14:58 Baýram güni ýazasym gelenokdy | |
BAÝRAM GÜNI ÝAZASYM GELENOKDY
Publisistika
Baýram güni bular ýaly zady hiç ýazasym gelenok. Emma... Din işler ministri Aly Erbaşyñ Atatürke nälet okamasy hiç göz öñümden gidenok. Gaharym depäme urdy. Özüme galsa, niýet kylyp Alla ryzasy üçin wajyp bolan baýram namazyny okanyñyzdan soñ Erbaş barada okamagyñyzy hiç islemezdim.. Çydap durup bilmedim: ýurt basylyp alnanda, musulmanlary metjide gabap, oda ýakyp öldürenlere däl-de, musulmanlaryñ azatlygyny gazanan beýik öñbaşçy Atatürke nälet okalmasy ylalaşar ýaly zat däl. Kimiñ ynsaby çatyp, Erbaşyñ ymamlyk etjek namazyna durup bilýärkä? Nädip munuñ hasaby soralanok? Hasap soralmajagyny bilýändigi üçin häkimiýetiñ saýasyndaky Erbaş Atatürküñ Allanyñ rehmetinden we kereminden uzak galmagyny şeýdip arkaýyn aýtmaga gaýrat tapyp bilýär. Señ özüñ kim bolupsyñ, eý, adam! Sen häzirki oturan kürsiñ üçin Atatürke ömürbaky minnetdar bolmalydygyny bilip durkañ, oña gargynjak derejede edepsiz bir eşeksiñ! Sen yslamy-da bileñok ahwetin. Hezreti Muhammediñ (s.a.w) hadysynda näme diýilýär: "Kämil bir mömin hiç kimi ýamanlamaz, näletlemez, çenden aşmaz we haýasyzlyk etmez". Ýeri, sen nätdiñ? Din işleri ministriniñ bu hadysy bilmezligi mümkin däl. Bu nämäniñ ýigrenji, eý, Erbaş? Gizlin duşmançylygyñ seniñ aklyñy başyñdan uçurypdyr… Gynansak-da... eýýäm näçe gün geçdi, häkimiýet gargyş dogasyny eden işgärinden hasap soranok. Bu agyr sögünji bir-iki sany ýuwmarlaýjy çykyş bilen ýatdan çykardardyn öýdýär… ■ TARYHY HASAPLAŞMA Hetdini tanamaz Erbaş nälet okaýan jümlesini 2020-nji ýylyñ 24-nji iýulynda metjidiñ münberinden sözledi. Atatürkw gargyş dogasyny eden Erbaş ýüz ýyl öñ bu topraklarda nämeleriñ bolup geçendigini bilenokmyka, gowam bilýär. Emma onuñ duran ýeri "Käşgä, grekler üstün çykan bolsady" diýen alasamsyk taryhçy Kadyr Mysyroglynyñ hatarydyr. Bu ýigrenji sözler taryhy hasaplaşmanyñ miwesidir. Ýogsam bolmasa Erbaş, Atatürke gargyş dogasyny okan güni - tegelek ýüz ýyl öñ - 1920-nji ýylyñ 24-nji iýulynda Edirnäni basyp alan grek goşunyna nälet okardy! Pynarhisarda, Lüleburgazda, Babaesgide, Kyrkkilisede azan okamak üçin minara çykan müezzinlere zulum eden basybalyjylara gargyş dogasyny okardy! Haýrabolu müftüsüniñ aýagyny ýüp bilen dañyp süýränlere nälet okardy! Edirnä giren grek hökümdary Aleksandra nälet okardy. Ýok! Erbaşyñ nyşanasynda basybalyjylar däl-de, Atatürk bar… Gözlerini kör eden, akyl-huşlaryny doñduryp taşlan nämäniñ hasaplaşmasy bu? Şübhesiz, Erbaşyñ we onuñ hemaýatkärleriniñ syýasy pozisiýasyny gowy bilýäris. Ýatlatmaga rugsat ediñ: Ýüz ýyl öñ Stambul basybalyjylaryñ golastyndady. Anadoly imperialistler tarapyndan doly paýlaşylypdy. Ýagny, "Käşgä, grekler üstün çykan bolsady" diýýänler ýüz ýyl öñ ýaşan bolsadylar, toý tutardylar! Erbaşsöýer häkimiýete ýüz ýyl owalynyñ jokrama tomus günlerini ýatlatmak isleýärin, çünki bu ýurt Erbaş tetellilere garşy göreşilip guruldy: ■ HALYFAT GOŞUNY Iñlis, fransuz, italýan we grek... hemmesi jem bolup Osmanlyny basyp aldylar. "Käşgä, üstün çyksady" diýlen grek goşuny Akhisar, Salihli, Soma, Kyrkagaç, Alaşehir, Balykesir, Nazilli, Edremit, Bandyrma, Biga, Bursa, Iznik, Uşak, Afýonkarahisary basyp aldy. Mustapa Kemalyñ liderligindäki milli güýçler şirin janlaryny orta goýup watany goradylar, azat-edijilik komitetleri döredildi. Hut şol wagt Bosfor bogazyny eýelemek ugrunda gyzgalañly söweşler gidip durka, Stambuldaky osmanly köşgi karar kabul etdi: Şeyhul-yslam Dürrizada Abdulla "Kuwaýy Milliýe" (Azat-edijilik güýçleri) güýçlerini fetwa çykaryp, kapyr yglan etdi. Mustapa Kemal başlyklaýyn, garaşsyzlyk ugrunda aýaga galanlaryñ ähli öñbaşçylaryna ölüm permany çykaryldy. Soltan Wahdetdin ölüm permanlaryny tassyklady... Bulam az boldy. Iñlisleriñ talaby bilen köşk halyfat goşunyny ("Kuwaýy Inzibatiýe") döretdi. Halyfat goşunynyñ serkerdesi Anzawur Anadola seslendi: “ - Göwsümde iman, başymda Kuran we elimde patyşanyñ permany bilen gelýärin. Ilki bilen Mustapa Kemaly, soñra "Kuwaýy Milliýe"-çi ofiserleriñ hemmesiniñ damagyny çalaryn, Kemalyñ kellesini patyşanyñ öñüne togalaryn!” Milli güýçleriñ üstüne çozdular. Düzjede, Boluda, Geredede, Safranboluda, Çerkezde watan goragyna çykan "Kuwaýy Milliýe" güýçleriniñ rehim-şepagatsyzlyk bilen ganlaryny dökdüler. Baýram güni watanperwer türk esgerlerine neneñsi jebri-jepalary çekdirendiklerini ýazmaýyn gowsy, ýüregiñiz çydamaz... Bir zady biliñ, Mustapa Kemaly kapyr yglan eden Şeýhulyslam Dürrizadanyñ ýolundan gidenleriñ tegelek ýüz ýyldan soñ Atatürke nälet okamasyna geñ galyp oturasy iş ýok. Olaryñ hasaby entek gutaranok. Erbaş tetelliler häzirem "Kuwaýy Inzibatiýäniñ" hataryndadyr. "Käşgä, grekler üstün çyksady" diýenler bilen, halyfat goşunyny toplap milli güýçleriñ ganyny dökenler bilen imperialistlere garşy egin-egne berip göreşmek mümkin däl. Häkimiýet garaşsyzlygymyzy bozmagy maksat edinen mandatçy ýaranlar bilen hasaplaşmaga mejburdyr. Gaýtalamak isleýärin: Hakykatdanam gynandym. Baýram güni beýle gaharly ýazgyny ýazmakçy däldim. Baýram güni - şatlanmaly, şadyýanlyga beslenmeli gün. Baýram güni - agzybirlik, jebislik, doganlaşma günüdir. Emma Din işleri ministriniñ kürsüsinde oturan Erbaşyñ towugyna tok diýilmän, žurnalistler Baryş Pehliwanyñ, Müýesser Ýyldyzyñ türme kamerasynda ýeke özleri baýram geçirmeleri bilen hiç ylalaşyp bilemok… Bu ýurtda watanperwer bolmak jezasyz galdyrylmaýan eken… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 31.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |