00:51 Betbagtyñ dünýesi / powestiñ dowamy | |
Tylla öwürlip ýene işige geldi.
Powestler
– Maşgalasyny, öýüni oňarman, ile keýmanwany boljak bolýanyň, öz pormusyny oňarman, oýnatgy bolup, ile öwüt beren bolýanyň agzyna-da bir... Tf-u, tf-uw, seniň bir är diýip... Işanberdi sesini çykarmady. Bu gün dynç günüdi. Düýn şenbede ol işdeş ýoldaşy bilen täze gurulýan bir hojalyk jaýynyň ýyladyş ulgamyny çekdiler. Ýadawlykdan ýaňa Işanberdiniň bili üzülip gelse-de, umydy öýde-di. Göwnüne bolmasa, Tylla bir zady bahanalap, Ejemi alyp öýe geläýjek ýalydy. Emma ol gelende öýi gugaryp otyrdy. Häzir işanberdiniň ýerinden galasy gelmedi. Onuň ýüreginde iki sany mesele şol sanjap durdy. Olaryň biri gyzydy. Ol ejemi gaty gowy görýärdi. Ony gujagyndan düşürmän gezesi gelýärdi. Dessemil ýaly ysly ýaňagyndan ysgap oturasy gelýärdi. Hatda, käte işinede alyp gidiberesi gelýärdi. Emma Tyllanyň bir özi sowaşman, gyzynam ondan daşlaşdyrýardy. Işanberdiniň gözlerinden ýaş pürkülip gitdi. – Eje janym! Ejem balam! – diýdi-de bir ýerlerden gyzyň suratyny tapyp, getirip bagryna oýkady. Emma ýüregindäki agyryp duran ýere ýetmedi. «Onuň kalbyny gozgalaňa salýan zat, Ýowja Saryýewiçiň ogludy. Ol Döwrana näme bolanyny bilenokdy. Ol şol işi näme üçin etdi. Oňa näme sebäp boldy... «Belki, meniň günäm bardyr?»diýip, ol böwrüni diňleýärdi. «Belli, men krant üçin ibermedik bolsam, beýle bolmazdy...» Ol bu işde özüni günäli saýdy. Nähilem, bolsa,ol oglandan habar alyp gelmegi öz borjy bildi. Ol turup çaý-paý içen boldy. Ýuwundy, sakalyny syrdy. Sakalyny syryp otyrka gyzjagazynyň: «Bu näme, tikenmi?» diýeni ýadyna düşüp ýylgyrdy. Gyzynyň akja, posalajyk aýasy çekgesinde gezip ýören ýaly, gözlerini ýumup, ep-esli durdy. Soň geýindi-de, «Jennet»bazaryna bakan pyýadalap ugrady. Ata, mazaly, şol ýerde eken. Ol hor göwresini bir gysym edip, nirädir bir ýerlere parhsyz seredip otyrdy. – Gyzjagaz nähili? – diýip, Işanberdi «aý, eýýam gutulyp gidendir-le» diýen manyda» sorady. Ata elini salgap göýberdi. – Aý, ol ýogaldy-la. – Wah-heý, wah-heý, Öwez ogluny bersin. Ata elini manysyz galgatdy. – Aý, ol hiç-le. Aýal gitdi, aýal. Işanberdi düşünmedi. – Nirä gitdi? Ata gözlerini ýumdy. – Aýrylyşyp gitdi. Şol Eýrana gatnaýanlaryndan birini tapypdyr. Şonuň bilen oýnaşbazlyk edipdir. Indem şondan göwrelimiş. Bar bahanasam şol. «Bolup geçsin, aýrylyşma» diýýänem-le welin, edenok. Işanberdiniň gahary geldi. – Şeýdýän bolsa, jähennemiň teýine gitsin. Heý, erkek adam bolubam bir şeý diýerlermi?! Ata öz essinde däl-di. Ol «çekipdir» diýip oýlanan Işanberdi, başyny ýaýkady. – Indi, «hemmesi owarram» diýsem, jaýa dawa edýär. «Çyk» diýýär. – O näme üçin. – Jaý şonuň adyna-da. Özüm «durrak bolup, şonuň adyna alýan-da. «Çagalara bolsun, ýene birini alaryn» diýip. Jaý-da galyp gitdi. Düşewindem ýok. Syrtym ýere degdi. – Ol Işanberdiniň üzüne garady. – Eger, kyn görmeseň, wagtlaýynça seniň ýanyňda bolaýyn diýjek bolup, gözläýin diýip ýördüm. Özüň gowy geldiň... Işanberdi täzeje krany aldy-da, puluny töledi. Ata ýene özelenip başlady. – Men, ertir ýedi-de gidýän, agşamy düşürip gelýän. Azarym degmez. Barlygymy adam ogly görmez. Ýogsa, Heleý o tüküsinem öýe getirdi. Olam bir nahal. «Meniň aýalym» diýýär. Ýeke otagly jaý. Gijesi bilen kerewady şakyradyşyp ýatyrlar. Gaty utanýan... Işanberdi baş atdy. – Baryber. Ol bazardan ýeňsesini tüňňerdip gaýtdy. – E-eý, betbagtyň dünýesi, wah, seniň gäbiň azypdyr, gäbiň. Seniň bir çarhlyja dişiňi döwüp bolsady. Dünýe onuň gözüne başy asmana ýetip duran guduz döw bolup göründi. Onuň gözleri bihaýady, gorkunçdy. Çüýrük dişleriniň arasy adam läşlerinden doludy. Ol agzynyň iki gapdalyndan gan akdyryp, şolary howlukman çeýneýärdi. Soňam pökgi, tüýli garnyny äpet, kirli aýalary bilen sypalaýardy. Uzyn dyrnaklary bilen ýene-de adam alyp agzyna salyp çeýnäp durşuna, bihaýa gülýärdi. – Eý, betbagtyň dünýesi. Men seni öýüme getirerin. Özümi saňa bermerin, arkaýyn bolaý. Güýjüm, gaýratym tükenensoň seni weýran ederin. Dünýe bihaýalyk bilen älemi ýaňlandyryp güldi. Işanberdi gelmeli ýerine gelip, işikdäki jaňyň nurbatyny basdy. Işigi Ýowja Saryýewiçiň özi açdy. – Hä, gel, ussa, gel. Işanberdi elindäki täzeje krany görkezdi. – Goýaryn diýip söz edipdim. Hojaýynyň öňki bady ýokdy. Howalasy pesdi ýüzüniň ruhy öçükdi. – Aý, bor-la. Han-a, gelnejeň bardyr. Onuň aýaly daş çykdy. – Kim gyz gapyny kakýan? Ýowja Saryýewiç Işanberdini görkezdi. – Ussa gelipdir, «krandy bejereýin» diýip. Ol aýal içeri girip gitdi. Işanberdi suwy ýapyp geldi. Soň täzeje krany goýup berkledi. Gidip, suwy açyp geldi. Suw gowy akýardy. Hojaýynyň aýaly ol işi bolýança ussanyň eline seredip oturdy. Soň ussa bilen deň daşary çykdy. Ussa köne krandy-da almady. «Goý, görgüliň gözi doýsun» diýdi. Ýowja Saryýew sekiniň üstünde ýüzüni sallap otyrdy. Ol: – Ýaşuly, bolmandyr – diýdi. – Şol günden bäri özümi günäkär duýýan. Men krand üçin ibermedik bolsam, beýle işler bolmasa-da, bolmazdy. – Ol ýüzüni sallap otyrdy. – Men, krandam bir bahana, ötünç soramaga geldim. Meni bagyşlaň. Ýowja Saryýewiç başyny ýaýkady. – Ol ondan öň bolan iş, han. Ýöne ony aňtap ýören ekenler. Turba ýöne ýere dolmandyr. Ol oňa öz ganly eşiklerini dykypdyr. Akar gider öýdendir-dä. Soň krandy, biziň ünsümizi sowmak üçin döwen borly... Ol agyr oýa batýardy. – Näme bolan iş? Hojaýyn gaşlaryny çytdy. – Näkesiň biri aýal doganyny «aljak» diýip, söýşen bolup ýördi. Bu gyz göwreli eken. Olam ony taşlap, biziň oglumyzyň söýüşýän gyzy bilen gezip başlaýar. Munam tutupdyr. Sögüşüpdir, urşupdyr. Ahyram ýerde ýatan posly simi alyp, içinden geçiripdir. Gaharyna kellesine daş bilen urupdyr. Ine, bolan iş. Işanberdi gynandy. Ýöne näme diýjegini, kimi günälejegini bilmedi. Ýowja Saryýew bolsa «owf» diýip içini çekdi. – Meni başga zat alada goýýar. – Ol Işanberdä tarap öwrüldi. Soň bir salym oýa batyp oturdy. – Meni başga zat alada goýdy. Şol oglanyň kakasynyňka gitleli. «Bu bir boljak işdir diýmeli. Töwella etmeli. – Ol janlanan ýaly boldy. – Men bir wezipeli adam. Ýaşulylara ýetse, gowy däl. Ikinjidenem, sudda oglany az-kem goldasalar, men olaryň gadryny bilerdim. Ýöne bu işi kime diýjegim bilemok. Özüň bilýäň, bu wagt adamlara-da ynanar ýaly däl. Işanberdi ýere seretdi. – Gitmäniň işi haýyr-la. Ýowja Saryýew oňa silkinip seretdi. – Ol nähili işi haýyr. – Özüm gidäýerin. Öýüni, kimligini salgy berseňiz. Ýowja Saryýew oňa kän bir ynam etmedi. Ýas ýerinde adam azdy. Belli günler geçipdi. Kyrkyna çenli wagt bardy. Dynç güni bolansoň, eşik ýuwýan aýallardan başga bir ýaşuly bardy. Işanberdi ol adamy ýakyndan tanamasa-da, ýüzünden bilýärdi. Ölen şonuň kiçi ogly bolmalydy. Ýas ýerine barana «sen kim» diýilmeýärdi. Işanberdi ýas dogalaryny etdi. Doga-dileg etdi. – Bolmandyr, Oraz aga – diýdi. – Yzy ýarasyn, galanlarynyň ömri uzak bolsun – diýdi. Oraz aga-da ýeke oturmakdan ýadan bolarly. Işanberdä tarap süýşdi. – Aý, nätjek, bolmalysydyr-da. Meniň elimde bolsa ýüz ýaşatjak, hany, bolýamy. Işanberdi «aýrana gelen tabagyny gizlemez» etdi. – Meni şol işi edeniň hossarlary iberdi, Oraz aga. Olaram gaty gynanyp otyrlar. «Öz oglumyz gitse gowy bolardy» diýdi, Ýowja aga. «Meniň gynanjymy ýetir» diýdi. Oraz aga şükürli adam eken. – Hawa, «gaty gynanýalar» diýip aýtdylar. Özler-ä erbet adamlar bolmaly däl. Ýöne boljak iş bolandan soň, gynançdan ne peýda, gynançdan. – Olaryň gyzam şondan göwreli eken. Ol-a özüni öldürjek diýýär. Ýaşuly ýene ileri süýşdi. – Inim, oglan arasynda urşam, dawa-da, jedelem bolar. Ýöne bularyňky zulum bolýar. Onsekiz ýerinden, on sekiz ýerinden, how. – Ol gapdalynda duran gawuny orta togarlap göýberdi. – Ine, adam-a diýmäýin, me, al pyçagy. Şunuň on sekiz ýerinden pyçak urmaga ýüregiň edermi. Men-ä on sekiz eken, bir sapar urmaga-da ynsap edip biljek däl. Onuň kellesinem ýenjipdir-ä. On sapar urupdyr, daş bilen. Heý, beýle zalymlyk görlen zatmy. – Wah, wah – diýip, Işanberdi hasrat bilen başyny ýaýkady. Ýaşuly gawuny yzyna tigirläp, pyçagam gapdala oklady. – Biziňkinem öwjek däl. Indi ölen adam, ýaman gürrüňini etmäýin. Şu mahalyň oglany-da. Olar ony öldürmändir, onuň özi gözläp ýördi ajaly. «Beýtme, sen bir belanyň üstünden bararsyň, oglan» ýok. Gulak asano-ga. Ýogsa, şeýle abraýly adamlaryň maşgalasyna el gatyp, göwreli edip, soňam taşlap, umytly çagalaryna eýe ýetirmek, türkmençilige sygjak zat däl-ä. – Hawa, şol oglan öýlenjek bolup ýören eken şol gyza. Onsoň doganyny beýdensoň, ol gyz bilen beýdip ýörensoň, ol oglan çydaman dälirän ýaly bolaýypdyr öýdýän. Oraz aga ylalaşdy. – Elbetde, senem dälirärsiň. – Ol ýumrugy bilen dyzyny urdy – Ine, içiňde biriň erbet bolsaň, ýedi ýere kössi degýär. Toý edip, agtyk görüp, sylaşyp ýörmeli adam bilen duşman etdi bizi, diýmäýin diýsem. Işanberdi gürrüňi jemlemeli diýip pikir etdi. – Ýowja aga bir wezipeli adam-da. «Gelsinler-de oglumy öldürsinler, wah diýmerin» diýdi. Ýöne aşak-ýokary gep-gürrüň edip ýörmäliň diýdi. Olaryň gyzy siziň agtygyňyzy garnynda göterip ýör... Oraz aganyň gözüne ýaş aýlandy. Ol jübüsinden el ýaglygyny çykardy-da, sümgürindi, soň ýüzüni, gözüni süpürdi. – Hawa-da bu dünýe bir betbagtyň dünýesi-dä. Biri gider, biri geler. Oglumyňam täleýi şeýledir-dä. Ýogsa. Ol ýene-de dymdy. Agyr-agyr ýuwdundy. – Biz ýazyp-pozup ýörmeris. Ondan arkaýyn boluň. Ýöne... – Ol birden ýene bozuldy. – Aý bolýa-da, başa salanyny görmeli dünýe bu. Işanberdi turarman boldy. – Men turaýyn, agam. Men bir il adamsy. Haýyş etdiler, geldim. Meni bagyşlaweriň. Oraz aga turmady. Türkmen adatyna gözýaşa gelen ugradylmaýardy. – Bolýar, oglum. Soranyň üçin. Bize-de agyr welin, o bendelere-de aňsat däldir. Biz nädeli. Bizden alara azar beren-ä bolmaz. Türkmeniň bir sözi bardyr «Maly töwella tükeder» diýip. Töwellaňy alandyryn. – Bolýar, agam. Işanberdi Ýowja Saryýewlere baryp, bolan gürrüňleri ilik-düwme aýtdy. – Maladis, edip arkamdaky agyr daş aýrylan ýaly boldy, maladis. Hakyt, özi şeý diýdimi. «Olar öldürenok, özi gözläp ýördi ajalyny» diý-dä. «Beýtme, bir belanyň üstünden bararsyň sen, diýsem etmedi» hä. «Akla sygjak zat däl-ä onuň eden işi» diýdi, hä. Bolupdyr. Bolaýypdyr, maladis, sag bol. Işanberdi ýerinden turdy. – Men, gitdim, sag bol. Ol işigiň agzyna ýeten-de Ýowja Saryýewiç gygyryp ony, saklady. – Dur, dur. – Ol oňa ýetmän jübüsinben bir konwert çykardy. – Me, şuny al. Menden az görme. Işanberdi ýylan gören ýaly düýrükdi. – Ýok, ýok, men haýry-sogap üçin edýändirin. Işanberdi Ata bilen ýaşap ýördi. Ol irden işe gidýärdi. Ata şaýdan doly torbasyny alyp bazara ugrardy. Bazar irräk geleni üçin Atanyň irräk gelýän wagtlary bolýardy. Käte asla-da işe gidenokdy. Işanberdi işden gelende onuň çaýyna, suwuna esewan bolýardy. Käte nahar bişirýärdi. Bazardan gyzgynjak çörek alýardy. Onuň öýe kömegi degmese, zyýany ýetenokdy. Işanberdi bu günem ir turdy. Namazyny okap, Ata bilen oturyp, çaý içdi. Soň bile ugradylar. Ol indi tyllasyzlyga hem öwrenişip barýardy. Gyzy ýadyna düşende ýüreginiň başy jiglese-de, ýary könelişýärdi. Iş şu günler agyrdy. Agyr-agyr çoýun pejleri ol gatdan bu gata arkaň bilen götermelidi. Her günde bäş-on sanysyny göteriň, işiň ahyryna çenli ysgynyňa gelip bolanokdy. Onuň üstesine turbalary hem daşamalydy. Olara hyr kesmelidi. Ýerli-ýerine eltip, birleşdirmelidi. Bu işlere kebşirleme bolanokdy. Olary eliň bilen etmelidi. «Şeýdip işleýärkäler Guzubaý maýyp boldy ahyryn» diýip ol oýlandy. Agyr çoýun pej bir bilini üzmedi. Indi görgüli, hiç ýerde işläbem bilenok. Guzubaý onuň ýanyna düýnem gelipdi. Gününden zeýrendi, görgüli. Işanberdi Guzubaýa beletdi. Başda bu işe şonuň özi gözükdiripdi. Oglanlygy ýuwaşdy. «Dili ýokdy. Bar bilýäni şu işdi. Ömrüni çagalarym»diýip geçirdi. Aýalyna iki instituty tamamlatdy. Ogluny daşary ýurda okuwa iberdi. Gyzy iňlis dili ugrundan gutardy. Ýöne, aýalam, gyzam hiç ýerde işlemeýärdi. Guzubaý olary ekleýärdi. Bir sapar oba gidip kakasynyň jaýyny satyp gelýärdi. Bir sapar ýogalan inisiniň jaýyny. Ol pullary hem öz çagalaryna harçlady. Indi... Indi aýaly, çagalary ony öz öýlerinden çykaryp kowupdyrlar. Ol bir tanşynyňkyda bolýardy. «Günüm gowy» diýýärdi. Işanberdi Guzubaýy kän bir alada edenokdy. Onuň ýarasy ýeňildi. Onuň hasaby boýunça, çagalary ony basym ýygnamalydy. Sebäbi ogly goşun gullugyna gitmeli. Olaryň sowalgasy tükenmeli. Guzubaý şol işleri düzetmek üçin ol öýe gerek bolmal-a. OL Guzubaý barada oýlanyp otyrka onuň özem geldi. – Salowmaleýkim. – Gel, waleýkim. Guzubaýyň ýüzi gaharlydy. Ol has-has edip, zordan dem alýardy. Üsti-başy eleşandy. – Nähili ýagdaý-diýip, Işanberdi turdy kesip durşuna sorady. – Geç, otur. – Ol kesen turbasyny demir ölçegi bilen ölçegi-de, ölçegi jübüsine saldy. Guzubaý üçin bu işler tanyşdy. Ýöne ol häzir turbalara elinem degrip bilenokdy. Işanberdi gysajyň aňyna ýene-de bir turbany gysdyryp durşuna, Guzubaýyň ýüzüni ýene bir sapar synlady. – Ýagdaýlar erbet! – diýip, Guzubaý agyryly bilini tutdy. – Gaty erbet. – Hä, näme boldy. – Işanberdi gysajyň çarhyny batly towlady. Gysgyç turbany berk dişledi. Guzubaý hem Işanberdiniň işiniň ugruna görä gürleýärdi. – Şol jany diýen dostumyň öýünde bolýan diýdim-ä. – Ol Işanberdi demir kesýän byçgyny alýança, sözüni gutaryp bilmedi. Arasyny kesdi. – Hawa, aýdyber – diýip, Işanberdi turbany kesip başlady. Sebäbi ol bu gürrüňi bilýärdi. Oňa näme üçin erbet bolandygy gerekdi. Ol umumy gürrüňi turba kesip durka-da diňläp biljekdi. Ýöne ýokarky gatlaryň birinden brigadir onuň adyny tutup gygyrdy. – Işanberdi, bolawer, turba ýetenok. Gürrüňi soň ederis. Ol Guzubaýa seretdi. – Häzir arakesmä çykýas. Şonda maslahatlaşarys. Arakesme mahaly olar çaýy bile içdiler. – Şol dostum – diýip, Guzubaý gürrüňi goýan ýerinden başlady. – Aýaly ölenden soň özünden otuz ýaş kiçi aýal aldy. Şol meni ýamanlap goýanok. – Näme diýip ýamanlaýar? – Aý, näme diýer öýdýäň?! – «Maňa diýjek bolýar» , «Menden iki gözüni aýranok» Onsoň, diýmäýin diýsem, ol «dostsumagam» aýalyna görä bolar-da. Ýüzüni ters öwrüp ýör. Işanberdi ýüregindäkini aýtdy. – Sen ol ýerden gaç, Guzubaý. Gel meniň öýüme, wagtlaýynça. Men seniň aýalyňy görerin. Olar seni öýe alyp gider. Guzubaý agyr oýa batdy. Soň ýuwaşjadan, içine salyp: – Alyp gitmez-le-er – diýdi. – Alyp gitmezler, gardaş. Indi Guzubaýyň hiç kime gerek däl boldy. Ýerimden gözganmasam ýagşy boljak. Işanberdi geň galdy. – Näme, ol ýer diýip, bagryňy gerýäň. Dostuň ýüz bermese, aýaly kowýan bolsa... Guzubaý agyr oýundan aýylyp: – Wah, ol çörek zawodynda işleýär. Her günde ýigrimi- otuz çöregi mugt getirýär. «Çöregim-ä mugt boljak» diýip barýan şol ýere. Her aýda çörek üçin, bilýäňmi, näçe harç gerek. – Onda gör, ýagdaýyňy. Dynç güni Işanberdi ine-ganarak derpendi. Ol Guzubaýyň aýalynyň öwda edýän bazaryna barmagy niýet edýärdi. Ata gidipdi. Şu günler onuň gazanjam, keýpem gowudy. Ýüzüne-gözüne suw ýöräp ugrapdy. Öýde-de aýagy ýeňildi. Bazar ýagşy gyzypdy. Işanberdi Guzubaýyň aýalyny tanamaýardy. Ýöne salgyny ýagşy alypdy. Ol şol salgy bilen ol aýaly tapdy. Ýaşym ponbarh geýnen, ýakasy tylla gülýakaly, boýny düzüm-düzüm zynjyrly, boýalyp bejerdilen saçy depesine toplanan gelin bir erkek adamyň garşysyndan jak-jaklap gülüp, nämedir bir zatlary gürrüň berýärdi. Onuň aksowult ýüzi, owadan gözleri aklyňy haýran edýärdi. Işanberdi salam berdi. – Geliň, alyň, gowy üzüm bar – diýip, ol gözleriniň ujuny gaşyndaky adamdan aýyrman aýtdy-da ýene onuň bilen gürleşip başlady. – Näçeden? – Nan-a, ýazylgydyr. Ol adam elindäki gapyrjagyny göterdi-de, göz gapyşyp, hymlaşyp gitdi. – Siz Täzegül-ä dälsiňiz. Ol aýal ýarym çynlakaý, ýarym degişme ýagdaýynda, ýene ýylgyrdy. – Edil özi. Men sizi tanamady-ma – diýdi. Işanberdi onuň ýüzüne garady. Täzegül bu nurana adamyň galdyr-bassyrsyz ýüzüne garady-da, gözlerini aşak edip, öňki çyn kaddyna geldi. – Täzegül! – diýip, Işanberdi ýuwaşja gepläp başlady. – Ikimiz tanyş däl. – Ýok. – Ikimiziň algy-bergimizem ýok. – Ýok. – Başga bir bähbidimizem ýok. – Hawa. – Biri-birimize ýamanlyk edip, päsgel beren ýerimizem ýok. – Ýok. Işanberdi Täzegüle seretdi. Ol öňki durkuna durdy. – Onda men saňa bir maslahat bereýin, uýam. – Täzegül tisginip gitdi. Ol aljyrap üýşüp duran almalaryň birini süýşürdi. Almalaryň bary pytrap gitdi. – Aýdyberiň. – Sen, dogan, Guzubaý bilen ýaraş. Täzegülüň öňki bolşudy. Ol almalaryny ýene öňküsi ýaly edip goýdy. Ol indi özüni dürsäpdi. – Wah, ile meňzeş adam bolsa, ýaraşardym. Ol ile meňzeş däl-de. Ol, ol... Işanberdi ony saklamasa, azyndan sagat ýarymlap gürlejegine ynandy. Şonuň üçin: – Gaýrat et, Täzegül sen meni diňle. Sen «Ile meňzeş adam däl» diýme. Ol tutuş ömrüni aýalym, oglum, gyzym diýip geçirdi. Sizi ekledi. Saňa iki diplom alyp berdi. Indi ol maýyp. Dördüňizi onuň ýeke özi ekledi. Onuň ömri azaldy. Sähelçejik galdy. Siz dört bolup, näme üçin ony ekläp bileňzok munyň özi... Täzegül kese bakdy-da, agzyny towlady. Agzynyň şol towuny açman hem «diýseň, diý-de otur» diýen manyda doňup galdy. – Onsoňm häzir seniň çagalaryň ýetişdi. Sen ogul öýerip, gyz çykarmaly. Olar Guzubaýyň tohumy ahyryn. Ogluň öýlenjek bolsa: «Hany, munyň kakasy» diýiler ahyryn. – Diýilmez. Işanberdi iň soňkyja delilini orta atdy. – Perzent üçin atadan mukaddes zat bolup bilmez. Bu dünýe bir synag meýdanydyr. Oňa görkezeniňi özüňem çekersiň. Özüňe-de, çagalaryňa-da zulum etme. Olaryň önerine, öserine zeper ýetirme. Täzegül üýtgänokdy. Işanberdi sözüni jemledi. – Men ýagşy niýet bilen gelendirin. Size ýagşylykdan başga zadym ýok. Ýöne men saňa aýtmaly zadymy aýtdym. Çözgüt senden. Hoş, sag boluň. Täzegül «sag boluňam» diýmedi. Işanberdi tomsuň jokrama yssysynda gara ýanyk bolup öýüne bardy-da, gözlerine ynanmady. Içerde Tylla gezip ýördi. Ata maýkajaň keserip ýatyrdy. Orta-da saçak durdy. Tylla Işanberdini görüp tasakjyrap başlady. Işanberdiniň gaýgysy gyzydy. Ol içerler gözleri bilen garap çykdy. – Hany, ejem. Tylla ilk-ä sesini çykarmady. Soň ýüzüni tikin maşynyndan hem galdyrmady. – Ýaranok, täjihoraz çykarýar – diýdi. Işanberdiniň başy aýlanyp gitdi. – Men tikin maşynymy alyp gitjek. Işanberdiden ses-selem çykmansoň Atany çagyrdy. – Ata tut aňyrsyndan. Olar hytaý tikin maşynyny daşary çykardylar. Tylla soňam gelip bir düwünçegi dolap alyp gitdi. «Täjihoraz ýetipdi oglumyzyňam başyna. Gyzyma bir zat bolmawersin, Alla jan...» Atanyň keýpi kökdi. Onuň bazar sowulmanka gelşi geňdi. – Näme, bazara barmadyňmy? Ata ýüzüni-gözüni sypjaklatdy. – Bazara barýarkam Tylla duşdy. Şol maşyny çykaryş – diýip, yzyma gaýtardy-da. – Şondan bäri öýdemi sen. – Işanberdi sagadyna seretdi. – Sagat iki bolup barýar-a. Atanyň ýüzi gyzardy. – Sen gelsin diýdim-däreý. Ýogsa birhili däreý. Işanberdiniň gahary geldi. – Ýarowsyz gyzyny taşlap, seniň bilen bäş sagatlap näme edýän eken ol... Şu ýerde Işanberdiniň göwnüne bir çiglik gitdi. Ýöne ol bu pikiri çalt unutdy. «Men Atany kyn gününde köçeden ýygnadym. Tylla edende-de Ata maňa haýynlyk etmez» diýdi. Iş gidip durdy. Işanberdi Ata bilenem, ýekelik bilenem öwrenişýärdi. Şol arada Ýowja Saryýew Işanberdiniň ýanyna geldi. – Sen bir sözi diňlenýän adam. Meni işden çykarýarlar. Hiç bolmanda komunal hojalyk trestine uprawlýaýujiý etsin. Ilaman onuň sözüni bildi. Ýowja Saryýewiçi nämededir bir zatda garalaýardylar. Emma ol hiç kime syryny açanokdy. Ogly üçin däldi ol. Ogluna ýedi ýyl iş kesipdiler. Üç aýdan hem şertli ýagdaýda tussaglykdan boşadypdy. Okuwyny okap ýördi. Basym toý-poý gürrüňem bardy. Işanberdi şenbe güni irden ministriň ýanyna bardy. Gowy adam eken. Gürleşdi. Ýowja Saryýewiçiňem gürrüňini etdiler. Işanberdi haýyşyny aýtdy. – Trest diýme. Men şony suw akdyryş edarasyna ýolbaşçy edeýin. Dogrusy, maňa iş hödürlemän kow «diýip durlar. Ýöne, inim, sen gelipsiň, sözüňi ýykmaýyn. «türkmeniň maly töwellada tükener» diýipdirler. Bu dünýäde kynçylyk hemmämiziň başymyzda bardyr. Her kim edenini çekmeli dünýä bu. Meni ministrlikden aýyrsalar, şol işi hödürleseler hezil edip işlärdim. Ýowja Saryýewiç ministrden öýkeledi. Ýöne işe geldi. Gelen gününden on gün gesenden soňam iş orunlary kemeldilip başlady. Işanberdi işläp ýördi. Adamlar işden boşadylaryndan gorkýardylar. Emma Işanberdi-de ol gorky ýokdy. Ministr ony tanaýardy. Ýowja Saryýewiç ony tnaýardy. Ussa ony tanaýardy. Onsaňam şu gara, agyr işi ol elini uran ýerinden tapyp biljekdi. Hiç bolmanynda, Atanyň ýanyna bazara çykyp, krant beýleki satsa-da gününi görjekdi. Günorta mahaly Guzubaý geldi. Onuň ýüzi-gözi birneme doluşypdyr. Üstündäki eşikleri täzedi, ütüklüdi. – Sag bol, barypsyň, heleýiň ýanyna. Aýtdym-a etmez diýip. Etmez ol. Işanberdi argyndy. – Öz ýagdaýyň nähili, Guzy? Guzubaý gözlerinde bagt çyragyny ýakyp güldi. – Gül ýaly. – Ol aýnan boldy. – Gül-ler! Işledenoklar. Süýji-süýji naharlar bişirip berýärler. – Dostuň näme diýýär. – Dostumdan dost adam ýok indi. Işanberdi haýran galdy. – Sen öň-ä başgarak bir zat diýýärdiň. Guzubaý başyny göterdi-de, tumşugyny dim-dik etdi. – Öň diýýädim. Indi diýemok. – Nädip olaryň ugruny tapdyň. Guzubaý ýylgyrdy. – Aýalyny nemedip göýberdim. Asyl ol şony isleýän eken. Öňki aýalyndan bir gyzy ärdedi. Olam aýrylyşyp geldi. Onam şeýtdim. Indi, iki bolup ýaranyp bilseler razy... Işanberdiniň myrryhy atlandy. – Sen, sen, utançsyz adam ekeniň, tur meniň ýanymdan. Jähennem bol. Bir bendäniň duzuny iýip... Guzubaý ýerinden turdy. Soň işanberdäjik gerildi. – sen, gygyrma, maňa. «It alyna gelen, gurt alyna-da gelipdir». Işanberdi akga durdy. – Näme diýjek bolýaň. – Şony diýjek bolýan. Meniň dostumuň başyna gelen seniňem başyňa gelipdir. Ata diýip birini öýünde saklaýan ekeniň. Aýalyňam ejesiniň öýüne giden eken. Şol Ata seniň aýalyňa meniň edýän zatlarymy edýär. – Lal bol, haramzada. Ýogsa, şu açar bilen... Guzubaý arkaýyndy. – Men seni gowy göremsoň aýdaýyn. Otduh güni sen giden ekeniň. Aýalyň geldi. Ata ony gujaklap öýe saldy-da, üç sagatdan soň çykaryp göýberdi. Men synlap durdum. Soň ýene bir gün, sen işde wagtyň bäş sagatlap gapyny ýapyp oturdylar. Bäş sagatlap, ikisi heleý bolanda-da, ynam gaçar. Olar-a iki sany syrma sallah. Galanynam özüň bil. Guzubaýyň bu sözüniň ýalandygyny, çyndygyny Işanberdi bilenokdy. Ony bilmäge elem degenokdy. Çarşenbe güni adamlary edara ýygnadylar. Ýygnagy täze başlyk açdy. – Ýoldaşlar, häzir ýurdumyzyň ähli ýerinde Iş orunlaryny tygşytlamak barada görkezme bar. Siz bilýäňiz, biziň edaramyzda-da şeýle bolmaly. Biz az adam bilen köp serişde toplamaly. Toplarysam. Öýke, kine etmeli däl. Ol elindäki kagyza seretdi. – Ýoldaşlar, biz iş orunlaryny kemeltmäge örän, örän oýlanyşykly çemeleşdik. Soňraky gelen adamlar, tejribeli pesräkler ilki bilen iş orunlaryny boşatmaly bolar. Onsoňam, «Zähmet hakyndaky kanunyň» maddasyna görä, biz kemeldilýänlere iki aý öňünden habar berýäris. Olar, ine, şu günden başlap, göni iki aý işlärler. Soň bolsa üç aý doly aýlygyny, kömek hakyny alarlar. Onuň üçin boşadylan gününden biržasyna baryp, nobata durmagydyr. Ol iş orunlary kemeldilýänleriň sanawy okalanda «Armydow Işanberdi» diýlip, aýdylanda ziňkildäp gitdi. Jemi on bäş adam. Ýöne Işanberdi özünden kän soň gelip, hallaň-salaň bolup ýörenlere-de degilmändigini aňdy. Ol ýygnagyň ahyryna çenli oturdy. Ýygnak gutaransoň başlygyň ýanyna bardy. Ýowja Saryýewiçkärdeşler arkalaşygynyň edaradaky başlygy bilen otyrdy. Ol Işanberdini görüp, ýüzüni sypjykadan boldy. – Men, men doganymam bolsa. Täk doganymam bolsa ýüz göremok. Gidiber, gidiber, nirä arz etseň, et. Nirä arz etseň. Işanberdiniň damagy doldy. Ýöne onuň dadyna Alla ýetişdi. Ýüregine giňlik geldi. Ol uludan demini aldy. – Men, ýaşuly, «sag bol» aýtmaga geldim. Onsuzam seniň ýaly hapa adam bilen bir edarada işlemerin» diýip şert edipdim. Ýöne «jan inim, bileje işleşeli» diýip göýbermersiň, sözümi zaýalanyma degmez» diýip, gorkup, arza bermän ýördüm. Sen maňa uly kömek etdiň. Şony aýdaýyn diýip geldim. Ol şeý diýdi-de, çykyp gitdi. Işanberdi ilki bir iş ýerine-de bardy. Soň ömründe etmedik işini etdi. – Bary bir, işden gitmeli bolsa, kim işlese, şol işlesin. Ol pyýadalap öýe gaýtdy. Başlyga gelen gahary, hälki sözleriň arasyna siňip gidipdi. «Gaýta, kemem däl. Zähmet rugsadymy alaryn. Ondan gelibem, üç aýlap dynç alaryn. Işinem görübereris...» Işanberdi «eli gyzyl» diýilýän adamlardandy. Ol ýoldaşy öňki gijede bir jaýyň gaz, ýyladyş, sowuk, gyzgyn suw turbasyny çekip bilýän adamdy. Özünem halal ederdi. Işiň gözüni alypdy. Häzir bolsa elinde bir maşyn alar ýaly puly bardy. Ol Tyllanyň öýe gelerine garaşýardy. Tylla öýe geldigi, bileje bazara gidip, onuň diýen reňkinden bir « žiguly» alasy gelýärdi. Pul, güzeran onuň üçin alada däldi. Ýaňy otuz dört ýaşyndady. Täkr göwni okuwa gir diýýärdi. Tylla-da «bar gidiber» diýip okaberesi gelýärdi. Hemme zada täzeden başlasam diýýärdi. Ine, şonda Tylla-da, Tejendäki kakasy, ejesi, doganlary-da ondan razy bolaýjak ýalydy. Bir göwnem, öýde otur, ile, güne hemaýatyňy ýetir-diýýärdi. Gurhan okasy, öwrenesi gelýärdi. Arassa bolup ile çykanda, toýda, ýasda iliň öňüne düşüp: «Şu adam örän arassa, halalzada» diýdiresi gelýärdi. Her näme diýse-de, göwnüne getirmejek bolsa-da bu günki waka, tanyş adam bolup özüni ilkinji edip işden aýyrmasy baradaky duýgy onuň ýüregine penje urýardy-da düýtmeleýärdi. Onuň Ýowja Saryýewiçe aýdan sözem, indi gelip, özüni saýgylap başlapdy. – Wah, diýmelem däl eken. Ol elenip-elenip, zordan öýüne özüni atdy.işige açary sokdy. Emma açar girmedi. Içerden başga açar sokulandy. Işanberdi işigi kakdy. Ses çykmady. Içerden kimdir biri görnüp giden ýaly boldy. – Ata, aý, Ata. Işik açylanokdy. «Ýa ýatyp galdymyka?» Birdenem Işanberdiniň kellesine Guzubaýyň aýdan sözleri geldi. Ol aşak oturdy. Soň Muhammet pyhamberi ýatlady. «Uzak bir ýerden gelseňiz, öýüňize barmaň. Başga bir ýerde ýatyp, gün dogandan soň öýüňize geliň...» «Ýa menem indi şeýtsemmikäm?» Bir sapar Muhammet pygamber söweşden gijäniň bir wagty gelipdir. Ol öz atlylary bilen şäheriň daşynda ýatypdyr. Emma onuň diýenini etmän bir topary öýüne gaýdypdyr. Ertesi irden olar gaýdyp gelipdirler. – Näme gördüňiz? – diýip, Resulalla sorapdyr. – Meniň aýalym biri bilen ýatan eken diýip, musulmanlaryň biri aýdypdyr. – Hawa, nätdiň? – Ikisiniňem başyny kesdim. Resulalla onuň ýüzüne seredipdir-de: – Sen Aça meňzeş ekeniň – diýipdir. Ikinjisi. – Menem, Resulalla, aýalymy biri bilen tutdum. – Näme etdiň? – Talagyny berdim. Resulalla ony makullapdyr. – Sen maňa meňzeş ekeniň. Üçünjisi ýüzüni sallapdyr. – Menem aýalymy biri bilen tutdum. Ýöne, ýöne, aýalyma dözmedim. Ol pahyrjygy bagyşladym. Ine, şonda Resulallanyň gahary gelenmiş. – Sen binamys adam. Binamys adam musulman bolup bilmez. – Ol daşyndakylara ýüzlenip – Kowuň ony araňyzdan diýipdir... Işanberdi ýene işigi kakdy. Emma gapy açylmady. Ol penjirä içi açarly haltasyny saldy. Penjire kül boldy. Ol penjireden ätläp, içeri girdi. Ata ýüzüni ak esgä dönderip durdy. Tylla ýere bakyp, arkasyny diwara diräp otyrdy. – Bu näme boldugy Ata-da aşak çökdi. – Biz, neme.. Biz, biz. Tylla meçewlenen boldy. – Näme, haýbat atan bolýaň. Näme görseň, şol. Işanberdi titredi. – Sen,sen tüf ýüzüňe, talak,talak,talak. Bar, indi syrtyňy nirä omursaň şoňa omur. Ata sile gabat gelen kimin galdyrady. – Mert bol, meniň heleýimem şeýtdiler. Mert bol. Işanberdi işigi açdy-da, Tyllanyň saçyndan tutup, ony uwladyp, işikden dazyrdadyp çykardy-da, daşary oklap göýberdi. Soň atanyň ýeňsesinden tutdy. Ata özüni hem tylla ýaly daşary taşlarlar öýtdi. Emma Işanberdi ony süýräp aşhananyň stolunyň ýanyna alyp geldi-de, göz-açyp-ýumasy salymda et kesilýän agyr pyçagy aldy. Soň onuň sag eliniň başam barmagyny tutdy-da ony düýbünden çapyp göýberdi. Barmak honda zyňlyp gitdi. Barmagyň düýbi ilki bir ap-ak boldy-da, soň gan zymdyrylyp gitdi. – Bütin ömrüňe dostuňa eden biwepalygyň ýadyňda bolsun, haramzada, ýok bol. Ol Atanyň ýelken ýaly ýeňil göwresini işige şalkyldadyp taşlap goýberdi-de ýüreginden ýaraly tiken sogrulan ýaly, özüni ýeňil duýdy. Ol dişleriniň gopup eline geleninem duýmady. Ol ýene-de zalym pelegi gördi. Hälki pyçak bilen onuň betnyşan aýagyndan batly-batly sançdy. Pelek birden aşak garady. Görse, biri onuň aýagyny gaşap ýör. – Sen-ow, näme edip ýörsüň, meniň aýagymyň ýanynda. Işanberdi pelegiň gömük garaklaryna garady. – Men seniň bilen söweşip ýörün. Ýa seni öz ýoluma salaryn, ýa-da weýran ederin. Pelek çüýrük, kirli, uzyn dyrnaklary bilen aldy-da gan akyp, porsap ýatan agzyna oklap, birki gaýta çeýnedi-de, soň tüýkürip goýberdi. Yzyndanam dünýäni sarsdyryp, haha-haýlap güldi. – Indi tanadyňmy meni. Işanberdi bagryny ýere berdi-de: – Eý, eý, betbagtyň dünýesi, dünýesi - diýip, ýer ýumruklap bagyrdy. Soñy. 25-28.09.2001 ý. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |