Ikinji bölüm
ŞEJERE BEÝIKLIGI
(Gelip çykyşy. Maşgalasy)
Hakyda – adamyň başynyň ölümlidigi sebäpli wagt taýdan aýra düşen nesilleri ruhy taýdan baglaşdyryjy, bitewileşdiriji ruhy endikdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy.
Aslyna hem ata-babalaryna ymsynmak adamyň tebigatynda bar. Adam ruhunyň bu düýp manysy – ontologik tebigaty bir wagtlar dini ynanjyň özboluşly görnüşiniň – ata-babalaryň kulty diýilýäniň döremegine getiripdir. Adamyň geçmişine hem geçmişdäki aslyna ymtylmagy onuň Wagt bilen aragatnaşygyndan gelip çykýar. Tebigatyň içinde ýaşaýan haýwanatda asla bolan ymtylma ýokdur, olarda diňe nesle söýgi, olam diňe nesil entek höwürtgedekä ýa sürendekä bardyr. Munuň özi haýwanatyň Wagt diýilýän zady duýmaýanlygyny görkezýär.
Emma adamzadyň içinde-de asla bolan gatnaşyk hemişe birmeňzeş däldir. Asla we geçmişe aýratyn höwrügýän adamlar bolýar. Özüniň şahsy ýasawy boýunça özboluşly şeýle adamlarda geçmiş – diňe öz terjimehalyny emele getirýän, öz tebigy ýaşaýşynyň çägini aňladýan geçmiş däl, eýsem dogulmazyndan has öňki geçmiş hem ruhy heserlenmäniň merkezine öwrülýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetiniň ýasawy şeýle ruhy-serhaly röwşe girýär. Mukaddes Ruhnamadan görnüşi ýaly, onuň pelsepewi pikirlenmesinde esasy meseleleriň biri Wagt meselesidir. Biz Türkmenbaşynyň intellektual şahsyýetine gezek gelende, bu meseläni belli bir derejede aýdyňlaşdyrjak bolarys. Häzirlikçe bolsa bu mowzuga bu beýik Adamyň asly hem ata-babalaryna baglanyşygy nukdaýnazaryndan ýüzlenýäris. Mukaddes Ruhnamada «Adam – Allatagalanyň Wagty syzmak üçin ýasan guralydyr», «Adam ýaradylyşy boýunça Wagt bilen göreşmäge mejbur edilendir» diýen pelsepe çuňluklary bar. Bu çuňňur pikir-pelsepeler Mukaddes Ruhnamanyň awtoryna Wagty diňe tebigy däl, eýsem durmuşy-ruhy barlyk hökmünde ýiti duýmagyň mahsusdygyny görkezýär. Bu hili syzgy diňe şu güni bilen ýaşaman, Wagtyň bitewüligini tapmaga – geçmişi, şu güni hem geljegi birleşdirmäge ymtylýan şahsyýetde bolup biler. Wagtyň bitewidigini tapmak bolsa bakylyk bosagasyndan ätlemek bolup, şonda şahsyýetiň ömri, pikirleri we işleri jemgyýet üçin hiç mahal ähmiýetini ýitirmejek gymmatlyga öwrülýär.
Özüniň pelsepe syzgylarynda bakylyk bosagasyna ýeten şahsyýet öz işleri bilen bakylygyň töründen ýer alýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle şahsyýetlerdendir.
Gep geçmişe ýöne bir akyl ýetirmekden has inçe hadysalar barada gidýär. Gürrüňi edilýän şahsyýet röwüşi geçmişi görmek ukybyna eýedir. Görmek daşyndan alnan maglumatlara daýanmak däl-de, öz içki ruhy-serhaly, dünýewi (metafiziki) işjeňligiň arkaly geçmişi öz içiňde janlandyrmakdyr. Beýik Magtymguly hut şu manyda «gördüm» diýip aýdýar. Ýa-da Ibn Sina bilen Mäne babanyň söhbetdeşligini ýatlalyň. Bu iki beýik akyldar birnäçe sagatlap gürrüňdeş bolupdyrlar. Şondan soňra Ibn Sinadan bu hakda soranlarynda, ol «Mäne baba meniň bilýän zatlarymy görýär» diýip aýdypdyr. Mäne baba bolsa «Ibn Sina meniň görýän zatlarymy bilýär» diýip aýdypdyr. Gep mantyk akyl ýetirme bilen transsendental görşüň aratapawudy hakda barýar. Transsendental görüş ýa-da syzyş ruhy kabul etmeleri şahsyýetiň içki ukyplary arkaly dikeltmegi göz öňünde tutýar. Bu ýerde hiç hili mistika ýokdur. Bu ýerde adam ruhunyň entek açylmadyk, ylmyň häzirki gödeňsi pikirleniş usullarynda bolsa, megerem, hiç mahalam açylmajak inçelikleri hem täsinlikleri bar.
Şeýlelikde, geçmişe ymsynmak Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetiniň dogabitdi, zandy aýratynlygydyr. Munuň özi aslynda geljege ymtylmakdyr. Şahsyýet geljegi eýelemek üçin geçmişe höwrügýär hem geçmişe ymtylýar.
Şeýle hakykata tymsal arkaly göz ýetirmek amatly bolarmyka diýýäris: daragtyň kökleri näçe çuňluga gitse, onuň baldaklary berdaşly bolup, şahalary şonça-da beýiklige baryp bilýär.
Emma geçmişi syzmak, geçmişi görmek, geçmişe ýetmek üçin, şol geçmişiň aslynda bar bolmagy zerurdyr. Geçmiş bolsa her kimde bolmaýar, şol sebäpden geljegem her kime miýesser edip duranok.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň geçmişi, asly Nusaý bilen baglanyşykly. Biz Nusaý diýenimizde taryhda aýratyn taryhy-medeni sallançak bolup gelen etraplary göz öňünde tutýarys.
Her ýeriň – ýurduň özboluşly ruhy bolýar. Şol ruh bu ýerde önüp-ösen adamlaryň ruhy aýratynlyklaryny kemala getirýär.
Nusaýyň ruhy patyşalyk ruhdur. Özüni ylymly hasaplaýan ylymdarlar şu hili transsendental hakykatlary görmeýän we ykrar etmeýän hem bolsalar, geçmişdäki basybalyjylar şeýle ruhy duýupdyrlar. Olaryň aýry-aýry şäherleri, ýerleri ýer bilen ýegsan edip, ýumurtga togalabermeli etmekleriniň aňyrsynda-da ylymdarlaryň gödeňsi intellektiniň tutup bilmeýän şol işjeňligi bar. Şäherleri tep-tekiz edip, ornunda arpa ekilmegi olary medeni höwürtge hökmünde ýok etmek isleginden gelip çykýar. Emma ruhy adam eli ýa paýhasy, garaz, adamyň içki erki bilen döredip bolmaýşy ýaly, adam erki bilen ýok hem edip bolmaýar. Ruh taryhyň barlygydyr.
Indi bolsa Beýik Türkmenbaşynyň taryhy gabarasynyň medeni-geografik asly bilen mynasybetini göz öňüne getirmek üçin, Nusaýyň beýik taryhyna gysgaça göz aýlalyň.
Nusaý gojaman Köpetdagyň eteginde ýerleşýär. Munuň özi örän gadymy zamanlardan bäri ýaşaýyş üçin tebigy taýdan ýaramly oturym bolupdyr. Bu ýerdäki adamlaryň iň irki ýaşaýyş galyndylary miladydan öňki IV-II müňýyllyklara degişlidir. Şol döwürde bu ýerlerde ekerançylyk döräpdir hem-de ösüp başlapdyr. Baryp, mundan bäş müň ýyl ozal şu etraplara girýän Änewde ak bugdaýyň ekilendigini dünýä ylmy ykrar edendir.
Miladydan öňki II müňýyllykda demirgazykdan Nusaý etraplaryna söweşjeň iskit taýpalary süýşüp gelipdirler. Çarwalar oturymlylyga geçipdirler, onsoň miladydan öňki I müňýyllykda häzirki Nusaýyň ýerinde uly şäher döräpdir.
Taryh ylmynda «Nusaý» adynyň gelip çykyşy barada dürli pikirler öňe sürlüpdir. Olaryň içinde iň ygtybarlysy «Nusaý» sözüniň «oturymly, ilatly etrap» diýip düşündirilişidir. Hut häzirki «Ahal» sözi-de basybalyjylaryň gadymy eždatlarymyzyň Nusaý sözüni ýoýup aýtmalaryndan emele gelip, ol hem oturymly manysyny berýär.
Miladydan öňki VI asyrda taryhy ýazgylarda Parfiýena ady getirilýär.
330 – 329-njy ýyllaryň gyşynda Isgender Zülkarneýn şu ýerde gyşlapdyr hem-de şäheriň adyny üýtgedip, Aleksandropol diýip atlandyrypdyr. Bu tanymal basybalyjy ölenden soň, Nusaý selewkleriň ygtyýarynda galypdyr. 245-nji ýylda gumda we dag eteklerinde ýaşaýan dahlar, olaryň bir taýpasy bolan parlar ýunan basybalyjylaryna garşy milli azat edijilik göreşine başlap, Parfiýenany ele alypdyrlar. Olara parlaryň iki sany serdary – doganlar Ärsak bilen Tiridat ýolbaşçylyk edipdirler. Ärsak Nusaýy öz paýtagty yglan edip, şol ýerde-de şalyk täjini başyna geýipdir. Şondan soň Nusaý par şalarynyň maşgala, hanedan ojagyna öwrülipdir, bu ýerde olaryň maşgala gonamçylygy, ähli baýlyklary ýerleşipdir.
Dahlar häzirki türkmenleriň etniki esasydyr. Hususanam, iň gadymy ýazgylarda «dah» däl-de, «daha» görnüşde ýazylýan bu etnonimi häzirki «teke» etnoniminiň gadymy görnüşi hasaplamak dogry bolar. Parfiýa imperiýasyny esaslandyran parlaryň hem häzirki teke türkmenleriniň arasynda ýaşap ýörendigi mälimdir. Parlar häzirki döwürde teke taýpasynyň bir tiresi hökmünde saklanyp galypdyr.
Parfiýanyň iň gülläp ösen döwri miladydan öňki II – miladynyň III asyryna çenli aralykdyr. Dünýäniň iň uly iki imperiýasynyň biri hökmünde parlar esasy bäsdeşi rimlileri miladydan öňki 53-nji we 36-njy ýyllarda iki gezek kül-peýekun edipdirler.
Parfiýa imperiýasy 226-njy ýylda dargapdy. Onuň ornuna syýasy sahna gelen pars hanedanlygy sasanylar – Ardaşir Nusaýy ýumrupdyr. Diňe ýumurmak bilenem çäklenmändir. Ardaşir par türkmenleriniň adynyň-sorunyň ýitmegini isläpdir. Şu maksat bilenem ähli köşkdäki adamlary, ähli parlary öldürmegi buýrupdyr, soňundan hem par türkmenlerine degişli ähli zatlary uçdantutma otladypdyr, iň aýylganjy Ärsak hanedanlygynyň mazarlygyndaky ähli jesetleri, ystyhanlary çykaryp otladypdyr. Ýedi aýlap Parfiýa döwletine degişli zatlar ýanypdyr. Ardaşir Parfiýa döwleti, bu döwletiň adamlary, patyşalary hakda gürlemegi-de gadagan edipdir. Par türkmenleri hakda gürlän adamlary rehimsizlik bilen jezalandyrypdyr. Näme üçin? Sebäbi par türkmenleriniň diňe bir Merkezi Aziýada däl, Ýewropada-da at-abraýy şeýle bir ýokary eken welin, ol at-abraýyň ýanynda Ardaşir özüni gaty ejiz duýupdyr. Nädip par türkmenleriniň ady dünýä ýaň salmasyn?! Aleksandr Makedonskiniň Merkezi Aziýada esaslandyran döwletini – rimlileri kül-peýekun eden par türkmenleri. Rimlileriň zalym serkerdesi Krassyň kellesini pökgi ýaly oýnan par türkmenleri. Ýewropany sandyradan, köp ýerini basyp alan par türkmenleri. Üç ýüz ýylyň dowamynda par türkmenleri ýedi yklymdan daşgary hem gaty köp ýerleri basyp alýarlar. Ýöne içki agzalalyklar esasynda beýik Parfiýa döwleti gowşaýar. Şundan peýdalanyp, Ardaşir Parfiýa döwletini emel bilen ele salýar. Ol rahat hökmürowanlyk isläp, Parfiýa döwleti hakdaky hakydany ähli kişiniň unutmagyny isleýär.
Diňe birnäçe ýüz ýyl geçenden soň V asyrda şäher täzeden dikeldilipdir.
651-nji ýylda Nusaýy araplar basyp alypdyrlar. IX asyrda şäher tahyrylaryň golastynda bolupdyr. Bir asyrdan soň, Nusaýa samanylar eýe çykýar. 1017-nji ýylda gaznaly türkmenler Nusaýy öz döwletine birikdirýärler. Soltan Mahmyt 1028-nji ýylda seljukly türkmenleri Nusaýdan kowup çykarypdyr. 1035-nji ýylda seljuklar Nusaý ugrunda gaznalylar bilen söweş edip, ýeňlişe sezewar bolýarlar, emma derrew hüjüme geçip, gaznalylary yza çekilmäge mejbur edýärler. Şol ýylyň awgust aýynda iki tarapyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Nusaý Togrul begiň eline geçipdir. 1040-njy ýylyň maý aýynda gazanylan beýik taryhy ýeňişden soň, Nusaý seljuk türkmen döwletiniň düzümine ymykly giripdir.
XII asyrda Nusaý Köneürgenç türkmen döwletiniň düzüminde bolupdyr.
Köneürgenç şalary döwründe Nusaý orta asyryň ösen şäheri bolupdyr. Bu barada beýik türkmen serkerdesi Jelaleddin Meňburnuň şahsy kätibi Muhammet Nesewi (Nusaýly) birnäçe maglumatlary ýazyp gidipdir. Onuň ýazmagyna görä, Nusaý iki – içki hem daşky galadan ybarat şäher bolupdyr.
Ýokarda – dag içinde ýerleşýän içki gala administratiw-syýasy merkez, daşky – düzlükde ýerleşýän gala esasy ilatyň ýaşaýan ýeri bolupdyr.
Mongollar süýşüp gelende, Köneürgenç şasy Muhammet Nusaýyň häkimine hat ýazyp, wagtlaýynça şäherden çykmagy we guma siňmegi buýruk berýär. Emma wezir muňa boýun bolman, şäheri goranyşa taýýarlapdyr. Mongollar 10 müň atly bilen 15 gün goranan Nusaýy alýarlar we 70 müň adamy ýok edýärler. 1221-nji ýylda Jelaleddin Nusaýyň eteginde mongol goşunynyň bir bölegini kül-peýekun edipdir.
1225-nji ýylda bolsa Nusaý eýran mongollary bolan Hulagularyň döwletiniň düzümine salnypdyr.
XIV asyryň başynda Nusaýda Argun şa diýen türkmen patyşasy häkimlik edipdir, 1384-nji ýylda-da şäher Teýmirleňiň basyp alşyna sezewar edilipdir. XV asyrda Nusaýa Soltansöýün eýe çykypdyr.
XVI asyrda bolsa Nusaý gyzylbaş türkmenleriniň elinde bolupdyr.
XVIII asyrda Nedirguly türkmen Nusaýa göz gyzdyrypdyr. Ol Nusaýy öz türkmen serkerdesi Muhammet hana beripdir. Oňa ilatyň tabyn bolmaýanlygyny eşiden Nedirguly ýüzugra gozgalaňy basyp ýatyrypdyr. Nedirgula özbeklerden Nusaýy goramak hemişe uly aladalaryň biri bolupdyr.
XIX asyryň başlarynda Nusaý etraplary Ahal adyny alypdyr. Şol wagtlar Nusaýyň esasy ilaty teke türkmenleri eken. Şol asyryň ahyrlarynda iňlisler bilen orslaryň arasynda dünýäni eýelemek ugrundaky bäsdeşlik ahyrky hetdine ýetipdir. 1881-nji ýylda Gökdepäniň synmagy bilen tutuş Ahal, şol sanda Nusaý hem Russiýa imperiýasynyň düzümine goşulýar. Emma XIX asyrda şäheriň ady eýýäm Bagyr eken. Bagyr orta asyrlarda Nusaýyň eteginde dörän obanyň ady bolmaly. Bu iki adyň bir kökdendigi, manydaşdygy görnüp dur. Orta asyrlarda Nusaý – Nisa – «aýal-gyz» sözünden diýip nädogry düşünilipdir. «Bagyr» hem Bajy – aýal we «gir» esger, aýal esger manysyndadyr, çünki, şol zamanlar hem türkmen topragynyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, aýal-gyzlar basybalyjylara garşy erkekler bilen deň durup söweşipdirler. XIX asyrda Bagyr ady Nusaý sözüni doly gysyp çykarypdyr.
Orta asyr taryhçylarynyň biri gözel Nusaýy «elden ele geçip duran owadan gyza» meňzedipdir. Munuň özi şol zamanlarda türkmen topragynda syýasy häkimlik ugrundaky göreşiň näderejede dartgynly, haý-haýly bolandygyndan başga-da, Nusaýyň nähili ähmiýetiniň bardygyny görkezýär. Bol suwly, hoştap howaly, ýerleşişi oňat, harby-syýasy strategik ähmiýeti uly bolan Nusaýyň diňe türkmen däl, bütingündogar, aýry-aýry döwürlerde – dünýä syýasy işjeňliginiň merkezi şu ýerlere geçen wagtlary bolsa dünýä ähmiýeti bolupdyr. Şäher kä kiçelipdir, kä bimöçber ulalypdyr, emma hiç mahal ýitip ýok bolup gitmändir. Munuň sebäbini adamzat taryhynda ruhuň barlykdygy bilen düşündirse bolar. Dürli sebäplere görä, döwlet-syýasy serhetler üýtgeýär, galkymlar (siwilizasiýalar) hem medeniýetleriň çäkleri özgerýär, dünýäň harby-syýasy ýaşaýşy üýtgäp dur. Harby hem medeni, syýasy hem administratiw merkezler ýüzýyllyklaryň, bolmanda, müňýyllyklaryň dowamynda kä birden, käte-de bildirmezden, göze ilmezden bir geografik nokatdan beýlekisine geçip dur, emma hiç mahal ruhy merkezler göçmeýär. Muny her hili düşündirip bolar, biziň özümiz şeýle ýerlere Allanyň nazar salan künjekleri diýip düşünýäris. Beýle ýerleriň aýratyn ruhy, aýratyn howalasy bolýar. Ýurt dürli sebäplere görä, ykdysady ýa harby, ýa syýasy taýdan pese düşüp, munuň netijesinde şu babatlarda has güýçli gelmişekler ýurdy alyp biler. Emma hemişe gelenleriň bary şol asylbaşky ruha, şol üýtgeşik howala laýyklykda öz öňküligini ýitirerler hem-de şu topragyň ruhuna, reňkine girerler. Şeýdip, bu topragyň ruhy keramaty we gudraty dowam eder hem-de bütin taryhyň dowamynda şu ruhdan nem alan beýik ärler dörär durar. Nusaý etraplary hem şeýle topraklardandyr.
Nusaýyň häzirki çäklerinden orta asyrlarda, ondan öňem has giň meýdany eýeländigini aýtsa bolar. Nusaýly Muhammet Nesewiniň mongollaryň 70 müň nusaýlyny gyrgyna berendigi baradaky ýatlamasyny agzap geçipdik. Diňe öldürilen 70 müň adam bolsa, Nusaý gaty uly şäher bolmaly. Häzirki wagtda Gypjak, Herrikgala, Gökje, Köşi ady bilen belli bolan obalar hem şol wagtky Nusaýyň bölekleridir. Muňa olaryň käbiriniň atlary-da şaýatlyk edýär. Köşi – şäheriň çeti, gyrasy diýmegi, Herrikgala bolsa aslynda Erkgala – administratiw merkez diýmegi aňladýar. Gypjak, Gökje ýaly etnotoponimleri bolsa has täze atlar hasaplamak bolar. Mundan gündogarraga gitsek, Aşgabat – Aşkabat-aşklaryň, ýagny ärsaklar neberesiniň şäheri. Änew-Anu – bäş müň ýyl mundan ozalky eždatlarymyzyň çokunan Asman Hudaýy – Göktaňrynyň hormatyna gurlan şäher diýen atlara duş geleris.
Nusaýyň ruhuny ýok etmek üçin urlan iň soňky güýçli zarba ors basybalyjylaryndan geldi. Olaryň niýetiniň ýöne bir bu ýurduň baýlygyny eýelemek däl-de, has çökderräk zat bolandygyna ors generallarynyň aýdanlary şaýatlyk edýär. Olaryň diňe käbiriniň pikirini dykgatyňyza ýetireýin.
General Golowaçýow: «Aç-açan duşmançylykly hereketlerini göz öňünde tutanyňda, türkmenler düýp-teýkary bilen gyrylmaga mynasypdyrlar».
General Grodekow: «Türkmenler – Ýer togalagyndaky gara tegmildir, olar adamzat üçin uly masgaraçylykdyr».
General Lomakin: «Bir zat galýar – bu galtaman höwürtgesini ýok etmeli, biziň döwrümiz üçin masgaraçylygy we tegmili ýok etmeli... Tutuş Orta Aziýa, Horasan, Owganystan, Buhara, Hywa biziň bu wagşylaryň, bu kakabaş galtamanlaryň soňuna çykarymyza garaşýarlar».
Hawa, men diýen Rim bilen bäsleşen beýik parlaryň nesillerine basybalyjylar şeýle garapdyrlar.
Emma Günüň şuglasy düşýän nokady tümlüge öwrüp bolmaýşy ýaly, Allanyň nazary düşüp duran ruhy-da ýok edip bolmaýar. Watan – ýurduň ruhudyr.
Biz halk Watanyň eýesi diýip nädogry pikirlenýäris. Ýok, tersine, Watan halkyň eýesidir. Hatda halky-da ýok edip bolar, emma Watany hiç mahal ýok edip bolmaz. Hatda halkyň öz-özünden ýitip, özgerip gitmegi-de mümkin, emma Watan ýok bolmaýar. Çünki Watan topragyň ruhudyr.
Ruh – Allanyň didarynyň Ýere düşmegidir.
***
Şahsyýetiň dünýägaraýşy bilen dünýäni duýşy bitewi «meniň» biri-birinden tapawutlanýan jähetleri bolup göz öňüne gelýär. Dünýägaraýyş onuň akyl-intellektual ýaşaýşynyň düzlügi, dünýäni duýuş bolsa şahsyýetiň ýürek-duýgy ýaşaýşynyň tekizligidir. Dünýägaraýyş tekizliginde geçmişe ymtylma hakyda bilen baglanyşykly bolsa, dünýäni duýuş tekizliginde geçmişe gyzyklanmagy heserlenmek, hesere düşmek hökmünde häsiýetlendirip bolar. Adamyň ata-babalary baradaky heserlenmesi kalbyň we hatda ýüregiň üstaşyry bolup geçýär. Kalp bilen ýüregiň arasynda ruh bilen bedeniň arasyndaky ýaly tapawut bar. Kalp – bedeniň içinde mekan tutan ruhy birlik, ýürek bolsa ruhuň içinde mekan edinen beden birligidir. Dünýäni duýuşda birinjilik, işjeňlik we öndümlilik ýürege degişli. Adamy ata-babalaryna gan çekýär, gan ýürek arkaly ata-babalara tarap ümzügip, heserlenmä düşýär.
Şahsy ýasawy boýunça örän duýguçyl Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasynda ata-babalary babatdaky heserlenmelerine köp gabat gelip bolýar. Aýratyn görnüp duran käbir mysallary getiräýeli.
«Gypjak obasy bilen Aşgabat şäheriniň, Büzmeýin bilen Ymam Kasym gonamçylygynyň arasyny paýu-pyýada geçýärkäm, Watanyň ýalňyzlygyny, hossarsyzlygyny hem ruhy çolalygyny syzýardym.
Gugaryp galan depeler, çolaryp galan düzlükler, sogulyp galan çeşmeler, epilip galan derekler, külbe bolan ymaratlar, sulba bolan Watan – bu zatlaryň bary meniň daşymda däl-de, içimde – ýüregimde ezýetli ýaşaýardylar».
«Dowar bakyp, şöwür çekip,
ygdym Ahal alasynda,
Ata-babam sesin eşitdim
Gök gümmürdän halatynda,
Perýadyn duýdum käbämiň
zaryn ýelleň nalasynda,
Ýeke galdym, ýalňyz galdym
Arşyň-Kürsüň arasynda,
Ýanar ruhum, perýat-ahym,
seždegähim Watandadyr».
«Adam çykanlygymy şundan bildim: mahal-mahal men özümi özüm däl-de, mähriban kakammykam öýderdim. Men özümiň däl-de, onuň elleri bilen elleýän, öz aýaklarym däl-de, onuň aýaklary bilen ýöreýän, öz dilim däl-de, onuň dili bilen gürleýän ýaly bolup göründim. Bu, ilki göräýmäge, geň hem täsin, özüň başdan geçiräýmeseň, ile aýdyp boljak däl duýgudy. Men, ana, şonda, özümde kakamyň hereketleriniň, kakamyň endikleriniň, kakamyň bolşunyň janlanandygyny duýdum. Men özümde kakamyň direlendigini bilip galdym».
Akyl-huşa degişli bolan hakyda hem hut şu hili dünýäni duýuşly şahsyýetde çuňňur bolýar.
Öten-geçenleriň, ata-babalaryň ömri baradaky gürrüňleri, rowaýatlary ýygnap, şejere düzmek türkmençilikde öňden gelýän dessurdyr. Millet derejesindäki şejereler bolan «Oguznamalardan» başga-da, her taýpanyň, tiräniň, uruglaryň, nebereleriň we aýry-aýry maşgalalaryň hem şejereleri bolupdyr. Türkmençilik adamyň aslyna aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň üçin hatda asylly-bedasyl diýen aslynda gan garyndaşlyk, gelip çykyş bilen baglanyşykly düşünjeler gitdikçe ahlak düşünjelerine öwrülip gidipdir. Ylaýta-da, abraýly neberelerden gelip çykanlar öz şejeresini berk ýöredipdirler, munuň özi arkalylygyň, buýsanjyň hem-de il ýanynda ýüzlüligiň girewi bolupdyr. Türkmençilikde adamyň özünden ozal asly bilen gyzyklanypdyrlar, şahsyýeti asly arkaly tanapdyrlar we aslyna laýyklykda onuň nähilidigini kesgitläpdirler. Gan gatyşygy oňlanmandyr, munuň özi ata-baba gelýän däp-dessur, ahlak durnuklylygyna zeper hökmünde görlüpdir.
Biz hem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şejeresi bilen gyzyklanyp, köp taryhy maglumatlaryň, hekaýatlaryň nesilden nesle geçip gelendigine göz ýetirdik. Türkmençilikde, adatça, şejere ýedi arkany öz içine alýar. Ýedilik, umumanam, gudratly san hasaplanýar. Çünki ýedilik san arkaly ýaşaýşyň täsinlikleri we gudratlary ulgamlaşdyrylýar. Nebere babatdaky ýedilik bolsa ýedi arkada durnukly garyndaşlygyň saklanýandygyna esaslanýar. Türkmenlerde, umumanam, garyndaşlygyň çäkleri gaty giňdir. Käbir milletlerde garyndaşlyk maşgalanyň çägi, hatda doganlygyň çägi bilen gutarýar. Emma bizde gan-nebere kanunalaýyklygy güýçli we gan-nebere duýgusy ýiti bolansoň, garyndaşlygyň çäkleri uludyr.
Şeýle-de bolsa, adam hakydasynyň berkligi üçin ýedi arkaňy anyk bilmek ýeterlik hasaplanypdyr. Şonuň üçin ýedi arkany bilmek parz bolupdyr. Özem bu meselede haýsydyr bir hilegärligiň geçmegi mümkin däl. Ýedi arkaňy özünden toslap tapmagyň hiç hili manysy ýok. Çünki adamyň ýedi arkasyny diňe özi däl, ilki bilen, il ykrar etmeli. Şonda şejere hakyky şejere bolýar.
Türkmençilikde adamyň ýedi arkasyny düzýän ýedi adamy tanamak arkaly adamyň neneňsidigini we nähilidigini, ondan nämäniň çykjakdygyny we nämäniň çykmajakdygyny kesgitlemek bolar diýen akyla gulluk edilipdir. Şoňa laýyklykda-da adama jemgyýetde orun hem ähmiýet berlipdir. Elbetde, durmuş – janly närse, ol hemişe biziň akylymyza laýyk gelip duranok. Ýöne akylyň hemişe janly durmuşdan özboluşly rüstemligi bar: durmuşa – tötänlik, kämil akyla bolsa ulgamlylyk mahsus. Şonuň üçinem durmuşda şejeräniň kadasyndan gowulyga ýa erbetlige tarap gyşarmaklyk bolaýanda-da, bu örän seýrek duş gelipdir we ulgamlylyk bilen deňeşdirilende ähmiýetsiz gelipdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň maşgala şejeresi onuň sekizinji arkasy Süleýman serdaryň ady bilen başlanýar. Süleýman iki dogan bolupdyr. Süleýmanyň özünden uly doganyna Kasym diýipdirler. Kasym il arasynda Ymam Kasym ady bilen tanalypdyr. Iki dogan Hywa medresesinde bilim alypdyrlar. Ymam Kasym Muhammet pygamberiň özüni pygamber diýip yglan eden ýaşynda, türkmeniň orta ýaş, toba ýaşy diýýän kyrk ýaşynda gyzylbaşlar bilen bolan darkaşda wepat bolupdyr. Şol darkaşda nusaýly türkmenlerden üç ýüz çemesi adam wepat bolupdyr. Nusaýly türkmen serkerdeleriniň ýolbaşçysy bolansoň, il arasynda uly at-hormatdan peýdalanýandygy üçin şol darkaşda wepat bolan adamlara Ymam Kasymy gonambaşy edipdirler. Süleýman agasyny, kakasyny öz eli bilen jaýlapdyr. Süleýmandan hem iki ogul dünýä inipdir. Onuň Garataý we Mämmet atly ogullary bolupdyr. Ýöne ogly Garataý on alty ýaşyndaka Hazarasp – Hanka galalarynyň arasynda bolan çaknyşykda agyr ýaralanýar we şol ýaradan wepat bolýar. Mämmet Süleýman serdaryň körpe ogludyr. Ilki Süleýman serdar, soňra onuň ogly Mämmet Agöýli XVIII asyryň başlarynda gyzylbaş, soňra-da owşar türkmen döwletleri tarapyndan ykrar edilen Nusaý welaýatynyň serdary bolupdyrlar. Şol döwürde welaýatda ýigrimi ýedi derýa, şonçarak hem käriz bolup, halk abadançylykda we bolelinlikde ýaşapdyr.
Süleýman serdara tiresiniň adyna görä, Süleýman çozgun hem diýipdirler. Emma onuň ömür seneleri barada takyk maglumatlar saklanyp galmandyr.
Eýsem onuň ogly Mämmet Agöýli barasynda şejere näme diýýär? Mämmet, milady sene hasabyna geçirip aýtsak, 1722-nji ýylyň mübärek remezan aýynyň başynda dünýä inipdir. Süleýman serdaryň iki aýaly bolup, birinji aýalyndan Artyknyýaz atly gyzy, ikinji aýalyndan bolsa şol Garataý we Mämmet atly ogullary bolupdyr. Mämmet serdar ogly hökmünde döwrüň iň oňat bilimini alýar, ol musulman Gündogarynyň ylym merkezi bolan Bagdatda okapdyr. Çünki garaýşy geografik taýdan golaý hem bolsa, şaýylyga kän pisint etmedik Süleýman ogluny Eýranyň medreselerinde okatmagy makul bilmändir. Öz syýasy meýilleri boýunça gyzylbaş hem owşar türkmen döwletlerine ýakyn duran serdar Hywanyň, Buharanyň bilim ojaklaryna-da ogluny ibermek islemändir.
Süleýman çozgunyň neberesiniň taryhy-da gyzylbaşlaryň, owşarlaryň hem dürranylaryň syýasy durmuşy bilen berk baglanyşykly bolupdyr. XVIII asyryň başlarynda sefewi-gyzylbaş döwleti dargap ugraýar.
1747-nji ýylda Nedir şa owşar Mugan sährasynda Eýranyň, Turanyň han-beglerini ýygnap, Oguz han Türkmeniň däbine laýyk uly gurultaý geçirýär. Şol gurultaýa Nusaý welaýatyndan Süleýman serdar hem onuň ýaş ogly Mämmet hem gatnaşypdyr. Hemişe teke türkmenlerini öz tarapyna çekmäge ymtylan, olaryň syýasy taýdan düşünjeli wekilleriniň gözleginde bolan Nedirguly owşar Süleýmana hem onuň ogluna aýratyn üns we ähmiýet beripdir. Mämmet kakasynyň rugsady bilen Nedir şanyň köşgünde gulluga galýar we şol ýerde üç ýyl gulluk edýär. Ol Nedir şanyň Buhara we Hywa ýörişlerine gatnaşyp, serkerdäniň oňat sypatlaryny görkezipdir. Şejerede iň umumy häsiýetde saklanyp galan bu maglumatlaryň Nedir şanyň taryhçysy Muhammet Kazymyň agzaýan Türkiýä (1744 ý.) we özbekleriň hytaý taýpasynyň üstüne bolan ýörişlerine (1746 ý.) degişlidigini pikir etmek bolar. Teke türkmenleriniň şol wagt öňe düşen käbir syýasy taýdan şowakör hanlarynyň tersine, Mämmediň şu hili hereketleri onuň geljege nähili düşünjeli, anyk garandygynyň alamatydyr. Nedir şa gazaply, emma öňden görüji paýhasly şa bolupdyr. Ol şol döwürde musulman Gündogaryna Ýewropadan gelýän baknaçylyk howpunyň möçberini oňat bilipdir we Gündogary bitewi bir göwrä öwürmek isläpdir. Onuň öz döwletini giňeltmek, berkitmek hereketiniň aňyrsynda hem men-menlik, basybalyjylyk islegleri ýatýar diýip diňe ýüzleý pikirlenýän adam hasaplap biler.
Şa bilen mydama bolup durmaýan özara gürrüňdeşlikde hem Mämmet serdar, megerem, beýik Nediriň şu hili pikirlerinden habarly bolup, ony goldandyr. Çünki, Süleýmanyň neberesine beýiklige ymtylmak hem beýikleri goldamak gan derejesindäki mahsus bir zat bolupdyr. Mugan gurultaýynda Nedir şa Süleýmanyň ýany bilen baran ýaş Mämmedi Nusaý etraby boýunça agöýli edip alýar. Bu garaşylmadyk şa çözgüdi Mämmediň durmuşynda uly orun eýeleýär. Mämmet agöýli hökmünde bäş ýyllap köşgüň ýanynda bolýar. Köşk durmuşyny, şäher durmuşyny ýakyndan görmek Mämmediň dünýägaraýşyna oňyn täsir edýär. Mämmet beýleki agöýlüler bilen ýakyndan tanyşýar, dostlaşýar, täsirli wakalaryň, başdan geçirmeleriň şaýady bolýar. Ol iki gezek Nedir şa bilen duşuşýar, onuň türkmenler, türkmenleriň agzyny bir etmek, türkmenlere Nuh pygamberiň ýalkawy hakdaky gürrüňlerini diňleýär. Ol gürrüňler hem Mämmediň gullukda durmagyna, ähli türkmenleriň birligini gazanmak ugrundaky tagalla ýürekden berilmegine sebäp bolýar. Mämmet agöýlülikden obasyna dolanyp gelenden soň hem türkmen birligi hakda köp aladalanypdyr. Nedir şanyň käbir ýerlerde aýdan sözi bilen edýän işleriniň arasyndaky çaprazlyk Mämmediň belli bir derejede lapyny keç edipdir. Mämmet agöýli bolup ýaşaýarka, Ahmet han bilen ýakyndan dostlaşýar.
Nedir şanyň gullugy bilen baglanyşykly bir rowaýat şejerede saklanyp galypdyr. Mämmet serdar Nediriň çakylygy bilen Hindistana ýörişe şaýlanýar. Ol türkmen dessuryna laýyklykda, öýüniň alkymyndaky ala meýdanda naýzasyny dikýär. Söweşe meýilliler hem däbe görä naýzalaryny serdar naýzasynyň ýanynda dikibermeli eken. Birinji gün ýüze golaý naýza sanjylypdyr. Agşam naýzalary sanamaga başlan serdar bir geňligiň üstünden barýar: onuň öz naýzasynyň ujy gyrmyzy gan diýýär. Ikinji gün hem, üçünji gün hem şeýle bolýar, naýzany süpürselerem, ýene gan syzyp durmuş. Muny gören Mämmet ili çagyryp, uly sadaka beripdir, emma naýzanyň gan syzmasy galmandyr. Muny erbetlige ýoran birnäçe kişiler söweş niýetinden el çekipdirler. Emma Mämmet bir waka ýa yrym zerarly, döwlet şasynyň çakylygyndan galjak adammy?! Umuman, ýeri gelende, şol haý-haýly zamanda Mämmediň Nedir şanyň berk düzgün-nyzamy bilen golastyndakylaryň käbir kakabaşlygynyň arasynda çeýe hereket edip bilenligi onuň serdarlyk häsiýetinden hem paýhasyndan habar berýärmikä diýýäris. Ýokarky rowaýaty dowam etdirip bolsa, Hyradyň golaýynda Mämmediň, dogrudanam top ýarylyp, agyr ýaralanandygyny aýtmak gerek. Halk şeýdip rowaýat arkaly hakykaty öz ýürek düşündirişini we esaslandyrmasyny beripdir.
Nedir öldürilenden soň, Nusaýyň hem, onuň serdary Mämmediň hem syýasy ykbaly Ahmet Dürrany bilen baglanyşykly bolýar. Çünki Nusaý welaýaty şol wagt iş ýüzünde Ahmet Dürrana, soň hem onuň ogluna tabyn bolupdyr. Nediriň ogly welaýata eýelik ederden ejiz hem erksiz gelipdir.
1747-nji ýylda Ahmet Dürrany Gündogarda şa diýlip yglan edilýär. Dini ygtykaty Ahmediň tarapynda bolan, galyberse-de, Nediriň elinde bile gulluk edendikleri üçin, Mämmet özi bilen gözli ýaşyt bolan Ahmedi özi üçin hem şa diýip ykrar eden bolmaly. Mämmet serdara Agöýli adyny goýan hem Ahmet Dürrany bolmaly diýýärler. Agöýly gadymdan gelýän harby-syýasy düşünje we dessurdyr. Patyşalar özüne tabyn eden ýerlerindäki taýpalaryň öňe düşýän adamlaryndan öz köşklerinde girew saklapdyrlar. Munuň özi ýerlerdäkileriň patyşa baş galdyrmazlygy üçin edilipdir. Şu hili girewe agöýli almak diýlipdir. Mämmet serdar bilen baglanyşyklylykda munuň hasam özboluşly sebäbi bar bolmaly. Çünki Nusaý owşar döwletiniň mirasdarlaryna degişli hasaplanypdyr. Emma iş ýüzünde Mämmediň Ahmede ýakyn durasy gelipdir. Munuň özi özboluşly, meýletin bir agöýli bolmaga çalym edipdir. Şonuň üçin Ahmet şa degşip, Mämmede «Agöýli» adyny dakanmyş. Emma çynlakaý wagty bolsa ol serdara «Şir Mämmet» diýer eken.
Türkmenleriň abdal tiresinden bolan Ahmet Abdal Durrany Mämmet bilen dutarda aýdym aýdyp, saz çalypdyr. Olaryň ikisem agyr perdeler-de däl-de, damana ýolunda aýdym aýdyp, saz çalyp dynç almagy gowy görüpdirler. Mämmet Serdar kesearkaçly iki ýüz ýigide baş bolup, Ahmet Abdal bilen Nedir şanyň tabşyrygy boýunça Heýtelde üç aý bolýar. Ahmet Abdal öz döwrüniň görnükli şahyry bolupdyr. Ol Owganystan ady bilen ilkinji gezek täze döwlet döredensoň, gowy gatnaşyk saklan han-beglerini, serdarlaryny ýanyna çagyrypdyr.
Ahmet gadymy Oguz hanyň ýoluna eýerip, Gandagaryň Nedirabat harby galasyndaky mazary Şir Surh ymaratynda gurultaý-jyrga geçirýär. Oňa ýedi yklymdan türkmen han-begleri çagyrylýar. Gurultaýa gilzaýy, özbek, abdal, seduzaýy, hezary, buluç, täjik kethudalary hem çagyrylýar. Ahmet Abdalyň gurultaýa gatnaşmagy haýyş edip Ahal, Balkan sebitlerine iberen haty saklanyp galypdyr. Ol hatda Agöýli Serdar bilen onuň kakasy Süleýman baýyň adyndan başga Amanlygyň, Hojaýesen onbeginiň, Adynagylyjyň, Gündogdynyň, Çalyş hanyň, Çerkez onbeginiň, Döwletalynyň, Annamuhammediň, Mustapanyň, Meňli hanyň, Mämmetweli hanyň we beýlekileriň atlary bar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynyň ikinji kitabynda Agöýli Serdar bilen baglanyşykly ajaýyp bir pursaty gürrüň berýär: «Töwekgellik, batyrlyk, ugurtapyjylyk hakda gürrüň gidende ejemiň Agöýli Serdar hakda aýdan bir wakasy göz öňümde janlanýar.
Agöýli Serdar Nedir şanyň goşunynda kesearkaçly ýigitlere serdarlyk edipdir.
Bir gezek agyr ýagdaýa düşüpdirler. Garşydaşlarynyň goşuny iki-üç esse artyk eken. Muny gören esgerleriň howy basylyp ugrapdyr.
Nedir şa hem onuň serkerdeleri howsala düşüpdirler. Yza gaçmak – masgaraçylyk. Esgerlerde ynam bolmasa-da, ýeňiş gazanmak kyn düşer. Maksat aýdyň: diňe ýeňmeli.
Agöýli Serdar öz kesearkaçly ýigitleriniň ýanynda duran ýerinden ähli ýagdaýy synlapdyr. Birdenem töwekgellik etmegi ýüregine düwüpdir. Ol atyny gorduryp, Nedir şanyň serkerdeleriniň üýşüp duran ýerine barypdyr.
Agöýli Serdarda köne bir dinar bar eken. Ol goltugyndan dinary çykaryp, adamlara görkezipdir:
– Adamlar, ah-ow, adamlar, meni diňläň. Men häzir bije atmakçy. Şu dinary ýokary zyňaryn. Eger dinaryň goçly tarapy ýerde ýokary bolup ýatsa, onda Allanyň bizi ýalkajaklygy. Eger ýazgyly tarapy ýokary bolsa, onda Allatagalanyň o tarapdalygy. Kimiň ýeňjekdigini Allatagala çözýär.
Serkerdeler bir zat diýmäge ýetişmeýär. Dinar eýýäm ýokary zyňylypdy. Adamlar dinaryň zyňylan tarapyna eňdiler. Birdenem gowur al-asmana galdy:
– Alla bizlik!
– Biz ýeňýäris!
– Goçly tarap ýokary boldy!
– Nedir şa ýeňýär!
Agöýli Serdar dinarynyň gumuny kakyşdyryp, goltuk jübüsine salypdyr.
Agöýli Serdaryň özbaşdaklygyna Nedir şanyň biçak gahary gelipdir. Ol Agöýli Serdary jezalandyrmak üçin ýerinden turupdyr. Adamlaryň duşmanyň üstüne ýeňmek üçin dyzap gygyryşyp duruşlaryny görüp, Nedir şa Agöýlini jezalandyrmagy soňa goýup, söweşe başlamaga yşarat edipdir.
Şeýle bir gazaply darkaş bolupdyr. Darkaşda kesearkaçlylar çäksiz gahrymançylyk görkezipdirler.
Deň bolmadyk darkaşda Nedir şa üstün çykypdyr.
Ýeňişden soň Nedir şa Agöýli Serdary ýanyna çagyrypdyr:
– Edýäniň näme seniň? Kim saňa bije at diýdi?
Agöýli Serdar dymypdyr.
– Goşunda her kim kellesine gelenini etse, o nähili bolar? Dinaryň ýazgyly tarapy ýokary bolan bolsa näderdiň? Men seni jezalandyrjak.
Agöýli Serdar jübüsinden hälki dinary çykaryp, Nedir şaga uzadypdyr. Nedir şa görse, dinaryň iki tarapynda-da goçuň şekili bar eken.
Nedir şa dinary synlap, uludan demini alypdyr:
– Men aýtdym, sen eşitdiň. Men seni barybir jezalandyrjak. Ýöne bu gün däl. Ýigitlerimiz, goý, bu gün dynç alsynlar.
(Dowamy bar)..
Publisistika