ýapraksyz galan ýalaňaç sowuk şahalary görkunç suratda weteranyň üstüne penjelerini ýaýyşyp durlar. Mahlasy, hemme zat onuň öz goşgularyndaky ýaly. Diýmek, ol henizem özüniň şo-ol, bir wagtlarky şygryýet dünýäsinde, şol bir şahyranalyk duýgulary bilen ýaşap ýör. Şu-da şunuň öz gahrymanlarynyň biri bolaýmasyn, diýen pikir bilen onuň gapdalynda oturan ýigide tarap nazarymy aýlaýaryn, emma maňa onuň ýüzi saýgardanok. Ol ýüz birde şahyryň çiliminden çykýan çalymtyl tüssä garylyp gitse, birde efir tolkunlary ýaly daş-töwerege ýaýylyp, howa garylyp gidýär. Şeýle ýagdaýda az durupdyrysmy, köp durupdyrysmy, bilemok, ony düýşçilikde kesgitlemek mümkinem däl, ýöne manysy doly ýadyma düşmese-de köp gürrüňleriň başyny agyrdandygymyzy-ha bilýän. Gapdalynda duranyň alňasaýanyny, käte bir görnüp gidýän elleri bilen “gideli” diýýän terzde birsyhly onuň tirseginden çekýäninem aňýan. Gurbannazar bolsa şol bir özüne mahsus pessaýja sesi bilen gürläp dur. Birdenem ol nazaryny uzaklara dikýär-de, eňeginem şol tarapa ülňäp: Bolsa-da bu ýerde beýläk gidenleriň gadryny bilýärler, diýýär. Işläbilseň bilýärler… Men onuň näme hakda aýdýandygyny aňşyrjak bolýan. Ýagny,ýogalanyndan soň oňa Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy berlipdi, Halk şahyry diýen at dakylypdy. Diýmek, şol sylag-serpaýlar, hormatly atlar oňa aýan bolupdyr, ruhuny şatlandyrypdyr. Ýöne nädip? Nähili ýol bilen? Ine-de biz hoşlaşýarys. Ol ýoldaşy bilen öňki oturan ýerinde galýar. Men öz ugruma gidýärin. Öwrülmeli ýere baranymdan soň şahyry ýene bir gezek görüp galmak niýeti bilen yzyma gaňrylýaryn. Emma hiç kime gözüm düşenok. Hatda şol, kese duran, gögümtil uzyn agaç oturgyjam ýok. Zym-zyýat. Ötegçiler indi o ýerden hiç päsgelçiliksiz, arkaýyn geçişip barýarlar. Gurbannazar şahyryň entek ölmändigini, ony ýap-ýaňyja, gözüm bilen görendigimi aýdyp tanyş-bilişleri begendirmek, soňam bu şatlykly habary uly ile buşlamak üçin serini duman basan alasarmyk düýşlerimiň arasy bilen howany sermeläp barýaryn. Bir görsem öz öýümiň gapysynda duryn. Içeri girýärin. Girişim ýalam telefon jyňňyrdaýar. Trubkany galdyrýaryn. Aňyrdan ýap-ýaňyja meniň bilen hoşlaşyp galan şahyryň tanyş sesi eşidilýär. Jumobaý! Uçargähe bar, el-goşlary saklanýan jaýa gir. 35-nji gutyny 1940 belgi boýunça aç. …Şol wagtam oýanypdyryn. Görsem hakykatdan-da elim trubkaly. Gyssanjyma: Alýo-o … alýo-o… diýip gygyrýaryn. Şahyryň ýaňky sözleri trubkanyň içinde bolşy-bolşy ýaly ýene bir gezek gaýtalanýar, ýöne, men hiç zat soramana ýetişemok. Gepleşik kesilýär. Düýşüm bilen huşumyň ras gelýän ýerlerini şu ömrümde men öňem kän görüpdim. Mysal üçin, gört-bäş ýaşly oglan döwürlerim, düýşümde, uzak obalaryň birinde ýaşaýan daýym öýümize gezelenje geldi. Özem ak eşiklimişin-de, öýmüze ýetmäne on-ýigrimi ädim galanda daşy ýylgyn agylly goýun ýatagymyzyň deňinde eşeginden düşýärmişin, ony şol ýerdäki ýokarysy halkaly demir teblemyha ilteýärmişin we diňe şondan soň häliden bäri özüne bakan owsunyp duran maňa tarap ýyljyraklap gaýdýarmyşyn. Şol ahwalat ertesi bolşy ýaly gaýtalandy. Daýym şol bir gelen tarapyndan geldi, eşegini şol bir saklan ýerinde saklady, çep aýagyny eşegiň gerşi üstaşyry aýlap, edil düýşdäkisi ýaly öňünleýin böküp düşdi, şol bir daňan ýerinde daňdy, gelip meni boýnuna göterdi, ýaňagymdan ogşady, jübisinden çykaryp kagyzly kemput berdi. ...Soň Aşgabatda okap ýörkäm, okuwymyň daşyndan gazanç etmek üçin şäheriň gurluşyk edaralarynyň birinde garawulçylyk etdim. Düzgün boýunça gije uklamak bolanok. Häli-şindi “gorohrananyň” işgärleri aýlanyp durlar we uklap ýatyrkaň tutuldygyň işiň bilen hoşlaşaýmaly. Bir gije halys çydaman uklandyryn. Näçe wagt ýatanymy bilemok, ýöne, düýşümde biri gelip meni ukudan oýarýar. “Tur, gorohrana” aýlanyp ýör, hä diýmän şu ýere gelerler”, diýýär. Syçrap ýerimden turupdyryn. Gözümi açalak- ýumalak edip howlynyň agzyna bardymam welin “gorohrananyň” GAZ-69-y “wazyrdap” gelip gapynyň agzynda saklandy. Içinden üç-dört sany milisiýa işgäri alawagyrdy bolşup çykdylar. Meniň uklaman, ornumda berk durandygymy görüp begendiler, depderlerine bir zatlar belleşdirdiler. “Molodes” diýşip arkama kakdylar. Eglenmänem gitdiler. Şondan ýedi-sekiz ýyl geçenden soň, Günbatar Ukrainadaky merkezi institutlaryň birinde öz ugrumdan okap ýörkämem şolar ýaly bir oraşan düýş görenim ýadyma düşýär. …Öz toparymyz bolup auditoriýalaryň birinde leksiýa diňläp otyrmyşyk. Sapak geçip duranam hele-müçik adam däl-de, meşhur “kapitalyň”, “Manifestiň” awtory Karl Marksmyşyn. Döşüni ýapyp duran ýaýbaň hem gür sakgalyny sypalap, eýläk-beýläk gezmeläp ýörşüne ol birden-kä sakga-saklanýar-da, bize ýüzlenip: Ýogsa-da, siz injili okap gördüňizmi diýýär. Allanyň adyny uly harp bilen ýazmaklygyň gadagan edilýän döwründe Injili okamag-a beýle-de dursun, adyny tutmaklygyňam gadagandygyna sowet mekdebiniň terbiýesini alan çagalar bolan biziň aklymyz ýetip dur. Şonuň üçinem ýerli-ýerden: “Ýokda-ýok…” boluşýarys. Marks biziň bu jogabymyza garaçyny bilen gynanýar,hyrçyny dişläp başyny ýaýkaýar. Oňarmansyňyz.. Okamaly ekeniňiz. Hälem bolsa tapyň-da okaň. Onda okara zat kän. Ol örän gyzykly kitap. Şol günüň ertesi sungat taryhy sapagyndan okadýan dili peltegräk, gözleri galyň äýnekli, dodaklary salparyp duran, maňlaýy giň, her gezek auditoriýa gireninden: “Oglanlar! Basym ekzamen boljakdyr, bu bolşuňyz bilen size ýaman kyn düşer, köpüňiz ýykylarsyňyz” diýip, muşakgat ýagdyrmany, studentleri gorkuzmany gowy görýän, şeýdip biriniň kalbyna wehim salyp bilse şondan lezzet alýan Anatoliý Iwanowiç Popow atly mugallym Marksyň şol sözlerini biziň öňümizde durup ýekän-ýekän gaýtalady. Men bu ýerde üç sany tymsal getirdim, emma şular ýaly geň-taň düýşleri men başga-da kän gördüm. Ýöne, men ol düýşlere adaty bir zat hökmünde garaýardym, oýalykda gaýtalanyşlaryny bolsa tötänlikdir öýdýärdim. Emma ine, altmyş ýaşadan aganymdan soňky gören şu düýşüm welin meni ymykly oýlanmana mejbur etdi. Çüňki, öňki gören düýşlerimdäki baş gahrymanlaryň iň bolmanda birinden birisi, ýagny, düýşdäkisi ýa huşdakysy, käte bolsa ikisem aýatda diri gezip ýören adamlar bolup çykýardylar. Düýşleriň mazmunam ertesi gaýtalanmakdan aňry geçmeýärdi. Bu gezek welin düýşde-de, huşda-da şol bir adam, onda-da bir wagtlap ötüp giden merhum adam hereket edýärdi, huşuma aralaşjak bolýardy, üstüme hüjüm edýärdi, ýumuş buýurýardy, bir ýerlere çagyrýardy,takyk bir ýerini salgy berýärdi. Pikir edip görýärin welin salgy beren sanlaram onuň özi bilen bagly. Ýagny, 35 onuň bu dünýäde ýaşan ýaşy, 1940 bolsa, doglan ýyly. Bu düýşüň öňkülere görä hakykata has golaýdygyna, bu aralykda bir syryň bardygyna men indi ynandym. Haýsydyr bir göze görünmeýän güýç bolsa, goltygymdan gop berýän ýaly, “Bar, bar, aýdylan ýere bar” diýip, ýeňsämden itekleýän ýaly boldy durdy. Ýerimden turdum. Uçargähe gitmek üçin geýnip başladym. Birdenem: ol ýere gitmezden öň adatdan daşry hadysalar bilen meşgullanýan anomalist alym Bükdüzowyň ýanyna barmaly, bu zatlar barada onuň bilen maslahatlaşmaly, ol näme diýse şonuň bilen bolmaly, diýen pikir kelläme geldi. Galandar Saryjaýewiç Bükdüzowyň özi bilenem, alyp barýan işleri bilenem men öňden bäri tanyş. Ol Biribar tarapyndan älem-jahanyň dürli künjeklerinde ýaradylan sansyz dünýäler, şol dünýäleriň beden hem ruhy taýdan özara gatnaşyklary, takdyr-nesibeleri, dünýälerden-dünýälere geçip ýören ruhlaryň özlerini alyp baryşlary bilen iş salyşýar. Dini taglymatlarda salgy berilşi ýaly, şol dünýäleriň hersiniň iki dünýäden – göze görünýän hem görünmeýän dünýälerden ybaratdygyny ylmy taýdan subut edýär. Ol hatda göze görünmeýän dünýäniň efir tolkunlaryny hem tapgy we kompýuterler arkaly şol dünýäniň içindäki ruhlary görmäni, olaryň hereketlerini yzarlamany başardy. “Wagt geler, ähli dünýäler, şol sanda göze görünýän dünýä bilen görünmeýän dünýä hem biri-birleri bilen saçakly gatnaşarlar, baryşyp gelişerler, arkalaşykly işleşerler, görlüp-eşidilmedik derejede üstünlikler gazanarlar” diýip,bütin dünýä jar etdi. Ýogalan ýerini, wagtyny, sekundyna çenli aýdybilseň, ol merhumyň ruhuny tä ýedinji asmana barýança yzyrlap bilýär. Haýsy ruhuň haýsy asmandan geçip bilmän, gaýtadan dogulmak we kämilleşmek üçin yzyna gaýdandygyny, haýsynyň ýedi gat asmanyň ählisinden geçip, kämil ruh hökmünde Hudaýa goşandygyny takyklap bilýär. Ol diňe ýedinji asmana, Hudaýyň oturan ýerine aralaşyp bilenok. Ýöne, şeýle mümkinçiligiň bardygyny hem aradan aýranok. “Oňa wagt, has kämil tehnika gerek, hususanda adam aňynyň kämil, arassa bolmagy gerek” diýýär. Ol yzyna gaýdan ruhuň haçan, nirede, kimiň teninde täzeden dünýä injikdigini hem kesgitläp bilýär. Onuň düşündirişine görä, dini taglymatlarda aýdylýan jan we ten baradaky düşünje-de çyn. Ýagny, ten-gap. Esasy zat jan ruh. Ruh iki dünýäde hem ýaşap bilýär. Ol hiç haçan ölmeýär, göze görünmeýär, tä Hudaýyň derejesine çenli kämil bolýança, gaýtadan doglup gidip otyr. Ölýän ten. Ruh lagşan göwräni taşlap gidýär. Ol Hudaýyňky.Onuň bir bölegi. Ol saňa wagtlaýynça, amanat berilýär. Ony gynamagam, gyssamagam, Hudaýyň gadagan eden zatlary erbet gylyklar, bet pygyllar, gara nebis, haramylyk bilen hapalamagam bolanok. Ony hak eýesine özüne berilendäkisindenem has kämil, arassa görnüşde gowşurmaly. Bükdüzowyň ynam bilen aýtmagyna görä, bir zaman güýçli enjamlar, tilsimatlar arkaly göze görünmeýän dünýädäki, şeýle hem beýleki dünýälerdäki bolup geçýän hadysalaryň hemmesini telewizorlaryň ekranlarynda görmek, ýazgy etmek, halk köpçüligine ýaýratmak hem mümkin boljakmyşyn. Men oňa özümiň oraşan çykýan düýşlerim barada hem kän gezekler gürrüň beripdim. Pikir alyşypdym. Şu zatlar tötänlikmikä ýa düýbünde haýsydyr bir ylmy esas barmyka diýip, sorapdym. Ba-ar!… diýip, ol şonda başyny silkip, ellerini galgadyp, uly ili bilen gygyrypdy. Seniň ruhuňda göze görenmeýän dünýäniň ruhlary bilen ejizräk hem bolsa bir gamyş köprüjik bar. Ony sen özüň bileňok. Şonuň üçinem, olar mahal-mahal saňa duýduryş edýärler, seniň bilen ýakyn aragatnaşyga girmek isleýändiklerini ýaňzydýärlar. Özleriniň şol niýetlerini seniňem duýmagyňy, özlerine tarap seniňem hereket etmegiňi isleýärler. Sen olara oýalykda-da duşýansyň, ýöne aňşyryp bilýän dälsiň . Öz sözleriniň maňa nähili täsir edýändigini bilmekçi bolýan ýaly, indi birneme sesi pessaýlan Bükdüzow şondan soň esli wagtlap ýüzüme seredip, dymyp oturypdy. Beýle bagt her kime ýetiribem duranok. Şeýle mümkinçilik hemmä berlibem baranok. Şonuň üçinem sen özüňi juda bagtly adam hasap etmelisiň. Ýöne, bolip goý, sen ýeke-de dälsiň. Şol gezek Bükdüzow meniň täleýime garap, öňki ömrümde 1675-nji ýylda. Kanada-da doglandygymy, kärim boýunça filosof, ylmy gözlegler alyp barýan alym bolandygymy, indiki ömrümde bolsa asman giňişlikleriniň has uzak künjeklerinde ýerleşýän beýleki planetalaryň birinde, başga bir dünýäde doguljakdygymy, ýöne, oňa çenli ruhumyň göze görünmeýän dünýä içre köp-köp sergezdançylyklar çekjekdigini hem aýdypdy. Şol zatlar barada oýa batyp oturşyma öten agşymky düýşüm bilen Bükdüzowyň ylmy işleriniň arasynda hakykatdan-da berk baglanyşygyň bardygyna men ymykly göz ýetirdim. Ynandym. Şonuň üçinem, haýal etmän onuň ýanyna ugradym. Baryp, bolan ahwalaty bolşy ýaly beýan etdim. Hemmesi dogry… diýip, ol doňrumtyl buýra saçly ullakan kellesini aşak sallap oturşyna endigine görä gözlerini ýumjukladyp maňa tarap seretdi. Burnuna salyp güňleç gürledi. Hemmesi dogry. Bar zat edil bolaýmalysy ýaly. Edil garaşylyşy ýaly.Bu hut şeýle hem bolaýmalydy. Bu gün bolmasa ertir şuňa meňzeş ahwalat ýüze çykaýmalydy. Şondan soň ol bolan wakany öz ylmy taglymaty bilen baglady. Bu ýagdaý göze görünmeýän dünýäniň içindäki ruhlaryň özlerini biziň aňlap ugradygymyzy duýandyklarynyň, gorsanyp ugrandyklarynyň alamaty. Olar indi bu dünýä bilen açykdan-açyk aragatnaşyga girmek isleýärler. Biziň kämillik derejämiz şoňa ýetendir öýdýärler. Siziň özüňiz nähili pikir edýäňiz? Näme hakda? Kämillik derejämiz barada. Entek irräkdir öýdýän. Näme üçin? Sebäbi, biz başky pygamberleriň dini taglymatlaryndan, Allanyň kada-kanunlaryndan daşlaşdyk. Şu günki günümiziň eşretli bolmagy üçin ertire daş atdyk. Ýöne, her niçik hem bolsa tas ýiteňkirlän şol ylahy duýgy-düşünjeler häzir gaýtadan döräp başlady. Ana, şol hem beýleki dünýälerdäki, göze görünmeýän dünýädäki ruhlary galkyndyrýar. Biziň bilen aragatnaşyga girmäne bolan höweslerine hyjuw goşýar. Bükdüzow “gürrüň gutardy” diýýän manyda ýerinden tutdy. Onsoňam näme, haçanam bolsa bir wagt bolaýmaly, her bir zadyň upy-giç başlandyjy bolmaly. Şu zatlaram şol, haçan başlajakdygy näbelli bolan Beýik başlangyjyň ilkinji basgançaklarydyr… Men gözlerimi tegeläp Bükdüzowyň ýüzüne seretdim. Diýmek onda… Howwa, howwa… Bu Beýik başlangyjyň ilkinji alamatlary. Sen haýal etme-de, çagyrylan ýere bar. Onuň salgy beren gutusyny aç. Şonda hemme zat aýdyň bolar. Dogrusyny aýtsam gorkdum. Belki bile gideris?… Ol ýeri maşynyňa şaý saýlanyp alynýan jygyllyk bazary däl, bile gider ýaly. Sen iňňän gadymy, ýöne özüň üçin täze, gyzykly bir dünýä gadam basýarsyň. Alym ullakan, daýhanyňky ýaly gataňsy, tagaşyksyz penjesini egnime goýdy. Ol iş saňa ynanylypdyr, ynamy ödemelem sen borsuň. Bar, howluk… Ol ýene-de oturgyja çökdi. Başyny aşak sallady. Buýr-bulaşyk bolup duran çal saçyny iki eli bilen penjeledi. Nädip ýerimden turanymam, nädip köçä çykanymam, taksi tutup göni uçargähe tarap tutduranymam bilmän galypdyryn. El goşlary saklanýan salkyn, ýagty hem giň zala girdim. Merhum şahyryň salgy beren gutysynyň ýanyna bardym. Ätiýaçdan çekip gördüm. Ýapyk. Demim-demime ýetmän durşuma aýdylan belgileri ýeke-ýeke aýladym. Tutawajyny aşak basdym-da, ýuwaşjadan çekdim. Guty açyldy. Içindäki bir petde ýazuw kagyzyna gözüm düşüşi ýaly gutynyň gap böwründen sowuklaç ýaşyl şemal öwüsdi. Kagyzlaryň iň üstkisi çalarak gymyldady. Çalaragam şykyrdady. Her gezek depesi beýik gümmezli, şarňyldap duran gadymy guburhanalaryň içine girenimde bolşy ýaly kalbyma gorky, süňňüme ýeňiljek galpyldy aralaşdy. Sussum basyldy. Ruhum peseldi. Aljyradym. Kagyzlara el urubilmän, aýaklarymy saňňyldadyp kän durdum. Soňabaka äňimem şakyrdap başlady. Guran dodaklarymy owran-owran ýalaýaryn. Kimdir biri geläge-de, goltugymdan göterip alyp gidiberjek ýaly daş-töweregime garanjaklaýaryn. Ahyram gutynyň ortarasyndaky rejelije duran kagyzlary emaý bilen özüme tarap süýşurýärin. Ýokarkylaryndan birküç sanysyny galdyryp görýärin. Hiç zat ýok. Boş. Soň hemmesini elime alyp ýekän-ýekän barlap çykýaryn. Olarda-da zat ýok. Men begenjegimem bilmedim, gynanjagymam. Egerde kagyzlaryň ýüzi goşgulardan doly bolan bolsady, onda Bükdüzowyň yzygiderli subut etmelerine garamazdan merhumlaryň diriler bilen beýle açykdan açyk gatnaşyga girişleri barybir meniň aklyma sygjak däldi. Galyberse-de, o goşgularyň Gurbannazar şahyryň o dünýeden iberen täze goşgularydygyny men hiç kime subut edip biljek däldim. Çüňki, hiç kim maňa ynanmaz. Hatda aklyndan azaşypdyr, diýip dälihana dykaýmaklaram mümkin. Dogry, bu zatlaryň hakykatdygyny degerli deliller belen subut edip biljek alym Bükdüzow entek aýatda diri gezip ýor. Onuň meni gorajakdygam, tapan goşgularymyň hakykatdan-da Gurbannazar şahyryň o dünýeden iberen goşgularydygyny uly ile sübüt edip berjekdigem çyn. Men muňa ynanýaryn. Aslyýetinde, hut şonuň bilen aragatnaşykda bolandygym üçin Gurbannazaryň ala-böle meni saýlap tutan bolmagam mümkin. Ýöne, keçje ýeri o-da tas, ýeke diýen ýaly. Meni we meniň o dünýäden alan täsin “sowgadymy” gorajak bolup, onuň özüniňem dälihana düşäýmegi ahmal. Ana, hut şonuň üçinem men kagyzlaryň boş çykandygyna begendim. Agyr howpdan sowulan ýaly uludan demimi aldym. Kalbymda kowsarlap duran harasat birneme köşeşdi. Süňňüme ýeňillik aralaşdy. Beýnimiň bir ýerinde: Belki bu-da bir tötänlikdir, belki Bükdüzowyň taglymatyna degişli ýerem ýokdur”, diýen umyt döredi. Men şol umydymyň hakykat bolup üstümize abanyp gelýän bu agyr labyryň ötegçi gara bulut deý basymrak syrylyp gitmegini, asyl-ha Bükdüzowyň beýleki dünýäler we göze görünmeýän dünýä baradaky taglymatynyň ýalan bolup çykmagyny isledim. Şol umyt bilenem, kagyzlary goltugyma gysdym-da, Bükdüzowyň ýanyna ylgadym. Men baranymda ol henizem aşak bakyp, saçlaryny penjeläp otyr ekeni. Gapydan girişim ýaly endigine görä gözlerini gypyrjykladyp ýüzüme soragly seretdi. Men elimdäki kagyzlary emaý bilen onuň öňündäki stoluň üstünde goýdum. Salgysy dogry. Guty açyldy. Ýöne, barysy boş. Bükdüzow ýerinden turdy. Kagyzlaryň üstüne abanyp durşuna gözlerini süzüp içini hümletdi. Pikir ummanyna has çüň çümendiginden bolsa gerek, ýüzünden “şaglap” inen der boýnundan syrygyp köýneginiň içine gitdi. Döşüni, ýagyrnysyny öljertdi. Şol durşuna ol tutan syçanyny öýnaýan pişik ýaly süňklek barmaklarynyň ujuny topbak kagyzyň ha eýlesine, ha beýlesine dürtdi, aýalary bilen gyralaryna kakyp tygşytlady, käbirini eline alyp ysgap gördi. Sallarlady. Birdenem başyny galdyrdy-da, ýüzüme mölerildi. Aý ýok, boş-a däl. O nähili boş däl. Boş däl-dä. Ol meniň getiren kagyzlarymyň birini özüniň iň bir ýönekeýje enjamy bolan köneje kompýuterinde gowy edip barlagdan geçirdi. Kinniwanja terezijiginde çekip gördi. Soň şol terezide özündäki boş kagyzlaryň birini çekdi. Onam kompýuterden geçirdi. Gördüňmi, diýip, maňa tarap begençli garady Şu barlaglaryň netijesi seniň getiren kagyzlaryň ýüzünde bir zatlaryň bardygyny, üstünde işlenendigini görkezýär. Diýmek, bu kagyzlar boş däl. Näme bardyr öýdýäňiz ? Bäş ýaşly agtygynyň samsyklaç soragyna gülküsi tutan ata ýaly, Bükdüzow ýüzüme seredip hoşroý ýylgyrdy. Şahyr bir topbak kagyz iberer-de içinde näme bolar öýdýäň? Siz dogrudanam şu kagyzlaryň ýüzünde goşgy bardyr öýdýäňizmi? Elbetde. Olary okabam bolarmy? Alym daşyna dyňzaýan şatlyk hem guwanç duýgularyny zor bilen basyp merdemsi gürledi. Bolar. Bu gün bolmasa ertir biz muny okarysam ile äşgärem ederis. Çapdanam çykararys. Nireden, nädip gelenini,kimiň ýazanyny subudam ederis.Ölüm diýlen zadyň ýokdugyny şahyryň özem aýdypdy ahyry. Ýadyňa düşýärmi? Howwa. “Adamlar ölüm diýlen ýok zady oýlap tapypdyrlar. Ölüm näme? Tebigata garylmak! Baharda gül bolup dünýä inmek! Gök ot bolup aýaklara çolaşmak, diýipdi. Dogry. Kiçijik zeminiň üstündäki ýönekeýje kynçylyklaram düzedip bilmedik hallaryna çyn şahyrlar indi dünýälerden – dünýälere geçişip ähli dünýäleriň labyrlaryny gerdenlerinde göterişip ýörler. Olaryň hiç ýerde-de köňülleri karar tapmaýar. Olar külli älemiň ilçileri… Bükdüzow arkasy tüýlek sag eliniň aýasyny kagyz ýüşmeginiň üstüne goýdy. Şu günki gün ähli dinleriň bir dine, ähli döwletleriň bir döwlete birikmek zerurlygynyň ýüze çykyşy ýaly, bir döwür jümle-jahandaky ähli dünýäleriňem bir dünýä birikmek zerurlygy ýüze çykar. Şonda esasy borç şahyr ýürekli adamlaryň gerdenine düşer. Biziň bu günki duş gelen hadysamyz bolsa bir zamanky guruljak şol Beýik binanyň binýadydyr. Bu- bir wagtky dogjak täze bir Günüň säheridir. Saňa oraşan görnen şahyr bolsa, şol säheriň bilbilidir. Buşlukçysydyr. Biribaryň çakylykçysydyr. Onuň sesi ýeke ikimize däl, başga-da kän-kän ynsanlara eşidilip ugrandyr. Takyk bil, biz uly bir öwrülişigiň öňünde durandyrys. Bükdüzow şondan soňam köp gürledi. Ýöne indi meniň wagyz-nesihat diňläsim gelenokdy-da, şahyryň göze görünmeýän dünýäden iberen goşgularyny okasym, onuň nämeler barada ýazandygyny bilesim gelip içimi it ýyrtyp barýardy. Aslynda ol kagyzlaryň ýüzündäkiler goşgumyka beri? Egerde Bükdüzowyň aýdyşy ýaly ýeke bir ýer ýüzi däl-de, külli älem ägirt uly bir öwrülişigiň, öňusyrasynda duran bolsa, şahyrlaram şol täzelenişiň çarlaklary bolsalar, onda biziň bu günki göze görünmeýän aragatnaşyk ulgamy arkaly alan “posylkamyz” Älem içre guruljak täze bir taglymatyň taslamasy bolaýmasyn? Allatagallanyň ynsanyýete iberen täze bir buýrugynyň ýazmaça beýany, düzgünnamasy bolaýmasyn? Men häzir ana,şol zatlar barada pikir edýärin. Mende indi hälki ýaly görky-ürki ýok. Ýüzi boş görünýän bir topbak kagyz indi meniň kalbyma sowuklyk, wehim salanok-da, ýylylyk çaýýar.Yşyk berýär. Barha we barha özüne çekýär. Imrindirýär. Mähir çoýýar. Şeýle bir ylahy tutumyň başyny başlap, ägirt uly täzelenişigiň aladasynda ýören şahyr dostumyň dek häzir ýanynda däldigim, şol uly başlangyja özümiňem goşant goşup bimeýändigim üçin kemsinmekden ýaňa men indi özümi oňaýsyz düýýaryn. Şonuň üçinem, Bükdüzowyň sözleri gulagyma ilenok. Göwräm bolsa göwnüme eýýäm kürsüň tanapyny külterläp arşy-aglaýa tarap zymdyrylyp barýan ýaly. 2006-2008 ý. Juma Hudaýguly. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||