18:41 Berdinazar Hudaýnazarow -1: Ynsanlygyñ mähek daşy | |
BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW
Edebiýaty öwreniş
▶ 1. Ynsanlygyň mähek daşy Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň laureaty Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligi milli edebiýatymyzyň häzirki ýeten derejesi bilen berk baglanyşykly. Ýazyjynyň kyssa, poeziýa, publisistik eserleri bu şahsyýetiň edebiýatymyzda düýpli bir çeperçilik hadysadygyny aňladýar. Onuň eserleri wagt geçse-de, öz gadyr-gymmatyny gaçyranok. Men soňky ýarym ýylyň içinde Berdinazar aganyň eserlerini täzeden okap çykdym. Şonda onuň eserleriniň täzeçe öwüşginlerini duýdum. Täzeçe öwüşgin diýýänimiň özüne ýetesi esaslary bar: bir tarapdan, durmuş, döwür üýtgäp, dünýäniň her öwrüminde öň näbelli bolan taraplary açylyp gidip otyr. Beýleki tarapdan bolsa, okyjy hökmünde öz duýgy-düşünjäň, garaýyşlaryň, edebi-çeperçlik isleglerdir matlaplaryň üýtgäp-özgerip dur. Ine, şu iki okgunly ýaşaýyş prosesiniň arasyndaky çeper eser hem barha many öwüşginlerine eýe bolup barýar. Şu nukdaýnazardan, çyn ýazyja wagtyň adyl mizan terezisi hakyky bahasyny berýär. Berdinazar Hudaýnazarowyň öz döwürdeş ýazyjy-şahyrlaryndan bir tapawutly tarapy bardy. Ol tapawut onuň hiç bir edarada işlemänliginde, ömrüni düýrmegi bilen döredijilige bagyşlanlygynda. Ol hiç bir edarada işlemänsoň, maşgala eklemek endişesi ony döwürleýin metbugatyň her hili tabşyryklary bitirmäge, ýazasy gelmeýän makalalaryny, oçerklerini ýazmaga mejbur edýärdi. Her bir şanly sene mynasybetli mahabatly goşgulary ýazmaly bolýardy. Ýanýoldaşy, ussat kyssaçy Ogultäç Orazberdiýewanyň «Biziň nikamyzy edebiýat gyýdy» diýen makalasyna («Garagum» žurnaly, 2008, ą9) esaslanyp aýtsam, B. Hudaýnazarowyň özboluşly işleýiş usuly bardy, ol hiç wagt stol başyna geçip eser döretmändi. Krowatynyň üstünde ýatyp, bagryny ýassyna berip ýazýardy. Özem diňe bir gezek ýazýardy. Käbir döredijilik ussady öz ýazan eserini gaýtalap-gaýtalap işleýär, ýöne B. Hudaýnazarow ýazan eserini köplenç ikinji gezek okamaýardy hem. Bu ussatlyk, Taňrynyň beren peşgeşi. B. Hudaýnazarow öz döwründe halk tarapyndan-da, partiýa tarapyndan-da hatyralandy. Onuň döreden eserleri garşylyksyz çap edildi. B. Hudaýnazarowa 1984-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen at berildi. Şeýle hem Magtymguly adyndaky halkara baýragyna iki gezek mynasyp boldy. Ol köp wagtyny Peredelkinoda, Pöwrizede daçada geçirdi. Edebiýata şeýle düýrmegi bilen berlen, döredijilikden başga zada ulaşman işlän başga ýazyjy, şahyr ýok diýsem, ýalňyş bolmasa gerek. Ol geçen döwürde ähli edebi žanrlarda ussatlyk bilen eser döredipdir. Ýazyjynyň «Saýlanan eserleriniň» bäş tomy okyjylara gowuşdy. Ýöne bu bäş tom ýazyjynyň döreden eserleriniň ählisi däl. Onuň on tomluk boljak eserlerini men dürli döwürlerde okadym. Okan eserlerimiň köpüsini men özümde saklaýaryn. Bäş tomdan Berdinazar aganyň dörediji hökmündäki düýpli özboluşlylygy-da, onuň türkmen edebiýatyny täze ideýa-çeperçilik derejelerine götermekdäki mümkinçilikleridir şol mümkinçiligiň durmuşdaky amaly bolup durýan hyzmatlary-da aýdyň görünýär. Birinjiden, onuň XX asyr türkmen poeziýasynda özboluşly şahsyýetdigi az sanly edebiýat jemgyýetçiligi tarapyndan däl, bütin halk tarapyndan ykrar edilen bolsa, ikinjiden, onuň ele galam alan döwürlerinden başlap tä ömrüniň soňky günlerine çenli türkmen edebiýatynyň ýüzüni kesgitläp gelendigini aýtmak gerek. Saýlanan eserleriň birinji hem ikinji tomlaryny okap, men Hudaýnazarowyň poeziýasynda we prozasynda dürli edebiýat nesilleriniň estafetasyna mahsus çeperçilik täzelikleriň az däldigine göz ýetirdim. Şu manyda ol hemişe juda okgunly ösýän edebi durmuşyň öňki täzelikçi hatarlarynda bolupdyr. Munuň özi gadymy hristian rowaýatlaryndaky hemişe ýigdelmäge ukyply adamlary ýada salýar. Poeziýamyzyň taryhyna ser salyp oturýan weli, gaty köp şahyrlar belli bir nesil bilen orta çykyp, wagty geçende-de, şol nesil bilenem ortadan aýrylyp gidipdirler. Soň olaryň deregine özge bir nesiller gelýär. Berdinazar aganyň bulardan geň tapawudy bar: edebiýatyň edil häzirki pursatda kemala gelýän çeperçilik proseslerini inçeden syzýan şahyr şol prosesleri ýüze çykarjak, amal etjek täze şahyrana nesiller bilen deň gadam urmaga, diňe deň gadam urmagam däl, olaryň öňbaşçysylygynda galmaga ukyply bolup çykypdyr. Şonuň üçinem bu şahyryň poeziýasynda baryp 50-nji ýyllardan başlap tä 90-njy ýyllaryň – asyryň hut ahyryna çenli aralykda edebiýatymyza gelen nesilleriň çeperçilik ölçeglerini, estetiki kriterilerini görüp bolýar. Türkmen poeziýasy bu iki aralykda ep-esli ösdi, çeperçilik ölçegleridir gymmatlyklary belli bir derejede üýtgedi, munda dürli, kämahal hatda gapma-garşy estetiki ýörelgeler bolan edebi nesiller orta çykdy. Ellinji ýyllardan başlap tä şu günki güne çenli (çyn şahyrlar dirileriň sanyndadyr) türkmen poeziýasyndaky täzeliklerde, üstünliklerde B.Hudaýnazarowyň saldamly paýy bar. Meniň özüm-ä şeýdip şu günlere çenli edebi durmuşdan birjigem yza galman gelýän ikinji bir şahyry türkmen poeziýasynda görmeýärin. Köpler ýaz paslynda gül-gül açylyp, möwriti ötensoň sowulýan agaçlar mysaly «könelişýärler». Berdinazar aganyň poeziýasy bolsa Köpetdagyň arçalary ýaly, çar pasyl gök öwsüp otyr. Eýse ýokarky düýpli alamat «klassyka» diýilýän hiliň esasy görkezijisi dälmi näme?! Meniň pikirimçe, klassyka – munuň özi sözüň oňyn manysyndaky ideýa-ahlak konserwatiwliginiň estetiki-çeperçilik liberallygy bilen utgaşmasy. Başgaça «baky gymmatlyklar, umymadamzat gymmatlyklary» diýilýän ideýa-ahlak durnuklylygy üýtgäp duran ideologiki moda kowalaşmakdan aman saklasa, çeperçilik-estetiki täzelikçilik döredijiligiň doň hala geçmeginiň öňüni alýar. Şahyryň goşgularynyň hersi özboluşly şahyrana dünýä bolup, olaryň özara baglanyşyklylygy hem bitewüligi has uly dünýäni – onuň özboluşly hem täsin poeziýasyny emele getirýär. Poeziýanyň muşdagy hökmünde şeýle şahyrana dünýäniň düýp originallygy, şol originallygy hasyl edýän zatlar hakda oýlanara, netije çykarara zat kän. Bu meselede gürrüňiň hemişe-de ýoň bolan umumylygyndan anyk pikir ýöretmelere geçmelimikä diýýärin: ine şeýle pikir ýöretmäni aňladýan söz düzüminiň biri – «şahyrana faktor». Özüm-ä islendik hakyky şahyryň döredijilik özboluşlylygyny, ussatlygyny umumyhalk dilindäki, umumy poetiki dildäki sözleriň hem obrazlaryň her bir anyk şahyrda özboluşly şahyrana faktora geçişi bilen ölçeýärin. Munuň özi hakyky şahyryň öz dünýäsini kemala getirýän çeper motiwler hem-de çeper obrazlar, şygryň şahyrana atmosferasyny düzýän duýgy-emosiýalardyr. Berdinazar aganyň poeziýasyny Garagumuň janly suratynyň, owazlarynyň, yslarynyň şahyrana kalpda gaýtadan ýüze çykmagy hasaplaýaryn. Şol suratlar, obrazlar, yslar şahyrana äheň, şahyrana obrazlar diýilýäne öwrülýärler. Edebiýatyň ykbaly-da adamlaryňky ýaly bolýar. Ol örän çylşyrymly, kyn döwürleri – özüniň ösmegi, açylmagy, halkyň ruhy kuwwatynyň dolulygyna aýan edilmegi üçin amatly döwürleri başdan geçirýär. Edebiýatyň ykbaly köplenç jemgyýetiň syýasy ýagdaýy bilen baglanyşykly. Sowet Soýuzynyň höküm edýän döwründe edebiýat dar galyply ideologiýa hyzmat etdirildi. Türkmen halkynyň Garaşsyzlygyny almagy bilen, edebiýatymyz öňki dar synpy, kommunistik ideologiki galyplardan çykdy. Indi biz haýsydyr bir ideologiýa däl-de, umumadamzat gymmatlyklaryna gulluk edýäris. Şu hili geçiş döwründe, edebiýatyň düýpli teoretiki hem ahlaky esaslarynyň üýtgeýän döwründe täze edebiýatyň dünýägaraýyş esaslaryny tutmak örän möhüm iş. Sebäbi şeýle düýpli esasy bolmasa, geljekki edebiýatyň gaty bir kuwwatly bolmajagyny men bilýärin. * Edebiýatyň jemgyýete gatnaşygy, döwlete gatnaşygy nähili bolmaly? * Edebiýatyň ideýalylygy nähili bolmaly? Onuň çeperçilik ösüşiniň erkinligini nämeler bilen kepillendirmeli? * Edebiýatyň özüni kemala getirýän halka gatnaşygy nähili bolmaly? * Ýazyjynyň dünýägaraýşyny iýmitlendirýän belli bir filosofik sistema bolmalymy ýa däl? * Ýazyjy öz işinde nähili ahlak prinsiplerini goldanmaly? Ine, takmynan, şeýleräk sowallaryň çözgüdini men hemişe gazet-žurnallardaky çykyşlardan gözleýärdim. Hut şu meselede meniň aýratyn hormatymy gazanan adamlaryň biri Berdinazar Hudaýnazarow boldy. Köpi gören halypa şahyryň geçen döwürde hem häzirki zamanda edebiýatyň ykbaly baradaky pikirleri özüniň çuňňurlygy hem erkinligi bilen tapawutlanýar. Edebiýatyň azatlygyna, borçlulygyna oňat düşünýän adamyň gürrüňi-de bir başga boljak eken. Bu meseleler hakynda gürrüň edende, Berdinazar şahyr öňem, soňam bogazyny ýyrtyp gykylyk turzanlardan däl, emma esasly, berk garaýyşlaryny weli açyk aýdan adam. Sowet edebiýatynyň sapaklaryndan netije çykarmagy başarýan, ideýa, çeperçilik taýdan täzelenmäge ukyply şahyryň döwür bilen deň gadam urmanyň hötdesinden gelendigini görýärsiň. Bu meselede ol biziň ýazyjy-şahyrlarymyza mynasyp görelde görkezip geldi. Ine, men onuň biziň döwrümize bap täzelikçi pikirleriniň birini ýadyňyza salyp bereýin: «Eserlere baha berlende, ilki bilen, onuň ideýasyna garamak ýoň boldy. Dogruçyllyk bilen çeperçilik ikinji orna geçdi. Edebiýatyň ykbaly degişli sektorlarda, bölümlerde çözüldi, şol ýerden nähili ýazmalydygyny, näme hakda ýazmalydygyny öwredip başladylar. «Kommunist ýazyjylar», «kommunist däl ýazyjylar» peýda boldy. Eserlerde-de kommunist gahrymanlar, kommunist däl gahrymanlar peýda boldy… Edebiýat Durmuşdan öwrenmän, Durmuş edebiýatdan öwrenmeli boldy». Gürrüňiň sowet eýýamy hakynda gidýändigi düşnüklidir. Ýazyjy şol döwrüň edebiýatyny gysbydan düýpli häsiýetlendirýär, şol döwürden düýpli netije çykarýar. Meniň Berdinazar aganyň şahsyýeti bilen baglanyşyklylykda käbir zatlary aýdasym gelýär. Ýaşy durugyşan adamlar, adatça, pikir konserwatiwligi bilen tanalýarlar. Şeýle diýlende ýaşuly adamlaryň ösüş prosesindäki täzelikleri kabul etmäge o diýen meýilli däldikleri göz öňüne tutulýar. Ylaýta-da durmuşyň gelip-gelip, birdenkä öwrüm eden ýerinde öňki nesiller öwrenişen endiklerinden, ýörelgelerinden çykmajak bolýarlar. Berdinazar aganyň edebi ahlak, döredijilik ynsaby, durmuşda edebiýatyň hakykata gatnaşygy ýaly düýpli gymmatlyklar babatdaky pikirlerinde meni haýran galdyran zat ýetmiş ýaşy arka atan bu şahyryň durmuş täzeliklerini oňat kabul edip bilenligi boldy. Meniň häzir bu uly şahyryň şahsyýetinde öňem bir ýerde agzap geçen sypatymy – durmuşyň özi kimin täzelenmäge bolan üýtgeşik ukybyny ýatlasym gelýär. Özem iň gyzykly tarapy – şahyr munda asla–da kiçi dilden bärde, ýöne moda kowalaşyp, haýsydyr bir bähbitleri üçin «täzelikçi» bolandyr öýtmeli däl. Men şo hili kişileri edebi durmuşda-da, real durmuşda-da kän görýärin. Eger kiçi dilden bärde däl-de, aňyrdaky zatlary aýtmaly bolsa, olaryň köp meselelerde näme diýjegini bilipjik durun. Olarda, Kerim aga aýtmyşlaýyn, ýalanyň sepi bildirip dur. Berdinazar şahyryň publisistik pikir ýöretmelerinde men ýürekden çykan ýyly sözüň mährini, durmuş öwrümleriniň oňyn kanunalaýyk zatlardygyny her kimdenem oňat saýgarýan ýiti paýhasy görýärin. Edebi paýhasyň kämillige ýetendiginiň alamatlaryny şahyryň her bir pikirinde görüp bolýar. «Ýazyjy üçin agyr zat – döredijilik ynsabynyň garşysyna gitmek, hakykatyň garşysyna gitmek. Beýle ýagdaýda dogruçyl zatlar ýazmagyň, göwnüňdäki pikiri orta atmagyň, çeper medeniýeti baýlaşdyrmagyň kyndygyny biziň milli edebiýatymyz hem öz mysalynda görkezdi. Men edebiýata häzir gelip başlan, indiki geljek güýçleriň dar galyplardan çykyp biljekdiklerine begenýärin. Biziň edebi durmuşymyzda mundan ozalky giden bir döwri boş geçirilen wagt diýip, hakykatyň hasylyny bermedik döwür diýip hasap edýärin. Elbetde, her hili ýagdaýda-da ýek-tük dogruçyl eserler ýüze çykdy, bu tebigy zat, men umumy akym barada aýdýaryn. Durmuşyň akymyndan üzňeleşen şol akymy başga bir ugra gönükdirmek üçin entegem esli wagt gerek bolar». Ajy hem bolsa, aňladýan manylaryna, göz öňünde tutýan zatlaryna aralaşyberdigiňçe, hakyt howpurgadýanam bolsa, bu sözler hakykat. Hakykat bolaýanda-da ajy zatlary aýdaýmak üçin döredijilik ynsabyňa gaty wepalylyk, öz ýazyjylyk borjuňa aňryýany bilen düşünmek kämilligi gerek. Berdinazar aga şeýdip bize – soňky nesilleriň ýazyjylaryna edebiýat bilen oýun etmeli däldigini, beýle ederden onuň uly zatdygyny, has uly zatdygyny – halkyň ruhy rysgalydygyny sargadymyka diýýärin. Şeýle uly meselelerde geleňsizlik edenleriň ýa-da göre-bile ýazyk edinenleriň taryhyň öňünde jogapkärçiligi kiçi bolmasa gerek. Hudaýlygymy sözlesem, edebiýatyň halkyň, taryhyň öňündäki ýazyklary hem borçlary baradaky şeýle düýpli garaýyşlara geçen döwrüň edebiýat wekilleriniň köpüsinde gabat gelmändim. Her näçe öwülse-de, şeýle düýpli meselelerde ýöntem ýa-da gorkaklykdan nädogry pozisiýada durandyklary üçin olaryň eserleri indi kämillikden daşda bolup çykdy. Hawa, hakyky ýazyjy bolmak üçin diňe talantyň hem zähmetiň ýeterlik däldigini wagt görkezip gidip otyr. Şol talantdyr zähmeti hakykaty teswirlemäge hyzmat etdirmeli eken. Berdinazar aganyň oýlanmalaryndan çen tutsaň, munuň üçin paýhas kämilligi hem-de döredijilik erki gerek eken. Bular bolsa edebi aslyň bar ýerinde mümkin bolmaly. Edebi eseriň taryhy taýdan şowly çykmagynyň, iki günlük şowhunly ömür bile ýok bolman, uzaga gitmeginiň baş şerti ahyrky netijede hakykata wepalylyk eken, ýüregiň emrine garşy gitmezlik eken. Emma ýürek her hili bolup biler, galp zady ýazmak üçin ýüregiň emrine garşy gitmek zerurlygy bolmazlygy mümkin. Berdinazar aganyň özünde döredijiligiň taryhy sapaklaryny saklaýan pikirlerine içgin aralaşyberseň, hasam agramly, gyzykly zatlaryň üstünden barýarsyň. Munuň özi edebi döredijilige, umuman, sungata, onuň hakykata gatnaşygyna fundamental garaýyşlaryň üýtgändigini aňladýar. Munuň özi biziň milli edebiýatymyzyň ruhy taryhy prosesiň hereketlendiriji güýçleriniň birine öwrüljekdigine ynam döredýär. Durmuş öten-geçenleriň kimsini ulaldyp, kimsini kiçeldip, her kimi öz hakyky ornunda goýup gidip barýar. Şunda onuň ýeke-täk gollanýan ölçegi – ýazylan eserleriň çeperçilik gymmaty. Bu bolsa ýazyjynyň öňki at-abraýy bilen däl-de, onuň talantlylygy bilen kesgitlenýär. Berdinazar halypanyň oýlanmalarynda maňa hasam ýaran zatlaryň biri: döredijilik erkinligi hakyndaky bize öňler häsiýetli bolmadyk batyrgaý pikirlerdir. Ine, halypa bu barada şeýle ýazýar: «Şahyr tebigatyň iň täsin perzendi bolany üçin ol hemmelerden beter garaşsyz bolmaga haklydyr. Ol belli bir ideologiýa däl-de, umumadamzada degişlidir. Garaşsyzlyk – döredijiligiň rowaçlanmagynyň baş şerti. Garaşsyzlygyň ýok ýagdaýynda, belli bir çygyrdan çykmaga rugsat berilmeýän ýagdaýda, edebiýat diýilýän älemgoşaryň bikeşp, bireňk ümeze öwrülýändigini biz gördük». Dörediji adamy elgaramalyk şeýle pese düşürýär. Onsoň talantyňam püçege çykýar. Şu ýerde men köplenç böwrümi diňlemäge mejbur edýän bir zady ýatlamakçy. Bizde ýatlama diýen žanr pisint oňat bir forma bar. Gazetlerde, žurnallarda, radioda, telewideniýede ýa-da ýöne özara gürrüňçilikde öten-geçen ýazyjy–şahyrlar ýatlanylýar. Şonda olaryň köpüsi bolmasa-da, käbirleri örän güýçli ýazyjydy, pylan hilidi diýip aýdylýar. Şeýle bahalar – özem men ynanýaryn – päk ýürekden çykan bahalar, meniň göwnüme, köplenç şol adamdan galan eserleriň derejesinden has ýokarda bolup çykýar. Ýatlarlar, öwerler, onsoň berilýän baha maýyl bolup, şol ýazyjynyň kitabyny tapyp okarsyň weli, lapyň keç bolar: berlen baha bir ýaňadyr, eser başga bir ýaňa. Eseriň şeýle gowşaklygyna geň galarsyň. Bu nädip beýle bolýar? Munuň üýtgeşik bir sebäbi ýok: ýatlaýan adamlaryň bahasy, esasan, ýatlanylýan ýazyjynyň şahsyýetiniň, gylyk–häsiýetiniň, megerem, entek eser görnüşinde reallaşdyrylmadyk talantynyň täsirine esaslanýar. Adamlar käte öz tanyş ýazyjylarynyň eserlerine onuň gylyk–häsiýeti boýunça baha berýärler. Ýöne gylyk-häsiýet bilen talant hemişe, ähli kişide sazlaşyp duranok. Berdinazar aganyň şu düýpli meselelerdäki oýlanmalary meni ýazyjy hökmünde öz-özüme berk daramaga mejbur etdi. Seredip otyrsyň weli, bizden galjak zat diňe ýazan eserlerimiz. Biziň zähmet çekip gazanan maddy baýlygymyz özgä – çagalara galjak. Öýüňem, ýeriňem, goş-golamyňam – barysy eýe tapjak. Hatda at-abraýyňam şeýle bolmagy mümkin. Emma seniň adyňdan, seniň eliňden hiç kimiň – ne ýakynyň, ne-de duşmanyň alyp bilmejek zady bar – olam bizden soňra galjak çeper eserlerimiz. Diýmek, bizi baky ýaşatjak eserlerimiz bolmaly. Ýöne bakylyk kategoriýasyna geçmek nähili kyn! Talant – durmuş, tebigat faktory bolup duran «ýalaňaç» predmetleri şahyrana faktora öwürmegiň usuly. Şol şahyrana faktora öwrülmäni men B.Hudaýnazarowyň eserleriniň esasynda nygtamak isleýärin. Buludyň serhedi ýok. Bulut ähli ýurtda-da şol bir bulut. B.Hudaýnazarowyň eserlerinde ötegçi bulut Garagumuň bezegi. Ýöne Garagumuň buludynyň özboluşlylygyny, muňa türkmen aňynyň gatnaşygyny nädip berip bilersiň? Ine, Berdinazar aga buludy şeýleräk obrazlara salyp berýär: Bulutlar saýylan ýüň ýaly dargap, Gün giň gerişlere çoýanda nurun… Birdenem düýrügip-ýazlan bulutlar Basylan keçe dek tekizlendiler… Gije gögi gaplan çal bulutlary Daň şemaly çekeläpdir, tüýdüpdir… Düýe çalyň agarany – ak bulut, Açyk asman ýaly mawudy asty… Ak bulutlar tüýdüm-tüýdüm… Düýe ýüň saçaga meňzeş meýdanyň Elläp gitseň ýüpek ýorunjasyny… Bulut – keçe, bulut – ýüň, bulut – ýüň ýaly tüýdüm-tüýdüm; meýdan – düýe ýüň saçak, beýleki tarapdan, agaranly çal – ak bulutly mawy asman… Ine, dünýäni duýuşyň milli şahyrana özboluşlylygy. Diňe Garagumda doglup, psihologiýasy, duýgulary türkmen durmuşynyň jümmüşinde kemala gelen, gözi hem ýüregi türkmen durmuşynyň estetiki ölgeçlerinden dokunan şahyrana şahsyýet şeýle täsinlikleri döredip biler. Esasy zadam, şeýle özboluşlylyk ýöne bir çeper meňzetme ýa-da obraz derejesiniň hadydasy däl. Şeýle bolanlygynda biziň öňümizde ujypsyz, Kerim şahyr aýtmyşlaýyn, «potology pessejik» bir dünýä emele gelerdi. B.Hudaýnazarowyň poeziýasynda bolsa beýle närseler ägirt şahyrana prosesiň diňe käbir pursatlary bolup, biz diňe «göz bile görerlikli, el bile tutarlykly» bolany üçin olara ünsi çekýäris. Ýöne şol jikme-jikliklerden ýokary galyp, olary belli bir nukdaýnazardan umumylaşdyryp, has giň planda seredeniňde, olar şahyrana ymaratyň süňňüni düzýän kerpiçjikleri ýada salýar. Gyzykly ýeri, şol obrazlar «bulut – keçe» diýen üýtgemäge ukypsyz, öli formulirowka şekilinde galaýanok. Ýok, biz şahyryň döredijiliginde şo tipli obrazyň dürli-dürli öwüşginlere, röwüşlere geçişiniň, onuň täsin taraplarynyň açylyşynyň; gaýtalanmajak duýgy biçimlerini aňlatmaga ukyplydygynyň şaýady bolýarys. Bu hakykat az-kem kelle agyrdylsa, biziň ýaňy getiren oýnam ýarym mysalymyzdanam aýan bolubilerdi. Şahyryň döredijiliginde «süýt», «ene süýdi», «säher», «aladaňdan» ýaly şahyrana äheňleriň köp estetiki syrlary açyp biljek açar – badalgadygyny hem gepiň gerdişine aýdyp geçeýin. Şahyryň kämil goşgularyny özünde jemlän ýygyndylarynyň biriniň «Ene süýdi» diýlip atlandyrylandygy häsiýetli zat. Ýöne şol şahyrana dünýä aralaşaýmagyňam aňsat däldigini aýtmak gerek. Arada meniň şahyr ýoldaşlarymyň biri Hudaýnazarowyň poeziýasynda süýt, ene süýdi äheňleriniň köp gaýtalanýandygyny aýdyp, munuň özi örän prozaiki närseler, onsoň bu inçe şahyranalyga zeper ýetirýän bolaýmasa diýen manyda gürrüň etdi. Beýle pikir poeziýa ýaly inçe senede ýeterlik üns bermezlikden gelip çykýan bolsa gerek. Wah, käşgä okyjy şol motiwleriň içki öwüşginlerine, röwüşlerine üns bersedi! Şonda ol, göräýmäge, hakyt prozalaç närseleriň şahyryň gudratly duýgular dünýäsinde nähili täsinlikleri amal edişiniň şaýady bolardy. Begenýän her atan süýtreňk daňa… Salkyn gijelerniň nemini sorup, Aksowult daňlaryň ak süýdün emen… Garşyladym süýt sepilen daňlary… Ne ajaýyp daňlar, nurana daňlar Ak süýdün sepeläp durka jahana… Hemme zat ak, hemme zat ak, Ylla emen ene süýdüm… Aý-aýdyň gijäň – süýt, Säheriň – gaýmak… Onsoň «ene süýdi» – munuň özi ýaşaýşyň, tebigatyň adama jan beriji energiýasynyň çeşmesini aňladýan obraz bolup durýar. Munda simwolika-da, munda metafora-da bar, munuň özi biserhet, edebiýatçynyň pikir logikasyna salyp bolmaýan, edil tebigatyň, ýaşaýşyň özündäki köpgyraňlylyk hem köp obrazlylyk bar. Ene süýdi – Watanyň mähri. Süýt – ýaşaýşyň gözelligini hem ýaşaýşyň çeşmesini aňladýan obraz hökmünde hyzmat edýär. B.Hudaýnazarowyň şygyrlaryna tebigylygyň, duýgy inçeliginiň, agraslygyň, käte-de şypaly, süýji ýumoryň mahsusdygyny umumy terzde belläp geçmek mümkin. Bularyň ählisiniň hamyrmaýasy bolsa – ýaşaýşa söýgi, mähir. Berdinazar Hudaýnazarow Garaguma bolan mähirden, söýgüden başlanýar. Ol gözelligi mähir hökmünde kabul edýär, ony kalbyňa, süňňüňe siňdirýär. Şu manyda men F.Dostoýewskiniň «Gözellik dünýäni halas eder» diýen sözüni «Mähir dünýäni halas eder» diýen görnüşde kabul edýärin. Garaguma söýgüsi ideýa-çeperçilik babatda gaty köp täzelikleri edebiýata getirmäge Hudaýnazarowa goltgy beripdir. (dowamy bar)... Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |