Zähmet ýoly
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1967-nji ýylyň iýun aýynda Leningradyň Politehniki institutyny tamamlady. Institut ony öz isleýşi ýaly, dogduk diýaryna – Türkmenistan SSR Ministrler sowetiniň ýanyndaky Baş energetika we elektrifikasiýa müdirligine işe ugratdy. Ony ýaş hünärmen hökmünde respublikanyň meýilnamalaşdyryş edarasyna işe çagyrdylar. Emma bu teklip Saparmyradyň öňden besläp gelýän niýetlerine laýyk gelmeýärdi. Şonuň üçin ol meýletin suratda Büzmeýin GRES-ine işe ugrady. Saparmyradyň hemme zady iň aşakdan – ýönekeý adamlaryň arasyndan başlasy gelýärdi. Özüniň içki ukyplarynyň ýüze çykmagy üçin, sözüň hakyky manysynda adamzat köpçüligine erk etmegi başarmak üçin şeýtmelidi. Sebäbi sen dolandyrjak, erk etjek adamlaryňy tanamazdan, bilmezden olara nädip ýolbaşçylyk etjek? Talyplyk ýyllarynyň ahyrlarynda ol pelsepe ylmyna ýykgyn edip başlady. Saparmyrat pelsepä taryhyň üsti bilen gelipdi. Şahsyýetiň şu hili ösüşi-de onuň potensialynda goýlan şol bir häsiýet – islendik işiň, islendik pikiriň ahyrky amaly netijesini talap etmek häsiýeti sebäpli bolup geçipdi. Ol dürli taryhy kitaplary gyzyl-dörjük edipdi, örän köp maglumatlary özleşdirdi. Aslynda ýaradylanda, adaty şahsyýet hökmünde ýaradylanlygynda, onuň ösüşi şol nokatda-da saklanyp galmalydy. Ine, ol näçe kitaby okady, şonda ony bir ýetmezlik geň galdyrýardy: olary ýazanlar taryhy geçmişiň wakalaryny, hadysalaryny, senelerini jikme-jik beýan edýärdiler, suratlandyrýardylar, göz öňüne getirýärdiler, şonuň bilenem bar zat tamam bolýardy. Emma hany ahyrky netije? Hany bu zatlaryň düýp manysyny düşündirýän, hemmeleriň gözüne görünmeýän içki özeni açyp görkezýän mantygy, pikir açyşy? Hany, wakalaryň ýa hadysalaryň başga hili däl-de, hut şu hili bolup geçmesiniň sebäbini düşündirýän pikir taglymaty? Ylym üçin bary-ýogy maglumatlaryň derejesinde galmak – munuň özi ýarym ädim dälmi? Bu «mus-mus» diýip, gürrüňi «Mustapasyz» goýmak dälmi? Eýse bilimiň, ylmyň, dünýägaraýşyň wezipesi diňe maglumatlar bilen tanyşdyrmakmy?! Onda bu düşündirmek, açmak däl-de, ýöne adamlaryň wagtyny almak bolmazmy?
Hakykata san-mukdar taýdan däl-de, hil taýdan akyl ýetirýän düýpli dünýägaraýşyň gözlegi, şeýdip, Saparmyrady pelsepä – ýöne gürrüň berýän, ýöne bilimli edýän däl-de, eýse düýp manylary açyp berýän ylma getirdi. Ol ilki taryhyň pelsepesi bilen gyzyklandy: soňabaka-da bu hili gyzyklanma pelsepäniň beýleki pudaklaryna – jemgyýeti hem adamlary düşündirýän sosial-antropologik pelsepä hem-de tebigatyň düýp manysyny berýän dialektika geçip gitdi.
Saparmyrat diňe akyl işinde däl, eýse, durmuşda-da zatlaryň hem hadysalaryň düýp manysyna ymtylýardy. Onsoň ol bu ugurda düýp mana ýetmek üçin durmuşyň jümmüşinden başlamaly diýen netijä geldi. Onuň içki göz öňüne getirmelerinde häkimiýete barýan ýol beýik bir daga eltýän ýol bolup, häkimiýetiň özi bolsa şol dag bolup görünýärdi. Haýsydyr bir emeli ýollar bilen gös-göni ol dagyň ýokarky ýa ortaky gerişlerinde-de gonup boljakdy. Ýöne şeýtseň, ol aşakdakylaryň hüý-häsiýetinden, gaýtgyn-daşgynlaryndan, adatylyklaryndan hem adatdan daşarylyklaryndan bihabar bolup, ýokarda özüňi arkaýyn duýup bolarmyka? Dogry, ol ýere şeýle emeli ýol bilen ýetenlerem özlerini bu zatlardan habarly hasaplaýardylar. Emma munuň öz-özüňi aldamakdygyna Saparmyrat köp gezek şaýat bolupdy. Şol sebäpden şeýle kişiler ýa-ha çalt pyzylýardylar ýa-da şol halatda «boş kelle aýaklara gün berenok» diýleni bolýardy.
Saparmyrat öz ösüşi üçin ýerden başlap, durmuşyň ähli ot-ýalnynyň içinden geçmelidigine oňat düşündi. Şu düşünje hem ony Abadan GRES-ine alyp geldi. Ol 1967-nji ýylyň awgust aýynyň 7-sine elektrik bekediň ussasy bolup işe başlady. Saparmyrat Nyýazowyň bu kärhanada işlän üç ýarym ýyly oňa önümçiligiň nämedigine, adamlar bilen işlemegiň nämedigine mazaly göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bu eýýäm ruhy däl-de, durmuş-iş tejribesidi. Işe başlan ilkinji aýlaryndan ol institutda öwredilen zatlaryň köpüsiniň bu ýerde hiç hili derde ýaramaýandygyny, köpüsiniň asla gerek däldigini, sowet bilim ulgamynda bilim bilen janly durmuşyň biri-birinden ep-esli menzil daşlykda ekendigini bilip galdy. Şonda özüniň önümçilikden başlap köp zat utandygyna ýene bir gezek göz ýetirdi. Ylym bilen önümçiligiň şeýle aýrylygynda gerekmejek zatlaryň talyplaryň kellesine guýulmagyny jemgyýetiň hem döwletiň ençeme serişdeleriniň ýele sowrulmasy diýip düşündi. Muny özüniň geljekki ýolbaşçylyk işi üçin sapak hökmünde hemişe saklap galdy.
Saparmyrat Nyýazow Büzmeýinde işlän üç ýarym ýylynyň içinde bir däl, birnäçe är ömürlik iş bitirdi.
Üç ýarym ýylyň içinde S.Nyýazow özüni ussat guramaçy, başarjaň ýolbaşçy hökmünde tanatdy.
Büzmeýin GRES-de başarjaň ýolbaşçy, ussat guramaçy ýokdy diýip bolmaz.
Bardy.
Bütin ömrüni şu ýerde geçiren, köpçüligiň arasynda çäksiz abraýdan peýdalanýan adamlar hem bardy, azam däldi.
Özüne göwni ýetýän: «Men bolmasam, stansiýa işläp bilmez, durar» diýýän ýolbaşçylar-da bardy.
Ýöne birden beketde älemgoşar deýin öwüşgin atan, görenleriň hoşuna gelip, öz iň ýakyn adamyna öwrülen S.Nyýazow babatda basdaşlyk eder ýaly däldi. Onuň öňüne böwet bolmaga ynsabyň çatar ýaly hem däldi. S.Nyýazow «Hakyt adamyň jany ýaly» diýilýän, işe ilgezik, hoşgylaw ýigitdi. Onuň işden başga aladasy ýokdy, ol gündizini-de, gijesini-de önümçilige, önümçilikde zähmet çekýän adamlaryň amatlylyklaryna sarp edýärdi.
Şol döwürde partiýanyň Merkezi Komitetine işe geçmek üçin hökmany şertler bardy: şol şertleriň ilkinjisi ýokary okuw mekdebini gutaranyňdan soň iň azyndan on-on bäş ýyl önümçilikde işläp, at-abraý almaly, Moskwada ýa-da Daşkentde ýokary partiýa mekdebini okap gelmeli. Ine, Saparmyrat Nyýazow ýokary wezipä çekilmek babatda şu hökmany basgançaklary geçmezden Merkezi Komitete işe çagyryldy, özem tapylgysyz işgär hökmünde haýyş edilip alyndy. Bu wezipä geçjek bolup her hili ýollar bilen dyrjaşyp ýörenler kändi. Arkasynda dag ýaly howandary bar adamlaram az däldi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň welin, arkasynda dag ýaly howandary ýokdy, ol käbir kişiler ýaly para-peşgeş bilenem ýokary çekilip biljek däldi.
Onuň hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan artykmaçlygy bardy: ol iş başarýardy. Merkezi Komitete bolsa iş başarýan adamlar gerekdi, oňa işleýän adamlar gerekdi. Işlemeýän, işläýin diýende-de iş başarmaýan adamlar şonsuz hem ýeterlik derejede kürsi saklap otyrdy. Şeýle adamlaryň iş başarmaýanlygynyň, guramaçylyk ukybynyň ýoklugynyň hasabyna bolsa, döwlet ýylsaýyn egbarlaýardy, dargaýardy. Merkeze diňe ýalan maglumatlar berilýärdi.
Ýurduň ýagdaýy ýaramazdy.
Şeýle bolansoň, ýurdy halas etmek üçin iş başarýan, guramaçy, ylymly, bilimli Saparmyrat Nyýazow ýaly ýaş, gujurly ýigitler köp gerekdi. Aý dogsa, älem görýär. Leningradyň Kalinin adyndaky politehniki institutyny tamamlap gelen Saparmyrat Nyýazow welin önümçilige işe gelen gününden başlap, elektrik bekediniň sazlaşykly işlemegine, meýilnamalaryň, borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine önjeýli goşant goşup ugrady. Elektrik beketde dört-bäş aýyň içinde ýaş hünärmen eýýäm hormatlanýan adamlaryň birine öwrüldi. Işde, durmuşda, ýygnaklarda ýolbaşçylar babatda-da, işgärler barada-da ýüz görüp gapyrga syrmady. Agzybirlikde işlemäge päsgel berýän zatlary ol aç-açan aýtdy, diňe bir aýtmak bilen çäklenmän, şol nogsanlyklaryň düzedilmegini gazandy. Elbetde, hakykat gerek diýilýär, ýöne hakykat ýüzüne aýdylsa, onda-da ýolbaşçy adamlaryň ýüzüne aýdylsa halanylmaýar. Ýaş inženeriň bu tutumy elektrik bekediň adamlarynyň köpüsiniň göwnünden turdy. Kemçilikleri ýüzüne basylandygy üçin içinde kine saklaýan adamlar bilen-de Saparmyrat Ataýewiç düşünişmäge çalyşdy. Saparmyrat Nyýazowyň asylly sypatlary, başarjaňlygy, guramaçyllygy diňe bir Büzmeýine däl, Aşgabada-da ýaýrady. Şeýle ökde işgäriň bardygyny eşidip, ýokardan Saparmyrat Nyýazowy ýakyndan öwrenmäge girişdiler. MK-nyň ýolbaşçylary waspy ýetirilýän inženeri ýakyndan synlamak, tanyşmak islediler. Nädip? Ýaş inženeri öz ýanlaryna çagyrmagy özlerine kiçilik bilen şol döwrüň ýolbaşçylary şeýle tilsim ulandylar: Aşgabat şäheriniň gazlaşdyrylandygy mynasybetli uly dabara geçirmeli we şol dabarada elektrik bekediň partiýa guramasynyň ýaş sekretaryna söz bermeli. Şeýle-de edildi: Büzmeýin şäher partiýa komitetine elektrik bekediň partiýa guramasynyň sekretary ýoldaş Saparmyrat Nyýazowa Aşgabadyň gazlaşdyrylandygy mynasybetli geçiriljek dabarada söz beriljekdigini aýtdylar. Bu habar dessine Saparmyrat Nyýazowa ýetirildi.
Dabara ýene bir sagatdan başlanýardy. Çykyşa taýýarlyk görmäge hiç hili wagt ýokdy. Elbetde, S.Nyýazowy şeýle çykgynsyz ýagdaýa bilgeşleýin salýardylar, MK-dakylar üçin onuň hiç bir taýýarlyksyz aýtjak sözleri, çykyşy gerekdi.
Aşgabatda etmeli çykyşy esasy synagdy.
Dabarada Saparmyrat Nyýazowyň äwmän-telesmän çykyş etmegi, özem ähli çykyş edenlerden täsirli we mazmunly, sowatly çykyş etmegi köpleri haýrana goýdy. Partiýa ýolbaşçylary gözleriniň gyýtagy bilen Saparmyrat Nyýazowy içgin synladylar, rus dilindäki çykyşyny diňlediler. Ýaş inženeriň kaddy-kamatyndanam, rus dilindäki çykyşyndanam, hernäçe isleselerem, jinnek ýaly kemçilik tapyp bilmediler. Saparmyrat Nyýazow bu zatlara üns berip durmady, ol öz etmeli işleri bilen meşguldy.
Ýaş hünärmen işe başlan ilkinji gününden elektrik bekede mahsus bolan bir aýratynlygy bada-bat duýdy. Bu ýerde eýeçilik ýok. Hiç kim elektrik bekedinde özüni eýe hökmünde duýmaýar. Ynha, bekediň ýolbaşçylary-da adaty edilmeli işleri ýerine ýetirýär: ir bilen işe gelýär, giçligem gidýär, ol haçan işden aýryljagyna garaşyp ýörene meňzeýär. Ol kimdir biriniň tabşyrygy bilen kärhana işe gelip, özüni tertipli, agras, salyhatly görkezmäge çalyşýana meňzeýär. Ol ýygnak geçirýär. Ýygnakda täze, peýdaly ýeke pikir hem aýdylmaýar. Iliň gözi üçin, syýasat üçin ýalan sözlenilýär: «Partiýanyň gurultaýlarynyň, plenumlarynyň kararlaryna ruhlanyp işläliň!» diýilýär. Bu çagyryşy her kim diýýär. Bu çagyryş we şuňa meňzeşräk çagyryşlar elektrik bekediniň howlusynda-da, bekete gelýän ýolda-da kän. Ýöne bu çagyryşlara duwlanmalydygyna adamlar öwrenişip gidipdir. Bu çagyryşy aýtsalar-da, adamlar özlerinde jogapkärçilik duýmaýarlar. Elektrik bekediniň haýsy ýerini alsaň, weýrançylyk, harsallyk, geldi-geçerlik duýulýardy. Edilýän işler menden saňa barýançady. Göýä işleýän stanogynda adamlar ertir işlemejek ýalydylar. Haýsydyr bir işläp duran dwigatel ýa-da motor döwülse, bir emel bilen bejerildi edilýärdi. Gaty köp döwülen abzallar sim bilen saralyp saklanylýardy. Düýpli bejermek hakda alada edýän ýokdy. Ýönekeýje bir mysal: kärhananyň içine bolan gatnaşyk kärhananyň daş-töweregine bolan gatnaşyk bilen deňdi.
Göräýmäge, ýowar edilip, her ýyl kärhananyň daş-töweregine ýaş nahallar ekilýärdi, ýöne idi-yssuwat edilmeýänligi sebäpli ol ekilen ýaş nahallar tomus suwsuzlykdan gurap gidýärdi, şeýle bolansoň indiki ýyl ýene ýaş nahallar ekilýärdi.
Ýaş ussa kärhanadaky geldi-geçerligi, biagyrlygy, geleňsizligi nädip ýeňip geçip boljakdygy hakda köp oýlandy. Kärhanada işleýän adamlaryň aňynda nädip özgerdiş döredip bolar? Nädip geldi-geçerligi, biagyrlygy aýyrmaly? Bu gidiş bilen kärhana uzak işläp bilmez. Hökman heläkçilik bolar. Bu meselede köpüň tagallasy gerek.
Saparmyrat Nyýazow ýygnaklarda çykyş edip, işe bolan gatnaşygy özgertmek: işe döredijilikli çemeleşmek, kärhanany öz kärhanaň, öz baýlygyň, öz zadyň hökmünde görüp, her bir edýän işiňi ýürekden etmek, kärhananyň daş-töweregini, kärhananyň durkuny özgertmek, düýpli bejeriş işini geçmek hakda janygyp-janygyp gürledi. Bu özgerişligi etmek üçin ähli inžener-tehniki işgärleriň bitewülikdäki goldawynyň zerurdygyny nygtady. Ilkinji ädim hökmünde elektrik bekediň kärdeşler arkalaşygynyň ýanynda jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda maslahat beriji merkezi döretmegi teklip etdi. S.Nyýazowyň teklibi esasynda maslahat beriji merkez açyldy. Bu merkeze gönüden-göni ýaş hünärmen S.Nyýazowyň özi ýolbaşçylyk etdi. Bu merkezde her bir ussanyň, her bir işgäriň öz ýerine ýetirýän işine diňe bir kämilleşmegi däl, eýsem her bir işgäriň kärhananyň at-abraýy üçin çalyşmagy, ýaş hünärmenler bilen goldaşmak, kömek bermek, işe döredijilikli çemeleşmek esasy meselä öwrüldi.
Elektrik beketde adam hakdaky aladanyň esasy alada öwrülmegine ýaş inžener S.Nyýazow aýratyn ähmiýet berdi. Adamlaryň aladasyz, ünjüsiz işlemekleri, ruhlarynyň belent bolmagy üçin köp aladalandy. Adamlaryň iş şertlerini, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak kem-kemden ýola goýuldy. Ýaş çatynjalary, şeýle hem ýaşaýyş jaýsyz kösenýänleri ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, şu maksat bilen şäherde ýörite ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy üçin şäheriň gurluşyk meýilnamasyna goşmaçalar girizilmegini gazanmak ýeňil düşmedik hem bolsa, gazanyldy.
Ýolbaşçy işgärler onuň janykmasyna, gije-gündiz iş diýip ylgamagyna geň galýardylar. Olar geň galmasyny ýaş hünärmenden ýaşyrjak hem bolup duranokdylar: «Saparmyrat, näme, bu dünýä iki gezek gelerin öýdýäňmi? Goýsana, beýdip janyňy ýakyp ylgama. Diňe bir janyňy gynap, ylganyň galar»; «Saparmyrat, men-ä saňa haýran galýaryn. Hernäçe ylgasaň hem saňa sagbolsun aýtjak, eden işiň gadyryny biljek adam ýokdur. Aýlygyň ýöräp dur dälmi, bolany şo» diýýänler kändi. Ol bu sözlerden kärhanada, umuman, ýurtda hökmürowanlyk edýän pikirler hakda oýlanýardy. Özüne aýdylýan pikirler, özüne berilýän öwütler bir ýa iki adamyň pikiri däldi. Bu öz döwrüniň, ýaşaýan jemgyýetiniň pikiridi. Bu pikirler ýerlerde ornaşan işe, jemgyýete, döwlete, adamlara bolan garaýyşlardy.
1968-nji ýylyň baharynda Aşgabat, Büzmeýin şäherleriniň üstüne apat – harasat indi. Gara çäge töweregi gijelige öwürdi. Ýaş inžener bu harasady adamlaryň ruhy durnuklylygynyň mizana salnyşy hökmünde kabul etdi. Bu harasady Allatagalanyň jemgyýeti synaga salşy hasaplady.
Jemgyýet ýaýallaşypdy, äwmezekleşipdi. Ýaýallaşan, äwmezekleşip ugran kärhananyň adamlarynda nädip ruhy galkynyş döredip bolar? Ýaş inženeriň kalby gelejege bolan hyjuwdan, umytdan doludy. Ol beketde harasadyň ýetiren zyýanlarynyň öňüni almak, ýetirilen zyýanlary aradan aýyrmak, düzetmek barada gyssagly çäre görülmeginiň ugruna çykdy. Adamlaryň kärhana eýeçilik gözi bilen garamaklaryny gazanmak üçin çalyşdy. Kärhananyň ähli ýerini syryp-süpürmek işine girişilmegini gazandy. Ýaş inžener ol günler ýadamady, ýaltanmady. Harasadyň ýetiren zyýanlaryny düzetmek üçin ýeňini çermäp işe girişdi. Onuň yhlasly zähmet çekişini görenler hem işe girişdiler.
Ýaş inžener Saparmyrat Nyýazow elektrik bekediniň daş-töweregini, Büzmeýin şäherini bagy-bossanlyga öwürmek baradaky pikir bilen çykyş etdi. Ol bu pikiri diňe bir aýtmak bilen çäklenmedi, ol bu pikiriniň durmuşa geçirilmegi üçin göreşdi. Meýilnamalaryň we borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini baş maksat edinip, işe döredijilikli çemeleşmekden gaça durýan ýolbaşçylar bilen düşünişmek aňsat däldi, ýöne ýaş ussa düşünişmegiň, öz pikiriniň unanylmagynyň ebeteýini tapýardy.
Ýaş ussa gysga döwrüň içinde elektrik beketde birnäçe özgerdişlikleri geçirmegi başardy. Adamlar kalby hyjuwdan doly ýaş inženere uly umyt bildirdiler. Her bir meselede onuň bilen maslahatlaşylyp başlandy.
1968-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-sinde elektrik bekediň hasabat-saýlaw partiýa ýygnagy bolup geçipdi, şol ýygnakda ýaş kommunist S.Nyýazow elektrik bekediň partiýa guramasynyň sekretarlygyna biragyzdan saýlanypdy. Bu ynam ýaş inženeriň işeňňirligini has hem artdyrdy, ol özüne bildirilen ynamdan peýdalanyp, elektrik beketde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini, şertlerini gowulandyrmaga aýratyn üns berdi.
Ol esasy işiniň daşyndan Büzmeýin şäheriniň agşamky mekdebinde fizika we matematika sapaklaryndan okuwçylara sapak bermäge-de ýetişýärdi. Bu agşamky mekdebiň galaba okuwçysy elektrik bekediň işçileridi. Elektrik bekediň işçileriniň sowatlylygyny, bilimliligini, ylymly-lygyny artdyrmak ýaş inženeriň baş aladalarynyň biridi.
Ýaş inžener elektrik beketde işlän 3,5 ýylynyň içinde tebigat hadysalary bilen yzygiderli göreşmeli boldy. 1968-nji ýylda elektrik bekediň üstüne çäge harasaty ýagan bolsa, şol ýylyň soňy, 1969-njy ýylyň başy türkmen ilinde gaty aýazly sowuk boldy. Hünärmenler beýle sowugyň gaty köp wagt bolmandygyny belläpdiler.
1969-njy ýylyň fewral aýynyň 5-ne howa has-da gazabyna tutdy: sowuk 25 derejä ýetdi. Netijede, şol gün elektrik beketde aýylganç hadysa boldy: bu hadysa sebäpli Türkmenistanyň köp-köp ýerleri, Aşgabat şäheri elektrik togundan kesildi. Zawodlar, fabrikler elektrik togunyň kesilendigi sebäpli işlerini togtatmaga mejbur boldular.
Bu bolan hadysanyň haýdan-haý öňüni almalydy. Ülkäni toksuz goýup boljak däldi. Sandan çykan zatlary täzelemelidi, käbir zatlary bejermelidi.
Türkmenistanyň tebigatyna o diýen mahsus bolmadyk sowuk howa elektrik bekediň ýylylyk geçiriji we nagym ulgamyny doňduryp taşlapdy.
Elektrik beketde bolan hadysanyň, heläkçiligiň gyssagly öňüni almak barada ýörite topar döredildi. Bu topara elektrik bekediň partiýa guramasynyň sekretary Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow ýolbaşçy bellendi. Ol topara başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edip, sähel wagtyň dowamynda, has takygy, 4 sagat 45 minutyň dowamynda elektrik bekediň ýene işläp başlamagyny gazandy.
Bu görkezilen netije, bitirilen iş hakyky gahrymançylykdy. Ähli kişi bir adam ýaly bolup, janaýamazlykly zähmet çekdi. S.Nyýazow bir minut hem işsiz durmady. Ol hem işleýärdi, hem-de elektrik beketdäki hadysanyň düzedilmegine ýolbaşçylyk edýärdi.
Şol döwürde elektrik beketde işlän adamlar biziň Beýik Serdaryň şol gazaply iş güni nähili gaýduwsyzlyk bilen zähmet çekendigi hakda buýsanç bilen gürrüň berýär. TKP MK-dan gelen ýörite wekil: «Bu näme üçin beýle boldy? Bu hadysanyň öňüni almak üçin indi bizden näme gerek? Maňa düşündiriş beriň!» diýip talap edende, toparyň ýolbaşçysy S.Nyýazow: «Ýoldaş wekil, siziň bize edip biljek ýeke-täk kömegiňiz birazajyk azar bermezligiňiz. Bize häzir hiç hili kömek gerek däl, gerekli zatlaryň barysy elektrik bekedimizde bar. Elektrik bekedimizi işledeli, ana, ondan soň näme sorasaňyz, men jogap bermäge taýýar» diýip jogap berendigini beketde işleýän adamlar gürrüň berýärler.
Bekedi işe girizmek üçin iň esasy edilmeli işleriň wajyby elektrik bekede gelýän, uzynlygy üç kilometre barabar bolan merkeziň suw üpjünçiligi ulgamyny işe girizmelidi, ýöne bu suw geçirijisi 25 derejeli sowukda doňupdy. Buzy döwüp, suwy akar ýaly etmek üçin merkeziň esasy güýji şu üç kilometrlik suw geçirijisiniň ugruna gönükdirildi. Lomdur kerkiler bilen buzy döwüp suwuň akmagy gazanyldy. 360 adam suw geçirijisiniň işe girizilmegi üçin işledilen bolsa, 100-den gowrak adam bug gazanlaryny buzdan boşatmak bilen meşgullandy.
Elektrik merkezdäki bu hadysa adamlary has hem ysnyşdyrdy. S.Nyýazowyň başarjaňlygyna, işjanlylygyna göz ýetirdiler, adamlaryň oňa bolan hormat-sylagy has artdy. Her bir çykgynsyz ýagdaýda adamlar S.Nyýazowyň ýanyna delalat isläp geldiler. S.Nyýazow özüne ýüz tutan her bir adamyň möhümini bitirmek üçin çalyşdy.
1969-njy ýylyň aprel aýynyň 14-ne Saparmyrat Nyýazowy gözegçilik-ölçeg gurallary we awtomatika sehine uly ussa edip bellediler.
Büzmeýinde işlän ýyllarynda Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylyk sypatlary kemala geldi. Ol köpçüligiň, haýsydyr bir zähmet toparynyň ýolbaşçysy hökmünde iki sany ýörelgäni goldanmagy özüne endik edindi.
Birinjiden, ýolbaşçy edarada zähmet çekýän her bir adama doly belet bolmaly. Adamlaryň iş başarnygy, öz işine gatnaşygy, olaryň gylyk-häsiýetleri, güýçli hem gowşak taraplary, edaradaky ahlak gatnaşygy – bularyň hiç biri-de ýolbaşçynyň gözünden sypmaly däl. Ol edarada bolup geçýän iň ownujak hereketlerdenem, iň kiçijik üýtgeşmelerdenem habarly bolmaly. Ondan-da beter ol ýaňy uç beren meýilleri-de bilmeli. Sebäbi bu oňa edarada işleýän adamlaryň anyk ýagdaýyny bilmäge, onuň ýaşaýyş sagdynlygyny kesgitlemäge mümkinçilik berer. Diňe şeýle ýagdaýda ol özüni ýolbaşçy, bu ýerdäki ýaşaýşy edara ediji adam hasaplap biler. Munuň üçin bolsa ýolbaşçynyň bar küýi-köçesi işi bolmaly. Ol diňe iş wagtynda däl, beýleki wagtlaram edara etmegiň meselelerini kellesinde aýlap gezmeli. Muňa hötde gelmek üçin, ýolbaşça bar zadyň inip-çykyşyny, hereketini derňäp, aýyl-saýyl edip oturan agyr kelle hem-de bu kellä gop berýän uly ýürek gerek.
Ikinjiden, ýolbaşçy öz ýolbaşçylyk sypatynyň hem-de işçileriniň, işgärleriniň arasynda abraý – sarpasynyň saklanmagyny, ýitirilmezligini islese, ol mydama adamlaryň üns merkezinde bolmaly. Munuň üçin ol bu ugurda üznüksiz yzygider iş alyp barmaly. Özünde bar bolan ähli mümkinçiliklerden hem-de serişdelerden peýdalanmaly. Ol diňe işde, iş wagty däl, eýsem beýleki wagtlaram öz adamlarynyň merkezinde durmalydyr. Özem şu meselede ol ýeke-täk bolmaly. Adamlaryň aňynda oňa islenilýän ýeke-täk howandar, ýürekdeş diýen ynanç saklanmaly, haçan-da şol ynam çüpräp, adamlarda öz ýolbaşçysyna däl-de, başga birine ynam-hormat dörese, peýda bolsa, onda onuň ýolbaşçylygynyň möwriti gutardygydyr. Şeýle sypatda hem şol orunda galmak üçin, ol gerek bolsa özünde aslynda bolmadyk ukyplary we endikleri terbiýelemegi başarmalydyr.
Galyberse-de, ol köpçüligiň nämäni göterjegini hem nämäni götermejegini gaty oňat bilmeli. Ýogsa onuň ýolbaşçylygy uzaga gitmez. Hakyky ýolbaşçy adamlaryň öz isleýän hem başarýan hereketlerini ýerine ýetirmäge iterýän, ýöne muny hamana öz buýrugy bilen amala aşyrylýan şekilinde amal edip bilýän ýolbaşçydyr. Hakyky ýolbaşçy köpçüligiň emri bilen, ýöne öz adyndan edara etmegi başarýan ýolbaşçydyr. Munuň hötdesinden gelmek üçin ol iş salyşýan adamlaryny olaryň özünden-de gowy tanamalydyr. Olaryň diňe aňly-düşünjeli däl, eýse aňasty ymtylmalaryna we meýillenmelerine-de belet bolmalydyr.
Büzmeýinde işlän ýyllarynda geljekki Beýik Serdar özüniň ruhy tylyna hasam golaýlaşdy. Ol bütin ömründe bolşy ýaly, öz çuňňur hususy ruhy durmuşy bilen ýaşady. Şol ýyllar ýaş taýdanam barha kämilleşmegi, durmuşyň agy-garasyna has oňat göz ýetirmek bilen baglanyşyklylykda onuň ruhy hakydasy öňküdenem çuňlaşypdy. Büzmeýin bilen Gypjagyň ýakynlygy muňa oňat daşky şertleri döredipdi. Şol ýyllar gypjaklylar onuň Ymam Kasym öwlüýäsinde ejesiniň hem doganlarynyň ruhuna aýat okap oturandygyna köp gezek şaýat bolupdylar. Zandy, ýasawy boýunça onuň hulkuna dürli öwüşginler mahsusdy. Aslynda biri-biri bilen baglanyşykly, sazlaşykly ol jähetleriň Saparmyrady oňat, içgin tanamaýan adam üçin gapma-garşylyk bolup görünmegi-de mümkindi. Näme-de bolsa, mähribanlarynyň ruhy bilen gaýybana duşuşyk pursatlary onuň kalbynyň hakyky erkinligi aňlaýan, ýazylyp-ýaýraýan pursatlarydy. Hut hakyda-da oňa geçmiş bilen baglanyşygy öňküdenem berkitmäge, durmuşyň geldi-geçer aladalaryna ulaşan köpçülikden tapawutlylykda, durmuşyň hem ýaşaýşyň bitewüligini görmäge puryja berýärdi. Bu bolsa, öz gezeginde, onuň üçin geljegi aýdyň hem görnüp duran hakykata öwürýärdi.
Özüniň şol döwürdäki ruhy ahwalatlary barada Beýik Serdar mukaddes Ruhnamasynda şeýle ýazýar: «Watan bilen hemsyrdaş bolmagymyň aňyrsynda bolsa ykballarymyzyň – meniň hem Watanymyň ykbalynyň meňzeşligi ýatýardy. Ata-eneden, doganlarymdan aýrylyp, men özümi süňňüm bilenem, ruhum bilenem ýalňyz duýýardym. Watan hem şeýle ýagdaýdady. Özüniň birwagtky mert ärlerinden, merdanalaryndan jyda düşen Watanyň hasratyny ýiti duýýardym.
Gypjak obasy bilen Aşgabat şäheriniň, Büzmeýin bilen Ymam Kasym gonamçylygynyň arasyny paýu-pyýada geçýärkäm, Watanyň ýalňyzlygyny, hossarsyzlygyny hem ruhy çolalygyny syzýardym.
Gugaryp galan depeler, çolaryp galan düzlükler, sogulyp galan çeşmeler, epilip galan derekler, külbe bolan ymaratlar, sulba bolan Watan – bu zatlaryň bary meniň daşymda däl-de, içimde – ýüregimde ezýetli ýaşaýardylar.
Watan maňa ýüzüne urlup, tükgerilip ýatan naçary ýatladýardy» (73 sah.).
Şu ajaýyp içki duýgulary Saparmyrat Nyýazowyň şol wagtky durmuş-daşky ýoly bilen deňeşdireniňde, onuň şol döwürde iki tekizlikde: daşky – maddy-durmuşy hem içki – ruhy-emosional tekizliklerde ýaşandygyny görýärsiň. Ol özüniň ruhy gurluşy boýunça birnäçe tekizlikli, jähetli, öwüşginli şahsyýetdir. Diňe şunuň ýaly çylşyrymly şahsyýet ýasawyndaky adam şeýle kynçylykly durmuşda ýaşaýşa ukyplylygyny saklap, sowet häkimiýet ulgamynda barha we barha ýokary derejelere galyp biljek eken. Onuň işleýän edarasy-da onuň üçin substansional ýat giňişlik bolupdyr. Ýöne, özüne erk edip, Saparmyrat durmuşyň hörpüne laýyklaşmany başarypdyr. Onuň hemsyrdaşlary – içinde, işdeşleri bolsa daşyndady. Ol wagtlar ýerli milletden bolan adamlary elektrik merkezi ýaly ýokary tilsimatly işe almaýardylar. Ol ýerde galapyn gaýry milletleriň wekilleri işleýärdiler. Muny türkmen ýigitleriniň «tehnika ukypsyzlygy» bahanasy bilen düşündirseler-de, hakykatda maksat türkmeni ol aýtymlara aralaşdyrmazlykdy. Saparmyrat şeýle gaýry «nazaryň» öňünde olaryň «öz adamy» bolup görünmegi başarypdyr. Ol içki duýgularyny, hakyky emosional gurluşyny, garaýyşlaryny ýüze çykarman, bildirmän işlemegi başarypdyr. Hut şonuň üçinem, «gaýry nazar» ony başga bir adam hökmünde kabul edipdi. Şeýdibem, ol şol wagtlar hiç bir türkmene ýetdirmedik böküşi etdi – elektrik merkezinde uly seh ussalygyndan göni MK-nyň diwanynyň senagat hem ulag bölümine instruktor bolup geçipdir. Geçen asyryň 70-nji hem 80-nji ýyllary aralygynda ol Merkezi Komitetde işleýär. Instruktorlykdan bölüm müdiriniň orunbasarlygyna, soňam bölüm müdirligine ýetýär. Şol ýyllaram onuň döwlet möçberinde pikirlenip başlan döwürleridir. Ol Sowet Soýuzynyň ykdysady depgin boýunça iň yza galak respublikalarynyň biri bolan Türkmenistanyň senagatyny, halk hojalygyny çuň öwrendi. Türkmenistany ösdürmegiň ýollaryny gözledi.
Publisistika