06:01 Belanyñ başlangyjy / hekaýa | |
BELANYŇ BAŞLANGYJY
Hekaýalar
Öň-öňler biziň obamyzyň adamlary içgi diýlen zadyň nämediginem bilenokdylar. Ýöne eýýämhaçan ýurduň bir çetinden girip ugran gerşi gyzyl, garny ak şol bela, syňraklaryndan zäher damyp duran, demir dyrnakly penjesini ahyrsoňy biziň obamyzyňam başyndan inderdi. Gelşi ýalam, ýakasyny tanatdy. Kowuldy. Şol döwrüň okumyş adamlarynyň: «Içgini Lenin gadagan edip gidenmişin, ondan öň ak patyşa, ondanam öň Pýotr birinji, has irräk bolsa Muhammet pygamber gadagan edenmişin. Ýöne ýigrimi bäşinji ýylda «içmek bolýa» diýen dokumente gol çekilenmişnn. Şondan bärem höküwmet aýak-aldygyna arak çykarýarmyşyn, basym oba ýerlerine-de ýaýrajakmyşyn» diýenlerini eşidip, könedenem, täzedenem baş çykarýan sowatly adam hökmünde sylanyp ýörlen Mätek mollanyň (lakamy «molla» bolsa-da, ol mollaçylyk eden adam däl) ýarym oýun, ýarym çyn bilen: «Allatagalla üzümi ýaradanda bir säwlik bilen oňa bagbanlyk etmegi Şeýtana tabşyranmyşyn, o-da näme, şeýtan-da, iru-giç şondan adamlaryň içgi ýasajakdyklaryny bilipdir-de, suw tutan mahaly sakasyna uç haýwanyň — tilkiniň, ýolbarsyň, doňzuň damak ganyny goşupdyr. Şonuň üçinem, şerap içen adamda hökman şol uç haýwanyn hüý-häsiýeti bolup geçmelimişin. Sizem indi görüň-dä, şo belanyň ýaýrajagy çyn bolsa, obaň içinde haýwan-a köpeler» diýip, loh-loh gülmeleri, hakykatdanam, çyn bolup çykdy. Çünki urşuň yz ýanlary, ýeniş baýramçylygyna gabatlap ilkinji gezek getirilen şol üç çelek çakyr, derýanyň boýundaky toraňňylygyň içine dynç almaga giden oba mugallymlary bilen, obada guramasyraşyp ýören dört-bäş sany sury gulakçynlynyn arasyna tow salyp, kiçijik obanyň içinde ullakan urşuň turmagyna, heniz-henizlerem ýok bolup gidibermeýän erbet bir agzalalygyň döremegine sebäp boldy. Derýanyň boýunda, gundiziň günortany başlanan “söweş” obanyň ortarasyndaky şyr-ak, takyr meýdanda tä gijäniň ýaryna çenli dowam etdi. Ýaşkiçilik edip mugallymlar şunça gaça uruşsalaram, guramalar olary wagty bilen sypdyrmadylar. Gaýtam goňşy-golamlaryňka girip gizlenenlerine çenli tapyp alyp, it ýenjen ýaly ýençdiler. «Dat, iliň çagasyny öldürjekmi siz? Näme kastyňyz bar bularda? Goýberiň! Degmäň!..» diýşip, töwereklerinde jöwlan urşup ýören aýallaryny dagy golaýlaryna-da goýbermediler. Üstesine, agyzlaryndan ak köpük saçyp olaram kowaladylar. Haýbat atdylar, paýyş-paýyş sögündiler. Ahyram mugallymlar «garşylyklaýyn hüjüme» geçmeli bolupdylar we bu aldym-berdimli söweş diňe şäherden Gylyçdurdy «milisgäniň» gelmegi hem-de pistoletini çykaryp telim gezek ýokaryk atmagy bilen tamamlanypdy. Şol elhenç wakany bar zatdan beter ýokuş gören ýaşulular şonda üýşup, kolhoz başlygynyň ýanyna barypdylar we dagy-duwara şu oba çakyr getirmezlik baradaky meseläni onuň öňünde çurt-kesik goýupdylar. Al-garagan bolan ýerlerini süýrekläp baryşlaryna, aýallaram şonda bar zat üçin diňe dukançy Garajany, şonuň şäherden getiren çakyrly çeleklerini günäkärläpdiler, öz obalaryna çakyr getirmezliklerini ýaşulular bilen deň durup başlykdan talap edipdiler. Şondan soň oba çakyryň gelmesi birhowa kesildem. Oba parahatlygam aralaşdy. Ýöne... Günlerde bir gün dükançy Garaja başlygyň ýanyna bardy-da «Başlyk aga, buýrugyňyzy ýatyraýmasaňyz boljak däl, her gezek ýük almaga baranymda: «Hökman şundanam alaýmaly, ýogsam zaýa bolýa, şäheriň bir özi içip ýetişenok» diýip, üstüme dyzaşyp durlar. Düýn-ä ysgylatçymyz: «Alma diýýän bolsa, başlygymyza aýdyp başlygyňyzyň üstünden raýkoma arz etdirerinem» diýdi. Men-ä indi nätjegimem bilemok» diýip, gözleri bilen ýer dörjeledi. Raýkomyň sekretary bilen selpo başlygynyň ady ara düşenden soň, başlygam bu bir döwlet ähmiýetli işdir öýtdi-de, köneçil görünmekden, oba ýerinde täzäni ornaşdyrmakda bökdençlik döredýän adam hökmünde raýkomyň býurosyna çagyrylmakdan gorkup, ur-tut buýrugyny ýatyrdy oturyberdi. Şeýlelik bilen 1950-nji ýylyň 1-nji Maý baýramçylygynyň öňüsyrasy, Garajanyn dükanyna ýene-de çakyr geldi. Çelekli çakyr. Ýöne bu gezek oňa şol ugurdan obamyzyň ilkinji «gahrymanlary» — kolhozyň poçtalony Annanýazdan, arabakeş Şageldiden, ýorunja brigadiri Döwweden başga begenen adam bolmady. Çünki olar gadagan edilen döwürlerem, illeriň goýan döwürlerem içmelerini goýmandylar. Goýjagam bolmandylar. Aram-aram şähere gidip, öz aýdyşlary ýaly tä «sapy çykýança» urup-urup gelipdiler. Ýanlary bilen getirip, obada-da içipdiler. «Düzgüni bozýaňyz, beýdip ýörseňiz, zähmet günüňizden keseris, awansyňyzy saklarys» diýip, abaý-syýasat etselerem gulak asmandylar. Gaýtam: «Adama azarymyz ýok dälmi? Birentekleri ýaly urşup-sögüşip ýöremzok dälmi? Onda biziň bilen işiňiz bolmasyn. Höküwmediň gadagan etmedik zadyny siz gadagan etjek bolmaň» diýip, ters dawa-da tutupdylar. Arasynda oňa-muňa arzam edipdiler. Iru-giç özleriniňkiniň ýol aljakdygyna ynanýandyklaryny aýdyp, telim ýerde wazzygam sözläpdiler. Ine, onsoň soňky gezekki gelen çakyryň «dow-dowy» oba ýaýrandan, olaryň neneňsi heşelle kakyşandyklaryny, neneňsi begenişendiklerini özüňiz göz öňüne getiriberiň. Mugallymlar-a bu gezek çelege tarap nazaram aýlamadylar. Asyl dükana gelmedilerem. Ir bilen mekdebiň öňündäki meýdança ýygnandylar-da, pökgi oýnaberdiler. Guramalaram birbada bu melamatdan çeträkde duranlaryny kem görmediler. Şonuň üçinem, «parad görjek» bahanasy bilen şähere tarap tutduraýdylar. Şeýdip, tutuş bir çelek çakyr şol «ýakasy gaýyşly» üç ülpetiň bir özlerine galdy. ...Olar Annanýazyň baýramçylyga diýip şäherden getiren iki çüýşe aragynyň birini turuşlaryna bir düýp sogan bilen ýelmediler-de, elleri setilli (bedreli) gözlerini açalak-ýumalak edişip, göni dükana tarap eňdiler. Gelişleri ýalam: «Bol, basymrak aç, Gün gyzara galsa, gan ýaly bor, içip bolmaz» diýip, Garajany gyssap başladylar. Doludygyny, däldigini barlap görmek üçin dükanyň ýeňsesinde duran çelegi gezek-gezegine yralap gördüler. Dykysynyň töweregindäki öljerip duran ýere barmaklaryny batyryp dillerine degirdiler. «Beh, edil bal ýaly eken-aý» diýşip, agyzlaryny şapbyldatdylar. «Bizden başga bir adama-da berme şundan. Gördüň-ä öňki gezek nähili bolanyny. Ras, içibilenoklarmy, içmesinler. Saňa-da abraý däl onsoň...» diýşip, Garajanyň daşyndan pyr-pyr aýlandylar. Ep-esli öňe çykyp duran döşüniň üstüne ýelmeşip ýatan, ujy çüri, uzyn eňegini çakyrly çelege çommaldyp, ýumak goýlan ýaly tüňňerip duran ýagyrnysyny ýaýkyldadyp ýören Annanýaz setilleri çakyrdan dolan badyna ýoldaşlaryna seredip: — Nädeliň diýseňizläň, oglanlar — diýdi. Bokurlygy sebäpli elmydama gyryljyrap duran sesini hasam boguljyratdy. — Şu ýerde oturakgetdänim, şuň üstünden içibilenjämizi içeliň-de, soň üstüni dolduryp äkidäýeliň. Bomy? Bolmasa az bor. Beýlekiler duýsalar, syrazm külüni kakarlar muň günortana çenli. Şumat arkaýynsyraşan bolýalar welin, kekras, emel etjek bolýandyrlar. Ätiýajy elden bermäliň. Garajanyň: «Beýdip ölüp-öçüp barmaň-how. Sizden başga içjek ýok şuny» diýenlerine dagy gulagam asmadylar. «Bar, sen öz işiň bilen boluber. Gitjek wagtymyz özümiz baryp hasaplaşarys» diýip, elleriniň tersi bilen itip-itip goýberdiler. Dükanyň gapdalynda üýşürilgi duran boş gapyrjaklardan adama birini alyp oturgyç edindiler. Setilem ortada goýdular. Garawulhanadan bir köneräk jüňňülem alyp çykdylar-da, birýan ujundan «süsüp» başladylar. ...Şeýdip oturyşlaryna, olar günüň günortan bolanynam, öňlerindäki setiliň boşanynam bilmän galdylar. Onýança-da ýeňse tarapdan Garajanyň: — Henizem şol eňterip oturyşyňyzmy, how, siziň? — diýen gaharly sesi eşidildi. Gelşi ýalam, eýýämhaçan boşan setile gözi düşdi-de, içini çekdi. — Beý-bä-ä-ä!.. A-how! Hiý, üç bolup günortana çenli bir bedräni taňkyradanam bir bela bormy? Çüýşä geçirseň bir ýeşik bolýar-a siziň munyňyz — Garaja ellerini kelemenledip gyzyp ugrady. — Baryň, gidiň! Göteriliň! Meň başymdan bir sowulyň!— Gözlerine ynanmaýan ýaly, henizem setiliň düýbüne seredip durşuna, ol ýene-de bir gezek içini çekdi. — Beý-bä-ä-ä... Ýuwdarhamy ýa aždarhamy, başa gelen bela, how, siz... — Kekras özümizem turjak bolup otyrdyk-laý — diýdi-de, Annanýaz ýerinden galdy. Ýöne aýak üstunde durup bilmedi. Entireklep ýörşüne, çelekden ýapyşyp zordan saklandy. Beýlekiler welin galybam bilmediler. Garaja olaryň goltuklaryndan gop berip turuzdy-da, ýeňselerinden südürläp goýberdi. Boşan setillerinem ala-şakyrdy edip yzyndan zyňdy. — Ýok ediň munyňyzam! Äkidiň! Durmaň özüňizem şu töwerekde! He-eýt!.. — Şondan soň ol çelekden ýapyşyp duran Annanýazyň üstüne gygyrdy. — Arabadan gaçyp galan töňňe ýaly garalyp durma-da, ýok bol senem! Ol hyrra yzyna öwrüldi. Çagalaryna süýji, köke almak üçin garaşyp duran obadaşlaryny ýaňy bir ugratdym edenindenem, girip gelýän Annanýaza gözi, düşdi-de, tereziniň bir taý jamyny garbap alyp dik depesine göterdi. — Nirä gelýäň öli ýylan ýaly süýnjeýip?! Bar, ýok bol şu taýdan, şuň bilen depäňe beräýmänkäm! Çyk!!! Annanýaz Garajanyň alkymyna dykyldy. Edil iki gözüniň içine seredibem: «bö-ö-ö» etdirdi. Garaja: «Merez-z...» diýip, öňküdenem beter dişini gyjady. Annanýaz erninden syrygyp ugran hyllygyny çep eliniň tersi bilen süpürdi. Bir düwünçek süýji-kökäni goltugyna gysyp, dükandan çykyp barýan oral aýalyň: «Toba, toba, Tagansoltanam ýürekli-ow, nädip şuň bilen dagy bir gapydan girip-çykýaka?!» diýenini eşidip: «Bar gitsen-eý, ýelniňe ...niň ganjygy» diýip sögündi. «Mamyş, Tagansoltan öýünde bolsa aýtsana, ýygnasyn-la şunsuny» diýip, titräp duran Garajanyň ýüzüne-de seretmän sag elini goltugyna sokdy. Gapjygyny çykardy. Dil hatmydyr, kwitansiýamydyr, birgiden köne, sargylt kagyzlaryň arasyny dörjelap durşuna, gözlerini süzüp, öňe, yza hallan atdy. — Syrazm hasaplaşaly, çykan! Me, al, hem-ä ýaňkyň puluny al, hemem ýene-de bir bedrejik ber. Kekras... Garaja öňküsindenem beter gygyrdy. — Ýok et, gapjygyňy! Şumat senden pulam aljakgä, çakyram berjekgä! Ertir gel! Açylaňsoň gel. Güm bol özüňem öýüňe garşy!.. Kesellän köşek kimin boýnuny sallap, küýkerip durşuna Annanýaz birdenkä synçgyryp başlady. — Hk... Onda işlängäňi beräý... hk... Syrazm özmiz guýup alarys... hk... Garaja ýarylaýjak boldy. — Ýok saňa şol işlänge! Işlänge-de ýok, çakyram ýok! Ölýänem bolsaň ýok. Janyň çykýanam bolsa ýok! Düşdüňmi? — Ýa, çykan senem-ä, hk... hk... Beýtmesene... beräýsene walla... hk... Oturaly-la oglanlar bilen keýp edip... Günde-günaşa baýramçylyk bolup durmy-aý?.. Hk... Hk... Halys bolmajagyny bilensoň Garaja onuň başga taraplaryndan baryp görmekçi boldy. Sesini ýuwaşatdy. — Birgiden çagaň bar, Annanýaz. Utanaňokmy? Şuňa berjek puluňy şojagazlara iýdirseň, geýdirseň bolmadymy? Honha, ezeneklerini agdaryşyp, aýakýalanaç enteşip ýörler obaň içinde. — Garaja «honha» diýende hakykatdanam çagalary geläýendir öýdüp, Annanýaz gaňrylyp gapa seretdi. Garaja dükanyň içine elini aýlady. — Ondan-a, ine, al, köwüş al çagajyklaryňa. Ädik al. Honha, gyzyl setin geldi, ul-il alýa, al senem gyzjagazlaryňa. Pul ýok bolsa al, nesýe bereýin. Özüňem bir... — Onuň: «Özüňem bir ýarty ýigit» diýesi geldi. Emma sypaýyçylyk etdi. Saklandy. — Özüňem bir hunärli oglan. Eliňden dür dökülýä. Aýdym aýdybilýäň, saz çalybilýäň. Şu bela ýoluganyň bäri o zatlaram başyňdan aýlap urduň. Märeke sensiz geçenokdy. Indi bolsa iki adamyň başy çatylsa «Annanýaz geläýmesin» diýip galpyldaşyp otyrlar. Nämesine höwes bolýaň şo porsy çakyryň? Höwünem şäherden araba ýükläp zordan getiripdirler. Hälem Jelil aga duşaýypdyr, ýogsam-a tas ölen ekeniň nowhana gaçyp. Soňky wagtlarda gazet getirişiňem ugry ýok. Gelen hatlaram wagtly-wagtynda paýlaňok. Uly il senden nägile. Bir söý bilen bujagaz işiňdenem aýrarlar welin, çagalaryňam ekläp bilmersiň. Tagansoltanyň bir özi ot bolanda niräni alsyn. Ýa Pirguly neşe ýaly diri gezip ýörkäň çagalaryňy dektoma (detdoma) tabşyraýjakmy? — Annanýazyň sesini çykarman, aşak bakyp durşuny görüp, Garaja oňa öz sözleri täsir edendir öýtdi. Öňküdenem beter nebsi agyrdy. Hasyr-husur kagyzdan guýguç ýasandy-da, içini toşaply süýjüden doldurdy. Germewiň aňyrsyndan çykyp, elindäkini henizem her synçgyranda suwa goýberilen gaýyk ýaly çaýkanjyrap duran Annanýazyň goltugyna gysdyrdy. — Al! Ine, ondan-a çagalaryňa suýji eltip ber. Gandam bereýinmi? Köke-de bereýinmi? Tüwi bilen ýagam bereýinmi?.. Annanýaz «Hk» etdirip ýüzüni ýerden galdyrdy-da, ýaşa dolan gözlerini Garajanyň gözlerine dikdi. — Iň gowusy, işlängäňi beräýsene... Garaja doňdy. Esli mahal sesini çykarman Annanýazyň depesinden seredip durdy-durdy-da, bir bökende agaç germewden aşyp aňryk geçdi. Içi gantly kendir haltanyň üstünde ýatan şlangany kakyp aldy-da, ýene-de yzyna bökdi. Gelşi ýalam, şlangany bükreýip duran Annanýazyň boýnundan ildirdi. Sesiniň ýetdiginden gygyrdy. — Me! Al! Iç! Iç ýarylýançaň! Şu gün agşama çenli şol çelegi boşatmasaňyz, üçüňizem ataňyzyň döli dälsiňiz!.. Annanýaz diwary sermeläp yzyna ugrady. Onuň yzy bilen Garaja-da çykdy. Tasap gelşine, ýüzüniň ugruna Annanýazyň boýnundaky şlangany sypyryp aldy-da, ylgaşlap çelegiň ýanyna bardy. Garawulhananyň töwereginde çäşerilip ýatan Döwwämi ýa onuň gapdalynda irkiljiräp oturan Şageldämi, haýsynadygy belli däl: — Getiriň bärik bedräňizi! — diýip gygyrdy. Patanaklap turan Şageldiniň ala-şakyrdy bolup elten setilini sessiz-üýnsüz doldurdy. – Baryň indi göteriliň özüňizem şu ýerden. Ugraň! O ýatanyňyzam äkidiň! Süýräp äkidiň welin, äkidiň! Şu çelegi ýere dökjek, harama çykarjak welin, şundan artyk size ýekeje damjygam berjekgä! Garaja gidensoň, täzesindenem bir jüňňüli goýberdi welin, Annanýazyň synçgylawugy edil el bilen aýrylan ýaly bolaýdy. Ol: «Dogrudanam, gitmek gerek. Soň kekras kyn bor» diýip pyşyrdady-da, yraň-daraň edip Döwwäniň ýatan ýerine bardy. Aýagynyň burny bilen injigine kakdy. — Typ-eý, gideli! Tur, beýdip ýatma. Emma Döwwe turmady. Gaýtam öňküsindenem beter harlap başlady. Arasynda bir zatlar diýip gygyrdy. Bögürdi. Aýaklaryny, ellerini göterip-göterip urdy. Çabalandy. Ýüregi-bagry ýanyp barýan ýaly «ouwf, ouwf» etdirdi. Şondan soň Şageldem: «Ýüregim bulanýa» diýip, myňňyldap başlady. «Sen otur entek şuň yanynda, men derrew gelerin» diýdi-de, dükanyň aňry ýüzüne öwrüldi. Basym onuň: «Ö-ö-ö, ö-ö-ö» edýän sesi eşidildi durdy. Annanýaz o zatlara ünsem bermedi. Gapdal jübüsine elini sokup, bir gap «Belomor» çykardy. Onuň boşdugyny görenden soň eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Beýleki jübüsinden heniz açylmadygyny çykardy. Bir çilimi hezil edip çekensoň aşak oturdy. Ýülükleri jymyrdaşyp duran beýnisiniň daşyndan iki aýasy bilen berk gysdy. Çekgelerini owkalady. Birdenem gapdalynda ýatan jüňňüli garbap aldy-da, edil birine gahar edýän ýaly, dolduryp-dolduryp, yzly-yzyna içmäge başlady. Her gezek içensoňam, hälki Garajanyň beren süýjüsinden gysymlap-gysymlap agzyna dykdy. Çakyry süýji bilen içmekligiň şeýle ýakymlydygyna, şony şu güne çenli bilmändigine geň galdy. Keýpi hasam göterilip, dek häziriň özünde şu oturan ýerinde aýdyma gygyrasy geldi. Ýöne Garajadan çekindi. Döwwänem turzup äkitmelidigi, ýogsam Garajanyň ýene gelip galmagal edäýmeginiň ahmaldygy ýadyna düşüp gobsundy. Galjak boldy. Emma turup bilmedi. Rowgaty çatmady. Döwwäniňem edil ukusy tutup ýa keýp edip ýatmandygyna düşündi. Birdenem Şageldi ýadyna duşdi-de: «Şageldi! A-how, Şageldi! Şageldi, how!» diýip gygyryp ugrady. Onuň sesine elleri hülle ýaglyklyja dükana köke almaga gelýän çagajyklar üýşdüler-de: «Şageldi aga gitdi. Öýüne gitdi. Honha, gidip barýa. Ýolda iki gezek dagy ýykyldam» diýişdiler. Şageldiniň gidenini, onda-da aýtman gidenini şeýle kyn günde taşlap gidenini eşidip, Annanýaz hapa boldy. Gaty gördi. Edil şol wagtam bir ýerden dükanyň garawuly Aşyr aga geldi-de, çagalary kowdy. Hereketsiz gözlerini süzüp, guma bulaşyp oturan Annanýazyň gan-gabarçak, tot-tozan bolan ýüzüne, ýarpy ýanyny şalpy-şaraň edip ýatan Döwwäniň tagaşyksyz gözlerine, seredip, ýüzüni çytdy. Başyny ýaýkady. Garajanyň ýanyna baryp: «Olary bu ýerden bir kowsaň bolmadymy, görene göz bolup ýatyrlar» diýdi. Garaja-da: «Men-ä, Aşyr aga, nätjegimi bilýän däldirin. Kowsamam gidenoklar. Indi gidere ýagdaýlaram ýok. Kantura habar, etseňem ýamanlan ýaly boljak. Pyrgun-syrgun tapyp, öýli-öýüne taşlaýmasak, başga alaç ýok» diýdi. Şondan soň ol dükany ýapdy-da, ulag gözlämege gitdi. Annanýaz ýene-de içdi. Süýjüdenem iýdi. Iýdigiçe iýesi, içdigiçe içesi geldi. Her gezek içenden soňam birhili, öňküsine görä açylan ýaly, beýnisi durlanan ýaly boldy. Şoňa aldanyp, hasam köp içdi. Birdenem ýüregi joşdy-da, oturan ýerinde aýdym aýtmaga başlady. Şäherden gaýdyp gelýän guramalaryň, mekdebiň işigindäki meýdançada oýnaşyp ýören mugallymlaryň, ähli öten-geçenleriň somsaýak bolşup diňleýändiklerini görüb-ä hasam joşdy. Göçdi. Soňabaka oturan ýerini pes görüp çelegiň üstüne çykybam aýtdy. Arasynda düşüp, birki ýola ýelmäp, soň ýene-de çykdy. Aýak bitenje ogluny goltugyna alyp, haýdap gelen Tagansoltanyň ýalbar-ýakarlaryna, töwella-tagsyrlaryna dagy ünsem bermedi. «Atda, atda...» diýip özüne tarap elini serýän oguljygam gözüne ilmedi. Orakçylara suw çekýän arabany ala-şakyrdy edip getiren Garaja, daş-töwerekden üýşüşýän adamlara gözi düşende, birazajyk özüne gelen ýaly etdi-de, soň ýene-de bulaşdy. Döwwäni göterip araba atanlaryny görübem: «Waý, dogan!» diýip, ulili bilen ses etdi. Üç-dört sany adam bilen Garajanyň özüne tarap ugranyny görendenem «Garaja, gelme! Gelseň, öldirin! Kekras tohumyňy tükederin!» diýip gygyrdy. Birdenem täze bir aýdyma gygyrjak bolýan ýaly, çelegiň üstünde dim-dik durdy-da, sag elini ýokary göterdi, çep eli bilenem içini tutdy. Kimdendir birinden haraý gözleýän ýaly, gözlerini elek-çelek edip, töweregine seretdi. Birki ýola «hiýk-hiýk» etdi-de, dym-ak bolan gözlerini tegeläp, şol duran ýerinden şyr-takyr ýere çiň arkan gaýtdy. Ol üç günläp özüni bilmän ýatdy. Dördünji gün diýlende çalaja gözüni açdy. Ögedi. Agzyndan gelýän toşap ýaly goýy, goňrumtyl suwuklygy görüp başyny ýaýkady. Aýagujundaky düwdek bolup oturan aýalyny, ýüňleri çykyşyp duran köneje ýorganlaryň içinde küşdüň pyýadalary ýaly pytraşyp ýatan çagalaryny sessiz-üýnsüz synlady. Soň ýene-de ymyzgandy. Daňdanaralar oýanyp, şol ilkagşamkyja oturan ýerinde uklap galan aýalyny yralady. «Hyk-çok» edip ýatyşyna oýundygy-çyndygam bilinmeýän halda zoraýakdan ýylgyrdy. — Men-ä bir belaýygerdana ýolugandyryn welin, bilip bolmaz, birden bir bolmasy iş bolaýsa sen näme diýip aglarsyň, Tagansoltan? Tagansoltan, hakykatdanam, onuň oýnudyr öýtdi. «Aý, howwa-da, diliň gepläp ugran bolsa, sen indi adama ýeň beresiň ýok-la. Taparsyň-la şular ýaly ýok gürrüňleri» diýdi-de, turup çaý goýdy. Burçdaky unly haltasynyň agzyny açyp suprasyny ýaýdy. Hemişe şular ýaly aşa düşende, bir käsejik unaş içäge-de, gutulyp gidiberýän ärini bu gezegem unaş bilenjik bejeräýerin öýtdi. Hudaýyň ozal-a özüne ile meňzeş, synasy sagat är bermändigi üçin, üstesine-de onuň oba belli arakkeş bolup çykandygy üçin gara bagryny elek edip, sessiz-üýnsüz nalyndy. Dert çekdi. Gözleriniň ýaşyny ogrynça süpürip oturyşyna: «Her niçik bolsa-da, ärimdir, çagajyklarymyň kakasydyr, jan alla, göz görkezseň görkez, pent berseň ber, ýöne janyna bir degme, iliň beg ärinden bize ne peýda» diýip dileg etdi. Annanýazyň derdine derman bolar ýaly hamyryny has ýuka ýaýdy, öňkülerindenem has inçe kesdi. Owurtlar ýaly aşgazanyna ýakymly bolar ýaly suwlurak etdi. Gijäniň içidigine garamazdan, goňşulary Mamyş gelinden bir käse gatygam getirdi. Emma Annanýazyň aş bilenem, gatyk bilenem seri bolmady. Içi arakly sandygyna tarap käte bir delmuryp ýatyşyna «Şondan birini aç-da, bir käsejik bersene maňa» diýýän ýaly, Tagansoltana öwran-öwran seretdi. Emma, geň ýeri, bu gezek arak ýadyna düşenden aňyrsy bärsine geldi. Ýüregi bulandy. Aşgazandan göterilýän otly ýalyn bokurdagyň üsti bilen zowwam geçip, beýnisini dag-dag etdi. Öz reňkindenem beter sary, ýakymsyz bir porsy deriň gelmegi bilen belli-külli haýallady. Soňabaka-ha agzyndan gelýän goýy toşaby süpürmäge-de gurby çatmady. Içindäki unaşdan bir çemçe-de dadylmadyk okarany, saçagy ýygnaşdyryp ýören aýalynyň syýyndan çekip, çalajadan: «Çagalary turuzsana» diýdi. Gözlerini owkalaşdyryp, ýanyna gelen çagajyklaryny ýeke-ýeke bagryna basdy. Ogşady. Garajanyň: «Ýa dekdoma beräýjekmi...» diýeni ýadyna düşüp bozuldy. Hamala Tagansoltan olary eýýämhaçan «detdoma» tabşyryp barýan ýaly, gözlerine ýaş aýlady: «Baryň indi, köşekler, ýatyberiň» diýip, çagalarynyň başyny sypalady. Düýn-öňňinkije süýji-süýji pursatlaryň, tapdyrgysyz lezzetleriň soňunyň şeýle ajylyk bilen gutaryşyna geň galdy. Aragy ilkinji gezek içen güni öz boýnundan syrtmak salyp, bir ujuny ajalyň eline berendigini, şerap doly käseleri her gezek göterende, şol syrtmagyň düwnüni bokurdagyna tarap öz eli bilen süýşüre-süýşüre şu güne düşendigini duýdy. Puşman etjek boldy. Emma giç boldy. Ýetişmedi. Içinden turan apy-tupanyň yzasyna çydap bilmän, ulili bilen gygyrmaga başlady. Gijesi bilen gygyrdy. Dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary daşyna ýygnanyşansoňam gygyrdy ýatdy. Arabaly gidip, ýigrimi kilometr uzaklykda ýerleşýän şäher keselhanasyndan getirilen doktoryň eden däri-dermanlarynyňam peýdasy degmedi. Ol gyz zatlaryny ýygnaşdyryp durşuna gynanç bilen başyny ýaýkady. «Indi giç». Şondan soň Annanýaz hossarlaryny uzak garaşdyrmady. Doktor gyz gideli bäri howsalasy has artyp, birgiden çülpe çagalarynyň arasynda pelesaň urup ýören Tagansoltan Annanýazyň gözleri ýumlup, reňki üýtgänden, ilk-ä bir ulili bilen bagyryp, onuň üstüne zyňdy. Aýalaryny çarpyp-çarpyp aglady. Soňam edil goltugyndan gop berlen dek ýerinden towsup turdy-da, äriniň iň soňky sargydyny berjaý etmekçi bolýan ýaly, gap dula geçip oturdy. Donuny çöwrüp, çümre bürendi. Heniz emjekdenem aýrylmadyk körpeje ogluny bagryna basyp oturyşyna, dünýeden nähak hem armanly öten, ýagty ýalançynyň ýazy, toýuň-tomgynyň bezegi, märekäniň arzylysy, özüniň ýanýoldaşy, ýetim galan çagajyklarynyň atasy, Annanýaz atly bir ýeke ýigidiň ters gelen täleýi hakynda iň bir gaýgyly ýas aýdymlaryndan saýlap-saýlap aýtdy. Şol wagt ajal diýlen nägehan onuň gözüne başga hiç zat däl-de, diňe akly-gyzylly çüýşeleriň, içi çakyrdan doly çelekleriň suratyndaky elhenç bir zat bolup göründi. Dar jaýyň içinde ol burçdan, bu burça elewreşip ýören çagajyklaryň «ka-ka-a-aý, kaka-aý...» diýişýän zaryn sesjagazlary bolsa Tagansoltanyň şol pikiriniň hakykatdanam, şeýledigini tassyklaýan subutnama bolup eşidildi. *** ...Hawa, şol çaka çenli içgi diýlen zadyň nämediginem bilmeýän obamyza getirilen ilkinji çelek özi bilen agzalalyk, uruş, galmagal, dawa-jenjel getiren bolsa, ikinjisi ölüm getirdi. Ýöne onuň bilen obamyza çakyryň gelmesi kesilmedi. Gaýtam güýjedi. Köpeldi. Onuň köpelmegi bilen içýänem, içgiden gidýänem köpeldi. Olaryň kimsi Annanýaz ýaly has ir giden bolsa, kimsi birneme gijräk gitdi. Birnäçeleri bolsa diri gezip ýörkäler, adam syýagyndan aýryldylar, öýlerinden-öwzarlaryndan, gül ýaly çagajyklaryndan, negözel maşgalalaryndan jyda düşdüler. Iň ýamany Şageldi ýaly döşüni oka tutup, elhenç faşizm belasyndan üstün çykyp gelen gerçek ýigitleriňem şol nägehan belanyň öňünde ýan berenleri az bolmady. Ýöne soňabaka has köpelip, maşyn-maşyn, wagon-wagon gelip başlan şol içi jenjel suwundan hem ajal meýinden püre-pür doldurylan çüýşeleriň, çelekleriň, adamlary şeýle kyn günlere salan, şerap atly şol aýylganç melgunyň iň ilkinji awy welin, Annanýaz neresse bolupdy. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |