19:34 Berekella, Sagadat partiýasy | |
BEREKELLA, SAGADAT PARTIÝASY
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Bukjany açdym. Şeýle bir geñ galdym, şeýle bir begendim welin, söz bilen beýan edip bilemok... Žurnalistlere dürli-dürli sowgatlar gelýär. Ýöne bular ýalysyny birinji gezek görýärin: Ýigrimi sany kiçijik neýlon pakediñ içinde nämeler ýokdy: alty sany ýerli garpyz tohumy, bäş sany günebakar tohumy, dört sany kaştan kädisiniñ tohumy, iki sany lif kädisiniñ tohumy, alty sany suw kädisiniñ dürli-dürli tohumy, bäş sany ýerli hyýar tohumy, alty sany bal kädisiniñ dürli-dürli tohumy, 8-11 sany bezeg kädisiniñ dürli-dürli tohumy… Hersinden ýigrimi sany Urfa bolgarynyñ tohumy, ak noýba tohumy, iri gyzyl pomidor tohumy, şekerçiñrik tohumy, reñkli mekgejöwen tohumy, bamiýa tohumy, reýhan tohumy, tikenli hyýar tohumy, günorta gawunynyñ tohumy, barhat gülüniñ tohumy, ýerli mekgejöwen tohumy… Bulary maña ugradan kişi Sagadat (Saadet - SP) partiýasynyñ Stambul boýunça etrap başlygy Ömer Faruk Ýazyjydy. Hatynyñ ýokarsynda şeýle setirler bardy: "Nesilden nesile iñ uly sowgat - bir million sany ata tohumy..." SP-nyñ Stambuldaky bölümi şeýle asylly işiñ başyny başlapdyr: gerek diýene bir million sany ata tohumyny mugtuna berýärler... • HATYNDA DIÝÝÄN ZADY Sagadat partiýasynyñ etrap başlygy Ömer Faruk Ýazyjy milli ekerançylyk maksatnamasy üçin hatynda şeýle diýýär: – Bilşiñiz ýaly, ata tohumy; genetikasy üýtgedilmedik, haýsydyr bir laboratoriýa şertinde sozulma uçrap, DNO düzümi bozulmadyk, ýokary ýokumy we iýmitlendiriji gymmaty gaçyrylmazdan hasyly alnan tohumlardyr. Bu tohumlar hasyllylygyny ýitirmändigi üçin köpeliji we dowam ediji aýratynlyga eýedir... - Dünýäde we ýurdumyzda soñky döwürlerde giñden ýaýran GMO-ly gibrid ýa-da bir görnüşli tohumyñ mejbury şerte getirilmegi birnäçe saglyk problemasyna, iýmitde baknalyga we açlyga sebäp bolýar. Hut şonuñ üçinem atalyk tohumlary ulanmak derwaýysdyr... - Import tohumyñ ýerine öz tohumlarymyzy ýetişdirmegi we köpeltmegi maksat edinýäris. Telekeçi daýhanlarymyzy we ýurdumyzyñ ekerançylygyny başga ýurtlara hem-de global şereketlere garaşly ýagdaýa getiren maksatlaýyn kwotalaryñ ýatyrylmagyny talap edýäris. Tebigy çeşmeleriñ azalan dünýäsinde geljekki nesillere ýaşar ýaly has ýaramly dünýä miras galdyrmak üçin organiki ekinçiligi we tohumlaryñ erkin aýlanşygyny goldaýarys… - Ata tohumynyñ gymmatyna ünsi çekmek, geljekki nesillere ýetirilmegine we peýdalanyşynyñ artdyrylmagyna goşant goşmak üçin siziñ bilen paýlaşan tohumlarynyzyñ bereketlenip, köpelmegini tama edýärin… • HAÝP DÄLMI Sagadat partiýasyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. "Gizlin elitalar" (“Saklı Seçilmişler”) kitabymda Turgut Özal bilen başlan daşaryk garaşly ekerançylyk syýasatynyñ ýurdy ne güne düşürendigini detallary bilen ýazypdym. Gynansak-da, şeýle syýasaty gelen her hökümet dowam etdirdi. Iñ uly etmiş bolsa AKP hökümetine degişli! Emma taryhyñ lentasyny has yza saratmak isleýärin, şumat 2006-njy ýylda çykarylan 5553 belgili "Tohumçylyk kanunyny" agzabam durjak däl... Sanaýmalyja adam, raýat-jemgyýetçilik guramalary uly göreş alyp bardy. Durmuş biziñ haklydygymyzy görkezdi. Indi AKP hökümeti-de "ýerli-milli ekerançylyk" sözüni agzamaga başlady. AKP-de öñki ministr Faruk Çeligiñ bu syýasatyñ döremeginde hyzmaty uly boldy. Galyberse-de, Emine Erdoganyñam... Hakyny iýmäliñ, syýasatda "döwlet ekerançylyk syýasaty" üçin tapawutlylyk döreden şahslaryñ başyny Kemal Kylyçdarogly çekýär. JHP-niñ ekerançylyk boýunça hünärmen deputatlarynyñam adyny tutup geçsek gowy bolar: Gökhan Günaýdyn, Orhan Sarybal, Okan Gaýtanjyogly, Fethi Ömer Gürer… MHP-niñ resmi saýtyna seredenimizde, milli ekerançylyk syýasaty boýunça makalalara duşmak bolýar. Şol makalalar esasan DSP-ANAP-MHP koalizasion hökümeti döwründe gol çekilen ekerançylyk hususylaşdyrmak işleri barada ýazylan tankydy synlandyr. Aýdyşym ýaly, düýnki güne baglanyp galasym gelenok, ýalñyşlyklardan sapak almak mertlikdir. Hemişe şuny aýdýaryn: Döwlet ekerançylyk syýasatynda partiýalaryñ el-ele berip bir maksat üçin işlemegi begendiriji ýagdaý. Çünki tohum syýasaty düýbünden özgermeli. Şeýle: Türkiýe müñlerçe kilometr daşlykdaky ABŞ-dan süýji mekgejöwen, gibrid mekgejöwen, jöwen, gyzyl bugdaý, bugdaý-çowdary gibridi, pagta, gabyksyz nohut, gabyksyz noýba, noýba, süle, soýa, gawun, garpyz, şeker şugundyry, klewer (yonca), gyzyl çaýyr otlary, kentukki mawy oty, bolgar, italýan ýeroty, iñlis ýeroty, poa sortly ot, sorgo, beýleki iýmlik ösümlikler, suwoty (травянистые растения), salatlyk şugundyr, gyzyl şugundyr kädi, hyýar, sogan, käşir, kelem (marul, латук посевной), reñkli kelem (karnabahar), petruşka, ysmanak, bolgar, pagta, turp, temmäki, pomidor, bürünç, günebakar we beýleki tohumlary satyn alýar. A Ysraýyl, Gollandiýa ýaly beýleki ýurtlar? Haýp dälmi? Hernä indi aklymyza aýlanyp ugrandygymyzy görkezýän ädimler ädilýär. Ne ajap. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |