12:35 Benksi, kim sen? | |
BENKSI, KIM SEN?
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Habarçylaň köpüsiniň çaklamasyna görä, Benksi tahallusy bilen 1974-nji ýylda iňlis şäheri Bristolda doglan nakgaş gizlenýärmiş. Sungatda meşhurlyk gazanmazyndan öň, häzirki wagtda dünýä belli bu köçe nakgaşy birnäçe graffiti-toparlaň (köçelere, jaýlaň diwarlaryna, haýatlara başly-barat surat çekýänler) agzasy bolupdyr. Ýöne, uzagyndan Benksi özüniň bilelikde “eser” döredýän (köpleň pikirine görä “bozgaklyk edýän”) ýoldaşlary bilen pikirleri çapraz gelip, özbaşdak “döredijilige” ýüzlenipdir. Benksi. "Mobil magşuklar" (Mobile Phone Lovers). 2000-nji ýylda nakgaş suratlary trafaretde çekmek usulyna geçipdir. Çünki bu usul oňa suraty çalt çekmegiň netijesinde, diwarlary, jemgyýetçilik ýerlerini “hapalaýandygy” üçin ele düşmän gitmeklige mümkinçilik beripdir. Şonuň netijesinde-de Benksiň dünýä jar bolan özboluşly sungat usuly emele gelipdir. Benksi. "Hemişe umyt bar" (There is Always Hope). 2006-njy ýylda bolsa Benksiň bu trafaretleýin usulyny “Benksiň effekti” diýip atlandyrmaga başlaýarlar. 2007-nji ýylda Benksiň eserleri Sotheby’s auksionynda şol döwürler ýokary bahalardan satylýar. Özüniň adygyp başlamagyna bolsa Benksi epataž bilen jogap berýär. Ol özüniň şahsy saýtynyň mazmunyny täzeleýär-de, onuň baş sahypasynda şol auksionda “Siz samsyklaň şuny satyn aljagyňyza ynanyp bilemok” diýen ýazgyly eseriniň açyk satuwa çykarylýan suratyny çekip goýýar. Benksi. "Geljeksiz" (No Future). Ol 2008-nji ýylda dünýäň ähli art-nakgaşlarynyň sergisini Londonyň metro menziliniň astyndaky tonnelde gurnaýar. Şol sergidäki suratlar gönüden-göni tonneliň diwarlaryna çekilipdir, çäräniň geçirilýän anyk ýeri bolsa, tä ol başlanýança gizlinlikde saklanypdyr. Benksi. "Gazap, Gül zyňyjy" (Rage, Flower Thrower). 2009-njy ýylda, BMG-niň Global gyzgynlyk boýunça sammiti gutaran dessine Benksi bu tema boýunça Londonda birnäçe sany suratyny çekipdir. Olardan iň meşhury: “Men global gyzgynlyga ynanamok” diýen ýazgynyň ýarysyna çenli suwa gark bolan şekilidir. Benksi. "Uçup gidýän gyz" (Flying Balloon Girl). 2011-nji ýylda eBay internet-auksionynda Benksiň çyn ady ýazylan kagyz bölejigi satlyga çykarylypdyr. Bu kagyzjygyň ilkibaşky bahasy 3000 amerikan dollary bolupdyr we 38-nji gezek baha ýokarlanandan soň 1 000 000 amerikan dollaryna barypdyr. Şonuň yz ýanam satlyga çykarylan haryt gürüm-jürüm bolupdyr. Soňraky myş-myşlara bu auksiony epatažyň we piaryň ussady – Benksiň özi guranmyş. Benksi. "Muny halyň astyna süpüriň" (Sweep it Under the Carpet). Benksiň ssenariýaçy we režissýor hökmünde çykyş eden “Suwenir dükanynyň içinden geçilýän gapy” atly filmi şol “Oskar” kinobaýragyna hödürlenipdir. Şondan soň Benksiň eserlerine baý, meşhur adamlar üns bermäge başlapdyrlar we olaryň bazar bahasy hasam artypdyr. Benksi 2013-nji ýylda Nýu-Ýork şäheriniň Merkezi seýilgähinde öz eserleriniň anonim satuwyny gurnaýar we şol satuwda “original Benksini”, ýagny Benksiň eserleriniň asyl nusgalaryny bary-ýogy 60 amerikan dollaryna satyşdyrýar. Benksi. "Adamlara gyzyklanma" (Interest in People). 2018-nji ýylda bolsa, Sotheby’s auksionynda Benksiň adybelli “Şarjagazly gyzjagaz” eseri açyk satuwa çykarylýar. Haçan-da eseriň bahasy ýokarlanyp-ýokarlanyp 1 million funt sterlinge ýetende “satyldy” diýlen habar yglan edilen dessine eseriň çarçuwasynda gizlenen kagyz dograýjy herekete girýär-de, suratyň agramly bölegini dograp taşlaýar. Birbada auksiona gatnaşýanlar aňk-taňk bolup galanam bolsalar, soňra bada-bat bu eseriň ady “Zibilgapdaky söýgi” diýlip üýtgedilýär-de, ol 2,5 million amerikan dollaryna satylýar. Benksiň kimdigi häzire çenlem anyklanmadyk. Habarçylaram, sungaty öwrenijilerem bu barada diňe çaklamalary öňe sürýärler. Çeşmesi: https://adme.media/tvorchestvo-hudozhniki/istoriya-ulichnogo-hudozhnika-benksi-on-nachinal-kareru-ubegaya-ot-policii-a-sejchas-za-nim-begaet-ves-mir-2142915/. 17.05.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |