Birinji bölüm
ŞAHSYÝETIŇ MILLI-TARYHY KÖKLERI
Ruhy hem durmuş taýdan galagoply, syýasy-taryhy ösüş taýyndan dartgynly, hatda şum hem pajygaly we akyl ýetirmesi taýdan çylşyrymly XX asyryň ahyrynda türkmen halkynyň ykbalynda täze eýýam başlandy. Muny türkmeniň iň täze taryhynyň başlangyjy diýip häsiýetlendirmek bolar. Milli ykbalyň ösüşinden dörän hem, onuň täze döwrüni döreden hem täze röwüşli syýasy şahsyýet Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy boldy.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tebigy syýasatçy. Milletiň taryhy ösüşiniň tebigylygyna juda bap gelýän tebigy syýasatçy. Şeýle tebigy syýasatçynyň taryhy-syýasy kökleri nireden gaýdýar diýen mesele esasy meseleleriň biridir.
XX asyrdaky türkmen milletiniň ýüzlerçe ýyllyk ösüşiň dowamaty hem häzirki wagt nokadyndaky kemaly bolşy ýaly, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýeti-de şonça mukdar we hil ösüşiniň kemalydyr. Türkmeniň bolsa juda gadymy hem şöhratly halkdygy Gündogar taryhynda ykrar edilen ylmy hakykatdyr.
Türkmen ýazuwly taryhy gadymdan gelýän we syýasy-döwlet däpleri gadymda kemala gelen milletdir. Orta asyr taryhçylary onuň döwletlilik taryhyny bäş müň ýyl diýip kesgitläpdirler. Bu taryhyň başynda milleti dörediji, millete adyny beren Oguz han Türkmen durýar. Syýasy-döwletlilik däpleri, döwleti edara ediş sungaty hem pelsepesi-de şondan gaýdýar.
Asyrlarboýy özgertmelere hem üýtgetmelere sezewar edilip, biziň döwrümize gelip ýeten «Oguznamalar» Oguz hanyň şahsyýetiniň birnäçe taraplaryny bize açyp berýär. «Oguznamalaryň» dürli nusgalardaky bitewi eserlerdigine garamazdan, asyl nusganyň olardan tapawutlanandygyny çaklap bolar. Soňky eýýamlar hem döwürler Oguz hanyň özlerine ýaramly, gerekli hem gymmatly sypatlaryny saklap alyp galypdyrlar. Türkmen milli taryhyna miras geçijilik hem sagdyn konserwatizm mahsusdyr. Sagdyn konserwatizmiň göýdük konserwatizmden tapawudy, birinji milletiň ýaşaýşyndaky däpleriň janlylygyny hem durmuşa ukyplylygyny üpjün edip bilýär. Türkmeniň soňky müň ýyllyk taryhy milletiň san hem hil taýdan barha kiçelişiniň taryhydyr. Näme üçin beýle bolupdyr?! Taryhy metamorfozalaryň täsiri bilen milletiň barha köp bölegi özgerip, asyl durkundan başga zada öwrülipdir, ýagny türkmençe aýdylanda, azypdyr. Türkmeniň özi özüne ýakyn käbir halklary «türkmenden azan» diýip kesgitleýär. Ine, ýaşaýyş ýörelgesi boýunça-da, hatda ukladyň az-kem üýtgemegine gol bermedik gadymy aň-ruhy däp-dessury, edim-gylymy boýunça-da öňki türkmenligini ýitirmedik bölegi barha we barha kiçelip, XX asyra az san bilen gelip ýetipdir. Şu az sanly türkmeniň aň durmuşynda, diňe bir taryhy hakydasynda däl, eýsem döwrebap aň durmuşynda «Oguznamalar» janly bir zat bolup geldi. Olar ruhuň sagdyn konserwatizmini üpjün edýän çeşme bolup hyzmat etdi. Bu bolsa taryhy wagt taýdan biri-birinden juda daşda duran şahsyýetleriň arasyndaky syýasat babatda-da miras geçijilik baglanyşygyny saklady. Şonuň üçinem taryhy ösüşde gaty çalt özgerýän beýleki milletleriňkiden tapawutlylykda, türkmen syýasatynyň ýüzlerçe ýyllyklar bilen ölçelýän aralygynda anyk içki baglanyşygy isledigiňçe tapsaň bolar. Millet bar özgerişi özüne puryja hem ýaşaýşyň täze mümkinçiligi diýip bilýär, millet bar durnuklylykda hem däplerde özüniň ýaşaýyş mümkinçiligini hem gymmatlyklaryny görýär. Türkmen şunuň ikinjisine degişlidir. Özem durmuşyň durnuklylygy we üýtgewsizligiň hökmürowanlygy şol milletiň öz pikir edişindenem berk bolup çykýar. Hatda täze nesliň ýa şahsyýetiň atalardan tapawutlanýarys diýen içki duýgusy-da ýokarky konserwatiw içkilik bilen terezä goýlanda, özüňi tanamazlyk bolup çykýar. Türkmeniň döwür bilen baglanyşygy geçmişe baglylyk bilen deňeşdireniňde has gowşak hem aldawçy bolup çykýar. Bu hemişe-de şeýle bolupdyr. Biziň gürrüňimizem şu hakda bolar.
Şeýle kanunalaýyklyk türkmen diliniň durnuklylygynda hem hatda durgunlylygynda oňat göze dürtülýär. Dil bolsa amaly aň hasaplanýar. Dilimiziň sözlük düzüminiň durnuklylygy aňyň durnuklylygyndan, özgerişleri az kabul edendiginden habar berýär. Soňky 1500 ýylyň dowamynda oňa arap hem pars dilleri täsir edipdir. Emma ruhuň çuňlugy nazaryndan bu ýüzleý täsirdir. Arapça ýa parsça aňladylan düşünjeleriň özi ondan ozal türkmen sözleri bilen aňladylandyr. Çünki gaýry milletler biziň milli ykbalymyza dahylly bolmazyndan has öň hem olar kesgitli hem gutarnykly işlenip düzülen düşünjeler bolupdyr. Onsoň olaryň diňe söz gabygy, has dogrusy, ses gabygy üýtgäpdir. Biz häzir asla-da öz içki hyýallanmalarymyzy däl-de, daşky hakykaty aýdýarys. Kimdir biriniň şeýle üýtgewsizligi oňlamagy mümkin, kimdir biri oňa başgaça garap biler, emma bu obýektiw hakykatdyr.
«Oguznamalarda» türkmen syýasy durmuşynyň durnuklylygyna degişli nämeler saklanyp galypdyr?
Oguz han Türkmen özerkli, amaly syýasatçy hökmünde öňe çykýar. Ol tagty ele almak, milletiň ýaşaýşyny öz görşüçe tertibe salmak üçin, atasyna el götermekden hem gaýtmaýar.
Elbetde, wagtyň şeýle uly aradaşlygy Oguz han baradaky hakydada rowaýatpisint goşulmalaryň paýynyň artmagyna getiripdir. Ýöne rowaýata ýalan hökmünde garamak gürrüňsiz nädogrudyr. Mif – munuň özi anyklygyň umumylyga geçmegi, hakykatyň aradan aýrylmagy däl-de, onuň çöwre tarapdan aýan edilmegidir. Mif adamzadyň aňynyň haýsydyr bir irki döwrüne mahsus görnüş däl bolsa gerek. Mif hemişe bolar. Çünki wagt tükeniksizdir, adamyň hem jemgyýetleriň ömri bolsa gysgadyr. Şu gysgalygyň gutulgysyzlygyndan adamzat mif arkaly çykalga tapýar. Mifde wagtlaýynlyk bakylyk görnüşlerine geçip gidýär. Islendik tebigy hem durmuşy barlyk ahyr soňunda mifiki aňda umumylaşdyrylýar.
Wagtyň suwy gidýär, many özeni galýar. Wakalar hem hadysalar gaýyplyga öwrülýär, düýp many hakykylygynda galýar. Mifiň mantygy hem hakykaty şundadyr. Adamzat mif arkaly ýok bolan geçmişi ruhy hakykylyk hökmünde umumylaşdyryp alyp galýar. Adamyň özüniňem, döreden maddy serişdeleriniňem ahyrsoňy topraga öwrülişi ýaly, örän uzak aralykdaky durmuşy hakykylyk mife öwrülip gidýär.
Biziň üçin munda esasy ähmiýetli zat, Oguz hanyň durmuşyndan rowaýatlar hem hekaýatlar görnüşinde saklanyp galan hakykatlaryň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy şahsyýetinde janly esas hökmünde dowam edişidir. Şu nukdaýnazardan üç sany esasy pursaty belläp geçmek gerek.
Birinjiden, Oguz hanyň taryhynyň görkezişi ýaly, döwlet täze hem özboluşly aňyýetden başlanýar hem-de şonuň esasynda ýaşaýar. Oguzyň kakasy Gara han bilen syýasy gapma-garşylyga girmegine täze şahsyýetiň täze aňyýeti sebäp bolupdyr. Oguz han täze diniň – ýekehudaýlylygyň jarçysy bolup öňe çykýar. Şol döwrüň jemgyýetiniň şeýle aňyýet üçin bişişenligi mynasybetli Oguz hanyň Göktaňry – Asman Hudaýy baradaky taglymaty ýeňýär hem-de oguzlaryň millet hökmünde döremeginiň we täze kuwwatly döwletiň aňyýet esasy bolup hyzmat edýär. Özem, gep syýasy aňyýetde däldir. Aňyýet – jemgyýetçilik ösüşiň aň hem ruhy esasy bolup biljek pikir gymmatlyklarynyň ulgamydyr. Täze maksat-pikir jemgyýetçilik ýaşaýşyny üýtgedip gurmagyň janly serişdesi hem-de petige dirän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň deregine täzelerini esaslandyrmagyň we ýola goýmagyň guraly bolup öňe çykýar. Jemgyýet bolup köneçe ýaşamagyň aň hem ruhy taýdan mümkin dällige öwrülen halatynda, jemgyýetçilik paýhasynyň ýoluny ýitiren halatynda täze aňyýet ýaşaýşyň şamçyragy bolup döreýär. Şu manyda aňyýet ynanç hem-de ynamdyr. Şonda pikir-maksat durmuşy esasa öwrülýär we maddy güýje eýe bolýar. Diýmek, aňyýet ýöne bir akyl güýmenjesi we paýhas ýeserligidir çuňňurlygy bolan pelsepe däl-de, eýse, jemgyýetçilik ýaşaýşyny üýtgetmäge ukyply janly taglymatdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hem aňyýeti şu hilidir.
Ikinjiden, Oguz han halkyny jemgyýetçilik bitewüligine öwrüp bilen şahsyýet bolupdyr. Ol jemgyýeti durmuşy taýdan gurnaýjy hökmünde halk hakydasynda galypdyr. Şeýle şahsyýetde içki hususy güýç-kuwwat bolýar. Taryhy rowaýatlarda Oguz hanyň ilaty üç sany gatlaga bölendigi aýdylýar. Birinji gatlak – sowatlylar. Ikinji gatlak – harbylar. Üçünjisi bolsa garamaýaklar. Oguz han bularyň üçüsiniň jemgyýetiň bitewüligini üpjün etmekdäki hyzmatlaryny hem wezipelerini anyk kesgitläpdir, olaryň özara gatnaşyklaryndaky sazlaşygy üpjün edipdir. Munuň özi bitewi bir durmuşy synany – bitewüligi döretmek işi bolupdyr. Elbetde, jemgyýetiň maddy hem ruhy ösüş derejesi şeýle durmuşy bişişen halda bolmasa, muny amal etmek mümkin däldir. Oguzyň Göktaňry aňyýeti durmuşy ýaşaýyşda jemgyýetçilik bitewüligi düzgüni görnüşinde amal edilipdir. Jemgyýet ýaşaýşynyň tebigatdaky ýaly adam erkinden daşgary bir kanunlar arkaly özakymlaýyn görnüşde geçmän, maksat esasynda gurnalýandygy Oguz handan gelýän esasy zat, pelsepe däpleriniň biridir. Jemgyýeti jemgyýet edýän maddy güýçleriň adam erkinden daşardaky hökmürowanlygy däl-de, adamyň aňly-düşünjeli, maksatly hereketleridir. Göktaňryçylyk ynanjy esasynda oguzlarda ägirt uly harby gural döredilipdir. Ýokarda görkezilen üç gatlak hem şondan soňky ýa-da häzirki zaman jemgyýetlerindäki gözümiziň öwrenişen durmuşy toparlary däldir. Olara häzirki zaman manysyndaky intelligensiýa, harby gullukçylar hem maddy öndürijiler manysynda düşünmek bolmaz. Olar bitewülikde äpet harby guraly emele getirýär. Oguz han jemgyýetinde halk bilen goşun, goşun bilen halk şol bir zat bolupdyr. Ruhy çeşmäniň güýç-kuwwatynyň barha artmagy netijesinde döreden goşuny – halky bilen Oguz han dünýäniň barça ýurtlaryny özüne tabyn edipdir. Munuň özi miladynyň VII asyrynda yslamyň döremegi hem dünýä ýaýramagyna meňzeş hadysa bolupdyr. Oguz hanyň dünýäni tabyn edişiniň anyk hem giňişleýin taryhy «Oguznamalarda» berlendir. Olar türkmeniň milli köklerini gözleýänler üçin gymmatly çeşmedir.
Beýik Serdar türkmen taryhyny bäş eýýama böldi. Her eýýamyň hem öz ruhyýeti, şol ruhyýetleriň hem öz milli pygamberleri bar. Beýik Serdaryň nazaryýeti bilen aýdylanda, her eýýamyň ruhyýetiniň ynanç-ygtykat sütünini anyklamak şol eýýamlara doly we dogry düşünmäge ýardam edýär. Ata-babalarymyzyň baryp otparazlyk zamanynda, Oguz hanyň öz ýekehudaýlyk dinini döreden zamanynda adamlaryň esasy ynanç-ygtykat sütüni –
haýyr we şer
hasaplanypdyr. Haýyr şeriň garşysyna çykarylypdyr. Haýyryň Hudaý derejesinde görülmeli we haýyr esasynda ýaşalmagy adamlary köp sanly durmuş oňşuksyzlyklaryndan gorapdyr.
Yslamyň gelmegi bilen Gorkut atanyň öňe süren ynanç-ygtykat sütüni –
dünýä we ahyret
düşünjeleridir. Bu dünýä ýalançy dünýä. Bu ýalançy dünýäde erkiňe jylaw salyp bilmän etmiş etseň, o dünýäde-ahyrýetde hasabat bermeli bolarsyň diýen pikir adamlaryň aňyna guýlupdyr. Bu dünýädäki etmişli adamlar dowzaha, haýyr işleri eden adamlar bolsa jennete düşer diýen pikir adamlaryň ýaramaz etmişleri etmegine gorky döredipdir, adamlar haýyr işleri etmäge, jennete düşmäge çalşypdyr.
Türkmen taryhynyň üçünji Görogly beg eýýamy türkmeniň ýene-de galkyp ugran eýýamy boldy. Bu eýýamda türkmen ençe-ençe kuwwatly döwletleri, şalyklary döretdi. Bu döwletleriň, şalyklaryň esasy ynanç-ygtykat sütüni –
ejiz we zor
aňlatmalarydyr. Gün güýçliniňki boldy. Türkmen minneti gylyjyndan çekdi. Ata-babalarynyň haýyr we şer, dünýä we ahyrýet baradaky ynanç-ygtykat sütünlerini hem aňlaryndan aýyrmadylar.
Türkmen taryhynyň dördünji Magtymguly eýýamy türkmen halkynyň ruhyýetinde täze özgerişleri döretdi. Ol özgerişleriň döremegi türkmen topragynyň eýesiz galmagy sebäplidi. Halky dolandyrmakda patyşalyk bolmansoň, türkmençilik we adat öňe çykypdy we ol iki ruhy gymmatlyk döwlet häkimliginiň wezipesini ýerine ýetirýärdi. Türkmençilik –
mert we namart
ynanç-ygtykat sütünini; adat bolsa
halal we haram
düşünjelerini ýaşaýşyň ruhy sütüni hökmünde öňe çykarypdy. Magtymguly allama eýýamyň ruhy sütünlerini – mert we namart, halal we haram düşünjelerini şygyrlarynyň baş mowzugyna öwürdi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz döreden Garaşsyzlyk eýýamynda bäş müň ýyllyk ruhy geçmiş aýratynlyklaryna esaslanyp,
adalat bilen halallygy;
ruhubelentlik bilen jebisligi
baş ýaşaýyş ölçegine – ruhy sütünine öwürdi. Beýik Serdar gysga döwür içinde adalat hem halallyk döwletini, jemgyýetini gurdy. Bu gün Beýik Serdar ruhubelentlik hem jebislik ynanç-ygtykatynyň altyn ruhly altyn ýaşaýyş gurmakdaky ähmiýetini äleme äşgär etdi.
Beýik taryhy şahsyýet – milletini kemala getirmek hem gurnamak bilen çäklenmän, oňa nyşanlary (simwollary) berip bilýän şahsyýetdir. Çünki nyşan milletiň taryhy barlykdaky ýaşaýyş dilidir. Oguz hanyň äpet harby guraly baradaky gürrüňe ýöntem hem birtaraplaýyn, syýasy ýöntemlik nazaryndan düşünmek bolmaz. Bu meselede, birinjiden, taryhylyk düzgüninde durup pikir ýöretmek gerek. Gürrüňini edýän zamanymyz XX ýa XXI asyr däl-de, harby güýç-kuwwatyň diňe bir syýasy bähbitparazlygyň däl, eýsem milli syýasy hem ruhy özüne göwnüýetijilik hökmünde ýüze çykýan döwrüdir. Ol zamanlar harby kuwwatlylygyň öz-özüni ykrar etmek manysy has aýdyň bolupdyr. Milletler gylyç arkaly özüni ykrar edipdirler hem ykrar etdiripdirler. Eger XX asyrda ýoň bolan bir pähim arkaly pikir ýöretsek, ol döwürlerde uruş syýasatyň başga bir görnüş arkaly dowam etdirilmegi däl-de, uruş syýasatyň köplenç özi bolupdyr. Galyberse-de, güýç hökmürowanlygy hiç bir zamanda-da aradan bütinleýin aýrylanok ahyryn. Häzir hem harby kuwwat döwletiň derejesiniň esasy görkezijileriniň biri bolmagynda galýar. Diňe güýçli döwletler, özüne bäsdeşiň döremegini islemeýän döwletler harby güýjüň dünýäde örňäp gitmegini islemezler. Çünki özüňden güýçli döwletiň, özüňe hökmürowanlygyny güýç arkaly görkezjek döwletiň ýok halatynda hökmüňi ýöretmek hiç hili kynçylyk döretmeýär. Şonuň üçinem güýjüň nogsanly bir syýasy hökmürowanlykdygy baradaky ýarym hakyky, ýarym galp düşünje dörediljek bolunýar.
Emma biz milli nyşanlar gürrüňine gaýdyp geleli. Oguz hanyň bize goýup giden hem-de häzirki wagta çenli janlylygyny ýitirmedik esasy nyşany ok bilen ýaýdyr. Munuň özi gürrüňsiz döwlet-syýasy ýaşaýşyna degişli nyşandyr. Muňa ýöne bir agzybirlik, ýöne bir arkalaşyklylyk, ýöne bir ylalaşyklyk diýip düşünmek gaty bärden gaýtma bolar. Nyşanyň syýasy tebigatyna akyl ýetirmek üçin türkmen taryhyndan biraz habarly bolmak gerek. Türkmeniň milli-etniki kökleriniň biri bolan iskitlerde (skiflerde) hem, milli köküň beýleki biri bolan hunlarda hem ýaý döwletiň, patyşalygyň nyşanydy. Milletiň çeper-taryhy hakydasy bolan «Görogly» eposymyzda-da ýaý hut şol mana eýedir. Oguz hanyň döwleti miras goýşy baradaky hakykat rowaýatlarda altyn ok-ýaýy gömüp, ogullaryna tapdyryşy sýužetde saklanyp galypdyr.
Ýaý – patyşalyk, ýagny döwletdir.
Sagdak – ruhanylardyr.
Ok – ilçidir.
Ilçi bu ýerde hyzmatkärler, ýagny döwlete hyzmat edýänler manysynda gelýär. Oguz hanyň pikiriçe, döwlet haçana çenli yrylman saklanar? Haçana çenli döwlete hyzmat edýän güýçler sagdyn hem özara oňşukly bolsalar, döwlet bähbidi üçin öz hususy hem toparlaýyn bähbitlerinden geçip bilýän bolsalar, şonda saklanar. Ýöne döwletiň bähbitleriniň nämelerden ybaratdygyny aňlamak üçin, çuňňur milli duýga hem milli duýgurlyga eýe bolmak gerek. Bu bolsa, öz gezeginde, şu işlere dahylly adamlaryň taryhy hakydasynyň çuňňurlygyna hem-de ahlaky sypatlara baglydyr. Hut demir kanunly tebigatdan tapawutlylykda adam şahsyýetine hem hususyýetine baglydygy üçinem döwlet taryhyna agyp-dönmeler mahsusdyr.
Ýaý häzirki döwürde Prezidenti alamatlandyrýar.
Sagdak – ýaýyň çykaran permanlaryny «oka» berýär. Sagdak – ruhanylary alamatlandyrýar, ruhanylar, düzgün-kadalary, däp-dessurlary, edep-tertibi işläp düzüjiler bolupdyrlar. Olaryň çykaran düzgünlerini ýerine ýetirmek ýurduň her bir agzasyna borç bolup durýar.
Ok – ilçiler, ýagny ýaýyň – patyşanyň ynanan adamlary. Ok – ilçi ýerlerdäki ýerine ýetirijiler, kazylar. Kazylar döwletdäki jemgyýetçilik tertibini goramak we ony bozujylaryň etmişlerini derňäp, olaryň günäsine görä jeza çäresini kesgitlemeli we şol jeza çäresini ýerine ýetirmeli.
Oguz han Türkmen zamanyndaky döwleti edara ediji üçlük: ýaý, sagdak, ok – biziň häzirki döwlet gurluşymyza kybapdaş gelýär.
Patyşany alamatlandyran ýaý – Prezident;
ruhanylary alamatlandyran sagdak – mejlis;
ilçini, kazylary alamatlandyran ok – Ministrler Kabineti we kazyýet, hukuk edaralary.
Ýaý, sagdak, ok – Prezident, Mejlis, Ministrler Kabineti, kazyýet, hukuk edaralary.
Nogsanlykly, tersin agyp-dönmeleri mümkingadar aradan aýyrmak çäresi hökmünde adamzat görelde esasyny – aňyýeti hem hakydany öňe sürýär. Oguz hanyň milli hakydada galmadyk, emma gara topragyň astynda galan ikinji bir nyşany barada hem gürrüň edip bolar. Ok döwletiň hyzmatkäri, döwletiň daýanjy diýdik. XX asyryň ahyrlarynda türkmen şygryýetinde bir täsin keşbiň özgerdilmesi, täzeden döwre görä janlandyrylmasy bolup geçdi. Ol şundan ybaratdyr: ýaýyň oky daşky görnüşi boýunça bugdaý sümmüline meňzeýär. Şeýle täzeden döwre görä janlandyrylmasynyň nähililik bilen, haýsy ruhy-hakyda kanunyna ýa-da kadadan çykmasyna görä bolup geçendigini aýdyp biljek däl: ýöne çynlygy, hakykatlygy bilen täsin galdyryjy hudawatdyr (metamorfozadyr). Muňa özboluşly manyda hakyda atawizmi diýip bolar. Baryp ýüz ýyl mundan ozal amerikan alymy Pompelli dünýä möçberindäki açyşy etdi: bäş müň ýyl ozalam Änewde ata-babalarymyzyň ak bugdaý ösdürip ýetişdirendikleriniň maddy subutnamasyny dünýä berdi. Şonça wagtyň dowamynda halkymyz çöregi rysgalyň nyşany hökmünde hakydasynda saklasa-da, sümmüliň döwlet-syýasy berkararlygyň nyşanydygyny unudan eken. Munuňam sebäbi soňky asyrlarda döwlet ulgamynyň elden gidirilenligi bolsa gerek. Şonda halk aňynda diňe döwlet-rysgal-çörek diýen başgaçarak gymmatlyklar zynjyry esasy orna geçipdir. Diňe Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň täze Türkmen döwletini berkarar etmegi bilen öň ýitirilen nyşanlar milli aňyýetiň ýüzüne dömüp çykdy.
Oguz handan galan üçünji bir nyşan, janly nyşan türkmen halysydyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda: «Haly biziň üçin sungat. Ata-babalarymyz üçin bolsa haly ylym hem dünýägaraýyş bolupdyr» diýip ýazdy (162 sah.). Ol özüniň beýik şahyrlyk zehininden syzdyryp ýazan «Türkmen halysy» şygrynda bolsa «Oguz handan haldyr türkmen halysy» diýip aýtdy. Amatly taryhy pursat gelende, nyşanlar ýaňadan açylýar. Garaşsyzlyk zamanynda türkmen halysy babatda hem şeýle boldy. Ogluň atasynyň ýaşyna baranda, özi üçin onuň dünýäsini açyşy, oňa düşünişi ýaly, türkmeniň döwlete eýe bolmagy bilen ata-babalarymyzyň döwlet gymmatlyklary biziň üçin düşnükli bolup ugrady. Türkmen halysynda Oguz hanyň nesiller üçin şifrläp giden semiotiki aňlatmalary gizlenip ýatyr. Muňa akyl ýetirmek işi ýaňy başlanýar. Bu işiň miwelerine indi ýüzümiz düşer. Häzirlikçe bolsa bir hakykat jedelsiz aýdyňdyr: türkmen halysy Oguz hanyň milli döwlet hem onuň gurluşy, ýaşaýyş tertibi we bitewüligi baradaky simwoliki aňladylan pelsepelerinden ybaratdyr. Onda Oguz hanyň ýigrimi dört agtygy diýilýän, aslynda taryhy hakykatda onuň döwletine giren ýigrimi dört sany taýpanyň hersiniň öz orny, öz syýasy barlyk hökmündäki orny we aýratynlyklary beýan edilipdir. Şonuň üçinem hala baýdak – döwlet nyşany hökmünde seretmek maksadalaýyk bolardy.
Şu ähli aýdylanlar Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy şahsyýetiniň iň ilkinji hem iň esasy binýadynyň Oguz handygyny görkezýär. Bu binýat hatda häzirki zaman ölçeglerinde we talaplarynda alanyňda-da, ýokary derejede gurnalan döwlet-syýasy ulgamyndan galan mirasdyr. Hiç bir gymmatlyk boş ýerden döremeýär we hiç bir gymmatlyk bir döräninden soň näçe amatsyzlyklary başdan geçirse-de, atsyz-sorsuz ýitip-ýok bolup gitmeýär. Gymmatlyklar miras galýar. Hatda özüniňki eýe çykmasa, özgelere miras galýar. Çünki adamzat tejribesi inkär edip bolmajak hakykylykdyr we ol ýatdan çykaraýar, äsgermezlik edip, zyňyp goýberäýer ýaly, gerekmejek zat däldir. Türkmende «Göwher bolsaň, göterenler tapylar» diýen pähim bar. Şonuň ýaly, Oguz han zamanyndan galan döwlet gymmatlyklary-da, megerem, öz hakyky möçberinde bitinligine doly saklanmasa-da, hatda halkyň hakydasynyň telperleşen döwürlerinde-de miras gymmatlygy hökmünde ähmiýetden gaçmandyr.
Miras milletiň öz ýaşaýşynda ýokary galan pursatlary has hem eziz we gadyrly görlüpdir. Şonda millet öz syýasy tejribesinden şol mirasa gatanç edipdir. Şeýdip, şu meseledäki hakyda zynjyrynyň halkalary artypdyr we olaryň arasyndaky kökenler hasam berkidilipdir.
Şeýle gatançlaryň biri XI asyr beýik türkmen akyldary Ýusup Has-Hajyp Balasagunly tarapyndan ýazylan «Gut etgu Bilik» – «Bilimnama» eseridir. Bu syýasy-pelsepewi eseriň gymmaty onda türkmeniň yslamdan öňki döwlet hem jemgyýet pelsepeleriniň ýoýulmazdan diýen ýaly saklanyp galanlygyndan ybaratdyr. Yslamyň gelmegi bilen jemgyýetçilik ýaşaýşyny täze bir düzgünler ulgamy bolan şerigatdan tapawutlandyrmak üçin türkmençilik ady berlen şol kada-kanunlar soňky asyrlarda ýazylmadyk görnüşinde saklanypdyr hem-de bölek-büçek görnüşde gelip ýetipdir. XI asyrda Ýusup Has-Hajyp, hamana, şol ýowuz ykbaly duýan ýaly, nesilleriň bitewi görnüşde bilmekleri üçin özüniň türkmençilik baradaky eserini ýazypdyr. Türkmençilik kada-kanunlary bu eserde «töre» sözi bilen aňladylýar. Bu ýerde çuňňur syýasy-pelsepewi derejeler bolan töre, gut, akyl, paýhas, isleg ýaly düýpli aňlatmalar anyk hem-de hertaraplaýyn işlenip düzülipdir. Görnüşi ýaly, müň ýyl mundan ozalam türkmen aňynyň esasly pelsepewi aňlatmalary hem giň pelsepewi gözýetimleri, özboluşly milli pelsepe dili bolupdyr. Eserde esasy iki sany dereje bar bolsa, onda olar «töre» we «gut» düşünjeleridir. Özem olar ýasama hem howaýy düşünjeler däl-de, anyk durmuşda bütinleý durmuşy serişdeler hökmünde goldanylan janly gymmatlyklar bolupdyr. Nyşan islendik pelsepäniň baky ýarany, onuň ýüzüniň tuwagy. «Bilimnama» hem çuňňur göçme manyly dilde ýazylan eserdir.
Eserde beýan edilen ähli pelsepewi hem-de pikir gymmatlyklary Oguz hanyň resullyk eden Göktaňrysynyň ynanjyna esaslanýar. Göktaňrynyň ýalkawy, nazary «gut» diýlip atlandyrylypdyr. Gut – döwlet baştutanynyň Göktaňry tarapyndan berlen mertebesi, peşgeşi, aýratyn hukuklarydyr. Gut diňe Taňry tarapyndan berilýän syýasy-ahlak derejäni hem bu derejä laýyk sypatlary aňladypdyr. Munuň özi türkmen halkynyň düşünjesinde soňky asyrlarda-da saklanyp galan «döwlet guşy» bilen manydaş düşünjedir. Tötänden patyşa bolunmaýar, her öňýeten ýolbaşçy, häkimlige dalaş edýän kişi patyşa bolup bilmeýär. Bu işde hiç hili tötänligiň ýa-da başsyz-baratlylygyň bolmagy mümkin däldir, patyşa bolmak üçin Hudaýyň nazarynyň düşmegi gerek diýen halk düşünjesi şol döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar. Şeýle düşünje syýasy şahsyýetiň her edip-hesip edip keramatlaşdyryljak bolunmasy däldir. Ýok, munuň çuňňur durmuş pelsepesi bar. Bu pelsepe syýasy aýtymyň berk kanunalaýyklyga görä ýaşaýandygy, bu ýerde tötänlige ornuň ýokdugy baradaky pikirden ybaratdyr. Iň bolmanda, syýasata hem syýasy şahsyýete oňyn-u-tersin baha berýän kişiniň kellesinde nähili kanunalaýyklyk, mantyk bar bolsa, syýasatyň özünde şondan-da berk kanunalaýyklyk hem mantyk bardyr. Esaslylyk hem paýhasalaýyklyk manysyndaky bu kanunalaýyklyk Göktaňry tarapyndan berlen töre we gut gymmatlyklary arkaly düzgünleşdirilipdir.
Eserde töre Gündogdy, gut bolsa Aýdogdy atlary bilen atlandyrylýar. Gündogdy – han, Aýdogdy – wezirdir. Töre – Güne; gut, ýagny bagt – Aýa deňelipdir. Aýyň öz şuglasyny Günden alşy ýaly, Göktaňrynyň berýän guty – bagty döwlet baştutanynyň – töräniň düzgünlerini ýerine ýetirişine baglydyr. Taňry guty berip hem bilýär, ýöne mynasyp görmese, ony yzyna-da alaýýar. Eýse töre ýa-da häzirki türkmen düşünjesi bilen aýdylanda, türkmençilik nämedir?!
Töre – düýbi Göktaňry tarapyndan tutulan ylahy gözbaşly, ylahy manyly we ylahy gudratly jemgyýetçilik-syýasy kanunalaýyklyklardyr. Kim töräniň kanunlaryny gyşarnyksyz berjaý etse, Taňry şol adama gut – bagt berýär. Ýusup Has-Hajybyň bu eseriniň adynyň manysy-da, «guta – bagta eýe edýän bilim» diýmekdir. Diýmek, bu syýasy eser döwlet baştutanynyň nädip guta eýe bolup bilýänligi, munuň üçin nämeleri bilmelidigi we nämeleri etmelidigi baradaky eserdir.
Guta eýe bolmak üçin, syýasy şahsyýet akyla, paýhasa, köňüle hem-de hyzmata eýe bolup bilmelidir. «Ynsanyň gadyr-gymmaty diňe bilim bilen düşünjeden gelýändir», «Akylly adam asylzada we bilimli bolsa, onda ol beg bolup biler». «Köňül bolmasa, gözüň peýdasy ýok». «Hyzmat» bu eserde ylahy manyda-da, syýasy-pelsepewi manyda-da ulanylýan köptaraply bir düşünjedir. Hyzmat döwlet gullugynda bolmakdyr. Hyzmatyň dogry we maksadalaýyk bolmagy üçin, döwlet işgäri töräniň düýp manysyndan we düzgünlerinden oňat baş çykarmalydyr. Hyzmat diňe töräniň hökümleri esasynda ýerine ýetirilip bilinýändir. Hyzmatyň ýerine düşende, Göktaňrynyň gutunyň gapylary syýasy işgär üçin doly açylýandyr.
Bu ajaýyp eserde Ýusup Balasagunly şeýle ýazýar:
Budum erdi ok dek köňül erdi ýaý,
Köňül kylgy, ok dek budum boldy ýaý.
Manysy: Bedenim ok we köňlüm ýaý ýalydy, indi bolsa bedenim ýaý boldy, köňlümi oka öwreýin».
Oguz handan gelýän düşünjeden çen tutsaň, ýaý döwlet hem-de onuň baştutanydyr. Ilçiler – döwletiň hyzmatyndakylardyr. Taňry gut berende, ok bilen ýaýyň arasynda düşünişmäge, tabynlyga esaslanýan sazlaşykly jemgyýetçilik-syýasy ýaşaýyş kemala gelýär. «Taňry kime ýagşylyk etse, oňa medet berse, dünýä şonuňky bolar we ol adam gutly bolar», «Taňry kimi ýalkasa, ol iki jahanda-da gut tapar». Gut – gudratdyr. Gut gelende, adam ähli arzuwlaryna ýetýär. Gutuň hemişelik saklanyp galmagy üçin patyşa döwletiň hem halkyň hyzmatynda bolmalydyr.
Senden hyzmat bolsun, menden hem alkyş,
Hyzmat ýerne düşse, gut gapysyn açaryn.
Gut azgynlyk ýoluna düşen adamdan baş alyp gaçar. Şonuň üçin guty saklamak isleseň, paýhasy, akyly, hyzmaty, bilimi hem-de köňli hiç mahal ýanyňdan goýmaly däl. Olaryň barysy döwlet işgärine töräniň kada-kanunlaryny ýerine ýetirmäge ýardam eder.
Töre – döremek sözündendir. Diýmek, töre Taňrynyň buýran düzgün-kadalarydyr. Töräniň düýbüni tutan Taňrydyr. «Adalata esaslanýan töre Asmanyň diregidir, töre bozulsa, Asman ýerinde durmaz», «Töräni ýöredýän begler bolmasady, Taňry ýedi gat Ýeriň nyzamyny bozardy». Töre ýagşylyk, gut bolsa hyzmat arkaly berkarar edilýär. Ýalan, zulum, harsydünýälik, açgözlük, gan dökmek, ogrulyk, kişiň malyny almak, haramylyk töräniň bozulmagyna getirýär.
Töre beglik arkaly amala aşyrylypdyr. Taňry töräni ýöretmek üçin beglik beripdir. Bu ýerde beglik, elbetde, döwlet-syýasy gurluş manysynda gelýär. «Töre kowumyň hakydyr», «Dünýä töre bilen eşret tapar, hanyň ady töre bilen beýgeler».
Ýusup Has-Hajybyň döwründe türkmen jemgyýeti aşakdaky gatlaklara bölünipdir:
1. Alymlar.
2. Döwlet gurluşykçylary.
3. Döwlet gullukçylary.
4. Ýönekeý halk.
Ýönekeý halk hem öz durmuş derejesi boýunça üç topara bölünipdir:
1. Barlylar.
2. Ortaça ýaşaýanlar.
3. Garyplar.
Munuň özi kämil, tas häzirki zaman jemgyýetidir. Gurluşy taýdan çylşyrymly hem bitewi şeýle jemgyýeti dolandyrmak üçin kämil döwlet gerek bolupdyr. Degişli eseriň pikirleri türkmende şol döwürde gaty kämil döwletiň bolandygynyň görkezijisidir. Çünki durmuşyň kämil derejä ýetmedik ýerinde kämil maksat ýokdur, sebäbi islendik pikir-maksat durmuşy umumylaşdyrmagyň ruhy tejribesidir.
«Bilimnamada» döwlet baştutany serkerde hökmünde görkezilýär. Ýusup Balasagunly döwrüniň türkmen hany Tapgaç («tapyk» sözünden – hyzmat manysynda. Bu özboluşly adyň manysy «Göktaňrynyň hyzmatyny bitirýän» diýmekdir) Bugra hanyň depreginiň sesini gök gümmürdisine, tuguny bolsa ýyldyryma meňzedýär. Ýusup Balasagunlynyň pikiriçe, harby serkerde doňuz ýaly topulýan, gurt ýaly ýyrtyjy, aýy ýaly asylýan, gäwmiş ýaly kitüwli, tilki ýaly hilegär, bugra ýaly esrik, şir ýürekli, garga ýaly parasatly bolmalydyr. Biziň görnükli türkmen akyldarynyň döwlet baradaky pikirlerine syny hut şu terzde bir toýnuga syrmagymyz ýöne ýere däl. Maksadymyz taryhy nesilleriň arasynda birbada göze görünmeýän içki hem-de biziň görşümizden has içgin arabaglanyşygyň bardygyna ünsi çekmek. Ýusup Has-Hajypdan ýedi ýüz ýyl soň, onuň bilen deňeşdireňde bütinleý başga taryhy şertlerde ýaşan türkmen akyldary Magtymgulynyň şygrynda serkerde begiň Ýusupda berlen sypatlary sözme-söz diýen ýaly gaýtalanýar: Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli, Göwrümi giň gerek, özi pähimli. Giň ýerde garga deý bolsun wehimli, Ýerinde hünäri, işi gerekdir. Gaplaň kimin arlap girse meýdana, Tilki kimin bazy berse her ýana, Duranda gaýa dek durup merdana, Alar ýerden at salyşy gerekdir... Gurt deý girip, ýowny koý dek dagyldan, şir ýigidiň mert ýoldaşy gerekdir... At salanda doňuz kimin topulyp, Aýy kimin asylyşy gerekdir.
Bu maglumat ruhuň biziň pikir edişimizden has durnuklydygyny hem däplere wepalydygyny görkezýär. Biz, köplenç, bu durmuşyň agyp-dönmesini ruhuň çalt üýtgewi hökmünde kabul etmäge öwrenipdiris. Şonuň üçin XXI asyryň beýik syýasy şahsyýeti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ýüzlerçe ýyl aradaşlykdaky ýagdaýlar-ösüşler bilen baglanyşdyrmakda hiç hili ulaltma ýa maglumatlara bähbitparaz akyl tarapyndan zorluk etme ýokdur. Tersine, şeýle arabaglanyşyklaryň barlygy üçin, biz däpleri durnukly, ruhy-akyl ösüşi yzygiderlikli milletimize guwanmaga haklydyrys. Beýle ýagdaýy entek çig, kemala gelip ýetişmedik milletiň taryhynda görmek mümkin däldir.
Ýöne, ýene biraz yza dolanalyň. Özem ýene XI asyra dolanalyň.
Şol asyryň beýik seljuk weziri Nyzamylmülküň «Syýasatnama» eserini hem milli syýasy pikirimiziň bitewi ösüşiniň çägindäki bir hadysa hasaplamalydyrys. Garahanlylaryň wekili bolan Ýusup Balasagunly bilen bir döwürräkde ýaşanlygyna garamazdan, Nyzamylmülk syýasy pikiriň ösüşinde başga bir etap bolup durýar. Hususanam, «Bilimnama» özüniň mazmuny hem adalgalary boýunça yslamdan öňki syýasy dünýägaraýşyň umumylaşdyrylmasy bolsa, «Syýasatnama» eýýäm yslamy durmuşy wagyz edýän türkmen syýasy aňydyr. Milleti pars bolan wezir öz eserinde döwlet pelsepesini hem döwlet taglymatyny-da, döwletiň tejribelerini-de başgaçarak berýär. Emma, muňa garamazdan, bu ýerde-de eýýäm yslama uýgunlaşan türkmen imperiýasynyň syýasy ýörelgeleri belli bolýar. Elli bir bapdan ybarat bolan bu syýasy eserde döwlet aňyýetine, döwletiň gündelik meselelerine, köşk düzgün-tertibine, patyşanyň sypatlaryna, döwletara gatnaşyklara degişli ähmiýetini ýitirmejek pikirler beýan edilipdir. Munuň özi döwrüň syýasy pikiriniň ýeten derejesidir. Öz syýasy tejribesi ýeterlik bolan Nyzamylmülküň kitaby döwlet durmuşyna degişli wakalardan, janly mysallardan, köpsanly maglumatlardan doludyr. Özüniň žanry boýunça «Syýasatnama» köşgi edara etmegiň özboluşly gollanmasydyr. Kitaby okanyňda, ýazaryň özara baglanyşykly, ýöne göwrümi taýdan biri-birinden tapawutlanýan «köşk» hem-de «döwlet» düşünjelerini mahal-mahal bir zat hökmünde kabul edýändigini görüp bolýar. Munda syýasy metodika syýasy metodologiýadan has agdyk gelýär. Awtory esasan syýasy aňyýetiň däl-de, syýasy tehnologiýalaryň meseleleri gyzyklandyrýar. Şonuň üçinem muny, umuman alanyňda, syýasy durmuşyň umumylaşdyrmasy, syýasy tejribäniň jemi hökmünde kabul etmek bolar.
Emma şu hili žanr kesgitliligine garamazdan, Nyzamylmülküň kitabynda seljuk türkmenleriniň syýasy ýörelgeleri beýan bolupdyr. Onda öz döwri üçin düýpli syýasy pelsepe bar. Beýle pelsepe köşk durmuşynyň zerurlyklary beýan edilende däl-de, kitapda getirilýän dürli tymsallarda, hekaýatlarda we rowaýatlarda oňat ýüze çykypdyr. Käbir mysallara ýüzleneliň: «Şalyk ynanç bolmadyk halatda-da bolup biler. Ýöne zulum bolanda weli, ondan derek galmaz» diýip aýdypdyrlar ahyryn. Munuň bolsa manysy şeýledir: şalyk ynanç bolmasa-da saklanyp biler, ýöne zorluk, zulum bolanda weli, ol köp saklanmaz».
Bu barada şeýle hekaýat bardyr: «Bu dünýe bilen hoşlaşanda, Ýusup pygamber – ylaýym onuň ýatan ýeri ýagty bolsun – şeýle diýipdir: «Men ölemde, meni atam Ybraýymyň ýanynda jaýlaň». Ýusubyň tabydyny atasynyň guburynyň ýanyna getirenlerinde, Jebraýyl perişde peýda bolupdyr we şeýle diýipdir: «Bu ýer onuň ýeri däldir, sebäbi ol şalyk edeni üçin, kyýamat güni jogap okamalydyr».
«Magşar güni halkyň üstünden ýa köşkdäki ýaşaýanlaryň ýa-da nökerleriň üstünden hökümdarlyk eden her bir adamdan hasap soraljakdyr. Şeýle hem bakýan goýunlary üçin çopandan-da hasabat soraljakdyr».
«Hökümdar öz emeldarlaryndan hiç haçan biperwaý bolmaly däldir, hemişe olaryň bolşundan hem ýaşaýşyndan habarly bolmalydyr... Uly wezipe ynanylan her bir adamyň yzyna bilmez ýaly edip, müşrif salmak gerek, şeýle edilse, müşrif onuň edýän işleri, hal-ahwallary barada patyşa birsyhly habar berip durar».
Şeýle pikirler weziriň çeýe hem ýiti akylly, sözüň oňyn manysynda hileli syýasatçy bolandygyny görkezýär. Hilelilik iki bolýar: dogabitdi aýlawlylyk hem-de durmuş tejribesinden, köpi görmekden emele gelýän hilelilik. Patyşanyň ýakyn kömekçisi bolan wezir bularyň ikisine-de eýe bolmalydyr.
«Syýasatnama» bize syýasat sözüniň düýp manysyny yzarlamaga mümkinçilik berýär. Syýasat – sözüň oňyn manysynda gizlinlik, öz mazmunyňy hem-de hereketleriňi, düýp maksadyňy garşydaşyňa ýa-da bäsdeşiňe bildirmezlikdir. Adam bähbitleriniň hem matlaplarynyň dartgynly toplanan ýaýlymy bolan syýasatda munuň özi ýaşaýşa ukyplylygyň ölçegidir. «Syýasatnamanyň» diňe her bir sözlemindäki däl-de, her bir sözlemiň aşagyndaky ýaşyryn pikirlerdäki manysy-da şu hili pelsepelerden ybaratdyr. Eseri okanyňda, esasy möhüm zat ýazaryň aýdýan zatlary däl-de, aýtman, ýa soňuna çenli aýtman gidýän zatlarydyr. Şonuň üçinem bu eseriň düýp manysyna hem gymmatyna düşünmek üçin sowatlylyk bilen üşük gerekdir.
Şeýle syýasy eseri diňe ösen syýasy paýhasyň önümi hökmünde häsiýetlendirip bolar. Munuň özi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň arkasynda duran milletiň nähili syýasy tejribä we syýasy paýhasa eýedigini görkezýär.
Biziň üçin «Syýasatnama» türkmen syýasy pikiriniň ösüşiniň nukdaýnazaryndan ähmiýetlidir. XVIII asyryň akyldary Döwletmämmet Azadynyň «Syýasatnamany» gaty içgin öwrenendigine şübhelenmese bolar. Muňa «Syýasatnamanyň» mazmunyny Azadynyň «Wagzy-Azat» eseri bilen deňeşdireniňde, anyk göz ýetirse bolýar. Azady öňki kitapdaky hökümetiň ylahylygy baradaky taglymaty hem-de dürli syýasy hekaýatlary, ylaýta-da Gaznaly türkmen döwletiniň syýasy tejribesini yzygider ulanypdyr. Şol bir wagtda-da «Syýasatnamanyň» köşgüň nukdaýnazaryndan, «Wagzy-Azadyň» bolsa köşk hem döwlet birliklerinden daşda bolan akyldaryň keseden synlaýjy nukdaýnazaryndan ýazylandygyny aýtmak gerek.
Azady türkmen halkynyň döwletsiz ýaşan döwründe döreden akyldary. Şonuň üçinem döwlet onuň üçin anyk barlyk däl-de, milli maksatdyr. Onuň syýasy pikirlenmesine-de idealizm mahsusdyr. Ol XVIII asyr jemgyýetçilik meselelerine köneden däp bolup galan syýasy pikirlenme ölçegleriň gözi bilen garaýar. Azady kitapdan durmuşa gelen kitaby akyldar. Ol durmuş hakykatyna däl-de, kitaby paýhasyň hakykatyna meşgul. Şu-da onuň hem güýjüdir, hem gowşaklygydyr. Bir tarapdan, syýasy pikirlenmäniň baý mirasyny oňat bilmegi Azadyny syýasy intellektiň iň ýokary derejesine çykarýar, beýleki tarapdan weli, ol ölçegleriň hem görnüşleriň hakyky durmuşda indi işlejegi-işlemejegi müşgil bir zada öwrülýär.
Biziň üçin Azadynyň syýasy paýhasynyň durmuşa baplygy däl-de, ol taglymatyň mantyk gutarnyklylygy, gözelligi we kämilligi, garaz, ulgamlaşdyrylanlygy ähmiýetlidir. Akyldar döwrüň syýasy meselelerini dört jähete bölüpdir. Birinjiden, türkmen jemgyýetini gurnamagyň syýasy-ruhy meseleleri; ikinjiden, durmuşy-ruhy meseleleri; üçünjiden, intellektual-ruhy meseleleri hem-de, iň soňunda, ruhy-serhaly meseleleri. Bularyň baryna Azady adam şahsyýetiniň azatlygy nukdaýnazaryndan seredýär. «Wagzy-Azat» şahsyýeti azat etmek baradaky paýhasnamadyr.
Azady – dini akyldar. Şonuň üçin azatlyk pelsepesi-de dini mana ýugrulandyr. Onuň aňynda behişt, dowzah, ahyret, kyýamat ýaly düşünjeler iň soňunda anyk meseläni kesgitleýji ölçegler bolup durýar. Şol bir wagtda-da bular şahsyýetiň ahlaky sypatlaryna laýyklykda kesgitlenilýär.
«Wagzy-Azat» eseriniň birinji babynda jemgyýetiň syýasy barlygynyň nyşany bolan patyşanyň röwşen keşbi berilýär.
Häkimi-adyl – Huda pygamberi,
Janeşinim diýp öwüpdir anlary.
Görnüşi ýaly, patyşa Hudaýyň pygamberi we orunbasarydyr. Diýmek, türkmen jemgyýetiniň baştutany bolan patyşanyň we häkimligiň diňe bir syýasy däl, eýsem dini-ylahy, ruhy manysy-da bardyr. Haýsydyr bir şahsyýetiň patyşa ornunda bolmagy Hudaýyň oňa bolan aýratyn garaýşynyň güwäsidir. Şonuň üçin adyl patyşanyň şahsyýetiniň, sözüniň hem hereketleriniň diňe syýasy ähmiýeti we hukuk güýji däl, eýsem gudratlylyk ähmiýeti-de bardyr.
Syýasy manyda jemgyýet diýmegiň nämedigi barada Azady anyk pikirde. Jemgyýet iki agzany – häkimligi hem raýatlary göz öňünde tutýar. Häkimlik hem öz gezeginde iki bölege – hökümdarlyga we emeldarlyga bölünýär. Jemgyýetiň ýokarsynda bolsa baky Alla durýar. Häkimlik Alla bilen bendeleriniň arasyndaky baglanyşdyryjy we sazlaşdyryjy esasy halkadyr.
Jemgyýet adamlaryň şu dünýädäki ýaşaýşynyň esasy görnüşidir. Jemgyýetiň ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy guraly we serişdesi hökmünde bolsa Allatagala häkimligi ýaradypdyr. Şonuň üçinem döwlet baştutanynyň erki gürrüňsiz berjaý edilmelidir, bu erkiň ýöne bir syýasy ýa hukuk däl, ylahy kanun derejesindäki ähmiýeti bardyr.
Patyşa kim bolsa ger adly anyň
Ýer ýüzünde saýasydyr Taňrynyň.
Mähri anyň Hak tagala mähridir,
Gahry anyň Hak tagala gahrydyr.
Adyl häkimiň şahsyýeti her bir raýatyň ýürek ynanjyna öwrülmelidir. Munuň özi türkmen milletiniň esasy dünýägaraýyş we ruhy daýanç nokady bolmalydyr.
Azady adyl patyşany Ýer ýüzüniň bezegi, ruhuň tebibi we halk derdiniň dermany diýip atlandyrýar. Onuň «Döwlet – ruhuň tebibi» diýen jümlesi giden bir taglymatdyr. Islendik ýaşaýşyň manysy – janlylyk, islendik ýaşaýşyň maksady hem bakylykdyr. Şahsyýetiň şu dünýädäki janlylygyny üpjün etmegiň esasy usuly döwletidir.
Döwletiň raýatlara gatnaşygyny Azady yzygiderli suratda şu pikir üçburçlugy bilen beripdir: çopan-goýun-ýyrtyjy ýa-da ekin-ekinçi-ekinçi mal. Häzirki aň adatlarymyzda, pikir endiklerimize geňräk görünse-de, bular XVIII asyryň, ondan öňki asyrlaryň aýdyň keşbidir. Döwletiň raýaty bolmadyk köpçülik goragsyz hem ýabany sürüdir. Munuň özi taryhy ykbalynyň näbelliligi, agyp-dönmeligi, özakymlylygy we bölek-büçekligi bilen goragsyz sürini ýatladýar. Halk şu ýowuzlyklardan raýat bolmak bilen gutulýar.
Raýat bolmak – serenjamlylyga we ulgamlylyga geçmek, hususy erkleriň birleşip, bitewi erk hökmünde ýüze çykmagydyr. Şeýle taryhy özgerişi amala aşyrmak üçin patyşanyň aýratyn bir tipi – hekim patyşa, akyldar-patyşa gerekdir. Hekim patyşanyň esasy sypaty ýöne bir okumyşlyk bolman, pikir bilen hakykaty baglanyşdyryp bilýänligidir. Ol durmuşa nähili pikirleriň gerekdigini bilýär we şeýle pikirleri öňe sürmegi başarýar.
Azadyda şeýle bir ajaýyp tymsal bar: Gaznaly türkmen şasy Mahmyt ýaranlaryna: «Maňa iň samsyk adamy tutup getiriň» diýýär. Şonda iň akmak adam diýip öz oturan şahasyny kesip durany getirýärler. Döwlet – şahadyr. Hiç hili üýtgedip gurmak, özgertmek, hiç bir täzeçe inkär etmeklik döwleti ýykmaga çenli baryp ýetmeli däldir.
Azady kitaby akyldar bolsa, onuň ogly beýik Magtymguly durmuşyň akyldary boldy. Biziň aýdýanymyz ýöne bir ýiti hem gelşikli söz däl. Akyldarlaryň durmuşyň iki jähetine – maksatlar durmuşyna hem-de durmuşyň maksatlary jähetlerine degişlilikde iki röwşüniň bardygy tebigydyr.
Birinjiler pikirden pikir çykarýarlar.
Ikinjiler durmuşdan pikir çykarýarlar.
Azady pikirleri kämilleşdiriji hem-de olary mümkingadar durmuşa laýyklaşdyryjy syýasy taglymatçy bolupdyr. Beýle şahsyýet öz pelsepewi hususyýetini miras galan pikirleri okamak hem öwrenmek arkaly kemal edýär. Magtymguly bolsa öz pelsepewi hakykatlaryny hakykatyň içindäki heserlenmeler, durmuşdaky akyl-duýgy gaýnap-joşmalar arkaly gözläp tapypdyr. Ol ýörite syýasy eser ýazan adam däl. Ol durmuşyň özünden ylhamlanan hem şol ylham netijesinde pelsepewi şygyrlar ýazan adamdyr. Magtymguly durmuşyň, şol sanda döwrüniň syýasy durmuşynyň jümmüşinde ýaşapdyr. Ylaýta-da, XVIII asyryň 50-60-njy ýyllarynda Türkmenistanda syýasy durmuş dartgynlylygyň hem gapma-garşylyklylygyň aňrybaş derejesine ýetýär. Emma türkmenleriň içinden uly syýasy şahsyýetiň çykmandygy, milli-syýasy aňyň umumy pesligi zerarly, türkmenler syýasy bitewüligini amal edip, milli döwlet gurup bilmediler. Magtymguly taryhyň açan mümkinçiligini gören, şol bir wagtda-da syýasy-milli aňyň pesliginiň şaýady bolup, bu pajyga janyny ýakan beýik pajygaçydyr.
Seredilýän meselede onuň iň ähmiýetli şygyrlarynyň biri «Emire döner» şygrydyr.
Ülkede sahyp bolmasa,
Arbaplar emire döner.
Üç ýyl şire uçramasa
Tilki, şagal şire döner.
Hawa, ülkäniň eýesi bolan patyşanyň ýok ýurdunda öňýeten baý özüni emir saýýar. Magtymguly «ýurduma eýe gerek» diýip ýanyp-öten ärleriň biridir. Şu bendiň soňky iki setirindäki pikirlenme täri şahyr akyldaryň özüniň ruhy howalasy, şeýle-de pikirlenişi boýunça Ýusup Has-Hajybyň mekdebine degişlidigine şaýatlyk edýär. XXI asyra çenli türkmen syýasy pikirlenişinde iki ugruň – Oguz handan gelýän milli-syýasy pikirlenmäniň hem-de yslam arkaly başga hala geçilen ugruň bolandygyny bellemek gerek. Magtymgulynyň birinjä ýakynlygy barada öňem ýaňzydypdyk. Gahba pelek paşyk solar, Birne biýr, birinden alar. Her kime bir nobat geler, Ülke agar, tugra döner.
Munuň sözi taryhy-syýasy-pelsepewi oýlanma hem netije çykarmadyr. Şahyr akyldar öz türkmeninden pelegiň ýüz dönderendigine arman çekýär. Türkmenden diňe syýasy işjeňlik däl, eýsem asylbaşky milli-syýasy gymmatlyklar hem ýüz dönderipdir. Magtymguly, budur derdiň, Sahyby gerek her ýurduň.
Magtymgulynyň syýasy hakykaty göz öňüne getirişi-de Ýusup Has-Hajybyňka ýakyndyr. Ol döwletiň gulluk etmegi däl-de, «döwlete gulluk etmek» barada mesele gozgapdyr.
Fransuzlarda «Her millete akyldar ýetdirip duranok» diýen söz bar. Türkmene XIX – XX asyrlara asla hiç hili akyldar, şol sanda syýasy akyldar hem ýetdirmedi. Türkmeniň akyldara XX asyryň ahyrynda ýüzi düşdi...
Eger türkmen halky XX asyr taryhynyň çarkandakly ýollarynda özüni ýitirmän, ösüşiniň tebigylyklaryny saklap galan bolsa, biz munuň üçin Beýik Türkmenbaşynyň gudratyna minnetdar bolmalydyrys. Milli taryhyň aýratyn eýýamy hökmünde häsiýetlenen soňky üç ýüz ýylda taryhymyz ýaşaýşyň iki hilini başdan geçirdi.
Russiýa imperiýasyna zorlukly birikdirilmezinden öňki döwri asla «ösüş» aňlatmasy bilen baglanyşdyrmak hem mümkin däl. Ol bir özakymlaýyn durmuşdy. Beýle durmuşda ýaşan halk däli derýanyň akymyna düşüp, nirädir bir ýere alnyp barylýan, gitdigiçe çagşap, dargap barýan saly ýada salýardy. Halk taryhy rowaçlyk-ha däl, hatda taryhy aň-düşünjedenem, taryhy gözýetimdenem bütinleýin mahrumdy. Munuň özi, häzirki gürrüňiň dilinde aýdylanda, aşa tebigylykdy, dürüşdelikdi. Bu döwre Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy mukaddes Ruhnamasynyň birinji kitabynda örän takyk hem düşnükli, taryhy-pelsepewi häsiýetnama berýär.
Emma 1881-nji ýyldan soňky 110 ýyllyk taryh ýokarkynyň edil tersine boldy. Ol çakdanaşalygyň ikinji bir tarapy bolup, munda dürüşdeligiň deregine zorluk, taryhy ösüşe zor salmak, taryha, hamana, adamyň erkindäki serişde hökmünde garamak häsiýetli boldy. Taryhy ösüşdäki çendenaşalyklaryň ikisi hem milletiň geljegine uly howp saldy. Olaryň birinjisinde milletiň öz-özünden ýitip, dargap, eräp gitmek howpy bolan bolsa, ikinjisinde türkmeniň ýaşaýşyna gapdaldan gelip, ony haýsydyr bir nägehan erk arkaly birbada ýa-da ýuwaş-ýuwaşdan taryhyň sahnasyndan düşürmek howpy bardy. Netijede, taryhda türkmen diýen milletiň mesgen tutan ýerinde Garagumuň ak çägeligi ýaly ullakan ak tegmilden başga hiç zat, şeýle hem bäş müň ýyl ýaşan milletiň beýikligi baradaky süýji ýatlamadan başga hiç zat galjak däldi. Adamzat taryhynda muňa meňzeş mysallar biziň bilýänlerimizden hem kän bolsa gerek.
Ine, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň iň esasy, ählumumy taryhy gabarasy we taryhy hyzmaty ýokarky çakdanaşalyklaryň gabadynda aýdyň göze görünýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy milleti «näme bolsa, şo bolsun» diýip, köne türkmen owarramçylygyny etmekden, özüňi taryhyň däli derýasynyň akymyna bermekden, şeýle hem ony taryha zorluk etmek howpundan aman saklady. Beýik Serdar bu barada kesgitli aýtdy: «Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna ýetmek üçin juda uzak hem-de kyn ýoly geçdi. Şeýle bolansoň, ony syýasy töwekgellige sezewar edip bilmeris». Beýik Serdar türkmene Hudaýyň beren adamy boldy, ýagny adatdan daşary, taryhy ösüşiň adatyndan daşary Şahsyýet boldy. Özüniň mazmuny boýunça ol juda çylşyrymly şahsyýetdir. Onda akyl hem erk, seresaplylyk hem töwekgellik, aýgytlylyk hem oýlanyşyklylyk, geçirimlilik hem talabedijilik, aýlawlylyk hem sypaýyçylyk, ýitilik hem çeýelik, aramlylyk hem täzeçillik tebigy suratdaky utgaşygyny tapdy. Onuň türkmen halky üçin saýlap alan tebigy ösüş ýoly – iki çakdanaşalygyň altyn ortalygy boldy. Şeýle seredeniňde, bu ýol, bu saýlaw hiç bir başga ýol gözlemezden amala aşan, şol sebäpdenem hiç hili agyry-ynjysyz, derdesersiz öz-özünden bolup geçen ýaly görünmegi mümkin. Eger şeýle görünýän bolsa, onda munuň özi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň beýikliginiň ýene bir görkezijisidir – onuň halkynyň çaknyşyksyz, dawa-jenjelsiz ýaşaýşyny üpjün edip bilenliginiň görkezijisidir.
Ýöne şol bir wagtda-da siňe seretseň, onuň ýoluna bolan şübhelenmeler, makullamazlyklar, göwnüýetmezlikler, akylyýetmezlikler göze iler. Bular hut şol iki çakdanaşalygyň ýok bolup gitmän, türkmen syýasy aňynda aýratyn ugur hökmünde kemala gelmese-de, tüýsüni üýtgedip, aýry-aýry adamlaryň, hatda belli bir ýüzi perdeli toparlaryň aňynda saklanyp galmagydyr. Bularyň birinjisi – owarramçylyk, Russiýa, soň Sowet Soýuzyna baknalyk döwründe şeýle içki üýtgeşmäni, azmagy başdan geçirdi: XVIII – XIX asyrlarda türkmen diňe öz güzeran durmuşy bilen ýaşap, ertirki ösüşiň pikirini etmän, özüni wagtyň akymyna meýletin taşlan, Pelege ynanan bolsa, baknalyk döwründe Pelegiň ornuny Imperiýa, Kompartiýa tutdy. Halk öz erkini şolaryň eline başybitin berdi, ýaşaýşy üçin jinnek ýalak-da jogapkärçiligi öz boýnuna alman, şolara berdi. Munuň özi ölmez-ödi, kellagyrysyz hem jogapkärçiliksiz ýaşaýyşdy. Munuň özi XVIII – XIX asyryň derbi-dagyn, ýöne erkin ýaşaýşyndan gaçyp, imisala, ýöne bakna düzgüne berilmekdi. «Beterinden saklasyn!» diýip, şükür etmekdi. Türkmeniň soňky üç asyrdaky türkmenligini, üýtgewini, ine, şu ýerden aňsat görmek bolýar.
XX asyryň ahyrynda beýik özgermeler netijesinde şol imisala durmuş silkinip, täze milli ýaşaýyş başlananda, könäni gowy görýänler bimazalyk tapyndylar we öňki asuda, şükürli durmuş baradaky «pelsepeleri» bilen täze ýola ýaýal garşylyk görkezdiler. Munuň täsiriniň, hatda, entegem käbir gowuşgynsyzlykda, haýal-ýagallykda, owarramçylykda ýüze çykýandygyny aýdyp bolar. Bu – bir tarapdan.
Beýleki tarapdan, taryhy ösüşiň çaknyşykly, dawa-jenjelli, ähli zatlaryň düýbünden üýtgedilmeli ýolunyň tarapdarlary ýüze çykdy. Olaryň gözýetimi dar, syýasy pikiri bişmedik, durmuşyň däl-de, okan ýöntem hem ýüzleý pikirli kitaplarynyň beýany boýunça ýaşajak hem hereket etjek bolan Bowari hanym pisint adamlardygyny aýtmak gerek. Bular özlerini hem, milletini hem tanamaýardylar. Öýkeläp, daşyndan berilýän bet matlaply gep-gürrüňler hem-de gižželemeler esasynda haýsydyr bir syýasy ýörelgelerini gurnajak bolýanlar milletiň geljegine pikir edilişinden has howpludylar. Olar türkmen üçin bet niýetler bilen daşyndan gurnalýan syýasy oýunlaryň nalajedeýin, biygtyýar oýnatgylary, daşarky ellerdäki gurjaklardy. Olar öz syýasy matlaplaryny milletiň ösüşiniň gowy bir nusgasy hökmünde hödürleýän, meniňki bolsun diýer ýaly tarapy bolmadyk, dar dünýägaraýyşly adamlardy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz çykyşlarynda: «Türkmen halky indi özüni oýnatdyrmaly däldir» diýip, öwran-öwran janykmasynyň aňyrsynda uly zatlar, uly pikirler, uly wakalar ýatyr. Bu pikir türkmen halkynyň ykbalyny bäş barmagy deý bilýän we türkmeniň ykbaly üçin janköýerlik edýän şahsyýetiň pikiri, örtenmesi.
Öz syýasy barlygyňy milletiň ýetmezçilikleriniň üstünde gurnamagyň nähili betbagtlyklara getirýändigini Russiýa imperiýasynyň 1917-nji ýylda düşen güni aýdyň görkezýär.
Şeýlelikde, Beýik Serdaryň ýöredýän, alyp barýan ýolunyň düýp özenine düşünmän, belli bir döwürde nägile boljak bolanlaryň birinjilerini «owarramçylar», ikinjilerini bolsa «kakabaş oýnatgylar» atlandyrmak mümkin.
Göze görünmese-de, bat alyp, öz isledikleriçe herekete gelende, milletiň abadan ýaşaýşyny wes-weýran edip biljek şu iki «ýerasty» tolkunyň öňüni almak işinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy şahsyýeti kemala geldi. Dogrusyny aýtsaň, ol iki çakdanaşalyk öz mazmuny boýunça gaty bir ähmiýetli, dykyz, düýpli hadysa däldi. Türkmen halky öz Serdarynyň taryhy hereketlerini goldady, onuň syýasy şähsyýetini makullady. Häli-şindi metbugatda, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýönekeý halkyň öz Serdaryny mahabatlandyrmasyna şeýle çynlakaý goldaw hem-de makullama hökmünde düşünmek dogry bolar. Elbetde, adamlar dürli-dürli bolýar, gepleýänlerem, diňleýänlerem dürli-dürlüdirler. Kimdir birine ol alkyşlaryň aşa öwgi bolup eşidilmegi mümkin. Ýöne gep ol çykyşlaryň häsiýetinde däl-de, düýp mazmunyndadyr. Ol mazmunda bolsa taryhyň beýik hem ýönekeý hakykaty bar: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň ýüzlerçe ýyllyk ösüşinden kemala gelen adatdan daşary beýik taryhy Şahsyýetdir.
Publisistika