Ýolbaşçylyk wezipesi
1980-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-sinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy partiýanyň Aşgabat şäher komitetiniň birinji sekretarlygyna saýlanylýar. Sowet syýasy ulgamynda häkimiýet dolulygyna partiýa degişli bolany üçin, bu wezipe partiýa wezipesi däl-de, syýasy ýolbaşçylykdy. Şäher komitetiniň birinji sekretary iş ýüzünde şäheriň häkimidi. Bu onuň ilkinji özbaşdak ýolbaşçy wezipesidi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Aşgabada häkimlik eden döwründäki ömür taryhyny öwrenip, onuň adatdan daşary gujurly ýolbaşçy bolandygyny görýärsiň. «Ol munça gujury hem yhlasy nireden aldyka?» diýen sorag ýüze çykýar. Her bir meselede bolşy ýaly, bu ýerde hem ähli syrlar geçmişe daýanýar. Özem munda iki sany geçmişi tapawutlandyrmak gerek: beýik şahsyýetiň kalbynyň geçmiş bilen baglanyşygy hem-de onuň paýhasynyň geçmiş bilen baglanyşygy. Saparmyrat Nyýazow Aşgabat şäherinde doguldy, onuň çagalygynyň iň hezil günleri Aşgabatda geçdi. Ýöne onuň çagalygy-da aýylganç Aşgabat ýer titremesi bilen tamam bolupdy. Kalbynda şol apat bilen baglanyşykly yz galan Saparmyrat Aşgabat şäherini öz ýykylan öýi hasaplady.
Onuň Aşgabady gurmak, bütinleý täze şähere öwürmek yhlasy hem hyjuwy şol pursatlara baryp ýetýär. 1948-nji ýylyň gara gijesinde ak perişde ýaly bolup gelen iki sany ýagşyzadanyň: «Wagt geler, seniň özüň halasgär bolarsyň» diýen weli sözleri, ilkinji nobatda, Beýik Serdaryň Aşgabady halas etjekligine degişli bolup çykypdyr. Saparmyrat Nyýazowyň ýerine başga hiç bir häkim Aşgabadyň özgerdilmegine onuňky ýaly güýçli täsir edip bilmezdi, çünki, başga hiç bir adam bu şäheri onuň söýşi ýaly söýüp bilmezdi. Hakyky söýgi aýralyk tejribesini başdan geçiren söýgüdir. Çünki, aýralyk söýginiň synagy bolup, şol synagyň bar ýerinde ol kämillige ýetip bilýär.
Şäheriň ýer titremesinden soň inen syzgy-ruhy apat Saparmyrat Nyýazowyň diňe aňyna däl, eýsem aňasty dünýäsine-de siňen bolmaly. Bu betbagtçylygyň armany onuň bütin süňňüne ornaşypdyr. Şol çuňluklardaky bize nämälim metamorfozalaram Saparmyrat Nyýazowyň şäheri täzeden gurmak hyjuwyna hem yhlasyna gözbaş bolandyr. Adamzadyň durmuşyndaky hadysalary hem wakalary biz onuň düşünjesi derejesindäki iterijiler bilen düşündirmäge ram edipdiris. Bu, megerem, dogrudyr, hakykatdyr. Emma bu hakykatyň bary-ýogy birinji ýarysydyr. Hakykatyň esasy ikinji ýary adamyň aňlanylmaýan aňasty ymtylmalary bilen baglanyşykly. Olar durmuşa has güýçli, has düýpli hem has ulgamly täsir edýärler. Şu manyda Saparmyrat Nyýazowyň ömrüniň hususy tejribesinden Aşgabady döretmek gudraty gelip çykýardy.
Ikinji bir tarapdan, juda okumyş, milletiniň taryhyny bäş barmagy ýaly bilýän Beýik Serdar türkmeniň şöhratly geçmişindäki paýtagtlarynyň gözelliginiň hem at-owazasynyň diňe geçmişiň süýji ýatlamasy bolup galmagyny islemändir. Ol döwletiň ýüzüniň paýtagtdygyna, döwleti paýtagty boýunça tanaýandyklaryna hemmeden oňat düşünipdir. Diýmek, ol aň-düşünjelilik bilen paýtagty gaýtadan gurmagy ömrüniň esasy işleriniň biri hasaplapdyr. Bu günki gün biz Aşgabat sözüň hakyky hem doly manysynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň guran şäheri diýip aýdyp bileris. Özem bu işe ol indi-indiler däl-de, baryp 80-nji ýyldan başlapdy.
Paýtagtyň gözelligi – şol ýerde ýaşaýan halkyň ruhy keşbi hasaplanýar. Beýik Serdaryň paýtagty gözelleşdirmek küýsegi – halkyň ruhy keşbini gözelleşdirmek küýsegidir. Beýik Serdar paýtagtyň keşbini – halkyň ruhy dünýäsini gözelleşdirmäge segseninji ýyllarda başlapdy. Garaşsyzlygy gazanmagy bilen Beýik Türkmenbaşy paýtagty gözelleşdirmek – halkyň ruhy dünýäsini gözelleşdirmek işine düýpli girişdi we sanlyja ýylyň içinde Aşgabat şäherini ak mermere büredi.
Häzirki şäher keşbinde Aşgabadyň hut Saparmyrat Nyýazowyň paýhasy hem emri bilen gurlup başlanandygyna Serdaryň şäherkomuň birinji sekretary bolup işlän döwürlerinde amala aşyran gudratlary bilen tanşanyňda magat göz ýetirýärsiň.
Aşgabat onuň öz şäheridi, öz ojagydy. Ojagynyň ýykylandygynyň armany-da onuň ýüreginde hemişelik orun alypdy. Şu armandan çykmak onuň öňünde wezipe edip goýan esasy işleriniň biridi. Munda beýik şahsyýetiň gaýraty, çakdanaşa beýik erki, öz beslän maksadyny amal etmek hyjuwy görünýärdi. Ol hökman öz maksadyny gögerdäýmelidi. Şu tarapdan onuň bu sypaty iň beýik şahsyýetlere mahsus aýratynlyklary özünde jemleýärdi. Ol durşuna beýik Erk, durşuna beýik Gujurdy, beýik Dogumdy. Aşgabadyň ýolbaşçysy bolup işlän döwürlerinde ony tananlar Saparmyrat Nyýazowyň her gün 14-16 sagatlap işländigini haýran galmak bilen ýatlaýarlar. Hakyky gudrat, hakyky beýiklik. Ol şunça köp zähmet çekmäge nireden güýç aldyka? Bir gün däl, on gün däl, onlarça ýyllaryň dowamynda şeýle abyrsyz zähmet çekmegi gudratdan başga zat bilen düşündirmek mümkin däl. Gudratyň enesi bolsa beýik Söýgüdir, beýikligiň enesi Söýgüdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bolmasa, häzirki Aşgabadyňam bolup bilmejekdigini aýtmak açyş etmek däl. Ol sözüň hakyky manysynda Aşgabady döredijidir. Bu döredijilik işi hut şol ýyllardan başlapdy. Islendik döredijiligiň esasynda bolsa sil suwy kimin hyjuw, dyzmaç yşk ýatýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň täze eýýamyny döretmek işini täze Aşgabady döretmekden başlady. Zatlaryň hem hadysalaryň içki simwoliki jähetinden seredeniňde, munuň özi döwletiň göwresiniň esasy iki ýaşaýyş merkezini – beýnisini hem ýüregini döretmekdi. Döwletiň nyşany göwresinde paýtagt hut şu hili manylary özünde jemleýär.
Islendik ýerde ilkinjileriň döredijilik işi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Beýle döredijiligiň diňe geçenler bilen däl, eýse, esasan, soňkular bilen deňeşdirilendäki ähmiýeti kesgitleýji bolýar. Çünki uzak möhletleýin geljek hut şolaryň göz öňüne getirmeleriniň nusgasynda amal edilýär. Şonuň üçinem şeýle döredijilere intellektual-baha beriji dilde esas goýujylar, emosional-umumylaşdyryjy dilde bolsa, kerwenbaşylar, atalar diýip at berilýär.
Aşgabat şäheriniň özbaşdak durmuş-medeni barlyk hökmündäki ösüşini esasy üç döwre bölüp bolýar. Olaryň birinjisi – 1948-nji ýylyň ýer titremesine çenli bolan döwürdir. Bu birinji Aşgabat. Dünýä ülňülerinde alanyňda, munuň özi XX asyryň adaty kiçi şäheridir. Şäher diýilýän zadyň esasy ýüze çykyş görnüşi bolan binaçylyk tarapdan seredeniňde, munuň özi orslaryň kolonial arhitekturasy bilen häsiýetlenýän, orslaryň gelmegi bilen Orta Aziýanyň dürli ýerlerinde peýda bolan şäherleriň biridi. Ýer titremesinden öňki Aşgabatdan galan suratlara seredip, onda ors-kolonial ruhuň aýdyň ýüze çykmalaryny görüp bolýar. Bolşewikler gelenden soň, biraz başgaça keşpde gurlan az sanlyja binalaram şol öňki ruhy üýtgetmändir. Şäheriň bu hili ruhunda türkmen milli äheňlerine, şäher ýaşaýşynyň sazlaşygynyň türkmençe depginine, dünýäni türkmençe duýuşyna hiç hili ornuň bolmandygyny görýärsiň. Hatda, suratlarda keşbi saklanyp galan türkmenleriň ýüzünde hamana başga bir, ýat giňişlige düşen adamlaryň ahwalatyny, syzgysyny görýärsiň.
Aşgabadyň ömrüniň ikinji döwrüni özboluşly iki toparda göz öňüne getirmek mümkin. Birinjisi 1948 – 1980-nji ýyllary öz içine alýar. Munda eýýäm kolonial keşbiň deregine sowet-industrial keşp gelipdir. Özem soňky aýratynlyklar birinji bilen deňeşdirilende-de has öçük, has «ýüzsüz» görünýär. Orsyýet imperiýasynyň kolonial ruhy, geň galmaly, sowet döwrüniň aýratynlyklaryndan has goýazy hem asylbaşky nusgasy bilen özboluşly gelýär. Sowet döwründäki binalarda tutumlylyk ýok. Munuň aňyrsynda sowet-kommunistik dünýäni görşüň utilitarizmi ýatýan bolsa gerek. Degişli döwrüň binalary gyssagda, uzak geljegi göz öňüne tutmazdan, az mukdardaky serişdeleriň baryndan bazar edilip gurlana meňzeýär. Özem edil öňki döwürdäki ýaly, bulardaky binalarda hem milli äheňler kemterlik edýär. Dogry, käbir ýerlerde Gündogara kakýan zatlar göze ilýär. Ýöne bularam hakyky türkmen binagärligi däl. Çünki, birinjiden, iň bir şowly çykan diýäýjekleriňem, bolubilse, umumygündogar äheňlerini berýär. Ikinjiden bolsa, aýry-aýry arhitektorlaryň milli görnüşi berjek bolup eden çytraşmalary ýüzleý netijeleri beripdir. Milli dünýäňi aňlardan hem bererden juda daşdaky ol adamlar bary-ýogy käbir sypatlary berip bilipdirler. Bu bolsa şäheriň umumy «ýüzsüz» keşbiniň içinde doly diýen ýaly ýitip gidipdir. Özi milli bolmadyk döwletiň paýtagty-da milli şäher bolup biljek däl eken.
Sowet döwrüniň ikinji tapgyry diýilýäni özboluşly geçiş pursadyny aňladýar. Munuň özi 1980-nji ýyldan 1991-nji ýyllar aralygy bolup, sowet-utilitar ritmden hakyky milli substansiýany edinmeklige geçiş döwrüdi. Hut şol döwür hem Beýik Serdaryň täze Aşgabadyň binýadyny goýan döwrüdir.
Aşgabadyň ösüşiniň üçünji döwri, şäheriň sözüň hakyky manysynda dörän döwri 1991-nji ýyldan bäridir. Biz hut şu Aşgabadyň «ýüz keşbiniň» pelsepesini aşakda aňlatjak bolarys. Häzirlikçe bolsa hronologiýany saklap, geljekki Serdaryň Aşgabadyň ýolbaşçysy bolan wagtynyň gürrüňini dowam etdireliň.
Özüniň Aşgabady özgertmek işinde Saparmyrat Nyýazow täze dünýägaraýyşdan, ulgamlylyga eýe bolan täze pelsepeden ugur aldy (ýeri gelende aýtsak, beýik şahsyýetiň her bir ädimi täze bitewi hem ulgamlaýyn pelsepesiniň amala getirilmesidir. Özem şol düýpli esasy bilmeseň, ädilýän anyk ädimlere düşünmek hem olara baha bermek mümkin däldir. Munda dürli-dürli anyklyklaryň hem wakalardyr pursatlaryň aňyrsyndaky bitewüligi görmek şahsyýeti tanamagyň esasy şertidir). Adamyň akyl-paýhasy onuň intellektiniň, adamyň ahlaky amalyýeti onuň ruhy-emosional «içerisiniň» ýüze çykyş hadysasydyr. Edil şonuň ýaly, paýtagt hem döwletiň medeni-intellektual, medeni-syýasy gorunyň ýüze çykyşydyr. Saparmyrat Nyýazow şäher ýolbaşçysy hökmünde şeýle pelsepäni amal etmäge başlady. Ýöne başy garly owadan dagyň depesine çykmak üçin ýerden başlap, ýolda her hili çarkandaklary, kötelleri geçmeli, üsti-başyňy tot-tozana garmaly bolýar. Ýokary çykmagyň, belentlige galmagyň beden ejirini başdan geçirmeli bolýar. Düz ýerde ýeňil hereket etmäge öwrenişen bedeniňi egrem-bugram, gaýaly-kertli darajyk ýodalaryň, aýak basylmadyk maddalaryň ýadawlygyna dözmeli bolýar. Şonuň ýaly, Saparmyrat Nyýazow Aşgabady ýurduň ýüregine öwürmek hakyndaky joşgunly tutumyny amala aşyrmak üçin, 1980-nji ýyllaryň sowet-hojalyk durmuşynyň ähli talh suwy ýaly tagamynyň içinden geçmeli boldy. Şonda ol öz durmuşy özgertmek erkini kabul etmeli hem ony amal etmeli adamlar bilen iş salyşmagyň ýörelgelerini işläp düzdi we amala aşyrdy. Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçy şahsyýet hökmündäki pelsepewi barlygy şundan ybaratdy: özgerdilmeli, gurulmaly zat aýry-aýry binalardan duran şäherdi. Ine, bu onuň üçin barlykdy. Emma beýleki ýolbaşçylardan tapawutlylykda, şol işi amal etmeli adamlar weli, onuň üçin aýry-aýry obýektler däl-de, eýsem özbaşdak, gaýtalanmaz subýektlerdi. Ol işde muny adamlar bilen aragatnaşyk saklamagyň esasy maksadyna öwürdi. Şu maksat hem onuň ýolbaşçy hökmündäki işiniň üstünliginiň ilkinji gönezligi boldy. Şähere ýolbaşçylyk etmek sungaty-da subýektleri obýektlere çatmagyň, birinjileri ikinjileriň özgerdilmek işine gönükdirmegiň sungatydy. Olary biri-birine çatmagyň özi bolsa ýürekdäki hem aňdaky maksatlary amala aşyrmagyň täridi.
Saparmyrat Nyýazow şeýle içki binýat hem şeýle uzaga gidýän tutum bilen işe berk hem tutanýerli ýapyşdy. Oňa şonda içki itergi hem güýç-kuwwat berýän zatlaryň biri-de şundan ybaratdy: ol hiç kime aýtmasa-da, ýaňzytmasa-da, belli bir manyda özi üçin, öz geljegi üçin işlemelidi. Çünki geljekde özüniň tutuş döwlete, ýurda erk etmelidigini ol özüne mahsus gudratlylyk, welilik bilen ylhamly aňlaýardy. Öz şahsyýetiniň içki ýaşaýyş ýasawy taýyndan Saparmyrat Nyýazow iş kabinetine sygýan adam däldi. Onuň gujury, güýç-kuwwaty çogup çykyp, bütin şäheriň barlygyna ýaýramalydy. Şu hili içki aýratynlyk onuň iş aýratynlygyny, daşky bolşuny kesgitledi: belli-belli az wagtlar bolaýmasa, ony kabinetinde güýmenip oturan halda görmek mümkin däldi. Şäheriň ýaşaýyş-medeni ýagdaýyny, işleriň gidişini ol adamlaryň arasyna baryp, ýerlerde gözi bilen görüp bilýärdi. Bu-da onuň adatdan daşary ýolbaşçylygynyň bir sapagy boldy. «Ýolbaşçylyk iki hili bolýar» diýip, ol şol mahallaram ýöreden gündeligine ýazypdyr. Ýolbaşçylygyň biri-birinden tapawutlanýan bu iki hilini onuň köpçülik bilen aragatnaşyk saklaýşynyň aýratynlygy kesgitleýär. Bir hili ýolbaşçy bolýar, onuň iş tärinde hereket hem maksatlar aşakdan – köpçülikden ýokaryk – ýolbaşça gidýär. Munuň şeýle bolmagyna ýolbaşçynyň gowşaklygy, maksat hem pikir garyplygy sebäp bolýar. Onsoň niýeti-matlaby näçe gowy-da bolsa, ahyrky netijede beýle adamyň bitiren işi bolmaýar. Sebäbi ol özüniň däl-de, beýlekileriň erki bilen edara etjek bolup, görgi görýär. Onsoň hiç hili özgeriş, täzelik ýüze çykmaýar, işler ilerlemeýär-de, gowy bolanda, hemme zat öňki-öňküligine galýar, erbet bolanda-da ýuwaş-ýuwaşdan dargap ugraýar. Sowet ulgamy hut şu hili ýolbaşçyny terbiýeledi hem ony gowy gördi.
Emma başga bir hilli ýolbaşçy bar, onuň iş usulynda hereket, işleri ilerletmek, özgertmek, edara etmek işi ýokardan aşak ýaýraýan görnüşinde bolýar. Şonda aşakdaky köpçülik ýolbaşçynyň anyk hem berk ýörelgeleriniň esasynda bitewi bir göwrä, anyk maksatlary amala aşyrmagyň bir ulgamyna hem bitewüligine öwrülýär. Şeýle bolanda, täzelik hem döreýär, iş hem ýöreýär.
Elbetde, beýle iş usuly hezillikli, agyrysyz hem aňsat bolup geçmeýär. Adamlar hil-hil. Dürli sebäplere görä, olaryň belli-bellileri ýokardan gelýän erki kabul etmäge ukypsyz ýa-da meýilsiz bolýar. Şonda ýolbaşçy öz erkini durmuşa geçirmek üçin hiç hili böwet bilen barlyşmaly däl. Onuň talapkärligi gerek ýerinde aýlawlylyk, çeýelik bilen utgaşmaly, ýöne ol hökmany suratda öz erkini berk hem yzygider amal etmeli.
Saparmyrat Nyýazow şol, ikinji röwüşdäki ýolbaşçylardandy. Şäher ýolbaşçysy hökmünde ol üç sany aýratyn sypata eýedi. Birinjiden, ol nämäni üýtgetmelidigini bilýärdi. Ikinjiden, nädip üýtgetmelidigini gaty oňat hem takyk göz öňüne getirýärdi. Şu ýerdäki «nädip» diňe bir özgertmegiň tärlerini däl, eýsem amatly wagtyny-da öz içine alýar. Üçünjiden, onda amala aşyrylmaly özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin uly hem mizemez erk bardy. Şu üçlügiň jeminden Saparmyrat Nyýazowyň uly üýtgedip gurujy hökmündäki şahsyýeti kemala gelýärdi.
Ol özüniň gündelik işine, soňy hasylly geljek hysyrdyly işine yhlas bilen baş goşdy. Gegeliň pelsepewi açyşlaryna esaslansaň, ol mukdar hysyrdylary belli bir çäge baranda, bütinleý täze hili kemala getirmelidi. Bu şeýle hem boldy.
Saparmyrat Nyýazow özüniň ýolbaşçylyk hem guramaçylyk gujuryny Aşgabat şäheriniň keşbini özgertmäge hem-de adamlaryň durmuş-güzeran şertlerini gowulandyrmaga gönükdirdi. Bu ugurlarda bolsa päsgelçilik hem böwet näçe diýseň bardy. Ýeterlik ykdysady esasy bolmasa-da, «adamy iş bilen üpjün etmeli» diýen boş syýasy ýörelgä eýerip, sowet ulgamynda ösüş üçin hiç hili ähmiýeti bolmadyk edaralaryň işgärlerini saklamak üçin ägirt uly maliýe serişdeleri sarp edilýärdi. Bu bolsa jemgyýetiň ykdysady esasyny opurmakdy. Şäheriň gurluşyk ulgamynda gerekmejek, birgiden peýdasyz edaralar saklanylýardy. Iş etmäni – etmäni, üstesine, olar özleriniň durmuşa ýaramsyz, şäheriň keşbiniň özgermegine hiç hili goşant goşmaýan her hili «taslamalary» bilen işe päsgel berýärdiler. Şuny göz öňüne tutup, Saparmyrat Nyýazow gurluşyk taslamalaryny hem olary amal etmegiň tärlerini hut özi düzüp başlady. Elbetde, bu şol adamlaryň gözi bilen seredeniňde, özdiýenlilik bolup görünýärdi.
Saparmyrat Nyýazow öz golastynda işleýän adamlaryň iş usullaryny we olaryň işine gatnaşygyny özgertmekden başlady. Ol ýokary intelligentligi, adamkärçiligi, işe hyjuwlylygy, işini başarýanlygy bilen şahsy görelde boldy. Adamlar bilen ýürekdeş hem ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolnanda, olaryň hakyky hajatlaryny hem isleglerini bilip bolýandygyny, diňe şonda olaryň işiň bähbidine boljak işe döredijilikli çemeleşmäni oýaryp bolýandygyny ol işgärlerine düşündirýärdi. Işe başlan ilkinji günlerinden adamlar öz aralaryna bütinleý täze sypatly ýolbaşçynyň gelenini görüp, muňa gaty begenipdiler.
Ol ýönekeý adamlaryň hal-ahwalyny bilmegiň möhüm serişdesi bolan şahsy duşuşyklary, adamlardan hat hem şikaýat kabul etmegi ýola goýdy. 1981-1983-nji ýyllarda Aşgabat şäher ýolbaşçylygyna 3 müňden gowrak hat gelip gowşupdyr. Olaryň köpüsi-de ýönekeý adamlaryň durmuş-güzeran hajatlary, ýaşaýyş şertleri bilen baglanyşyklydy. Şonuň üçinem Saparmyrat Nyýazow aşakdaky ýolbaşçy işgärleriň geldi-geçerligine, päsgelçiligine, yza çekdirmelerine garşy berk göreş alyp bardy. Onsoň şäherliler onuň özleriniň hak howandarydygyna iş ýüzünde göz ýetirdiler. Olaryň köpüsi bolsa özara gürrüňçilikde bütin ýurda şunuň ýaly ýolbaşçynyň gerekdigini aýdýardylar.
Emma şol wagtky durmuşyň hem ýagdaýlaryň mümkinçilik berýän şeýle adaty işinden başga has düýpli taslamalaryň amala aşyrylmagy gerekdi. Ýöne beýle taslamany, alaga-da, amal etmek mümkin däldi. Çünki sowet ulgamynyň janly işiň barşyny kössekleýän bolgusyz ýazylmadyk kanunlary bardy.
Saparmyrat Nyýazow aýlawly hem çeýe ýolbaşçy hökmünde şeýle göçüm etdi: ol sowet ulgamynyň dabaralara berýän ähmiýetini işiň bähbidine peýdalanmaly diýen netijä geldi, ýagny, ulgamyň gowşaklygyny hakyky gowşaklyklary aradan aýyrmaga hyzmat etdirmeli diýen pikire geldi. Onsoň ol 1981-nji ýylda Aşgabadyň 100 ýyllygyny bellemek pikirini öňe sürdi. Şeýdip şäherde adatdan daşary özgertmeleri amala aşyryp boljakdy. Aslynda weli, öz ýanyndan Saparmyrat Nyýazow Aşgabadyň ýüz däl-de, müňlerçe ýyllyk ýaşynyň bardygyny hemmelerden oňat bilýärdi. Emma şol wagt şuny aýdyp gör, milli hakyda garşy göreşýän sowet ulgamynda şeýle hakykaty tekrarla bakaly, näme görersiň! Özgertmäge mümkinçilik almakdan-a geçen, öňküjäňem ýitirersiň.
Saparmyrat Nyýazowyň eden göçümi şowly boldy, atan oky nyşana degdi. Ýogsa-da... «Dile geldi, bile geldi» diýen ýaly, nyşana hakynda. Bir parasatly kişi adaty zehinli adamlar bilen genileriň aratapawudyny şeýle göz öňüne getiripdir: bularyň bary-da haýsydyr bir zady nyşana alýarlar, ony urýarlaram. Ýöne zehinli adamyň nämäni nyşana alýandygynam, ony urýandygynam onuň özem görýär, adamlaram. Geniniň bolsa nyşanasynam, urşunam onuň diňe özi görýär. Edil şonuň ýaly, şol döwürde Saparmyrat Nyýazowyň nyşanasynyň şäheriň ýubileýini bellemek hem ony şäheri abadanlaşdyrmakda ulanmak däl-de, eýsem täze döwletiň täze paýtagtynyň düýbüni tutmak ekendigini biz indi-indi bilip galýarys.
Saparmyrat Nyýazow öz zandy boýunça çeýe syýasatçy diýýäris. Eýse çeýelik näme? Çeýelik – peýdaly hiledir. Biziň milli şahyrymyz Magtymguly:
Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde,
Ony başarmaga kişi gerekdir
– diýip janygýar. Janykmasynyň aňyrsynda köne türkmen dessurýetiniň syýasy babatda gönümelligi ýatyr, ol gönümellik «batyrlyk» düşünjesinde aňladylypdyr. Emma jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň çylşyrymlylygynyň aýlawlary batyrlygy yzyny tapmaz ýaly edýär. Onsoň çykalga hökmünde başga çykalga – hile öňe sürülýär. Hile manysyndaky çeýelik-aýlawlylykdyr. Çeýeligiň esasy syýasy-usulyýet gymmaty garşydaşyň seniň ädýän ädimiňi özi babatdaky barlyşyk hökmünde kabul etmegidir. Ol seniň ädýän ädimiňi özüne düşnüksiz bir serişde hökmünde däl-de, seniň ahyrky maksadyň hökmünde kabul etmelidir. Diňe şonda çeýelik iş ýüzünde işläp bilýär. Garşydaşyň şu hili başyny aýlamak üçin bolsa sen öz hakyky ýüzüňi gizlemeli ýa-da iň bolmanda, oňa düşnüksiz, ýöne gorkuly däl düşnüksiz şekilde bolmaly. Soň boljak iş bolandan soň oňa ýeňilenini boýun alaýmak galýar.
Aşgabadyň 100 ýyllygy diýilýän Saparmyrat Nyýazowyň şu hili ädimidir. Sowet ulgamy şeýle dabaradan «şäheriň düýbüni orslar tutupdyr» diýen özüne ýakymly bir manyny alýardylar. Şeýle ýakymlylyga imrinibem, bu işe rugsat berdiler.
Saparmyrat Nyýazowyň welin öz maksady bardy. Ol adaty ýagdaýda asla berilmejek maliýe serişdelerini hem ygtyýarlyk mümkinçiliklerini aldy hem olary öz mähriban şäherini özgertmäge gönükdirdi. 1981-nji ýylda süýt zawody, 4 müň nomerli awtomatiki telegraf stansiýasy guruldy we işe girizildi. Nah-mata kombinatynyň durkuny täzelemegiň 1-nji tapgyry tamam edildi. Aşgabatlylaryň 800 maşgalasy täze jaý edindiler. «Gülüstan» söwda merkezi, 320 orunlyk çagalar bagy we 1,2 müň orunlyk mekdep açyldy. Birnäçe edaralaryň – medinstitutyň, taryhy muzeýiň, «Kolhozçy» myhmanhanasynyň, «Çagalar dünýäsi» magazininiň durky täzelenildi. Şäheriň demirgazygynda şähere girmezden, göni geçmäge mümkinçilik berýän şaýol, günortasynda bolsa Arçabile barýan gara ýol guruldy. Ikinji demir ýol nagymy açyldy. Şäheriň onlarça köçeleri, seýilgähleri täzeden guruldy. Şeýle-de 100 çüwdürim meýdançasy peýda boldy. «Kosmos» kinoteatrynyň öňünde, «Bahar» kinoteatrynyň bosagasynda, Aşgabadyň 100 ýyllygy seýilgähinde, 9-njy etrapçada we Howdanda täze çüwdürimler peýda boldy. Şäheriň ençeme köçesinde kafeler guruldy.
Şol döwürde esasy edilen işleriň biri-de şol wagtky Aşgabadyň görküni täzelän 100 çüwdürim meýdançasydyr. Saparmyrat Nyýazow bu pikirini amal etmek üçin pul serişdelerini tapdy, taslamaçylaryň taslamalaryna düýpli düzedişler girizdi. Şeýle çüwdürim gür ilatly etraba sözüň hakyky manysynda howa ýaly zerurdy.
Şol ýubileý ýylynda şäherde 38 sany kotelnýa, 15 kilometrlik ýylylyk seti, 110 sany ýaşaýyş jaýy düýpli bejerildi. 2 müň öýe gaz çekildi.
Bu zatlaryň bary Saparmyrat Nyýazowyň täze Aşgabadyň düýbüni tutmak pikiriniň onuň zandy çeýeligi mynasybetli birden, bir tutumda amala aşyrylmasy boldy. Bu onuň şahsyýetiniň has çylşyrymly jemgyýetçilik-syýasy, döwlet-syýasy durmuşyna ukyplylygynyň aýany boldy. Eýse syýasy şahsyýetiň durmuşa ukyplylygy näme? Munuň özi saňa berlen hakyky ýagdaýyň bütin çylşyrymlylygynda, hatda amatsyzlygynda öz-özüňi, öz maksatlaryňy ykrar etmek başarnygydyr.
Ýubileýden soňam Saparmyrat Nyýazowyň şäheri özgertmek, ulaltmak işi ýokary depginlerde dowam etdi. 1982-nji ýylda şäherde birbada 200 sany bina gurlupdyr. Onuň ýolbaşçylygynda Aşgabatda täze uly etrap – «Parahat» etraby gurlup başlandy. Munuň özi Aşgabatda öň gurulmadyk köpgatly jaýlardan ybarat, tüýs häzirki zaman diýdirýän, şäheriň industrial ösüşinde bütinleý täze bir etrapdy. Netijede, 1981-nji ýyldan 1985-nji ýyla çenli şäheriň ýaşaýyş-jaý gaznasy iki esse artypdyr.
Emma Saparmyrat Nyýazowyň tutumlary has uludy. Onuň başlyklyk etmeginde şäheriň ispolkomy, arhitektorlary, gurluşyk edaralary Aşgabadyň durmuş-ykdysady ösüşiniň baş meýilnamasyny işläp düzüpdiler. Netijede, 1984-nji ýylyň iýun aýynyň ýedisinde SSKP MK we SSSR Ministrler Soweti «1985 – 1990-njy ýyllarda Aşgabadyň şäher hojalygyny mundan beýlägem ösdürmek barada» karar kabul edipdir. Munuň özi uly üstünlikdi. Bu üstünlik S.Nyýazowyň ýolbaşçy hökmündäki erkiniň hem gözýetimleriniň giňliginiň subutnamasy bolupdy.
Elbetde, şäheri bütinleý täze şäher etmek üçin onuň ykdysadyýetini dolandyrmagyň mehanizmini bütinleý täzeden gurmalydy. Emma bu eýýäm şäher ýolbaşçysynyň ygtyýarlyklarynyň çäginden çykýardy. Ýöne, esasy zat, şol ýyllardaky döredijilikli hem özgerdijilikli zähmeti Saparmyrat Nyýazowyň öz gabarasy boýunça has uly ygtyýarlyklara mynasyp adamdygyny subut etdi. Bu syýasy meseledi, oňa diňe hojalyk däl, syýasy ygtyýarlyklar gerekdi.
Şäheriň iň wawwaly ýerleriniň biri ýerasty suwlaryň ýokary galmagy bolupdy. Garagum derýasy gelip, şäheriň töwereginde ekin meýdanlarynyň giňelmegi bilen baglanyşykly suwdan bisarpa hem emelsiz peýdalanylmagy ýerasty suwlaryň ýokary galmagyna getiripdi. Bu bolsa ýerasty aragatnaşyga, senagat kärhanalarynyň ýerasty enjamlaryna, ýaşaýyş jaýlarynyň binýatlaryna uly zeper ýetirýärdi. Şäheriň arassaçylyk-saglyk ýagdaýyna, binalaryň hem-de desgalaryň seýsmiki durnuklylygyna, şäheri bag-bakja büremek işine ýaramaz täsir edýärdi. Şol wagtlar Garagum derýasynyň nogsanlyklaryny gozgamak howply işdi. Sebäbi bütin ýurt şu kanal arkaly türkmeni bagtly etdik diýip aýdym aýdýardy. Emma şonda-da Saparmyrat Nyýazow hapa suwlary şäheriň daşyna çykarmak, ýerasty suwlaryň derejesini aşak düşürmek meselesini, kanalyň kenarlaryny berkitmek meselesini gozgap, birnäçe gezek çykyş edipdi. Bu meseläniň iş ýüzündäki çözgüdine bolsa ol Garaşsyzlyk ýyllarynda ymykly girişdi.
Saparmyrat Nyýazow bary-ýogy 4 ýyla golaý wagt Aşgabat şäheriniň ýolbaşçysy bolup işledi. Şeýle az möhlete garamazdan, ol Aşgabadyň täze ömrüni açdy. Ol şäheri hakyky häzirkizaman şäherine öwürmek işini başlady. Onuň bu işde irginsizligine, hiç bir kynçylykdan gaýtmaýanlygyna bir waka janly şaýat bolýar: türkmenistanly esgerlere gurlan ýadygärligiň ýüzüne gyzyl mermer çekmek üçin gerek bolan materiallary gözläp, onuň hut özi Ukrainanyň paýtagty Kiýewe gitmäge ýaltanmandyr. Mermerler getirilipdirem, ýadygärligiň keşbi düýpgöter täzelenipdirem.
Ýapyşýan işiň şowly bolmagy üçin her bir işde öz hiläň, gatanjyň bolmaly. «Hile» sözi bu ýerde oňyn bähbit manysynda gelýär. 1941 – 1945-nji ýyllaryň ýowuz urşunda Saparmyrat Nyýazowyň öz mähriban kakasy-da gurban bolupdy. Şonuň üçinem ol gahrymanlaryň ýadygärligini mynasyp ýadygärlige öwürmek işi Saparmyradyň ogullyk borjy bilen baglanyşyp gidýärdi. 1948-nji ýylda ýykylan şäheri dikeldende, ol öz ojagyny dikeldýän adamyň duýgularyny başdan geçiripdir.
Aşgabadyň ýolbaşçysy bolan ýyllarynda iş bilenem, işden boş wagtlary hem Saparmyrat Nyýazow şäheriň dürli ýerlerini aýlanyp görmegi halaýan eken. «Hem daýymlara barýan, hem atyma baş öwredýärin» diýen ýaly, ol şeýtmek bilen diňe öz wezipe-borçlaryny ýerine ýetirmän, eýsem ýüreginiň duýgy hajatlaryny-da kanagatlandyrypdyr. Gürrüň onuň ýürek ýatlamalary hakynda barýar.
Aşgabat şäheri Saparmyrat Nyýazow üçin daşky dünýä däl-de, içki barlykdy, özüniň içki barlygynyň maddylaşmasydy. Adamyň ruhunyň nukdaýnazaryndan, munuň özi onuň şahsyýetiniň möhüm aýratynlygydyr. «Dünýä» bilen «barlygy» pelsepewi manyda düýpli tapawutlandyrmak mümkin. Dünýä – daşky zat, emosional tarapdan şahsyýete ýat zat bolup biler. Dünýä bary-ýogy daşky obýektlerden durýar. Obýekt bu ýerde türkmen dilindäki ýöne san, «gury san» aňlatmalary bilen manydaş gelýär. Barlyk bolsa her tarapy, her jäheti boýunça şahsyýetiň ykbaly, syzgylary, şatlygy-gynanjy bilen baglanyşykly giňişlikdir. Şu manyda Aşgabat Saparmyrat Nyýazow üçin barlyk mekanydyr. Ol şäheriň giň-u-dar, döwrebap-u-yzagalak köçelerini aýlanýarka, her gezek öz çagalygyny, şol ýer titremeli gijäni biygtyýar ýada salýardy. Ol Aşgabadyň hemmelere görünmeýän, bildirmeýän hususy barlygyny – ekzistensiýasyny duýýardy. Munuň özi mähriban käbäňi gören ýalydyr. Şonça ýyllaryň içinde şäheriň ykbalyndaky özgerişler onuň öz ykbalynyň wakalary bolup birme-bir göz öňünden geçýärdi. Ol hemişe Aşgabadyň mährem ene kalbynyň ýylysyny duýýardy, bu kalbyň ýyly mährine çoýunyp, öz gündelik işleri üçin gujur-gaýrat edinýärdi.
Aşgabat bilen ýüzbe-ýüzlük onuň üçin geçmişe gitmegiň pursady we puryjasydy. Şeýdip, ol öz ykbalynyň bitewüligini hem bakylygyny aňlaýardy. Her gezekki şeýle içki, «ylahy» duşuşykdan hakyky durmuşa gaýdyp gelende, ol şäheriň durkuny özgertmegiň täze bir pikirini edinýärdi. Köplenjem, baryp 40 ýyla golaý mundan ozalky ýer titremesinden bäri külbe bolup oturan jaýlary görende, öz ogullyk borjuny has ýiti duýýardy. Şonda şu şäheriň, şu milletiň hatyrasyna bolmaly geljek has anyk hem has aýdyň görnüşe eýe bolýardy. Ýönekeý adamlardan tapawutlylykda, bu Beýik Ogul üçin geljek diňe mümkinçilik däl-de, eýse borçdy.
Öz halky üçin ýokary göterilmek onuň üçin borçdy.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň partiýanyň Aşgabat şäherkomynyň birinji sekretary bolup işlän ýyllary bilen tanyşsaň, bu beýik şahsyýetiň durmuşa geçiren işleriniň abyrsyz ululygy, köplügi, geriminiň giňdigi, gysga döwür içinde ol çäreleri amala aşyrmaga nädip ýetişendigi haýrana goýýar. Gije-gündizki aladalardan daşgary Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýygnaklara gatnaşyp, olarda döwlet, il-gün ähmiýetli meseleleri gozgaýar, şeýle hem şol gozgan meseleleriniň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmäge-de wagt tapýar.
Ine, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şol döwürde nähili aladalar bilen ýaşandygyny, işländigini görkezýän käbir pursatlar:
* * *
1981-nji ýylyň maý aýynyň 14-i.
Onunjy çagyrylyş Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň üçünji sessiýasy açyldy. Sessiýada Farap – 310-njy saýlaw okrugy boýunça S.A.Nyýazow çykyp gepledi.
S.A.Nyýazow çykyşynda şäheriň remont-gurluşyk trestini kommunal hojalyk ministrliginiň ulgamyndan gös-göni şäher sowetiniň tabynlygyna bermek hakyndaky, şeýle hem Aşgabatda Türkmenglawenergonyň ulgamynda energiýa bilen üpjünçilik pudaklarynyň we energiýa setleriniň gurluşygy hem-de rekonstruksiýasy boýunça ýöriteleşdirilen edaranyň döredilmegi hakyndaky meselä garamagy haýyş edip, respublikanyň ministrler sowetine ýüzlenýär we özüniň bu teklipleriniň amala aşmagynyň şäherde işleriň sazlaşykly ýola goýulmagyna oňyn täsir etjekdigini birin-birin deliller bilen düşündirýär.
* * *
Dekabr aýynyň 25-i.
Aşgabat şäherkomynyň birinji sekretary S.A.Nyýazow özüniň «Bir bütewi maşgalada» atly makalasynda Aşgabat şäheriniň döredileniniň 100 ýyllygy hakda söhbet açýar. 100 ýyllyk dabara mynasybetli şäherde köp sanly binalaryň gurulmagyny, köp sanly çäreleriň durmuşa geçirilmegini gazanýar.
* * *
1982-nji ýylyň iýun aýynyň 16-sy.
TKP MK-nyň VII plenumynda S.A.Nyýazow söz sözledi. S.Nyýazowyň çykyşy «Azyk maksatnamasy hemmeleriň we her bir adamyň işidir» diýlip atlandyrylýar.
Onda S.Nyýazow oba bilen şäheriň özara hyzmatdaşlygyny gowulandyrmak hakda anyk teklipleri öňe sürýär. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň kärhanalarynyň ýedisinde oba hojalygy üçin wentilýatorlaryň, maldarçylyk pudaklary üçin iýmitlendirijileriň, howa çalşyryjylaryň hem-de sanitariýa-tehniki önümleriň, keçeleriň, silikat we keramiki kerpiçleriň, gurluşyk hekleriniň, suw geçirijileriň öndürilýändigi we obalara islegler boýunça ugradylýandygy hakda aýtdy. S.Nyýazow sözüniň soňunda oba bilen şäheriň ýakyn hyzmatdaşlygynyň ýurduň gülläp ösmegine önjeýli täsir etjekdigini belledi.
* * *
Dekabr aýynyň 4-i.
S.Nyýazow Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň onunjy çagyrylyş Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň altynjy sessiýasynda Türkmenistanyň paýtagtynyň ykdysadyýetini ösdürmek, onuň ähli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakda çykyş edýär.
Şäher bu ýyl önüm öndürmek baradaky 11 aýlyk tabşyrygy möhletinden öň, noýabr aýynyň 25-ne ýerine ýetiripdi. Ýylyň başyndan bäri 5 million manatlyga golaý meýilnamadan daşary önüm öndürildi. Döwlet hil nyşanly önümleri çykarmagyň möçberi boýunça bellenilen tabşyryklar ýerine ýetirilýär.
* * *
1983-nji ýylyň dekabr aýynyň 3-i.
Partiýanyň Aşgabat şäherkomynyň hasabat-saýlaw konferensiýasy boldy. Konferensiýada S.Nyýazow hasabat bilen çykyş etdi.
S.Nyýazow guramaçylykly, ýadawsyz zähmetiň, irginsiz gözlegleriň netijesinde şäherde senagat önümçiliginiň möçberiniň 12 göterimden gowrak artandygy, netijede meýilnamadan daşary 25 million manatlykdan gowrak önüm öndürilenligi, iň esasy hem aşgabatlylaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylýandygy hakda aýtdy. S.Nyýazow ýolbaşçylaryň, hökümetiň baş aladasynyň zähmetkeşler hakdaky alada bolmalydygy, şäherkomyň adam aladasyny baş aladasy hasap edýändigi, ýaşaýjylaryň ýaşaýyş jaý-durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, işden soň medeniýetli dynç alynmagyna oňyn şertleri döretmek üçin köp sanly çäreleri durmuşa geçirilendigi hakda nygtady.
Geçen döwür içinde sehleriň 13-si kompleksleýin mehanizasiýalaşdyryldy. Awtomatlaşdyrylan we mehanizmleşdirilen liniýalaryň 28-si işe girizildi. Ykdysady netijeliligi bir ýarym million manatlyk bolan ylmy-tehniki çäreleriň 478-si durmuşa geçirildi, täze önümleriň 758 görnüşiniň önümçiligi özleşdirildi. Senagat önümçiliginiň artyşynyň 81 göterimi zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna alyndy. Häzirki wagtda önümleriň 270-si döwlet hil nyşany bilen çykarylýar. Munuň özi bäş ýyllygyň başyndaka garanda bir ýarym esse köpdür.
Gurluşykçylar üç ýylyň içinde 220 million manatlyk düýpli maýa goýumlaryny özleşdirdiler, senagat, kommunal we medeni-durmuş hajatlary üçin niýetlenen binalaryň 145-sini, 315 müň inedördül metrlik ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga tabşyrdylar. 1980 – 1981-nji we 1982-nji ýyllarda Bütinsoýuz sosialistik ýaryşda gazanan üstünliklerimiz üçin Aşgabat şäheri SSKP MK-nyň, SSSR Ministrler Sowetiniň, WSSPS-iň we WLKSM MK-nyň göçme Gyzyl Baýdaklary bilen sylaglanyldy
* * *
1986-njy ýylyň ýanwar aýynyň 17-si. TKP MK-nyň XXIII gurultaýynda TKP MK-nyň birinji sekretary S.A. Nyýazow çykyş etdi.
...Soňky ýyllar oba hojalygyndaky kemçilikleri ýok etmek barada birnäçe çäreler görüldi.
Şol çäreler köp ýyllaryň içinde toplanan ýaramaz hadysalaryň hemmesini öz içine asla alyp bilmedik-de bolsa, şu gün şol görlen çäreler käbir oňat netijeleri berdi diýip belläp geçmek bolar. 1985-nji ýylda pagtanyň rekord hasyly – 1 million 287 müň tonna hasyl ýygnaldy, mekdep okuwçylarynyň oba hojalyk işlerine çekilmegi örän kemeldi, ekerançylyk işleriniň mehanizasiýalaşdyrylyşynyň derejesi ýokarlandy, oba hojalyk işleri geçirilen mahalynda aldatmak we gözboýagçylyk etmek hadysalaryna garşy göreş güýçlendi.
Şunuň bilen birlikde geçen ýyl Mary oblasty, on bir raýon we 130-dan köpräk hojalyk döwlete pagta satmak meýilnamasyny ýerine ýetirip bilmedi. Oba hojalyk öňümleriniň birentek görňüşlerini öňdürmek baradaky meýilnamalar ýerine ýetirilmedi, ekin dolanyşygy özleşdirmekde, suwarymly ýerleri, suwy, dökünleri, tehnikany peýdalanmakda uly kemçilikler ozalkysy ýaly dowam edýär.
Oba hojalyk öňümçiliginiň beýleki pudaklarynda-da goýberilen säwlikler köp. Respublikanyň hojalyklarynyň däne, gök önümleri, bakja ekinleriniň öňümleri, üzüm we miweler öňdürmek boýunça Azyk maksatnamasynyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilýändikleriniň maglumaty bilen mundan artyk razylaşmak bolmaz...
Melioratiw we irrigasion gurluşygyň derejesiniň respublika üçin aýratyn ähmiýeti bardyr.
Şu işi täze derejä ýokary götermegiň derwaýys zerurlygynyň wagty ýetdi. Suwaryş kanallarynyň ýagdaýynyň ýaramazlygy, kollektor-drenaž seti bilen üpjünçiligiň pesligi, olaryň ulanylyşynyň we olara tehniki taýdan hyzmat edilişiniň kanagatlanarly däldigi, suwarmak we suwdan peýdalanmak düzgünleriniň bozulýanlygy zerarly respublikanyň ençeme raýonlarynda we aýratyn hem Mary we Aşgabat oblastlarynda ýerasty suwunyň derejesi ýokary galdy, ýerleriň şorlamagy güýçlendi, munuň özi bolsa bütin ekerançylyga ymykly zyýan ýetirýär...
Artdyryp ýazmak, aldatmak we gözboýagçylyk etmek nogsanlyklary ymykly ynjalyksyzlyk döredýär.
Bäş ýylyň içinde hojalyklaryň ýolbaşçylarynyň çalşyrylmagy 50 göterimdenem köpräk boldy. Oba hojalyk hünärmenleriniň birenteginiň bilim we hünär derejesi häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmeýär, orta zwenonyň hünärmenleri ýetmezçilik edýär. Brigadirleriň arasynda diňe 27 göterimi bilimli hünärmen.
MK-nyň Býurosynyň, Sekretarynyň Saglygy saklaýşy ösdürmek bilen ýeterlik meşgul bolmandyklaryny boýun almak gerek. MK-nyň ylym we okuw jaýlary bölümi üstüne ýüklenen meseleleri çözmekde gowuşgynsyzlyk görkezýär. Şunuň netijesinde respublikanyň ilatyna lukmançylyk taýdan hyzmat edilişinde, lukmançylyk edaralarynyň maddy bazasyny ösdürmekde düýpli kemçilikleri bar.
Şunuň bilen birlikde, işgärler barada geçirilýän işde düýpli kemçilikler we säwlikler hem bar. Şol kemçilikler we säwlikler hakynda geçen ýyl XX plenumda jikme-jik gürrüň edilipdi. Şuňa garamazdan, kadrlar baradaky syýasaty amala aşyrmakda entek örän köp kemçiliklere ýol berilýändigini şu gün biz boýun almaga mejburdyrys. Işgärleri şahsy wepalylyk, dogan-garyndaşlyk, ildeşlik alamatlary boýunça ýokary çekmek ýagdaýlary ýok edilenok. Şu esasda bolsa kowumdaşlyk, ýaranjaňlyk, wezipeparazlyk ýüze çykýar, talap ýetmezlik ýagdaýyny döredýär, ýaraňjaňlyk we jogapkärsizlik emele gelýär. Ahyrky netijede bolsa munuň özi işde opurlyşyklara, her tüýsli hyýanatçylyklara we başga hili ýaramaz hadysalara alyp barýar.
* * *
1986-njy ýylyň aprel aýynyň başy SSKP MK-nyň XXVII gurultaýy bolup geçdi. Şol gurultaýdaky çykyş Beýik Serdaryň şol döwürdäki oý-aladalaryny has açyk görkezýär. Ine, çykyşdan bir parça:
Ýetmişinji ýyllar bilen segseninji ýyllaryň sepgidinde bizde işgärleriň şahsy wepalylyk, ildeşlik alamatlary boýunça işe çekilmegine ýol berildi, bu bolsa öz nobatynda ýaranjaňlygyň, wezipeparazlygyň ýaýramagyna getirdi, birek-birege kepil bolmak, hyýanatçylyk etmek, işgärlerden talap etmezlik, jogapkärçiliksizlik ýagdaýyny döretdi. Ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň, işgärleriň iş ýerini üýtgetmegiň wajyp meseleleri köpçüligiň pikiri nazara alynman, köplenç birinji ýolbaşçylar tarapyndan özbaşdak çözüldi.
Soňky alty ýylyň içinde respublikan partiýa guramasynyň işine dürli ugurlar boýunça SSKP MK-da iki gezek garalan we kadrlar syýasatyndaky kemçilikler bize görkezilen hem bolsa, şundan degişli netijeler çykarylmady.
... Meniň şeýle bir zat dogrusynda aýdyp geçesim gelýär. Gurultaýyň öň ýanyndaky döwürde respublika ýolbaşçylyk edip başlan işgärler bolan biz salgyma çapmaýarys, kynçylyklary, soňky ýyllaryň içinde toplanan ýaramaz hadysalary sadalaşdyrmaýarys. Tertibi ýola goýmak, häzir partiýada emele gelip başlaýan uslyby ornaşdyrmak üçin uzak wagtlap we kyn iş alyp barmaly boljakdygyny bilýäris. Şoňa görä-de, biz şeýle ýagdaýy gazanmak üçin ähli güýjümizi goýarys.
Gazdaky metanyň we propanyň her ýyl iki million tonna golaýy ýangyç hökmünde ýakylýar. Munuň özi himiýa, mikrobiologiýa senagaty we senagatyň beýleki pudaklary üçin örän gymmatly çig maly ahyryn.
Respublikan organlar gazy gaýtadan işlemek üçin bizde gaz-himiýa toplumyny gurmak, şonuň esasynda plastiki massalary, polietileni we ýurda gerekli beýleki önümleri alar ýaly önümçilikleri döretmek hakyndaky meseläni telim gezek goýdular. Munuň özi biziň respublikamyzda bu çyg maly çykarmak we senagat esasynda işlemek baradaky hojalyklarynyň ýurduň beýleki raýonlaryndan azdygy üçin hem maksada laýykdyr.
* * *
1987-nji ýylyň awgust aýynyň 8-i. TKP MK-nyň VIII plenumynda Beýik Serdar soňky bir ýarym ýylda senagat önümçiliginiň depginleriniň 7,8 göterim artandygyny, 1986-njy ýylda oba hojalygynyň jemi önüminiň ortaça ýyllyk görkezijiden 8 göterim ýokarlanandygyny, galla, bakja ekin önümleriniň, üzüm, et, süýt, ýumurtga taýýarlamak baradaky meýilnamalaryň artygy bilen amal edilendigini nygtady. Bu görkezijileriň gazanylmagynda Beýik Serdaryň yhlas-tagallasy uludyr.
* * *
1988-nji ýylyň noýabr aýynyň 25-i.
TKP MK-nyň XIII plenumy bolup geçýär. Plenumda S.A. Nyýazow ýurt ýolbaşçylaryny täzeçe işlemäge çagyrýar.
Biziň hemmämiziň demokratiýa medeniýetini öwrenmegimiz, adamlaryn, zähmetkeşler kollektiwleriniň pikirini diňlemegimiz, kararlar işlenilip taýýarlanylanda ony nazarda tutmagy öwrenmegimiz gerek.
Elbetde, biz bir duran ýerimizde durmaýarys. respublikada üýtgedip gurmagyň ähli ugurlary boýunça uly iş geçirilýär. Emma etmeli işler has-da köp.
Deslapky maglumatlara görä, bäşýyllygyň başyndan bäri öňdürilen milli girdeji şu ýylyň ahyryna çenli 15 göterim artar. Munuň respublikanyň ähli XI bäşýyllykda gazanan netijesinden ýokarydygyny belläp geçeýin.
Her bir adamyň üýtgedip gurmaga goşýan goşandyna baha bermegiň, batyrgaýlyk, döredijilik gatnaşygyny, täze wezipeleri işjeň we oňat hilli çözmek ukybyny görkezýän adamlary görmek we ýokary çekmek başarnygynyň respublikanyň her bir partiýa komitetiniň, partiýa guramalarynyň, her bir aşaky zwenosynyň aýrylmaz sypaty bolmagyny gazanmagymyz gerek.
Respublikada ilerlemeler bar, ilerlemeler hem kiçi däl. Sagdyn jemgyýetçilik ýagdaýy dikeldilýär, üýtgedip gurmak, täzelemek pikiri adamlaryň, ýönekeý zähmetkeşleriň aňyna barha çuň ornaşýar.
Şu ýagdaýy geljekde hem pugtalandyrmak, güýçleri jebisleşdirmek, kämil däl garaýyşlaryň, men-menlik we beýleki meýiller, hoşniýetsizlik, aç-açan tankyt etmezlik sebäpli döreýän beýleki pikirleriň aramyza aralaşmagyna ýolbermezlik örän möhümdir. Biz diňe halkyň guramaçylyk, syýasy agzybirligi esasynda gazanylan netijeleri pugtalandyryp, kynçylyklary ýeňip geçip, täze sepgitleri öňde goýup çözüp bileris.
* * *
1989-njy ýylyň ýanwar aýynyň 26-ysy.
Beýik Serdaryň TKP MK-nyň XIV plenumynda eden çykyşyndan:
Jemgyýetçilik durmuşyndaky täze zadyň köne zat bilen utgaşýan, kämahallar çalt üýtgeýän şertlerinde iş tejribesiniň ýetmeýäň, zähmetkeşleriň üýtgedip gurmagyň duýarlykly amaly netijelerine, adamyň eşreti üçin onuň netijelerine isleginiň gün-günden güýçlenýän we tutanýerli islege öwrülýän wagty bolan hut häzirki wagtda biziň jemleri jemlemegimiz juda möhümdir.
Beýik Serdar bu sözleri türkmen halkynyň önde duran täze galkynyşlara taýýar bolmagyny, tejribe toplamagyny küýsäp aýdypdy. Ýöne ýurtda üýtgedip gurmak hakda gürrüň köp edilse-de, adamlaryň aňynda üýtgeýän zat ýok diýerlikdi. Üýtgedip gurmak syýasatyny köp adamlar partiýanyň nobatdaky syýasaty hasaplaýardylar. Olar gürlänlerinde kiçi dilden bärde «Üýtgedip gurmak» diýen bolýardylar, ýöne öňki köne endikleri boýunça hereket edýärdiler. Adamlarda ynam çüpräpdi. Olar ähli zada gyýa göz bilen garaýardylar. Jemgyýetde ähli zady pul-tanyşlyk çözýär, wezipä geçmeli, döwletden her edip, hesip edip almaly, diňe öýüňe daşamaly diýen pikir barha düýpli kök urýardy. SSSR-iň dargajakdygy, soýuz respublikalaryň özbaşdak döwlet boljakdygy günsaýyn äşgär duýulýardy. S.Nyýazow ynamlary çüprän adamlaryň gelejeklerine röwşen umyt-ynam döretmäge, täze döwletiň aladasyna şol günlerde düýpli başlapdy. Ol jemgyýetiň öz milli ahlak gymmatlyklaryna sarpa goýmagy, döwrüň öňe çykaran käbir ýaramaz endiklerinden ätiýaçly bolmagy üçin aladalanýardy.
Jemgyýetiň aňyny nädip ele alyp bolýar? Halkyň ünsüni nädip özüňe çekmeli? Nädip adamlaryň özüňe ynanmagyny, has takygy, uýmagyny, her sözüňi durmuşynda ýol-ýörelge edinmegini gazanyp bolar?
Edilýän işiň köpdügine, wagtyň azdygyna seretmezden S.Nyýazow çeperçilik işgärlerinin wekilleri, hormatly il ýaşulylary, prokuratura, içeri işler işgärleri bilen birsyhly duşuşyp, olaryň gürrüňlerini diňleýärdi. Baş maksat: jemgyýetiň nähili, näme bilen ýaşaýandygyny takyk bilmek. Jemgyýetiň agyrysy nämelerde?
S. Nyýazow prokuraturanyň, içeri işler ministrliginiň işlerini öwrenip, käbir zatlary anyklady:
– ýurtda edilýäň jenaýatlaryň galabasy maşgalalaryň öz içki oňuşyksyzlygy – mellek ýetmezçiligi sebäpli döräpdir.
– Kämillik ýaşyna ýetmedik gyza öýlenmek;
– Sünnet.
Ine, şu üç mesele ýurtda edilýän jenaýatyň, tas 50 göterimini tutýardy.
S.Nyýazow şu üç meseläni gaýra goýulmasyz gyssagly çözmegi özüniň esasy wezipeleriniň biri edip goýdy.
Adamlary garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda mellek diýene mellek, daça diýene daça ýer berlendigi ýatlaryndadyr. Şol döwürde adamlara mellek ýer paýlamak hakdaky S.Nyýazowyň tabşyrygyndan bilkastlaýyn öz haýryna peýdalanan kolhoz başlyklary hem az bolmandy.
S.Nyýazowyň mellek paýlamak hakdaky tabşyrygy esasynda oba adamlary galkynypdy.
Mellek – baýlyk çeşmesi. Rast, mellegiň barmy, saňa garyplyk, açlyk gorkusy ýok. Mellekde maşgalanyň bir ýylda iýjegini öndürip bolýar. Diňe bir iýmek-geýmegine däl, biraz baýlyk toplamagyna-da mümkinçiligi bar. Beýik Serdar musulmançylyk parzy boýunça ýaş oglanlara sünnet etmäge kanun esasynda rugsat berdi. Ana, şol resminamadan soň adamlar çagalaryna ogryn sünnet etmekden dyndylar. Indi sünnet toýy döredi.
Türkmenistanda ýaşlar ir kämil çykýar. Şonuň üçin hem ýaşlara 18 ýaşda däl-de, 17 ýaşda durmuş toýuny toýlamaga, nika gyýmaga, durmuş gurmaga Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy resmi taýdan rugsat berdi.
* * *
1989-njy ýylyň awgust aýynyň 14-i. TKP MK-nyň XV plenumy bolup geçdi. Plenumda S.Nyýazow söz sözledi.
Döwlet işine şahsy wepalylyk, maşgalaýynlyk, ildeşlik nukdaýnazary boýunça seçilip alnyp, gödek bozulmalar netijesinde kadrlar syýasatyna gör, nähili zyýan ýetirildi.
Biziň oba zähmetkeşlerimiz hemişe zähmetsöýerligi, ýokary jogapkärçiligi, akýürekliligi we ahlaklygy, ýagdaý hem döwür talap edende mätäçlige döz gelmäge we her bir kynçylyklary ýeňip geçmäge taýýarlygy bilen tapawutlanýardy.
Näme üçin häzirki wagtda akýürekli, päk wyždanly we netijeli zähmeti täzeden dikeltmek hakynda gürrüň etmeli bolýar. Oba zähmetkeşleriniň giňden ýaýran haýallygynyň we perwaýsyzlygynyň sebäbi nämede diýip soramaga biz haklydyrys.
Ýere eýeçilik etmegiň köp ýyllaryň dowamynda emele gelen zyýanly usullaryndan el çekmek, ýeri peýdalanýanlaryň öz işi üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmak gerek.
Hojalyklaryň ençemesiniň ýolbaşçylary hyzmat etmek pudagyny ösdürmäge wagt tapmaýarlar ýa-da has dogrusy aýdylanda, düýpden üns bermeýärler, söwdanyň we jemgyýetçilik iýmitiniň, lukmançylyk edaralarynyň, mekdepleriň we klublaryň işini gowulandyrmak barada aladalanmaýarlar.
* * *
1990-njy ýylyň maý aýynyň 11-i.
Saparmyrat Nyýazowyn TKP MK-niň XXIV gurultaýyndaky çykyşyndan bir parça:
... Geljege umyt baglamak bilen, yzymyza göz aýlamak, bularyň hemmesiniň nämeden başlanýandygyny ýada salmak artykmaçlyk etmez, diňe şeýle etmek bilen biz hut nämäniň we nirede «başa barmandygyna», biziň nämede ýalňyşlyk edendigimize we mundan buýana şoňa meňzeş ýalňyşlyklardan biziň gaça durmalydygymyza has doly düşünmegimize mümkinçilik berer.
Respublikadaky işlerde emele gelen ýagdaýy üýtgetmegiň ýaňy başy başlandy. Berk talabedijilik ruhunda ýagdaýy sagdynlaşdyrmak barada ýeterlik derejede ýaýbaňlandyrylan hereket etmek gaýragoýulmasyz wezipe bolup durýar, nobatdaky durmuş-ykdysady we syýasy meseleleri çözmegiň maksady adamlarda döredijilik gujur-gaýratyny oýarmakdan, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda ýol berlen düýpli kemçilikleri ýeňip geçmäge adamlary aýaga galdyrmakdan ybarat.
Respublikanyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady durmuşynyň hemme ugurlary boýunça bize gijä galmak bolmaz.
Obanyň durmuş ulgamyny ähli çäreler arkaly ýokary götermek täze agrar syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.
Gowy höwes, döredijilik ýagdaýy bolmasa, hiç bir hili maddy baza, hiç bir hili serişde işiň geregi ýaly öňe gitmegini üpjün edip bilmez.
* * *
Ine, 1990-njy ýylyň maý aýynyň 12-sindäki «Sowet Türkmenistany» gazetiniň sany. Onda maý aýynyň 11-inde TKP MK-nyň XXIV gurultaýynyň bolup geçendigi we gurultaýyň wekilleriniň TKP MK-niň birinji sekretarlygyna ýene-de S.A. Nyýazowyň saýlanandygy habar berilýär. S.A. Nyýazowyň TKP MK-nyň birinji sekretarlygyna täzeden saýlanmagy mynasybetli okyjylar Beýik Serdarynyň terjimehaly bilen tanyşdyrylýar. Ine, şol terjimehalyň göçürmesi:
Türkmenistanyň Kompartiýasynyň
MK-nyň birinji sekretary
Saparmyrat Ataýewiç NYÝAZOW
Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow 1940-njy ýylda Aşgabat şäherinde işçi maşgalasynda doguldy. 1967-nji ýylda Leningradyň politehniki institutyny, 1976-njy ýylda bolsa SSKP MK-nyň ýanyndaky gaýybana ýokary partiýa mekdebini tamamlady. 1962-nji ýyldan SSKP çleni.
Zähmet işine 1959-njy ýylda geologiýa-gözleg işleriniň işçileri we gullukçylary profsoýuzynyň Türkmenistan territorial komitetiniň instruktory bolup başlady. Instituty tamamlandan soň Büzmeýiniň W.I.Lenin adyndaky GRES-niň seh ussasy, starşiý ussasy bolup işledi, bu ýerde ilkinji partiýa guramasynyň sekretarlygyna saýlandy.
1970-nji ýyldan başlap partiýa işinde işleýär: Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-nyň instruktory, senagat-transport bölüminiň müdiri bolýar. 1980-nji ýylda partiýanyň Aşgabat şäherkomynyň birinji sekretarlygyna saýlanylýar. 1984 – 1985-nji ýyllarda SSKP MK-nyň guramaçylyk-partiýa işi bölüminiň instruktory bolup işledi. 1985-nji ýylyň martynda ol Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň başlyklygyna bellenilýär.
1985-nji ýylyň dekabrynda S.A.Nyýazow Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-nyň birinji sekretarlygyna saýlanylýar.
1986-njy ýyldan başlap SSKP Merkezi Komitetiniň çleni, SSKP-niň XXVI we XXVII gurultaýlarynyň, Bütinsoýuz XIX partiýa konferensiýasynyň delegaty. Ol SSSR-iň we Türkmenistan SSR-niň halk deputatlygyna saýlanyldy.
1990-njy ýylyň ýanwarynda S.A.Nyýazow Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň başlyklygyna saýlanylýar. Ol «Halklaryň dostlugy» ordeni, Sowet Soýuzynyň medallarynyň ikisi bilen sylaglanyldy.
* * *
1990-nji ýylyň awgust aýynyň 20-si. On ikinji çagyrylyş Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň üçünji sessiýasynda Saparmyrat Nyýazow özüniň taryhy sözüni sözledi.
Bu gün Beýik Serdaryň sabyrsyzlyk bilen garaşan günüdi. Ol şu günki meseläniň sessiýanyň gün tertibinde goýulmagy üçin, gör, ňäçe wagtlap yhlas edipdi.
Ine, şol taryhy çykyşdan bir parça:
Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň gün tertibinde biziň respublikamyzyň syýasy durmuşyna degişli örän möhüm meseleler goýuldy, şol meseleleriň dogry çözülmegi bolsa biziň jemgyýetimizi demokratik esaslarda özgertmek işiniň mundan beýläk nähili ugur bilen gitjekdigini, halkyň durmuş, ykdysady, medeni we ruhy taýdan ösmegine geljekde nähili ýol açyljakdygyny kesgitlemäge mümkinçilik berer.
Türkmenistan SSR-niň döwlet özygtyýarlygy hakynda Ýokary Sowetiniň Jarnama kabul etmeginiň aýratyn ähmiýeti bolar.
Respublikanyň döwlet özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamany kabul etmegiň zerurlygyna näme sebäp boldy?
Türkmenistan SSR-niň özygtyýarlygy hem beýleki doganlyk respublikalaryňky ýaly, SSSR Konstitusiýasynda hem Türkmenistan SSR Konstitusiýasynda berkidilendir.
Häzirki wagtdaky hakykaty alyp görsek, milli syýasatda ýoýulmalara, syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we medeni pudakda çakdanaşa merkezileşdirmeklige ýol berilmeginiň özi Soýuzyň beýleki respublikalary ýaly, Türkmenistan SSR-nin hakyky özygtyýarlygynyň, olaryň özbaşdaklygynyň we garaşsyzlygynyň ujypsyz derejede bolmagyna getirdi.
Ine, şonuň üçinem, respublikanyň özygtyýarlygynyň düýp mazmuny hakynda, Soýuzyň düzüminde özygtyýarly döwlet hökmünde Türkmenistan SSR-i bilen SSR Soýuzynyň ygtyýarlynyň arasyna çäk goýmak düzgünleri hakynda Türkmenistan SSR-niň ýokary häkimiýet organynyň tutýan anyk nukdaýnazaryny biziň beýan etmegimiz zerurdyr.
Türkmenistan SSR-niň döwlet özygtyýarlylygy TSSR-iň bütin çäginde respublikan häkimiýetiň çakdanaşa merkezleşdirilmeginden dynmaga, umumysoýuz wedomstwolaryň höküm etmeginiň soňuna çykmaga, Türkmenistanyň halkynyň doly manyly syýasy, ykdysady, durmuş we ruhy taýdan ösmegi üçin şert döretmäge mümkinçilik berer.
Jarnamanyň taslamasy respublikanyň raýatlarynyň gelip çykyşyna, milletine, bilimine, diline, dinine we beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, olaryň hemmesiniň kanun öňünde deňligini berkidýär. Biz öz gündelik işimizde hem şu garaýyşdan ugur alarys we bu ugry gelejekde hem dowam etdireris.
Respublikanyň döwlet özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasyny siziň garamagyňyza hödürlemek bilen, biz respublikanyň syýasy we döwlet gatnaşyklary baradaky ykdysadyýeti dolandyrmak hukugynyň we özbaşdaklygynyň giňelmegi bir maksada – ýagny, halkyň syýasy, durmuş, ruhy we medeni taýdan ösmegini doly manysynda üpjün etmelidir, adamlara mynasyp ýaşaýyş şertlerini döretmelidir diýen düzgünden ugur alýarys.
* * *
TÜRKMENISTAN SSR-niň
PREZIDENTINIŇ
KASAMY:
«Türkmenistanyň halkyna wepaly hyzmat etmäge, Türkmenistan SSR-niň prezidenti hökmünde meniň üstüme ýüklenen belent borçlary ak ýürek bilen ýerine ýetirmäge, Türkmenistan SSR-niň Konstitusiýasyny pugta berjaý etmäge, Türkmenistan SSR-niň döwlet özygtyýarlylygyny, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga dabaraly kasam edýärin».
1990-njy ýyl, 3 noýabr.
Türkmenistan SSR-niň halk deputatlarynyň
saýlawlary boýunça respublikan saýlaw komissiýasynyň karary
Aşgabat şäheri, 1990-njy ýylyň 28-nji oktýabry.
Türkmenistan SSR-niň birinji Prezidentiniň saýlawlarynyň jemleri hakynda.
«Türkmenistan SSR-nde dolandyrmagyň Prezident formasyny döretmek we Türkmenistan SSR-niň Konstitusiýasyna /Esasy Kanuna/ üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistan SSR-niň Kanunyna laýyklykda 1990-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda ählumumy deň saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek bilen, Türkmenistan SSR-niň Birinji Prezidentiniň saýlawlary boldy.
Türkmenistan SSR-niň halk deputatlarynyň saýlawlary boýunça respublikan saýlaw komissiýasy Türkmenistan SSR-niň Prezidentiniň wezipesine kandiditlyga Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň başlygy ýoldaş Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowy registrirledi.
Türkmenistan SSR-niň Birinji Prezidentiniň saýlawlary 1362 saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde geçdi. Ses bermek spisogyna 1805782 saýlawçy girizildi. Ses bermäge spisoga goşulan saýlawçylaryň 1746375-si ýa-da 96,7 prosenti gatnaşdy.
Ses bermäge gatnaşan saýlawçylardan 1716278-si ýa-da 98,3 prosenti ýoldaş S.A. Nyýazowa ses berdi. Saýlawçylaryň 29790-sy ýa-da 1,7 prosenti garşy bolup ses berdi.
Türkmenistan SSR-niň Konstitusiýasynyň 116-njy maddasyna laýyklykda we oblast, raýon we şäher saýlaw protokollary esasynda 1940-nžy ýylda doglan, SSKP çleni, Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň başlygy ýoldaş Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowy Türmenistan SSR-niň Prezidentligine saýlanyldy diýip hasap etmeli.
* * *
1991-nji ýylyň aprel aýynyň 16-sy.
Beýik Serdaryň TKP MK-nyň III plenumynda eden çykyşyndan bir parça.
Bu plenuma biziň her birimiz öz pikirlerimiz, şübhelerimiz, umytlarymyz, hemmeler üçin şeýle kyn şertlerde goý, gapma-garşylykly bolsa-da, öz iş tejribämiz bilen geldik.
Şu gün biz ýoň bolup gelýän çykyşy etmän, goýlan meseläniň mazmuny boýunça pikir alyşmagymyzda, öz pikirlerimizi açyk we göni aýtmagymyzda many bar bolsa gerek. Sizi hut şeýle gürrüňe çagyrmak isleýärin.
Biziň anyk şertlerimizde häzir bazary nähili göz öňüne getirýäris? Biz döwlet eýeçiligi hukuklaryny senagat kärhanalarynda galdyryp, olary zähmetkeşler kollektiwlerine kärendesine berip bileris. Munuň özi hakykatda, hojalygy ýöretmegiň başlangyç görnüşidir, biziň hasaplamalarymyz boýunça ol azyndan bäş-alty ýyla çeker.
Beýleki respublikalarda edilişi ýaly, biz kärhanalary hususy eýeçilige, kollektiwlere berip bilmeris. Sebäbi olar ertir çig mal hem, metal hem, hiç zat tapyp bilmezler.
Biz zähmetkeşleriň bähbitlerinden başga zatlar bilen gyzyklanmaýarys, muňa hemmeler düşünmelidir we özara şübhelenmeleri aradan aýyrmak gerek.
Esasy zat – kanunlary berjaý etmeli. Munuň özi tertibi ýola goýmakda hemmeler üçin ýeke-täk ýoldur.
* * *
1991-nji ýylyň noýabr aýynyň 19-nda Türkmenistan Ýokary Sowetiniň on ikinji Çagyrylyş on birinji sessiýasynda S. Nyýazow çykyş etdi:
Gadyrly ýoldaşlar, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk alanyna kän wagt geçenok. Emma onuň ykdysadyýetimize, medeniýetimize täsirini eýýäm duýmak bolýar. Edil şol bir wagtda-da ozalky SSSR-de bolup geçýän syýasy wakalar bize-de gös-göni täsir edýär. Garaşsyz döwletleriň – öňki Soýuz respublikalaryň arasynda ykdysady şertnama gol çekilse-de, ol häzir işlänok.
Garaşsyz respublikalaryň ählisini ykdysady hyzmatdaşlyga çagyrýarys.Köneden gelýän gatnaşyklar dowam etdirilmelidir. «Dost-dost, mamla rast» diýlişi ýaly, hyzmatdaşlyk deň hukukly, her tarap üçin bähbitli bolmalydyr.
Täze ýyldan daşary ýurtlar bilen ykdysady söwda gatnaşyklary netijesinde Türkmenistan 2 milliard 880 million dollar girdeji almaly.
Garaşsyz Türkmenistanyň hiç kime, hiç bir ýurda hiç bir zat üçin elgarama bolman, hakyky garaşsyzlyga eýe bolmagy üçin doly ykdysady hem syýasy mümkinçiliginiň bardygyny doly aýdyp bilerin.
Sowet ykdysadyýeti soňky döwürde gowşapdy. Gazanylýan üstünlikler ägirt uly zyýan çekilmeleriň hasabyna gazanylýardy. 1970 – 1990-njy ýyllarda SSSR-iň senagatynyň girdejisi ösmäg-ä beýlede dursun, 2 göterim pese düşüpdi. Tebigy baýlyklaryň ägirt köplüginiň hasabyna öňümçiligiň pes netijeliligi ýuwmarlanýardy.
Türkmenistan çyg malyň hazynasy, käni bolsa-da, türkmen halky ruhy taýdan ezilýärdi, merkeze äkidilýän baýlyklar, çyg mallar halkdan ýaşyrylýardy. Diňe bir ýaşyrylmak bilen hem çäklenmän, eger merkez kömek bermese, türkmen halky özbaşdak gününi görüp bilmez, diňe merkez türkmen halkyny iýdirýär, geýindirýär diýen galp aňyýet halkyň aňyna guýulýardy.
Aslynda SSSR-iň ilatynyň bir ýarym göteriminden sähelçe gowrak bolan türkmen halky SSSR-däki öndürilýän bişofitiň, epsomitiň, glauber duzunyň 100 göterimini, bromyň 50 göterimini, tehniki uglerodyň 40 göterimini, garaköli bagananyň 20, gazyň 16, pagtanyň 14, piläniň 7, ýüňüň, süýdüň,ösümlik ýagynyň 3, üzümiň 2 göterimini we başga-da köp önümleri öndürýärdi.
Türkmenistandan çykýan önümleriň 90 göterimi çyg maldy, materiallardy.
Beýik Serdar anyk mysallar esasynda şeýle diýipdi: «Türkmenistan her ýyl 65 milliard kub metr tebigy gaz çykarýardy. Şonuň üçin bize 120 million dollar töleýärdiler. Şonça gazyň bahasy bolsa dünýä bazarynda 5 milliard dollara barabardy. 5 milliard dollar nirede, 120 million dollar nirede?»
Üýtgedip gurmagyň ahyrlarynda 1990 – 1991-nji ýyllarda Türkmenistanda pagtanyň bary-ýogy 2 göterimi gaýtadan işlenilýärdi. 90 göterimi Türkmenistandan çyg mal hökmünde çykarylýardy we soýuzyň başga ýerlerinde gaýtadan işlenilýärdi. Türkmenistana ýeňil senagat harytlarynyň 59 göterimi, azyk önümleriniň 36 göterimi getirilýärdi.
1990-njy ýylda Türkmenistanda jan başyna miwedir ir-iýmişleriň 60 kilogramynyň öndürilendigine garamazdan, respublikada onuň jan başyna diňe 21 kilogramy galdyrylýardy. Ýöne SSSR boýunça her adam ýylda 36 kilogram miwedir ir-iýmiş iýmeli diýlip nygtalýardy.
Publisistika