11:32

Bes ediñ indi!

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 367 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Haweran  
411
Birwagtlar tamdyr dolusy edip bişirilen çörek bir uly hojalyga bir hepdä, 10 güne dagy ýeterdi. (Indi bir tamdyr çöregi üç günde iýip gutaryp bolýar). Tamdyrda çörek ýapýan enelerimiziñ eliniñ (barmaklaryny çekip) yzyny goýup bişirýän süýnmek ("penje çörek" diýerdik) çöreginiñ ýa-da Güne meñzeş tegelek çörekleriniñ tagamy-da başgady, berýän güýç-gurbaty-da... Gapdalyndan biz ýaly çapydyklap ylgap ýören çagajyklara äbermek üçin birküç sanyja hamyryna ketekdäki elin ýumurtga we gapysyndaky maldan elin saglan süýde ýugrulyp bişirilen kiçijik külçejikler dagy biziñ üçin dünýäniñ iñ uly sowgadydy...
"Öz ejemiñ" ýa "öz enemiñ bişiren çöregi" diýip, başga öýüñ çöregini iýmelidirem öýtmezdik. Indi her ýeteniñ elinden çörek satyn alyp iýmeli boldy...

* * *

Onçakly daşda-da däl, ýañy-ýakynlardady... Çaga wagtym, çalarak ýadyma düşýär. Obanyñ ýokarsyndan Sumbaryñ öñüne bent gurup, alynan ýabyñ suwy obanyñ ortasyny kesip geçerdi we ýapaşak ýerde gurlan suw degirmeniniñ üstünden guýardy (ol ýerdenem ýene aşaklygyna Sumbara guýardy). Şol degirmende bugdaý üwelip, un edilerdi. Garrylar şol degirmende üwelen undan bişirilen çörekden başga ýeriñ çöregini iýmezdiler. Birdir-ýarymdyr obanyñ döwlet dükanyna örän seýrek ýagdaýda "ors çörek" diýilýän buhankalar gelse, ýek-tük käbiri tamdyrda çörek bişirmäge ýaltanyp, çagalaryna şol buhankalardan iýdiräýse dagy, geñ görlerdi. Umuman, "ors çörek" şäherlileriñ, şäherde ýaşaýan we elinden iş gelmeýän aýallaryñ iýýän çöregi hasaplanardy. Aşgabadyñ soñ ýykylyp aýrylan "8-nji mart", "Gaža" ýaşaýyş massiwlerinde ýaşaýan ildeşlerimiz-ä ýañy-ýakynlara çenlem gapylarynda tamdyra bişen çörek iýýärdiler...

* * *

Häziriň çöreklerini iýeniñ bilen doýranogam. Bir oturanda bir çöregi lak-luk atsaňam doýañok, gaýtam ýene iýesiň gelýär, bir salymdan ýene ajygýaň. Çörek dükanlaryndan nobata durup satyn alýan çöreklerimiziňem göwrümi kiçelip, agramy ýeñläp, bahasy-da şol ulalyp gidip oturşy..
Öňler eliň aýasynyň ýarsy ýaly çöregi bir pomidora ýa dört barmagyň ýarsy ýalyja gowurdaga ýanap iýseň, garnyň doýýardy. Günüň dowamynda başga huruş küýsemeýärdiň. Indiki pomidorlaram çagaň oýunjagy ýaly. Ilki mala berilýän "kormowoý" pomidorlar ýaýrady. Birwagtky goşaýumruk ýaly gülgüne pomidorlar ýitdi. Yzyndan "kormowoýlar" hem ýitirim boldy, toprakdan, suwdan, Günüň şöhlesinden binesip, gury betonyň üstünde, ýörite getirilen himiki dökün garyndyly toprak salnan kotelokda ýetişdirilýän teplisalaryň (ýyladyşhanalaryň) pomidorlaryny iýýäs. Olarda ne tagam bar, ne tagsyr... Edil ýöne karton kagyzyny, gury ýapragy gemrip duran ýaly duýýaň.

* * *

Arada bir tanşym gabatlaşanda, "dişlerimiň eti ganaýar, nämedenkä?" diýsem, "parnigiň hyýar-pomidoryny iýýýäňmi?" diýýär. Baş atdym (iýjek däl diýeňde, obalarda hyýar-pomidor ekýän daýhan galdymy, indi obalaram teplisalarda ýetişen gök önümleri satyn alyp iýýärler) welin, dişiň etini ganadýanam, süýjüli diabet kesellerini gozgaýanam himiki usullarda ýetişdirilýän gök önümlerdigini, hatda şeýle hyýar-pomidory iýip, süýji keseli gozgap aradan çykan birnäçe aýal-erkegi bilýändigini aýtdy (soñky ýyllarda süýji keselliler, süýji diabetiniñ derejesi durnuksyzlaşyp, yzygiderli ýokarlanyp-pese düşüp duran adamlar görlüp-eşdilmedik derejede köpeldi, yaşlaryñ arasynda-da az däl).
Gynansak-da, bularyň statistiki görkezijilerini jemleýän, şeýle hadysalaryň sebäplerini öwrenýän, çykalgasyny, oňyn çözgütleri salgy berýän ykdysatçylar, oba hojalygyny öwreniji alymlarymyz bizde ýok.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]