01:06 Berdinazar Hudaýnazarow -4:Her döwrüñ öz äheñi bar | |
BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW
Edebiýaty öwreniş
▶ 4: Her döwrüň öz äheňi bar Goşgyny köplenç aýdym bilen sinonimleşdirip getirýärler. Edebiýatyň taryhynyň irki döwürlerini yzarlasaň, asylbaşda şygyr hakykatdanam aýdym bilen bir zat ekeni. Ýöne, soňky ösüşiň dowamynda, ylaýta-da kitabyň, golýazmanyň ýüze çykmagy bilen ol ikisiniň arasyna tapawut düşüpdir. Ýöne häzirem şygry aýdym diýip kabul etmäge esas örän köp. Munda, esasanam, şygryň ritmiki gurluşy ony aýdyma ýakynlaşdyrýan alamatlaryň biri bolup hyzmat edýär. Ritm özboluşly owaz akymyny döredýär. Onsoň kapyýa, bogun sany, temp, sesleriň özboluşly gatnaşygy şygry ýany sazsyz aýdyma hiňlenmä öwürýär. Bu meselede, ylaýta-da, klassyky poeziýamyzda örän özboluşly hem gyzykly aýratynlyklar bolupdyr. Klassyky şygyrlar häzirkisinden tapawutlylykda so:kdurylyp, özboluşly owaz bilen okalypdyr. Şo hili klassyky ölçegde okalan goşgyny diňlemegiň lezzeti ap-aýry. Munuň özi özboluşly estetiki hadysa. Diňlenilende klassyky goşgularyň manysy doly açylýar, adaty okalyşda – kitapdan häzirkisi ýaly edip okalanda täzir peselýär. Goşgy adama iki tarapdan täsir edýän eken: şygryň many-mazmuny, pikiri adamy durmuş hakda oýa batyrsa, onuň özboluşly klassyky owazy adamyň kalbyna, duýgusyna lezzetli mukam deýin täsir edýär. Magtymgulynyň şygryny içiňden okap geçeniňde az zat ýitmeýän bolarly. Goşgynyň manysy, gymmaty diňe onuň pikirinde, mazmunynda däl, eýsem onuň owazynda-da ýatýan ekeni. Owazyň many aňladyjylyk ukyby goşgynyň özge elementleriniňkiden pes däl ekeni. Ýöne bu zatlar klassyk şygrymyza degişli. Biziň häzirki zaman şygrymyzyň okalyşynyň klassyk düzgünleri entek formirlenilmedigem bolsa, onuň özboluşly manyly owazynyň bardygyny inkär edip bolmaz. Özem ol owaz öňküden, bir tarapdan, köp äheňliligi, tema dürlüligi bilen tapawutlansa, beýleki tarapdan, şygryň pikir bölegine has ýakynlygy bilen göze ilýär. Sebäbi owaz, äheň formanyň «dogmasy», formanyň netijesi. Forma taýdan bolsa häzirki zaman şygrymyz klassykadan köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Adamlaryň hersiniň gepleýiş tempiniň bolşy, sesiň belentligi, inçeligi – ýogynlygy, gürrüňiň çaltlygy – haýallygy, pauza berşiniň aýratynlygy babatda biri-birinden tapawutlanyşy ýaly, şahyrlaryň şahyrana ritmi, poetiki obrazlary-da biri-biriniňkiden düýpli tapawutlanýar. Biziň häzirki zaman türkmen poeziýamyzda goşgy okalyşy boýunça hem birnäçe – eger şeýle şertli atlandyrmak bolýan bolsa – akym bar. Esasan, üç hili goşgy okalyşy ähli şahyrlary özünde jemleýär. Şol üç hili goşgy okalyşynyň çäginden çykylanok. Bagşyçylykda öz ýoly bolmadyk bagşyny bagşy hasap edenoklar. Ol pylana öýkünip aýdýar diýip oňaýýarlar. Diňe gowy goşgy ýazanyň ýeterlik däl eken, ony öz ýoluň bilen özboluşly okap, diňleýjä ýetirmeli. Goşgy okamakda Kerim Gurbannepesowyň öz goşgy okaýyş ýoly bar. Gurbannazar Ezizowyň goşgy okaýşy özünden soňky şahyrlaryň galabasyna nusgalyk ýol boldy. Olar Gurbannazaryň okaýşy deýin goşgy okamaga girişdiler. Täze ýol edinmek aňsat iş däl. Öňüňde kämil, täsirli ýol barka, täze okaýyş tapjak bolmagyň zerurlygam ýok ýaly. Üçünji ýol Berdinazar Hudaýnazarowyň goşgy okaýyş ýoly. Berdinazar aga howlukman, gerekli söze basym berip, labyzlylyk bilen okaýar. Berdinazar şahyryň goşgy okaýyş ýoly bilen goşgy okaýan şahyrlar hem kän. Berdinazar Hudaýnazarowyň poeziýasynyň özboluşly obrazlar dünýäsi bar. Men şu ýerde şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň sözlerini ýatlaýyn: «B.Hudaýnazarowyň poeziýa dünýäsi örän lezzetli. Ol dünýäniň içi giň. Howasy arassa. Dem aldygyňça, dem alasyň gelýär». K.Gurbannepesow bu sözleri şahyryň şygyrlarynyň ideýa-mazmun tarapy hakda aýdypdy. Ýöne edil şol sözler Hudaýnazarowyň şygyrlarynyň formasyna, owazyna, ritmine hem degişli. Şahyryň şygyrlarynyň goýras owazy, türkmen mukamynyňky ýaly agras äheňi haýal-ýagalragadan ritmi bar. Edil şu tarapdan, edil şu manyda-da Hudaýnazarow biziň sözüň hakyky manysyndaky milli şahyrymyz. Munda käbir uly şahyrlarymyzdaky ýaly owaz bälçikligini, temp gyssanmaçlygyny görmek mümkin däl. Men mahal-mahal beýleki diller bilen deňeşdireniňde türkmen diliniň temp aýratynlyklaryna diň salyp görýärin. Biz gaty arkaýyn, haýal hem äwmän gürleýäris. Munuň özi pes tempi emele getirýär. Bu haýal akýan derýanyň hereketini ýada salýar. Hudaýnazarowyň özi goşgularynda siňňin ýagşy mähir bilen ýatlaýar. Onuň goşgularynyň owaz akymy-da edil siňňin ýagan ýagşy ýada salyp dur. Ýaryp gatlaklary, deşip daşlary, Kökler uzap çuňluklara barýarlar, Jeňňellerden geçip, daglardan aşyp, Çuňňur ummanlara guýýar derýalar… Diňe çynlakaý zat çuňluga ýetýär, Ähli ýasama zat telperdir, telper. Çuňluklara dyzaň! Diňe çuňluklar Sizi kämilligiň üstünden elter. Dogrudanam, şygryň owaz dünýäsi giň, pikirleriň, setirleriň arasynda haýal akýan owazlar şygryň howasynyň arassalygyny üpjün edýär. Şygryň haýal akmagyna kapyýalar aýgytlaýjy täsir edýär. Setirleriň boşaşa däl-de, başaşa kapyýalaşmagy, gradasiýa, antiteza ýaly goşmaça serişdeleriň az ulanylmagy birsydyrgyn, endigan owaz akymyny emele getirýär. Onsoň başaşa forma hakynda şahyryň öz ýatlamalarynda gyzykly fakta duş geldim. «Baryp Beýik Watançylyk urşunyň yz ýanlarynda, megerem, kyrk ýedinji ýylda men entek ýaş şahyr däl-de, diňe işeňňir okyjykam, «Sowet Türkmenistany» gazetinde goşgynyň formasy hakynda çekişme başlanany ýadyma düşýär. Çekişmä goşulýanlaryň bir topary goşgynyň boşaşa formasyny inkär edýärdiler. Bir topary bolsa beýle formada hem ýazmak mümkin hasap edýärdiler. Aý, gel menem öz pikirimi aýdaýyn-la diýen hyýal kelläme geldi. Çap etseler-ä edenleri, bolmasa-da ýitirýän zadym ýok. Ine, birnäçe günden soň «Okyjynyň pikiri» diýen makala gazetde peýda boldy. Men her edip-hesip edip birinji bilen üçünji setiri kapyýalaşdyrmak hökmanlygynyň gerek däldigini nygtapdym. Meniň pikirimçe, bu düzgün goşgynyň umumy dinamikasyny güýçlendirenok-da, gaýtam onuň gowşamagyna sebäp bolýar. Bu meselede iň bolmanda meýletinlik kadasy saklanmalydyr. Isleýärmiň – başaşa ýaz, başaryp bilýärmiň – boşaşany işlet. Goşgy ýazyp başlanymda şahyrana pikirimi boşaşa formada bermegiň özüme has amatlydygyna göz ýetirdim. Geň bolsa-da, soň diňe boşaşa formada ýazmak hemmelere ýoň boldy». Dogrudanam, biziň pikirimizçe-de dinamika babatda boşaşa hem başaşa formanyň arasynda düýe ýaly bir tapawut ýok. Sebäbi birinji hem üçünji setirlerde kapyýanyň barlygyna ýa ýoklugyna garamazdan, aňyrdan gelýän ritmiki akym hökman döwülýär. Gaýtam-a başaşa formada ýene iki sany kapyýany tapjak bolup, mazmunyň erkinligine zyýan ýetýän bolaýmagam ahmal. Mazmun erkinligi, mazmun hökmürowanlygy, mazmun ileriligi… Hudaýnazarow üçin esasy zadyň hemişe mazmun bolanlygyna göz ýetirdim. Boşaşa formada üýtgeşik, delje kapyýalara pisint edilmeýänligi-de, şygryň ýylmanak tehnikasyna ahyrky maksat hökmünde garalmaýanlygy-da şu pikiri tassyklaýar. Hatda siz iň bolmanda bu şahyryň şygyrlarynyň göwrümine üns beriň: köplenç azyndan 6 bentlik goşgular. Meniň pikirimçe, häzirki poeziýamyzda munuň özi ortadan ýokary göwrümdir. Men bu ýerde-de Hudaýnazarowyň pikiriň yzyna düşýän şahyrdygynyň faktyny görýärin: ol öz aýtjak pikiri ýa duýgusy gutarýança, daşky närselere güýmenip oturmaýar. Goşgyny hökmany suratda mazmuna çaprazlykda gysgaltjak bolubam oturanok. Beýan edilýän pikiriň goýazylygyna, agraslygyna laýyklykda-da agras owaz kemala gelýär. Ýöne şol agraslyk diňe uzyn – on bir bogunlyk setirli goşgulara mahsusdyr diýip pikir etmeli däl. 7 – 8 bogunly setir şygryň many–mazmunyna ýeňillik, şadyýanlyk ýokundysyny berýär diýen pikir bar. Bu, elbetde, birtaraply pikir. Ine, B.Hudaýnazarowyň bir goşgusyndan bölek: Bardym mazarlyga pişegim süýräp, Süýndüm guburyna maňlaýy diräp, başujuny saklap, ýatdym günuzyn, Seslenen bolmady: «Sen açsyň, guzym». A men tebsiräpdim, Hem örän açdym. Sebäp, ejem ýaşdy, Özümem ýaşdym. Bu ýerde gussaly türkmen mukamynyň kesgitliligi bar. Diýmek, bäş-alty bogunlyk setirlerde-de tragiki mazmuny berip bolýan eken. Göräýmäge, munuň iki setirini birikdirip, on bir bogunlyk mesnewä öwrüp bolaýjak ýaly. Ýöne mesnewiniň owaz akymy bütinleý başgaça. Häzirki dörtleme formasynyň iň bir güýçli ösen döwürlerinde-de klassyky goşuk bütinleý ýatdan çykyp gitmedi. Nämüçin biz XX asyrda bendiň täze görnüşine, has giň planda seredeniňde, ondanam uly zat – täze forma geçdik. Muny diňe rus poeziýasyna öýkünmegiň netijesi hökmünde görkezip bolmaz-a?! Meniň pikirimçe, munuň içki sebäpleri bar. Döwrüň ruhy üýtgedi, poeziýanyňam ruhy üýtgedi. Ruh üýtgänsoň, forma-da üýtgemek, özgermek bilen. Halypa şahyr B.Hudaýnazarowda gatyşyk, hem goşuk, hem dörtleme formalaryň bir goşguda getirilip ýazylan ýerlerem bar. Şonuň bilen bir wagtda tä soňky döwürlere çenli şahyr goşuk formasyny bir ýanyndan aýyrman geldi. Bu formada döwrebap goşgular ýazdy. Jürküldiňe öwrenşipdi gulagym, Äpişgäň öňünde saýran serçejik. Ýokdy dürli öwsüp duran ýelegiň, Äpişgäň öňünde saýran serçejik. Bakýaryn bökjeklän şahaňa bakan, Indi nirelerde tutundyň mekan? Toba, toba… Janyň berin sagmykan, Äpişgäň öňünde saýran serçejik. Ine, şu gowy şygyr hem-ä klassyky goşgy, hemem bütinleý täze bir hadysa. Klassykadan bu ýerde diňe bendiň görnüşi galypdyr. Özge zatlar biziň eýýamymyzyň şahyrana hadysasyna girýär. Serçe hakynda XVIII ýa XIX asyrda ýazylaýjak şygry göz öňüne getirmek kyn. XX asyrda şeýle şygryň ýazylmagy biziň poeziýa diýilýän närsä garaýşymyzda düýpli bir üýtgeşikligiň bolup geçendigini, duýgularymyzyň inçelendigini, Ruha däl-de, Zemine has ýakynlaşandygymyzy aňladýar. Biz çürt-kesik dünýewileşdik, zeminleşdik. Poetiki mazmunyň hili üýtgedi. Öň asla poeziýanyň golaýyndan barmadyk predmetler şahyrana mazmuna hem lirizme eýe boldy. Öň tüýs şahyrana zatlar prozaizme hem guraksylyga öwrülip gitdi. Geçen asyrlaryň şahyrynyň nukdaýnazaryndan «ene süýdi» ýa «serçejik» hakynda eser ýazmak öte intimlik, hatda ýeňleslik ýaly bolup görünmegem ahmal. Köp temalaryň bolsa manysy üýtgedi. Syn etseňiz, säheriň beýan edilişi Magtymguly bilen Hudaýnazarowda başga-başgadyr. Galyberse-de, şygryň umumy stilinde, setirleriň şahyrana manysynda klassyka bilen meňzeşligiň gaty azdygyny görersiňiz. Eseriň temasyna, obrazlar sistemasyna, duýguçyllygyna seredeniňizde, munuň özi bary-ýogy bent formasy klassyky – köne biçim bolan häzirki zaman goşgusy ahyryn diýersiňiz. Men şahyryň 1981-nji ýylda çap edilen «Ynsap» atly makalalar ýygyndysynda klassyky formalizmiň şu günlere gatnaşygy barasyndaky şeýle gyzykly pikirlere duş geldim: «Emma XVIII – XIX asyryň öz ruhy bar. Biziň XX asyrymyzyň öz ruhy bar. Bu asyryň ruhuny geçen asyrlaryň dili bilen beýan etmek iň bir dana şahyra-da başartmazdy diýip men pikir edýärin… Şunuň ýaly-da, 1942-nji ýylda biziň bir kärdeşimiz: «Gahba pelek, ne gün saldyň başyma, Köpleri gara ýer guçdy, neýläýin» – diýip ýazan bolsa, hiç kimsäniň maňzyna batmazdy… Şu ýerde bir waka ýadyma düşýär. Moskwa bilen Aşgabat arasynda gatnaýan ýyndam otly Kuýbyşew şäheriniň eteginden gelýärdi… Birdenkä otlynyň radiouzelinden şeýle bir habar berdiler: «Ýolagçy graždanlar, eger araňyzda wraç ýa-da wraçlykdan başy çykýan adam bar bolsa, haýal etmän 4-nji wagona gelmegiňiz haýyş edilýär…» Inžener gyz bahym dolanyp geldi-de, şeýle habar berdi: – Men kömege baranlaryň 6-njysy ekenim. Bir garrynyň tutgaýy tutupdyr. Özündenem garry professoryň äýnegine gözi düşdi-de, köşeşdi ötägitdi…». Şu waka hakynda goşgy ýazmak bolarmy? Gürrüňsiz bolar! Emma nähili stilde? Nähili söz bilen? …Ýolda bir bendäniň tutgaýy tutdy, Bir tebip derdine derman eýledi – diýseň bolarmy? Şeýle diýseň, wakanyň reallygyna hiç kim ynanmaz, bu setirler hiç kimi tolgundyrmazam. Esasy zat: okyjynyň dilini bilmek, okyjynyň isleýän zadyny bilmek, okyjynyň dünýäsine girmek, şol dünýädäki ahlaky problemalary gozgamak. B.Hudaýnazarow haýsy žanrda eser döretse hem okyjysyna gerek «dermany» bilýär, okyjysynyň dilini bilýär. Okyjysynyň kalbyny öz öýüniň gapysy deýin aňsatlyk bilen açyp bilýär. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |