BAÝRAM GADAGANÇYLYGY
– Metjitde miting geçirdiler;
– Mährapda ymam bilen bile saýlaw kampaniýasy boýunça söz sözlediler;
– Remezan aýynda hrebetlere (mahýalara) häkimleriñ atlaryny ýazdylar.
– Hezreti Muhammede (s.a.w) AKP emblemasy bilen şahsyýeti anyklaýan resninama (nüfus cüzdanı - идентификацион карт) çykardylar;
– Käbede partiýany alkyşýan sözleri aýtdyrdylar, syýasy çykyşlary gurnadylar;
– Häkimligiñ binasynyñ öñünde Käbäniñ maketini goýdular, maket Käbäni togap edenlere Zemzem suwuny paýladylar;
– "Asryñ liderimize" “Hoş geldiñ, Allanyñ ilçisi” diýip seslendiler;
– "Asryñ liderimizi “Allanyñ ýer ýüzündäki kölegesi” yglan etdiler;
– "Asryñ liderimiziñ" göreşini Uhud söweşine meñzetdiler;
– Partiýanyñ başlygyna bolan wepadarlyklaryny sahabalaryñ Hezreti Muhammede (s.a.w) bolan wepadarlygyna meñzetdiler;
– AKP mitingine gatnaşmagyñ parzy-aýyn hökmündedigunu, ýagny, dinimiziñ hökmany emirlerindendigini aýtdylar;
– Bir "taryhçy" orta çykyp: “Yslamy şertlere laýyklykda AKP-ä ses bermek yslamyñ şertidir, iman şuny emredýär” diýdi:
– “Referendumda sesleriñ köpüsini aljakdyklary barada hadysy-şerif bar” diýdiler;
– Referendumda garşy ses berenleriñ “şeýtandygyny” aýtdylar;
– “Referendumda garşy ses berenler haçlarazlaryñ täsiri astyndadyr” diýdiler;
– AKP deputaty metjitde mährabyñ öñünde stol goýdy, kybla tarap syrtyny öwrüp, saýlaw kampaniýasynyñ gidişi barada çykyş etdi, AKP-nyñ peýdasyna ses bermekligi ündedi;
– Pygamberimizi hormatlap okalan salawaty üýtgedip "asryñ liderimize" gönükdirilen görnüşde montažladylar, “Rejep Taýýip Erdoğan salli ala Muhammed” diýip okadylar;
– "Asryñ liderimiz" saýlawda özüne ses bermediklere duýduryş berdi, “ahiretibizi howp astyna salmañ” diýdi.
– Turistik gezelenje barýan ýaly üýşüp-üýşüp umra zyýaratyna gitdiler, mukaddes topraklary alyp-satar peýdakeşleriñ merkezine öwürdiler;
– AKP-li bir rektor orta çykyp: “Yslamy nukdaýnazardan Prezidentimize ytagat etmek parzdyr, Prezidentimize garşy gitmek haramdyr” diýdi.
– AKP-li bir ministr AKP-ä ses berenleriñ “rozy magşarda kepillik haty aljagyny” aýtdy;
– “AKP-ä ses bermedikleri Hudaý urar” hem diýip çykdylar;
– Atatürke duşmançylyk besleýänleriñ dile çolaýan iñ uly delilsiz boş sözleri bolan “metjitleriñ gapysyna gulp uruldy” sözüni gaýtalap lenç etdiler.
Netije?
– Metjitleriñ gapysyna gulp urdular;
– Özem hut Mübärek Remezan aýynda gulp urdular;
– Juma namazyny gadagan etdiler;
– Gonamçylyga zyýarat etmegi gadagan etdiler;
– Agzaçar çadyrlaryny gadagan etdiler;
– Umra zyýaratyny gadagan etdiler;
– Müñ aýdan haýyrly Gadyr gijesinde köçä çykmagy gadagan etdiler;
– Baýram namazy okalmasyn diýip, adamlar baýramlaşmasyn diýip, Remezan baýramynda bütin ýurtda köçä çykmagy gadagan etdiler.
Bu kabul edilen çäreler elbetde dogry!
AKP hökümetini alyp barýan ýerlikli işi - aýdyñgörüjilikli tagallasy üçin tüýs ýüregimden gutlaýaryn.
Emma…
"Allanyñ taýagynyñ sesi ýok" diýilýäni, ynha, edil şu bolsa gerek.
Ylahy takdyr.
AKP-ä ses bermedikleri däl-de, dini syýasata perde edinenleri aýlap urýandygynyñ subutnamasydyr!
Ýylmaz ÖZDIL.
21.05.2020 ý, "Sözcü" gazeti.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Jemgyýetçilik tankydy