BAŞLYK AGA, BAGYŞLA
(A.Çehowa öýkünme)
- Başlyk aga jan, mümkinmidir?!
- Mümkindir.
- Başlyk aga, meñ bilen deñ bolmaweriñ.
- Hä, näme boldy?
- Ýanyñyza ýörite ötünç soramaga geldim.
- Näme boldy diýýän-how?!
- Öten agşam, daña golaý...
- Kolhozyñ samanyny ogurladyñmy?
- Ýok.
- Onda näme ogurladyñ?
- Ogurlan zadym-a ýok, ýöne...
- Hä, o nämäñ "ýönesi"?
- Düýşümde bilmän kölegäñizi basaýypdyryn, edil garnyñyzyñ üstünden.
- Näme edäýipdirin?
- Walla, başlyk aga jan, gatyrganmasañyzlañ. Bilmän atanlykda basaýypdyryn.
- Nämäni basdyñ?
- Garnyñyzy. Kölegäñiziñ garnyny, nemedipdirindär-aý...
- Menlik başga işiñiz barmy?
- Başlyk jan, gatyrganmasañyzlañ.
- Gatyrganamok-how, başyña-gözüñe döneýin. Bar gitsene, öñem işim başymdan agdyk.
- Dogrymy aýdýan başlyk. Sögüp zad-a etmedim.
- (Gaharly). Sen maña gün berjekmi ýa-da ýok?
- Ýýak, başlyk aga, ömrümizde bir etmesi iş etdik welin, käýinmeseñizläñ.
- Sen meñ ýakamy goýberjekmi ýa-da ýok?
- Men ýakañyzdan tutmadym, öwülýä kessin, dogrymy aýdýan. Diñe kölegäñ garnyndan basdym.
- (Has gaharlanýar). Ah-ow, bendäñ çagasy, men senden bizar boldum, bar gitsene...
- Günämi geçiñ başlyk. Indi beýle zada ýol bermen.
- Sen meni halys ýykdyñ-la-how...
- Sizi ýykan men däl, orunbasaryñ ýykdy. Men ýöne bilmän garnyñyzdan basypdyryn, kölegäñiziñ garnyndan.
- Ugra şu ýerden, gözüme görünme... (çirkin gygyrýar).
- Baý başlygymyzam hyrsyz bolupdyr-aý. Sähel zat üçin gygyryp dur. Men seniñ garnyñdan basamok, how, kölegäñ garnyndan basdym. Aý, gowusy, aýalyna ýalbaraýyn-la. Garagy çykan ýaly şoñ diýenini-hä eder-dä (çykyp gidýär).
Täçmämmet JÜRDEKOW.
Satiriki hekaýalar