07:00 Behişdi bedew türkmeniñ synmaz ruhudyr ýa-da 7000 çakrym romanyna edebi syn | |
Myratdurdy HAŞAÝEWiñ "ÝEDI MÜÑ ÇAKRYM" romanyna syn
Edebi tankyt
▶ Behişdi bedew türkmeniñ synmaz ruhudyr Türkmenistanyñ hormatly Prezidenti G.Berdimuhamedowyñ "At türkmen üçin ähli zatdyr" diýen ganatly sözi gamyşgulak atlaryñ külli türkmeniñ taryhy ykbalynda hem-de gündelik durmuşynda neneñsi orun tutandygyndan ähli aýdyñlygy bilen habar berýär. Dünýäniñ taryhçy alymlary, arheologlary mundan sekiz müñ ýyl ozal Köpetdagyñ eteginde adamzadyñ ilkinji gezek ýabany atlary eldekileşdirendigini tassyklaýarlar. Gözüñe söweýin bedew atlary bilen bagryny badaşdyran türkmen halky tuguny parladyp, ýelden ýyndam bedewini arladyp, älemleri agaýana gezendir, jahanyñ çar künjünde uly-uly döwletleri gurandyr. Gadymy hem müdimi halkymyzyñ barlyga bolan erkinden, gözellige eýlenen ruhy tebigatyndan, düýpsüz umman ýaly çuñ pähim-parasatyndan, ýaşaýşa söýgüsinden, tamdyr ýaly arassa hem halal ýüreginden syzylýan mähir-muhabbetinden hasyl bolan onlarça "Oguznamalar", "Gorkut ata", "Görogly" eposlarymyz, dessanlarymyz diýermiñ, akgynly halk aýdymlarymyz diýermiñ, haýsysyny alyp görseñ, olar türkmeniñ garadangaýtmaz beg ýigitleri, uçmahy bedew atlary hakdadyr. Türkmen ogly "Men saña gardaş diýerem, gardaşymdan ýeg" diýip, ganatly atynu ylahylaşdyryp, mukaddeslige göteripdir. Ýadyñyza salyñ, Oguz hanyñ aty Buz dagynda, Göroglynyñ Gyraty Ýyldyz dagynda ýagşyzadalardan ak pata alýandyr. Türkmen öz atyna pirli at diýýär, sebäbi Babagambar pir bu päkize janawary jadyly saz bilen seýisläpdir. Müñýyllyklar içre beg ýigitlere ganat bagladan dal bedewiñ Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyñ mukaddes Tugrasynda orun almagy tötänden däldir. Asly uçmahy atlaryñ orny hut ýüregimiziñ töründendir. Ýazyjy Myratdurdy Haşaýewiñ "Ýedi müñ çakrym" atly uly göwrümli romany XVIII asyryñ ahyrynda - XIX asyryñ başynda dünýäni elendiren taryhy wakalardan söz açýar. "Ýedi müñ çakrym" - giñ gerimli, uly göwrümli, gatlama çöregi ýaly köp gatlakly eser, ol taýýarlykly okyja niýetlenendir. Romanda beýan edilýän wakalaryñ ýaýrawy üç yklyma ýaýylýar. Eseriñ baş gahrymany Sähet ýaşlygyna garamazdan, akylly, okumyş, şol bir wagtyñ özünde sadadan türkana, sahy hem göwnaçyk, hemişe adalatyñ tarapyny çalýan, adamkärçiligi artykmaç türkmen ýigidi. Ol Kesearkaçda önüp-ösýär, soñra Bagdatda, Şamyñ paýtagty Damaskda okap bilim alýar. Ykbal ony ýurtdan-ýurda, otdan-suwa atýar. Emma guýmagursak zehini, tüýs türkmene mahsus garadangaýtmaz, ugurtapyjy, paýhasly, edenli häsiýeti ýigidi ähli kynçylyklardan alyp çykýar, arzyly menzillere ýetirýär. Durmuşyñ syrly öwrümlerine dartylyp, uzak Prussiýa topragyna düşen türkmen atynyñ keç ykbaly Sähedi özüne bendi edýär. Ol dogduk mekandan jyda düşmekden hor-zar bolan janaweri, her edip-hesip edip görmegi, ony halas etmegi ýüregine düwýär. Bu pikir ýigidi prus korolynyñ teblehanasyndan çykarýar. Ýewropanyñ orruk ortasyna gaýyp düşen gamyşgulak türkmen bedewiniñ kaddy-kamatyna, ynsanyñka berimsiz düşbüligine hemmeleriñ syny oturýar. Ýöne dogduk depeden jyda düşen köñül her demde ýowşan ysly sähralary küýseýär. Bu pikir romanyñ her babyndan inçelik bilen yzarlanýar, nazarkerde daragtyñ gujurly şahalarynyñ ýaýrawy giñ, saýasy goýy pudaga birigişi ýaly, özara jüp sazlaşyp, bitewi bir ideýa birleşýär. Ony ýeke sözde beýan etmeli bolsa diñe hupbulwatanlyk diýip bolar. Bu gadymy hem baky juwan topragyń duzuny iýen türkmeniñ gursagyna hupbulwatanlyk öçmez-ýitmez peder ruhy bolup ornaýar. Il ynamy, peder pendi, ata yhlasy, ene sargydy, perzentlik parzy, halal duzuñ hasaby bizi hemişe şu mukaddes topraga dartyp durandyr. Oña örki baglanan ynsan ýüregi diñe "ata Watan" diýip urýandyr. "Ýedi müñ çakrym", ine, şeýle gadyr-gymmaty asla-asla solmaýan baky gymmatlyklar barada söz açýar. Romanyñ baş gahrymany köp hupbatlary başdan geçirip, ahyry şol aty dogduk mekanyna alyp gelýär. Romanda onlarça gahryman hereket edýär. Ýazyjy olaryñ her biriniñ daş keşbini inçelik bilen suratlandyrýar, içki dünýäsini doly açyp görkezmek üçin olary dürli wakalaryñ jümmüşine salýar. Romanyñ çeper ýordumy gahrymanlaryñ häsiýetini, dünýägaraýşyny, pikir-garaýşyny açmaga giñ mümkinçilik döredýär. Eseriñ beýan ediş serişdelere baýlygy, her bölüminiñ başynda onuñ tutuş mazmunyny açýan dana sözleriñ, ganatly jümleleriñ, nakyllaryñ goýulmagy romanyñ çeperçilik kämilligini artdyrýar, goruna gor goşýar. "Türkmen aty" ady bilen taryhda öçmejek yz galdyran behişdi türkmen bedewine bagyşlanan bu romanyñ okyjylaryñ söýgüli eserine öwrüljekdigine ynanýarys. Goý, pirli bedewleriñ şöhratyna şan goşjak şeýle eserleriñ höwri köp bolsun! Täze romanyñ ýoly ak bolsun, okyjylaryñ ýüregini töründen orun alsyn! Nobatguly REJEBOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. ◆ ◆ ◆ ROMANYÑ ARKA SAHABYNDAN: Näbelli suratkeşiñ bu eserinde XVIII-XIX asyrlaryñ sepgidinde Ýewropa yklymyna ýañ salan ahalteke bedewiniñ - Türkmen atyny şekili ebedileşdirilipdir. Meşhur bedew 1791-1806-njy ýyllar aralygynda prus korollygynyñ baş athanasynyñ esasy höwür aty bolupdyr. Bu döwrüñ içinde Türkmen aty dürli tohumlardan bolan dört ýüzden gowrak höwre çekilip, yklymyñ iñ meşhur athanasynyñ esasy höwür atyna öwrülipdir. Enesiniñ haýsy tohuma degişlidigine garamazdan, Türkmen atynyñ nesilleriniñ ählisi atasynyñ nepisligini, reñkini, hatda art aýagyndaky sekiljigini hem miras alypdyr. Heniz ene göwredindekä asyl bedewiñ häsiýetini nusgalyk alan taýlar köpi gören seýisleri hem haýran galdyrypdyr. Türkmen atynyñ neslinden gaýdýan atlar nemesleriñ meşhur trakener tohumyna oñyn täsirini ýetirip, onuñ belli bir ülñä girizilmegine ýardam beripdirler. Häzirki wagtda Germaniýadaky çapuw atlarynyñ tohumlarynyñ ählisi diýen ýaly, şol sanda Balkan ýarymadasynyñ döwletlerindäki at tohumlarynyñ birentegi ahalteke bedewiniñ - Türkmen atynyñ neslinden gelip çykandyr. | |
|
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |