00:43 Betbagtyñ dünýesi / powest | |
BETBAGTYÑ DÜNÝESI
Powestler
Maşynlar hazzynlaşyp başlady. Işanberdi usulluk bilen turdy-da, eginlerini, boýnuny sag eli bilen göwünli-göwünsiz owkalady. Penjirä tarap seretdi. Gündogar ýagtylyp gelýärdi. Ol hyklaýanyny bildirmejek bolup, ýerinden turdy. Biş-düş edilýän otaga bardy-da gaz ojakda alýumin çäýnegi suwdan dolduryp oturtdy. Soň aýak ýoluna çykdy. Ol päklenip, namazlygyny ýazyp, namazy berjaý edip bolandan soň, çalaja ýylgyryp goýberdi. Onuň göwnüne bolmasa bu gün bu gün däl-de, düýnki säher ýalydy. Düýnem şeýdipdi, öňňünem, aslynda ol özüni bileli bäri şol bir gün gaýtalanýan ýalydy. Ol çaý demläp durka-da, saçak ýazyp, käsesine birki çemçe gant guýup, çöregi bilen hurş edinip otyrkada şol pikri undup bilmedi. Aslynda onuň erbet gylygy bardy. Ol bir işi etjek bolsa, ilki bilen hyýalynda ony edip görýärdi. Soňra özi giderdi. Elbetde, onuň göz öňüne getirişi ýaly bolmaýan wagtlary kän bolýardy. Onda-da iki ýadamak onuň maňlaýyna ýazylan bolara çemeli. Tylla-da turdy. Ol siltenjiräp gürledi. – Şakyrdap geçdiň, şakyrdap galan. Dynç güni bir ýatsaň bolanokmy, hudaý diýip. Ne özüň ýatýaň ne ili ýatyrýaň. Işanberdi saçagy ýygnady. – Il ýog-a. Ile azar beren barmy? Il ýog-a. Äriniň bu sözi Tylla gepbaşy boldy. – Hawa, seniň üçin mukaddes zat ýok. Özüň gördüň-ä, oňurgam agyryp, gijesi bilen ýatyp bilmänimi. Ýaňy irkilen ekenim. Seniň şakyrdyňa alla-niçiksi bolup oýandym. – Oýanma. Oýanmadajyk ýat. Saňa azar beren bolmaz. Hany, azar beren bolsun. Tylla äriniň sözüne odukdy. – Men bir oýanansoň ýatyp bilýänmi näme. Sen deýýus. Sen şony, meniň wawwaly ýerimi bilýäň. Şol wawwa basýaň. Ine, basym menden dynarsyň. Ýeriň giňär şonda... Işanberdi çaý içen çäýnegini çaýkady-da, penjiräniň öňündäki tekjede goýdy. Saçagy jama saldy-da, burça itip goýberdi. Ol ýatmaga gidip barýan aýalynyň yzyndan garady-da. – Eý, Allam, bir tupanyma sowuň-ow – diýdi. Emma aýaly ýene dolanyp geldi. – Men ölerin, onsoň Sona däli ýaly, ente-de ýör. Seniň towguňa «tok» diýjek bolmaz. Işanberdi sesini çykarmady. «Aý, görgüli erbedem däl-le. Ýöne ýaşlygyndan tikin maşynyň başyndan turman, oňurgalary süýşen-dä. Indem olar ony iýip barýar-a, iýip barýar. Nätsin...» Ol ýatylýan otaga girdi-de düşegini düýrleşdirdi-de, ýüküň üstüne atdy. Ýassygy töre taşlady. Tylla ýatylýan bir adamlyk krowatda çäşerilip, gözüniň üstüne agyr goluny goýup ýatyrdy. Işanberdi arkaýynlaşdy. Ol nahar-şor bişirilýän otaga girip, ortarada süýndi. Onuň hiňlenesi geldi. – Heý-heý, beýik daglar beýikligiňe, heý beýikligiňe, he-eý... Ol häzir nämä hiňlenýänini, näme samraýanyny bilenokdy. Ýöne şeýdende, ol dünýäni unudýardy. Paýhasy durlanýardy. – Ýok, beýdip bolmaz. Aýyp bolar. Ol uly abraýly adam ahyryn. Onuň ýaly adamlary ýetişdirmek üçin azyndan ýüz ýyl gerek. – Ol gatrak gidenini bildi. – Ýüz bolmasa-da elli ýyl-a gerek. Näme üçin beýle adamy köçä taşlamaly. Biziň ýaly sowatsyz, biderek, heleýiniň gargyşyna galanlary taşla köçä. Ol okapdyr, bilim alypdyr. Öz işinde otuz ýyl işläpdir. Tejribesi bar. Ynsaby bar. Ony köçä taşlap, agzy saryny alanyňda, ol saňa onça wepa berjekmi. – Ol başyny ýaýkady. – Ine, indi ak bazarda nar satyp otyr. Ony il tanaýar-a. Il geň görmezmi. «Ine-de biziň döwletimiziň, biziň ýurdumyzyň ahlagy şeýle-dä. Işledip-işledip, şerbetiňi sykyp alandan soň, köçä zyňyp goýberýärler «Diýmezmi? Beýtmek bolmaz. Biz öz raýatymyzyň abraýyny saklap bilmesegem, döwletimiziň abraýyny saklamaly. Ol gaharly oýlandy. – Barmaly, başlygynyň ýanyna, hökman barmaly. Işanberdi ol nar satyp oturan adamy kän bir tananokdy. Ýöne goňşurak ýaşaýardylar. Düýn gyzjagazy: «Dädem gelýär» öňünden çykanda berer ýaly «diýip, iki sany nar satyn aldy. Şonda ol goňşusy bilen gürleşdi. – Medeniýet ministrliginde işleýärdim. Bir ulgamyň başlygy. Indi otuz ýyl bäri işleýän. Emma boşadyp goýberdiler. Çagalar ýaş okuwçy, aýalym işe ýarawsyz. Girdeji ýok. Onsoň, düýn bazara gidip, şu nary aldym, ýarty bahasyna. Men başga nädeýin... Işanberdi ol adamyň adynam, onuň başlygynam bildi. – Ýo-ok, olar ýaly adamy köçä serip bolmaz. Aýaly daşky jaýa çykdy. – Jan dogan, bes edäý zorruk sesiňi. Bes et, meni şu gabra dönen öýden baş alyp gidermejek bolsaň. Meniň beýnimi deşdi, seniň zorruk hiňlenmäň. Meni halys öldürdi. – Bolar, bagyşla. Men, hälki bir... Tylla gitmedi. Işigiň agzynda şumjaryp durşuna: – Men gijesi bilen ýatmadym ahyryn, ýatmadym. Ýaňy uklajak bolýan welin, zorruk sesiň bilen hiňlenen bolýaň. Maňa ýamanlyk edýäň sen. Meni ölmänkäm öldürjek bolýaň sen. Işanberdi ýerinden turdy. – Ýat, janyňa döneýin. Men sesimi çykarmaýyn. Men, aýt, näme diýseň edeýin. Tylla eňredi. – Sen hiňlenen bolup, ýene bir ýere ýok bolup gitjeksiň. Men saňa ýetik. Gitmersiň. Maňa bazara gidip ber diýip, dillerim syryldy. Bar zat takyrap galdy. Ne un bar, ne duz. – Sen bolsa, gury san gezip ýören. Utanjyň-haýaň ýok. Il üstüňden gülýä. Öýüňi oňarman, özüňi oňarman ýene ile töwella gidýäň... Işanberdi mundan artyk çydamady. Aýalyna «dur» diýen manyda yşarat etdi. – Özümi oňarman meniň näme, açylyp duran aýbym barmy? – Ol töweregine garanjaklady – Gül ýaly gurulgy içerim bar. Aýalym bar. Çagam bar. Işläp öýe gazanç getirip ýörün. Gowy aýalym bar. Tylla agzyny towlady. – Ah-he-eý, seniň gazanç diýip getirýäniň şol bäş şaýy dälmi? Men onyňy iki gije ukyma dözsem gazanýan. Galyň heleýiň, gepini çeke-çeke. Işanberdi gepi uzaltmajak boldy. – Näme diýjek bolýaň? Aýaly jikgerilip onuň ýüzüne garady. – Ile meňzeş bol. Tap arassaja işi. Boýnuňa galstuk dakyp, başyňa şilýapa geý. Oňat eşikler alyp bereýin. Sen gazanjyň gepini etme. Maňa medeniýetli ýer gerek. Işanberdi başyny öýkeli ýaýkady. – Men ile-hä meňzäp bilmerin. Özüme meňzärin. Maňa göwnüň ýetmeýän bolsa, gözläber medeniýetli äri. Tylla gep alyp galmady. – Bolsa, gezde ýör, pisiňi aşyr-da, Sona däli ýaly bolup. Şu mysalaňy görüp, «han-a meniň ärim-ä» diýmerin. Ylahym, mundanam beter bol... Aýaly bilen bu gün, ertir gep nokatlaşmaly bolmajagyna Işanberdi begendi. «Bu gün-ertir ejesiniň öýüne gider. Soňam bäşinji gün irden gidip, agşam gelýän...» Ol sakalyny syrdy. Ýuwundy. Ybaly diýen eşiklerini geýdi. Gyzjagazy turdy. Ol gyzynyň ýanyna gelerini isledi. Emma gyzy nämüçindir, onuň ýanyna gelmedi. – Eje, ajygýan. Eje iýjek... Tyllanyň sesi ýaraly ýyrtyjynyňky ýaly çyňsap çykdy. – Belany iý, ajyksaň. Awyny iý ajyksaň. Öl ajyňdan. Bu öýde iýere näme bar. Bu öýde eýe barmy, erkek barmy? Ajygýan! Ajyksaň, bar tulmak bol, hany. Menem dynaýyn... – Eje, ajykýan. Tylla gaýtadan tutaşdy. Onuň agzyna alýan sözlerini gulak eşider ýaly däldi. Işanberdi eziz käbesiniň ady dakylan, bolman, bolman bolan dört ýaşly ejeme dözmedi. Bazara garşy çykyp gitdi. Ol bazarda Baýmyrat Arazowy ýene gördi. Onuň nary geçenokdy. Şol epeý göwresi bilen geçene nar hödürläp durdy. – Nar alyň! Nar alyň oňat nar. Işanberdi onuň bolup durşuna hiç çydamady. Bu epeý ýaşulynyň kellesi güýçli çakyzaly ýaly, mekdebe gatnaýan çagalary göz öňüne geldi. «Ýok, olary nar satyp ekläp bolmaz». Baýmyrat Arazowyň özem «görüň, meni ne günlere sezewar etdiler, görüň» diýip duran ýalydy. Ol epeý, görmegeýdi. Häli-şindi telewizorda çykyş edip, gazetlere geň-enaýy makalalar ýazyp özüni ile aldyran adamdy. Bir ministrligiň tutuş bir ulgamyna başlyk bolup otuz ýyl işlänsoň, ony bu şäherde tanamaýan az-azdy. Ol kimiň tanşy, kimiň, goňşusy, kimiň ilen-çalanydy. Özem mesele çözüp, gerek ýerinde gepini geçirip bilýän adamdy. Işanberdi haýsy märekä barsa, bu adamyň adyny emi derdi ýa-da özni görerdi. «Ol gaty abraýly, zor adam» diýýärdiler. Ine, şol adam gyzan bazarda nar satyp durdy. Işanberdi bazara girmedi. Awtobus duralgasyna bardy-da, boşraklarynyň birine mündi. Ministr ýerindedi. Işikdäki gyz onuň kimdigini, näme üçin ministri görmek isleýändigini sorady. – Işanberdi diýseň tanar. Ministr hiç ýadyna salyp bilmese-de, ony kabul etdi. Gözlerinden nur damyp duran, hoşsyrat adam bilen ministr ýerinden turup salamlaşdy. – Geliň. – Ol çepiksiräk göwresine gelişmeýän agraslyk bilen ýerine geçdi. Mäşbürünç saçyny, gap-gara ýüzüni iki aýasy bilen ütükläp durşuna – Tanar diýipsiňiz welin, tanamadym-la – diýdi. Işanberdi ministriň adyny atasynyň adyny tutdy. – Meniň adym Işanberdi. Men bir maslahat bilen geldim. Özem, ýalňyşan bolsam gaty görmäň. Men gelmän bilmedim. – Diňleýän, aýdyberiň. – Siziň bir işgäriňiz bar. Oňa biz-ä Baýmyrat Arazow diýýäris. Ministr onuň sözüni agzyndan kakyp aldy. – Ol bizden gitd-ä, öz arzasy bilen. – Ol aýalaryny biri-birine goýdy-da, soň silkip goýberdi. – Hawa, ol gidipdir. Otuz ýyl şu ýerde işläpdir. Uly abraýy, uly tejribesi bar adamyň gitmesi bolanok. Olar ýaly adam gawun biýarasynda bitmeýär. Ol adamy ýetişdirmek üçin azyndan elli ýyl gerek... Ministr döşüni gaýşardyp, birhili ynamsyz ýylgyrdy. – Men nädeýin, ştat kemeltmeli diýip ýokardan buýruk bar, hä. Olam şoňa düşdi. Öz arzasyny ýazdy. – Dogry, men oňa ynanýan. Ýöne ol bir kinesi bolmasa, bir zor görmese otuz ýyl işlän edarasyny depip gitmez-ä. Onuň güni kyn-a. Aýaly indi ençe ýyl bäri düşege baglanyp ýatyr-a. Çagalary heniz mekdepde okaýar. Alty çaga! Onsoň ol nädip hezil edip gitsin. Siz ministr ahyryn. Olar ýaly adamy beýdip goýbermäge siziň ynsabyňyz çatýar. – Ol ilki bilen saňa gereg-ä... Ministr Işanberdiniň gözüne kiçelip başlady. Munuň özi onuň döwüniň rüstem gelýändigidi. – Ol adam gowy adam däl. Ol adam dilini saklap bilenok. Eger dilini saklamany başarmasa, bütin ömrüne göreni horluk bolar. Işanberdi «mümkin däl» diýen görnüşde başyny ýaýkady. – Başyňyzy ýaýkamaň. Men size agam hökmünde çynymy aýdýan. «Maňa milli kitaphananyň direktorlygyny» beriň diýýär. Ol bolmaz diýsem: «Sen-ä ygyp ýören adam, hünärli däl halyňa ministr bolup bilýäň, men weli otuz ýyl hünärimde işläp, bir biderek kitaphananyň direktory bolup bilemokmy?» diýýär. Heý, ýolbaşçyňa-da şeý diýilýärmi? Men gaty gördüm. Işanberdi özüni ýygnap oturdy. Ministriň adyny, atasynyň adyny tutdy. – Siz akylly adam. Işede täzeräk gelen. Geçirimli boluň. Siz bizden kine edip ýüz öwürseňiz, biziň dadymyzy kim eşitsin. Gör, näçe adamyň ykbaly, yrsgaly, abraýy size bagly ahyryn. Olary siz diňlemeseňiz, siz baha bermeseňiz, siz goldamasaňyz, bizden kine saklasaňyz onda kim saklamaly. Ministr hem sagadyna seretdi. «Wagtyň boldy, hetdiňi tana» diýilýändigine ol düşündi. – Gaýrat ediň, goldaň şol adamy. Wezipe wagtlaýyndyr, emma adamkärçiligiň ölçegi ýokdur. Alyň ony yzyna ýa-da başga bir iş... Ministr pert-pert gürledi. – Siz onuň ýoldaşy bolsaňyzam, dosty bolsaňyzam... – Ýok, men onuň dostam, ýoldaşam däl. – Ol sizi iberipdir-ä. – Ýok, ýok, ol meni tananogam. Men özüm geldim. – Näme üçin? – Türkmeniň beýle çar ýana pyzyberer ýaly, köp ogly ýokdur. Ony ol diýip, oňa taşlasaň, muny bu diýip muňa taşlasaň, bu döwleti kim ýöretsin. Onsoňam, olar ýaly ýigitleri sen goldamasaň, men goldamasam kim goldasyn. – Onsoň bize-de gezek ýeter. Şonda biz üçin töwella edip gelen bolmaz. Men şonuň üçin geldim. Ministr ýerinden turdy. – Mend-ä şoňa bolar ýaly iş ýok. Gözlesin, tapsyn. Işanberdi ýüzüni ýerden galdyrmady. – Biziňki aýtma, dileg salma. Soň «aýtmadyňyz, aýdylan bolsa adamçylyk ederdim» diýmeseňiz bolýar. Sag boluň, bagyşlaň... Işanberdi şondan göni bazara gaýtdy. Öýe et, ýag, çörek aldy. Gowja süýjülerden aldy. Soň Baýmyrat Arazowyň ýanynda saklandy. – Agam, salowmaleýkim. Ol adam baş atdy. – Nar al, kilosy bäşden... Saňa arzan bereýin. Işanberdi adamyň şeýle kiçelenini görmejek bolup, ýüzüniň ugruna bazardan çykyp gitdi. Öýünde bolsa aýaly-da, gyzy-da ýokdy. Işanberdi suw akdyryş guramasynda slesar bolup işleýärdi. Ol işine werziş bolup gidipdi. Onuň edarasy şäher häkimliginiň ikinji komunal trestine degişlidi. Aýlygyny wagtly-wagtynda berenok diýmeseň iş gyzyklydy. Ertir sagat sekizde ussa iş paýlaýardy. – Sen palan ýere git, turba ýarylypdyr. Sen palan ýerde turba çekmäge git. Sen täze jaýlara kran turbasyny çekmäge git. Özüňi iberen ýerlerine gidersiň. Birgadiriň işiňi kabul edip alar, wessalam. Ol bu gün Işanberdä iş bermedi. – Sen garaş – diýdi. Işanberdi ýoldaşlary iş paýlaşýança garaşdy. Ahyry ussa onuň ýanyna geldi-de, eline öý adresini berdi. – Sen inim, şu öýe bar. Ýaşulylaryň biriniň öýi. Turba gerek bolsa-da, burçluklar gerek bolsa-da özüň al. Işi bitir. – Bolar. Işanberdi bellenilen öýi tapdy. Ol iki gat, giň howluly ýaşaýyş jaýydy. Baryp işigi kakdy. – Açykdyr-uw, geliweriň. Kim bolsaňam. Işanberdi içeri girdi. Iki sany aýal aldygyna el halylaryny serýärdi. – Çagyrdyňyzmy? Ýaşyrak aýal gargyndy. – Gelmän geçdiňiz-le. Şol agşamdan bäri suwuň içind-ä biz. Men öý uprawleniýesinden däl. Men suw akdyryş edarasyndan. – Bolaweriň öýümizi suw aldy. Ol içeri girdi-de, çalt çykdy. Öýüň daşyndan, bir ýerlerden suwy ýapdy. Öýe suw akmasy kesildi. Ýöne birinji, ikinji gaty suw alypdyr. Nebir haly düşekler, parket pol weýran bolup ýatyrdy. – Toýa gitdik, toýy guranyň. Hana bolan iş. Gyzymyz ýanyna oglan getirip, güýmenip ýadyndan çykarýamyş-da. – Turbalar dolup, suw akanog-a. – Ol ýer çeken oglan hem, özi bejeren bolup, krany döwüpdir. Suwam akyp gidipdir. Gijesi bilen akdy. Bir ýer çekeni getirdik, olam suwy ýapmaň deregine «munça pul berersiňiz» diýip, gaýta beter edip gidipdir. – Bähbit bolsun. Gül ýaly ederis. Ol içerden düşekleri çykarmaga kömek berdi. Ýogsa aýallaryň güýji äpet-äpet halylary çykarmaga, sermäge ýetenokdy. Ol soň krany däl-de turbany arassalamaga başlady. Bu öýdäki ýetginjege bir zatlar ýazyp. Eline iki sany onlugy berdi. – Me, «Jennet» bazarynda, ikinji hatarda Ata diýip biri bardyr. Haty şoňa ber. «Işanberdi iberdi» diý. Özünde bolmasa-da, tapsyn. Oglan gidende soň ol suwuň umumy akyma goşulýan turbasyny arassalap başlady. Şol turba uzyn, berk sim sokup, güni bilen iş edindi. Turbadan çykan türsi-maýkalary, hapa matalary, top-top edip üýşürip goýdy. Ol hapa turbaly işi bir ýüzli etdi-de, krany bejerip bilmedi. Sebäbi ýumşa iberilen oglan henizem gelenokdy. «Ýaşuly» diýilýän adam geldi. Ol hyzmat ugrundan ministriň orunbasary Ýowja Saryýewdi. – Hä, hä, gurgunm-y – diýip, mylaýymsyran bolýardy. – Näme, henizem bolaňokmy? – Ol aýalyna habar gatdy. – Suw-sölüň barmy. Aýaly gyňralyp gepledi. – Hana, bir-ä geldi. Turbadan güni bilen türsi-maýka çykaran bolup otyr. Eli boka batan ýaly. Işläsi gelenok. Suwam ýapdy. Goňşulardan suw çekmekde iki omurdanym çökdi. Ýowja Saryýewiň ýüzi agraldy. – Näme, giç geldiňmi? Henizem suwy külçäýt etmänsiň. Işanberdiniň üsti-başy görer ýaly däldi. Ol dyzyna çenli läbige batyp işläpdi. Şonda-da syr bildirmedi. – Wah, bary taýýar-la, jan dogan. Ýöne «oguljygyňy kran alyp gel» diýip, eline pul berip bazara iberdim. Täzejesini goýaýjakdym-da. Hojaýyn gaharly gürledi. – Könäň bolsa goý, häzir, ertir çalşyraý. Ynsabyň hany, seniň çagalar suwsyz otyr-a. Işanberdi öňki işläp duran krana özünden käbir bölekleri goýdy-da, krany ýerinde oturtdy. Soň gidip, suwy açyp geldi. Suw şaglap, akyp başlady. Aşak bir ýerlere bökdençsiz düňderilip gitdi. – Ine-de, özüň ýokkaň başga hili bular. Özüň üstünde dursaň başga hili. Hojaýyn ýene aýalyna ýüzlendi. – Hany, Döwran. Aýaly: – Şol ykmanda bir ýerler-ä ugratdy. Henizem gelenok. Onyňam it aýagyny iýen ýaly. Kim näme diýse, eňýär öte gidýär... – Näçede gitdi? Nirä gitdi? Işanberdi durup bilmedi. – Men «Jennet» bazaryna kran al» diýip iberdim. Eline ýigrimi manat berdim. Şol ýerde Ata diýip tanşym symsarçylyk şaýlary satýar. Henizem-ä gara berenok. Ol açarlaryny gurallaryny ýygnap, torbasyna saldy-da daş çykdy. – Bor, sag boluň bagyşlaberiň. Krany getirse özüm elin çalşyp bererin... Içerden bir ýerden Ýowja Saryýewiçiň «bor, gidiber» diýen sesi eşidildi. – Bar, Bar göreweri. Bular ýalylar öýüňi göterip gitmäge-de ýaltanmaz. Täzeje zatlaryňy özüniň könesi bilen çalyşmaga-da utanmaz. – Goreweri. Işanberdi işini bitirdi. Ýöne ýadapdy. Ertirden bäri agzyna duz-a däl bir owurt suwam almandy. – Nesip bolsa, öýe baryp ýuwnup, hezil edip çaý içerin. Ol öýüniň işigindäki adamlary görüp, erbet gorkdy. «Tylla özüne bir zat edäýdimikä? Ýa gyzyma bir zat bolaýdymyka? Allajan özüň goraweri» Olaryň işiginde iki erkek, dört aýal garaşyp durdy. – Geleweri, goňşy. Saňa garaşyp durus. – Hä, näme? Näme boldy. Goňşy jaýdaky halatly elenip durdy. – Meniň Çarişkam, hol ýerde bir swolçyň ogly bilen sene-mene edipdir. Meniň Çaryşkam-daraý. Men Çaryşkamy gowy görýän. Onsoň menem dareý, baryp biki gezek ýelmedim dareý. Soň ejesi geldi, sabaka. Şol, şol bar zady bulaşdyran. «Oňa-da aýryl jelep», diýäýdim – dareý. Swoloçlar, polisiýa arza berendir. Polisiýada basjak bolýar. Sülçi geldi. «Arzasyny yzyna almasa, sud etmeli» diýýär. Azyndan üç ýarym ýyl. Ti, çto. Bir pasan üçin, hemem, şol aýal üçin, sabaki. Ol erbet sögündi. Oňa aýaly-da goşuldy. – Şol haram jelep gelmişek heleý. Indi bizi aýagyna ýykjak bolýar. – Meniň gül ýalyjak çagama dil ýetirip, indem «uran aglar» etjek bolýar. Işanberdi düşünmedi. – Siz meniň işigime näme üçin üýşdiňiz. Gidiň, baryň şol suda berleniň öýüne baryň. Halatly goňşularyny görkezdi. – Wot, tutum sostaw. Goňşular. Olaryň howuny basmaly. Pobedit etmeli. Goý, olar biziň ýeke geldigimizi bilsin-däreý. – Men indi näme etmeli? – Sen, sen glawnyý. Şolara diýmeli zatlary diý. Wo obşim, arzasyny yzyna alsyn däreý. Ine, şeýle, kep gutardy. Herne aýaly sesini çykarmady. – Men onda eşigimi bir çalşyrynaýyn. Ol işigi açyp, içeri girdi. Goşuny ýerleşdirdi. Soň üstüne suw aldy-da, eşigini geýip daş çykdy. Işikdäki adamlaryň sany on-onki boldy. – Bular näme. Halatly gijäniň çigregine birneme açylyşypdy. Ol indi entiräp duranokdy. – Goňşular, göwün edýärler. Olaram gitsin. Hersi bir zat diýse, olary birneme gorkuzmaly. Düşündiň, olar haçan çekinseler şonda boýun bolarlar. Işanberdi adamlara ýüzlendi. – Goňşular, «töwella» diýlen zat juda inçe işdir. Ol ýerde basyp almaly zat ýok. Ol ýerde göwün görmeli. Şonuň üçin Halatly aga, aýaly gitse bolar. Galanyňyz sag boluň, galyberiň. Halatly, oňa boýun bolmajak boldy. – Men gelnejem bilen giderin. Senem gal. Sen içgili, serhoş. Bar işi özüň bulaşdyrypsyň. Utanjyň ýok seniň. Nädip içgili barjak bir bendäň öýüne. Özem ötünç soramana... Halatly däliräp başlady. – Sen, sen diliňi-başyňy aýlatma. Men içgili, emma serhoş däl. Emma sen, swoliç. Sen, sen özüňe kimdirin öýtme. Häzir men seni... Herne onuň aýaly ara düşäýdi. – Goý, gyw. Sen ýene bir belanyň üstünden barýaň. – Goý. Işanberdiniň göwni sowady. – Bolýar, gelneje. Gitsin aýagyny sallap. Men-ä gidip biljek däl. Sag boluň, özüňiz gidiberiň. Ol bary bir, türmäniň turşy bulamagyny iýmese, düzelmez. Gidibersin. Ol öýüne girip gitdi. Ýöne gijesi bilen bitakat boldy. Öz-özüni gemirdi ýatdy. Daňdan işik kakyldy. – Häzir barýan. – Işik aňyrdan aldajy kowalap gelýän ýaly bolup kakyldy. – Açdym, açdym... Ol gözlerine ynanmajak boldy. – Salowm... Geliň, geçiň! Işikde Ýowja Saryýewiç bilen aýaly, ussa durdy. Olaryň ýüzi ýa gorkudan ýa-da ukusyzlykdan, ýedi ýuwlan esgi ýalydy. – Hany çyk daşary. Ol bu äheňi halamady. «Ýa ýene suw çykdymyka?» Mümkin däl. Gowja Saryýewiçiň böwrek ýaly bolup sallanyp ýatan dodaklary tüträp gitdi. – Döwrany nirä iberdiň? – Haýsy döwrany? Men döwrany tanamok. Aýal tatyrdap başlady. – O näme diýip bileňok. Eline bir hat berip, pul beren bolup ibermediňmi? Işanberdi başyny atdy. – Hä, ojagaz oglanmy? Hawa. Kranyňyz döwük eken. Men täzejesi bolsun diýip, eline iki onlugy berip, kranyň nomerini ýazyp, Atanyň ýanyna iberdim. Ussanyň hem sesi haýbatly çykdy. – O nähili Ata ol. – «Jennet» bazarynda kran, odur-budur satýan oglan, tanşym. Ussa oňa jabjyndy. – Sen näme üçin oglany iberýäň, özüň gitmän. Näme hakyň bar, ony ibermäge. Işanberdi aljyrady. – Ýeke özüm-ä. Han-a aýtsyn. Başymy galdyrman esasy turbany arassaladym-a. Oňa gitsem iş galjak diýip edenim boldy-da. Näme, bir zat bolupmy? – Seniň işiň däl. Ýowja Saryýewiçiň äpet garny erbet jugurdady. – Sen şol Atanyň öýüni bilýäňmi? – Bilýän. – Ol müýnli aýtdy. – Bilýän. – Bilseň, mün maşyna. Olar Atalara bardylar. Işanberdi işigiň jaňyny basdy. Soň işigi tyrkyldadyp başlady. – Ata! Aç, men, Işanberdi. Içerden kirli maýkasy dyzyna ýetip duran, uzyndan hor ýigit çykdy. Ol adamlary görüp işige büdredi. – Eý-bägeý. – Ol daş çykdy-da işige arkasyny söýäp oturdy. – Gorkma, biz iş bilen geldik – Işanberdi ony köşeşdirdi. – Soň Ýowja Saryýewiçiň ýüzüne «Sorabereýinmi?» diýen manyda seretdi. – Ata, şu gün seniň ýanyňa bir oglan iberipdim. Hat beripdim «Iki ýarymlyk täze kran gerek diýip. Şol geldimi. Ata bir gözüni gypyp biri bilen Işanberdiniň ýüzüne seretdi. – Düýn «Jennetde» bazar bolma-da. Ýokardan adam aýlanjak diýip, poliseýler golaýyna göýbermedi. Men-ä sagat sekizlerde yzyma gaýtdym. Soň barmadymam. – Irden sekizdemi? – Hawa, pasanym gyzamyk çykarýar. Aýalam Eýrana gitdi. Häzirem, «tiz kömek» gelendir öýtdüm. Bir sagat boldy çagyranyma. Ýanyk ýatyr... Ýowja Saryýewiç şu sözleri eşidenden soň maşynyna münip, gitdi. Işanberdi paý-pyýada öýüne aşsa-da, agyr ünjä galdy. Bu gün ussa ony täze gurlup gutarylan belent jaýa, suw turbasyny çekmäge köpçülik bilen işlemek, janyň ujudy. Ýöne Işanberdiniň ünjüsi hiç aýrylyp gidiberenokdy. «Wah, özüm gidäýmeli ekenim, näbileýin». Günorta golaý ussa geldi. Ol içgilidi. – Bäri gel! – Ol dördünji gatda işläp ýören Işanberdini ikinji gata çagyrdy. – Düýn näçe berdiler. Işanberdi jübilerini çöwürdi. – Ýeke köpügem bermediler, näme. Ussa geň galdy. – Ýalan sözleme. Ol egnini gysdy. – Ýalan söz bergim ýok. Gaýta, krant al diýip özümden ýigrimi manat berdim. Ol «tüf» edip tüýkürdi. – Haramzadalar – Ol Işanberdiniň iki gözüniň içine seretdi. – Hiç zatlaryna degmediň dälmi? – Näme? – Aý, heleýi «ol-bu zadymyzy çilip gidendir» diýýär. – Hudaý saklasyn – Işanberdi öz köňlünde göterip ýören «wawwasyny ýardy» – Ojagaz oglan tapylyp geldimi. Ussa elini salgady. – Milisä düşüpdir. Kiçijik «çepe». – Ol Işanberdiniň agzyny öweldip duranyny görüp, baryny eňterip göýberdi – Aý, garaz birini pyçaklapdyrlarmy? Aý obşim, tapyldy. Sen, ne priçom... Bu habar işanberdini otdan alyp, suwa oklady. Ol işiň ahyryna çenli aladadan dynmady. Agşam öýüne gelip, ýaňy käsesine çaý guýanda işik kakyldy. – Geliweriň. Halatlynyň aýaly şumjaryp, içeri girdi. – Gurgunmysyň, hanym. Işanberdi saglyk-amanlyk soraşdy. – Geliň, bir käse çaý bereýin. Emma ol aýal işigiň agzyna çökdi-de, şumjaryp başlady. – Çaý bokurdagymdan geçer ýaly däl. – Ol gyňajy bilen çygsyz gözlerini süpürdi – Adamymy gaza mata gabadylar. Indi men nädeýin. Sekiz çaga bilen. – Ol çalt-çalt gepläp başlady. – Dogan, kömek et. Şolara sen gidäýmeseň, biziň «aýagymyz çaýda galdy». Dünýänem suw aldy. Işanberdiniň bir derdiniň ýaryna melhem edilen ýaly boldy. Bular üçin töwella gitmänine gaty hapa bolup ýördi. Ol gepiň aňyrsyna ýetmek isledi. – Siziň özüňiz gitdiňiz ahyryn. Näme diýdiler? Ol aýal agzyny-burnuny towlady. – Içlerinden getiren meýitler. Kowup göýberdiler. Kemçini dagy çykan bolup, «sudda gürleşeris» diýen bolýar. Şeýtse, näme, durup bolýarmy. Halatlam şispine depdi. Onuňam tagtasy gaçdymy, aý, bir zada bolupdyr. Onuň üstesine, Çaryşkamyzam ýene onuň ogluny gowy edip ýenjipdir. «Kakamy basaýsalar baryňyzy gyraryn» diýipdir. Onam sorap geldiler, polisadan... Işanberdi başyny ýaýkady. – Ol-a bolmandyr. Ol-a gaty erbet bolupdyr. Onda men gitmesem bolmaz. Onda, men gideýin. Iş gaty bulaşypdyr. Ol çalt geýindi. Urlan oglanjygyň öýi uzakda däl eken. Mekdebiň gündogaryndaky jaýyň ikinji gatyndady. Olar iki tirkeş bolup bardylar. Işigi aýal adam açdy. – Essalowmaleýkim. – Salam. Hojaýyn barmydyr. Aýal öýi görkezdi. – Giriberiň ¬– içerden mylaýym, ýigitsypat adam çykdy. – Hä, geliň. Işanberdi serwantyň öňüne geçdi. Öý eýesi ýüzünden, gabaklaryndan nur ýagyp duran, bigünä, juda hoşsyrat adamydan gözüni aýryp bilmedi. – Gurgunmysyňyz. Oglanlaram gurgunmy – Işanberdi ýylgyrdy. – içeriniň ruhy gülläp, täze bir ýalkym dümen ýaly boldy. – Aý, boljak-da... – Näme, aý diýdiň-le. Öý eýesi gelen aýala seretdi-de, başyny käsä sowdy. – Käbir adamlaryň derdinden özüňe-de, çagaňa-da gün ýog-a. – Ol aýala elini uzatdy – Ine şular-da. Işanberdi baş atdy. – Menem eşitdim, doganym. Gaty hapa boldum. Adamlar gaty azgyn bolupdyr. Heý beýle-de adamçylykdan çykma bormy. Özüňe basmaly. Men baryp şeýtsem, ýagşy boljakmy. Gözüňizi sibirde açdyrmaly adamlar bular. Ol aýal «bu-da olaryň tarapyna geçd-ow» diýip, bir gysym bolup düwüldi. Ýöne özüni gorara, sözläre söz tapmady. ¬– Hawa, doganym. Häzir kyn döwür boldy. Adamlardan ynsap gitdi, nebis öňe düşdi. Daşarda çeşmeler gurady. Derýalaryň suwy kesildi. Adamlarda-da sahawat galmady. dünýäni görýäň-ä, dünýäni. Lasyrdap gaýnap dur. Men slesar. Düýn bir ministriň orunbasarynyň krandyny bejerdim. Turbalary arassalaýançam «sen gidip krant alyp gel» diýip, bazara iberdim. Eline ýigrimi manat berdim. Gül ýaly oglan. Iýse bar, içse bar. Mes. Baryp bir bendäniň çagasyny pyçaklapdyr. Kakasy üstüme geldi. «Sen iberipsiň» diýip. Men ony bilgeşleýin şeýt diýip iberemog-a. Men bu işi edýänçäm, sen ol işi et diýip iberdim-ä. Öý eýesi başyny ýaýkady. – Şeýle-dä. Ine şular meniň oglumam şeýdipdirler. Meň oglanlara sözüm ýok. Kakasy gelip urýamyş-ow, kakasy. Ine, şu aýalam, dünýäde hapa gep bolsa, aýalymyň üstüne dökýärmiş. Aýaly gelip, äriniň gapdalyna, diwana çökdi. Ol aýalyň gözlerinde gazap, ar-namys bardy. Ol namys ody bir ýerden çykmasa, ol aýaly ýandyrjakdy. – Men adamym bilen on bäş ýyl ýaşaşdym. Adama gabagymy galdyramok. Emma şu heleý maňa «künti, köçe gezen jelep» diýdi. Ol meni tananok, bilenok. Özleri urupdyr oglumy. Onsoň, beý diýmesi näme? Heý ynsana şeýle sözleri aýdyp bolarmy? Işanberdi gürrüňi boldy hasap etdi. – Men şony eşitdim. Men bular üçin gelemok. Men siziň üçin geldim. Sizi «bir ýagşy adamlar» diýip eşidip ýördüm. Şol ýagşy adamlar adamçylykdan çykmasyn, şeýtanlyk bolmasyn diýip geldim. Siz şeýtanyň tarapynda bolmaň, Allanyň tarapynda boluň. Siz geçirimli bolsaňyz, Alla sizi ýalkar. Bu bir uly synagdyr. Şol synagdan ýalňyşman geçiň. Aýal-da, öý eýesi-de bäş atdy. – Siz bir gowy, mähriban adamlar. Görüň , adamlar adamçylykdan çykyp, gowy adamlar azalyp barýar. Sizem şol erbetleriň tarapyna geçseňiz, bu dünýäni kim saklar. – Bize adalat gerek, başga zat gerek däl – diýip, aýaly jibrendi. – Wah- heý – Işanberdi başyny ýaýkady – Şol alkaşy, şol başyna giden maňkaly oglany bäş ýyl türmede oturdanyňdan adalat bolýarmy. Ony basypdyrlar. Ogly-da gaçyp ýör. Ine, ýumruk ýaly aýal galýar azara. Şu alty çagany eklemeli. Onsoň adalat nirede eken. Adalat siziň adamkärçiligiňizde. Bary bir hepde, kinäňiz öçer. Oglanlar ýaraşar gider, emma türme türmedir. Ynsan diýen bir zat bardyr, ol seni çeýnär ýörer. Adam öz pälinden, öz ynsabyndan gaçyp nirä gitsin. Men şolara derek ötünç soramaga geldim, doganlarym etegiňizdäki daşyňyzy döküň. Günälerini geçiň. Alla sizi ýalkar. Siz allanyň tarapynda boluň, şeýtanyň tarapynda bolmaň. Ol aýal hem şumjardy. – Bagyşlaň doganlar. Bir bolmasy iş boldy. Biz bilen deň bolmaň. Biz bir bagty ýatan-a. Bizi bagyşlaweriň... Öý eýesi aýalynyň ýüzüne seretdi. – Bolar-la, bolar-la. Hany, bizem bir aýlanyşaly. Biziň bir adama kast etm-ä niýetimiz ýok. Onsyzam, gaharam bar-da. – Gahar hem bir sapar-da. Seniň gowşan ýeriňi aňtap ýör. Ýöne, gaýrat ediň. Işanberdi gadyrdanlyk bilen hoşlaşyp gaýtdy. Ýolda gören adyny gözlerine ynanmajak boldy. «Polisiýa tutdy, gapdy» diýlen adam agajyň aşagynda ogly bilen durdy. Ol aýal «sag balam» aýtman olara bakan ýüwrüp gitdi. Işanberdi indi telim gün bäri öýde bir özi ýaşap ýördi. Tylla geläýenokdy. Onuň gyzjagazyny göresi gelýärdi. Yzlaryndan baryp, alyp gaýtmaga-da, aýalynyň iňirdisinden çekinýärdi. «Meni ejemlerden alyp gaýdyp...» diýip, başyň melamat boljakdy. Ondan saýy, bir neme köşeşse, öýüni, ärini göresi gelse gowudy. Tylla öň gowydy. Ärini sylaýardy, gowy görýärdi. Tikin maşynynyň başyndan düşmän ýaka ederdi. Bir üýtgeşijik nagyş dagy tapaýsa, Işanberdiniň öňünden çykyp, «muny görsene» diýerdi. Ony tapyşyny palan gelniň oňa nähili baha berişini aýdardy. Gazanjy gowudy. Içerini gül ýaly bezärdi. Arassalardy. Emma ilkinji oguljygy täjihorazdan ýogalandan soň erbet üýtgedi. Saly gowşady. Hyjuwy peseldi. Umydy uçdy. Soň bolsa hemişe ýarowsyz boldy. çekinjeň, käýinjeň boldy. Ilki-ilkiler çekinse-de, kem-kemden Işanberdä ýapyşdy. Elini onuň ýakasyndan aýyrmady. Bir gije hasam erbet boldy. – Tur, haramzada, tur! – Işanberdi gorkup oýandy. Görse, aýaly eline et çapylýan paltany alyp, topulup dur. – Tur, men seniň bilen bellisini etjek... – Tylla, Tylla, näme boldy saňa. Janym, hany, goý paltany. Näme bolýar saňa. Tylla barha möwjeýärdi, aglaýardy, titreýärdi. – Sen maňa dil ýetirerçe, meni kemsiderçe kim bolupsyň. Sen başga birine seretýänsiň. Seniň has gowusyna duşansyň. Tur, bar, git, bolmasa men seniň meýdiňi yraryn. Işanberdi ýalbardy, ýakardy, aýalynyň elinden paltany alyp, zordan köşeşdirdi. Ertesi lukmana görkezdi. – Galkan şekilli mäzi keselläpdir. Eger isleseňiz, kesdiriň. Tylla kesdirmäge razy bolmady. Ýöne şondan soň bu kesel bu içeriniň hözirini, agzy birligini, eşretini weýran edýän zulum bolup, bu öýde başlady. Bu keseliň zarby her günde bildirýärdi. Emma Işanberdi çydaýardy. Çydamalydy. Sebäbi gyzjagazy bardy. Keseli göýberen wagty tylla beýle bir erbedem däldi. Işanberdi ony gowy görýärdi. – Ejem janymy alyp geläýsemmikäm, birki günlük. Mährim-ä ganardy. – Ol oýa batdy. – Şu gün agşam gideýin. – Ol belli karara geldi. Emma agşam aýalyny, gyzjagazyny, getirmäge onuň elem degmedi. Işikde oturan ýat adam ol gapysyna gelende ýerinden turup boýa-boý boldy. – Salowmaleýkim – diýip, ak sakally kişiniň özi ilkinji bolup salam berdi. – özüňiz şu jaýda ýaşaýarsyňyzmy? – Hawa. – Işanberdi aga haçan gelerkä? Ýetmişden geçen ak sakal ýaşulynyň Işanberdi aga diýmesi onuň gülküsini tutdurdy. – Aga sözüni zaýalamaň, agam. Men şol Işanberdileri. Ýaşulynyň ýadyna oýun düşer ýaly däldi. Onuň gara çynydy. – Aga bolsaň aga diýerler-dä. Işanberdi üst-başyna garady. Gaty hapady. Ol üst-başyndan utandy. – Meni agalyga ýetireniň üçin, agam men saňa ajy gök çaý bereýin. Ýaşuly başyny ýaýkady. – Çaý diýme, ogul. Bir ýumuş bar. Işanberdi aýak çekdi. – Aýdyber, ýaşuly. Ýaşuly basgançagyň gädigine arkasyny berip oturdy. – Oglum, bir bolmasy iş boldy. Uluja agtygym ýaşam welin, bir maşgalany yzyna salyp gelipdir. – Bolubilýä, iki gözi dört bolupdyr. – Bah, onuň ýönesi bar. Onuň kakasy öweý. Girrik, gaharjaň adam eken. Indi, näme, öýüňe gelensoň, oňa nika gyýmaly, toý tutmaly. Biziň türkmençiligimizde şunuň üçin, gyzyň atasyndan-enesinden ötüm almaly. «Ötüm» diýmek şolaryň günälerini geçdim, rugsat berýän diýmek. Emma näçe barsak, ýüzümize urup kowup dur-da. – Näme diýýär? – Gapymdan gelmäň diýýär. Sözümizi diňlänok. Gykylyk turzup, kowup göýberýär. Işanberdi başyny atdy. – Dogry. gyzyň özi razymy? – Razy, razy. – Nika gyýyldymy. Ýaşulynyň tas zähresi ýarylypdy. – Alla saklasyn. Ötüm alynmanam bir nika bolarmy. Bolmaz. – Ýaşuly boýnuny burdy. – Şoňa töwella gidip ber, köşek. Il seni öwýä, aýagy ýeňil diýýär. Gaýrat et. Işanberdi razy boldy. – Kakasy gelsin. – Men ýuwnup eşiklerimi geýýänçäm kakasy gelsin. Gojanyň ýüki ýeňlän ýaly boldy. – Men galaýaýyn bolýamy. Gulagym agyrrak. Gözümem görenok gijesine. Ýöne, oglum sansyzdyr. – Ejesi gitse, ondan ganymat bolardy. Ýok, kakasy gitsin. Ýaşuly ýeňlän ýaly bolup gitdi. Işanberdi içeri girip, esbaply torbasyny ýygşyryp goýdy. Soň ýuwundy. Iç-dasi geýýän eşiklerini geýdi-de, daş çykdy. Öýlenen ýigdiň kakasy çüpeksi, hor, neşekeşe meňzeşdi. Onuň üst-başam ejizdi. – Takys tutaýaly ýa awtobusa münäýelimi? ¬– diýip ol dynç alyş bagyna seýle gidýän ýaly, arkaýyn gürledi. Işanberdi ýylgyrdy. – Gör, ýagdaýyňy – diýdi. Soň jübüsini barlady. Aşgabadyň her ýeri bolanda-da ulag tutmaga ýeterlik puly bar eken. – Aý, pyýada gidende-de uzak ýer dälläý. Işanberdi geçip barýan bir «Moskwiçi» tutdy. – Nirä gitmeli? – «Ýüz çynara» sür. Maşyn üçi Işanberdi hasaplaşdy. – Aý, bor-la, gaýdyşyn özüm tutaýaryn. – Olar belent jaýlaryň birine bardylar. – Aý, doňuzlar öýlerine goýberenogam-ow. – Näçinji kwartira. – Aý, özä üçmi, ýa dörtmi. Jaýyn-a bilemok. Heleý bilen geldik düýnem. Kowup göýberdi. – Ol birhili gyjynyp gepledi. – Sen-ow, berk durgunyň. Gowşak dursaň kowup göýberýär-ow. Işanberdi ýylgyrdy. «Ah, binamysyň dünýes-eý, günüňe ýanaýyn». – Galyňly gürrüňi agzasa, – Ol jübülerini çöwürdi – Zat ýokdur. Özi gaçyp geldi. Oňa galyň berip, men näme tentekdir öýtýäňmi. Olar üçünji gata çykdylar. – Sorasaň « bergi banditleri» soragyn. Ýokarda biri aşak seredip, çilim çekip durdy. Işanberdi orta ýola ýetip salam berdi. – Salowmaleýkim. – Salam. – Berdi agalar gerekdi. Nähili taparkak. Çilim çekip duran açyk işigi salgy berdi. – Giriberiň. Olar içeri girdiler. Garypja, türkmen üçin adaty içeri. Içeri üç dört sany güli, reňki başga haly düşelipdir. Törki dulda « Wesna» diýen telewizor öz aýagynyň üstünde durdy. Aralykda işik bardy. Gyzyň ejesi borla, telewizoryň bärsine geçip, başyndaky ýaglygynyň bir ujuny «aglanaýsa gerek bolar» diýen manyda uzynrak tutup, beýleki eli bilen halynyň ýüzüni dyrmalap otyrdy. «Enäniň razydygy, hiç hil garşylygynyň ýokdugy, emma nämedir bir zatdan çekinýändigi» bildirýärdi. Şonuň üçin ýetginjegiräk gyzjagaz orta saçak ýazyp, kemput, çäýnek getirende-de «alyň içiňem» diýmedi. – Gurgunmysyňyz, gelneje. Hany, hany Berdi agam ýokmudy. – Bar, bar. Häzir geler. Berdi berdaşlygy. Salyhatlydy. Ol gelip oturdy-da, dogumly gürledi. – Adamlar, men heleý gürrüňini halamok. Erkek gürleşeli. Gudaçylyk gürrüňi bilen gelen bolsaňyz, şol gürrüň ýapyk. Emma oturmaga gelen bolsaňyz, gözüm üstünde ornuňyz bar – Ol gaty azm bilen, azgyrylyp gürledi. – Nahar çekiň. Aragam getiriň. Işanberdi ýeke dyzyna galdy. – Biz-ä, bergi aga, onda turaly. – Ol gapdalyndakyny görkezdi. – Bular meniň goňşym. «Gaýrat ediň baryp ber» diýip, haýyş etdiler. Men dogrusy agyr işden soň ýeke owurt çaýam içemok. Kowsaň gitjek. Ýok, «azar edip gelipsiň iki agyz sözüňi aýt» diýseň, aýdaýyn. – Ol Berdä baş atdy. – Menem Aşgabatdan. Seniň nähili abraýyň bardygyny bilemokmy? Men şu ýere, gorkujyma başymy etegime salyp geldim. Berdi bir ýylgyrdy. Aýalam ýylgyrdy. – Aý, beýle däldir-läý. – Şeýle gardaş. «Berdi» diýseň, «Berdi bandit» diýseň, tutuş Aşgabadyň endamy titreýär-ä. Ynanmasaň sora. – Aw-a, aw-a – diýip, öýlenen oglanyň kakasy. – Bularyň goňşularam «Berdä nähäk ýanaşypsyň... – diýip gaty gorkuzypdyrlar. – onsoň meni tapdylar-da. Indi gezek Berdiniňkidi. Göwni görlensoň ol aýalyna : «Gördüňmi meniň abraýymy» diýen manyda döşüni gaýşartdy-da gepläp başlady. – Men şol gyzy, şol gyzy, hana, aýdybersin ejesi, öz gyzymdan hem artyk görýän. Aýt, ýalanmy? Aýaly baş atdy. – Ola gaty dogrudyr. O gyzam «kakamjan» diýip ýör-ä. – Berdi elini galdyrdy. – Emma, näme üçin geňeşmän, gaçyp gidýär. Bir saplýak menden gowumy. Ine, meniň gaharymyň gelýän ýeri. Işanberdi aga meçew berdi. – Wah, meniňem aýdan ýerim şol-da. Çiýeýdip gaýdan bolsa, baryp bilmen kakasynyň ýanyna diýdim. Ak sakally kakasy, gelip aglady. «Oglum, uly il seniň töwellaňy alar» diýdi. Onsoň gaýtdym. Berdi ylalaşdy. – Agam, seniň ýüzüň nurana, mähriban adam. Ýöne, men şol gyzdanam, – ol oglanyň kakasyny görkezdi – bu süpüklerdenem juda öýkeli. Onam aýdaýyn. Başga biri bolan bolsa, kowardym. Ýöne sen başga. Aýdyber. Işanberdiniň eli titredi. – Berdi jan agam, seni äsgermän, gaçyp gidäýenine öýkeleseň öýkele. Menem şeýtseler gaty ýigrenýän. Onsoňam seniň ýaly garagöz, abraýly adamy şeýtseler ýigrenýän. Ýöne, men çynymy aýdaýyn. Sen gyzyň öz deň-duşuny tapyp, oňa söýdürip gidenine begen. Sen pikir etme, ähli gyzyň ykbaly beýdip çüwüp durandyr – diýip. Meniň doganoglan aýal doganymyň alty gyzy öýünde otyr. Hemmesem ötüşen. Ikisi köçegi bolup gitdi. Ol dyzynyň üstünde oturdy. – Han-a, köçä çyk, näçe gyz gerek bolsa. Sen häzir «Zöhre-Tahyr» dessany bilen pikir etme. Türkmen gyzyň dünýäniň bararyna aýlanyp, şol ýerlerde türkmeniň namys-aryny döküp ýör. – Onyňa dogrudyr. Şäheriňde obaňda-da şeýle ahyryn. Alýarlar dükandan wideokasetany. Görýärler hezil edip. Ol kasetalarda mukaddes zat ýog-a. Üç-dört sapar görensoňlar ýüzleri açylýar. Şol kinolar dünýädgynhan zat goýmady. Olary görseň, özüň azjak. – Munyňam dogry. Şonuň üçin-dä, men şolary aldyramok. Telewizorum hem reňkli däl. Işanberdi bu adamyň pikiriniň darlygyna haýran galdy. Şonda-da ugruna kowdy. – Ine, ine seniňki gowy eken. Emma töweregiňem al. Töweregiň nähili? Sen şeýdensoň gyzyň belli biriniň başyny tutup äre barýar-a. Işanberdi gürrüňi jemlemegiň wagtynyň gelendigini aňdy. – Ine, doganym. Men men seniň çagalaryň edeplidigine, ile-güne göreldeligine begenýän. Tüweleme, indem, näme, geldik, gördük, tanyşdyk. Rugsat berseň gaýdaly. Näme diýseňem eşideli. – Men näme diýeýin. Ejesi bar, aýtsyn. Ejesi sesini çykarmady. – Aýdyň, aýdyň. – Kakasy aýdar-da. Berdi ýylgyrdy. – Iliň berenini bersinler-de, gelibersinler. Ilden artyk zat gerek däl. Işanberdi ýerinden turdy. – Enşalla, nikamyzy gyýyp, toýumuzy tutuberjek. – Bor-la, bor-la, bor! – Oturmaly ekeniňiz, özüň-ä gaty gowy adam ekeniň. Gürrüňleşmäne ýörite barardy. Olar daş çykdylar. Işanberdi maşyn saklady. Öýüniň golaýynda maşyndan düşüp, ulag hakyny berdi. Onuň öýünde çyra ýanýardy. Onuň bar küýi şoňa dikildi. Oglanyň kakasy onuň elinden tutdy. – Bir wiýno alyp, ýuwaly how, muny. Gaty gowy bol-da munymyz. Gül ýaly etdig-ä. – Sag bol, sag bol. Emma ol elini göýbermedi. – Onda bir wiýnolyk pul ber. Men soň bererin. Işanberdi oňa bir onluk pul berdi. Emma ol henizem elini göýberenokdy. – Munyň ýetenok – how. Işanberdi ol utançsyz adamyň ýüzüne gaharly garady. – Bar ugra şu ýerden. Ol adam ýüzüni turşatdy. – Ugruň ýok eken seniň-ow seniň. Ugruň ýok eken. Men-ä seni adammykaň öydüpdim. Işanberdi yzyna öwrüldi. – Hawa, men adam däldirin. Bar, gözüme görünme. Ol adam ep-esli salym durdyda, erbet sögünip, bir tarapa gitdi. Işanberdi işikden ylgap içeri girdi. Gyzy girelgede durdy. – Ejem jan! – Ol gyzyny gujaklap, ýaňaklaryndan ogşady. – Ejem, ejem, ejiz ejem. Eje janym. Ejem näzijek eljagazy bilen kakasynyň sakalyny elledi. – Bu mäme, tikenmi. – Ol ýuwaşjadan – Ejeme geldi diýdi. Ol gyzyny gujagyndan düşürmän, içgi otaga girdi. Tylla tikin maşynynyň başynda, nämedir bir zada güýmenip otyrdy. – Salowmaleýkim. Tylla başyny galdyrdy. Ýöne sesini çykarmady. Onuň ýüzünde öýkäniň, kinäniň ruhy ýokdy. Ol rahatdy. Ak ýüzi durudy. Başynda täze, üýtgeşik ýaglygy bardy. Egnindäki köýnegi öň geýip ýörenidi. Ýakasynda, elinde aýal şaýy ýokdy. – Tylla, gurgunmyň. Gözümi ýolda goýduňyzla, janym, gaty göresim gelýär-ä. Näme beýtýäň. Tylla tikine güýmenen boldy. – Aýtdym-a ejemlere gitjek diýip. Ol görgüli ýarawsyz. Işanberdi ärligini az-kem bildirmek isledi. – Öýüň, äriň bar-a, janym. Heý, öýüňi äriňi taşlap, munça wagtlabam gitme bormy. Tylla ýylgyrjak ýaly etdi. – Gelýän-ä. – Haçan gelýäň. – Gündizine. Gijesine-de gidýän, ýanynda bir adam bolmasa bolmaz-a ejemiň. Işanberdi agyr ýuwdundy. – Onda maňa aýtmaly. «Men gideýinmi» diýmeli. Içerä, biş düşe seretmeli. Mende-de göwün bar-a. Indi, gideniňe näçe gün. Ejeňlerem şujagaz ýerde. Menem şondan bäri eşigimi özüm ýuwup, çaý-naharymy özüm bişirinip ýörün. Onsoň şol bolýamy?! Tyllanyň gaşlary çytyldy. Ol siltenjiräp ýerinden turdy. – Isleseň-ä şeýle ýaşa. Islemeseňem halanyňy et. Işanberdi gepi çöp döwen ýaly etmek isledi. Emma başarmady. Oňa derek Tylla diýjegini diýdi. – Sen ile meňzeş adam bol, menem saňa aýal bolaryn. Bolşuň şol bolsa, men seniň bilen ýaşaman. Adamlardan utanýan, saňa «ärem» diýmäge. Maňa är boljak bolsaň medeniýetli bol. Ol nejis käriňi taşla. – Näme kärim bar meniň. Tylla işigiň agzyna baryp abşarylyp durdy. – Näme käriň bolsun, sawçulykmy, töwellaçymy, kümsük garry heleýler ýaly. Ýigrenji. Işanberdi gyzyny ýere düşürdi. Agyr oýa batdy. – Il-günüň derdi diýip edýän, men ony. Ile ýagşylyk bolsun diýýän. Tylla gyzynyň elinden şapba tutdy-da, özüne batly çekdi. – Bar, bar, iliň göwni diýiber. Iliň öýüni dikeltjek diýip, öz öýüňi ýykarsyň. Ol siltenjiräp çykyp gitdi. Ejemiň Tylla siltelände goljagazy agyrdymy ýa-da kakasyny, öýüni taşlap gidesi gelmedi. Aglady. | |
|
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |