14:55 Baýbüräniñ ogly Bamsy Birek boýny beýan eder | |
KITABY DÄDEM GORKUT
BAÝBÜRÄNIŇ OGLY BAMSY BEÝREK BOÝNY BEÝAN EDER Hanym heý! Gamgan ogly han Baýyndyr ýerinden turmuşdy. Gara ýeriň üstüne ak ban öýün dikdirmişdi. Ala saýawan gök ýüzüne germişdi. Müň ýerde ýüpek halyça düşenmişdi. Içoguz, daşoguz begleri Baýyndyr hanyň söhbetine ýygnanmyşdy. Baýbüre beg dahy Baýyndyr hanyň söhbetine gelmişdi. Baýyndyr hanyň garşysynda Gara Güne ogly Gara Pudak ýaýy daýanyp durmuşdy. Sag ýanynda Gazan ogly Oraz durmuşdy, sol ýanynda Kazylyk goja ogly beg Ýegenek durmuşdy. Baýbüre beg bulary gördüginde ah eýledi. Başyndan akly gitdi. Destmalyn eline aldy, bögüre-bögüre aglady. Beýle diýgeç, galyň oguz arkasy, Baýyndyr hanyň giýewsi Salyr Gazan gaba dyzynyň üstüne çökdi. Gyýa dikibän Baýbüre begiň ýüzüne bakdy. Aýdar: — Baýbüre beg, ne aglaýyp bozlar sen? Baýbüre beg aýdar: — Han Gazan, neçün aglamaýyn, neçün bozlamaýyn? Oguldan ortajym ýok, gardaşdan gadyrym ýok. Allatagala meni gargapdyr. Begler, täjim-tagtym üçin aglaram. Bir gün ola, düşem, ölem, ýerimde-ýurdumda kimse galmyýa — diýdi. Gazan aýdar: — Maksadyň bumudyr? Baýbüre beg aýdar: — Beli, budur. Meniň dahy oglum bolsa, han Baýyndyryň garşysyn alsa-dursa, gulluk eýlese, men dahy baksam, söýünsem-guwansam, buýsansam — diýdi. Beýle diýgeç, galyň oguz begleri ýüz göge tutdular, el galdyryp, doga eýlediler. «Allatagala saňa bir ogul bersin» diýdiler. Ol zamanda begleriň alkyşy alkyş, gargyşy gargyş idi, dogalary kabul bolardy. Baýbijan beg dahy ýerinden ör turdy. Aýdar: — Begler, meniň dahy hakyma bir doga eýläň! Allatagala maňa-da bir gyz bere — diýdi. Galyň oguz begleri el galdyrdylar, doga eýlediler. «Allatagala saňa-da bir gyz bere» diýdiler. Baýbijan beg aýdar: — Begler, Allatagala maňa bir gyz berjek bolar-sa, siz şaýat boluň, meniň gyzym Baýbüre beg ogluna sallançakdan adagly bolsun — diýdi. Munuň üstünden birnäçe zaman geçdi. Allatagala Baýbüre bege bir ogul, Baýbijan bege bir gyz berdi. Galyň oguz begleri muny eşitdiler. Şat bolup söýündiler. Baýbüre beg bezirgenlerini ýanyna çagyrdy, buýruk etdi. —Mere, bezirgenler, Allatagala maňa bir ogul berdi, baryň Rum iline, meniň oglum üçin ýagşy serpaýlar getiriň. Meniň oglum ulalýança — diýdi. Bezirgenler dahy gije-gündiz ýola girdiler, Ystanbula geldiler. Sorag-ideg ile ýagşy serpaýlar aldylar. Baýbüräniň oglany üçin bir deňiz guluny boz aýgyr aldylar, bir ak tutawaçly gaty ýaý aldylar, bir dahy alty perli gürzi aldylar. Ýol enjamyn gördüler. Baýbüräniň ogly bäş ýaşyna girdi, bäş ýaşyndan on ýaşyna girdi, on ýaşyndan on bäş ýaşyna girdi. Çaýa baksa çalymly, çal gara guş erdemli bir gözel ýagşy ýigit boldy. Ol zamanda bir oglan baş kesmese, gan dökmese at goýmazlardy. Baýbüre begiň ogly atlandy, awa çykdy. Aw awlarkan babasynyň teblesi üstüne geldi. Seýislerbaşy garşylady, inderdi, gonaklady. Iýip-içip oturarlardy. Bu ýaňadan dahy bezirgenler gelibäni Garaderwent agzyna gonmuşlardy. Ýarymasyn-ýarjymasyn Ewnük galasynyň kapyrlary bulary şugullady. Bezirgenler ýatyr eken, gapyl-le bäş ýüz kapyr guýuldylar, çapdylar, taladylar. Bezirgenleriň ulusy tutuldy, kiçisi gaçyp, oguza geldi. Bakdy-gördi oguzyň ujunda bir ala saýawan dikilmiş. Bir emirse hup ýigit kyrk ýigit bilen sagynda we solunda oturarlar. — Oguzyň bir ýagşy ýigidi, ýanyna baraýyn, medet diýeýin — diýdi. Bezirgen aýdar: — Ýigit-ýigit, beg ýigit! Sen meniň üýnüm aňla, sözüm diňle. On alty ýyldyr, kim, oguz içinden gitmiş idik. Möhüm kapyr malyn oguz beglerine getirer idik. Pasynyň Garaderwent agzyna düşüp idik. Ewnük galasynyň bäş ýüz kapyry üstümize guýuldy. Gardaşym tussag boldy. Malymyzy, ryzkymyzy ýagmaladylar, ýene döndiler. Gara başym gutardym, saňa geldim. Gara başyň sadagasy ýigit, medet maňa — diýdi. Bu gezek oglan şerap içerken, içmez boldy. Altyn bulguryny elinden ýere çaldy. Aýdar: — Ne diýdigimi ýetiriň! Geýimim-len meniň şabaz atymy getiriň. Heý, meni söýen ýigitler münsünler — diýdi. Bezirgen dahy öňlerine düşdi, ýolbelet boldy. Kapyr dahy düşübän bir ýerde pul üleşmekde idi. Bu mahalda erenleriň meýdany arslany, pälwanlaryň gaplaňy Bozoglan ýetdi. Bir iki diýmedi, kapyrlara gylyç urdy. Başyn galdyran kapyrlary öldürdi, kaza eýledi. Bezirgenleriň malyny gutardy. Bezirgenler aýdar: — Beg ýigit, bize sen ärlik işlediň. Gel imdi isledigiň maldan al — diýdiler. Ýigidiň gözi bir deňiz guluny Bozaýgyry tutdy, bir-de alty perli gürzi, bir-de ak tutawaçly ýaýy tutdy. Bu üçini isledi. Aýdar: — Mere, bezirgenler, bu aýgyry we dahy bu ýaýy we bu gürzüni maňa beriň — diýdi. Beýle diýgeç, bezirgenler doňdular. Ýigit aýdar: — Mere, bezirgenler, çokmy istedim? — diýdi. Bezirgenler aýtdylar: — Ne çok bolsun! Emma biziň bir begimiz ogly bardyr. Bu üç zady oňa serpaý aparsak gerek idi — diýdiler. Oglan aýdar: — Mere, begiňiz ogly kimdir? Aýtdylar: — Baýbüräniň ogly bardyr, adyna Bamsy diýrler — diýdiler. Baýbüräniň ogly boldugyn bilmediler. Ýigit barmagyn dişledi. Aýdar: — Munda minnet-le almakdan, eýse onda babam ýanynda minnetsiz almak ýegdir — diýdi. Atyn gamçylady, ýola girdi. Bezirgenler ardyndan bakyp galdy. «Walla, ýagşy ýigit, mürewwetli ýigit» diýdiler. Bozoglan babasynyň öýüne geldi. «Bezirgenler geldi» diýip babasy söýündi. Çadyr otag, ala saýawan dikdirdi. Ýüpek halyçalar saldy, geçdi oturdy. Ogluny sag ýanyna aldy. Oglan bezirgenler dogruda biragyz söz söýlemedi. Kapyrlary gyrdygyn aýtmady. Nägähi, bezirgenler geldiler. Baş inderip salam berdiler. Gördüler, kim, ol ýigit, kim, baş kesipdir, gan döküpdir. Baýbüre begiň sagynda oturar. Bezirgenler ýörüdiler, ýigidiň elin öpdüler. Bular beýle edejek Baýbüre begiň gahary geldi. Bezirgenlere aýdar: — Mere, akmak ogly akmaklar, ata durarkan ogul elinimi öperler? Aýtdylar: — Hanym, bu ýigit seniň ogluňmydyr? — Beli, meniň oglumdyr — diýdi. Aýtdylar: — Imdi ynjama, hanym, owal onuň elin öpdügimize. Eger seniň ogluň bolmasaýdy, biziň malymyz Gürjüstana gitmişdi, ählimiz tussag bolmuşdy — diýdiler. Baýbüre beg aýdar: — Mere, meniň oglum başmy kesdi, ganmy dökdi? — Beli, baş kesdi, gan dökdi, adam agtardy — diýdiler. — Mere, bu oglana at goýarça barmydyr? — diýdi. — Beli soltanym, artykdyr — diýdiler. Galyň oguz beglerin çagyrdy, gonaklady. Dädem Gorkut geldi, oglana at goýdy. Aýdar: — Sözüm diňle Baýbüre beg, Allatagala saňa ogul bermiş tuta bersin. Agyr sanjak göterende musulmanlar arkasy bolsun. Garşy ýatan garly daglardan aşar bolsa, Allatagala seniň ogluňa aşyt bersin. Ganly-ganly suwlardan geçer bolsa, geçit bersin. Galabalyk kapyra girende, Allatagala seniň ogluňa pursat bersin. Sen ogluňy «Bamsam» diýip ogşar sen. Munuň ady Bozaýgyrly Bamsy Beýrek bolsun. Adyny men diýdim, ýaşyny Alla bersin — diýdi. Galyň oguz begleri el göterdiler, doga kyldylar. «Bu at, bu ýigide gutly bolsun» diýdiler. Begleriň hemmesi awa mündi. Bozaýgyryn çekdirdi, Beýrek mündi. Nägehandan oguzyň üstüne bir süri keýik geldi. Bamsy Beýrek birini kowa gitdi. Kowa-kowa bir ýere geldi. Ne gördi, soltanym, gördi, gök çaýyryň üstüne bir gyrmyzy otag dikilmiş: — Ýa Reb, bu otag kimiň bola? - diýdi. Habary ýok ke, aljagy ala gözli gyzyň otagy bolsa gerek. Bu otagyň üstüne barmaga edeplendi. Aýtdy: — Ne bolarsa bolsun, hälä men awumy alaýyn — diýdi. Otagyň öňüne ýakyn geldi, keýigi siňirläp tutdy. Bakdy-gördi bu otag Banyçiçek otagymyş ke, Beýregiň sallançakdan nyşanlysy - adaglysydy. Banyçiçek otagdan bakardy: — Mere, enekeler, bu akmak ogly akmak bize ärlikmi görkezer — diýdi. - Baryň, mundan paý diläň, görüň ne diýr — diýdi. Gysyrja ýeňňe diýrler, bir hatyn bardy. Ileri bardy, paý diledi: — Heý ýigit, bize dahy bu keýikden paý ber — diýdi. Beýrek aýdar: — Mere, daýza, men awçy degilem, beg ogly begem, hemmesi size — diýdi. Emma soramak aýyp bolmasyn, bu otag kimiňdir — diýdi. Gysyrja ýeňňe aýdar: — Beg ýigidim, bu otag Baýbijan beg gyzy Banyçiçegiňdir — diýdi. Eýle bolsa hanym, Beýregiň gany gaýnady. Edep-le ýap-ýap yza döndi. Gyzlar keýigi göterdiler, gözeller şahy Banyçiçegiň öňüne getirdiler. Bakdy-gördi ke, bir soltan semiz sugun-keýikdir. Banyçiçek aýdar: — Mere, gyzlar, bu ýigit ne ýigitdir? Gyzlar aýdar: — Walla, soltanym, bu ýigit ýüzi nikaply, ýagşy ýigitdir. Beg ogly beg imiş — diýdiler. Banyçiçek aýdar: — Haý-haý enekeler, (babam) maňa, men seni ýüzi nikaply Beýrege bermişem diýrdi. Bolmasyn kim, bu oldur. Mere, çagyryň, habarlaşaýyn — diýdi. Çagyrdylar. Beýrek geldi. Banyçiçek ýaşmaklandy, habar sordy. Aýdar: — Ýigit gelişiň kandan? Beýrek aýdar: — Içoguzdan. — Içoguzdan kimiň näsi sen? — diýdi. — Baýbüre beg ogly Bamsy Beýrek diýdikleri menem — diýdi. Gyz aýdar: — Ýa ne maslahata geldiň, ýigit! — diýdi. Beýrek aýdar: — Baýbijan begiň bir gyzy barmyş, ony görmäge geldim — diýdi. Gyz aýdar: — Ol beýle adam degildir, kim, saňa görüne — diýdi. - Emma men Banyçiçegiň enekesiýem, gel imdi seniň-le awa çykaly. Eger seniň atyň meniň atymy geçer-se, onuň atyny dahy geçer sen. Hem seniň-le ok ataly, meni geçer seň, ony dahy geçer sen we hem seniň-le göreşeli. Meni basar sen, ony dahy basar sen — diýdi. Beýrek aýdar: — Hoş. Imdi atlanyň! Ikisi atlandylar, meýdana çykdylar. At depdiler, Beýrek aty gyzyň atyny geçdi. Ok atdylar, Beýrek gyzyň okun ýardy. Gyz aýdar: — Mere, ýigit, meniň atymy kimse geçdigi ýok, okumy kimse ýardygy ýok. Imdi, gel seniň-le göreş tutaly — diýdi. Heman Beýrek atdan indi. Garpyşdylar. Iki pälwan bolup, bir-birine sarmaşdylar. Beýrek göterer, gyzy ýere urmak istär, gyz göterer, Beýregi ýere urmak istär. Beýrek ýadady. Aýdar: — Bu gyzdan basyljak bolarsam, galyň oguz içinde başyma utanç, ýüzüme şerim ederler — diýdi. Gaýrata geldi, garwady, gyzyň maýyn aldy, emjeginden tutdy. Gyz gowşady. Bu gez Beýrek gyzyň inçe biline girdi, bagdady, arkasynyň üstüne ýere urdy. Gyz aýdar: — Ýigit, Baýbijanyň gyzy Banyçiçek menem — diýdi. Beýrek üç öpdi, bir dişledi: «Toý gutly bolsun han gyzy» diýip, barmagyndan altyn ýüzügi çykardy, gyzyň barmagyna geçirdi. «Ortamyzda bu nyşan bolsun, han gyzy» diýdi. Gyz aýdar: — Çün beýle boldy, heman imdi ileri durmak gerek beg ogly — diýdi. Beýrek dahy: — Ne ola hanym, baş üstüne — diýdi. Beýrek gyzdan aýrylyp öýlerine geldi. Ak sakgally babasy garşy geldi. Aýdar: — Ogul, geň-enaýy bu gün oguzda ne gördüň? Aýdar: — Ne göreýin, ogly bolan öýermiş, gyzy bolan göçürmiş. Babasy aýdar: — Ogul, ýa seni öýermekmi gerek? — Beli, bes, ak sakgally eziz baba, öýermek gerek — diýdi. Babasy aýdar: — Oguzda kimiň gyzyny alybereýin? — diýdi. Beýrek aýdar: — Baba, maňa bir gyz alyber, kim, men ýerimden turmazdan, ol turgaç gerek. Men garagoç atyma münmezden, ol münmek gerek. Men söweşe barmazdan, ol maňa baş getirmek gerek. Munuň kibi gyz alyber, baba, maňa — diýdi. Babasy Baýbüre han aýdar: — Ogul, sen gyz dilemez sen, özüňe bir egindeş istärmiş sen, ogul, meger sen istedigiň gyz Baýbijan beg gyzy Banyçiçek bola? — diýdi. Beýrek aýdar: — Beli, pes, hawa, ak sakgally, eziz baba, meniň dahy istedigim oldur — diýdi. Babasy aýdar: — Eý ogul, Banyçiçegiň bir däli gardaşy bardyr. Adyna Däli Garçar diýrler. Gyz diläni öldürer. Beýrek aýdar: — Ýa pes, ne edeliň? Baýbüre beg aýdar: — Ogul, galyň oguz beglerini odamyza çagyraly. Nije maslahat görerler-se, oňa görä iş edeli — diýdi. Galyň oguz begleriniň ählisini çagyrdylar, odalaryna getirdiler, agyr gonaklyk eýlediler. Galyň oguz begleri aýtdylar: - Bu gyzy istemäge kim barabiler? Maslahat gördüler ke: «Däde Gorkut barsyn» diýdiler. Däde Gorkut aýdar: — Ýaranlar, çünki meni gönderersiz, bilirsiz, kim, Däli Garçar gyz gardaşyny dileýeni öldürer. Bäri Baýyndyr hanyň teblesinden iki şabaz ýüwrük at getiriň. Bir geçi başly Geçer aýgyry, bir tokly başly Dory aýgyry. Nägäh, gaçma-kowma bolar-sa, birisini münem, birisini iýdem — diýdi. Däde Gorkudyň sözi makul geldi. Bardylar, Baýyndyr hanyň teblesinden ol iki aty getirdiler. Däde Gorkut birin mündi, birin iýtdi. — Ýaranlar, sizi Haka tabşyrdym — diýdi. Gitdi. Meger soltanym, Däli Garçar dahy ak ban öýüni, ak otagyny gara ýeriň üstüne gurdurmyş idi. Ýoldaşlary ile nyşana atyp oturardy. Dädem Gorkut aňyrdan bäri geldi. Baş inderdi, bagyr basdy. Agyz-dilden görkli salam berdi. Däli Garçar agzyn köpüklendirdi. Däde Gorkudyň ýüzüne bakdy. Aýdar: — Aleýk essalam, eý amaly azmyş, pygly dönmiş, kadyr Alla ak alnyna kaza ýazmyş. Aýaklylaryň bu ýere geldigi ýok, agyzlylaryň bu suwumdan içdigi ýok, saňa ne boldy? Amalyňmy azdy, pyglyňmy azdy, ajalyňmy geldi? Bu aralarda neýlär sen? — diýdi. Däde Gorkut aýdar: — Garşy ýatan gara dagyňy aşmaga gelmişem, Akar görkli suwuňy geçmäge gelmişem, Giň etegiňe, dar goltugyňa gysylmaga gelmişem, Taňrynyň buýrugy-le, pygamberiň kowly-le, Aýdan ary, günden görkli gyz gardaşyň, Banyçiçegi Bamsy Beýrege dilemäge gelmişem — diýdi. Däde Gorkut beýle diýgeç, Däli Garçar aýdar: — Mere, ne diýdigim ýetiriň! Gara aýgyry ýarag-le getiriň — diýdi. Gara aýgyry ýarag-le getirdiler, Däli Garçary mündürdiler. Däde Gorkut kössegi üzdi, durmady, gaçdy. Däli Garçar ardyna düşdi. Tokly başly Dory aýgyr ýoruldy. Däde Gorkut geçi başly Geçer aýgyra syçrady mündi. Dädeýi kowa-kowa Däli Garçar on beleň ýer aşyrdy. Däde Gorkudyň ardyndan Däli Garçar ýetdi. Dädäniň essi aýyldy. Taňryýa sygyndy, «Ismiagzam» okady. Däli Garçar gylyjyn eline aldy, ýokarsyndan gazap ile hemle kyldy. Däli beg istedi ke, Dädäniň depesine çala. Däde Gorkut aýtdy: — Çalarsaň eliň gurysyn — diýdi. Haktagalanyň emri-le Däli Garçaryň eli ýokarda asylgy galdy. Çünki, Däde Gorkut keramat eýesi idi, dilegi kabul boldy. Däli Garçar aýdar: — Medet, aman, el-aman, Taňrynyň birligine ýokdur güman. Sen meniň elimi sagaldawer, Taňrynyň buýrugy-le, pygamberiň kowly-le gyz garyndaşymy Beýrege bereýin — diýdi. Üç gezek agzyndan ykrar eýledi, günäsine toba eýledi. Däde Gorkut doga eýledi. Däliniň eli Hak emri-le sapa-sag boldy. Döndi. Aýdar: — Däde, gyz garyndaşym ýoluna, men ne istärsem berermi sen? — diýdi. Däde aýdar: — Bereli! — diýdi. - Göreli ne istär sen? Däli Garçar aýdar: — Müň bugra getiriň, kim maýa görmedik bola, müň dahy aýgyr getiriň, kim, hiç gysraga aşmadyk bola, müň dahy goýun görmedik goç getiriň, müň-de guýruksyz - gulaksyz köpek getiriň, müň dahy büre getiriň maňa — diýdi. — Eger bu diýdigim näsneleri getirersiňiz, hoş berdim, emma getirmejek bolar sen bu gaýta öldürmedim, ol wagty öldürerin — diýdi. Däde döndi. Baýbüre öýlerine geldi. Baýbüre beg aýdar: — Däde, oglanmy sen, gyzmy sen? Däde: — Oglanam — diýdi. — A, pes, nije gutuldyň däli Garçaryň elinden? — diýdi. Däde aýdar: — Allanyň enaýaty, erenleriň hümmeti boldy. Gyzy aldym — diýdi. Beýrege we enesine we gyz gardaşlaryna buşlukçy geldi. Söýündiler, şat boldular. Baýbüre beg aýdar: — Däli ne gadar mal istedi? Däde aýdar: - Ýarymasyn-ýarjymasyn Däli Garçar eýle mal istedi ke, hiç bitmesin — diýdi. Baýbüre beg aýdar: — Hälä, ne diledi? Däde aýdar: — Müň aýgyr dileýdir, kim, gysraga aşmadyk bola, müň dahy bugra diledi, kim, maýa görmedik bola, müň-de goç diledi, goýun görmedik bola. Müň-de guýruksyz-gulaksyz köpek diledi, müň dahy garaja-garaja büreler diledi. Bu zatlary getirjek bolarsyňyz gyz garyndaşymy bererin, getirmejek bolarsyň gözüme görünmeýesen, ýogsa seni öldürerin — diýdi. Baýbüre beg aýdar: — Däde, men üçüni tapsam, ikisini sen taparmysen? — diýdi. Däde Gorkut: — Beli, hanym, tapaýyn — diýdi. Baýbüre beg aýtdy: — Imdi däde, köpek-le büräni sen tap — diýdi. Dahy, özi teble-teble atlaryna bardy, müň aýgyr seçdi, düýelerine bardy, müň bugra-ner seçdi, goýunlaryna bardy, müň goç seçdi. Däde Gorkut dahy müň guýruksyz-gulaksyz köpek-le, müň dahy büre tapdy. Alyp bulary Däli Garçara gitdi. Däli Garçar eşitdi, garşy geldi: — Göreýin, diýdigimi getirdilermi? — diýdi. Aýgyrlary görejek begendi. Düýeleri gördüginde begendi, goçlary (görejek) begendi, köpekleri görejek kah-kah güldi. Aýdar: — Däde, ýa hany meniň bürelerim? Däde Gorkut: — Haý, ogul Garçar, adamy bu bökelek kibi bökdürer. Ol bir ýowuz janawerdir, ählisini bir ýerde ýygnap dururam. Gel gideli, semizin al, arrygyn goý — diýdi. Aldy, Däli Garçary bir büreli ýere getirdi. Däli Garçary ýalaňaç eýledi, agyla goýdy. Büreler Däli Garçara üýşdüler. Gördi, gaçyra bilmez. Aýdar: — Medet, Däde, kerem eýle Alla yşkyna, gapyny aç, çykaýyn — diýdi. Däde Gorkut: — Ogul Garçar, ne gargyş edersen, göter-ä, bu dilän närsäňdir. Ne bolduň, beýle ejizlediň? Semizin al, arrygyn goý — diýdi. Däli Garçar aýdar: — Haý Däde soltan, Taňry munuň semizini-de alsyn, arrygyny-da alsyn. Derrew meni gapydan daşary çykar, medet! — diýdi. Däde gapyny açdy. Däli Garçar çykdy. Däde gördi, kim, Däliniň janyna geçmiş, başy gapysy bolmuş, göwresi büreden görünmez, ýüzi-gözi bildirmez. Dädäniň aýagyna düşdi: — Alla yşgyna meni gutar — diýdi. Däde Gorkut: — Bar ogul, özüňi suwa ur — diýdi. Däli Garçar böküp bardy, suwa düşdi. Büreler, suwa akdy gitdi. Geldi geýimin geýdi, öýüne gitdi. Agyr toý ýaragyn gördi. Oguz zamanynda bir ýigit ke öýlense, ok atardy. Oky ne ýere düşse, onda gerdek dikerdi. Beýrek han dahy okun atdy, düýbüne gerdegin dikdi. Adaglysyndan sowgatlyk bir gyrmyzy don geldi. Beýrek geýdi. Ýoldaşlaryna bu iş hoş gelmedi. Tukatlandylar. Beýrek aýdar: — Näme tukatlandyňyz?- diýdi. Aýtdylar: — Näme tukatlanman? Sen gyzyl don geýer sen, biz ak don geýeris — diýdiler. Beýrek aýdar: — Bu gadar zatdan ötri beýle, näme tukatlanýarsyňyz, bu gün men geýdim, ertir naýybym geýsin. Kyrk güne deňiç gezekleşip geýeris, ondan soňra bir derwüşe bereliň — diýdi. Kyrk ýigit ilen iýip-içip oturarlardy. Ýarymasyn-ýarjymasyn kapyryň jansyzy bulary şugullady. Baryp Baýburt galasynyň begine habar berdi. Aýdar: — Ne oturarsen soltanym, Baýbijan beg, ol saňa berejek gyzyny Beýrege berdi. Bu gije gerdegine girir — diýdi. Ýarymasyn-ýarjymasyn ol melgun, ýedi ýüz kapyr-le ylgady. Beýrek ap-alaja öýi içinde iýip-içip, bihabar oturardy. Gije ukusynda kapyr otaga döküldi. Naýyp gylyjyn syrdy, eline aldy. «Meniň başym Beýrek başyna gurban bolsun» diýdi. Naýyp paralandy, şehit boldy. Çuň bolsa — batyrar, köplük — gorkuzar. At işlär, är öwüner. Pyýada äriň umydy bolmaz. Otuz dokuz ýigit-len Beýrek tussag gitdi. Daň ötdi, gün dogdy. Beýregiň atasy-enesi bakdy-gördi, kim, gerdek görünmez bolmuş. Ah etdiler. Akyllary başlaryndan gitdi. Gördüler, kim, uçarda guzgun galmyş, tazy dolaşmyş ýurtda galmyş. Öý paralanmyş, naýyp şehit bolmuş. Beýregiň babasy gaba telpegini göterip ýere çaldy. Dartdy ýakasyn ýyrtdy. «Ogul-ogul» diýibän bögürdi, zarlyk kyldy. Ak saçly enesi buldur-buldur aglady, gözüniň ýaşyn dökdi. Ajy dyrnak ak ýüzüne aldy çaldy. Al ýaňagyn dartdy, gargy kibi gara saçyny ýoldy. Aglaýybany, sojaýybany öýüne geldi. Baýbüre begiň tüýnügi altyn ban öýüne hasrat girdi. Gyz-gelini kah-kah gülmez boldy. Gyzyl hyna ak eline ýakmaz boldy. Ýedi gyz gardaşy ak çykardylar, gara donlar geýdiler. — Waý, begim gardaş, myradyna-maksadyna ýetmeýen ýalňyz gardaş — diýip aglaşdylar, bögürişdiler. Beýregiň adaglysyna habar boldy. Banyçiçek garalar geýdi, ak donuny çykardy. Güýz almasy kibi ak ýaňagyny dartdy, ýyrtdy: — Waý, al tuwagym eýesi, Waý, alnym-başym umydy, Waý, şa ýigidim Waý, şabaz ýigidim. Doýynçam ýüzüne bakmadygym, Hanym ýigit! Kanda gitdiň meni ýalňyz goýup, Janym ýigit! Göz açyban gördügim, Köňül ile söwdügim, Bir ýassykda baş goýdugym, Ýolunda öldügim-gurban boldugym, Waý, Gazan begiň geňeşdary, Waý, galyň oguzyň isleglisi Beýrek - diýip, zar-zar aglady. Muny eşidip Gyýan Seljuk ogly Däli Dondar ak çykardy, gara geýdi. Beýregiň ýaru-ýoldaşlary agy çykaryp, garalar geýdiler. Galyň oguz begleri Beýrek üçin ýas tutdular, umyt üzdüler. Munuň üstüne on alty ýyl geçdi. Beýregiň ölüsin-dirisin bilmediler. Bir gün gyzyň gardaşy Däli Garçar Baýyndyr hanyň diwanyna geldi. Dyzyn çökdi. Aýdar: — Döwletli hanyň ömri uzyn bolsun! Beýrek diri bolsa on alty ýyldan bäri gelerdi. Bir ýigit bolsa, dirisi habaryn getirse, dolap altyn-pul bererdim. Ölüsi habaryn getirene gyz gardaşym bererdim — diýdi. Beýle diýgeç, ýarymasyn-ýarjymasyn Ýalançy ogly Ýaltajyk aýdar: — Soltanym, men baraýyn, ölüsi-dirisi habaryn getireýin — diýdi. Meger, Beýrek muňa bir köýnek bagyşlamyş idi, geýmez idi, saklardy. Bardy, köýnegi gana-guna ýatyrdy. Baýyndyr hanyň öňüne getirip oklady. Baýyndyr han aýdar: — Mere, bu ne köýnekdir? — Beýregi Garaderwentde öldürmişler, bu-da nyşany, soltanym — diýdi. Köýnegi görejek begler ögür-ögür aglaşdylar, zarylyklara girdiler. Baýyndyr han aýdar: — Mere, näme aglarsyz? Biz muny tanymarys, adaglysyna eltiň, görsün. Ol ýagşy bilir, çünki ol tikipdir, ýene ol tanar — diýdi. Bardylar, köýnegi Banyçiçege eltdiler. Gördi, tanady. «Oldur» diýdi. Tutdy ýakasyn ýyrtdy. Ajy dyrnak ak ýüzüne aldy çaldy. Güýz almasy kibi al ýaňagyn ýyrtdy: — Waý, göz açyp gördügim, köňül berip söýdügim. Waý, al tuwagym eýesi. Waý alnym-başym umydy, han Beýrek - diýip, aglady. Babasyna, enesine habar boldy. Ap-alaja ordasyna hasrat girdi. Ak çykardylar, gara geýdiler. Galyň oguz begleri Beýrekden umyt üzdüler. Ýalançy ogly Ýaltajyk kiçi toýuny eýledi, uly toýuny soňa goýdy. Beýregiň babasy Baýbüre beg, dahy bezirgenleri çagyrdy, ýanyna getirdi. Aýdar: — Mere, bezirgenler, baryň yklym araň, Beýregiň ölüsi-dirisi habaryn getireýdiňiz, bolarmy — diýr. Bezirgenler ýarag gördüler. Gije-gündiz diýmän ýörüdiler. Nägäh, Parasaryň Baýburt galasyna geldiler. Meger, ol gün kapyrlaryň baýramçylyk günleri idi. Her biri iýmekde- içmekde idi. Beýregi dahy getirip, gopuz çaldyrarlardy. Beýrek beýik telärden bakdy, Bezirgenleri gördi. Bulary gördüginde habarlaşdy. Görelim hanym, ne habarlaşdy. Aýdar: — Alaň-alçak howa ýerden gelen argyş, Beg babamyň, kadyn enemiň sowgady argyş, Aýagy uzyn şabaz ata münen argyş, Üýnüm aňla, sözüm diňle, argyş, Galyň oguz içinde Ulaş ogly Salyr Gazany, Sorar bolsam, sagmy, argyş? Gyýan Seljuk ogly Däli Dondary, Sorar bolsam, sagmy, argyş?! Gara Güne ogly Gara Pudagy, Sorar bolsam, sagmy, argyş?! Ak sakgally babamy, Ak pürçekli enemi, Sorar bolsam, sagmy, argyş?! Ýedi gyz gardaşymy, Sorar bolsam, sagmy argyş?! Göz açyban gördügim, Köňül-le söwdügim, Baýbijan gyzy Banyçiçek, Öýdemi, argyş, ýogsa gördemi, argyş?! Diýgil maňa, Gara başym gurban bolsun, argyş, saňa — diýdi. Bezirgenler aýdar: — Sagmy sen, esenmi sen, janym Bamsy! On alty ýylyň hasraty Bamsy, Galyň oguz içinde, Gazan begi s Sorar bolsaň, sagdyr, Bamsy. Gyýan Seljuk ogly Däli Dondary Sorar bolsaň, sagdyr, Bamsy. Gara Güne ogly Pudagy, Sorar bolsaň, sagdyr, Bamsy. Ol begler ak çykardy, gara geýdi. Seniň üçin, Bamsy! Ak sakgally ataňy, Ak pürçekli eneňi, Sorar bolsaň, sagdyr, Bamsy. Ak çykaryp, gara geýdiler, Seniň üçin, Bamsy! Ýedi gyz gardaşyň, ýedi ýol aýyrdyňda, Aglar gördüm, Bamsy! Güýz almasy kibi al ýaňaklaryny, Ýyrtar gördüm, Bamsy! Bardy, gelmez gardaş diýip, Zarlyk eder gördüm, Bamsy! Göz açyban gördügiň, Köňül berip söýdügiň, Baýbijan gyzy Banyçiçek, Kiçi toýun eýledi, Uly toýuny wada goýdy. Ýalançy ogly Ýaltajyga barar gördüm. Han Beýrek, Parasaryň Baýburt galasyndan uçagörgül! Ap-alaja öýüňe gelegörgül! Gelmez bolsaň Baýbijan gyzy Banyçiçegi aldyrdyň, Belli bilgil — diýdi. Beýrek galkdy, aglaýu-aglaýu kyrk ýigidiniň ýanyna geldi. Gaba saryk göterdi, ýere çaldy. Aýdar: — Heý, meniň kyrk ýoldaşym! Bilermisiz näler boldy? Ýalançy ogly Ýaltajyk meniň ölüm habarym eltmiş. Tüýnügi altyn ban öýüne babamyň hasrat girmiş. Gaza meňzär gyz-gelini ak çykarmyş, gara geýmiş. Göz açyban gördügim, köňül ile söwdügim Banyçiçek Ýalançy ogly Ýaltajyga barar bolmuş. Beýle diýgeç, kyrk ýigidi gaba saryklaryny göterdiler, ýere çaldylar. Bögüre-bögüre aglaşdylar, zarlyk kyldylar. Meger, kapyr beginiň bir durmuşa çykmadyk gyzy bardy. Her gün Beýregi görmäge gelerdi. Ol gün ýene görmäge geldi. Bakdy-gördi, Beýrek gaýgylanmyş. Gyz aýdar: — Neçün gamly sen, hanym ýigit? Geldigimçe seni şat görerdim. Gülerdiň, oýnardyň. Indi nähili bolduň? — diýdi. Beýrek aýdar: — Niçik gamlanmaýyn? On alty ýyldyr, kim, babaňyň tussagyýam. Ata-enä, kowum-gardaşa zaram we hem bir gara gözli adaglym bardy. Ýalançy ogly Ýaltajyk diýrler, bir kişi bardy. Barmyş, ýalan söýlemiş, meni öldi diýmiş. Oňa barar bolmuş — diýdi. Beýle diýgeç, gyz Beýregi aşyklamyşdy, aýdar: — Eger seni galadan aşaga urgan-le sallandyrsam, babaňa-eneňe saglyk-le barsaň, gowuşsaň, meni munda gelip halallyga alyrmy sen? — diýdi. Beýrek ant içdi: — Gylyjyma dogranaýyn, okuma sanjylaýyn, ýer kibi kertileýin, toprak kibi sowrulaýyn, saglyk-le barsam oguza, gelip seni halallyga almaz isem — diýdi. Gyz dahy urgan getirip Beýregi galadan aşaga sallandyrdy. Beýrek aşaga bakdy. Özüni ýer ýüzünde gördi. Allaha şükür eýledi, ýola düşdi. Giderek, kapyryň ýylkysyna geldi. Bir at tapsam, tutaýyn, müneýin — diýdi. Bakdy, gördi özüniň deňiz guluny Bozaýgyr munda otlanyp durar. Bozaýgyr dahy Beýregi görüp tanydy. Iki aýagynyň üzerine durdy, kişňedi. Beýrek dahy muny öwmüş. Görelim hanym, nije öwmüş. Aýdar: - Açyk-açyk meýdana Meňzär seniň alynjygyň. Iki şeb çyraga Meňzär seniň gözjagazyň. Ýüpege meňzär seniň ýaljagazyň. Iki goşa gardaşa Meňzär seniň gulajygyň. Äri myradyna ýetirer seniň arkajygyň, At diýmezem saňa, gardaş diýrem, Gardaşymdan ýigit başyma iş geldi, Ýoldaş diýrem, ýoldaşymdan ýeg —(diýrem) — diýdi. At başyny ýokary tutdy, bir gulagyn galdyrdy, Beýrege garşy geldi. Beýrek at göwsün gujaklady. Iki gözün öpdi. Syçrady mündi. Galanyň gapysyna geldi. Otuz dokuz ýoldaşyny istedi. Görelim hanym, niçe istedi. Beýrek aýdar: — Mere, başga dinli kapyr, Meniň agzyma sögüp durur sen, duýabilmedim, Gara doňuz etinden ýahna iýdirdiň, doýabilmedim, Taňry maňa ýol berdi, gider boldum. Mere, kapyr. Otuz dokuz ýigidim amanaty, mere, kapyr. Birin az bilsem ýerine on öldürerin, Onun az bilsem, ýerine ýüzün öldürerin. Mere, kapyr, Otuz dokuz ýigidim amanaty, mere, kapyr — diýdi. Dahy, aldy ýöriberdi. Kyrk sany kapyrlar atlandylar, ardyna düşdüler. Kowa gitdiler, ýetmediler, döndüler. Beýrek oguza geldi. Bakdy-gördi, bir ozan gider. Aýdar: — Mere, ozan, nireýe gider sen? Ozan aýdar: — Beg ýigit, toýa giderem. Beýrek aýdar: —Toý kimiň? — Ýalançy ogly Ýaltajygyň — diýdi. — Mere, kimiň näsin alar? — diýdi. Ozan aýdar: — Han Beýregiň adaglysyn alar — diýdi. Beýrek aýdar: — Mere, ozan, gopuzyň maňa bergil, atymy saňa bereýin. Sakla, gelem, bahasyn getirem, alam — diýdi. Ozan aýdar: — Owazym gädilmezden, üýnüm bogulmazdan bir atdyr elime girdi. Elteýin, saklaýyn — diýdi. Ozan gopuzy Beýrege berdi. Beýrek gopuzy aldy. Babasynyň ordasyna ýakyn geldi. Bakdy-gördi, birnäçe çopanlar ýoluň gyrasyn almyşlar. Aglarlar. Ýenem durman, daş ýygarlar. Beýrek aýdar: — Mere, çopanlar, bir kişi ýolda daş bolsa meýdana atar, siz bu ýolda bu daşy neçün ýygar siz? Çopanlar aýdar: — Mere, sen özüňi bilir sen, biziň halymyzdan habaryň ýok — diýdiler. — Mere, ne halyňyz bardyr? Çopanlar aýdar: — Begimiziň bir ogly bardy, on alty ýyldyr, kim, ölüsi-dirisi habaryn kimse bilmez. Ýalançy ogly Ýaltajyk diýrler, ölüsi habaryn getirdi. Adaglysyn oňa berer boldular. Geler, mundan geçer, uralyň ony. Oňa barmasyn, deňine-duşuna barsyn — diýrler. Beýrek aýdar: — Mere, ýüzüňiz ak bolsun. Agaňyzyň çöregi size halal bolsun — diýdi. Ondan babasynyň ordasyna geldi. Meger öýleri öňünde bir beýik agaç bardy. Düýbünde bir ýagşy çeşme bardy. Beýrek bakdy-gördi, kim, kiçi gyz garyndaşy çeşmeden suw almaga geler. Gardaş Beýrek diýip aglar, bozlar. «Toýuň-dügüniň gara boldy» diýip aglar. Beýrege gaty pyrak geldi, saklatmady, buldur-buldur gözüniň ýaşy rowan boldy. Çagyrybany bu ýerde soýlar. Görelim hanym, ne soýlar. Beýrek aýdar: — Mere, gyz, Ne aglar sen, ne bozlar sen, aga diýip, Ýandy bagrym, köýündi içim, Meger seniň agaň ýok bolupdyr, Ýüregiňe gaýnar ýaglar guýulypdyr. Gara bagryň sarsylypdyr. Aga diýip ne aglar sen, ne bozlar sen, Ýandy bagrym, köýündi içim, Garşy ýatan gara dagy sorar bolsam, ýaýlag kimiň? Sowuk (sowuk) suwlaryny sorar bolsam, içit kimiň? Teble-teble şabaz atlary sorar bolsam, münüt kimiň? Hatar-hatar düýelerini sorar bolsam, ýüklet kimiň? Agyldaky akja goýun sorar bolsam, şölen kimiň? Garaly-gökli otagy sorar bolsam, kölge kimiň? Agyz-dilden gyz kişi habar maňa, Gara başym gurban bolsun bu gün saňa — diýdi. Gyz aýdar: — Çalma ozan, aýtma ozan, Garalyja men gyzyň, näsine gerek ozan?! Garşy ýatan (gara) dagy sorar bolsaň, Agam Beýregiň ýaýlasydyr. Agam Beýrek gideli ýaýlarym ýok. Sowuk-sowuk suwlary sorar bolsaň, Agam Beýregiň içididi. Agam Beýrek gideli içerim ýok. Teble-teble şabaz atlary sorar bolsaň, Agam Beýregiň münüdidi, Agam Beýrek gideli münerim ýok. Hatar-hatar düýeleri sorar bolsaň, Agam Beýregiň ýükledidi, Agam Beýrek gideli ýükledim ýok. Agyldaky akja goýuny sorar bolsaň, Agam Beýregiň şölenidi, Agam Beýrek gideli şölenim ýok. Garaly-gökli otagy sorar bolsaň, Agam Beýregiňdir. Agam Beýrek gideli göçerim ýok. Ýene gyz aýdar: — Mere, ozan, Garşy ýatan gara dagdan aşyp geldigiňde-geçdigiňde, Beýrek atly bir ýigide duşmadyňmy?! Daşgyn-daşgyn suwlary aşyp geldigiňde-geçdigiňde, Beýrek atly bir ýigide duşmadyňmy?! Agyr atly şäherlerden geldigiňde (geçdigiňde), Beýrek atly bir ýigide duşmadyňmy?! Mere, ozan, gördüň ise diýgil maňa, Gara başym gurban bolsun, ozan, saňa — diýdi. Gyz ýene aýdar: — Garşy ýatan gara dagym ýykylypdyr, Ozan, seniň habaryň ýok. Kölgelije gaba agajym kesilipdir, Ozan, seniň habaryň ýok. Dünýälikde bir gardaşym alynypdyr, Ozan, seniň habaryň ýok. Çalma ozan, aýtma ozan, Garalyja men gyzyň näsine gerek ozan? Ileriňde toý bar, toýa baryp ötgül — diýdi. Beýrek mundan geçdi. Uly gyz garyndaşlary ýanyna geldi. Bakdy-gördi, gyz gardaşlary garaly-gökli oturarlar. Çagyryp Beýrek soýlar. Görelim hanym, ne soýlar. Aýdar: - Ala daňdan ýerinden turan, gyzlar, Ak otagy goýuban gara otaga giren, gyzlar, Ak çykaryp gara geýen, gyzlar, Bagyr kibi uýan gatykdan ne bar? Gara saç astynda gömeçden ne bar? Kendirikde çörekden ne bar? Üç gündür, ýoldan geldim, doýuryň meni. Üç güne barmasyn, Alla söwündirsin sizi — diýdi. Gyzlar bardylar iýmek getirdiler, Beýregiň garnyn doýurdylar. Beýrek aýdar: — Agaňyzyň baş-u-gözi sadakasy, köne donuňyz bar ise geýeýin, toýa baraýyn. Toýda elime don bererler, ýene donuňyz bereýin — diýdi. Bardylar, Beýregiň dony barmyş, muňa berdiler. Aldy geýdi. Boýy-boýuna, bili-biline, goly-goluna şaplaşdy. Uly gyz gardaşy muny Beýrege meňzetdi. Gara gyýma gözleri gan ýaşa doldy. Soýlamyş, görelim hanym, ne soýlamyş: — Gara gyýma gözleriň çöňňelmeseýdi, Agam Beýrek diýeýdim, ozan, saňa. Ýüzüňi gara saç örtmeseýdi, Agam Beýrek diýeýdim, ozan, saňa. Gunt-gunt bilekleriň solmasaýdy, Agam Beýrek diýeýdim, ozan, saňa. Opul-opul ýöreýşiňden, Arslan kibi duruşyňdan, Gaňrylyban bakyşyňdan, Agam Beýrege meňzederdim, ozan, seni. Söwündirdiň, irindirme, ozan, meni — diýdi. Gyz bir dahy soýlamyş. Aýdar: - Çalma ozan, aýtma ozan! Agam Beýrek gideli, bize ozan geldigi ýok. Egnimizden donumyzy aldygy ýok. Başymyzdan gijeligimiz aldygy ýok. Buýnyzy burma goçlarymyz aldygy ýok — diýdi. Beýrek aýdar: — Gördüňmi, gyzlar bu don-le meni tanadylar. Galyň oguz begleri, dahy tanarlar — diýdi. Göreýin oguzda meniň dostum-duşmanym kimdir? — diýdi. Dony syrdy, göterdi gyzlaryň üstüne atyberdi. — Ne sen, ne Beýrek galsyn. Bir esgi don berdiňiz, meniň başym, beýnim aldyňyz — diýip, bardy, bir esgi düýe çuwaly böldi, dildi, boýnuna geçirdi. Özüni dälilige saldy. Sürdi, toýa geldi. Gördi toýda giýewi ok atar. Gara Güne ogly Pudak, Gazan beg ogly Oraz, begler başy Ýegenek, Gaflat Goja ogly Şirşemseddin, gyzyň gardaşy Däli Garçar ile ok atarlardy. Haçan kim Pudak atsa, Beýrek: «Eliň bar bolsun!» diýrdi. Oraz atsa: «Eliň bar bolsun!» diýrdi. Ýegenek atsa: «Eliň bar bolsun!» diýrdi. Şirşemseddin atsa: «Eliň bar bolsun!» diýrdi. Giýewi atsa: «Eliň gurysyn, barmaklaň çüýrisin, heý doňuz ogly, doňuz!» diýrdi. «Giýewlere gurban ol» diýrdi. Ýalançy ogly Ýaltajygyň gahary tutdy. Aýdar: — Mere, akmak ogly däli akmak, saňa düşermi maňa munuň kibi söz söýlemek. Gel, mere, deýýus menim ýaýymy çek, ýogsa indi boýnuň oraram — diýdi. Beýle diýgeç, Beýrek ýaýy aldy, çekdi. Tutawajyndan ýaý iki para boldy. Göterdi, öňüne oklady: —Ýalazy ýerde torgaý atmaga ýagşy — diýdi. Ýalançy ogly Ýaltajyk ýaýy döwülenine gaty gaharlandy. Aýdar: — Mere, Beýregiň ýaýy bardyr, getiriň! — diýdi. Bardylar, getirdiler. Beýrek ýaýy gördüginde ýoldaşlaryn ýatlady, aglady. Aýdar: - It-tazylar (ile awa) girdigim, Tazydary, guşçyny goýdugym, Ýagy ýurdy elimde gyl kirişlim, Aýgyr maly, aýgyr berip aldygym, Tozly gaty ýaýym, Buga berip aldygym, bogma kirişim, Howply ýerde goýdum geldim, Otuz dokuz ýoldaşym, iki argyşym — diýdi. Ondan Beýrek aýdar: — Begler, siziň yşkyňyza çekeýin ýaýy, ataýyn oky — diýdi. Meger, giýewiň ýüzügine nyşan atarlardy. Beýrek ok-le ýüzügi urdy, paralady. Oguz begleri muny görijek el-ele çaldylar, gülüşdiler. Gazan beg bakyp, tomaşa ederdi. Adam gönderdi. Beýregi çagyrdy. Däli ozan geldi, baş inderdi, bagyr basdy, salam berdi. Beýrek aýdar: — Ala daňdan sapa ýerde dikilende akban öýli, Atlas-le ýapylanda, gök saýawanly. Teble-teble çekilende şabaz atly. Çagyryban dat berende bol çewişli, Ýaýkandygynda ýag dökülen bol nygmatly, Galmyş ýigit arkasy, Ejiz-misgin umydy, Baýyndyr hanyň giýewsi, Tuly guşuň balasy, Türküstanyň diregi, Amyt soýynyň arslany, Garajygyň gaplaňy, Goňur atyň eýesi Han Orazyň babasy, Hanym Gazan! Üýnüm aňla, sözüm diňle. Ala daňdan turmuş sen, Ak jeňňele girmiş sen, Akderegiň pudagyndan ýyrgaýuban geçmiş sen. Jan ýaýjygyn egmiş sen, Okjagazyň gurmuş sen Adyn gerdek goýmuş sen, Sagda oturan sag begler, Sol golda oturan sol begler, Işikdäki geňeşdarlar! Düýpde oturan has begler Gutly bolsun döwletiňiz — diýdi. Beýle diýgeç, Gazan beg aýdar: — Mere, däli ozan, menden ne dilärsen? Çadyrly otagmy dilär sen, gul-garabaşmy dilär sen, altyn-akjamy dilär sen, bereýin — diýdi. Beýrek aýdar: - Soltanym, meni goýsaň, söwüş goýnuň naharynyň ýanyna barsam. Garnym açdyr, doýursaň — diýdi. Gazan aýdar: — Däli ozan döwletin depdi. Begler, bu günki begligim munuň bolsun. Goýuň, nirä gider-se gitsin, neýlär-se eýlesin — diýdi. Beýrek söwüş naharynyň ýanyna geldi. Garnyn doýurdykdan soňra gazanlary depdi, dökdi, çöwürdi. Ýahnanyň kimini sagyna, kimini soluna atar, sagdan gideni sag alar, soldan gideni sol alar. Haklyýa haky dege, haksyza ýüzügaralygy dege. Gazan bege habar boldy: "Soltanym, däli ozan ähli nahary dökdi" diýdiler. "Indi gyzlaryň ýanyna barmak istär". Gazan aýdar: — Mere, goýuň-a, gyzlar ýanyna-da barsyn — diýdi. Beýrek galkdy, gyzlar ýanyna bardy. Surnaýçylary kowdy, nagaraçylary kowdy. Kimini döwdi, kiminiň başyn ýardy. Gyzlar oturan otaga geldi. Işigin aldy, oturdy. Muny gördi Gazan begiň hatyny boýy uzyn Burla gaharlandy. Aýdar: — Mere, deýýus ogly däli tentek, saňa düşermi, ygtyýarsyz meniň ýanyma geler sen — diýdi. Beýrek aýdar: — Hanym Gazan begden maňa buýruk boldy, maňa kimse dolaşmaz — diýdi. Burla hatyn aýdar: — Mere, çün, kim, Gazan begden buýruk bolupdyr, goýuň, otursyn — diýdi. Ýene döndi, Beýrege aýdar: — Mere, däli ozan, ýa maksadyň nedir? Aýdar: — Hanym, maksadym oldur ke, äre baran gyz galka oýnaýa, men gopuz çalam — diýdi. Gysyrja ýeňňe diýrler, bir hatyn bardy, oňa aýtdylar: — Mere, Gysyrja ýeňňe, tur sen oýna, ne bilir däli ozan — diýdiler. Gysyrja ýeňňe turdy. Aýdar: — Mere, däli ozan, äre baran gyz menem — diýdi. Oýnamaga başlady. Beýrek gopuz çaldy. Soýlady, görelim hanym, ne soýlady. Aýdar: — Ant içmişem, gysyr gysraga mündügim ýok, (Münübäni) gazawata bardygym ýok. Öýüňiz ardynda sarwanlar, Saňa bakar olar, Buldur-buldur gözleriniň ýaşy akar, Sen olaryň ýanyna bargyl, Myradyňy olar berer, belli bilgil. Seniň-le meniň işim ýok, Äre baran gyz galka, Gol salyban oýnaýa, Men gopuz çalam — diýdi. Gysyrja ýeňňe: — Boý, bu zowal gelejek däli meni görmüş kibi söýlär — diýdi. Bardy, ýerinde oturdy. Bu gezek Bogazja Patma diýrler bir hatyn bardy. «Galk, sen oýna» diýdiler. Gyzyň donuny geýdi: — Çal, mere, däli ozan, äre baran gyz menem, oýnaýyn — diýdi. Däli ozan aýdar: — Ant içeýin, bu gezek bogaz gysraga mündügim ýok, Münübäni gazawata bardygym ýok, Öýüňiz ardy derejik degilmidi, Itiňiz ady Barak degilmidi, Seniň adyň kyrk oýnaşly bogazja Patma degilmidi, Dahy, aýbyň açaram, belli bilgil — diýdi. — Seniň-le menim oýnum ýok, Bar ýeriňe oturgyl, Äre baran ýerinden tura, Men gopuz çalam, gol salyban oýnaýa — diýdi. Beýle diýgeç, bogazja Patma aýdar: — Boý, däli boguma çykarajak, bolanja aýbymyzy açdy. Tur gyz, oýnarsaň oýna, oýnamasaň jähennemde oýna. Beýrekden soňra başyňa bu hal gelejegin bilirdiň — diýdi. Burla hatyn aýdar: — Gyz, galk, oýna! Eliňden ne gelir! — diýdi. Banyçiçek gyrmyzy donuny geýdi. Ellerin ýeňine çekdi gözükmesin diýip, oýna girdi. Aýtdy: — Mere, däli ozan, çal, äre baran menem, oýnaýyn — diýdi. Däli ozan çaldy. Aýdar: — Men bu ýerden gideli, däli bolmuş, Telim akja garlar ýagmyş, dyza ýetmiş. Han gyzynyň öýünde gul-halaýyk tükenmiş, Küýzäni almyş, suwa barmyş. Bileginden on barmagyn sowuk almyş, Gyzyl-altyn getiriň han gyzyna dyrnak ýonuň, Aýyplyja han gyzy äre barmak aýyp bolar — diýdi. Muny eşidejek Banyçiçek gatyrgandy: — Mere, däli ozan, men aýyplymy, kim maňa aýyp goşar sen?! — diýdi. Kümüş kibi ak bilegin açdy, elin çykardy. Beýregiň geçirdigi ýüzük göründi. Beýrek ýüzügi tanady. Bu ýerde soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: — Beýrek gideli bam-bam depe başyna çykdyňmy, gyz?! Garanyp dört ýanyňa bakdyňmy, gyz?! Gargy kibi gara saçyň ýolduňmy, gyz?! Gara gözden ajy ýaş dökdüňmi, gyz?! Güýz almasy kibi al ýaňagyň ýyrtdyňmy, gyz?! Sen äre barar sen, altyn ýüzük meniňdir, Ber maňa, gyz! — diýdi. Gyz aýdar: - Beýrek gideli bam-bam depe başyna çykdygym çok, Gargy kibi gara saçym ýoldugym çok, Güýz almasy kibi al ýaňagym ýyrtdygym çok, Gelen-le gidenden sordugym çok, Bardy, gelmez beg ýigidim, han ýigidim, Beýrek diýip agladygym çok, Söýüşdigim Bamsy Beýrek sen degil sen — Altyn ýüzük seniň degildir, Altyn ýüzükde çok nyşan bardyr, Altyn ýüzügi istärsen, nyşanyn söýle — diýdi. Beýrek aýdar: —Ala daňdan han gyzy, ýerimden turmadymmy? Bozaýgyryň biline münmedimmi? Seniň öýüň ýanynda, sugun — keýik ýykmadymmy? Sen meni ýanyňa çagyrmadyňmy? Seniň-le meýdanda at çapmadykmy?! Seniň atyňy meniň atym geçmedimi? Ok ataňda men seniň okuňy ýarmadymmy? Göreşde men seni basmadymmy? Üç öpüp, bir dişleýip, altyn ýüzügi barmagyňa geçirmedimmi? Söýüşdigiň Bamsy Beýrek men degilmiýem! — diýdi. Beýle diýgeç, gyz tanady. Bildi, kim Beýrekdir. Geýim-gejimi, köwşi-söwşi-le Beýregiň aýagyna düşdi. Beýrege enekeler geýim geýdirip, don atdylar. Dessine gyz syçrady, ata mündi. Beýregiň atasyna-enesine buştulyga çapar gitdi. Gyz aýdar: - Argap-argap gara dagyň ýykylmyşdy, beýgeldi ahyr. Ganly-ganly suwlaryň sogulmyşdy, çaglady ahyr. Gaba agajyň gurymyşdy, ýaşardy ahyr, Şabaz atyň garrymyşdy, gulun berdi ahyr, Gyzyl düýeleriň garrymyşdy köşek berdi ahyr, Ak goýunyň garrymyşdy, guzy berdi ahyr, On alty ýyllyk hesretiň, ogluň Beýrek geldi ahyr, Gaýyn ata, gaýyn ene, buştulyk, maňa ne berersiz — diýdi. Beýregiň atasy-enesi aýdar: - Diliň üçin öleýin, gelinjigim, Ýoluňa gurban bolaýyn, gelinjigim, Ýalan-ise bu sözleriň gerçek bola, gelinjigim, Sag-esen çykyp gelse, Garşy ýatan gara daglar saňa ýaýlak bolsun, Sowuk-sowuk suwlary saňa içit bolsun, Gulum-halaýygym saňa gyrnak bolsun, Şabaz atlarym saňa münit bolsun, Hatar-hatar düýelerim saňa ýüklet bolsun, Agaýylda akja goýnum saňa söwüş bolsun, Altyn-pulum saňa harçlyk bolsun, Tüýnügi altyn ban öýüm saňa kölege bolsun, Gara başym gurban bolsun saňa, gelinjigim — diýdi. Bu mahalda begler Beýregi getirdiler. Gazan beg aýdar: — Buştulyk, Baýbüre beg, ogluň geldi! — diýdi. Baýbüre beg aýdar: — Oglum idigin ondan bileýin, syrça barmagyny ganatsyn. Ganyny destmala dürtsün, gözüme sürteýin, açylajak bolarsa, oglum Beýrekdir — diýdi. Çünki aglamakdan gözleri görmez olmuş idi. Destmaly gözüne sylajak, Allatagalanyň gudraty-le gözi açyldy. Atasy-enesi güwlediler, Beýregiň aýagyna düşdüler. Aýdar: — Ogul, Tüýnügi altyn ban öýümiň gabzasy ogul, Gaza meňzär gyzymyň-gelinimiň güli ogul, Görer gözüm aýdyňy ogul, Tutar bilim kuwwaty ogul, Galyň oguz isleglisi, janym ogul — diýibän çok aglady. Allahyna şükürler eýledi. Ýalançy ogly Ýaltajyk muny eşitdi. Beýrekden gorkusyna gaçdy. Özüni göleleriň otlaýan çalpawyna saldy. Beýrek ardyna düşdi. Kowa-kowa çalpawa düşürdi. Beýrek aýdar: — Mere, ot getiriň! Getirdiler. Çalpawa ot urdular. Ýaltajyk gördi, kim ýanar, çalpawdan çykdy. Beýregiň aýagyna düşdi. Gylyjy elinden gaçdy. Beýrek dahy günäsini geçdi. Gazan beg aýdar: — Gel, myrada ýetiş! Beýrek aýdar: — Ýoldaşlarymy çykarmaýynça, galany almaýynça myrada ýetmezem — diýdi. Gazan beg oguzyna: — Meni söýen ýetsin! — diýdi. Galyň oguz begleri atlandylar, Baýburt galasyna çapar etdiler. Kapyrlar, dahy bulary garşyladylar. Galyň oguz begleri ary suwdan aby-dest aldylar. Ak ellerin ýere goýdular. Iki rekagat namaz kyldylar. Ady görkli Muhammedi ýat getirdiler. Gümbür-gümbür nagaralar dögüldi. Bir kyýamat söweş boldy. Meýdan doly baş boldy. Şökli Mäligi bögürdibäni Gazan beg atdan ýere saldy. Gara Teküri Däli Dondar gylyçlady, ýere saldy. Gara Arslan Mäligi Gara Pudak ýere saldy. Derelerde kapyra gyrgyn girdi. Ýedi kapyr begi gylyçdan geçdi. Beýrek, Ýegenek, Gazan beg, Gara Pudak, Däli Dondar, Gazan ogly Oraz beg, bular gala ýöriş etdiler. Beýrek otuz dokuz ýigidiniň ýanyna geldi. Olary sag-u esen gördi. Allaha şükür eýledi. Kapyryň kilisesin ýykdylar, ýerine metjit gurdular. Monahlaryn öldürdiler. Azana gygyrtdylar. Eziz Taňry adyna hutba okatdylar. Guşuň alaganyny, gumaşyň arysyny, gyzyň gökjegini dokuzlama bezelen çuhany hanlar hany Baýyndyra penjýek çykardylar. Baýbüre begiň oguljygy Beýrek Baýbijan mäligiň gyzyn aldy. Ak ban öýüne, ak otagyna yza döndi, toýa başlady. Bu kyrk ýigidiň birnäçesine han Gazan, birnäçesine Baýyndyr han gyzlar berdiler. Beýrek dahy ýedi gyz garyndaşyny ýedi ýigide berdi. Kyrk ýerde otag dikdi. Otuz dokuz gyz täleýli-täleýlisine gezek-gezegine ok atdy. Otuz dokuz ýigit okuň yzyndan gitdi. Kyrk gün, kyrk gije toý-tomaşa eýlediler. Beýrek ýigitleri-le myrat berdi, myrat aldy. Dädem Gorkut geldi. Şatlyk çaldy. Boý boýlady, soý soýlady. Gazy erenler başyna ne geldigin soýlady. «Bu «Oguznama» Beýregiň bolsun» diýdi. Ýom bereýin, hanym, Gara daglaryň ýykylmasyn, Kölgelije gaba agajyň kesilmesin, Ak sakgally babaň ýeri uçmah bolsun, Ak pürçekli eneň ýeri behişt bolsun. Ogul-le garyndaşdan aýyrmasyn, Ahyr wagtda ary imandan aýyrmasyn. Ämin-ämin diýenler didar görsün, Ýygyşdyrsyn, düýrüşdirsin, Günähiňizi ady görkli Muhammet Mustapa Ýüzi soýuna bagyşlasyn, Hanym heý! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |