14:55 Berdi Kerbabaýew | |
BERDI KERBABAÝEW
Edebi makalalar
Berdi Kerbabaýew diýlende, başyny bulutlara diräp oturan äpet bir dag göz öňüňe gelýär. Emma dag diýilýän zat ymgyr meýdanyň içinde ýeke oturan diň ýaly ýa-da giden sähranyň içinde ýalňyz oturan depe ýaly zat däl. Özbaşyna, sopbaş oturan belentlige dag diýilmeýär. Dag diýilen zat onlarça belent-belent gaýalardan emele gelýär. Diýmek, dag hakynda gürrüň edilende, ol dagyň tutuş degresiniň – Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Gara Seýitliýew, Aman Kekilow, Towşan Esenowa, Çary Aşyrow ýaly belent-belent gaýalaryň ýada düşmegi tebigy zat. Hep-häzir şol gaýalar Berdi agamyzyň daşyny fiziki taýdan gurşap duran bolsalar, Ata Gowşudow, Nurmyrat Saryhanow, Hojanepes Çaryýew, Rehmet Seýidow ýaly gaýalar onuň degresini ruhy taýdan gurşaýarlar. Ol dagyň degresinde diňe bir gaýalar däl, lowurdaşyp oturan gülälekli baýyrlar hem kän. Munuň şeýleligi bolsa ol dagyň gözelligine öňküdenem beter gözellik goşýar. * * * Berdi Kerbabaýew hakynda gürrüň etmek bir tarapdan örän aňsat. Ýene bir tarapdan bolsa – örän kyn zat. Aňsatlygynyň sebäbi – onuň döredijiligi hakynda, ülkämize getiren şöhraty hakynda näçe öwgüli sözler aýtsaňam, nähili güýçli deňeşdirmeler ulansaňam, köplük etjek gumany ýok. Kynlygynyň sebäbi – belentlik diýen zat şonuň ýaly aşa geçmeleri, gykylykly taryplary halamaýar. Ikisiniň aralygyny tapmak, ýa-da başgaçarak aýdanmyzda, ýuwaşdan arama çenli şemally sözleri tapmak – bu bolsa hemme kişä başartmaýar. * * * Şahyryň, ýazyjynyň ýüze çykmagy örän köp zat bilen baglanyşykly. Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da talant bardyr diýip aýtmak bolar. Ýöne weli ol, talant diýen zat, bir adamda köpräk, birinde azrak, ýene birinde ondanam azrak bolmagy mümkin. Şol talantyň ukudan oýanmagy, gozganmagy, aýak üstüne galmagy üçin nähilidir bir sebäp gerek. Ilki oba mekdebinde, soňra Tejeniň, Kakanyň medreselerinde, has soňrak bolsa, Buhara medresesinde okap ýören Berdi Gündogar klassyklarynyň eserleri bilen juda ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik tapýar. Ol ozal şol eserleri bagşylaryň, dessançylaryň dilinden eşidip aşyk bolup ýören bolsa, indi olary öz elleri bilen elläp, öz gözleri bilen okamaga mümkinçilik tapýar. Bu ýagdaý her bir zehinli adamyň durmuşynda ullakan zatdyr. Ýaş ýigidiň zehininiň gozganmagyna, soňra bolsa kem-kemden özüniňem goşgy setirlerini düzüp başlamagyna sebäp bolan şu pursat ýatlap geçmäge mynasyp pursatdyr. Emma ýaş ýigidiň öňünde hakyky, aýgytlaýjy pursaty Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasy açýar. Birinji pursat onuň zehinini çala yralap goýberen bolsa, ikinji pursat ony mazaly oýadýar. Şol oýanaly bäri ynha indi ýarym asyryň içidir, biziň Berdi agamyz ne dynç almany bilýär, ne-de uklamany. * * * Mihail Şolohow 1923-nji ýylda “Ýaşlar hakykaty” diýen gazeti açyp, özüniň iň ilkinji felýetonyny okap oturka, edil şol wagt Berdi Kerbabaýew hem “Türkmenistan” diýen gazeti açyp, özüniň ilkinji satiriki goşgusyny okap oturdy. Ol eser “Iç ýene-de, iç ýene!” diýen goşgudy. Bary-ýogy 10 müň tiraž bilen halka ýaýran şol goşgudan başlap, 2 ýarym million tiraž bilen halka ýaýran Gaýgysyz Atabaýew hakyndaky romanyna çenli Berdi Kerbabaýew 45 ýyllyk şöhratly ýoly geçdi. Şol ýyllaryň içinde onuň döredijilik diapozony uçursyz giňäp, edebiýat diýilýän zatda näçe žanr bar bolsa, şolaryň hemmesini ýuwaş-ýuwaşdan öz içine alýar. Ol sowet döwrüniň ilkinji poemasynyň hem, dramasynyň hem, oçerkiniň hem, çagalar edebiýatynyň hem, edebi makalasynyň hem, terjimeçilik sungatynyň hem düýbüni tutanlaryň biri bolýar. Ýazyjynyň “Gyzlar dünýäsi” diýen başky uly poemasy oňa ilkinji şöhraty getiren bolsa, “Dakylmak”, “Amyderýa” poemalary, “Hakykat” diýen oçerkler ýygyndysy, drama eserleri, terjimeçilik sungaty oňa ikinji, üçünji, dördünji, bäşinji, altynjy şöhratlary getirýär. Şeýdibem ol kem-kemden ýedinji şöhrata – ýedinji perdä, şirwan perdesine çykýar. Ol perdäniň adyna bolsa “Aýgytly ädim” diýýärler. Awtor öz romanynyň adyna “Aýgytly ädim” dakanynda, onuň başga bir simwoliki tarapyna, meger, üns hem beren däldir. Aýgytly ädim diňe bir Oktýabr rewolýusiýasyna tarap türkmen halkynyň eden aýgytly ädimi däl-de, Berdi Kerbabaýewiň özüniň hem edebiýat dünýäsine eden aýgytly ädimi boldy. Galyberse-de, diňe özüniň hem däl-de, bütin türkmen edebiýatynyň sosialistik realizme tarap eden aýgytly ädimi boldy. Beýik taryhy wakalar bilen sepleşdirip, giden bir halkyň durmuşyny hem-de ýaşaýşyny şeýle dogryçyl, şeýle çuňňur, şeýle täsin görkezip bilmek aňsat iş däldi. Faktlary hem-de wakalary sanap geçmek üsti bilen däl-de, olary çeper obrazlaryň giden bir sistemasynyň üsti bilen görkezmek – bu örän agyr işdi. Şo mahala çenli türkmen klassyk edebiýatynda, sözüň doly manysynda, heniz realistik proza ýokdy. Diňe bir proza-da däl, uly sosial-taryhy wakalary özünde jemleýän hiç hili uly eserem ýokdy. Halkyň göreşiniň şeýle uly göwrümli realistik keşbini çekmek üçin ýazyjy kän zähmet çekmeli boldy. Şol wakalary, adamlaryň biri-birine bolan gatnaşygyny ýaňadandan aňyndan geçirmeli boldy. Partiýa bilen halkyň birliginiň, dostlugynyň, doganlygynyň döreýiş prosesine çuňňur akyl ýetirmeli boldy. Bularyň daşyndan bolsa düýbünden täze çeperçilik serişdelerini, formalaryny, usullaryny, beýan ediş stilini gözlemeli boldy. Romanyň üstünde işleýän ýyllary ýazyjy üçin döredijilik gözlegleriniň, jepalarynyň, durmuşy hertaraplaýyn çuňňur öwrenmegiň ýyllary boldy. Bu gözlegler, bu jepalar ahyrsoňy özüniň bereketli hasylyny berdi: döredijilik güzaplary döredijilik şatlygyna öwrüldi. “Aýgytly ädimiň” mazmunyny gürrüň berip durmagyň hajaty barmyka? Megerem, ýok bolsa gerek. Ýöne welin, her niçigem bolsa, bäş oýnam söz bilen romanyň içinden darap geçilse ýaman bolmaz. Sebäbi (gürrüňimiz näçe çäkli hem bolsa) Berdi Kerbabaýew hakynda gürrüň edip, “Aýgytly ädimiň” üstünden böküp geçmek gelşiksiz bolar. Ýazyjy öz romanyny Oktýabryň öň ýanyndaky ýyllardan başlaýar. Ol birnäçe ýyllaryň dowamynda (1914-nji ýylyň jahan urşundan tä akgwardiýaçylardyr interwentleriň kül-peýekun edilen ýyllaryna çenli) Artyk diýen garyp ýigidiň ykbalyny yzarlaýar. Artygyň ykbaly ýeňil ykballardan däl. Ol örän agyr, çylşyrymly, mahal-mahal bolsa tragediýa ýakyn ykbal. Artyk 1916-nji ýylyň gozgalaňyna gatnaşan ýigit, özi-de ýarlykly garyp ýigit. Şeýle-de bolsa, bu garyp ýigit wakalaryň çylşyrymly akymyna duşup, köre-körlük edip, belli bir wagtlap rewolýusiýanyň ganym duşmanynyň tarapynda – Eziz hanyň tarapynda hyzmat edýär. Ol esli wagtlap şübhelenýär, ikirjiňlenýär, wyždany bilen göreşýär, özüni horlaýar. Ahyrsoňy hem bir çukura tüýkürip, Sowet häkimiýetiniň tarapyna geçýär. Artygyň dogry ýola düşmegine, bir tarapdan, onuň garyp-gasarlar bilen ganybirligi kömek eden bolsa, ýene bir tarapdan başga bir ullakan ýagdaý kömek edýär: beýik rus halkynyň wekili, demirýolçy işçi, bolşewik Iwan Çernyşew bilen dostlugy kömek edýär. Berdi Kerbabaýew romanynyň bütin dowamynda artygyň ykbalyny yzarlap, ömürboýy ýadyndan çykmajak epizodalaryň hem-de gahrymanlaryň giden bir galereýasyny döretdi. Hakykatyň kimiň tarapyndadygyny Artykdan ozal duýan Aşyr, batrak Mawy, ruhy taýdan güýçli, öz erki-azatlygy üçin ahyrky demine çenli göreşmegi ýüregine düwen ajaýyp gyz Aýna, garyplaryň ganym duşmanlary Halnazar baý, Eziz han – bularyň her haýsy öz reňki, öz keşbi, öz häsiýeti boýunça özlerini söýdürýär ýa-da ýigrendirýär. Romanda görkezilýän döwür şeýle bir aldym-berdimli, agyr döwürdi, şol döwürde taryhda ilkinji gezek türkmen halkynyň öňünde sosial azatlygyň, milli azatlygyň mümkinçiligi açylypdy. Şo mümkinçilikden peýdalanmagy, duşmanlaryň halka garşy pirimlerine gitmezligi, azatlyga äkidýän ýeke-täk dogry ýoly saýlamagy başarmak gerkdi. Beýik rus halkynyň, işçiler synpynyň, Komunistik partiýanyň ýolbaşçylygy astynda zähmetkeş türkmen halky şol ýeke-täk dogry ýoly saýlamagy başardy. “Aýgytly ädim” romanynyň düýp mazmuny, ine, şundan ybaratdyr. Awtoryň şu çylşyrymly situasiýadan baş çykarmagy, meseläni marksistik pozisiýalardan çözmegi, onuň üstesine-de şol pajygaly pursatlaryň, çylşyrymly hadysalaryň beýan ediliş ussatlygy – bularyň hemme-si birigip awtoryň adyna-da, “Aýgytly ädimiň” adyna-da öçmez şöhrat getirdi. * * * Ýazyjynyň “Aýgytly ädimiň” yzysüre döreden “Aýsoltan” powesti hakynda-da, “Nebitdag”, “Gaýgysyz Atabaýew” romanlary hakynda-da, hekaýalary, pýessalary, oçerkleri, goşgulary hakynda-da esli sözler aýtsa bolardy. Ylaýta-da, ýazyjynyň döredijilik laboratoriýasy – çeperçilik ussatlygy, dil baýlygy, ol baýlykdan zergär ýaly peýdalanyp bilşi hakynda giňişleýin gürrüň etse bolardy. Ýöne bu zatlar çäkli gürrüňiň işi däl bolany üçin, galyberse-de, ýyllar dowamynda ýazylýan ylmy işleriň wezipesi bolany üçin, men bu hakda diňe ýaňzydyp geçmegi makul hasapladym. Onsoňam, ussatlyk hakyndaky meseläniň başga-da bir tarapy bar. Ýazyjynyň ussatlygy diýilýän zat ýyllar dowamynda ýazylan ullakan ylmy işlerde-de hemme kişä başardyp durmaýar. Ussat diýmegi hemme kişi başarýar, emma ussadyň ussatlygyny görkezmegi juda seýrek adamlar oňarýar. Berdi Kerbabaýewiň beýik hatyrasy üçin, galybersede ýokary okuw jaýlarynda öwrenmäge materiallaryň ýoklugy üçin onuň ussatlygy hakynda ýazylýan işler Aşgabat neşirýatlarynda çykarylýan hem bolsa, henize – bu güne çenli Moskwa neşirýatlarynda şeýle işleriň biri hem çykanok. Munuň sebäbi diňe bir zat bilen – ýazyjynyň eserleriniň mazmunyny gürrüň bermäge gyzygylyp, onuň inçe zergärligine – döredijilik ussahanasyna çuňňur aralaşylyp bilinmeýänligi bilen düşündirmek bolar. Bize bolsa Berdi aganyň täsin ussatlygyny bütinsoýuz okyjysyna ýetirip bilýän işler gerek. Berdi Kerbabaýewiň ýokary ussatlygy özüne mynasyp çuňňur derňewe garaşýar. * * * Dünýäde her hili adamlar bolýar. Diýmek, her hili ýazyjylaram bolýar. Bir ýazyjy öz şägirdine kömek bereninde, onuň golýazmasyny iş edinip okaýar, bellikler edýär, seksiýanyň maslahatlaryna gatnaşýar, öz pikirini aýdýar. Ýene-de bir ýazyjy bolýar, ol munuň ýaly zatlary kän halamaýar. Kän bir seksiýa maslahatlaryna-da gatnaşmaýar, gazetde-de häli-şindi çykyş edip durmaýar. Uzak wagtyň dowamynda içini hümledip gezýär. Birdenem ýarylýar, içini dökýär. Biziň Berdi agamyz hem şularyň ikinjisine degişlimikän öýdýän. Soňky 10-15 ýylyň içinde Berdi aga şeýdip dört gezek içini dökdi. Şolaryň dördüsi hem biziň türkmen edebiýatymyzyň iň möhüm etaplarydy. 1950-nji ýyllarda biziň kitap magazinlerimizde harsal ýazylan kitaplar köpelipdi. Kitap prilawkasynyň aňyrsyna ýazyjylaryň özleri geçip, eserlerini okap, awtograf paýlap söwda etseler-de, ol kitaplary satyp gutaryp bolmandy. Şol döwürde juda agramly bir adamyň çeper edebiýatyň nähili bolmalydygy hakynda çykyş etmegi zerurdy. Edil şol günlerde-de Berdi Kerbabaýew şol zerurlygy derrew duýdy. “Ýazyjynyň jana-jan arzuwy” diýen makala metbugatda peýda boldy. Şonuň yz ýanyndan biziň edebiýatymyzda meňzeşlik ýüze çykdy (aýratynam, şahyrlarymyzyň goşgularynda). Bir şahyryň ýazan goşgusy başga bir şahyryňkydan tapawutlandyrmak kyn düşdi. Edil şol günlerde bolsa Berdi Kerbabaýewiň “Meňzeşlikden gaçmaly” diýen makalasy peýda boldy. Ýene-de birnäçe ýyldan türkmen sowet edebiýaty ymykly aýaga galyp başlady. Edebiýatymyzy edebiýat eden, ony şu günlerem edebiýat edýän eserleriň birnäçesi döredi. Edil şol döwürde bolsa, Berdi Kerbabaýewiň “Zehin, ýürek, ukyp hem zähmet” diýen guwançly makalasy peýda boldy. Türkmen sowet poeziýasynyň pajarlap ösýän döwründe, käbir ýaş şahyrlarymyzyň döredijiliginde käbir düşnüksizlik, pikir taýdan yrgalyk alamatlary ýüze çykan döwründe Berdi Kerbabaýew ýene-de dymyp oturyp bilmedi. Ýaş şahyrlarynyň giden bir toparynyň döredijiligindäki üstünlikleri hem-de ýetmezçilikleri analizläp, olar hakynda jikme-jik gürrüň, etdi. Elbetde, käbir ýaşlar ol analizden närazy hem boldular. Sebäbi Berdi aga ýaşlaryň döredijiligindäki şeýle ýagdaýyň öňi alynmasa, onuň soňunyň nirä eltjekdigini öz uly tejribesi boýunça juda oňat bilýänligi üçin öteräk hem kötekledi. Emma ol kötek örän jaý wagtynda urlan kötekdi. “Sowet Türkmenistany” gazeti baş makalasynda bu hakda şeýle ýazdy: “Ýaşuly ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň Plenumda eden dokladynda... birnäçe ýaş awtorlaryň döreden käbir eserlerini düýpli derňäp, şol eserlerdäki uly kemçilikleri, haýsy tarapa çekseň çekip durmaly yrga pikirleri birin-birin görkezmegini biziň kämillik döwrüne gadam basan edebiýatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda edilýän alada hökmünde düşünmek gerek. Diňe şol eserleriň awtorlarynyň däl-de, eýsem ähli ýaş awtorlaryň meşhur ýazyjynyň peýdaly maslahatyny geljekki döredijilik işinde goldanmagy zerur...”. Gazetiň bu pikirine goşulmazlyk mümkin däl. * * * SSSR-iň Döwlet baýragynyň iki gezek laureaty, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty, Türkmenistan SSR-niň halk ýazyjysy, respublikamyzyň Ýokary Sowetiniň deputaty, akademik, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Berdi Myradowiç Kerbabaýewiň sesi indi ýarym asyr bäri diňe edebiýat frontunyň däl, tutuş ideologiýa frontunyň öň hatarlarynda ýaňlanýar. Muhtar Auezow gazak halky üçin, Sadreddin Aýni täjik halky üçin, Pablo Tyçina ukrain halky üçin, Andreý Upit latyş halky üçin nähili hyzmatlar bitiren bolsa, Berdi Kerbabaýewiň türkmen halky üçin bitiren hyzmatynam şolar bilen deň hatarda goýmak bolar. Partiýamyzyň, hökümetimiziň, halkymyzyň ony sylaýandygynyň hem, yz-yzyna sylaglandygynyň hem düýp sebäbi şundadyr. 1969 Kerim GURBANNEPESOW "Edebiýat we durmuş" kitabyndan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |