08:56 Berdinazar Hudaýnazarow -2: Ynsap bizden aýrylmasyn / dowamy | |
BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW
Edebiýaty öwreniş
▶ 2: Ynsap bizden aýrylmasyn M.Gorkiý birmahal çeper edebiýaty adamy öwreniş diýip atlandyrmagy teklip edipdi. Staliniň ýazyjylary adam ruhunyň inženerleri diýmesini bolsa, geçen ýetmiş ýylyň içinde sitata alma kemini goýmadylar. Adam durmuşyny diňe bir çeper edebiýat öwrenenok, fiziologiýa, psihologiýa, etnografiýa we başga-da birnäçe ylym adamy dürli aspektlerde öwrenýär. Akmyrat Şir şeýle diýerdi: «Ýazyjylar hudaýyň ýerdäki wekilleri. Şol wekillere hudaý özüniňki bilen deň derejedäki mümkinçilik beripdir. Hudaýyň ýerdäki wekilleri giden şäherleri, obalary döredip bilýärler. Urşy başlap, gaýtaryp bilýärler. Dünýäni aňk etjek gahrymanlary döredip bilýärler. Ýazyjynyň gudraty ýaly gudrat hudaýdan başga hiç kimde, hiç bir jandarda ýok. Şonuň üçin Allatagalanyň eçilen şeýle uly ynamyna geleňsizlik etmeli däl, Allanyň ynamyny ödejek bolmaly. Onuň ynamyny ödeseň, ol seniň adyňy arşa çykaryp, edebileşdirip goýberýär». B.Hudaýnazarow Allanyň eçilen ýazyjylyk peşgeşine geleňsizlik etmedi. Ol adam tebigatynyň gözelliklerini açyp görkezmek üçin gujur-başarnygyny gaýgyrmady. Netijede, ol ençeme şowly obrazlary döretdi. Ýazyjynyň döreden tüýs türkmen diýdirýän milli gahrymanlary okyjylaryň kalbynda mynasyp orun tapdylar. Biziň milli edebiýatymyz adamyň ruhy tebigatyny aýan etmekde uly tejbire toplady. Adamyň tebigatyna mahsus paradokslaryň, adam kalbynda biri-birine gapma-garşy zatlaryň ýer almagynyň geň-taňlygy şahyrlary her hili durmuş pelsepelerine iteripdir. Ylaýta-da, beýik Magtymgulynyň şygyrlarynda gaty synçylyk bilen aýdylan, adam ruhunyň düýp tebigatyna degişli, şonuň üçinem üýtgemeýän häsiýetler baradaky çuňňur pikirlere, pelsepelere duş gelýäris. Şol pikirlerde, pelsepelerde adam häsiýetiniň, adam gatnaşyklarynyň çuňňur analizi özboluşly öwüt-ündew bilen utgaşýardy. Bularyň ikisiniňem şahyr kalbynda düýpli esasy bar. Paradokslara, geň-taňlyklara, adamzat ýaşaýşynyň owaldan ýola goýlan ahlaky ýörelgeleri bilen real durmuş hereketleriniň çapraz gelmegine şahyryň jany ýanýar. Çünki ol öz şahyrlyk tebigaty boýunça, öz asyl durky boýunça ahlaky ideallara ýugrulan. Biziň milli estetiki däplerimiz estetiki idealy ahlak idealsyz göz öňüne getirmeýär. Ahyrky netijede şahyryň wezipesi adamlary oňatlyga tarap özgertmek, ahlak kanunlarynyň islendik özge bir kanunlardyr ýörelgelerden ýokarydygyny tekrarlamak. Munuň özi, ruhuň hadysasy bolan edebiýatyň asyl tebigatyndan gelip çykýan prinsip. Şahyr derňeýär, şahyr öwrenýär, şahyr haýran galýar, ýüregini hem beýnisini çişirýär. Çünki ol kämil şahsyýet, hudaý tarapyn talantdyr paýhas berlen şahsyýet bolup, öz-özüni kämilleşdirmek bilen bir hatarda, dünýäniň bikemallygyna, käbir adamlaryň bikemallygyna hemmäniň gözüni açmaga çalyşýar. Ine, şu ýerden, öz missiýaňy ýerine ýetirmek isleginden öwüt-ündew, wagyz-nesihat zerurlygy gelip çykýar. Poeziýamyzyň şu häsiýetli tarapyna didaktika diýip at bermek däbe öwrülipdir. Ýöne muňa guraksy öwüt-ündew diýip düşünmek, onda-da akyl öwretmek diýip düşünmek bir taraply pikir ýöretmek bolýar. Berdinazar Hudaýnazarow liriki gahrymanynyň psihologiýasy, durmuşa, ahlaga, haýyra-şere we gaýry zatlara garaýşy, gatnaşygy boýunça asyrymyzyň türkmen poeziýasynda tüýs milli, halky şahyr. Şonuň üçin onuň şygyrlarynda edebiýatymyzyň öňden gelýän etiki we estetiki ölçegleriniň özboluşly dowam etdirilmegine duş gelýäris. Şahyryň sadalyk, ýöntemlik, adamyň çylşyrymlylygy, ynsabyň hem haýryň arzysynyň gaçanlygy, käbir adamlaryň ynsapdan bähbidini öňde goýýandyklary hakyndaky janagyrdyjy oýlanmalary bar. Şahyryň adam tebigaty baradaky şygyrlaryny, didaktika, alkyş, mynajat, dileg, pelsepe, paradoks ýaly dürli žanr formalaryna bölüp görkezmek mümkin. Arzym hasyl bolarmy-ýok – Kim bilip dur, Belkem, bolsun. Ilki bilen diýjek zadym: Ykbal seni ýalkan bolsun! Diňe bahar däldir Durmuş, Seni synar aýazly gyş. Pese düşme beýge dyrmaş, Tutan şahaň mäkäm bolsun!.. Kem bolmasyn sahawadyň, Ýaýrap gitsin şahalaryň. Ahyr gözi ýumjak ýeriň Şu göz açan ülkäň bolsun! Şeýle goşgular babatda analitiki pikir aýtmak uçursyz kyn. Sebäbi goşgynyň gysymlap bolaýjak gymmaty onuň tutuş süňňüne ýaýran. Beýik, asyl zatlar sada bolýar diýýärler. Ýöne şol sadany düşündirmek kyn. Goşgy asla goşmaça düşündirişe mätäç däl. Goşgyny okap çykanyňda, herhal özüňe-de, özgä-de bu ýerde oýlanara zat kän. Şu ýerde şahyryň dosty, merhum şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň aşakdaky sözlerini mysal getireýin. «B.Hudaýnazarowyň «Buýsançly baş» kitabynyň başky sahypasyndaky dört setirligini: Başymyzda dünýäň işi, Aýnatmalyň akyl-huşy, Ynsanlygyň mähek daşy – Ynsap bizden aýrylmasyn!.. okap, ony «nesihatçylykda», «duýgy kemterliginde» aýyplap bolmaz. Şeýle häsiýetli goşgularda kemterlik edýän ýaly duýgular, daşyň derýanyň düýbünde ýatyşy ýaly, pikirleriň düýbünde ýatýar. Her bir oňat şahyr öz duýgularyny özüniň formirlenen häsiýetine, temperamentine laýyklykda ýüze çykarýar. Şeýle pikirleriň düýbünde «gizlenen» duýgulary her bir okyjy özüniň kämillik derejesine, edebi tejribesine görä duýup bilýär». Biziň nygtajak bolýan pikirimiz hem şol kämillik derejäniň, edebi tejribäniň dürlüligi bilen baglanyşykly. Basyrylgy duýgular bolsa okyjynyň emosional dünýäsine geçip gidýär. Esasy zat, duýgynyň haýsy pozisiýalarda ýatanlygy. Pikir bilen duýgy şygyrda hersi bir tarapda duran zat däl, olar hakykatda bitewülik. Şahyryň degişli goşgularynda-da biz ýönekeý ündewe däl, synçylyga, agras paýhasa, ýiti kinaýa duş gelýäris. Zeýrenme sen «gören günüm ýok» diýip, Görensiň, kän gowy günler görensiň. Ine birje mysal: nämä degmeýär Bir bälçigi diňläp-diňläp gönenseň!.. «Gören günüm ýok» diýýärsiň ýene-de… Bolma beýle nadyl, beýle naýynsap. Pul ýaly sowurýas gowy günleri Sowulýan pulda-da bar ahyr hasap. Başga näme gerek? Hawa, ýene-de Bir azajyk mertlik, birneme sabyr. Bolany. Bulutly günler az bolup, Güneşli günleriň kän bolsun, ömür! Şahyr okyjy bilen ýürekdeş, onuň bilen deň derejede durup, oňa iň ýakymly günleri, pursatlary ýatladýar. Şol ýatlamadan şahyryň adama bolan söýgüsini, mährini duýmak üçin aýratyn bir ukyp, zehin gerek däl. Şahyr ile däl, ilki bilen özüne göwünlik, söýget berýär. Üstümde durnagöz asmanym barka, Saçagymda barka mele çöregim, Törümde perzendim – islänim barka, Darykma-da giň bol ahyr, ýüregim! Bu ajaýyp daňlar, nurana daňlar Ak süýdün sepeläp durka jahana, Guşlar gözýetimde gaýyşyp ýörkä, Bitakatlyk üçin barmy bahana… Şeýle äheňleri, şu hili sözüň hakyky manysyndaky şahyrana eserleri Hudaýnazarowyň poeziýasyndan gözläp tapmaly däl, olar eliň astyndaky şahyryň poeziýasynyň hil aýratynlygyny alamatlandyrýan sansyz goşgular. Şahyryň pentleriniň okyjynyň göwnüne degmeg-ä däl, eýsem onuň ýüregine jüňk bolýanlygy onuň bütin durky bilen okyjy üçin açyklygyndan, şol açyklygyň okyjyda bütinleý tebigy ynamy döredýänliginden bolsa gerek. Diňe öz bolşuny gözleýän adamyň pendi öwüt-ündew bolup eşidilip biler. Men şu ýerde ýene-de Kerim Gurbannepesowyň baryp 1976-njy ýylda aýdan pikirlerini ýada salmak isleýärin: «Özüniň arassa ynsabyna ynanýan, perişde däldigini-de il-günden ýaşyrmaýan, özüniň üstünligini-de, kemçiligini-de ilden beter duýýan, öz-özüne gazaply daraýan gahryman biziň soňky döwür poeziýamyzyň ruhuny täzeledi. Şonuň üçinem ol: Watan hakda gysga gürläň, oglanlar, Agrasrak gürläň, gürläň akylly. Diňläň, okaň: bu topragyň üstünde Näçe gan döküldi, gözýaş döküldi. Dil däl, ýürek bilen ses-üýnsüz söýüň, Sözlemän bildirlen söýgi güýçlüdir, Gara görmän jöw-jöwleýän güjügiň Şol öýe wepasy ikiuçludyr. Siz ynsaby elden bermäň, oglanlar, Ol şeýle bir gerek zatdyr ynsana. Meger dünýä şu mahallar bar zatdan beterräk mätäçlik çekýär ynsaba! – diýeninde sen oňa bütin durkuň bilen ynanýarsyň». Bu sözler aýdylandan bäri çärýek ömür geçipdir. Şondan şu güne çen geçen döwürde B.Hudaýnazarow adam tebigatynyň has çylşyrymly derejelerine aralaşdy, şonuň bilen birlikde hem onuň poeziýasynyň liriki gahrymany kämilleşdi. Şahyryň asyl bolşunda, hiç bir tarapa üýtgetmezden öz ýüregini şygra geçirmek ukyby ony okyjynyň ýanynda söýgüli bir şahsyýete öwürdi, şeýdip ýüregini açyp bilýän şahyr az-azdyr. Ýüregi aýasynda şahyryň durmuşda, adam aragatnaşyklarynda öz simpatiýasy, öz antipatiýasy bar. Onuň simpatiýasy dürli-dürli, antipatiýasy weli, megerem, ýeke-täk. «Umuman», «Hiç neneň däl adam» şygyrlarynda ýa-da aşakdaky dürli goşgulardan alnan bentlerde şol antipatiki şahsyň keşbini synlap bilersiňiz. Başga bir tanşym bar, ýagşy-ýamandan Hiç kime hiç bir zat diýenogam ol. Sebäbi hiç kimi ýigrenenogam. Ýöne hiç kişini söýenogam ol. Ykbal meni şu adamdan gorasyn Beýlekiler maňa o diýen ýat däl. Köpi gören bu köneje dünýäde Ýigrenmek diýeniň täze bir zat däl… Şeýle bir adamlar gördüm ömrümde: Ursaň ýylgyrýarlar. Sögseň gülýärler. Toýam bir, ýasam bir – şoň üçin olar Ne ezýet çekýärler, Ne-de ölýärler. Şahyryň antipatiýasy gönügen şeýle adamlar durmuşdaky köp kynçylyklaryň, problemalaryň, biperwaýlygyň, dönükligiň esasy sebäbi bolýarlar. Ýöne şonda-da şahyr olary juda bir ýigrenip baranok, bu garaýyş ýigrenje ýetmän, sulhy almazlyk bilen çäklenýär. Şahyryň soňky döwürde ýazan şygyrlarynda ahlaky ynanç, Allatagala sygynmak uly orun tutýar. Aslynda öňem – hiç bir mahalam Hudaýnazarow ateist bolmandy. Gaýta onuň irki döredijiliginde-de ateistik garaýyşlara aşaklyk bilen gaýtawul berilýändigini görmek kyn däl. Köplenjem şahyryň liriki gahrymany taňry diýip ynsaby kabul edýärdi. Bu Hudaý hakdaky häzirki düşünjelere-de garşy gelip duranok. Ynsaby häzir Hudaýyň ýüze çykmalarynyň bir görnüşi hasaplaýarlar. Şonuň üçinem bu meselede şahyryň ahlaky dünýäsinde, aýdylyşy ýaly, ewolýusion ösüş bolup geçýär. «Keremli Käbe», «Binesip etme», «Medet ber», «Şükür alhamdilalla» ýaly mynajatlar biziň köne türkmen edebiýatymyzyň iň ýörgünli žanrlarynyň biriniň gaýtadan direlişini alamatlandyrýar. Munuň özi belli bir derejede şahyryň aksakgallyk ýaşlaryna ýetmegi bilenem baglanyşykly bolsa gerek. Sebäbi aslynda zehinine guýlan adam hiç mahalam Hudaýdan daşda bolan däldir weli, garralan soň oňa has ýakyn barylýan bolarly. Şahyryň gürrüňi edilýän şygyrlarynda esasy äheň, meniň pikirimçe, toba hem şükürlilik. Türkmen jemgyýetiniň ahlaky ösüş nukdaýnazaryndanam, şahyryň ruhy kämilligi nazarýetindenem kanunalaýyk hadysa bolan bu goşgular adamy toba etmäge hem-de şükürlilige çagyrýar. Ýazgardyňam, eý Alla! Ýalkadyňam, eý Alla! Ýalkamasaň näderdik – Şükür, alhamdilalla! Bir niçäni görüp pikir etmelidigi, bir niçäni görübem şükür etmelidigi baradaky pähim öz-özünden dörän pähim däl. Ol pähime gulagymyz öwrenişip gidipdir. Ýöne ol nakylyň aňyrsynda ençe-ençe adamlaryň kösençlikleri, ýalňyşlyklary, oýlanmalary, dünýä, durmuşa akyl ýetirmeleri ýatyr. Ol durmuşyň filosofiýasy. Ol filosofiýa adamy kämillige gönükdirýän filosofiýa. Käte nakyllaryň iner ýüki hakda oýlanýaryn. Türkmen pähimleri aýdyňlygy, pikiriň bimöçber çuňlugy, öwrümliligi, jaýdar aýdylanlygy bilen maňzyňa batýar. Türkmen pähimleriniň her birini çeper esere leýtmotiw edip alsa, ýazyjynyň diňe utjakdygy hakda oýlanýaryn. Soňky döwürde birki sany pähimiň esasynda eser ýazmagy ýüregime düwdüm. Türkmen nakyllarynyň galabasynda sabyrlylyk, şükür etmek, geçirimli bolmak, toba etmek nygtalýar. Her bir halkyň ruhy kämillik derejesini nakyllary boýunça anyklap bolar diýen ynanjym bar. Türkmen halkynyň ähli aýratynlyklary, özboluşlylygy, milliligi nakyllarynyň içinde otyr. Nakyllar – halkyň ruhy ýüzi. Şu jähetden alanyňda, B.Hudaýnazarowyň ruhy ýüzüni onuň şygyrýet dünýäsi görkezýär. Onuň şygyrlarynda nakyllara – halkyň ruhy ýüzüne ýakynlyk bar. Adam kämilleşdigiçe, durmuşda, taryhda haýsydyr bir zadyň bolmazlygynyň örän köp zatlar bilen şertlendirilýändigine akyl ýetirýär. Seredip otursaň, munda adamyň özüne bagly zatlar gaty bir känem däl. Durmuşda iň bir kiçijik hadysa-da örän köp sebäpler, örän köp taraplar bilen şertlendirilýär. Köp zady durmuşyň, taryhyň umumy obýektiw akymy öňünden kesgitleýär. Şol umumy obýektiwlige bolsa başgaça Taňry diýilýär. Biziň indi kämil çykan paýhasymyz adamyň roluny bolşundan çişiribem baranok. Öň adam iň ýokardady, indi ondanam ýokardaky zadyň – Ýaradanyň bardygyny açyk tekrarladyk. Munuň özi örän düýpli ruhy hadysa, ol biziň dünýägaraýşymyzy, ahlaky ýörelgelerimizi bütinleý üýtgedýär. Adamzat durmuşynda täsin ruhy hadysalar bolýar. Şolaryň iň ulularynyň birem dinmikä diýýärin. Bolşewistik ideologiýanyň serdary hasaplanan W. I. Lenin öz wagtynda dine juda ýowuz daraşyp, «Din – halk üçin tirýekdir» diýen kesgitlemäni öňe sürüpdi. Emma, zoraýakdan ganatly şygara öwrülen şol kesgitleme adamlaryň ýürek töründen orun alyp bilmedi. Sebäbi din juda çylşyrymly, ylmy delillere, usullara baş bermeýän ruhy-psihologik hadysa. Adamzadyň akyl-paýhas taryhyny yzarlasaň bir zada – adam özüni bileli bäri din bilen hudaýsyzlygyň biri-birine gapma-garşy göreşip gelendigine göz ýetirýärsiň. Düýpli aralaşyberseň, sap ylmy nukdaýnazardan bularyň haýsynyň mamladygyny, haýsynyň bimamladygyny aýdaýmak juda kyn. Ýöne, bir zat weli anyk – adam dini ynançsyz ýaşap bilmeýär. Dini ynanç adamy örän köp belalardan alyp galypdyr. Din adamlar arasyndaky, adam bilen tebigat arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyrypdyr. Dini ynanç adamyň on iki süňňüniň birine öwrülipdir, adam tebigatynyň kesgitleýji elementleriniň biri bolup galypdyr. Şol tebigylyga öwrülendigi üçinem ynançdan ýüz döndermek adamy azgynlyga – ruhy degradasiýa alyp barýar. Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiliginde dini ynanjyň mukaddesligi hemişe duýlup durardy. Ine, onuň irki goşgularyndan iki setir: Biri «Taňrym» diýse söwer ýaryna, Bar, tur, daşda ýaňra diýip bilerin. Bu ýerde dini ynanja, Taňra nähili hormat duýulýar? Şeýle garaýşyň hudaýsyzlygyň möwç uran döwründe ýaňzydylandygyny ýadymyza salalyň. Berdinazar halypa irki proza eserlerinde takwa, dinçil adamlaryň ençemesiniň obrazyny döretdi. Ine, meniň ýadyma «Göreş meýdany» powestiniň bir epizody gelýär: «Birsellem ikisi-de dymyp oturdy. – Ussaňa berekella! – diýip, Söýün birhaýukdan soň seslendi-de, elini Köýtendag tarapa uzatdy. – Görýärmiň, ol ýerde dag bar, ortada derýa, bu ýerler bolsa çöllük. Ussat diýseň, ussat. Ýegor Matweýewiç düşünmezlige saldy. – Kim ol ussat diýýäniň? – Allatagalanyň özi… – Ä-ä – diýip, Ýegor Matweýewiç göz astyndan öz gürrüňdeşine garady. – Hudaýdan bidin çöp başy gymyldamazmyş diýýärler. Şol çynmyka? Söýün makullaýjylyk bilen baş atdy. – Şondan üçribem köneler şeý diýipdir… «Alladan rugsatsyz çöp başy gymyldamaz». Şu hili gahryman Hudaýnazarowyň prozasynda hemişe hereket edipdi, ýazyjy mukaddes ynançdan hiç haçanam daş düşmändi. Ýöne ol dini fanatizmi hem halap baranok. Men onuň has ozal ýazan eserleri boýunça pikir ýöredýärin. Dini ynanç, Hudaýa garaýyşlar Adam bilen, onuň ahlak sypaty, ene toprak bilen baglanyşdyrylypdyr. Diňe şolaryň hökmürowan ýerinde dini garaýyşlar haýsydyr bir real gowy many–mazmuna eýe bolup bilýär eken. Ine, ýazyjynyň «Argyş» powestindäki aşaky epizoda-da şu aspektde düşünmelimikä diýýärin: «– Ojakbaşy bolar ýaly elhalyňyz ýokmy? – Namazlyk edinjekmidiňiz? – diýip, Mähek eje oňa ýüzlendi. – Namazhon adamy-ha tapdyňyz-ow, he-he-he – diýip, keltejik goja gülümsiredi. – Meniň bir namazlygym bar, olam mellek ýerim, ýeňňe, Gurhanymam pilim. Uzynly gün mellegiň içinden çykamok». Berdinazar aganyň «Yhlas» diýen goşgusynda edil şu gojanyň keşbi suratlandyrylan bolmaly. Şahyr üçin din öz-özlügindäki bir zat däl. Ol diňe adam, adamyň durmuşy, derwaýyslyklary, najatlary, ruhy zeruryýet bilen baglanyşyklylykda hakyky manysyna eýe bolýar. Ol dini fanatik hökmünde şu dünýäni inkär edenok. Gaýtam, her ädimde dünýäniň gözelligini, owadanlygyny ýatlap dur, adamlary şol owadan dünýäniň eşretini görmäge, emma dini-ahlaky kanunlary äsgermezlik etmezlige çagyrýar. Şahyryň «Keremli Käbe» atly çaklaňja poemasyndan onuň dine garaýşy aýdyň görünýär. Bu eser musulmançylygyň iň mukaddes ýeri bolan Käbä haj etmegiň täsiri astynda ýazylypdyr. Şu ýerde Berdinazar aganyň dine birtaraplaýyn garamaýandygy görnüp dur. Ol Hudaýa şükür edýär, oňa sygynýar, gowy görünmek üçin öz hakyky ýüzüňi gizlemek, rola girmek, ýasamalyk etmek bu şahyra mahsus zat däl. Poemanyň birinji bölüminde şahyr Käbäniň atmosferasyny birnäçe bentlerde ussatlyk bilen berýär. Ol öz-özi bilen gürleşýär: Ýokdur yzlanmadyk Ýekeje ädim. Allany aldajak Bolmagyn, Adam. Syparyn öýtmegin, Soralar hasap. Gitmesin kanagat, Ýitmesin ynsap. Ynanç – ahlagyň daýanjy. Ahlak – imanyň esasy. Iman bolsa ruhy azatlygyň baş formasy. Ol ýuridik azatlykdan düýpli tapawutlanýar. Ahlak azatlygy – öz arassalygyňa, päkligiňe ynanmak. Şeýle ýaşaýyş obrazy adamyň ömrüni manyly edýär, ony bet işlerden saklaýar. Poemanyň dowamynda şahyr Hudaýdan bu owadan dünýäden aýra salmazlygy dileýär. «Ýalançy» diýsinler, Diýsinler «pany», Hiç kim terk etmekçi Däl bu dünýäni. Sebäbi bu dünýe Ýugrulan yşka. Jemaly üýtgeşik, Eşreti başga. Süýtleç säherlerden Doýup bolanok. Wagtyň akýanyny Duýup bolanok. Şahyryň dine gatnaşygynyň iki aspekti, iki tarapy emele gelýär. Şahyr ahlak ýörelgelerini ýatdan çykarmandygyny, haýsydyr bir bähbit üçin olara dönüklik etmändigini nygtaýar. Şeýle ahlaky ýörelgeleriň gözbaşynda şahyryň ata-babalary durýar: «Meniň atamam, kakamam dinçil adamlar däldiler, ýöne dini äsgermeýän kişilerem däldi. Olar maňa diniň elipbiýsini-de öwretmediler. Geň hem bolsa, musulman dininiň köp düzgünlerini ýörelge hem-de pelsepe hökmünde kabul etmäge durmuşyň özi meni mejbur etdi». Şahyryň publisistik makalalarynda bu mesele hasam töwerekleýin yzarlanýar. «Men öz ynanjym bilen ýaşaýaryn. Men yslamyň perzendi. Meniň ruhy pygamberim Magtymguly Pyragy». «Alla bil baglamak, oňa daýanmak öz meýliňe, öz erkiňe görä berjaý edilmeýär diýen netijä gelýärin. Bu partiýa geçäýen ýaly bir zat däl». «Obalara metjidiň, dulumyza namazlygyň, dilimize pygamberiň adynyň, kalbymyza sabyr-takatyň aralaşmagy Durmuşyň şirelenmegine, ömrüň sahawatlanmagyna getirer diýip umyt edýäris». Ynanjyň çylşyrymly zatdygyna oňat düşünýän şahyr ynanç päkligini esasy zat hökmünde görýär. Berdinazar aga diniň ahlak ýörelgelerini inkär edenok. Ýöne biziň gurýan döwletimiz – dünýewi döwlet. Şonuň üçinem biz, esasan, dünýewi ahlak hakda köp kelle döwmeli bolýarys. Öz halkynyň ruhy geljegi barada alada edýän şahyr gurulýan türkmen jemgyýetiniň ahlak normalaryny işläp düzmeli diýen manyda gaýta-gaýta gürrüň edýär. Bu ýerde şahyryň öňe süren düýpli ideýalarynyň biri ýatan bolmaly. Milletiň ykrar eden, milletiň öňüne düşen şahyr hökmünde Berdinazar agany halkyň ahlaky geljegi köp oýlandyrýar. Men onuň dürli ýyllarda ýazylan makalalarynda dünýewi döwletiň ahlak kanunynyň zerurlygy baradaky düýpli pikire köp gabat geldim: «Jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek babatda Prezidentiň görýän çäreleri, reformatorlyk hyjuwy dünýewi, demokratik döwletiň maksatlaryny, ruhy-ahlak ýörelgesini has aýdyň kesgitlemegi gürrüňsiz çaltlandyrar. Men jemgyýetiň halk ölçeglerini özünde jemleýän, kanun görnüşli «Ahlak – namanyň» işlenip düzüljekdigine-de ynanýaryn. Baýlygam ahlakdan çykman gazanylsa ýagşy». «Garaşsyzlygyň altyn halkasy», «Asyra barabar üç ýyl», «Eý, ezizim, ene ýurdum» ýaly makalalarynda-da şahyr şol pikirini nygtaýar. Balzak «Adamzat komediýasyna» ýazan sözbaşysynda özüni fransuz jemgyýetiniň sekretary – mürzesi hasaplaýar. Dogrudan hem her bir görnükli ýazyjy öz döwrüniň, jemgyýetiniň sekretary – mürzesi. Jemgyýet, döwür üýtgeýär. Onsoň geçmişi mürzäniň – ýazyjynyň eserleri boýunça öwrenýärler. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, ýazyjy B.Hudaýnazarowyň eserleri türkmen halkynyň, jemgyýetiniň keşbini öz eserlerinde şeýle bir ussatlyk bilen dogruçyl çekdi. B.Hudaýnazarow türkmen halkynyň ýigriminji asyrdaky ruhy ahwalatyny dogruçyl, takyk suratlandyran gollanma bolup geljekki nesillerimize galar. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||