01:25 Berdinazar Hudaýnazarow -5: Alla gujur-joş bersin! | |
BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW-5
Edebiýaty öwreniş
▶ 5: Alla gujur-joş bersin! Garaşsyzlyk türkmen üçin ägirt uly taryhy öwrülişik boldy. Berdinazar Hudaýnazarow durmuş bilen hemişe aýakdaş gadam uran şahyr hökmünde Täze eýýamda Garaşsyzlygy wasp eden, onuň taryhy mazmunyny açan şahyrlaryň biri. Berdinazar aganyň goşgularyny okasaňam, publisistik makalalaryny okasaňam, onuň Garaşsyzlyk diýilýän ägirt uly taryhy hadysanyň düýp manysyna, onuň sakasynda duran beýik Türkmenbaşynyň şahsyýet hökmündäki ägirtligine çuňňur düşünýändigini görüp bolýar. Indi il içinde hakyky halky aýdyma öwrülip giden «Serdar» goşgusynda şahyr ilkinji Prezidentimiziň, ajaýyp Adamyň şahsyýetiniň döwlet paýhasynyň belentligini açyp görkezýär. Bary-ýogy bäş bentlik bu goşgy Saparmyrat Nyýazowyň keşbini töwerekleýin göz öňüne getirmäge doly mümkinçilik açýar. Ata-babalaň ýurdy Gadym mekany, Serdar. Sag bol, Garaşsyz boldy, Boldy erkana, Serdar. – diýip, şygryň başynda bu beýik ynsana minnetdarlyk sözleri aýdylýar. Onuň türkmen taryhynda eden işini göreniňde, näçe minnetdarlyk aýtsaňam az görünýär. Emma şahyr mahabatlandyrma ýüz urman, Serdary türkmeniň halal hem sada sözleri bilen, ýere ýakyn sözler bilen wasp edýär. Filosofiki şygyrlara waspnama äheňleriniň gelişmeýşi ýaly, wasp ýa-da has köneçe aýdanyňda «wasf» žanryna-da pelsepewi äheňler kän bir şaplaşyp baranok. Şu hili wasp äheňleriniň türkmen poeziýasy üçin öň görlüp-eşidilmedik zatlardan däldigini aýtmak gerek. Waspnamalaryň taryhy türkmen edebiýatynyň has irki döwürlerine alyp gidýär. Biziň klassyky edebiýatymyzyň taryhy boýunça ýazylan işlerde köne türkmen şahyrlarynyň serdarlar, hanlar, olaryň edermenlikleri baradaky wasplaryň kän bolandygy bellenilýär. Ylmy kitaplara ýüzlenmegiň zerurlygy ýok, Magtymgulynyň Çowdur han, Ahmet şa, Keminäniň Oraz han hakyndaky waspnamalaryny kim bilmeýär! Şonuň üçinem, Berdinazar şahyryň şu goşgusyny gaty öňden gelýän edebi däbiň çägindäki hadysa diýip bilýärin. Ýöne onuň örän uly tapawutly özboluşlylygy bar: munuň özi öňküler bilen deňeşdireniňde, juda düýpli zatdyr, çünki ol haýsydyr bir serkerdäniň ýa hanyň nirededir bir ýerde görkezen söweş edermenligi hakynda däl-de, Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli-taryhy gahrymançylygy baradadyr. Bu türkmeniň näçe asyrlyk taryhynda Türkmenbaşynyň ýüzlerçe, müňlerçe han-begleriň elinden gelmedik işi bitirendigini – täze Garaşsyz döwletiň düýbüni tutandygyny, türkmen üçin asla üýtgeşik taryhy perspektiwanyň açylandygyny, ägirt uly taryhy öwrülişigiň bolandygyny aňladýar. Şonuň üçinem ol taryhy perspektiwalary açan, öwrülişikleri amal eden Şahsyýetiň waspy-da üýtgeşik bolmalydyr. Şygyrda Saparmyrat Türkmenbaşynyň «ýürekleriň ynanjydygy, külli türkmen guwanjydygy, türkmen topragynyň daýanjy – şöhrat-şanydygy, daşymyzyň galasy, il-günüň penasydygy» hakyndaky hakykatlar hem şol üýtgeşiklik talaby bilen baglanyşyklymyka diýýärin. Beýik Serdaryň nurana keşbini göz öňünde dikeldýän şeýle şygra onuň öz mazmunyna görä agras sazyňam tapylandygyny ýeri gelende aýtmak gerek. Berdinazar aganyň «Saýlanan eserleriniň» üçünji tomundaky makalalar, publisistik çykyşlar Garaşsyzlyk howasy bilen dem alýar. Ylaýta-da, kitabyň «Garaşsyzlygyň tagamy» atlandyrylan bölümindäki makalalar degişli temany ýöriteleýin hem düýpli açyp görkezýär. Şu makalalar üçin onuň temasyndan başga umumy, häsiýetli aýratynlyk diýip sorasalar, Berdinazar aganyň meselä gaty düýpli seredýän synçy nazary diýip jogap bererdim. Şahyr Garaşsyzlygyň peýdalary, özüne däl, türkmene beren peýdalary hakda paýhaslylyk, giň göwrümlilik bilen pikir ýöredýär. Ol Garaşsyzlygyň haýsy taraplary, miweleri hakda oýlanýar? Munuň özi, ilki bilen, Saparmyrat Nyýazowyň ägirt uly şahsyýet, halky uly-uly kynçylyklardan alyp geçip, oňat durmuşa eltjek şahsyýetdigi, Garaşsyzlygyň sakasynda duran şahsyýetdigi hakyndaky pikirlerdir. Berdinazar aga taryhyň öňe çykaran Serdarynyň şahsyýetiniň üýtgeşik gymmatly taraplaryny görüp hem görkezip bilipdir. Meselem, «Ruhy gymmatlyklara gabak galdyryp, üns berip başlamagy Saparmyrat Nyýazowyň durmuşa düýpli garaýan, çuňňur pähimlenip bilýän intellektual derejeli adamdygyna ynanmaga sebäp boldy». «Biziň Prezidentimiziň dünýä türkmenlerine hossar çykmagy, onuň terjimehalyny bezejek sahypalaryň biri boldy». Serdaryň şahsyýetiniň, bitiren işleriniň üýtgeşik taraplarydyr manylary hakynda düýpli söz açmagy Berdinazar aga üçin kanunalaýyk hem tebigy zat. Gozgaýan meselesiniň özenine ýetip bilmek onuň publisist hökmündäki döredijilik, pikir ýörediş aýratynlyklarynyň biri. Onsoňam onuň bu ýerdäki maksady kimdir birini ýöne mahabatlandyrmak däl-de, eýsem Serdaryň taryhy hyzmatlaryny ýekän-ýekän görkezmek, şeýdibem, ýazyjy hökmünde okyjylarda Garaşsyzlyga bolan ynamy has-da berkitmek. Şeýle asylly maksatlardan ugur alýan publisistiň galamy iň düýpli meseleleri beýan edýär. «Häzir akyl ýetirilmän, ýürek bilen ynanylman aýdylýan zatlaram kän. Ýöne bir hakykata welin biz göz ýetirdik: garaşsyzlykdan gymmatly zat ýok! Garaşsyzlygy yglan etdik, ony goramagy-da başarmalydyrys. Galanynyň bir alajy bolar». Ine, meniň pikirimçe, Berdinazar agany beýgeldýän, onuň iň esasy öňe sürýän pikiri şundan ybarat. Munuň özi hiç bir tarapdan inkär edip bolmajak beýik hakykat. Asmanda lowurdap duran Güne her kimiň bir hili garamagy mümkin. Emma onsuz ýaşaýşyň bolmajagyny hemme kişi-de boýun almaly bolar. Berdinazar aganyň tekrarlamasyndan misil tutsaň, Garaşsyzlyk hem türkmen halky üçin şeýle ägirt hadysadyr. Halypanyň «Pelegiň çarhy» diýen täze ýyl oýlanmalarynda-da türkmen durmuşy üçin Garaşsyzlygyň ähmiýeti baradaky mesele esasy orny tutýar. Ol şeýle ýazýar: «Eger-de menden durmuşdaky öwrülişikleri, özgerişleri bir söz bilen düşündirmekligi talap etseler, onda «durmuş tebigylaşdy» diýip jogap bererdim. Näme, ozal durmuş tebigy dälmidi diýen sowalyň berilmegi mümkin. Hawa, tebigy däldi, ýetmiş ýylyň durmuşynyň hamyrmaýasy ýasamalyga ýugrulypdy». Men şeýle pikiri düýpli filosofik pikir hasaplaýaryn. Sebäbi munda geçen jemgyýetiň ideologik, syýasy, ykdysady hem ruhy manysyna şeýle gysby hem şeýle anyk baha berlipdir. Şeýle kesgitlemäniň manysy barada uzak wagtlap oýlanmak mümkin, onuň dürli taraplaryny ösdürmek hakda birgiden makalalary ýazmak mümkin. Meniň üçin esasy zat – şu pikiriň, tymsalyň strukturasy. Ýetmiş ýyllyk durmuş türkmen halkynyň, diňe bir onuňam däl, beýleki halklaryňam asyrlarça dowam eden durmuşynyň tebigylygyny ýoga çykardy. Adamçylygyň, ruhuň, hukugyň, ykdysadyýetiň, syýasatyň tebigylygy, owal-ahyr kanunalaýyklygy ýok edildi. Berdinazar halypanyň publisistik oýlanmalary örän köp temaly hem-de köpgyraňly. Ilki bilen, onuň ilkinji Prezidentimiziň türkmen halkynyň öňündäki taryhy hyzmatlary barada köp hem çuňňur oýlanýandygyny aýtmak gerek. Şol oýlanmalar mahal-mahal adaty publisistikanyň çäklerinden çykyp, filosofiki problemalary gozgaýan gürrüňlere geçip gidýär. «Özümiz tebigatyň perzendi bolup, onuň oýunlaryna akyl ýetirip oturandyrys öýtmegiň özi ham-hyýallyk bolaýmasyn?! Men şu zatlary agzamak bilen assa–assadan Saparmyrat Nyýazowly meselä golaýlaşjak bolýaryn. Biziň halkymyz oňa Allanyň nazar salan adamy ýa-da Alla tarapyn berlen Serdar diýip ýöne ýere aýtmady. Şuny berk belläliň. Göz öňümizde üýtgeşik bir zat bolup geçdi: SSSR-iň synmagy zerarly emele gelen ýagdaý töwerekdäki öňki respublikalarda bolan hem-de dowam edýän betbagtçylykdan Türkmenistany halas etdi duruberdi. Ady öňler yzda tutulýan Türkmenistanyň dabarasy dünýä ýüzüne doldy duruberdi. Iň garyp diýlen ýurt baý ýurda öwrüldi-de duruberdi (şu günki käbir tebigy kynçylygy hasaba alyp durmalyň, ertire nazar aýlalyň). Ertekä meňzeş bir ýagdaý gerek? Halk şu ertekiniň awtory hakynda oýlananda nazaryny Nyýazowda saklady… Bu ýerde halk «bendäm bendäme sebäp» diýen gadymy kesgitlemeden ugur aldy. Nyýazowyň agyr çagalyk terjimehaly aýylganç ýer titremesinde onuň diri galmagy-da halk tarapyndan tötänlik hasap edilmedi. Alla ony biziň üçin aýap saklan eken diýip halk ykrar etdi». Taryhy prosesiň içki manysyny şeýle ýönekeý sözler bilen açyp görkezmegiň gaty kyndygy hakynda oýlanýaryn. Hawa, türkmeniň özboluşly taryhy filosofiýasy bar. Ol filosofiýa ähli ugurlarda bolşy ýaly, adamzat taryhynda-da iň düýpli zatlaryň Hudaý tarapyn kesgitlenýändigi baradaky pelsepe. Hudaýa şeýle boýun bolmaklyk, sabyr, kanagatlylyk ahyrda türkmeni ýagtylyga alyp çykdy, oňa beýik Serdar ogly berdi. Berdinazar halypa hem türkmeniň, dünýäniň taryhyny şu usulda teswir edýär. Meniň pikirimçe, biziň milli ideologiýamyzyň kemala gelmeginde şeýle düýpli pikirler öz goşandyny goşup bilerdi. Özüm-ä şeýle düýpli, özenlik ideýalara, folosofik esasly ideýalara juda seýrek duşýaryn. Sebäbi biziň publisistikamyzyň ortaça derejesiniň pesdigini aýtmanyňda-da, beýle düýpli ideýalaryň aslynda-da günde-günaşa çykyp durmaýandygy hakykat. Şonuň üçinem olary ösdürmek, her taraplaýyn delillendirmek, esaslandyrmak derwaýys mesele diýip hasaplaýaryn, sebäbi her milletiň tebigy, maddy baýlyklary bilen birlikde öz ideýa, ýagny ruhy gymmatlklary-da bolmaly. Şeýle ideýalara bolsa edil tebigy baýlyklara garaýşymyz ýaly aýawly garamaly. Olary biziň milli mertebämizi beýgeldýän zatlaryň bir bölegi hasaplamaly. Sebäbi diňe tereziniň iki tarapy – maddy hem ruhy gymmatlyklarynyň ikisem deňagramlylykda saklananda milletiň sazlaşykly, tebigy ýaşaýşy üpjün edilýär. Men halypanyň ýöredýän düýpli ideýalarynyň şu aspektlerine aýratyn ünsi çekmelimikä diýýärin. Berdinazar aganyň pikir ýöretmelerinde meniň ünsümi çeken zatlaryň birem halypanyň mähriban Prezidentimiziň şahsy gylyk-häsiýetleri baradaky bellikleridir. Prezident – halkyň lideri, her birimiziň liderimiz. Şonuň üçinem adamlaryň ony ýakyndan synlasy geljekdigi tebigy zat. Emma munuň özi mümkin däl, her kime elýeterli däl. Şonuň üçinem Prezident bilen ýakyndan gatnaşyk edýän adamyň, onda-da ýazyjynyň onuň şahsyýeti barada söz açmagy kanunalaýyklyk hasaplanmalydyr. Ol S.Nyýazowyň şahsyýeti barada şeýle ýazýar: «Onuň gujury, gaýraty, mertligi, gaýduwsyzlygy, hatda şahsy sypatlary: mylakatlylygy, rehimdarlygy, eli hem-de göwnaçyklygy ýönekeý adama däl-de, Serdarlygyň derejesine bap gelýär». Ýa-da başga bir makaladan: «Megerem, Saparmyrat Nyýazowyň beýlekilerden aýratyn bir tarapy onuň özgeleri özüne çekijiligidir. Bu adamyň şahsy mylakatlylygy ýolbaşçyda seýrek duş gelýän üýtgeşik bir sypat. Onuň pälipesligi özüne derrew öwrenişdirýär». Hawa, milletiň lideriniň şeýle şahsy sypatlara eýe bolmagy guwanç duýgusyny döredýär. Sebäbi halkyň ykbalynyň onuň öňüne düşýän adamyň adamkärçilik sypatlaryna köp derejede baglydygyny biz taryhdan göre-göre gelýäris. Lider bilen baglanyşykly iň ownujak zatlaram halkyň taryhy durmuşynda uly faktorlara öwrülip gidýär. Herhal, Saparmyrat Nyýazowyň döwleti syýasatynyň fonundaky keşbi-de türkmen okyjysyna gaty gyzykly. Çünki bu günde-günaşa bolup geçýän durmuş proseslerine oňat düşünmäge ýardam edýär. Onsoňam biziň döwletimiziň real geljegi barada oýlanmaga esas berýär. «S.A.Nyýazow biziň göz öňümizde güýçli şahs hökmünde, halkara giňişliklerinde hormatlanýan dana syýasatçy hökmünde özüni tanatdy. Şunuň bilen birlikde onuň başga bir tarapyny – ynsanperwerligini belläp geçmek bize has-da ýakymlydyr. Şu ynsanperwerlik biziň Prezidentimiziň öz halkynyň milli geçmişine, onuň taryhyna bolan garaýşynda has-da oraşan ýüze çykdy». 1993-nji ýylda Berdinazar aga şeýle sözleri ýazypdy: «Tutuş bir ýurt beýlede dursun, eýsem bir öýe-de kollektiwleýin ýolbaşçylyk etmek mümkin däl. Günäni bir-biregiň üstüne atmak aňsat, ähli garamaty öz boýnuňa almak welin kyn. Saparmyrat Nyýazow ýurduň günäsini, sogabyny öz boýnuna alyp, hem-ä mertlik etdi hem-de iňňän dogry etdi». Eger hudaýtarapyn serdarlyk ukyby, alamaty bolmadyk bolsa, adamyň beýle jogapkärçilige ýüz urup bilmejegi düşnükli zat. Şahyr hökmünde Berdinazar agany täze kemala gelýän türkmen jemgyýetiniň ahlak keşbi, ahlak ýörelgeleri gyzyklandyrýar. Şahyryň döredijiliginiň ömürboýy şeýle kyn, jana-jan zerur ugurdan işläp gelendigini ýatlalyň. Ahlak hem ahlaklylyk Berdinazar şahyryň döredijiliginiň esasy temalarynyň biri bolupdy. Ruhy garaşsyzlyk halkyň asyrlarboýy gollanyp gelen ahlaky ýörelgelerine dolanmagyna sebäp boldy. Synpy ideologiýadan umumadamzat, umumymilli gymmatlyklara geçilmegi täze tipli ahlagyň kemala gelmegine oňyn şert döretdi. Berdinazar aga şu hili öwrülişigiň hatda biziň dilimize-de täsir edýändigini belläp, känbir göze ilmeýän şu faktlary agzaýar: «Men uzak ýyllarboýy gepleşikden galan ýa-da galaňkyrlan sözleriň käbirini mysal getireýin: rehim-şepagat, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik, şükür, toba, sogap, para-sadaka, sünnet, biribar, perwerdigär… Siz bularyň her birini agzanyňda kalbyň birhili ýylaýandygyny, ýumşaýandygyny syzýýarsyňyzmy?» Halypanyň juda synçylygyny görkezýän şeýle faktlardan aşakdaky ýaly düýplüräk netije çykarmak mümkin: dil milletiň esasy görkezijileriniň biri diýlip tassyklanýar. Şeýle bolsa, türkmen diliniň içki taýdan özgerýändigi häzir täze tipli bir milletiň kemala geliş prosesiniň esasy görkezijileriniň biridir! Häzir kemala gelýän türkmen jemgyýetiniň ahlak keşbi hakda oýlanyp, halypa şeýle ýazýar: «Eger-de bazar şertlerinde adam arassalanman, gaýtam bihaýalaşsa, halallyga gol bermän, haýtam haramylyga ýykgyn etse, bu bize, edebiýatyň adamlaryna juda ýokuş deger. Dogrymy aýdaýyn, men bu meselede howatyrlanman duramok… Ýöne baýlyk hem halal bolsa ýagşy. Ynsapdan çykylyp edilen zady şahyr goldap bilmez. Durmuşyň ykdysady tarapy baýlaşyp, ahlak tarapy garyplaşsa, sazlaşyk bozular. Sazlaşygyň bozulan ýerinde bolsa kadaly durmuş ýok». Hawa, şahyr ömürboýy gulluk edip gelen ahlak ideýalaryna daýanýar. Täze döreýän jemgyýetiň ahlak ýörelgeleriniň asyrlarboýy gollanylýan ahlaga laýyk bolmalydygyny nygtaýar. Berdinazar Hudaýnazarow Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygy hökmünde ýazyjylaryň geljegi barada-da köp pikir edipdi. Ýazyjylar birleşiginiň ykbaly hem üns bererliklidir weli, bu oýlanmalarynda meni, esasan, Garaşsyzlyk zamanynda ýazyjynyň ykbaly, borjy, hukugy gyzyklandyrýar. Bu meselede Berdinazar aga şeýle pikirleri öňe sürüpdi: «Garaşsyzlyk dörediji adama juda ýakymly ýagdaý bolsa-da, ol ýazyjynyň işini ýeňilleşdirip bilmez, ajaýyp kitaplary döretmek hergiz aňsatlaşmaz. Garaşsyzlyk gözel eserleriň döredilmegine diňe ýol açýar, mümkinçiligi giňeldýär. Ol ýazyja daşyna çyzylan çyzykdan çykmaga, örüsini giňeltmäge, çuňluklara çümmäge, islän gatlaklaryna aralaşmaga mümkinçilik berýär. Ýöne, öňrenişilen galypdan çykmanyňam işi bar bolsa gerek. Mesele biziň pikir edişimizden has çylşyrymlyrakdyr, ol täze bir ruhy ýagdaýa geçmekden ybaratdyr». Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |