21:06 Belli karara geliñ: Haýsy Erdogan? | |
BELLI KARARA GELIÑ: HAÝSY ERDOGAN?
Publisistika
Oskar Waýldyñ "Dorian Greýiñ portreti" romanynda "Jemgyýetde halanýan biri bolmak üçin ortarap (vasat) biri bolmaly" diýilýär. Ortataplyk ýönekeýiñ gözünde birkemsizlikdir! Sosial mediýada käbirleriniñ sms hatlaryny, laýklaryny haýran galmak bilen yzarlaýaryn. Üstesine-de köp "ýüklemek" şeýle bir ýoñ bolupdyr welin, bi ortataplygyñ wekilleri özlerini añ-düşünjäniñ öñbaşçysy hasaplaýar! Nirelere sowruldyk? Ibn Haldun “Mukaddime” eserinde “Aşa göwnaçyklygyñ soñy ortarap adamdan nesihat diñlemekdir" diýip ýazýar. Muña ýol bermezlik gerek. Biz hakykaty agtarmakdan hiç haçanam el çekmeris. Iñ gödeginden başlaýyn: Erdogan-AKP häkimiýetiniñ talibanlar bilen gatnaşyk açma ähtimallygy "biziñ mähellämizde" gowur döretdi. Ýogsam bolmasa: Türkiýe-Owganystan diplomatik gatnaşyklary ýüzünji ýylyna gadam basypdy. Nijeme režimleriñ astynda, kimler gelip kimler geçdi häkimiýetden... Owganystana dünýäniñ kalby diýip baha berlen "Ýewraziýanyñ açary" hökmünde garalmagynda munuñ täsiri az bolmady. Emma Türkiýe hiç mahalam Owganystana basybalyjylar kimin ýakynlaşmady. Mustapa Kemaldan bäri daşary syýasatymyz üýtgewsizligine galdy: güýçli we durnukly Owganystan Türkiýäniñ bähbidinedir! Şonuñ üçin Erdogan-AKP häkimiýeti-de talibanlaryñ häzirki ýykan öñki hökümetine 2018-2020-nji ýyllarda 220 million dollar kömek edipdi. Şonuñ 62 million dollary talibanlara garşy gorag-ýarag kömegidi. (Şol sanda bilim ulgamyna-da uly kömek etdi: Magaryf fondunyñ Owganystanda iki liseýi bar. Bu mekdeplerde 218-i gyz, jemi 422 okuwçy okaýar.) Talibandan öñ Erdogan-AKP häkimiýetiniñ Owganystandaky "işleri" şular ýalakdy. Gürrüñimiz düşnükli bolar ýaly başga ýurtdan mysal bereýin: • SOMALIDE BOLANLAR Türkiýe ýangynlardyr siller bilen gidişýärkä Erdogan-AKP häkimiýetiniñ Somalä 30 million dollar grant etmegine oppozisiýa hakly garşylyk berdi: "Biziñ boýnumyza IBAN ("International Bank Account Number") dakýarsyñ, Somalä bolsa grant!" Meñ ýazjak bolýanym bu däl ýöne. Hany, bi, sosial mediýada "Erdogan "Taliban" bilen el gysyşjak bolýar, Türkiýä şerigat gelýär!" diýilýär-ä, mesele şunuñ bilen baglanşykly! Edil Owganystan ýaly Somali-de Afrikanyñ iñ strategik ähmiýeti bolan ýurtlarynyñ biri. Mysal üçin, yklymyñ iñ uzyn kenarýaka sebtine eýe we ş.m. Hawa, edil Owganystan ýaly Somali-de imperialistleriñ göz dikýän ýurdy... Edil Owganystan ýaly onuñam öñki häkimiýet formasy SSSR-iñ garamagynda gurlan "Somali Demokratik Respublikasydy". (Kubanyñ täsiri bilen SSSR Somalä goldawyny kesip, Efiopiýa goluny uzadansoñ, režimem çökme bilen boldy. Bulam-bujarlygyñ öñüni almak üçin "BMG-nyñ goşuny" Somalä girdi: serkerdesi polat deýin generaldy.) Erdogan-AKP häkimiýete gelensoñ, Somaliniñ Wagtlaýyn federal hökümeti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyk açdy. Ilçihanasyny gaýtadan herekete girizdi, konsullyk açdy. 2011-nji ýylyñ gurakçylygynda 210 million dollar kömek etdi. Hassahanalar gurdy. Halkara howa menzili abatlap berdi: 15 uçarlyk menzili 60 uçar kabul eder ýaly ulaltdy, Türk Howa Ýollary gullugynyñ bu ýurda gatnawy açyldy. Mogadişu aeroporty ýigrimi ýyllyk mahler bilen türk kompaniýasyna kärendesine berildi we ş.m. Ýigrimi ýyldan soñ geçirilen 2012-nji ýylyñ saýlawlarynda Agzybirlik we ösüş partiýasynyñ lideri Hasan Şeýh Mahmyda arka durdy. Onuñ yzyndan 2017-nji ýylda wezipä gelen Muhammet Abdylla Muhammede (amerikan raýatlygy-da bar) goldaw berýär. Eýse Erdogan-AKP häkimiýeti somali hökümetini kime garşy goldaýar? Türk goşuny somali goşunyna kime garşy uruşmagy üçin tälim berýär? Reaksioner yslamy topar - "Hareket eş-Şebab el-Müjahidin" terrorçylykly gurama garşy! Ýeri, hany siz, Erdogan-AKP häkimiýeti "Taliban" bilen el gysyşyp, Türkiýä şerigat getirjek bolýar" diýýärdiñiz-ä?! • SOWATSYZ OPPOZISIÝA "Hareket eş-Şebab el-Müjahidin"… Gysgaça aýdylyşy “eş-Şebab”. Talibanlar ýaly olaram jihatçy-wahhaby... Gurama 2012-nji ýylda ýaýradan wideohabarynda "El-Kaide" guramasyna goşulýandygyny yglan etdi! Guramanyñ ýigrimi müñe golaý ýaragly terrorçysynyñ bardygy çaklanylýar. Topar ýurduñ günortasyny elinde saklaýar. Diñe Somalide däl, başga ýurtlarda-da terrorçylykly aktlary amala aşyrýar. Mysal üçin, Keniýanyñ Nairobi şäherindäki bir söwda merkezinde gurnan aktynda 67 adamy öldürdi. Garissa uniwersitetinde-de 148 talybyñ ganyna galdy. Garşysyna söweşýändigini aýdan ýedi ýurdunyñ birem Türkiýe! Sözümi jemlär bolsam: Eger Erdogan-AKP häkimiýeti "Taliban" bilen ylalaşyga gelip, Türkiýä şerigat getirjek bolýan bolsa, Somalidäki häzirki häkimiýet bilen güýç birikdirip "Eş-Şebaba" garşy nämüçin söweşýär? "Taliban" bilen "Eş-Şebabyñ" arasynda tapawut barmy näme! Ýagny, ýoldaşlar... Sizden etjek ullakan haýyşym: eger özüñizi Atatürküñ okuwçysy hasaplaýan bolsañyz - irginsiz okañ, öwreniñ! Hem şuny ýatdan çykarmañ: Häkimiýetler geldi-geçerdir - düýbünde Atatürküñ guran Türkiýe Respublikasy döwleti barmy, bar. Bolany! Sosial mediýa ortataplygyny götergilemekden el çekiñ. Sowatsyz oppozisiýa bolup bilmez. Siziñ şu ýüzleýligiñiz sebäpli Erdogan-AKP 19 ýyl bäri häkimiýeti elden bermän gelýär! Soner ÝALÇYN. <img alt="" border="0" src="http://kitapcy.com/_nw/164/70037301.jpg" /> "SÖZCÜ" gazeti, 24.08.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |