10:31 Belorus topragynda diñlenen goşgy | |
BELORUS TOPRAGYNDA DIŇLENEN GOŞGY
Edebi makalalar
Birnäçe türkmen ýaşlary bolup Belorussiýanyň döwlet uniwersitetinde bilim alýarys. Bu ýerde dünýäniň çar tarapyndan gelen talyplar okaýarlar. Dürli milletden bolan ýaşlara bile okaýan ýoldaşlarynyň milletiniň, halkynyň taryhyny, şu gününi, geljegini bilmek örän gyzykly. Türkmen halkynyň däp-dessury, sungaty, edebiýaty bilen gyzyklanýan ýaşlar-a has köp. Dünýä metbugatynda, teleýaýlymlarda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli syýasaty, halkymyzyň galkynýan ruhy we zähmet üstünliklerine beslenýän durmuşy bilen tanyşýan talyplara bu zatlary türkmen ýaşlarynyň özünden diňlemek has täsirli. Şonuň üçinem ata Watanymyzda okaýan, zähmet çekýän dost-ýarlarymyzyň, hossarlarymyzyň ugradýan gazet-žurnallaryndaky, täze kitaplaryndaky her bir hoş habary okan halatymyz olar biziň begenjimizi-guwanjymyzy-da deň paýlaşýarlar. Bu zatlaryň özi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Galkynyşlar we Beýik özgertmeler zamanasynda ýaşaýan türkmen halkynyň dünýä ýaşlarynyň dünýäsine-de doganlyk-dostlugyň, hoşniýetliligiň nusgasy bolup täsirini ýetirýändigine şaýatlyk edýär. Meniň etjek bolýan bu gürrüňimem şu zatlaryň tassyknamasy. Ýaňy-ýakynda ata Watanymyzdan ugradylan täze kitaplary almak üçin ýola şaýlanyp durkam, otagdaşym, ukrain ýigidi ýoldaş bolmaga döwtalap boldy. Kitaplary alanymyzdan herimiz birini açyp agdaryşdyryp başladyk. Ýoldaşym elindäki kitabyň birinji sahypasyny açyp durşuna esli eglendi. Soňam kitaby maňa uzadyp, birinji goşgynyň adyny terjime etmegimi sorady. Kitaby elime alyp, ilki onuň daşyna seretdim. Allaýar Çüriýewiň «Seniň söýdük gara gözleň» atly goşgular ýygyndysy eken. Kitapda ýerleşdirilen birinji goşgy bolsa şahyryň «Prezidentiň ýüregi» atly goşgusy. Men goşgynyň adyny terjime etdim. Bu goşgynyň aýdym edilip aýdylýandygyny aýdyp başladymam welin, ýoldaşym sözümi böldi-de, «Häzir otagymyza bararys welin, men-ä saňa çaý taýýarlap bererin, senem maňa şu goşgyny terjime edip berersiň, bolýamy!» diýip, elini uzatdy. Menem ýylgyrdym-da, «Şu gün ukrain tagamyny-da taýýarlamaga söz berseň-ä men saňa şu şahyryň özi, goşgulary, aýdymlary hakda gaty köp zat aýdyp bilerin» diýip, onuň ýüzüne bakdym. Ol «Men razy» diýen äheňde uzadan elime elini goýdy. Men aýdymy goşgy görnüşinde terjime etdim diýsem-ä ýalançy, ýöne onuň many-mazmunyny welin ukrain ýigidine doly düşündirdim diýip biljek. Soňra aýdymyň awtory hakda-da, onuň beýleki goşgularydyr aýdymlary barada-da uzak gürrüň etdim. Dostumyň taýýarlan ukrain tagamynyň başynda türkmen halky, hormatly Prezidentimiz bilen halkyň arasyndaky jebislik, onuň halk üçin edýän aladalary, türkmen milli aýdymlary, türkmen şahyrynyň goşgulary hakda gürrüň etmek maňa ýakymly, bile ýaşaýan ýoldaşlaryma bolsa gaty lezzetli boldy. Ine, şol gürrüňçilik. Türkmen halkynyň Ýurtbaştutanynyň ýüregine düşünip, şol halkyň öz Liderine bolan hormatyny bilip, bu iki gatnaşyk hakda biljek bolsaňyz diňläň diýip, söze başladym: – Men şu şahyryň döredijiligi bilenem, özi bilenem gaty golaýdan tanyş. Döredijiligi bilen-ä mekdep ýyllarymdan bäri. Şahyryň bäş-alty aýdymyn-a häzirem hiňlenip biljek. Sebäbi onuň sözlerine döredilen aýdymlar günde-günaşa aýdylýar we diňlenilýär. – Şahyryň özi bilen tanyşlygyň nähili başlanandygyny aýtsana! Aýdymlary hakda bolsa, «Prezidentiň ýüreginden» başlady. Sebäbi, türkmen Prezidentiniň ýüregini arkaýyn diňläsimiz gelýär – diýip, dostum sözümi böldi. – Şahyr bilen meni kakam tanyşdyrdy. Serhetçi bolup Watan öňündäki borjumy bitirip, abraý bilen öýe dolandym. Gelen günümiň ertesi janly soýup, hudaýýoly berdik. (Ýoldaşym hudaýýolynyň berlişi, maksady hakda köp zady sorady, özüne bellikler etdi). Ine, şonda kakamyň tanyş-bilişleri, işdeş ýoldaşlary-da gözaýdyňa geldiler. Özi edebiýatçy bolansoň onuň ýoldaşlaram tükel şahyr-ýazyjylar, edebiýatçy-alymlar. Şonda, howla giren bäş-alty adamyň öňüni çekip gelýän gysga boýly, dolmuş ýaşuly kakam bilen salamlaşyp, «gözüň aýdyň! Halyl pälwanam abraý bilen dolanypdyr, hany, özi bilenem bir salamlaşaly-da esgeriň» diýdi-de, töweregine seretdi. Men myhmanlar bilen salamlaşyp başladym. Kakam «Bu, şahyr, alym Ahmet Mämmetdir, bu alym agamyz Myrat Jumadyr, bu...» soňunda hälki ýaşulyny görkezip, «Bu agamyza Allaýar Çüriýew diýerler. Aýdymçy şahyr, özem gaty aýdyma meňzeşdir görseň» diýip, ýylgyrdy. Men şol wagt «özem aýdyma meňzeşdir» diýlen sözlere üns etmändirin. Indi pikir edip otursam, ol sözler şahyryň mylaýym häsiýetli, il göwnünden turup, il derdine ýarap ýören şahyrdygyny aňladýan eken. Şondan soň men Allaýar aga bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasynda kän gabatlaşdym. Giriş synaglaryna taýýarlanýan döwürlerim-ä günde diýen ýaly salamlaşardym... – Hany, indi, «Prezidentiň ýüregi» hakda aýdyp bersene – diýip, ýoldaşlarymyň biri sözümi böldi. – Bu goşgy eýýäm iki ýyla golaý bäri türkmen toýunyň, baýramynyň gelşigi. Uly konsertlerde bagşylarymyz bu aýdymy jemleýji aýdym hökmünde üýşüp aýdýarlar. Olara diňleýjilerem goşulýar welin, şol wagt Prezidentimiz bilen halkyň arasyndaky birek-birege bolan hormat-sylagy, buýsanjy, ynamy düşündirmäge hiç hili söz gerek däl. Gepiň gysgasy, Allaýar Çüriýewiň bu aýdymy halk aýdymyna öwrüldi. Indi, ol aýdymyň sözleri şahyryňky däl-de, türkmen halkynyňky – diýip, guwanç bilen sözümi dowam etdirdim. Birinji bendi: Eziz Watanym gadymy «Dursun!» diýip müdimi. Urýar batly gadamy, Prezidentiň ýüregi. Türkmen halkynyň gaty gadymy halkdygyna, Watanyň, döwletiň berkligine, köküniň çuňlugyna guwanyp, onuň müdimi durmagyny, ýaşamagyny arzuwlaýan, onuň müdimi durmagy, at-abraýynyň arşa galmagy üçin aladadan doly ýüregiň mährem keşbi bar şu ýerde. Şol Watan-a Türkmenistan, şol ýürek bolsa türkmeniň söwer ogly hormatly Prezidentimiziň ýüregi. Ýagty nurdan säheri, Ýurduň oba-şäheri. Türkmenistan bahary – Prezidentiň ýüregi. Birinji, ikinji setirler Türkmenistanyň şu günki keşbi. Nurdan ýagty bolmak – bu agzybirlige, asudalyga, ruhy joşguna, Watana, il-güne bolan guwanja, mähre, söýgä ýugrulmak diýmek. Bu ýagtylyk halkyň gelejege bolan düýpli ynamy diýmek. Bu ýagtylyk halkyň töweregine bolan dostlugy, hoş niýetli diýmek. Bu ýagtylyk türkmen halkynyň ebedi bagta barýan ak ýoly diýmek. Soňky, üçünji-dördünji setirler Prezidentiň ýüregini türkmen baharyna deňeýändir. Türkmen bahary bolsa, töweregi jana getirip, täze bir ýaşaýşyň buşlukçysy bolup gelip, soňra töweregi al-ýaşyl güle büreýän pasyl. Bu pasylda dagam, bagam, ýerem, guşam... bary janlanyp herekete gelýändir. Garaz, bu pasyl durşuna gudrat bolup gelýär biz ile. Şahyryň Prezidentiň ýüregi halk üçin şeýle gudratly ýürekdigini aýdýan pursady şu aşakdaky setirlerde: «Galkyn!» diýip urýandyr, Galkan bolup durýandyr. «Halkym!» diýip urýandyr Prezidentiň ýüregi. Bu aýdymyň üçünji bendi. Halkyna bahar bolup gelip, ony galkyndyrmagyň aladasynda gürsüldeýän ýürek. Beýik Galkynyşlar zamanasyny döreden ýürek. Indem şol zamanada erkin ýaşaýan, gurýan, döredýän, galkynýan halkynyň abadanlygy, rahatlygy, eşreti üçin galkan bolup duran ýürek türkmen Prezidentiniň ýüregi. Bu ýürek diňe halkym diýip urýar, halkym diýip gürsüldeýär. Ol halkyň goragynda, halk bolsa şol ýüregiň. Ine, halk bilen Prezidentiň arasyndaky gatnaşyk, sylaşyk-hormat, söýgi, guwanç şu setirlerde jemlenýär. Aýdymyň dördünji bendinde türkmen häsiýeti, çörekli desterhany, onuň Garaşsyzlygy, Bitaraplygy hakda aýdylyp, jemleýji bent halk bilen Prezidentiň ýüreginiň arasyndaky birek-birege berýän kuwwaty suratlandyrýar. Bu aýdymyň halkyň aýdymyna öwrülmeginiň syry bolsa aýdymyň her sözüniň, her setiriniň halkyň ýüreginden alnanlygynda. Halk öz ýüregindäki Prezidentine bolan arzuwyny, guwanjyny, ynamyny şu aýdymyň içinde görüp, ony öz söýgüli aýdymyna öwürdi. Sözüme dyngy berdim-de, elimi çaýly käsä uzatdym. Ukrain ýigidi öňünde duran ak kagyza ullakan ýüregiň suratyny çekdi-de, ýokarsyna rus dilinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýüregi» diýip ýazdy. Ýüregiň içine bolsa «türkmen halky» diýip ýazdy, ýüregiň töweregini gün şöhleleri ýaly şöhle şekilleri bilen bezäp, maňa uzadyp, «Nähili, düşünipdirinmi» diýip ýylgyrdy. Menem «Men-ä düşündirip bilipdirin, senem düşünipsiň» diýip, suraty emaý bilen kitabyň içine saldym. Soňra ýoldaşlarymyň haýyşy bilen Allaýar aganyň şu kitapdaky beýleki aýdymlary, goşgulary hakda-da höwes bilen gürrüň berdim. Sebäbi ol aýdymlaram türkmen halkynyň dünýäsi, ahlagy, türkmen ýigidiniň söýgüsi, watançylygy, mertligi, türkmen gözeliniň edep-ekramy, wepasy, türkmen tebigatynyň gözelligi... hakda gaty inçe zatlary açyp bilýän aýdymlar, goşgular. Şahyryň «Ýadygärlik» atly goşgusyndan başladym. Sebäbi şu goşga şahyryň türkmeniň şygryna, aýdymyna, sazyna goýýan sarpasy, oňa bolan höwesi, şahyr hökmünde öz öňünde goýan maksady siňdirilipdir. Onda şeýle maksatda il-gününe, mukaddes poeziýa, gudratly sungata hyzmat edýän şahyra düşünmek üçin ilki bilen şu goşgynyň syryny açmak gerek. Bir aýdym ýazaly, aýdylsyn mydam, Garrasak-da ýaşdyr öýdülsin mydam. Baharda ýaňlansyn, Gyşda ýaňlansyn, Juwan ýaşda Garry huşda oňlansyn. Söz bilen saz Bir jan-bir ten öýdülsin. Bir aýdym ýazaly mydam aýdylsyn, Bürünçden däl, altyndan däl, misden däl, Gel, ikimiz özümize Söz bilen sazdan Ýadygärlik dikeli. Ýyllar oňa kär etmesin, Iller hem inkär etmesin... Şahyryň öz öňünde goýan maksadyndan döreýän pikir ol – poeziýa, sungata mukaddes bir zat hökmünde seredip, bu meýdanda arassa zähmet çekmeli. Hut şol mukaddeslik bilenem özüňden soňkulara ýadygärlik galdyrmaly. Söz bilen, saz bilen ýadygärlik dikmek diýmek bolsa, halkyň ýüreginde baky ýaşajak eserleri döretmek diýmek. Ine, şahyryň özünden edýän talaby. Şol talap bilenem A.Çüriýew «Prezidentiň ýüregi», «Deňiz guşum», «Çyralar», «Gel, obamyň lälesi», «Sen aýdymyň aşygy», «Dagly gyz», «Damjalar», «Läläm gideliň bäri», «Uruş weteranlary», «Türkmen gyzlary», «Obam», «Dildar», «Watan çagyrýar», «Şäherim», «Düýşüme giripsiň ezizim ýene», «Gyz ýüregi», «Aýdymlar enäniň oglyn gözleýär», «Sensiz»... ýaly birnäçe aýdymlary, ýüzlerçe goşgulary döretdi. «Deňiz guşum» atly aýdymyň döreýşi Döwletgeldi Ökdirowyň oňa saz ýazyşy, şol aýdymyň sözleriniň sazynyň döreýşi hakda heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döreden eseri dogrusyndaky gürrüňden soň bu aýdym hakdaky gürrüň has örüsini giňeltdi. Haçan-da, Awazanyň şu günki durky hakda, hormatly Prezidentimiziň Awaza dynç alyş zolagy babatda edýän aladalary dogrusynda gürrüň edilen halaty «Deňiz guşumy» häzir «Awazada oturyp diňläýseň» diýip, arzuwyny daşyna çykaran ýoldaşymyň A.Çüriýewiň aýdymy bilen türkmen tebigatyny, türkmen deňzini doly göz öňüne getirip bilenine düşündim. Ýoldaşlarymyň ýokarky ýaly sözleri bolsa şahyryň aýdymynyň dünýä aýlanmaga mynasyp aýdymlygy hakda ata Watandan uzaklarda aýdylan delil bolup eşidildi. «Seniň söýdük gara gözleň...» atly kitapda ýerleşdirilen «Türkmenistanym meniň» atly aýdymyň hem gürrüňi şüweleňli boldy. Sebäbi bu aýdym hakda gürrüňe başlan wagtym otagdaşlarymyň ýene biri, belorus ýigidi-de, kitaphanadan gelip, gürrüňçilige goşuldy. Ol hormatly Prezidentimiziň Belorussiýa sapary hakda gürrüň berip, Belorus döwletiniň Prezidentiniň Türkmenistanda garşy alynşy barada okanyny, teleýaýlymda görenini guwanç bilen ýatlady. Şondan soň gürrüňimiz ýene aýdyma aýlandy. Şahyr goşguda Watany, bürgüt guşuň ganatyna deňäp başlaýar. Guşuň ganaty bolsa guşy – guş edýän zat. Ganatsyz guş – guş däl. Bizde aňy pesräk, hereketi tagaşyksyz adama «Düýe guş ýaly» diýýärler. Eger ganaty bolup, beýleki guşlar ýaly al-asmana galyp bilýän bolsa, onda, düýeguşam beýle gep ýassygy bolup ýörmezdi. Adamyň ganaty Watany. Ganatdan aýrylan bürgüdiň bürgütliginiň gutarşy ýaly, Watansyz adamyň-da derejesi «Watansyz» diýilen derejä çenli peselýär. Goşguda Watanyň dagy, çöli bolsa Erem bagyndan ýokarda goýulmak bilen watançylygyň nusgasy özüni açýar. Watanyň taryhy, gerçek ýigitleri, tebigaty, onuň Galkynyşlar zamanasynda dünýäni maýyl edip bilýän ýeňişleriň ählisi aýdyma siňdirilip, Watan üçin janyny bermäge taýýar türkmen oglunyň adyndan aýdylýar. Ýoldaşlaryma A.Çüriýewiň goşgularynyň, aýdymlarynyň üsti bilen türkmen gyz-gelinleriniň gözelligi, olaryň söwer ýarlaryna wepasy, edebi, ahlagy hakda, türkmen ýigitleriniň şol gözelleriň sarpasyny saklaýşy, olaryň arassa söýgüleri barada gürrüň bermek hasam ýakymly boldy. Sebäbi olar bu eserleriň üsti bilen öz deň-duşlary bilen gaýybana syr alyşyp bildiler. Olaryň pynhan söýginiň sarpasyny saklap bilişlerini görüp, türkmen dünýäsiniň ýene bir milliligine düşündiler. Şahyryň kitap bilen adybir goşgusy bu temanyň gepbaşysy boldy. Sebäbi goşguda türkmen ýigidiniň söýgi diýilýän jadyly zada durky bilen berlişi, türkmen ýigidiniň wepaly söýgisi hakda, onuň on iki süňňi bilen ezilip söýüp bilişi hakda söz açylýar. Ine, şeýle söýginiň diňe gowy ýürekde doglup, gowy ýürekde ýaşap bilýändigine aňryýany bilen düşünýän ýaşlaryň göz öňünde ýaşy geçişse-de, şol juwan ýürek bilen söýüp, garaşyp ýören gahryman janlanan halaty söýgi meselesinde türkmen kalbynyň öz öwüşgininiň barlygyna, şol öwüşgini şahyryň çyn türkmen duýgusy bilenem aýdyp bilendigini başga milletli dostlarym bellediler. Ýaryň barmaklary bilen daraklan saçlary agarypdyr. Birmahalky mežnun ýürek ejizlejek bolýar. Ýar üçin gül ýygyp, çemen baglan ellerde hasa bar. Liriki gahryman bu zatlary ejizläp sananok. Ol bu garrylyk alamatlarynyň ony ýaýdandyryp durmaýanlygy üçin agzaýar. Dogrudanam, gahryman ýaýdanyp duranok. Sebäbi onuň ýüreginde ol zatlara doly garşy durup biljek gudratly söýgi ýaşaýar. Gyz ýoluna bakan gözler kütelibersin, gara saç agaryp, ýürek agyrybersin, ellerde hasa bolsa bolsun – bu zatlaryň ählisiniň emi, şypasy bar. Ol şypa şol söwer ýaryň jemalynda jemlenen. Şol jemala gözi düşen aşygyň gözi ýiteljek, ýüregi aram tapyp, elleri hasany oklap, ýene güli ýygyp, çemen baglajak. Muny şahyr şeýle düşündirýär. Goý, agarsyn gara saçlar, Dünýäň gamy mendedir gyz. Goý, agyrsyn mežnun ýürek, Ýürek emi sendedir gyz. Goý, kütelsin gara gözler, Munuň üçin bolman hapa. Gözüm düşse gözleriňe, Istemerin başga şypa... – Şahyryň mylaýym äheňi bilen garylan çyn söýginiň gudraty türkmen kalbynyň arassalygy, mylaýymlygy, wepalylygy hakda kemsiz aýdyp bilipdir. – Bu sözler goşgynyň syry açylandan soň belorus dostumyň diýen sözleri. Ara böwşeňlik düşende iberilen gazet-žurnallary eline alyp, agdaryp başlan özbek dostumyz elindäki «Zenan kalby» žurnalynda ýerleşdirilen tahýaly, saçlary iki örülen, keteni köýnekli, ýakasy owadan nagyşly türkmen gyzynyň suratyny görkezdi-de «Türkmen gyzlary nädip beýle owadan bolup bilýärler. Şularyň bar syry olaryň tahýasynda, ketenisinde ýaly bolup dur» diýdi-de, žurnaly rus ýigidine uzatdy. Men «Seniň diýýän tahýaň, keşdeli keteniň meseläniň bir tarapy, onuň esasy tarapy welin olaryň dünýäsinde, biziň gyzlarymyzyň owadan, arassa dünýäleri ýüzünde-de görünýär. Ine, şonuň üçinem olar owadan» diýip jogap berdim. Surata seredip oturan dostum «Hany, şahyr bu gyzlary wasp edenokmy munda» diýip, Allaýar aganyň kitabyny görkezdi. Men kitaby agdaryp başladym. «Ine-de, tüýs özi-de, şu» diýip, seslenenimi duýman galypdyryn. Sebäbi şahyryň «Türkmen gözeli» atly goşgusynyň üstünden barypdym: Jem bolupdyr türkmen gyzy keşdäňde Zeminiň lälesi, asmanyň Aýy. Keramatdan habar berýär nagyşlar, Taňrym gözellikden kemmändir paýy. – diýip başlan goşgynyň aşakdaky setirlerini has joşgunly okadym. ... Sen neneň owadan gyzyl kürtäňde, Gara göz, gara gaş türkmen gözeli... Wysalyň sözlesem dünýä ýaz maňa, Öwüsse keteniň şirin saz maňa. ... Janym alan nerkes gözün dogadyr, Başyňdaky tahýaň tylla jygadyr. Ýol ýöreseň gijeler Aý dogadyr, Egni zerli çabyt türkmen gözeli. Goşgyny türkmen dilinde, türkmen labzynda okadym. Goşgy gutardy. Rus ýigidi töweregine ýaltaklap öz-özüne geň galýan äheňde «Walla, çynym men şu goşga düşünäýdim öýdýän. Hany, diňläň, men goşga şeýle düşündim». Bu dostumyzyň bolşy hemmäni haýran galdyrdy. Oňa «Sen, türkmen dilini bilýän bolaýma» diýip, degenem tapyldy. Ýöne soňunda welin bu şahyryň ussatlygy diýilen netijä gelindi. Dogry, rus ýigidine tahýa, keteni, kürte, türkmen nagyşlarynyň syry dogsurynda düşündirmeli boldy. Ýöne türkmen gözeliniň waspynda welin ol gaty bir ýalňyşmady. «Seniň söýdük gara gözleň...» atly ýygyndy bilen şeýdip tanyşyp oturyşymyza biz Watanyň tebigaty, halkymyza mahsus bolan edim-gylymlar, däp-dessurlar bilen töweregimizi-de tanyşdyrýandygymyza düşünýändigimiz üçinem şahyryň ulanýan inçe tärlerini, meňzetmelerini, öwrümlerini sypdyrmajak bolup jan çekenimiz hak. Haçanda, A.Çüriýewiň «Owaza tagzym» atly goşgusynyň süňňüne aralaşyp başlan halatymyz men ýene bir zada göz ýetirdim. Şahyryň ýurdumyzdaky tanymal adamlara bagyşlap döreden eserleri häzir diňe bir şahyryň zehin agramynyň ölçegi däldi. Häzir olar başga ýurtly diňleýjileriň ýanynda has köpräk wezipäni amal etmelidi. Şol gahrymanlaryň üsti bilen halkyň söýgüli ogullaryny tanyşdyrmalydy. (Bu eserler şahyr Halyl Kulyýewe, Azat Rahmanowa, türkmen bagşylary Ödeniýaz Nobatowa, Gurbanmyrat Nobatowa türkmen hudožnigi Durdy Baýramowa, heýkeltaraş Saragt Babaýewe, türkmeniň goja esgeri Çary Balyýewe, taryh mugallymy Eke Annaýewe bagyşlanylan goşgular. Şahyryň eserleriniň bu ýüki-de arkaýyn çekip bilendiklerini bolsa, daşary ýurtly dostlarymyzyň şol eserleriň üsti bilen türkmen şahyryna, bagşydyr-hudožnigine, gepiň gysgasy halkymyzyň edebiýatynyň, sungatynyň birnäçe inçe syrlaryna göz ýetirendiklerini bilenimizden soň ynandyk. Şahyryň şeýle uly hyzmatyň hötdesinden gelip bilen eserlerine guwandyk. A.Çüriýewiň türkmen tebigatynyň bir bölegi daglary wasp edýän goşgularyna gezek gelende gürrüňimiziň şiresi has-da artdy. Sebäbi bu ýerde okaýan türkmen ýigitleri gelejekde Köýtendagynyň eteginde guruljak zawotda zähmet çekip, şol dagdan alynjak çig serişdeleri bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da berkitmeli adamlardy. Şonuň üçinem gürrüň türkmen Lideri bilen Belorus döwletiniň Prezidentiniň bile şol zawodyň gurluşygyna ak pata beren günlerinden başlady. Bu zatlar türkmen daglarynyň owadan tebigatymyzyň bir bölegi bolmak bilen ykdysadyýetimize uly täsir edip bilýän baýlyklary-da özünde saklaýan hazynadygyna güwä geçýär. Haçanda şahyryň «Daglar heý», «Daglar», «Hozly dere», «Dag oýlanmasy» ýaly goşgulary bilen tanşan ýoldaşlarymyz «Siziň şygyrýetiňiz ýaly daglaryňyz hem owadan, baý, syrly hem beýik eken» diýen çaglary biziň öz Watanymyza bolan buýsanjymyzda şol daglaryň derejesine belende galdy. Allaýar aganyň goşgularyndan soň özlerini şol daglaryň arasynda duýýan ýigitlere düşünmek kyn däldi: Gülsem gülüp, aglanymda syrdaş siz, Ýowuz günde gardaşsyza gardaş siz... ... Her kese syr açmaz munda, Namart oýny geçmez munda. Bakydyr, il göçmez munda, Halamaz gussany daglar. Gadymyýetden galan Zemin myhy siz, Görüpsiňiz ol pygamber Nuhy siz... – diýen ýaly joşgunly setirleri arkaly bu gün türkmen dagynyň görki-görmegi, özboluşly häsiýeti Belorussiýada janlandy. Ýygyndy-da türkmen halkynyň edim-gylymy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty, halk bilen Lideriň arasynda dörän berk ynam, hormat-sylag, tebigatymyzyň gözelligi, türkmen desterhanynyň nygmaty bilen tanyşan dostlarymyň tomusky dynç alyşda Türkmenistana myhman bolmak arzuwyny diňläp, häzir olaryň göz öňünde Awazanyň lezzetli howasy, Köýtendagyň, Köpetdagyň gaýalary, Garagumuň aňňyt-aňňyt depeleri herekete gelýändigini duýmak kyn däldi. Meniň «Nesip bolsa, türkmen myhmansöýerligini şonda görersiňiz» diýen sözlerimden soň ukrain ýigidiniň «Şonda, şu şahyr bilenem tanyşarys gerek?!» diýen sözlerine «Elbetde» diýdim-de, «Allaýar aga, garaşyber, seniň poeziýaň muşdaklary seniň «Deňiz guşuňy» Awazada, «Daglaryňy» dagda, Garagumuň waspyny Garagumda özüňden diňlemegiň arzuwynda» diýip, pyşyrdadym. Dostlaryma «Türkmen gujagy, türkmen desterhany hoşniýetli myhmana mydama açyk» diýip kitaby ýapdym. Halyl KULYÝEW, Belorus döwlet uniwersitetiniň talyby. «Türkmen dili» gazeti, 2010-njy ýylyň 27-nji ýanwary. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |