07:27 Berdinazar Hudaýnazarow -6: Gazaply ýyllarda ýaşalan mekan | |
BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW
Edebiýaty öwreniş
▶ 6: Gazaply ýyllarda ýaşalan mekan Berdinazar Hudaýnazarow «Ömür kitabynda» intellektual durmuşa – döredijilikli durmuşa Kerki (häzirki Atamyrat) şäherinde başlandygyny ýatlaýar. Uruş ýyllary, ondan soňky ýyllarda şahyryň ýetginjekligi şu ajaýyp ýerlerde geçýär. Şonuň üçinem Gyzylaýak obasy, Kerki şäheri şahyryň ömrüniň möhüm bir sahypasy bolup galypdyr. Ýazyjy «Ömür kitabynyň» sahypalarynda o sebitleri mähir, minnetdarlyk bilen ýatlaýar. B.Hudaýnazarowyň şahyrlyk hakydasyny özünde saklaýan döredijiliginiň içi bilen seýil etmek lezzetli. Sähel zada bozulyp duran ýuka şahyr ýüreginiň gürsüldisi seniňem kalbyňda näzikligi, säheriň terligini hem geçmişiň inçe owazlaryny oýarýar. Şahyr hakydasy gatlak-gatlak gatlama ýaly bir zat. Hudaýnazarowyň şahyr bolmagynda, eline galam almagynda Lebap aýratyn täsir edipdir. Sebäbi adamyň umumy psihologik-ruhy ösüşinde ýetginjeklik aýgytly döwür. Üstesine, Berdinazar Hudaýnazarowyň iliňkä meňzemeýän ýetginjekligi, şahyr ykbalynyň ýetginjekligi bolupdyr: kakadan aýra düşensoň, birden jahyl çykmak, uruş, ýetimlik… Bu zatlar Lebabyň goýnunda bolup geçipdir. Ýazyjynyň «Akar suwuň aýdymy» romanynda Lebap tebigaty şeýle bir suratlandyrylýar weli, kitaby bir gapdalda goýup, şol waspy ýetirilýän tebigatyň içine girip gidesiň gelýär. Girip gidýärsiňem, asyl. Men romany kitap bolup çykaýan uçurlary okapdym. Roman proza bilen ýazylan hem bolsa, ol, meniň pikirimçe, proza bilen ýazylan poeziýa. Ol poeziýa seni bada-bat özüne imrindirýär. Şol imrindirme bilen baglanyşykly bir waka ýadyma düşýär. Leningradda birki sany galyň kitabyny çykardyp, SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň agzasy bolup gelen Akmyrat Şir bir gezek maňa: – Osman, maňa Berdinazar Hudaýnazarowyň «Akar suwuň aýdymy» romanynyň türkmençe kitabyny tapyp bersene. Men onuň Moskwada çykan terjimesini okap gördüm. Şonda türkmençesini okamak höwesi döredi. – Näme üçin? – diýip, men sowal berdim. – Lebaby şeýle bir suratlandyrýar welin, men onuň beýan edýän topragyna aýaklaýaňaç aýlanasym geliberdi. Ine, ýazyjynyň gudraty şu. Onsoňam ol romanyň iki aýratynlygyny aýdaýyn. Birinjisi-hä, Amyderýa suwa düşýän Almagüle, ynanaý, hakyt aşyk boldum. Ikinjidenem, Aňkar aga meniň edil kakama meňzeýär. Onuň daş keşbem, edim-gylymam, pähim-paýhasam kakamyňka gabat gelýär. Aňkar aga kakamyň prototipi ýaly bolup dur. Men Akmyrat Şire «Akar suwuň aýdymy» romanyny tapyp berdim. Birki aýdan soň ol roman barada şeýle diýdi: – Şireli-tagamly ýazmagy Berdinazar Hudaýnazarowdan öwrenmeli, dost. Lebaplylar şeýle ýazyjynyň öz topragynda ýaşandygy üçin Allatagaladan müň keren razy bolmaly. Sebäbi Lebaby keramatly toprak hökmünde şeýle täsirli beýan etmegi Rehmet Seýidowdan soň Berdinazar Hudaýnazarow başarypdyr. Men «Akar suwuň aýdymy» romany hakda ýazylan ençeme synlary, makalalary okadym. Şol makalalarda romanyň lirizmi hakda köpräk gürrüň edilmegini isledim. Ýöne edebiýatçylar romanyň obrazlaryna, gozgalýan möhüm problemalara aýratyn üns berýärler. Eger şol roman hakda bir zat aýtmaly bolsa, onda men, ilki bilen, romandaky lirizmi nygtardym. Şu ýerde B.Hudaýnazarowyň prozasyna mahsus bir aýratynlygy belläýin: BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW HÄZIRKI ZAMAN TÜRKMEN PROZASYNA LIRIZMI GETIRDI. Ýazyjynyň «Gumlular» romany gyzgyn garşylanypdy. Men roman çykanda mekdepde okaýardym. Romany mekdebimizde okuwçylar biri-birinden öň okajak bolup çalyşýardylar. Roman bolsa sanalgyjady. Romanyň wakalary bize golaý ýerde – Astanababa obamyzdan otuz-kyrk kilometrlikde tutly Gyzylaýakda bolup geçýän wakalardy. Obamyzyň käbir adamy romandaky gahrymanlaryň köpüsini tanaýandygy bilen öwünýärdi. Romanyň gahrymanlaryny tanaýan adamlara gözümiz gidýärdi. Her baharda ýüpek gurçugyny idedýärdik. Gurçuga tut ýapragy köp gerek bolýardy. Şonuň üçin gurçuk uly ukudan turandan soň obamyzyň adamlary üýşüp, birki maşynly Gyzylaýaga giderdi. Sebäbi Gyzylaýak obasynda tut biçak köpdi. Men şonda bir gezek tut ýapragyny getirmek üçin däl-de, «Gumlular» romanyndaky waspy ýetirilýän tebigaty, ýerleri görmek üçin gidipdim. Her bir tutda ussat ýazyjynyň elleriniň yzy bar ýaly duýlupdy. Şonda «Gumlularyň» awtory ýaly ýazyjy bolmagy arzuw edipdim. «Gumlularyň» awtory bilen duşuşyp, gürleşip bolar diýen pikir bolsa aňyma syganokdy. Ýazyjy bolmak pikiri, megerem, tutly Gyzylaýaga tut ýapragyny almaga gidenimizde dörändir. Biziň Astanababa obamyzyň adamlary gaty okumyş. Her bir daýhan, çopan edil edebiýatçy alym ýalydyr, bir ýazyjynyň adyny tutsaň, onuň nähili eserleriniň bardygyny, haýsy gahrymanynyň nähili güne düşendigini saňa aýdyp berer oturar. Ýazyjy bolup, olaryň okan eserlerini doly okamandygyňa gynanarsyň. «Gumlular» romanyndan soň N.Jumaýewiň «Welaýat», «Jeýhun» romanlaryny-da elden-ele geçirip okapdylar. Ýöne şol romanlardan soň obamyzda şeýle gyzgyn garşylanan roman bolmady. B.Hudaýnazarow «Gumlular» romany üçin Magtymguly baýragy bilen sylaglanypdy. Şonda obamyzyň okumyş adamlary şol baýrak hut öz obasyna, özlerine berlen dek begenipdiler. Men B.Hudaýnazarowyň «Saýlanan eserlerinden» Lebap bilen baglanyşykly goşgulary okap çykdym. Ol goşgularyň galabasy ýatlama äheňinde ýazylypdyr. Şu hili žanr tebigaty köp zady öňünden kesgitleýär. Geçen günleri ýatlamagyň süýji hasraty bar. Bolsa-da ýaşyň birçene baryp, jahyllygyňa dolanmak lezzetli zat. Şol goşgularyň özboluşly mikroklimaty okyjy kalbymy heýjana salýar. Men şu ýerde Hudaýnazarowyň duýgularyň şahyrydygyna ýene bir gezek akyl ýetirdim. Duýgular ýatlama yzasynyň hasabyna örňeýär. Tanyş depe basyrnypdyr ýene-de Gyzyl gülälekdir göm-gök ot bilen, Men bu ýerde dostlar bilen duşuşyp, Garsa gujaklaşdym tebigat bilen. Hakydanyň jümmüşindäki ýaň bu ýerde türkmen milli ýaşaýyş obrazyny aňladýan söz düzümi arkaly ýüze çykarylýar. Garsa gujaklaşmak! Türkmen juda seýrek halatlarda garsa gujaklaşýar. Onda-da Hudaýnazarow ýaly epeý hem agras kişiniň beýdip ýörmegini göz öňüne getirmek kyn. Türkmen diňe gaty ýürege ýakyn adamlaryny, özem örän köp wagtdan, aýgytly wakalardan soň gabat gelişende garsa gujaklaýar. Şeýle söz düzüminiň ulanylmagy şahyra Lebabyň näderejede ezizdigini görkezýär. Tebigat şahyryň ýaşlygyny özüne siňdiren giňişligini aňladýar. Şahyryň tebigat diýýän predmetleýin aňlatmasyny derňewçi okyjynyň diline terjime etseň, şahyr ýaşlygy bilen gujaklaşýar. Ýaşlyk – wagt, tebigat – giňişlik. Şygryň teýinde ömür – munuň özi wagtyň giňişlige siňmegidir diýen pikir ýatyr. Hut şonuň üçinem, şygyr şeýle mazmun bilen jemlenilýär: Dostlar bilen ümmüldeşip bu ýerde, Ysgaşyp durun men tebigat bilen, Asly çäkli ömrüň beýle pursadyn Deň görýärin başa gonan bagt bilen. Şahyryň goşgularynda Lebabyň tebigy aýratynlyklaryny aňladýan detallara köp duş gelmek bolýar. Tut, söwüt, sülgünli jeňňeller – munuň özi şol ajap mekanyň gaýtalanmajak gözellikleri. Belki, Hudaýnazarowda şahyrlyk duýgularynyň açylmagyna, talantyň oýanmagyna şol köp dürlülik, reňbe-reňlik hem köpowazlylyk sebäp bolandyr?! Aslynda ýalazy, gyňyr, bikeşp mekan şahyrana kalby kemala getirip bilmese gerek. Şahyryň Lebap goşgularynda derek ýönekeý detallykdan ösüp, tutuş bir obraz derejesine ýetýär. «Goşa derek», «Gün» diýen gowy goşgulary tebigatyň gözelliklerini inçelik bilen wasp edýär. Şahyryň baryp 1974-nji ýylda ýazan «Goşa derek» atly makalasyndaky şu setirleri okap görüň. «On iki – on üç ýaşly oglan-gyzlar bolup, obanyň alkymyndaky bu goşa deregiň astyna üýşüp, arzuwlara gümra bolan aýly agşamlarymyzy ýatlanymda, meniň onki süňňüm syzlyp gidýär! Belki, bu – ýaşyň birçene baryp, indi ol günleriň hiç haçan dolanyp gelmejekdigini duýýanlygymyz üçindir. Belki-de, bir obada önüp-ösen şol oglanlyk ýoldaşlarymyzyň ençemesiniň eýýäm dünýäde ýoklugy hakynda pikir edýändigimiz üçindir. Her näme-de bolsa, bu duýgynyň sentimentallykdan gelip çykmaýandygyna meniň gözüm ýetip dur. Tebigatyň bize biparh, duýgusyz ýürek bermändigine müňde bir minnetdardyrys». Şol goşa derekli hakykat birnäçe gowy goşgularyň, gussasy şirin goşgularyň döremegine material bolupdyr. Goşa deregiň çapylmagy diňe tebigat ekologiýasyna däl, iň erbet ýeri, ynsan kalbynyň ekologiýasyna öwezini dolup bolmajak zyýan ýetiripdir. Kim näkes çoýundy bulaň oduna, Kim bulaň düýbünden saldy paltasyn?! … Guran goşa teňňe goşa mazar dek Garalyp dur, ine, çykarman sesin. Şahyrana kalpda dörän şeýle gussaly, has dogrusy, tragiki obraz hasratyň ölçeg daşy bolup görünýär. Goşa deregi paltalan adam diňe iki sany agajy aýryp oňmandyr, ol şol ýerde gülüp-oýnan ýetginjekleriň ömrüniň bir bölegini-de jaýlapdyr. Şu topar goşgularda ömrüň ötegçiliginiň äheňi, indi dünýäniň özüniňem ötegçiligi – tebigatyň ýoga çykyp barşynyň äheňi bilen utgaşyp, iki owazly hesreti emele getirýär. Berdinazar aga «Güýz» atly şygrynda Lebabyň ak derekleriniň arasynda gezmeläp ýörkä kalbynyň çarçuwasyna düşen owazlary beýan edýär: Bakýan. Köne ýola bakýan. Biri geljek ýaly hökman, Yz-yzyna çilim çekýän Ak derekleň arasynda. Ýatlamalar kalby gyýýar, Ýürek aglamaga taýýar… Men häzir okalan bentleri ýöne ýere mysal getirmedim. Bu gussa ýaşlygyň alysda galanlygynyň aýdymymy ýa-da… anyk bir wakanyň hasratymy? «Güýz» goşgusyndan soň «Söýgi mukamy» atly goşgusyny okap bir hakykatyň üstünden bardym. «Güýz» hem «Söýgi mukamy» şygyrlary şahyryň ilkinji söýgüsi hakyndaky şygyrlary eken! Hawa, şahyryň gizlin syry! Ilkinji söýgüsi! Muňa goşgulary bilen içgin tanyşsaň, diňe tanyşsaň däl, olary içgin öwrenseň, düşünip, duýup bolýar. Şahyryň «Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar» diýen setiri dagy asyl gürrüňiň bütinleý dokumentallygyna güwä geçip dur. Ine-de, arzyly setirler: Ah, aslynda ýygra bolmasyn ynsan, Pyşyrdym goşa ak derekde galdy. Ana, goşa derekli hasrat ahyry özüniň anyk gözbaşyna gelip diredi. Ine, gussalaryň anyk sebäpkäriniň oturan ýeri. Belki, başga bir derek çapylanda ony adamyň duýmazlygam, ýürek paralap gyýylmazlygam mümkin. Ýöne kalbyňda öçmejek yz galdyran ýerleriň, zatlaryň üýtgemegi derrew kalbyňy lerzana salýar. Emma durmuşda onuň ýaly pursatlar az bolýarmy näme?! Onda-da şahyr durmuşynda. Şol lerzana salmalar esasynda şahyr bolunýar-a! Şygryň tebigaty gaty inçe, köpmanyly: bir görseň, ak derekleriň arasynda aşyk-magşuklar gezip ýör, bir görseňem, ak derekleriň özem aşyk-magşuklar bolup dur. Şeýle üýtgeşikligi, öwrülip-çöwrülmesi bilen adam aňynyň döreden sungaty, bir tarapdan alanyňda, ol üýtgeşiklikden mahrum real dünýäden has artykmaç. Goşa derekli wakadan soň, «Senewer», «Igde gülleýän çagy», «Gämi duralgasynda» ýaly şygyrlaryň hasraty maňa has tanyş, ýakyn. «Igde gülleýän çagy» atly goşgynyň mazmuny her gezek üýtgeşik täsir edýär. Ýüregiňi awadýar. Bu goşgyny dolulygyna getirmek düşnükli sebäplere görä kyn. Beýle üýtgeşik şygryň käbir bentlerini kesip alaýmagam jandaryň synasyny kesenden enaýy däl. Her niçigem bolsa, goşgynyň döreden häzirki täsiriniň güýçlüligi, aýtmak isleýän pikirimiň has düşnükli bolmagy üçin, goşgyny aşakda dolulygyna mysal getirmegi makul gördüm. Diýýärler Lebapda igde gülläpdir, Alyslardan aldym eýýäm ysyny. Bu habar ýadyma saldy şu mahal Garyp obamyzyň Sarygyzyny… Indi başga oba çykar Sarygyz, Onsoň şol obaly bolar-da galar. Şeýdip, arzuw orlan ot ýaly gurar, Şeýdip, assa-assa undular Garly. Başga adam bilen ysnyşar gider. Nätanyş bir adam bile höwrüger. Onsoň aý, ýyl geçip ýene bir mahal Myhman bolup, bu ýerlere öwrüler. Görjek bolar bu atyzlaň içinde Ulugyzka basan aýak yzyny. Şonda şemal alyp geler birdenkä Sary gülli ak igdäniň ysyny. Tanyş ys tanyş bir sese öwrülip, Gözlerin ýumanyn duýmanlar galar. Bir görse, dünýäde ne-hä uruş bar, Ne-de ak igdeleň astynda Garly. Bir obada hiç bir zat göze ilmez, Tomsuň güni ýaly dymar ol, bilýän. Ahyrsoňy seslener öz içinden: «Gör, nähili eken takdyr diýilýän?!» … Lebapda ýene-de igde gülläpdir, Bezeg berip Hojambaza, Halaja, Ýöne öňki ýerde şol igdeler ýok, Ýok, arman, dünýäde Sarygyz eje!.. Berdinazar şahyryň Lebap goşgularynda dokumental-biografiki maglumatlaryň poetiki hasraty bar. Bu ýerde aýal atlary köp duş gelýär. Şahyryň aýal dogany Gülle, garyndaşy Ýalpyl eje, Sarygyz. Men şeýle edebi faktologiýanyň anyk biografik esasynyň bardygyny gördüm. Şahyryň ýatlamasyndan: «Takdyryň emri bilen ýokary Lebap, has takygy Gyzylaýak raýony bilen Kerki şäheri meniň ýaşlygymyň mekany bolup galdy… Galyberse-de, ejemi şol toprakda jaýlamaly bolduk. Bu ýagdaýlar meni Lebap bilen mäkäm baglanyşdyrýar». Her bir adam üçin onuň ýakynlary bilen baglanyşykly mukaddeslikler bolýar. Halkyň söýgüsini gazanan şahyrlar üçin şeýle mukaddeslikler olaryň okyjylary üçinem mukaddeslige öwrülýär. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |