■ Mekdep ýyllary
Beýik Serdaryň durmuşynyň ruhy sepgitleri hakynda gürrüň edenimizde, şuny tekrarlamalydyrys: sekiz ýaşyndaka, Saparmyradyň şahsyýetiniň içki başarnyklary, ukyplary açyldy. Özünde içki başarnyklary, güýç-kuwwaty duýmak hem beýikligiň esasy alamatlarynyň biridir. Çagalygyna garamazdan, içinde çuňlugyna gidýän bir dünýäniň açylandygyny duýandygyna onuň şol apatdan soň öz hossarlarynyň ruhuna beren sessiz kasamy şaýatlyk edýär. Içki güýç-kuwwatyň açylmagy zehiniň oýanmagyna, zehin bolsa şahsyýetiň özüne ynamynyň döremegine sebäp bolýar.
1948-nji hem 1957-nji ýyllar aralygy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ömrüniň ikinji döwrüni alamatlandyrýar. Bu mekdep ýyllarydyr. Ýer titremesinden soň, Saparmyrat Gypjak obasynda ýaşaýar hem-de şol ýerdäki 5-nji ýediýyllyk mekdepde okuwyny dowam etdirýär.
Onuň hat-sowada, bilime gatnaşygy şahsyýet beýikligini alamatlandyrýan esasy taraplaryň biridir. Bilim almaga bolan höwes hem-de yhlasynda geljekki akyldaryň, milletiň ahlaky mugallymynyň hem akyldar-şahyryň şahsyýet gurnawynyň ilkinji alamatlary ýüze çykypdy. Saparmyrat bäş ýaşyndaka okamany hem ýazmany öwrenipdi. Adamyň çagalyk ýatlamasy islendik geçmiş ýatlamasyndan-da owadan hem çuňňur ruhy ahwalatdyr. Onuň gözelligini hem süýjüligini hasyl edýän esasy zatlaryň biri-de çagalykda göze yssy, geň-enaýy görnen zatlardyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň öz ýatlamagyna görä, özüni bilip ugran iň irki çagalygynda oňa syrly, syrlylygy bilenem gözel görnen, çaga kalbyny heýjana salan zatlaryň iň esasysy kitap, hat bolupdyr. Gülleriň balarasyny özüne çekişi ýaly, kitap, depder onuň gözlerine iň täsin enaýylyk bolup görnüpdir. Urşuň yz ýanlarynda, maddy ýeter-ýetmezlikde kitap-depder seýrek zatdy. Özünden uly jigisiniň okuw esbaplary, öýe setanda-seýranda düşýän gazet ýa kitap onuň üçin iň ýakymly hem süýji sowgat bolupdyr. Bu hili gatnaşyk, megerem, Saparmyradyň ondanam öňki – dil çykaryp ugran döwürlerinden galan aňlanylmadyk täsirleriň netijesi bolsun gerek. Ejesi Gurbansoltan çagalaryny sözüň hakyky manysynda haly dokmasynyň üstünde ulaldypdy. Entek emedekläp ýören çaglaram, ýörjen-ýörjen döwürlerem, dil çykaryp, özüniň çaga duýgularyny indi diňe yşaratlar, hereketler hem duýgular arkaly däl-de, söz bilen aňladyp ugran wagtlaram Saparmyradyň gözüniň düşeni haly hem ondaky göllerdir nagyşlar bolupdy. Ol dünýäniň giňişlik tarapyny, reňbe-reňligini halynyň üsti bilen açypdyr. Gurbansoltan öz işine çulum, öz zähmetine gezek gelende ynjyk hem bolsa, tertip-düzgüni gowy görýänem bolsa, çagalaryna bolan söýgüsi Saparmyradyň dokmanyň üstünde ýazylyp-ýaýramagyna päsgel bermekden ony saklapdyr. Saparmyrat dünýäniň owazlaryny-da dokma daragynyň sazlaşykly kakuwynyň üsti bilen açypdyr. Indi-indiler şol ýönekeýje, ýöne beýik şahsyýeti kemala getirýän durmuş esasyna aň edip, bu ýagdaýy şahsyýetiň ruhy-serhaly ösüşi jähetinden şeýle göz öňüne getirmek mümkin: Gurbansoltan ene hakyky halyçy, ussat halyçy bolupdyr. Ussat adam bolsa, ilkinji nobatda, öz işine bütin mährini siňdirýän, işini mähir berip ýerine ýetirýän adamdyr. Haçan-da ene şeýle işe meşgul bolanda, onuň içki mähir-muhabbeti daşyna çykýar, ol özboluşly bir mähre öwrülýär. Çagany-da hut şol howala özüne çekýär. Çünki çaganyň daşky dünýä bilen gatnaşygynyň esasy ýoly duýgularydyr hem duýgurlygydyr, syzyş ukybydyr. Onsoň ýaşajyk Saparmyrat enesiniň haly dokap oturan pursatlarynda oňa hasam güýçli ymtylypdyr. Enesiniň aýratyn mähir-muhabbetiniň göze görünmän joşuşy, haly dokap oturan pursatynda ruhy tüýsüniň çuňňurlaşmagy çaga syzgylaryny özüne bendiwan edipdir. Oňa bolan gatnaşyk hem Saparmyradyň ähli duýgularyny, syzgylaryny terbiýeläpdir.
Soň-soňlar çaganyň aň astynda ýygnanan şu hili süýji ymtylma haly nagyşlaryna meňzeş hata – çyzykly kitaba geçip gidipdir.
Türkmen dilinde çaganyň serhaly-aň ösüşini häsiýetlendirýän, onuň özi üçin dünýäni açyşyny alamatlandyrýan «çaganyň gözüniň gara düşmegi», «gulagynda galmak», «gözünde galmak» diýen manyly jümleler bar. Saparmyradyň gulagynda ilki galan zat daragyň sesi, gözünde galany hem ilki gözi düşen garasy haly bolupdy. Soň bu syzgy kitap-depdere geçdi. Çaganyň gözüne näme manyly hem täsin görünse, ol haýsy zada höwrükse, şol hem onuň içki ukyplaryny ilkinji oýaryjy, zehinini açyjy zatlar bolup galýar. Şeýdip ol bäş ýaşynda hat ýazmagy hem okamagy öwrenipdi.
Okuwa, hata bolan ymtylmasynyň çuňlaşmagyna ikinji bir zat – ejesiniň berýän gyzykly gürrüňleri, ertekileri, rowaýatlary-da sebäp bolupdy. Ol gürrüňler onuň intellektiniň işlemegine getirdi. Ejesiniň haýsydyr bir ertekini süýjedip, aşa gyzykly edip gürrüň berip, soňundanam bu zatlaryň kitapda-da ýazylýandygyny aýdyşy onuň hakydasynda galypdyr. Onsoň ol bu terbiýäniň täsiri bilen hat okamaga hasam höwesek bolupdyr.
Saparmyrat şäherde ýaşaýarkalar, birinji synpdan rus mekdebine gatnap başlapdyr. Bu Gurbansoltanyň ýokary hilli bilime, has ösen siwilizasiýanyň bilim esaslaryna teşne bolandygyny görkezýär. Munuň özi XX asyryň türkmen ruhunyň umumy akabasyndaky bir prosesdir. Öz döwründe Agöýlüler nesilleri Bagdatda okap bilim alypdylar. Indi mejbury taryhy ýagdaýyň emele gelmegi bilen milletiň medeni-durmuş gözükmeleri üýtgäpdi. Özüniň ähli nogsanly taraplary bilen taryhy mejburylykda bir oňynlyk görünýär: öňler bilimi özgäniň üstüne baryp almalydy, indi bolsa öňden gelýän milli ölçeglere hem gymmatlyklara bigäne hem bolsa, bilimi, herhal, öz öýüňde alyp bolýardy. Medeni kolonizasiýanyň maksatlary, elbetde, türkmeniň bähbitlerinden gelip çykanokdy. Ýöne, näme-de bolsa, türkmenligiňi ýitirmän bilseň, bu bilimiň hem umumy dünýägaraýyş we gözýetim üçin peýdasy gürrüňsizdi. Türkmenligiňi ýitirmezlik, tüýsüňi üýtgetmän saklamak üçinem asyl gerekdi. Asyl bolsa hut Agöýli baýyň neberelerinde bardy-da!
Şeýle daşky hadysalar XX asyrda türkmeniň ruhunyň düýbünde bolup geçýän özgermeleriň ýüze çykmagydy. Biz bu düýpleýin hadysany şertli suratda «şäherleşmek» diýip kesgitleýäris. Şäherleşmek milli ruhy substansiýanyň täze ýaşaýyş mekanyny tapmagydy, milletiň, öz geçmişine bigäne-de bolsa, täze bir galkyma (siwilizasiýa) ulaşmagydy. Orta asyr türkmen şäherleri-hä öňli-soňly geçmişe gaýyp boldular. XVIII – XIX asyryň gaýtgynlaryndan soň, millet oba bilen bir hatarda medeni ýaşaýşyň täze bir görnüşine – şäher ýaşaýşyna geçip ugrady. Munuň özi köptaraply, çylşyrymly, nogsanly-oňynly taryhy özgerişdi. Millet düme ýaşaýyşdan täze görnüşlerdäki maddy hem ruhy önümli şäher ýaşaýşyna geçip ugrady. Annanyýaz baýyň maşgalasy bu özgerişiň iň öňünde barýardy. Şonuň üçinem ol bu, umuman, daşky dowamatyň kommunistik-stalinçilik sütem hem aňyýet basyşy sebäpli ýüze çykan ähli pajygalaryny-da, ýowuzlyklaryny-da datmaly bolupdy. Täze häkimiýet ulgamy, bir tarapdan, milletiň geçmişini, aňly-düşünjeli, niýet edinip opurýardy, beýleki tarapdan, oňa öz ýasama hem çig ölçeglerini zorluk bilen ornaşdyrýardy, ýöne şol zorlugyň arasy bilen dünýä siwilizasiýasynyň-da seýrek miweleri gelip ýetýärdi. Häkimiýet bir eli bilen berýärdi, beýleki eli bilen alýardy. Bu sazlaşykly, öz sazlaşyklylygy bilenem türkmene şum elleriň hereketiniň arasynda öz aslyňdan saklap galanyňam özüňkidi, illerden alan oňat zatlaryňam özüňkidi.
Annanyýaz baý hem, Atamyratdyr Gurbansoltan hem şu taryhy çylşyrymlylygy oňat duýupdyrlar hem onuň ýaramly taraplaryny peýdalanmak isläpdirler. Kakasy ýaly, Saparmyrat hem 1-2-nji synplary rus mekdebinde okady. Aýylganç ýer titremesi netijesinde, ol şäherden aýra düşüp, Gypjaga bardy. Ol 1948-nji ýyldan başlap obanyň 5-nji ýediýyllyk mekdebinde okap başlady. Onuň okaýyş endikleri-de üýtgeşikdi, onuň şahsyýeti-de beýlekilerden görnetin tapawutlanyp durdy.
Onuň ýoldaşlaryndan, sapakdaşlaryndan üýtgeşikliginiň, onuň ýokardalygynyň näme sebäbi bardy? Deň-duşlaryndan tapawutlylykda Saparmyrat iki dünýäde ýaşaýardy, olar bolsa diňe bir empiriki-tekiz barlykda hereket edýärdiler. Saparmyradyň aýylganç ýer titremesinden soň dünýäsi ikä bölünipdi: ejesi, doganlary hem olar bilen aragatnaşygy ýitirmeýän dünýä – hakydanyň ruhy dünýäsi we daşky dünýä. Onuň arkasynda hakyda dünýäsi bardy. Şahsyýetiň gurluşynda bu esasy binýat dünýädi. Saparmyradyň ähli hereketlerini, bolşuny, üşügini, keýpini, zehin hem talant gözýetimlerini hut şol esasy – binýady dünýä kesgitleýärdi. Munuň özi adam halyňa iki adam, iki dünýä bolup ýaşamak mümkinçiligidi we artykmaçlygydy. Şonuň üçinem anyk ýagdaýa we durmuş ýagdaýlaryna görä, onda dürli taraplar açylýardy. Onuň kimligi, gylyk-häsiýeti barasynda sapakdaşlarynyň ýadynda galan bahalandyrmalar dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Beýle bahalandyrmalaryň hem-de täsirleriň aňyrsynda Saparmyradyň şahsyýet hökmündäki adatdan hem durmuş ölçeglerinden daşarylygy, çylşyrymlylygy, çuňňurlygy, soňuna çenli akyl ýetirip bolmaýanlygy ýatýar. Emma bularyň bary tebigy gapma-garşylygy däl-de, häsiýetleriň hem endikleriň çuňňur dialektikasyny aňladýar.
Ony käbirleri içimtap, ýapyk, hernäçe ýürekdeş gürleşse-de, seniň adyňy mydama güler ýüz bilen «Pylanyjan» diýip tutsa-da, adamy aňsat-aňsat golaýyna getirmeýän oglan hökmünde häsiýetlendirýärler. Şeýle bolşy çekinjeňlik, utanjaňlyk hökmünde görenler hem bar. Bu ýerde iki sany pursaty göz öňünde tutmak Saparmyradyň şahsyýetine aralaşmaga we şol durmuşy ýagdaýlarda onuň janlylygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berer. Birinjiden, Saparmyrat düşnükli sebäplere görä, öz içki dünýäsi bilen ýaşaýardy. Onuň agyr ruhy geçmişi hem ruhy tejribesi bardy. Öz ýakynlaryndan aýra düşüp, ol daşky dünýäni öz şahsy agyrylaryna golaý getirmek islemeýärdi. Munuň özi paýhas sagdynlygyna, aýdýan-diýýänini, hereketlerini ölçegli amal etmäge getiripdi. Ol köp adamlaryň öz içki agyrylaryna, ezýetlerine, hossalaryna ýatdygyny, birnäçeleriň bolsa biperwaýdygyny görüpdi. Munuň özi onuň adamlar bilen belli bir aralygy saklamak endigini döredipdi. Sözüň ekzistensial-ruhy manysyndaky ýalňyzlyk aslynda-da beýiklere mahsus aýratynlykdyr.
Adatylar durmuşa ýeňil, oýunçyllyk bilen seretmegi halaýarlar. Içde üýtgeşik bir çuňňurlyk bolmansoň, olaryň esasy mazmuny daşky barlyk bilen baglanyşyklydyr.
Beýikler her bir meselä düýpli, çynlakaý çemeleşýärler. San taýdan seýrek, özi ýalylar duşup durmansoň, olar köplenç, esasanam, geldi-geçer durmuş meselelerinde hem-de many taýdan ähmiýetsiz durmuş wakalarynda hem ýagdaýlarynda çetderäk durýarlar. Ýalňyz bolýarlar.
Beýik türkmen şahyry Seýit Nesimide şeýle bir pikir bar: «Iki dünýä maňa sygar, men bu dünýäge sygmanam». Beýik şahsyýetiň dünýä gatnaşygyny şu pikir oňat aňladýar. Saparmyradyň deň-duşlaryna gatnaşygy-da şonuň ýalydyr. Saparmyrat üçin daş-töweregindäkiler durnagöz suw ýaly aýdyň, aňyrsy görnüp duran barlykdyr. Onuň pikirleri, garaýyşlary, aňlamalary, üýtgeşik ekzistensiýa mynasybetli, töweregindäkileriň indiwiduallygyndan parran geçip, olaryň barlygynyň çäklerini doly tükelleýär. Onuň özi welin özgeleriň göz ýetirmeýän alyslyklarynyň hem ýaýlymlarynyň bardygy sebäpli, olara üýtgeşik, syrly hem belli bir manyda düşnüksiz bolup görnüpdir. Tüýs Nesiminiň aýdyşy ýaly, oňa iki dünýä sygypdyr – hakydaly substansional dünýä hem deň-duşlarynyň, gaýrylaryň intensional dünýäsi sygypdyr, onuň özi weli olaryň akyl hem pikir dünýäsine sygardan has çuň hem giňiş gelipdir.
Ikinjiden, meseläniň ikinji tarapy bar. Eger Saparmyradyň oglanlyk ruhy keşbi ýokardaky ýaly diňe birmanyly bolsady, onda bu biziň meseläni aşa ýöntemleşdirýändigimize şaýatlyk ederdi. Saparmyradyň ruhy keşbi şeýle göz öňüne getirmeden has çylşyrymly bolupdyr. Bir tarapdan, töweregindäkiler bilen belli bir aradaşlygy saklamagyna utanjaňlyk, çekinjeňlik diýip düşünipdirler. Kämahal bu içimtaplyk görnüşinde kabul edilipdir. Onuň bar küýi-köçesi okuw, kitap-depder. Hatda arakesmelerde-de, sapak başlanmanka-da, ol mydama sapaga taýýarlyga gümra. Beýleki tarapdan, käbir ýatlamalarda onuň gylyk-häsiýetiniň, bolşunyň başga bir jäheti ýüze çykýar. «Ol kähalatlarda mugallymyň ýok wagty synpyň okuwçylaryny ýygnap, mugallymyň sapak geçişi kimin, geçilen sapagy gaýtalap düşündirerdi. Kähalatlarda dürli meseleler boýunça çekişmeler gurap, ýoldaşlarynyň hem dünýägaraýşynyň giňelmegine ýardam bererdi», «Mugallymlaryň käbiri sapakda Saparmyradyň sorag bermezligini islärdiler. Sebäbi onuň berýän soraglary okuw kitabynda bolmany üçin käbir mugallymlary-da çykgynsyz ýagdaýa salardy», «Saparmyrat tüýs ylma berlen oglan bolup, ol öz synpdaşlarynyň arasynda «Men birbada üç fakultetde okaryn, gündizine taryhda, gaýybana geografiýada, agşamyna bolsa hukuk bölüminde okaryn» diýip höwes ederdi. Bu höwes onuň häsiýetiniň ikinji tarapy – köpçülikde, öňe saýlanmak, öňbaşçylyk öz ruhy, serhaly hem intellektual rüstemligini ykrar etmek taraplaryny görkezýär. Ylaýta-da soňky ýatlama maglumatyna ähmiýet bereliň. Şahsyýetiň düýplüligi nukdaýnazaryndan, ol ýerde hakyky baştutanlyga ymtylyş alamatlary syrly suratda ýüze çykýar. Gündizine taryh, gaýybana – geografiýa, agşamyna hukuk. Eýse, bu ýerde geljekki beýik Serdaryň keşbini görüp boljak ahyryn. Taryhy tükellemek – wagta, geografiýany tükellemek – giňişlige eýe çykmagyň höwesine, hukuk bolsa jemgyýete häkimlige dalaş etmegiň dyzmaçlygyna yşarat edýär.
Şeýlelikde, öz deň-duşlary, töweregindäkileri bilen Saparmyrat iki hili aýtymda, iki hili gatnaşykda bolupdyr: ähmiýetsiz durmuş ýagdaýlarynda, geljekki öňbaşçynyň gyzyklanmalary hem maksatlary nukdaýnazardan ähmiýetsiz ýagdaýlarda ol aradaşlygy saklaýar, emma çynlakaý, geljegiň meselelerini özünde saklaýan pursatlarda bolsa ol öňbaşçylyk rüstemlige dalaş etmek, köpçüligiň üns hem akyl merkezine geçmek häsiýetlerini görkezýär. Munuň özi onuň düşýän, ontologik mazmuny boýunça biri-birinden tapawutlanýan giňişlikleri bilen baglanyşyklydyr. M.Haýdegger adamyň düýp mazmunyny düzýän dünýäni adamlara aragatnaşykdaky giňişlik däl-de, içki, apriori – tejribä esaslanmaýan giňişlik hökmünde kesgitleýär. Adamyň islendik zatlaýyn barlykdan tapawudy şundadyr: adam barlygy daşyndan görünýändäki barlyk däldir, çünki adam hemişe «öz-özünden gaçýar», «gözden sypýar». Ol barlyk hemişe öz görnüşinden has uly zatdyr. Ol wagtyň belli bir nokadynda durmaýar, adam öz göwresiniň duran giňişliginden hemişe başga ýerdedir. Saparmyradyň bolşunyň bir tarapy ol mähelläniň arasyndaka, beýleki taraplary bolsa ol köpçüligiň arasyndaka ýüze çykypdyr.
Ýöne geljekki milli öňbaşçynyň şol wagtky şahsyýet bitewüligini göz öňüne doly getirmek üçin ýene bir pikir öwrümini etmek gerek. Hossarsyz ösýän adamyň gylyk-häsiýetlerinde kadadan çykmalar bolýar. Ol özboluşly durmuşda önüp-ösýär. Durmuş oňa bagly däl-de, ol durmuşa bagly. Şol sebäpden onda häsiýetleriň şeýle bir öwrülişigi ýüze çykýar, onsoň ol özüniň asyl häsiýetlerini, öz «menini» ýeňip geçmeli, başgarak ýagdaýdaky adamda bolmajak metamorfozalara ýüz urmaly bolýar. Ol öz-özüni döredýär, köpçüligiň içinde keýpsizräk bolsa-da, adamlara güler ýüz bile bakmagy özüne buýrup bilýär. Munuň özi özüne erk etmek başarnygynyň ösmegine, gerek ýagdaýlarda ýagdaýa görä üýtgäp bilmek ukybynyň kämilleşmegine getirýär. Durmuşda bolsa iň esasy zat – özüňe erk etmegi başarmak. Özüne erk etmegi başarýan adamyň işinde müşgillik bolmaz, ol islän menziline ýetip biler. Şahsyýetde asylbaşky gylyk-häsiýetden daşgary «goşmaça» boluşlary peýda bolýar. Bu bolsa köpçüligiň öňüne düşýän öňbaşçy üçin esasy gerek sypatdyr. Öz asylbaşky çäklerinden çykyp bilmeýän, köpçüligiň howalasyna, keýpine laýyklaşyp bilmeýän adam köpçüligiň erkini ele alyp bilmez. Türkmende «Ýetim oglan it bolar, ölmese ýigit bolar» diýen pähim bar. Biz munuň birinji bölegine ünsi çekmekçi. It bolmak – munuň özi durmuşyň diňe maddy kynçylyklaryny aňlatmaýar. Munda durmuşyň ýiti ruhy kynçylyklary aňladylýar. Şol kynçylyklaryň, dürli ýagdaýlaryň öňünde oglan özünde gizlenip ýatan, beýleki bir ykbalda, megerem, ýüze hem çykmajak, çünki, gerek hem bolmajak durmuşa, ýaşaýşa ukyplylyk häsiýetlerini döretmeli bolýar. Şeýdip onda adaty ykbalda diňe bir adama berilýän gylyk-häsiýetler däl-de, birnäçelere berilýän psihologik aýratynlyklar kemala gelýär.
Beýik Serdaryň öz ýatlamagyna görä, Gypjakda geçirilen ýedi ýylyň dowamynda ol dürli şatylary görüpdir. Onuň iň gowy görýän ýeri mekdep, emma bütin günüňi mekdepde geçirip bolanok. Mekdepde ol öz-özüni tapypdyr, özüniň hem geljeginiň hyzmatynda bolupdyr. Okuwdan boş wagtlary bolsa kesekiniň hyzmatyny etmeli bolupdyr. Şonuň üçinem şol wagt durmuş Saparmyrat üçin iki tarapa bölünýärdi – durmuşyň süýji tarapy mekdep, ajysy bolsa mekdepden soňky durmuşdy.
Ýöne durmuşyň şol ajy ýüzi hem sözüň giň manysynda mekdepsizlik bilen bir zat däldi. Gypjakda geçirilen oglanlyk döwründen birnäçe wakalar Saparmyradyň ömürlik ýadynda galypdyr. Bu bolsa şol pursatlaryň onuň şahsyýet kämilleşişine möhüm binýatlar bolup girendigini aňladýar.
Baryp XIX asyryň ahyrlarynda ýazylan işlerde özüniň tebigy aýtymyň aýratynlyklary, ýaşaýyş üçin ýaramlylygy taýyndan Ahalyň iki bölege – gündogar Ahala hem günbatar Ahala bölünýändigi hakda ýazylypdyr. Gypjak obasynyňam girýän gündogar Ahal suwunyň bollugy, ekerançylyga ýaramly ýerleriniň köplügi bilen tapawutlanypdyr. Her hili durmuş agyp-dönmelere garamazdan, urşuň yz ýanlary Gypjak bag-bakjaly, daýhançylyk endikleriniň ösen obasy bolupdyr. Aslynda gadymy, hakyky Gypjak häzirki obadan has ilerde ýerleşen bolmaly. Köne Gypjak edil Nusaý galasyny etekläp oturyp, Gökje bilen birleşen görnüşde diýen ýaly bolupdyr. Biziň başda Gypjak öňki beýik Nusaý şäheriniň bir bölegi bolmaly diýýänimiziň sebäbi-de şoldur. Köne türkmen dilinde oba sözüniň häzirki unudylan ikinji manysy-da bolupdyr. Oba şäheriň ýa galanyň içindäki kiçijik etrapy, kwartaly aňladypdyr. Aýylganç ýer titremesinden soň Gypjak häzirki oturan ýerine – demir ýoldan aňry geçipdir, Gökje bolsa Aşgabada bakan süýşüpdir.
Ýer titremäniň yz ýanynda Gypjakda ýaşan Saparmyradyň öýdäki durmuşy kynçylykly, minnetli we hatda ejirli bolupdyr. Ol kesekiniň hyzmatyny edip gün görüpdir. Biz häzir Saparmyradyň ömründe sapak bolan pursatlardan üç sany wakany ýatlap geçmek isleýäris. Olaryň gymmaty beýik Serdaryň şahsyýet hökmünde kemala gelşini aýdyňlaşdyrýandygyndadyr.
Saparmyrat şäherde ýaşanda ýaşaýan howlularynda beýik hem ýaýraň tut agajy bolupdyr. Türkmenlerde keramatly saýylýan bu agajyň miweleri çagalyk üçin hemme döwürlerde-de hezillikdir weli, gahatlyk zamanlarda ol hasam eziz bolupdyr. Baharyň ahyrlarynda tut agajy kiçijik, şireli ak, gyzyl ýa gara miweleri – tudana getirýär. Bir gezek Saparmyrat bahar möwsüminde gaba telpege meňzäp duran uly tuduň üstüne dyrmaşyp çykypdyr. Şatuduň datly miwelerinden iýip hezil etmekçi eken. Ýöne tudana doly bişip ýetişmändir. Şeýle-de bolsa, Saparmyrat doly bişmedik turşumtyk tudanadan iýmäge başlapdyr, bir pursatlyk öz ejirli, külpetli çagalygyny-da unudan ýaly bolupdyr. Tudana doly bişmese, şahadan kynlyk bilen üzülýär. Saparmyrat tudana gyzygyp, seresaplygy elden berendir-dä, aralykda has ýokarda garalyşyp duran tudanalara ýetjek bolup, aýagyny gapdaldaky şahalaryň biriniň üstünde goýanda, ol şaha oglany götererden ejiz gelip, Saparmyrat ýokardan aşak gaýdypdyr. Hernä, halatly bolansoň, Allatagala, erenler ony gorapdyrlar, ýogsa ýykylan şahasy beýik eken.
Ikinji bir waka Gypjagyň gumaksy köçeleriniň birinde bolup geçýär. Saparmyrat bir gezek köçe bilen endigine görä başyny aşak salyp, öz pikirlerine, içki dünýäsine güýmenip barýan eken. Ep-esli menzile baranda, süňňi bir zady syzan ýaly bolup, ädimleri öz-özünden haýallapdyr. Soňam gulagyna ýakymsyz bir «haşşyldy» eşidilen ýaly bolupdyr. Birden başyny galdyrsa, edil golaýjakda äpet bir gara okýylan dikgerip, ýoluny tutup dur diýýär. Saparmyradyň gözleri ýylanyň gyzyldan sary adamhor gözlerine düşende, haýýaty göçüpdir. Göwresine niredendir bir ýerden güýç-kuwwat gelip, duran ýerinden hyrra yzyna öwrüläge-de, göteripdir ökjäni. Näçe menzil ylganyny bilenok, ýöne biraz daljygyp, aýak çekip, yzyna garasa, ýylandan-beýlekiden nam-nyşan görmändir.
Bu iki waka onuň hakydasynda galypdyr we durmuş hereketlerinde özboluşly sapaklar bolupdyr. Olar durmuşda başdan geçirilen özboluşly janly tymsallar bolupdyr. Beýik adamlar durmuşy tymsal, tymsaly-da durmuş hökmünde öz hususyýetine ornaşdyryp bilýärler. Diňe beýikleriň durmuşynda gabat gelen wakalaryň täsiri bolan tymsallar arhetipi berip bilýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýtmagyna görä, tudanaly waka oňa durmuşda aýak basjak ýeriňi bilip basmagy, ýylanly waka bolsa durmuşda ýöreýärkäň, başyňy galdyryp, barýan ýoluňy saýgaryp ýöremegi öwredipdir. Baryp çagalykda duçar bolan durmuş wakalaryndan sapak almagy (durmuşdan sapak almak – durmuşyň manylaryny içiňe kabul etmek) şahsyýetiň kämilleşmegine getiripdir.
Durmuş hem tymsal, Durmuş hem söz, Durmuş hem kitap. Bularyň özara gatnaşygy, alşyşy hemme şahsyýetlerde birmeňzeş bolmaýar. Adamlaryň köpüsi kitabyň, tymsalyň, sözüň manysyny, köplenç, gyzykly hem täsin zat hökmünde kabul etmekden aňry gitmeýärler, olar hakykat bilen manyny baglaşdyrmagyň hötdesinden gelmänsoňlar, okalany öz durmuş hereketleriniň bir badalgasyna öwrüp bilmeýärler. Şeýle şahsyýetlerde akyl bir tekizlikde, hereketler bolsa başga tekizlikde ýerleşýär. Olar üçin alnan akyl özüni kämilleşdirmegiň serişdesine öwrülmän, ýöne bir bilimdarlygyň, okumyşlygyň daşky keşbi bolup durýar. Munuň özi pelsepewi paýhasyň, adamyň öz akylyna gatnaşygynyň çuňňur meselesidir.
Meseläniň durmuş paýhasyna geçirilip, ýönekeýleşdirilen jähetine degişli bir tymsala ýüzleneliň. Bir goja öz ýaş ogluna akyl-ündew berer eken: «Oglum, hiç mahal dommarylyp, ýüzüňi asyp gezmegin. Il arasyna çykanyňda, gülüp-oýnap gezmelidir». Ogly atasynyň aýdyşy ýaly, köçä çykyp, gülüp, waha-haýlap barýarmyş. Birdenem munuň öňünden bir topar adam çykýar-da, beýle keýpli oglany urup-ýenjip başlaýarlar. Erbet urlan oglan öýüne gaýdyp gelýär. Urulmagynyň sebäbi, oglan merhum jaýlamaga barýan gölegçileriň öňünden çykan eken. Bu ýagdaýy bilen atasy: «Oglum, gülmän, aglap gezmeli pursatlaram bardyr» diýipdir. Ogly ýene atasynyň ündewini sözme-söz kabul edip, indi köçä ýüzüni asyp, aglap diýen ýaly çykypdyr. Oňa ýene bir topar adam gabat gelip, görgüli oglan ýene ýenjilipdir. Oňa duşan topar mähelle toý tutup barýan adamlar eken.
Görnüşi ýaly, şahsyýetiň sazlaşdyryjy hususyýeti ýok ýerinde akyl bilen durmuş biri-birini alşyp bilmeýär.
Saparmyrat çagalykda dürli azap-ejirleri gördi. Bularyň bary-da onuň hossarsyzlygy sebäpli bolupdy. Bir gezek onuň saglyk ýagdaýynda örän uzak wagtlap yz goýan şeýle bir waka bolup geçipdir.
Saparmyrat mekdepde türkmen dili we edebiýaty kružogynyň ýolbaşçysydy. Kružok, köplenç, okuwdan soň geçirilýärdi. Sapagyň çäginde-de ähli pikirlerini, täsirlerini, syzgylaryny doly ýüze çykaryp ýetişmeýän Saparmyrat kružoga baýramçylyga garaşan ýaly garaşýardy we adatça, ol uzaga çekýärdi. Şol gezek hem deň-duşlaryna, mugallymlara edebiýat barada, öz goşgulary barada gyzykly gürrüň berip, Saparmyrat bolýan öýüne giç gaýdyp gelipdir. Ol okuwdan boş wagtlary bolýan öýünde mal-gara seretmek, goýun bakmak bilen meşgullanýan eken. Saparmyrat bäş-on dowary bakmak üçin örä – dag etegine äkidipdir. Mallary bakmaga gitmekçi bolanda-da howanyň öwzaýy bozuk eken. Muny duýan Saparmyrat: «Birden harasat geläýmesin» diýende, gaýtam oňa daýzasy: «Seniň işläsiň gelenok. Mallary bakmaga ýaltanýaň. Hiç hili harasat gelmez» diýip azgyrylypdyr. Şeýle bolansoň, Saparmyrat mejbury ýagdaýda dowarlary dag etegine äkidipdir. Ýöne köp wagt geçmänkä, Saparmyradyň diýeni bolupdyr: ýowuz harasat gelipdir, gar tozgalap ugrapdyr. Sähel salymda çarýan ak gara bürenipdir. Garyň, harasatyň wagty bilen goýmajakdygyny bilen Saparmyrat dowarlaryny oba bakan sürüp ugrapdyr. Hernäçe agyr bolsa-da, garyň içinde Saparmyrat dowarlaryny agyla salypdyr. Daýzasy harasadyň bolmasyny, garyň ýagmasyny göýä Saparmyratdan görýän ýaly yzgytsyzlanypdyr, dowarlary sanap, biriniň kemdigini aýdypdyr: «Şol goýny tapman öýe gelme!» diýip, daýzasy Saparmyrady öýünden kowupdyr. Uzynly gün duz datmadyk Saparmyrady daýzasy aýagy ýalaňaç halda urup, öýden çykaryp kowupdyr. Gardan ýaňa hiç ýer saýgartmaýan bolsa-da, ol aýakýalaň halda iki ýana elewräp, şol goýny agtarypdyr. Ýadap lüti çykýança goýny gözläpdir. Aslynda bolsa goýunlar tükel eken. Bir goýun agylyň garaňky burçunda duranlygy sebäpli görünmändir. Saparmyrat aýakýalaň, egni hiç zatsyz tutuş bir gijäni, özem aýazly gijäni daşarda geçirmeli bolupdyr. Ana, şol gije onuň aýagynyň damarlary sowuk alypdyr.
Şeýle güzaplar içinde taplanan Saparmyrat Gypjak obasyndaky 5-nji mekdebiň 7-nji synpyny zybrym bäşlik bilen tamamlaýar. Raýon halk magaryf bölümi we mekdebiň mugallymlar geňeşiniň karary bilen üç okuwçynyň biri bolup, şol döwürde ýediýyllyk mekdebi ýokary bahalar bilen tamamlaýanlara berilýän iň ýokary sylaga – «Taryp hata» mynasyp bolupdyr. Şol gün ol hasam ýekesiräpdir. Şeýle ýagdaýlarda bolsa ol ejesiniň, doganlarynyň ruhy bilen gürrüňleşmegi endik edinipdi. Şonda onuň şol aýylganç daňdan öz ýakynlaryna beren sessiz kasamy ýene hakydasyna gelipdir. Bu ahwalat onuň okuwy dowam etdirmek hyjuwyny has-da güýçlendiripdir. Elbetde, onuň okuwyny dowam etdirmegini daýzasy göwnemändi. «Besdir okanyň. Indi gazanç et, öýe pul getir» diýip, onuň obada işläp gazanja durmagyny isläpdi. Eger aýdanlaryny etmän okuwyny dowam etdirmekçi bolsa, onda Saparmyrada iňňäň gözi ýaljak hem kömek bermejekdiklerini aýdypdylar. Ýöne atylan ok daşdan gaýtmaýar. Saparmyrat – atylan okdy. Onuň öz öňünde goýan aýdyň maksady bardy, ol ejesiniň, doganlarynyň guburlarynyň öňünde durup kasam edipdi. Kakasynyň ruhunyň öňünde kasam edipdi. Ol öz öňünde goýan maksadyna ýetmelidi. Ol öz öňünde goýan maksadyna diňe bir ýol bilen – okap ýetip biljekdi. Şonuň üçin Saparmyrat her etmeli-hesip etmeli, okamaly diýen maksat bilen dem alýardy.
Saparmyrat 1955-nji ýylda Aşgabadyň Anton Pawlowiç Çehow adyndaky ýetimler öýüne barýar. Şol ýerde hem okuwyny dowam etdirýär.
Hawa, ol Aşgabada kimdir biriniň maslahaty ýa kömegi bilen gelmändi, tersine, ol okuwyny dowam etdirmek üçin bolýan öýünden gaçyp gaýtmaly bolupdy.
Beýik Serdaryň mekdepdeş oglanlarynyň, mugallymlarynyň ýatlamalary bilen tanşyp, şol döwürde onuň şahsyýetiniň özboluşlylygyny-da hiç kim doly göz öňüne getirip bilmändir, onuň geljegini-de çaklap bilmändir diýen netijä gelýärsiň. Ýöne ol ýatlamalar şahsyýete garaýşyň şol döwre degişli maglumatlary:
«Saparmyradyň kalbynda şeýle bir endik ornaşypdy. Ol hiç wagt mekdebe gijä galyp gelmezdi, ýoldaşlaryndan-da ir gelip, kitaba gümra bolup oturardy, boljak sapaga taýýarlyk görýärdi». «Saparmyrada klasda diňlän sapagyny öýde bir gezek gaýtalamak ýeterlikdi. Ol arakesme wagty hem daş çykman, bir zatlara gümra bolup oturardy». «Ol özüne tabşyrylýan ýumuşlary bir kössüz ýerine ýetirerdi. Haýsy bir mesele bolsun, onuň düýp mazmunyna dogry düşünýänçä, şol meselä gaty içgin seretmek endigi Saparmyratda bardy». «Saparmyrat mekdepde okap ýörkä, diňe bir okuw kitaplaryndan okamak bilen çäklenmän, kitaphana gatnap, örän köp goşmaça maglumatlar bilen sapaga taýýarlanardy». «Her gezek Saparmyrat Nyýazowyň ýazan düzmesi klasyň okuwçylarynyň hiç biriniňkä meňzemezdi. Düzmäni haýsy temada ýazanlygyna garamazdan, ol beýik nusgawy şahyrymyz Magtymgulynyň şygyrlaryndan epigraf almak bilen başlardy. Mugallym ondan: «Sen näme üçin hemişe, häzirki zaman mowzugyndan ýazýan düzmelerimizde-de Magtymgulynyň sözlerini ulanýarsyň?» diýip soranynda, «Ýoldaş mugallym, Magtymguly şahyrymyzyň derejesine häzirki zaman ýazyjylaryny hem ýetirmek maksadym bar. Onuň döreden eserlerinde islän mowzugyňy tapmak bolýar. Men-ä türkmen edebiýatynda yz galdyran ondan belent adam göremok, şonuň üçin onuň sözleri bilen düzmämi başlasam, göwnüme jaý bolup dur» diýerdi.
Şeýle ýatlamalary okanyňda, adamyň keşbine uzakdan seredilip berilýän baha ýadyňa düşýär. Töweregindäkiler Saparmyradyň özüni alyp barşyndaky, endiklerindäki ýa-da daşyna çykarýan käbir garaýyşlaryndaky oňynlygy iň umumy suratda aňlapdyrlar. Onuň şahsyýetiniň täsinligine içgin-içgin aralaşyberen adam bolmandyr. Çünki olar Saparmyrada adaty oňynlyk nukdaýnazaryndan garap, ony töweregindäkiler bilen deňeşdirip, tanajak bolupdyrlar. Emma geljekki beýik Serdary bolsa has giňişleýin garaýan, durmuş adatylyklaryndan tapawutly garaýyş bilen seredýän, ony töweregindäkiler däl-de, uzak geçmişiň beýikleri bilen deňeşdirip bilýän adam tanap biljek eken. Emma bu bolmandyr. Çünki, ilki bilen-ä, geljekki beýikligi aňmak hem aňlamak üçin özüňem bir üýtgeşik duýgulara eýe bolmaly. Galyberse-de, türkmen intelligensiýasynyň pikirlenişi, okumyşlygy hemişe-de, şol sanda degişli döwürde-de pes derejededi. Garaýyşlaryň, ölçegleriň hem kesgitlemeleriň ýyldyrym çaltlygynda üznüksiz özgerişine päsgel berýän pikir konserwatizmi, pikirlenişdäki haýal-ýagallyk sowet ýaşaýşyndan ýokuşan bir çiglik hem bikemallykdy. Onda pikiriň hem akylyň ähmiýeti ýokdy. Ol ýaşaýyşda pikir onunjy derejeli zat hökmünde aňlanylýardy. Akyl ýaşaýşy hakyky ýaşaýyş däl-de, eýse, başga bir zat bolan hakyky ýaşaýşa goşmaça bir zat, bary-ýogy mugallym, gazetçi ýaly adamlaryň rysgalyny gazanmagynyň iň adaty güzeran serişdesi derejesinde görülýärdi. Ylym hem bilim milletiň substantiw aýratynlygyna degişli däldi.
Saparmyradyň ir kämillige ýetenini onuň häsiýetiniň bir aýratynlygyndan görmek bolýardy. Ol ulular özüne çaga ýa oglana ýüzlenen ýaly ýüzlenende, hiç halamazdy. Ulularyň çaga ýüzlenişinde «şu duran çaga ahyryn» diýen duýga esaslanýan inçe göwnüýetmezçilik, ýokardan seretmek äheňleri bolýar. Hut şu äheňi duýubam Saparmyrat şeýle gatnaşygy halamazdy. Onuň beýle duýgusy bolsa oglanyň asla çaga däl-de, öz akyl hem ruhy derejesi, göwün aýratynlyklary boýunça ululyga ýetişendiginiň alamatydy. Şol sebäpden, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň müçe ýylnamasynyň dilinde aýdylanda, şol döwürde Saparmyradyň fiziki barlygy ýetginjeklik müçesinde bolsa-da, onuň akyl-ruhy barlygy has soňky müçeleriň derejesindedi.
Orta mekdepde okaýarka, Saparmyradyň kitaba bolan höwesi soňlugynda edebi döredijilige ýazyp gitdi. Taryh hem tebigat ylymlary bilen bir hatarda edebiýat onuň durmuşyny manylaşdyrýan zatdy. Rus dilini gaty oňat bilensoň, şäher kitaphanalaryna gatnap, türkmen taryhyna degişli kitaplary ürç edip okapdy. Onuň Bartoldyň, Oşaniniň, Samoýlowiçiň, Tolstowyň we ýene-ýeneleriň türkmen taryhyna, medeniýetine, etnografiýasyna degişli işleri «Türkmenistanyň we türkmenleriň taryhyndan maglumatlar» atly iki jiltlik kitap bilen ilkinji tanyşlygy şol ýyllarda bolup geçipdi. Soň bu tanyşlyk çuňlaşyp, şahsyýetiň höwürdeşligine öwrülip gidipdi.
Saparmyradyň ilkinji goşgulary mekdep diwar gazetinde, «Mydam taýýarda» çykyp başlap, ol ýaş şahyr hökmünde adygansoň, mugallymlaryň käbiri oňa dil-edebiýat ugrundan okamagy, şahyr bolmagy maslahat beripdi. Bu geljekki beýikligi mugallymlarynyň aňmandygynyň bir subutnamasydyr. Saparmyrat ykbalyň öz gerdenine şahyrlykdan has uly ýük urjagyny hal rejesi bilen syzýardy. Bu aňasty syzgynyň aň üstündäki ýüze çykyşy şeýledi: edebiýaty, döredijiligi oňat görse-de, Saparmyrat üçin ol birhili öňünden aýdyň bir zat bolup görünýärdi, oňa islendik mahal dolansaňam, giç boljak däldi. Ine, tebigat ylymlary, ylaýta-da fizika oňa entek görülmedik alyslyklar ýaly, uzakdaky reňbe-reň yşyklar ýaly göwün atygsadyjy, hyýallara pelesaň kakdyryjy görünýärdi.
1956-njy ýylyň noýabr aýynyň 27-sinde «Mydam taýýar» gazetinde Saparmyradyň «Bäşinji orden» diýen goşgusy çap edilipdir. Bu goşgy onuň mekdep ýyllarynda jemgyýetçilik işleriniň merkezlerinde bolandygy, döwrüň jemgyýetçilik-syýasy howasyna ýakyn durandygy nukdaýnazardan ähmiýetlidir. Emma goşgynyň ähmiýetini biz onuň mazmunynda şahsyýetiň syratynyň ýüze çykýanlygy bilen baglanyşdyrýarys. Meseläniň düşnükli bolmagy üçin öz ulanýan «syrat» aňlatmamyzda egleneliň. «Syrat» hem «surat» türkmen nusgawy pelsepede ulanylýan dialektiki jübüt düşünjeleriň biri bolup, syrat adamyň içki ruhuny, surat bolsa onuň jemgyýetde ýüze çykýan keşbini aňladypdyr. Eýse, bu goşguda Saparmyradyň haýsy syraty ýüze çykýar? Döredijilik serhalynda (psihologiýasynda) inçe hem çuňňur esasly şeýle garaýyş bar: döredijiniň, onda-da şahyryň döreden ähli keşplerinde onuň öz içki «meni» aňladylýar. Bu şekillendiriş sungatyna-da muwapyk. Nakgaş kimiň suratyny çekse-de, ol ahyrsoňy nakgaşyň özi ýaly bolup çykýar diýen pikire gol ýapýanlar kän. «Bäşinji orden» komsomola bagyşlansa-da, Saparmyrat onda öz ykbalyny suratlandyrypdyr. Özem diňe başdan geçirenlerini däl, eýsem dolandyrylyş ahwalaty bize näbelli bolup galýan haýsydyr bir içki syzgy arkaly öz geljegini-de suratlandyrýar.
Edermenlik üçin bäş orden aldyň,
Dünýä ýaşlaryna görelde bolduň,
Täze eden işiň seň örän uly,
ähli geçen ýoluň şöhratdan doly.
Dünýä derejesine ymtylmak eýýäm şol wagt Saparmyradyň içki syratyna mahsus eken. Bu şeýle. Emma geljegi öňden görmek, has dogrusy, barlykda soň amal boljak geljegi şol wagt syratyňda kemal etmek jähetinden şygyr has ähmiýetlidir.
Özleşdirmek üçin tarp ýere gitdiň,
Ol ýerde däneden daglar döretdiň.
Eýse, bu Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň iki million bäş ýüz müň tonna türkmen bugdaýyny – däneden daglar döredişini onuň özüniň öňden görşüniň aňladylmasy däl-de, näme?! Ylym hadysalary diňe maglumat hökmünde kesgitlemekden aňry geçip bilmese, ol öndümli bolup bilmez. Çünki, beýtmek açyş, düşündiriş däl-de, bary-ýogy hasaba alyş, tekrarlaýyş işi bolar.
Mekdep ýyllarynda Saparmyradyň syratynyň hem suratynyň sazlaşykly bolşy ýaly, daş keşbi-de gelşikli hem mähirlidi, göze yssydy. Ol özüne timar bermegi, gelşikli geýinmegi başarypdyr. Onuň ýetginjeklik döwründen – 1955-nji ýyldan saklanyp galan suratyndan saçlary tämiz bejerilen, gaşlary gyýlyp duran ak ýüzli ýaş ýigit bize hoşamaýlyk bilen dikanlap bakýar. Onuň häsiýetinde haýsydyr bir terslige yşarat edýän ýekeje-de zat ýok. Oňa derek nurana keşbinde dogumlylyk, öňündäki uly durmuşa bimöçber ynam, hyjuw hem-de arkalylyk görünýär. Çalaja egilip, gapdalyndakynyň boýuna deňleşjek bolşy onuň syrdam hem inçesagt kamatyndan habar berýär.
1957-nji ýylyň maý aýynda Saparmyrat Nyýazow orta mekdebi diňe bäşlik bahalar bilen tamamlapdyr. 039685 belgili kämillik attestatyndaky 17 dersiň on ýedisindenem bäşlik goýlupdyr. Özünde uly güýç-kuwwaty duýan Saparmyrat Sowet Soýuzynyň merkezi ýokary okuw mekdepleriniň birinde ýokary derejedäki bilimi almagy ýüregine düwýär. Şol ýyl ol uly bir kynçylyksyz Moskwanyň Energetika institutyna okuwa giripdir. Energetika belli bir manyda materiýanyň janyny hem janlylygyny öwrenýän pudakdyr. Saparmyradyň baryp kiçi synplarda tebigat bilimlerine, ylaýta-da fizika gyzyklanmagy ony energetika alyp geldi. Näme üçin ol, herhal düýpli-taglymy fizika gitmedikä?
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň intellektual dilinde köp ulanylýan bir ylmy düşünje bar, ol «howaýylyk» diýen sözdür. Türkmen diliniň beýleki ylmy düşünjeleri ýaly, «howaýylyk» uniwersal, köp gatlakly sözdür. Onuň tersin hem, oňyn hem manysy bar. Oňyn manyda bu söz intellekte mahsus bolan umumylaşdyryp göz öňüne getirmäni aňladýar. Ähli taglymy-akyl ýetiriş işi umumylaşdyryp göz öňüne getirmäge esaslanandyr. Tersin manyda bolsa ol boş durmuşyň hajatlaryndan daşdaky gysyr pikirlenişi aňladýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy sowet ylmyndan galan miwesiz pikirleniş endiklerini tankytlanda sözüň şol tersin manysyny göz öňünde tutýar. Şonda «howaýylyk» janlylygyň ganymy hökmünde göz öňüne gelýär. Özüniň şahsyýet ýasawy boýunça Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy islendik pikir işinden durmuşy netijeleri almak gerek diýen düşünjä eýerýän adam. Onsoň ol mekdep ýyllarynda fizika bilen gyzyklansa-da, muňa sap durmuşy hajatlaryň gözi bilen seredipdir. Şol sebäpdenem ol ýöne fizika däl-de, amaly fizika ugruny saýlap alyp, Energetika institutyna okuwa giripdir.
Ol institutda bäşlik bahalar bilen okapdyr, mekdepde terbiýelenen endigine görä, köpçülik-jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşypdyr. Institutyň mugallymlar topary, talyplar güler ýüzli, nurana, gujurly, ýiti zehinli türkmen ýigidine aýratyn hormat-gadyr goýupdyrlar. Ýöne çagalykdan, garawsyz durmuşdan galan kesel, saglyk ýagdaýy onuň okamagyna mümkinçilik bermändir. Mugallymlar, talyplar mähirden dörän Saparmyrat Nyýazowa ellerinden gelen kömegi – tekgäni beripdirler, ýöne howasynyň üýtgemegi saglyk ýagdaýynyň gowulaşyp gidibermegine päsgel beripdir. Muňa institutyň ähli mugallymlary, talyplary biçak gynanypdyrlar. Saparmyrat Nyýazow okuwynyň ikinji ýylynda saglygynyň hasam ýaramazlaşmagy sebäpli, institutdan gaýtmaly bolýar. Ol Aşgabada – janynyň öwrenişen howasyna gaýdyp gelýär. Ol hiç kime bil baglamaly däldigini, hiç bir tanyş-ýakyndan kömek bolmajakdygyny bilýärdi. Otludan düşen dessine işe ýerleşmegiň, saglygy üçin aladalanmagyň ugruna çykýar. Kalby hyjuwdan doly ýigidiň Garagum çölüne çykasy, ýüregine giňlik beresi gelýär. Şu ruhy isleginiň yzyna düşüp, ol Türkmenistanyň geologiýa-gözleg arkalaşygy toparynyň edarasyna işe girýär. Ol bir ýyl bu edarada işläpdir. Çöle çykan wagtlary kalbyna em tapynan bolsa, işden boş wagtlary saglygynyň ugruna ymykly çykýar. Garagum çöli Serdaryň ruhy güzaplaryna-da, beden ýarawsyzlygyna-da hakyky tenekar bolupdyr.
Serdaryň şol wagtky ruhy ahwalaty onlarça ýyllardan soň çap edilen «Garagum» atly ajaýyp şygrynda beýan bolupdyr. Bu şygyrdan biz Garagumuň tebigatynyň hem ruhunyň Saparmyradyň ruhuny belende göterendigini görýäris.
Tozdurdym men sende çaryk-çokaýym
Paý-pyýada gezdim ojar tokaýyň.
Awtoryň Garagum çölüni paý-pyýada gezendigi hakdaky setirlerini durmuş hakykaty hökmünde kabul edip bolar. Ine, çaryk-çokaýly gürrüňe weli esere ajaýyp milli äheň çaýýan çeper hakykat hökmünde garamak gerek. Şu şygryň çeper mazmunynyň Saparmyrat Nyýazowyň ruhy ahwalaty bilen gönüden-göni nähili gatnaşygy bar? Garagum onuň ýüregine giňlik salypdyr. Çölüň dünýe ýaly giňligi onuň akylyny haýran edýär. Şygryň mazmunynda sähra asmanyň keşbi görnüşinde dikeldilýär. Asman bolsa uç-gyraksyzlyk, giňişlik, bakylykdyr.
Gökde – bulut, ýerde – baran gezendir...
Çöl däldir, çaýkanyp ýatan ummandyr
Däli ýele owsun urup durýandyr...
Böreň-böreň kak suwunda düýş görýä,
Bölek-bölek bulut-dowarlar barýa,
Goýnuňda tolkunyp tereň bir derýa,
Syrylýar üstüňden duman, Garagum.
Sen – asmanyň halatysyň, halysyň...
Garagum – deňiz. Garagum – asman. Şeýle deňeşdirmeler barha çuňlaşyp, ahyry düýpli nyşana öwrülip gidýär. Asmanyň çöl görnüşinde Ýere inmegi – munuň özi şygryň many-nyşany kontekstinde bakylygyň türkmen topragyna ornaşmagy bolup durýar.
Onsoň saglyk ýagdaýy öwerlikli bolmadyk adamda şu hili şahyrana ahwalat sagaldyjy täsir döredýär. Durmuşyň kynçylyklaryna werziş bolan kalpda geljege umyt döredýär. Şeýle ahwalatlara ulaşyp, ol durmuşyň kösseklerini öz ýolundan zyňyp taşlamaga meýilli bolýar. Şeýdip, şol wagtlar Saparmyrat Nyýazow söz arkaly, kalbynyň sazlaşygyny söz bilen dikeltmek arkaly güzeranyň hem durmuşyň ýowuzlygyna döz gelip bilipdir.
Geologiýa-gözleg edarasynda işlenen ýyllar Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet hökmünde kämilleşmeginde möhüm döwür boldy. Ol Garagumy Watan hökmünde açdy. Garagum onda Watan duýgusynyň çuňlaşmagyna sebäp boldy. Onuň türkmen sährasy kimin giňişlik, ýaýrawlyk, arkalylyk häsiýetleri hasam berkeşdi. Onuň ruhunyň ontologiýasy giňeldi. Obadan hem şäherden çykman önüp-ösen adam bilen giň uç-gyraksyz sährada ýaşap göreniň deň bolmajakdygyna düşündi. Garagum oba, şäher bilen bir hatarda onuň ruhy dünýäsinde ömürlik orun aldy.
Saparmyradyň şol ýyllardan galan ýakymly ýatlamalary Garagumuň gijeki ýyldyzly asmany boldy. Gije älemiň serhetleriniň açylýan wagty eken. Millionlarça ýyldyzlar, aňyrsyna göz ýetmeýän asman giňişligi aşakdaky dünýäniň hem onuň ýaşaýjylarynyň juda-juda kiçijikdigini göz edýärdi. Şony synlaýan pursatlarynda Saparmyrat özüniň birhili geň, tas mistiki duýgulary başdan geçirýändigini bilip galdy. Bu geň-taňlygy pikir edip, ol şeýle netijä gelipdi: gündizki adam bilen gijeki adam şol bir kişi däl. Gündiz adam dünýäniň, panynyň ýaşaýjysy, gije bolsa ol älemiň ýaşaýjysy. Diňe özi däl, ol gije tutuş dünýäniň, ähli adamlaryň başga bir görnüşe, başga hörpe geçýändigini gördi. Adamlaryň gepleýiş äheňinden başlap, hereketleriniňem akymy büs-bütin üýtgeýärdi. Gündiziň ýadawlygyndanam soň geologlar ertirki işleriň aladasy bilen, hyşy-wyşy edip, gijäniň birmahalyna çenli gijeki sährany ýatmaga goýanokdylar.
Gündiz ýüregi gyzgyn, gije gujagy salkyn sährada her hili täsirli wakalar bolup durýardy. Bir gezek ir säher Saparmyrat sabanyň arassa hem dury howasy içre adamlaryň adatdakysyndan gaty çykýan seslerine oýandy. Şeýle bir zat bolan eken: geolog gyzlaryň biri daňdan oýananda, hakyt öz ýatan çadyrynyň içinde, edil golaýjygynda bir äpet ýylanyň meýmiräp oturanyny, öz bedeniniň ýylysyna hezil edip oturanyny görüpdir. Ýüregi ýarylan ýaly bolup, çadyrdan atylyp çykypdyr. Ala-gykylyk turzupdyr. Janawer ýylan bolsa onýança bir ýerlere sumat bolan eken. Soň ol gyz uzak gün başdan geçirenini öňünden çykana başdan-aýak gürrüň berip gezdi. Onuň gözlerinde, gürleýşinde hem hereketlerinde «maňa hiç zat bolmady» diýen şatlyk bardy. Saparmyrat adam şatlygynyň, hakyky bagtlylygyň şeýle anyk-tebigy ýüze çykyşyny ömründe seýrek görüpdi.
Ertesi agşam Saparmyrat adaty boýunça takyrlykda dikilen çadyrlardan aňyrlyga, çete – ýekelige çykyp, titreşip, asman atlazyny ýyrtaýjak bolýan ullakan ýyldyzlara seredip oturyşyna, çagalygyndaky ýylanly wakany ýatlady. Hawa, başyňy dik tutup, ýörejek ýoluňa seredip, ýöremeli. Ýöne... ýöne ýylan öz goltugyňdan çyksa, nätmeli? Saparmyradyň aňy gaty çalt, işjeň işleýärdi: pikir pikire uç berip, pikirler biri-birini dogrup, biri-birine çatlyşyp gidýärdiler. Bu gezegem şeýle boldy. Ýokarky sorag bir tymsaly onuň hakydasynda oýardy: öňem bir ene garga çagasyna öwüt berýärmiş: «Balam, adamzada duş geleniňde, gaty eserdeň bolgun. Eger ol aşak egilse, gaçgyn, ol seni urup ýykmak üçin, ýerden daş aljak bolýandyr». Şonda garga çagasy enesinden sorapdyr: «Eger adamzadyň eýýäm goltugynda daş bar bolsa näme?». Ene garga «Goltugy daşly adamdan Allanyň özi gorasyn» diýip oňaýypdyr. Saparmyrat öz-özüne şeýle diýdi: «Ýok, goltugy daşlyny göreniňden tanamasaň, ýeňşe, beýiklige ýetip bolmaz!»
Beýik Serdar geologiýa-gözleg toparynda işlän ýyllaryny ýatlap şeýle ýazýar: «Men ilkinji gezek on dokuz ýaşly ýigdekçekäm geologlaryň profsoýuzynyň instruktory bolup işläp başlanymda ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde, geologiýa-gözlegçileriň, gazçylaryň, burawlaýjylaryň, seýsmologlaryň toparlarynyň işleýän ýerleri bolan Garagumuň ümmülmez giňliklerinde ýygy-ýygydan bolardym. Onsoň men şol ýerlerde garry gojalar, uruş we zähmet weteranlary, öz hünärleriniň hakyky ussatlary bilen duşuşýardym. Olar dürli milletden bolan adamlardy: türkmenlerdi, oruslardy, ukrainlerdi, ermenilerdi, azerbaýjanlardy, gazaklardy, tatarlardy, dagystanlylardy, emma olaryň bary öz hünärlerine wepadarlyk, işe jogapkärçilikli garaýyşlary bilen tapawutlanýardylar, özleri üçin mährem topraga öwrülen türkmen topragyny jan-dil bilen söýýärdiler, zähmetde we durmuşda ýaşlara görelde barýardylar. Olar geologiki we geofiziki toparlarda we ekspedisiýalarda medeni-aň-bilim işini, dynç alşy, zähmetiň howpsuzlyk tehnikasyny ýola goýmaga maňa uly kömek berýärdiler. Olaryň maslahatlary, geňeşleri, tankydy bellikleri meniň maglumatnamalarymyň, profsoýuz ýygnaklarynda we konferensiýalarynda edýän çykyşlarymyň binýady bolýardy».
Türkmenistanyň merkezi döwlet arhiwinde ýaş S.Nyýazowyň iş saparlaryndan soňky hasabat resminamalary, şeýle hem 1959-njy ýylyň noýabr aýynda üç ýerde – 2-nji Bokurdak geofiziki ekspedisiýasynda; geofiziki abatlaýyş-toplaýyş edarasynda; Merkezi toplumlaýyn tematiki ekspedisiýasynda ýygnak geçirendigi we çykyş edendigi hakdaky resminamalar saklanyp galypdyr. S.Nyýazowyň elde ýazan resminamalary, hasabatlary bilen tanşanyňda onuň özüne tabşyrylan wezipä biçak jogapkärli, sowatlylyk, dogruçylyk bilen çemeleşendigini duýmak kyn däl.
Arkalaşykda işlän günleri S.Nyýazowyň durmuşynda möhüm orun eýeledi. Ol bu ýerde adamlar bilen işleşmegiň, gatnaşmagyň inçe tilsimatlaryny gördi hem öwrendi. Adamlara ýolbaşçylyk etmegi başarmak, adamlary özüňe, diýýän sözüňe ynandyrmak, adamlary özüňe imrindirmek babatda S.Nyýazow bu ýerde ilkinji sapaklaryny aldy. Ol Köýtendagyň, Köpetdagyň, Balkandagynyň iň kötel ýerlerinde boldy, Döwkesende, Jeýhunyň köne hanasy Uzboýda, Şasenem galasynda ençeme gije-gündiz boldy. Türkmenistanyň tebigatyny içgin öwrenmegi-de S.Nyýazowyň soňky durmuş ýolunda bahasyna ýetip bolmajak gymmatly goldaw boldy.
Publisistika