Talyplyk ýyllary
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy saglygy gowulaşandan soň, 1960-njy ýylda Leningradyň Politehniki institutyna okuwa girýär. Bu gezegem ol öňki ugurdan gitdi – institutyň fizika-matematika fakultetiniň «Elektro-fizika» bölümine girdi. Ol saýlap alan ugrundan ökde hünärmen bolmak üçin gaty yhlasly ýapyşdy. Okuwa giren badyna, Saparmyrat, esasan, üç sany wezipäni öz öňünde maksat edip goýdy. Birinjiden, elektro-fizikany gaty oňat öwrenmeli, geljekde öz ugruňdan deňsiz-taýsyz hünärmen bolup ýetişmeli. Şahsyýetiň özenini düzýän zat onuň hünäri we hünärmenligidir. Şu maksada ýetmek üçin ol institutda berilýän bilimleriň birinem duşundan sowa geçirmän, gaty yhlasly hem irginsiz okady. Onuň üçin hiç mahal esasy, hökmany hem-de ikinji derejeli sapak bolmandy. Fizikanyň, matematikanyň, beýleki takyk ylymlaryň şol wagtda ýeten derejesini doly ele aldy. Ikinjiden, Saparmyrat daşky durmuşda wajyp bolmadyk, durmuş tarapyndan höweslendirilmeýän işe baş goşdy: ol iş onuň öz içki zeruryýetinden, intellektiniň içki hajatlaryndan gelip çykýardy. Saparmyrat öz milletiniň taryhyny ilik-düwme öwrenmegi maksat edindi. Mekdep ýyllarynda bu ugurda öwrenen zatlaryny has çuňlaşdyrdy, öz taryhy garaýyşlaryny has kämilleşdirdi. Kämilleşmäge bolsa ähli mümkinçilikler hem şertler bardy. Leningrad öňki Sowet Soýuzynda Moskwa, Kazan bilen bir hatarda, Gündogary öwrenişiň esasy üç merkeziniň biridi. Leningradyň kitaphanalarynda türkmen taryhyna, medeniýetine degişli kitap, žurnal, gaýry neşirler gaty köpdi. Saparmyrat olaryň baryny ýekänme-ýekän depderine göçürdi, ýöredýän şahsy gündeligi taryhy maglumatlardan, senelerden, rowaýatlardan ýaňa galňap gitdi. Hut şolaram Mukaddes Ruhnamalaryň ilkinji suduryna esas bolup hyzmat edipdi.
Üçünjiden, Saparmyrat öz öňünde goýan ömür maksadyna ýetmek üçin durmuş bilen barlyşmagy, maksada ýetýänçäň, onuň kanunlary boýunça ýaşamagy hem hereket etmegi ýüregine düwdi. Häkimiýetiň iň ýokary başyna barmak isleseň, döwrüň syýasy boýuntyrygyna goşulmalydy. Şonsuz ýolbaşçylar ulgamyna goşulmak hakynda pikirem edip oturmaly däldi. Onsoň onuň bu niýetini amal etmek üçin ilkinji ädimi partiýa hataryna girmek boldy. Institutda ony 1962-nji ýylyň fewral aýynda Leningrad şäheriniň Wyborg raýon partiýa komitetiniň býurosy SSKP agzalygyna aldy.
Şondan köp wagt geçmänkä S.Nyýazowy institutyň fizika-mehaniki fakultetiniň ilkinji partiýa guramasynyň sekretarlygyna saýladylar. Bu ynam öz-özünden gelmändi. Onuň guramaçyllygy, zähmetsöýerligi, ilgezikligi, sowatlylygy, sypaýylygy ähli kişiniň hoşuna gelýärdi. Oňa tabşyrylan işiň müşgili ýokdy. Ol her bir işe jogapkärçilikli çemeleşýärdi. Şeýle bolansoň institutda bolýan her bir çärede S.Nyýazowa uly ynam bildirýärdiler. Ony şol ýyl fakultetiň Alymlar Geňeşiniň çözüji sesli agzalygyna hem saýladylar.
Jemgyýetçilik ýumuşlary Saparmyradyň köp wagtyny alýardy. Şeýle-de bolsa ol sapaklaryndan diňe bäşlik baha alyp okaýardy. Ylmy-döredijilik bilen meşgullanmaga-da wagt tapýardy. Ol institutda her ýyl geçirilýän «Energetika ulgamy we tebigat» atly ylmy-tehniki konferensiýalarda nutuklar bilen çykyş edýärdi. Onuň çykyşy, esasan, Türkmenistan bilen baglanyşykly bolýardy.
Leningradda okan ýyllary onuň şahsy durmuşynda hem uly üýtgeşiklikler bolup geçdi. Ol öz halaşýan gyzy, kursdaşy Muza Alekseýewna Orlowa bilen 1965-nji ýylda maşgala gurdy. Şondan soň ýaş maşgalany eklemek üçin, okuwynyň, kitaphanasynyň daşyndan eklenç çeşmesi bolsun diýip işe girdi. Leningradyň 706-njy poçta bölüminde ýonujy-kebşirleýji bolup işledi.
«Leninenergoabatlaýyş» kärhanasynda turba sehiniň ussasy, agyr senagatyň uly kärhanalarynyň birinde II derejeli galypçy bolup işledi. Şäherde ýaşamak üçin pul köp gerek bolýardy. Talyphaky ýaşamak üçin ýetmeýärdi. Şonuň üçin Saparmyrat gijelerine, okuwdan boş wagtlary işläp gazanç edýärdi. Gije-gündiz işläp özüni süteme tutmagy onuň saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsirini ýetirdi. Aýratyn hem aýagy agyrýardy. Agyry sebäpli ýöräp bilmezligi oňa agyr urgy boldy. Ol institutdan akademiki rugsat alyp, saglyk ýagdaýyny bejertmäge mejbur boldy. Maşgala endişesi bolsa ony kesel halda-da ýatmaga goýmaýardy. Ol üznüksiz çykalga gözleýärdi. Ýokary okuw mekdebi tamamlamazynyň öň ýanynda S.Nyýazowyň ilkinji perzendi Myrat dünýä indi.
Saparmyrat şol döwürde öz kakasy bilen bile gulluk eden goja professora duşýar. Bu onuň üçin ömür ýadyndan çykmajak waka bolýar. Mähriban kakasyny, esasan, ejesiniň çagalykda beren gürrüňleri boýunça tanap, onuň soňky ykbalyndan bihabar, şol sebäpli-de mahal-mahal ýürek derdi gozgaýan Saparmyrat üçin bu duşuşyk ömür açyşy bolupdyr. Şonda ol özüni juda bagtly duýupdyr, çünki ejesi pahyryňam kakasynyň soňky ykbalyny bilmän, armanly ötenini, uruşdan soňky ýyllarda adamsyny ýatlap, sessiz aglamagyň onuň üçin adata öwrülendigini ol bilýärdi. Onsoň şol duşuşykdan soň, Saparmyrada ejesiniň ruhy-da ynjalan ýaly bolup görnüpdi. Bu hakyda wysaly şeýle bolup geçýär.
«Men talyp ýyllarym kitaphana köp gatnaýardym. Diňe bir sapaklaryma degişli kitaplary okamak bilen çäklenmän, türkmen taryhyna degişli gyt kitaplary hem ürç edip okardym.
Bir gezek kitaphanada kitap okap otyrkam, ýaşlary könelişen, gözleri äýnekli bir rus adamsy maňa tiňkesini dikip bir eýläk geçdi, bir beýläk geçdi.
Men oňa üns bermedim, kimdir birine meňzedýändir diýip çakladym, ol goja ahyry ýanyma gelip, ýene tiňkesini dikdi. Men giňdirin weli, onuň bolşuny halaman:
– Atam, näme, tanajak bolýaňyzmy? – diýip, her hal sypaýyçylyk etdim.
– Tanajak bolýan, ogul, tanajak bolýan, arman, gözler çöňňelipdir.
Men gojany kemsiz synlaýaryn, tangyram bolsam, ýadyma düşenok. Emma bu kişi bilen men soň otluda içgin tanyşdym.
Goja:
– Eger men ýalňyşaýsam ýüregim çatlar, eger ýalňyşmasam, ýene ýüregim çatlar! Ýa Alla, menlik bol! – diýip, hamana tutuş ömrüne dalaş edýän töwekgelligine ýüz urýan dek, sag goluny aşak ýatyrdy: – Sen kim bolsaňam, Atamyrat Annanyýazyň ogly bolmaly!
Dogrusy, meniň depämden bir bedre gyzgyn suw guýlan ýaly boldy, ýüregim jigläp gitdi. Kakamyň adynyň tutulmagy, onda-da bütinleý ýat adam tarapyndan tutulmagy meni lerzana saldy...
Tanşyp otursam, bu professor kakam bilen bir ýerde gulluk edip, bir döwüm çöregi paýlaşyp iýip, duşmanyň okuna bile döşüni geren adam eken. Biz bu kişi bilen gahrymançylykly, pajygaly uruş barada, soňky döwür barada köp gürrüň etdik. Ol görgüli kakamyň yzyny derňäp Aşgabada iki ýola hat ýazyp, maglumat sorapdyr. Ikisinde-de «Atamyrat Annanyýazyň aýaly, çagalary ýer titremede wepat boldy» diýip, maglumat berlipdir. Ol meni diri görüp hamsykdy, aglady, begendi...
– Seniň kakaň atýüzräk ýigitdi, seniň keşbiň, hereketleriň edil Atamyradyňky-da! Uruş kiparlap dynç alynýan pursatlary aýdym-saz edilse, oglanlar kakaň daşyna üýşäýerdi ýöne. Haýsy saz guraly bolsa oýnardy, şahandazdy, tans edende dagy tansyň ussady kawkazlylaram telpek goýardy.
Saparmyrat jan, kakaň tüpeňden çykan gülledi, ýaýdan çykan okdy, gözsüzbatyr diýilýänlerdendi. Men oňa «Atamyrat, yzyňda ýaşajyk çagalaryň bar, özüňi gora» diýsem, «Men özümi gorasam, çagalarymy kim gorar?!» diýerdi. Ol şir bolup söweşerdi...
Goja kişi pajygaly bir söweşde tutuş bölümiň daşynyň gabawa alnyp, ýesir düşmäge mejbur bolandygyny jikme-jik gürrüň berdi.
– Biz ýesir düşmeli bolduk... Ony biz çözmedik, bizden ýokardaky ýolbaşçylarymyz çözdi. Geçen uruşda beýle ýagdaýlar gaty köp bolupdy. Onda esgerleriň günäsi ýokdy. Emma şonda-da seniň kakaňa ýesir düşdi diýip bolmaýar. Seniň kakaň Atamyrat ýesirligiň ilkinji pursatynda kommunist hökmünde atyldy. Kakaň kommunistlerçe, merdanalyk bilen ölüme döşüni germegi başardy. Hawa, Saparmyrat jan, Iudanyň Isany satyşy ýaly, seniň kakaňy hut obadaşlary satdylar.
Seniň kakaň gahrymandy, hakyky gahrymandy. Men onuň bir söweşdäki gahrymançylygyny beýan edip eser ýazdym, men ýazyjy däldim, ýöne ýazman bilmedim. Dostumyň söweş edermenligini dünýä ýaýasym gelip ýazdym, onuň ruhunyň öňünde jogapkärligim üçin ýazdym. «Mosfilmdäki» tanyşlarymyň birine okatdym. Kinorežissýoram, kinostudiýa-da ony gaty halady, emma olar iň soňky pursatda:
– Baş gahrymany gruzin ýigidi edip üýtgetmesek bolmaýar, türkmen diýsek, ony hiç kim tanamaýar – diýdiler.
Iwan Semýonowiç uludan demini aldy, elýaglygyny çykaryp, äýnegini süpürip, ýaňadan geýdi:
– Men olara-da düşünýän... Stalin zamanasydy. Emma men baş gahrymanyň üýtgedilmegine garşy bolup, eserimi yzyna aldym... Saparmyrat jan, oglum, kakaň hakyky gahrymandy, onuň ykbalyny, söweş ýoluny hökman öwrengin...»
Edil şunuň ýaly açyşly duşuşyk 1963-nji ýylda – Saparmyrat Aşgabada kanikula gaýdanda hem otlynyň üstünde bolup geçipdir. Şu terjimehal maglumat mukaddes Ruhnamada Beýik Serdaryň özi tarapyndan şeýle berlipdir.
«1963-nji ýyl, Watanymy küýsäp, Leningraddan Moskwanyň üsti bilen Aşgabada gaýtdym... Şonda ikinji gezek kakamy ýakyndan tanan adama gabat geldim. Şol otluda ykbal meni on sekiz ýyldan soň kakamyň söweşdeş ýoldaşy, dosty bilen duşurdy.
Bu şeýle boldy. Ol wagtlar Aşgabat-Moskwa derhal otlusy her bir şäherçäniň, obanyň gapdalynda biraz saklanýardy.
Otlyny halamaýanlar hem bardyr, ýöne wagonda yrgyn atyp, pikirler ummanyna gark bolup, görmedik ýerleriňi, ýurtlaryňy görüp tomaşa edip ýol sökmegiň aýratyn lezzeti bardy.
Otlynyň ýolbeledi Aşgabadyň etegindäki Ýalkym obasyndan Çary aga atly dogumly türkmendi. Ýolda Çary aga bilen tanyşdyk.
Adamlar hil-hil, dürli-dürli bolýar. Bir adam bolýar, göreniňden gözüň dokunyp, onuň bilen tanşasyň, gatnaşasyň gelýär, ikinji bir adam bolýar, ýanyňa gelip otursa, turup gaçasyň gelýär. Men çagalygymdan başlap bir zady takyk bildim, biziň türkmen halkymyz soranjaň halk. Çary aga-da soranjaň adam eken.
– Inim, käbir adam soraşyberseň gaty görýär: «Sen näme, sorap-idäp, sülçümiň-süýtmüň?» diýip. Türkmenimiz: «Ynsan soraşa-soraşa, haýwan ysgaşa-ysgaşa» diýendir... Biziň dagy gaty uly obamyz bolardy, balşewik döwri, raýatlyk urşy döwri obanyň ýarysy dargap gitdi. Basa-baslyk ýyllaram köp adam gaçyp gitdi, köp adam göçüp gitdi, garaz, il-gün dargady. Soraşyp-ideşip otursaň, türkmen halky tanalmaz ýaly köp halkam däl.
Asyl Çary aga diňe kakamy däl, hatda atamy hem tanaýan adam bolup çykdy.
– Saparmyrat jan, seniň ataň Annanyýaz Artygy tanamaýan adam duşsa geň görgün. Annanyýaz Artygy Gypjak, Gökje, Bagyr, Herrikgala, Ýalkym, Büzmeýin töwereklerinde tanamaýan bolmaz. Annanyýaz Artyk saçak ýazyp, ile çörek beren rysgally-döwletli adamdy. Seniň ataňy 1932-nji ýylda hususy ýeri, dükany, hakyna tutma işgärleri bar diýip, ýedi ýyl sürgün etdiler. Meniň bu zatlary takyk bilmegimiň öz sebäbi bar, meniň ejem gypjakly bolup, daýym dagy Annanyýaz aga bilen goňşudy.
– Çary aga, atamy özüňiz gördüňizmi?
Çary aga keýp edip güldi.
– Saparmyrat jan, men seniň kakaň bilen köp duz-emek boldum, ataň Annanyýaz Artygy bolsa toýda-ýasda, şäherde-obada gaty köp gördüm... Bir gezek iki bogdajyk arpany şähere alyp gitdim, oglandym. Ol mahal bazar güni şäheriň bazarynyň töwereginde eşekli eşegini, atly atyny, düýeli düýesini, arabaly arabasyny goýmaga ýer tapmazdy. Hany ol wagtlar bu zamanlaryň ulaglary barmy? Şäherde türkmen örän az ýaşaýardy.
Iki bogdajyk arpamy alyp barýan, öňümdenem bir eşeklije garyp adam barýar, pakyryň geýen geýimini oda atsaň tütejek däl, depesinden bir bedre arpa guýsaň, ýamalaryndan ýaňa ýere arpa gaçjak däl. Şäheriň bezzat oglanjyklaram ýaňky görgüliniň yzyna düşüp, eşeginiň guýrugyna taýak dürtýär, eşek jyzzynlaýar, garyp ýykylmajak bolup, yzyna garap sögünip, elem-tas bolup barýar. Ýoluň ýakasynda duran garnyýogyn gaýry milletler bolsa oňa lah-lah gülşüp durlar. Nireden geleninem görmän galypdyryn, şar gara atly, gara silkme, ter gara sakgal kişi atynyň sagrysyna gamçy bilen kakyp, gelşine ýaňky garnyýogynlary gamçylap başlady. Göläniň hamyndan edilen dürre gamçynyň öňünde durup bolýarmy, garnyýogynlar gollaryny kellesine tutup walalaýlaşyp gaçdylar. Olaryň beýleräginde bir garry hasasyna daýanyp duran eken. Ol:
– Rast urduň, türkmen, rast urduň. Çaga bezzat bolsa, günäkär ene-atasy!.. – diýdi.
Hawa, Saparmyrat jan, seniň ataň Annanyýaz Artygyň ikinji ýola arçyn saýlanyşyny hem bilýän men. Kakam pahyr Annanyýaz Artygyň arçyn saýlananyny eşidip:
– Haý, gypjaklylar oňarmandyr, oňarmandyr... Annanyýaz Artygy ozalam baýlygy üçin basmady hökümet! Hökümet Annanyýaz Artyk ýaly türkmenlerden gorkýar...
Pelek ony ýaňadan ýowuz güne sataşdyrdy, 1937-nji ýylyň awgust aýynda öňki ýöňkelen günäsi bilen Annanyýaz agany halk duşmany diýip, howpsuzlyk komitetiniň türmesinde atdylar. Ataň şeýle ýagdaýyň boljagyny öňünden bilýärdi. Ýöne garamaýak halkyň raýyny ýykyp bilmändi...
Saparmyrat jan, seniň ataň Annanyýaz Artyk şähere gireninde şäheriň garrysy-ýaşy durup syn ederdiler. Annanyýaz Artyk bolsa, şar gara atyny ýorgasyna goýberip barýandyr ýol bilen... Göreniňde gözüň dokunardy, göwnüň dolardy. Han diýseň hana, beg diýseň bege meňzeýärdi. Il ogludy, Yssalin döwri onuň ýaly göze doly adamlary, öňi bilen, ýok etdiler ahyry...
Soňra Çary aga wagony aýlanyp, haýsydyr bir duralgada duran otlyny ugradyp, ýene meniň ýanyma dolandy.
– Seniň kakaň bilen gatnaşardym, ol menden bäş-üç ýaş uludy. Men Aşgabadyň etegindäki Ýalkym obasyndan bolanym bilen, daýymlara köp giderdim gezmäge. 1932-nji ýylda ataň Annanyýaz Artygy sürgün edýärler. 53 ýaşly ataň sürgün edilensoň, özüňi kim aýajak bolup dur. Kakaň Atamyrada dostlary nirädir bir ýaňa göçmegi maslahat berýärler. Kakaň şeýlelik bilen Kerki şäherine göçüp gidip, mugallymçylyk edýär, 1935-36-njy ýyllar Gökdepäniň bir obasyna gaýdyp göçüp gelýär. 1937-nji ýylda bolsa, Aşgabatdan kiçiräjik jaý alyp, şol ýerde ýaşap, işläp başlady. Ana, şol döwürdenem men onuň bilen has ysnyşykly gatnaşyp ugradym... Şeýle, Saparmyrat jan, şeýle, kakaň şindizem meniň gözümiň öňündejik dur: nurana ýüzi mydama diýen ýaly ýylgyryp duran, şahandaz, parasatly-paýhasly ýigitdi...
– Çary aga, sen haçan soňky gezek meniň kakamy gördüň? – diýip, sözüni başlamanka sorag berdim.
– Ynha, Saparmyrat, şol aýtjak sözümiň özeni – diýip, uludan demini alyp, gürrüňe başlady: – Men seniň kakaň bilen 1941-nji ýyldan, urşuň ilkinji ýylyndan bir harby bölümde nemes basybalyjylaryna garşy bile söweşdik. Şol ýyllar mertlik bilen Watany goraýşymyz özbaşyna aýry uly bir gürrüň... Urşuň süýjüsi ýok, bäş ýyla golaý uly gan döküşikli ikinji dünýä söweşinde ýeňlen hem ýeňen wagtymyz az bolmady. 1943-nji ýylda Demirgazyk Osetiýada, Wladikawkaz şäheriniň eteginde uly agyr söweşden soň biziň goşun bölümimiz duşmana ýesir düşdi. Bizi gabap, nemes esgerleri elleri awtomatly öz aralarynda gygyryşyp maslahat edýärdiler. Ýesir düşen sowet esgerleri ýaraglaryny taşlap, üýşüp durdular. Alty adam bolup Türkmenistandan, bäş türkmen, birem rus ýigididi, topbak bolup durduk. Şol wagt oglanlaryň biri jübüsinden iň soňky bir gysym temmäkisini köne saralan gazete dolap çilim ýasady. Men çilim çekmänim üçin bir ädim ýanlarynda durdum, galan oglanlar aýlanyşyp durdular, hersi bir gezek çilimi sorup, gapdalyndaka geçirýärdi. Çilim Atamyrada ýetende, onuň sag gapdalynda rus ýigidi durdy, şol wagt türkmen oglanlarynyň biri «Atamyrat, häzir bizi öldürerler, çilimi gapdalyňdaky rusa berme, getir, ölmänkäm men soraýyn» diýip ýüzlendi.
– Ýok, dostlar, bu ýigit hem biziň bilen gan döküp, bir watany goraýar, gezegine sorsun çilimi. Ölüm barada, gorkmaň, oglanlar, Alla bardyr, iň soňky demde-de ruhdan düşmäliň. Ata-babalarymyz aýdypdyr «Almany göge zyň, ýere düşýänçä ýa pelek!»
Onýança bir nemes radio arkaly gygyryp başlady, biri rus diline terjime edip «Hatara düzüliň, hatara düzüliň» diýip düşündirdi. Şol wagt ýüzden gowrak ýesir düşenler hatara durdular. Ýene-de radio arkaly:
– Araňyzda kommunist bar bolsa, hatardan iki ädim öňe çyksyn! – diýip, dört-bäş gezek gaýtaladylar. Hatarda duranlaryň öňünde her on ädimden üç awtomatly nemes esgerleri durdy. Birden men tisginip gitdim, gapdalymdan biri: – Atamyrat, çyk! – diýip, elini uzadyp gygyrdy. Soňundanam – Çilimi kime bermelidigini indi bilersiň! – diýip, samrady. Muny gören, eşiden nemes esgerleri ylgap gelip Atamyrady, öňümizde on-on bäş ädimlikde ýatan gorpuň gyrasyna südenekledip eltdiler. Ýene-de birnäçe adamy üýşürip, şol wagt gözümiziň alnynda pulemýota tutup atdylar, ölenleri gorpa taşladylar, ýatan ýerleri ýagty bolsun! – diýip, Çary aga jübüsinden ýaglygyny çykaryp gözüni süpürip, maňa müýnürgenip seretdi. Ýok, ol ýalňyşmady, meniň gözümde ýaş ýokdy, gamgyn şekilimi görmedi, göýä men onuň aýdanlaryna ynanmaýandyr öýdüp: – Oglum, ol wagtlar nemes goşunlarynyň arasynda Gitleriň ýörite permany bardy, ýesir düşen sowet esgerleriniň arasynda kommunist bar bolsa, tutulan ýerinde atmaly, beýleki ýesirleri nemes ýesirleri bilen çalyşmaga ygtyýar berilýärdi. Menem beýlekiler bilen, ýesir çalşygyna düşüp, uruşdan soň sag-aman gaýdyp geldim – diýip, meniň ýüzüme ýene-de siňe seretdi.
– Çary aga, beren gürrüňiňe sag bol, bu zatlar pelegiň işidir – diýip, otlynyň penjiresine gözümi dikdim, onuň aňyrsynda mele çäge akyp barýan ýalydy, otly Türkmenabatdan geçip, Repetegiň çägeliginiň üsti bilen süýnüp barýardy. Meniň göz öňümde eziz kakamyň sütün ýaly merdana şekili janlanyp, päkize pikiri: «Ýok, men ölmen, meniň üç sany ýaş oglum, olaryň mähriban ejeleri, meniň Gurbansoltanym Ata Watanymda ýaşaýarlar, olar meniň dowamatym bolarlar» diýen sözleri gulagymda ýaňlanýardy».
Beýik Serdar Aşgabada gelende ony hiç kim garşylamaýar. Ol pyýadalap Gypjaga ugraýar. Onuň maksady kanikuly obada geçirmekdi, oba işine kömekleşmekdi. Gaýdanda ejesinden galan iki halyny alyp gaýtmakdy. Saparmyrat öz professor mugallymlarynyň öýlerinde bir saý-sebäp bilen bolanda türkmen halysyna gabat gelýärdi. Türkmen halysynyň nepisligine, inçeligine syn edip, her nagşyň, her gölüň öz taryhynyň bardygyna düşünýärdi. «Gelin-gyzlary şeýle inçe sungat döredýän halka çarwa diýmek gaty ýowuzlyk, adalatsyzlyk dälmidir?! Henize-şu güne çenli hem şeýle inçe sungatyň derejesine ýetip bilenoklar ahyryn. Şu gün hem dünýäniň iň görnükli adamlarynyň öýleriniň, köşkleriniň bezegi, ýaraşygy – türkmen halylary. Döredýän sungatyna haýran galyp, halkyň özüne çarwa diýip göwnüýetmezçilik etmegi näme diýip atlandyrmaly?!» diýip, Saparmyrat žanygýardy.
Ýer titremesinden soň, Gurbangeldi aga Saparmyratlaryň ýykylan öýünden birnäçe öý goş-golamlary hem alyp gaýdypdy, şol alnyp gaýdylan zatlaryň arasynda Saparmyradyň ejesiniň sünnäläp dokan iki sany halysy hem bardy. Saparmyrada şol haly hakda babasy Gurbangeldi aga bilen daýzasy Doýduk Aşgabatda okap ýörkä şeýle diýipdiler: «Öýde ejeň janyň dokan iki sany halysyny düşenmän, güýä iýdirmän saklap otyrys. Nesip bolsa, öýleneniňde birin-ä düşenersiň, ikinjinem satyp pullanarsyň, toý edersiň. Bu halylaryň her biri häzir bazarda bir müň manada durýar, hiç bolmanda 800 manad-a bererler» Saparmyrat babasyndanam, daýzasyndanam bu sözleri üçin minnetdar bolupdy. 1964-nji ýylda Leningraddan Aşgabada kanikula gaýdanda ejesinden galan şol iki halynyň birini bazarda satmagy göz öňünde tutupdy. Ol özüne egin-eşik alynmakçydy.
Beýik Serdaryň: «Hoş sözleri aýdyň birek-birege» atly şygrynyň döremesi ýöne ýerden däl. Ol ömründe juda kän gezekler hoş sözlere mätäçlik çekipdi. Gazanýan üstünliklerine kim hem bolsa biriniň guwanmagyny, özüne mynasyp baha berip, hoş söz aýtmagyny jany-teni bilen isläpdi. Ýöne hoş söz aýtmagy karz pul bermekdenem kyn görýärdiler. Şol gezek oba baranda-da şeýle bolupdy. «Leningradda okap ýörmüň? Tüweleme» diýen söz oňa ganat boljakdy. Ýöne ol özüniň Leningradda okaýandygyny, häzirem kanikula gelendigini aýdanda oňa hoşamaý söz beren bolmaýar. Saparmyrada obada ýüz berilmeýär. Ol obadan gaýtmaga mejbur bolýar.
– Ejemiň iki sany halysy bolmaly...
– Ýetimiňem halysy bolarmy, heý-de?! Edýän gürrüňiň Aýdan düşeniňki ýaly-la seniň?
– Hiç bolmanda birini beräýiň.Ejem jandan ýadygärlik galsyn maňa.
– Gyýw, eşidýärsiňizmi, bu ýetimiň aýdýan sözüni. Haly gerekmiş muňa.
– Özüňiz aýdypdyňyz ahyryn: birini toý edeňde düşenersiň, ikinjisinem bazarda satyp egin-eşik alarsyň, geregiňe ýaradarsyň diýip.
– Bize töhmet atma. Ine, iýdirip-içirip saklanyň sagbolsuny. «Ýetim owlak saklasaň, agzyň-burnuň ýag bolar, ýetim oglan saklasaň, agzyň-burnuň gan bolar» diýleni çyp-çyn bolup çykdy. Biz-ä mundan sagbolsuna, pula garaşypdyk. Bu bolsa eden ýagşylyklarymyz üçin pul getirmekden geçen dulumyzdaky soňkuja halymyzy syryp-süpürip äkitjek bolýar.
– Maňa duluňyzdaky haly gerek däl. Maňa ejem jandan galan haly gerek. Ejem «Her oglum üçin haly dokap goýjak» diýipdi, ikisini dokapdy... – diýip, Saparmyrat öýkeli seslendi.
Saparmyrada gaty nagt jogap berdiler:
– Ol-a haly eken, saňa belanyň sapy hem ýok.
Ine, iň soňky söz. Bu sözden soň Saparmyrat köwşüni geýmek bilen boldy.
Onuň Aşgabada gelip düşenine entek üç sagadam geçenok.
Ol Aşgabatda üç aýyny geçirmek, dynç almak üçin gelipdi ahyryn.
Üç minut hem oňly bolman Saparmyrat üç aýlap bolmak islän öýünden çykyp, Aşagabat sary ugrady.
Göräýmäge, dünýä gapyşan ýalydy, hiç hili çykalga ýok ýalydy. Ýöne Saparmyratda berk bir ynanç döräpdi: agyr pursatda Allatagala hökman kömege ýetişer. Onuň üçin aljyrap, özüňi ýitirip oturmaly däl.
Elbetde, Saparmyradyň durmuşynda hiç bir zat gülala-güllük bolmaýardy. Her bir üstünlige, ýeňşe kynçylyk, gara zähmet bilen ýetilýärdi. Muňa Saparmyrat kaýyldy. Goý, kynlyk, zähmet bilen bolsun, esasy zat işiň bitmesi. Ol işden, kynçylykdan gaçýan däldi.
Saparmyrat pyýada ýöräp Aşgabada geldi. Aşgabatda ol köne tanyşlarynyň birine gabat geldi. Ol Çülüde pioner lagerinde pionerwožatyý bolup işleýär eken, Saparmyradyň kanikula gelenini eşidip, şeýle diýdi:
– Meniň işleýän ýerimde pionerwožatyý bolup işleýänler kileň institutlarda okap ýören talyplar. Eger başga bir möhüm işiň bolmasa, ýör, meniň bilen git. Biziň «Nebitçi» pioner lagerimiz erbet däl.
Olar göni Çülä ugraýarlar. Saparmyrat Çülüde pionerwožatyý bolup iki ýarym aý işleýär...
Indi bolsa, daşyndan berlen häsiýetnamadyr maglumatlary gysgaça ýatlap geçeliň. Saparmyrat bilen Leningradda bile okan türkmen oglanlarynyň aýtmagyna görä, ol bolgusyz gep-gürrüňe, boş zatlara goşulman, esasy wagtyny hem güýjüni okamaga beripdir. Ony, köplenç, kitaphanadan tapýan ekenler. Ildeşleri, türkmen oglanlary onuň üçin iň arzyly ýoldaşlar bolupdyr. Çünki türkmen, Türkmenistan bilen baglanyşykly her bir zat onuň üçin iň eziz gymmatlyk eken. «Saparmyrat üçin «türkmen» sözüniň jadyly kulty bardy» diýip, şol oglanlaryň biri ýatlaýar. Kanikula gidip gelen oglanlardan, Leningrada iş bilen baran türkmenlerden Saparmyrat mähriban Watanyna degişli täzelikleri, üýtgeşiklikleri ilik-düwme sorar eken. Setanda-seýranda bolýan gezelençler – şäheriň daşyna gurnalýan dynç almalar mahalynda-da, beýleki oglanlaryň bar gürrüňi gyzlar, gün-güzeran meseleleri bolsa, Saparmyrat hemişe millet, türkmeniň geljegi hakda joşgunly göwün ýüwürder eken. Ol şol ýerde töweregindäkilere türkmen geçmişi barada okan zatlaryny hezil edip gürrüň beripdir. Olar hakda ýazan taryhçylaryň bulaşdyran, ýoýan ýerlerini, säwliklerini ezberlik bilen tankyt edýän eken. Emma oglanlaryň küýi-köçesi başga zatda bolansoň, Saparmyrat bilen goşulyşybiljekleri bolmandyr. Ýöne onuň gyzykly gürrüňlerini, täsin pikirlerini, öz gulaklaryna bolmajak zat ýaly eşidilýän türkmen geljegi baradaky hyýallaryny hezil edip diňleýän ekenler.
Beýik Serdarymyz instituty tamamlanda oňa bu institutda mugallym bolup işe galmagy teklip etdiler, ylmy iş bilen meşgullansa, onuň ylym üçin köp peýdaly açyşlary edip biljekdigini aýtdylar. S.Nyýazowyň ümzügi Türkmenistana – Ata Watana sarydy. Ýöne ol bu dünýä meşhur institut, häzirki döwürde bolsa uniwersitet bilen aragatnaşygyny ýitirmedi. Bu ýokary mekdebiň hormatly doktory boldy. Uniwersitetiň mugallymlary, ýolbaşçylary bilen duşuşanda Beýik Serdar şeýle diýdi: «Meniň şahsyýet hökmünde kemala gelen döwrüm Leningrad bilen baglanyşyklydyr. Bu ýerde meniň özbaşdak durmuşym başlandy. Çünki bu ýere çagalar öýünden soňra gelenimde men entek ýaş ýigdekçedim we meni özboluşly ýagdaý gurşap aldy, bu ýerde hoşniýetlilik we talabedijilik sazlaşykly utgaşýardy... Bu ýokary okuw mekdebinde okamak her näçe kyn hem bolsa, siziň bilen pikir alyşmagy, söhbetdeş bolmagy uly bagt saýýandygymy tüýs ýürekden aýdasym gelýär. Mendeleýew, Kurçatow, dünýä ylmynyň beýleki görnükli wekilleri tarapyndan döredilen Leningrad ruhuna dahyllydygyňy duýmagyň özi ýaşamaga, göwün ýüwürtmäge we kämillige ymtylmaga höwesiňi has-da güýçlendirýär... Men okadylýan zatlary diňe aň-paýhas bilen däl-de, kalbym we ýüregim bilen kabul edip, durmuşy öwrenýärdim». Bu sözler Beýik Serdaryň kyrk ýyldan soň talyplyk ýyllaryny pähim-paýhasyndan geçirip beren bahasydy, gelen netijesidi.
Beýik Serdar 2003-nji ýylyň maý aýynyň 31-inde resmi sapar bilen Sankt-Peterburgda bolanynda talyplyk ýyllarynyň geçen uniwersitetine bardy we uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Uniwersitete 100 müň amerikan dollaryny kömek berdi.
Uniwersitetde Beýik Serdaryň mertebesini belentden tutýarlar. Bu ýerde «Saparmyrat Türkmenbaşy otagy» bar. Otagda Beýik Serdar bilen baglanyşykly fotoalbomlar bar, şeýle hem bu otagda Beýik Serdar uniwersitet barada hoşallyk ýazgysyny galdyrypdyr.
Deňiz damjalardan ybarat. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň kalbynda orun alan taglymat ummany hem her bir günüň täsirlerinden, okalan kitaplardan damja-damja bolup damyp ummana – taglymata öwrülipdi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy talyplyk ýyllary professorlaryň hem mugallymlaryň auditoriýada okaýan leksiýalary bilen kanagatlanmaýardy. Ol institutda asla ýatlanylmaýan, göz öňünde tutulmaýan meseleler bilen gyzyklanmany özüne endik edinipdi. Ony, hususanam, türkmeniň taryhy hem-de syýasy we medeni däpleri özüne çekýärdi. Onsoň ol Bartoldyň, Gumilewyň kitaplarynyň başynda çirim etmän, ençeme gijeleri geçiripdi. Şahyrana söze, türkmen şygryna maýyllygy bolsa ony Azadynyň, Magtymgulynyň, türkmen halk söz sungatynyň eserlerine getiripdi. Ine, şol döwürde hem onda türkmen taryhyna we milli medeniýete aýratyn, içki ruhy gatnaşyk we garaýyş kemala gelipdi. Biz indi-indiler şol gyzykly hem ajaýyp ruhy ösüşi yzarlap, aşakdaky netijelere gelip bileris: täze şahsyýet – täze jemgyýeti öz aňynda deslapdan taslap bilýän, täze jemgyýetiň esasy aýratynlyklaryna laýyk şahsy sypatlary kemala getirip bilýän şahsyýetdir. Şeýle şahsyýet adaty adamlardan tapawutlylykda könäniň geljeksiz mazmunyny ret edýär we täze geljegiň esasy sypatlaryny we baş meýillerini öz ruhunda saklaýar.
Bartoldyň işlerinde beýan edilen milli türkmen taryhy pelsepeleri, türkmen ruhy medeniýetiniň fenomenleri, Gumilewdäki türkmen etnopsihologiýasy we etno-syýasy täsinlikler Saparmyradyň aňyna üýtgeşik täsir edipdi. Oňa hemişe mahsus bolşy ýaly, ol bu pikirleri umumylaşdyryp, bulary geljegi amal etmekde nähili peýdalanyp bolar diýen sowaly öz öňünde goýupdy. Oňa Alla tarapyn halkynyň geçmişinde onuň geljegini görüp bilmek, halkynyň geçmişi esasynda onuň geljegini gurup bilmek ukyby berlipdi.
Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýetinde gudratlylyk hem kanunalaýyklyk hadysalary utgaşyp gidýärdi. Hut şu-da onuň şahsyýetiniň üýtgeşik täsirliligini, mähremligini hem göze yssylygyny döredýärdi. Beýik Serdaryň edeni ugruna bolup barýardy, ýok, hatda, etmedigem ugrunady. Onsoň muny Allanyň ýalkawy, Allanyň goldawy bilen gudrat diýip düşündiräýmese, muňa başga düşündiriş ýokdy. Allanyň nazary düşeni, Allanyň sylany... Beýle jümleleri adamlar döwi özleriniňkiden gaty ýokary gelen, şahsyýeti hem işi öz müçesinden gala gelen Saparmyrat Ataýewiç babatda aýtmaga mejbur bolupdylar. Özleriniň öli dünýägaraýşyna laýyklykda Hudaýa, gudrata ynanmaýan hem bolsalar, şeýle diýmäge mejbur bolupdylar. Munuň özi öz möwritiň ötüp barýandygyny, täze dörän şahsyýetiň öňünde ejizdigiňi boýun almakdy.
Şol mahallardaky jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň we Beýik Serdaryň şahsy ruhy ösüşiniň gidişiniň mantygyny yzarlap, biz hem bu ýerde gudratlylyk fenomeniniň bolandygyny tekrarlamaly-dyrys. Gaty öňden gelýän türkmen jemgyýetçilik pikiriniň hem degişli meselelerde gudratlylyga orun goýýandygyny-da munuň üstüne goşmalydyrys.
Biz bu ýerde türkmen ruhy taryhynda hemmä belli iki sany çeşmä ýüzlenip bileris. Bularyň birinjisi «Görogly» eseridir. Görogly bu ajaýyp eposyň başdan aýagyna çenli gudratly şahsyýet hökmünde suratlandyrylýar. Onuň dünýä gelşi-de gudratdyr. Ýöne bu gudratyň täsin özboluşlylygy bar. Ol asmandan inenok-da, ýerden, ýöne-möne ýerdenem däl-de, görden çykýar. Munda halkyň çeper aňynyň degişli döwrüň jemgyýetçilik-syýasy pajygalaryna özboluşly gatnaşygy aýdyň bolýar. Göroglyny ömürboýy Aly goldaýar. Aly onuň piri, öwlüýä, weli. Iň kyn pursatlarda-da, – ýönekeý hem adaty adamyň gutulyp bilmejek pursatlarynda Görogly Alynyň kömegi bilen kyn ýagdaýdan sag-aman baş alyp çykýar. Hydyr ata bolsa Görogla «nepes oglum» diýýär.
Şu ýerde gadymy akyldarlaryň melekler, weliler baradaky pikirini ýatlamak gaty ýerlikli bolardy. Şol pikire görä, melekler we weliler – älemiň göze görünmeýän köptaraplaýyn hökmürowan kanunalaýyklyklarynyň şahsyýetleşdirilmegidir. Diýmek, bularyň bary ruhy-serhaly täsinliklerdir. Adam ilkinji nobatda ruhy bilen güýçlüdir. Şahsyýetiň ruhy güýji bolsa türkmençe «tüýsi, döwi, jyny» ýaly aňlatmalar bilen berilýär. Ejiziň güýçlüden döwi, jyny pes gelýär. Çünki güýçliniň arkasynda dünýäniň uniwersal kanunalaýyklyklarynyň hökmürowanlygy bar. Günbatarda bu fenomeni Nisşe, Şopengauýer ýaly akyldarlar «erk», «ýaşaýyş erki» diýip atlandyrypdyrlar. Nähili atlandyrsaňam, gep bu hadysanyň hakykatlygyndadyr.
Beýik hytaý akyldary Konfusiden şägirtleriniň biri «Eý, mugallym, ölüm nämedir?» diýip sorapdyr. Muňa akyldar: «Ölümi biler ýaly, biz ýaşaýşyň nämedigini bir bilýärismi?» diýip jogap beripdir. Taryhy şahsyýetiň kemala gelşi hem çylşyrymly ýaşaýyş fenomenleriniň biridir. Millionlarça adamlara erk edip bilýän döwletleri syndyrýan we döwlet döredýän, dünýäniň keşbini özgerdýän şahsyýetlere düşünmek we olary düşündirmek çetin iş. Onda-da olaryň öz ýaşan döwründe düşündirmek juda kyn. Şonuň üçinem döwürdeşlere göze basylyp duran hakykaty gudrat hökmünde tekrarlamadan başga alaç galmaýar.
Ylym ýönekeý adamyň nämedigini bilenok, beýik şahsyýetleri düşündirmeg-ä juda-da hyllalladyr. Ýöne bu beýik Adamyň öňündäki borjumyz, onuň türkmeni Türkmen etmekde alyp baran işlerini dogruçyl hem çuňňurlygynda görkezmäge iterýär.
Saparmyrat Ataýewiçiň 80-nji ýyllardaky alyp baran işleri, onuň şahsyýetiniň ösüş, açylyş, kuwwatlanyş dowamaty bilen gyzyklananyňda, bir zat aýratyn oraşan görünýär. Ýöne bu zady türkmeniň ruhy-taryhy ösüşiniň jähetinden bakanyňda, saýgaryp bolýar. XX asyryň ruhy taryhy ösüşi barada bolsa şeýle diýmelidiris: bu döwür taryhdaky milli ruhy dowamatyň üzülen, kesilen döwrüdi. Edebiýaty al, sungaty al, ylmy al – tapawudy ýok, jemgyýetiň syýasy tarapy hakynda-ha aýdybam oturmalyň, – XX asyryň öňki asyrlaryň milli ruhy bilen düýpgöter tapawutlanýandygy göze ilýär. XX asyryň ruhy göýä türkmen ruhy däl ýaly. Bu nesil öňki taryhy nesilleriň öňünde juda keseki, juda bigäne görünýär. Imperiýa şeýle bolmagy üçin elinden gelenini edipdir. Gorkut atanyň, Oguz hanyň, Seljuk türkmenleriniň ruhy däl, hatda Magtymguludyr Azadynyň öňünde-de XX asyr özüni bigäne duýýar. Olaryň eserleriniň okalýandygyna garamazdan şeýle. Sowet aňyýeti olaryň ruhunyň dar kapasdan çykmazlygy, olaryň diňe adynyň belli bolmagy, mundan aňryk geçmezligi üçin yhlas edipdi. Şeýle halatda birgiden nesliň ata-babasyny tanamazlygy, olaryň öňünde bigäne görünmegi geň däldi. Bu nesli bir söz bilen häsiýetlendirmeli bolsa, ol nesil, elbetde, bigäne nesildi.
Ine, şu taryhy görnüşde-de Beýik Serdaryň şahsyýeti, gabarasy mese-mälim saýlanyp dur! Ol özünde öten nesilleriň taryhy tejribesini, taryhy aňyny, hatda taryhy duýgularyny-da jemlänligi bilen bizi haýran galdyrýar.
Emma beýle haýran galdyrma türkmen öňde-soňda ýalkanjak halk bolsa, onuň içinden şeýle şahsyýetiň çykaýmalydygyny-da unutdyrmaýar. Çünki Türkmenistanyň eýýäm 90-njy ýyllarda amala aşyran galkynyşy hökmany suratda bir taryhy esasa esaslanaýmalydy. Şol esas bolup Beýik Serdaryň şahsyýeti öňe çykdy. Şu manyda-da Saparmyrat Ataýewiçiň belent şahsyýeti doly taryhy kanunalaýyklykdy.
Türkmeniň taryhy umytlarynyň we garaşmalarynyň ödelmegi manysynda-da Saparmyrat Ataýewiçiň şahsyýeti taryhy kanunalaýyklykdy. Öňki akyldarlary-ha agzap hem oturmalyň, biziň iň beýik şahyrlarymyzyň biri Azady hem türkmene hut şu hili patyşany arzuwlap geçipdi. Ýöne ol hem patyşany gudrat, adatdan daşary ägirtlik (patyşa – Allanyň kölegesi) diýip göz öňüne getiripdi. Çünki eňki giden, ýadan, egbarlan milleti diňe gudratyň, adatdan daşarylygyň halas edip biljekdigine ol ilkinjileriň biri bolup göz ýetiripdi.
Şeýlelikde, öz döwürdeşlerinden Saparmyrat Ataýewiçiň bir düýpli tapawudyny biz indi görýäris: bu adamyň şahsyýeti – türkmeniň ýüzýyllyklardaky gazanan syýasy hem ruhy gymmatlyklarynyň taryhy netijesidi. Şu tarapdan hem onuň taryhy şahsyýeti kanunalaýyklykdy.
Sözümizi jemläp aýtsak, Beýik Serdaryň talyplyk ýyllary onuň ussatlardan öwrenen tälimleri, ylymlar dünýäsinden alan gymmatly maglumatlary ýeňil bolmadyk durmuş öwrümlerinde üstünlik hem ýeňiş gazanmagyna ak pata alan badalgasy bolupdy.
Düzetmek – är kişiniň işi!
Publisistika